«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly: häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi
Состоялась конференция «Независимый нейтральный Туркменистан – Родина целеустремлённых крылатых скакунов»: роль женщин в современном обществе»
The conference «Independent Neutral Turkmenistan – the homeland of purposeful winged horses»: the role of women in modern society» was held
2026-njy ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly: häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi. Bu maslahat hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy bellenilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny dabaralandyrmaga, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer döwlet syýasatyny dünýä ýaýmaga we döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Maslahata Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzdaky düzüm birlikleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalarynyň zenan ýolbaşçylary we ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler zenanlar hakynda alada etmegiň, olaryň jemgyýetde tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmagyň, zenana, enä sarpaly garamagyň Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýöredýän döwlet syýasatynda ileri tutulýan esasy ugurlaryň biri bolup durýandygyny nygtadylar. Jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň ähli ugurlarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň munuň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny bellediler. Şeýle hem maslahatyň barşynda zenanlaryň döwlet dolandyryşynda, jemgyýetçilik we syýasy durmuşda tutýan ornuny berkitmek, olaryň ylymda, bilimde başarnyklaryny we beýleki ugurlarda döredijilik mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaklary üçin döredilýän şertler, maşgala mukaddesliklerini, eneligi we çagalygy goramak, geljekki nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde zenanlaryň eýeleýän möhüm ornuny pugtalandyrmak hem-de häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň tutýan orny babatda pikir-garaýyşlar beýan edildi we tejribe alşyldy.
Maslahatda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen döwletimizde köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde eneligi we çagalygy goldamak maksady bilen döredilýän mümkinçilikler, döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasaty, bu babatda BMG-nyň düzümleri bolan ÝUNESKO, ÝUNISEF we beýleki guramalar bilen durmuşa geçirilýän halkara hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer meseleleriň çözülmeginde alyp barýan nusgalyk işleriniň halkara derejede ykrar edilýändigi bellenildi.
Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda zenanlaryň hukuklaryny, bähbitlerini goramak, maşgalany goldamak boýunça alnyp barylýan işleri, ýurdumyza zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny pugtalandyrmak, olaryň bilim, saglyk we ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmek bilen bagly halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek, bu ugurdaky kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak barada gazanan üstünliklerini parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä jemgyýetçiligine ýaýmakda uly ähmiýetiniň bardygyny nygtadylar.
Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzyň hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
31 марта 2026 года в Меджлисе Туркменистана была проведена конференция «Независимый нейтральный Туркменистан – Родина целеустремлённых крылатых скакунов»: роль женщин в современном обществе». Данная конференция, благодаря неустанным усилиям нашего уважаемого Президента и под мудрым руководством нашего уважаемого Председателя Халк Маслахаты, Национального Лидера туркменского народа Героя-Аркадага, призвана отметить 35-летие независимости Туркменистана, продвигая миролюбивую, гуманную государственную политику нашей страны и ещё больше повысить международный престиж нашего государства.
В конференции приняли участие Ответственный секретарь Национальной комиссии Туркменистана по делам ЮНЕСКО, депутаты Меджлиса Туркменистана, женщины-руководители структурных подразделений Организации Объединённых Наций в нашей стране, представители иностранных дипломатических миссий в Туркменистане, а также женщины, работающие в различных сферах нашей страны .
Выступавшие на конференции высоко оценили усилия наших Героя-Аркадага и Уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара, направленные на заботу о женщинах, дальнейшее укрепление их роли в обществе и уважительное отношение к женщинам и матерям. Они отметили, что это одно из главных приоритетных направлений государственной политики. В качестве наглядной иллюстрации были отмечены масштабные реформы, проведённые под руководством нашего Аркадаглы Героя Сердара во всех сферах общественной и политической жизни. Также в ходе конференции участницы обменялись мнениями и опытом по вопросам укрепления роли женщин в государственном управлении, общественной и политической жизни, создания условий для полной реализации ими своих способностей в науке, образовании и других областях творческого потенциала, защиты семьи, материнства и детства, укрепления важной роли женщин в воспитании будущих поколений в духе патриотизма, а также роли женщин в современном обществе .
