Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji plenar mejlisinde Parlament forumynyň netijeleri barada çykyş edildi
Результаты Парламентского форума были представлены на итоговом пленарном заседании Третьей конференции Организации Объединенных Наций по развивающимся странам, не имеющим выхода к морю.
The results of the Parliamentary Forum were presented at the final plenary session of the Third United Nations Conference on Landlocked Developing Countries
2025-nji ýylyň 8-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji plenar mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili bu halkara Forumyň çäginde guralan «Ugry kesgitlemek: Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerletmek» atly Parlament forumynyň netijeleri boýunça çykyş etdi.
Çykyşda dünýä döwletleriniň we halkara guramalaryň giň wekilçiliginde, ýagny ýurtlaryň 40-dan gowragyndan 100-e golaý parlament agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen Parlament forumynyň kanun çykaryjylygyň iň gowy tejribelerini we parlament işiniň usullaryny alyşmakda möhüm ähmiýetli meýdançalaryň biri bolandygy bellenildi. Forumyň esasy maksady 2024 – 2034-nji ýyllar üçin Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäginde parlamentarileriň ornuny ýokarlandyrmaga gönükdirildi.
Bu Forum ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugy berkitmekde, umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde Parlament diplomatiýasynyň ornuny ýokarlandyrmakda, şeýle hem parlament hem-de kanunçykaryjylyk işinde özara tejribe alyşmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.
Parlament forumynyň Wenadan Awaza: çözülmedik meseleler, toplanan tejribeler we geljege uzaýan ýollar; Deňze çykalgasy bolmadyk ähli ösüp barýan ýurtlara ýaýraýan köptaraplaýyn söwda ulgamyny kemala getirmek we pugtalandyrmak; Parahatçylygy, ynanyşmagy we hasabatly dolandyryşy döretmek: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda durnukly ösüşe ýardam edýän şertler ýaly ugurlar boýunça geçirilen bölümlerinde parlamentariler Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmeginiň bähbitlerine gönükdirilen köpsanly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen berkarar bolan, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň täze belentliklerine çykýan Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasynyň çäklerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar.
Forumda ulag-logistik merkezleriniň, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriň syýasy we ykdysady ähmiýetini ylmy taýdan esaslandyrmak boýunça gymmatly teklipler we garaýyşlar beýan edildi. Parahatçylygy we özara ynanyşmagy üpjün etmekde, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde milli parlamentleriň tagallalaryny birleşdirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Parlament forumynyň jemleýji maslahatynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna Parlament Ýüzlenmesi kabul edildi.
Parlament forumyna gatnaşyjylar Hazaryň kenarynda türkmen halkynyň myhmansöýüjilik däplerinde garşy alnandyklary we Forumyň ýokary guramaçylykly derejede geçirilmegi üçin döredilen mümkinçilikler we şertler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
8 августа 2025 года в Национальной туристической зоне «Аваза» на итоговом пленарном заседании Третьей конференции ООН по развивающимся странам, не имеющим выхода к морю, представитель Меджлиса Туркменистана выступил с докладом об итогах парламентского форума на тему «Определение курса: продвижение Авазинской Программы действий для развивающихся стран, не имеющих выхода к морю», организованного в рамках данного международного форума.
Парламентский форум, прошедший при широком представительстве государств мира и международных организаций (около 100 парламентариев из более чем 40 стран), стал одной из важных площадок для обмена передовым опытом в области законотворчества и методов парламентской работы. Основной целью Форума является повышение роли парламентариев в реализации Авазинской Программы действий для развивающихся стран, не имеющих выхода к морю, на 2024–2034 годы.
Данный Форум сыграл значительную роль в решении важных вопросов повестки дня, укреплении дружбы между странами и народами, расширении эффективного сотрудничества в интересах общего процветания, повышении роли парламентской дипломатии, а также обмене взаимным опытом парламентской и законодательной работы.
В секциях Парламентского форума, посвященных темам, как: Из Вены в Авазу: нерешённые вопросы, накопленный опыт и новые возможности, пути, ведущие в будущее; Формирование и укрепление многосторонней торговой системы для всех развивающихся стран, не имеющих выхода к морю; Построение мира, доверия и отчётного управления: условия, способствующие устойчивому развитию развивающихся стран, не имеющих выхода к морю, парламентарии обменялись мнениями по широкому кругу вопросов, направленных на достижение Целей устойчивого развития. Также они ознакомились с работой, проводимой в рамках стратегии Туркменистана «Возрождение Великого Шёлкового пути», которая была утверждена благодаря неустанным усилиям Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедова, и достигает новых высот развития под мудрым руководством нашего уважаемого Президента Сердара Бердымухамедова.
На Форуме были представлены ценные предложения и мнения по научному обоснованию политического и экономического значения международных транспортно-коммуникационных коридоров. Обсуждены пути объединения усилий национальных парламентов в обеспечении мира и взаимного доверия, достижении Целей устойчивого развития.
На итоговом заседании Парламентского форума было принято Парламентское послание к Третьей конференции Организации Объединенных Наций по развивающимся странам, не имеющим выхода к морю.
Участники Парламентского форума выразили признательность Общенациональному Лидеру туркменского народа, Председателю Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедову и уважаемому Президенту Туркменистана Сердару Бердымухамедову за гостеприимство и радушие туркменского народа на берегу Каспия, за созданные возможности и условия для проведения Форума на высоком организационном уровне.
On August 8, 2025, at the final plenary session of the Third UN Conference on Landlocked Developing Countries, in the National Tourist Zone «Awaza», the representative of the Mejlis of Turkmenistan made a report on the results of the parliamentary forum on the topic «Charting the Course: Advancing the Awaza Programme of Action for LLDCs», organized within the framework of this international forum.
The Parliamentary Forum, which was held with a broad representation of the world's states and international organizations (about 100 parliamentarians from more than 40 countries), became one of the important platforms for exchanging best practices in the field of lawmaking and parliamentary work methods. The main goal of the Forum is to enhance the role of parliamentarians in the implementation of the Awaza Programme of Action for Landlocked Developing Countries for 2024-2034.
This Forum played a significant role in addressing important issues on the global agenda, strengthening friendship between countries and peoples, expanding effective cooperation in the interests of common prosperity, enhancing the role of parliamentary diplomacy, and exchanging mutual experience in parliamentary and legislative work.
At the Parliamentary Forum sections devoted to the topics such as: From Vienna to Awaza: Unresolved Challenges, Lessons Learned and Way forward; Shaping and Strengthening a Multilateral Trading System that Delivers for All in the LLDCs; Building Peace, Trust and Accountable Governance: Enablers of Sustainable Development in LLDCs, the parliamentarians exchanged views on a wide range of issues aimed at achieving the Sustainable Development Goals. They got acquainted with the work carried out within the framework of Turkmenistan’s strategy «Revival of the Great Silk Road», which was approved thanks to the tireless efforts of the National Leader of the Turkmen people, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov, and is reaching new heights of development under the wise leadership of our Esteemed President Serdar Berdimuhamedov.
The forum presented valuable proposals and opinions on the scientific substantiation of the political and economic significance of international transport and communication corridors. Ways to unite the efforts of national parliaments in ensuring peace and mutual trust, achieving sustainable development goals were discussed.
At the final session of the Parliamentary forum, a Parliamentary message to the Third United Nations Conference on Landlocked Developing Countries was adopted.
The participants of the parliamentary forum expressed gratitude to the National Leader of the turkmen people, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov and the Esteemed President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov for the hospitality and cordiality of the Turkmen people on the Caspian coast, for the opportunities and conditions created for holding the Forum at a high organizational level.