Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
17.10.2025

Türkmenistanyň Mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (UNISEF) durmuş goragy ulgamy boýunça maslahatçysy Stiwen Barret bilen duşuşyk geçirildi

В Меджлисе Туркменистана проведена встреча с консультантом по системе социальной защиты Детского фонда Организации Объединённых Наций (UNISEF) Стивеном Барретом

A meeting was held at the Mejlis of Turkmenistan with Mr.Stephen Barrett, consultant Social Protection System of the United Nations Children’s Fund (UNICEF)

 

2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň durmuş goragy ulgamy boýunça maslahatçysy Stiwen Barret bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda ilatyň, aýratyn-da  eneleriň   we çagalaryň  durmuş taýdan  goraglylygyny  üpjün etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem UNISEF bilen hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Myhman ýurdumyzda maşgalanyň we çagalaryň hukuklaryny goramak, jemgyýetiň durmuş goraglylygyny, şeýle hem gender deňligini üpjün etmek boýunça netijeli çäreleriň durmuşa ornaşdyrylandygyny we olaryň yzygiderli kämilleşdirilýändigini belledi. 

Milli parlamentiň wekilleri kanun çykaryjy edaranyň ýurdumyzda ilaty durmuş taýdan goramak boýunça alnyp barylýan işleri   kämilleşdirmek, bu ugurda hukuk esaslary berkitmek hem-de halkara borçnamalar bilen utgaşyklylykda täze başlangyçlary durmuşa geçirmek ugrunda yzygiderli işleriň alnyp barylýandygyny nygtadylar.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň ähmiýeti barada pikir alyşdylar. 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň Mejlisi bilen UNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

 

                                                                 

17 октября 2025 года в Меджлисе Туркменистана была проведена встреча представителей Меджлиса Туркменистана с консультантом по системе социальной защиты Детского фонда Организации Объединённых Наций  (UNISEF) Стивеном Барретом.

В ходе встречи были обсуждены приоритетные направления государственной политики, проводимой в Туркменистане по обеспечению социальной защиты населения, и особенно матерей и детей, а также нынешнее состояние и будущие возможности сотрудничества с UNISEF.

Гость отметил, что в нашей стране реализуются и последовательно совершенствуются эффективные меры по защите прав семьи и детей, социальной защите общества, а также гендерного равенства.

Представители национального парламента отметили, что  законодательный орган ведёт последовательную работу по совершенствованию деятельности, проводимой в нашей стране по социальной защите населения, укреплению правовых основ в этом направлении, реализации новых инициатив в соответствии с международными обязательствами.

Стороны обменялись мнениями по дальнейшему развитию двустороннего сотрудничества. 

В завершение встречи стороны выразили уверенность в дальнейшем успешном продолжении сотрудничества между Меджлисом Туркменистана и UNISEF.

 

 

On 17 October 2025, a meeting took place at the Mejlis of Turkmenistan with Mr.Stephen Barrett, consultant Social Protection System of the United Nations Children’s Fund (UNICEF), and representatives of the Mejlis of Turkmenistan.

During the meeting, the sides discussed the current state and future prospects of cooperation between Turkmenistan and UNICEF in the field of social protection, particularly focusing on measures aimed at ensuring the well-being of mothers and children, and improving social policy in this area.

The guest was informed about Turkmenistan’s activities aimed at protecting the rights and legitimate interests of women and children, strengthening social protection, as well as advancing gender equality and family well-being in the country.

The representatives of the national parliament emphasized the ongoing efforts to further enhance legislative work related to the social protection of the population. They highlighted the country’s commitment to strengthening the legal framework in this field and implementing new initiatives consistent with international obligations and standards.

The parties exchanged views on the importance of continuing and expanding the established partnership.

At the end of the meeting, sides expressed confidence that the cooperation between the Mejlis of Turkmenistan and UNICEF would continue to develop successfully and effectively in the future.