На конференции обсуждались возможности, созданные в нашем государстве в рамках многосторонних структур, поддержки материнства и детства, проводимая государством гуманитарная политика, а также вопросы повышения эффективности международного сотрудничества, осуществляемого в этой области с учреждениями ООН, такими как ЮНЕСКО, ЮНИСЕФ и другими организациями, благодаря усилиям нашего уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара и Героя-Аркадага в год «Независимый нейтральный Туркменистан – Родина целеустремлённых крылатых скакунов».
Было отмечено, что образцовая работа Благотворительного фонда по оказанию помощи нуждающимся в опеке детям имени Гурбангулы Бердымухамедова, в решении гуманитарных проблем получила международное признание.
В ходе конференции участницы подчеркнули огромное значение распространения среди мирового сообщества посредством парламентской дипломатии информации о работе, которую наша страна проводит по защите прав и интересов женщин, поддержке семьи, укреплению положения женщин в обществе, расширению их образовательных, медицинских и экономических возможностей, а также дальнейшему развитию международного сотрудничества в этой области .
Участницы конференции пожелали дальнейших успехов внутренней и внешней политике нашей страны, основанной на принципах доброй воли, гуманизма и миролюбия, а также крепкого здоровья и долголетия нашему уважаемому Президенту и Национальному Лидеру туркменского народа, Председателю Халк Маслахаты Туркменистана, великих достижений нашей страны на благо страны и человечества.
On March 31, 2026 in the Mejlis of Turkmenistan was held the conference entitled «Independent Neutral Turkmenistan – the homeland of purposeful winged horses»: the role of women in modern society». This conference thanks to the tireless efforts of our Esteemed President and under the wise leadership of our Esteemed Chairman of the Halk Maslahaty, the National Leader of the Turkmen people Hero Arkadag, is called upon to celebrate the 35th anniversary of Turkmenistan’s Independence, promoting the peace-loving, humane state policy of our country and further enhance the international prestige of our state.
The conference was attended by the Executive Secretary of the National Commission of Turkmenistan for UNESCO, deputies of the Mejlis of Turkmenistan, women leaders of the United Nations structural divisions in our country, representatives of foreign diplomatic missions in Turkmenistan, as well as women working in various spheres.
Speakers at the conference highly praised the efforts of our Hero Arkadag and Esteemed President Arkadagly Hero Serdar, aimed at caring for women, further strengthening their role in society, and respecting women and mothers. They noted that this is one of the main priorities of state policy. As a clear illustration, they highlighted the large-scale reforms carried out under the leadership of our Arkadagly Hero Serdar in all spheres of public and political life. Also during the conference, participants exchanged views on strengthening the role of women in public administration, public and political life, creating conditions for their full realization of their abilities in science, education and creative activity, the protection of family values, motherhood and childhood, strengthening the important role of women in educating future generations in the spirit of patriotism, as well as the role of women in modern society.
At the conference were discussed the opportunities created in our country within the framework of multilateral structures, support for motherhood and childhood, the humanitarian policy carried out by the state, as well as issues of increasing international cooperation carried out in this area with the effectiveness of UN agencies such as UNESCO, UNICEF and other organizations, thanks to the efforts of our Esteemed President Arkadagly Hero Serdar and Hero Arkadag in the year of «Independent Neutral Turkmenistan – the homeland of purposeful winged horses».
It was noted that the exemplary work of the Charitable Foundation named after Gurbanguly Berdimuhamedov for Assistance to Children in Need of Guardianship in solving humanitarian problems has received international recognition.
During the conference, participants emphasized the enormous importance of disseminating information to the global community through parliamentary diplomacy about the work our country is doing to protect women’s rights and interests, support families, strengthen women’s status in society, expand their educational, medical and economic opportunities and further develop international cooperation in this area.
The conference participants wished continued success to our country’s internal and external policy, based on the principles of goodwill, humanism and peacefulness, as well as good health and longevity to our Esteemed President and the National Leader of the Turkmen people Hero Arkadag, the Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan, and great achievements of our country for the benefit of the country and humanity.