Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
25.10.2023

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE ÝEWROPADA HOWPSUZLYK WE HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ PARLAMENT ASSAMBLEÝASYNYŇ MERKEZI AZIÝA HEM MONGOLIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN ONLAÝN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

В МЕЖЛИСА ТУРКМЕНИСТАНА СОСТОЯЛАСЬ ОНЛАЙН ВСТРЕЧА С ПРЕДСТАВИТЕЛЕМ ПАРЛАМЕНТСКОЙ АССАМБЛЕИ ОРГАНИЗАЦИИ ПО БЕЗОПАСНОСТИ И СОТРУДНИЧЕСТВУ В ЕВРОПЕ ДЛЯ ЦЕНТРАЛЬНОЙ АЗИИ И МОНГОЛИИ.

AN ONLINE MEETING WAS HELD IN THE MEJLIS OF TURKMENISTAN WITH THE REPRESENTATIVE OF THE PARLIAMENTARY ASSEMBLY OF THE ORGANIZATION FOR SECURITY AND COOPERATION IN EUROPE FOR CENTRAL ASIA AND MONGOLIA

2023-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Merkezi Aziýa hem Mongoliýa boýunça ýörite wekili Farah Karimi bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen köpýyllyk özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň daşary syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridigini hem-de 2014-nji ýyldan bäri ÝHHG bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ýylsaýyn täze ugurlar boýunça giňeldilýändigini belledi. 

Gepleşikleriň çäklerinde şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda «ÝHHG-nyň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny» atly sebitleýin konferensiýasynyň ýokary derejede geçirilendigini, şeýle hem Kanadanyň Wankuwer şäherinde geçen ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň 30-njy mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynyň ähmiýetini nygtadylar hem-de bu çäreleriň öňde durýan möhüm meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmaga itergi berendigini bellediler.

Taraplar netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmekde möhüm gural bolup hyzmat edýän parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmäge, geljekde ÝHHG-nyň PA-nyň gender meseleleri boýunça ýörite tory hem-de ýaş parlamentariler tory bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirdiler. 

25 октября 2023 года Председатель Меджлиса Туркменистана Дунягозель Гульманова провела онлайн встречу со Специальным представителем Парламентской Aссамблеи Организации по безопасности и сотрудничеству в Европе по Центральной Азии и Монголии Фарах Карими.

В ходе встречи Председатель Меджлиса Д.Гульманова отметила, что развитие долгосрочного сотрудничества с международными организациями, в том числе с ОБСЕ, является одним из важных направлений внешней политики, и с 2014 года сотрудничество с ОБСЕ с каждым годом расширяется в новых направлениях.

В рамках переговоров,  в мае текущего года в Ашхабаде успешно проведено международная конференция «Роль нейтральных государств в укреплении безопасности, стабильности и диалога внутри страны в рамках ОБСЕ», a также представители Меджлиса Туркменистана приняли участие в 30-й очередной сессии Парламентской Ассамблеи ОБСЕ в столице Канады в городе Ванкувере, и было отмечено, что это мотивирует их на поиск позитивных решений важных проблем.

Стороны выразили обоюдную заинтересованность в развитии парламентских отношений, которые служат важным инструментом содействия эффективному сотрудничеству, а также в дальнейшем активизировать сотрудничество со специальной сетью ПА ОБСЕ по гендерным вопросам и сетью молодых парламентариев.

On October 25, 2023, the Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan Dunyagozel Gulmanova held an online meeting with the Special Representative of the Parliamentary Assembly of the Organization for Security and Cooperation in Europe for Central Asia and Mongolia Farah Karimi.

During the meeting, the Chairperson of the Mejlis D. Gulmanova noted that the development of long-term cooperation with international organizations, including the OSCE, is one of the important areas of foreign policy, and since 2014, cooperation with the OSCE has been expanding in new directions every year.

As part of the negotiations  in May of this year, the international conference «The Role of Neutral States in Strengthening Security, Stability and Dialogue within the Country»  was successfully held in Ashgabat, within the framework of the OSCE, also representatives of the Mejlis of Turkmenistan took part in the 30th regular session of the OSCE Parliamentary Assembly in the capital of Canada in Vancouver, and it was noted that this motivates them to find positive solutions to important problems.

The parties expressed mutual interest in the development of parliamentary relations, which serve as an important tool for promoting effective cooperation, as well as in the future to further enhance cooperation with the OSCE PA special network on gender issues and the network of young parliamentarians.