Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
31.03.2026

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly: häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahatda eden çykyşy:

Выступление представителя Детского фонда Организации Объединённых Наций (ЮНИСЕФ) в Туркменистане Джалпы Ратны на конференции «Независимый нейтральный Туркменистан – Родина целеустремлённых крылатых скакунов»: роль женщин в современном обществе»:

Speech by Jalpa Ratna, United Nations Children's Fund (UNICEF) Representative in Turkmenistan, at the conference titled: «Independent Neutral Turkmenistan – the Homeland of Purposeful Winged Horses»: The Role of Women in Modern Society»:

 

​Jalpa Ratna «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň çäklerinde geçirilýän, häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň ornuna bagyşlanan maslahatda çykyş etmegiň özi üçin uly mertebedigini aýtdy. 

Zenanlaryň jemgyýetdäki ornunyň barha artýandygyna ünsi çekmek bilen, ol zenanlaryň we gyzlaryň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleriniň durmuş hakykatydygyny, soňky onýyllyklaryň muňa aýdyň şaýatlyk edýändigini doly ynam bilen aýdyp bolýandygyny belledi. Bütin dünýäde gyzlaryň mekdebe gatnamak mümkinçiliginiň öňküden has ýokarydygy barada durup geçdi. 

​ÝUNISEF-iň we onuň hyzmatdaşlarynyň alyp barýan bilelikdäki işleri arkaly ruhlandyryjy netijeleriň gazanylýandygyny bellemek bilen, 2024-nji ýyla çenli ÝUNISEF-iň Gender hereketleriniň meýilnamasynyň çäginde gender deňligi boýunça dünýä derejesindäki maksatlaryň 70 göteriminden gowragynyň ýerine ýetirilendigini, munuň bolsa zenanlaryň we gyzlaryň millionlarçasy üçin esasy hyzmatlara we mümkinçiliklere elýeterliligi giňeltmäge kömek edendigini, nygtady. 

Jalpa Ratna bu ugurda öňde durýan wezipeleriň çözgütleriniň geljekde-de işjeň, netijeli hyzmatdaşlygy, bilelikdäki tagallalary talap edýändigini belledi. Ol ÝUNISEF-iň Türkmenistanyň Mejlisi we ýurdumyzyň beýleki döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi. Dowamly gepleşikleriň we bilelikdäki tagallalaryň zenanlaryň we gyzlaryň bilimini goldamakda, hukuklaryny goramakda we jemgyýetdäki ornuny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny, gender deňliginiň diňe bir adalatlylyk meselesi däl-de, eýsem, umumy ösüş meselesidigini, gyzlar bilimli bolanda, ykdysadyýetiň ösýändigini, zenanlar we gyzlar howpsuzlykda bolanda, jemgyýetiň has-da güýçli bolýandygyny, bu ugurdaky tagallalaryň diňe bir häzirki döwür üçin däl, eýsem, geljekki nesillere-de oňyn täsir edýändigini belledi.

Джалпа Ратна отметила, что для неё большая честь выступить на конференции, посвящённой роли женщин в современном обществе, которая проводится в рамках года «Независимый нейтральный Туркменистан – Родина целеустремлённых крылатых скакунов»

Отметив, что роль женщин в обществе возрастает, она подчеркнула, что достижения женщин и девочек сегодня – это реальность, и последние десятилетия явно это подтверждают. Она отметила, что у девочек во всём мире больше шансов посещать школу, чем когда-либо прежде, и что предотвращение детской смертности является приоритетом для правительств всех стран.

Отметив, что ЮНИСЕФ и его партнёры добиваются обнадёживающих результатов благодаря совместной работе, в  2024 году в рамках Плана действий ЮНИСЕФ по гендерным вопросам более 70 процентов глобальных целей в области гендерного равенства были достигнуты, что помогло расширить доступ к основным услугам и возможностям для миллионов женщин и девочек и является значительным достижением, улучшающим условия жизни и обеспечивающим светлое будущее.

Джалпа Ратна отметила, что для решения предстоящих проблем в этой области в будущем потребуются активное и эффективное сотрудничество и совместные усилия. Она высоко оценила сотрудничество ЮНИСЕФ с Меджлисом и другими государственными учреждениями страны. Она подчеркнула, что постоянный диалог и совместные усилия необходимы для поддержки образования женщин и девочек, защиты их прав и повышения их роли в обществе, что гендерное равенство — это не только вопрос справедливости, но и вопрос всестороннего развития, что когда девочки получают образование, экономика растёт, когда женщины участвуют в руководстве, общество становится более сплочённым и стабильным, а когда женщины и девочки находятся в безопасности, общество становится сильнее. Она отметила, что усилия в этой области оказывают положительное влияние не только на нынешнее, но и на будущие поколения.

Jalpa Ratna stated that it is a true honour to speak today on the role of women in modern society, at a conference held within the framework of the year «Independent Neutral Turkmenistan – the Homeland of Purposeful Winged Horses». Noting that the role of women in society is evolving, she stated with confidence that the achievements of women and girls today are a living reality, and that the past decades clearly testify to this. She noted that girls are more likely to attend school than ever before, and that preventing child mortality is a priority for governments around the world.

Noting that UNICEF and its partners are achieving encouraging results through their joint efforts, she noted that by 2024, over 70 per cent of global gender equality targets under UNICEF’s Gender Action Plan had been met – helping expand access to essential services and opportunities for millions of women and girls, which are meaningful achievements, representing lives improved and futures broadened.

Jalpa Ratna noted that the solutions to the challenges ahead in this area will require active, effective cooperation and joint efforts in the future. She highly appreciated UNICEF’s collaboration with the Mejlis and other state institutions of the country. She emphasized that continued dialogue and joint efforts are essential in supporting women’s and girls’ education, protecting their rights and enhancing their role in society, that gender equality is not only a matter of fairness, but also a matter of shared progress, that when girls are educated, economies grow, when women participate in leadership, societies are more united and resilient, and when women and girls are safe, communities are stronger. She noted that efforts in this area have a positive impact not only on the present, but also on future generations.