Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
31.03.2026

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory Ogulmähri Geldiýewanyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly: häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahatda eden çykyşy:

Выступление директора Информационного центра здравоохранения Министерства здравоохранения и медицинской промышленности Туркменистана Огулмяхри Гелдиевой на конференции «Независимый нейтральный Туркменистан – Родина целеустремлённых крылатых скакунов»: роль женщин в современном обществе»:

Speech by Ogulmahri Geldiyeva, Director of the Health Information Center of the Ministry of Health and Medical Industry of Turkmenistan, at the conference «Independent Neutral Turkmenistan – the homeland of purposeful winged horses»: the role of women in modern society»:

 

O.Geldiýewa öz çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasynda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilendigini belläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwrebap Saglygy goraýyş ulgamynyň kemala gelendigini, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň täze derejelere çykandygy barada aýtdy. Ýurdumyzda hereket edýän «Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyndan» ugur alyp, saglygy goraýyş boýunça halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýerli we daşary ýurtly lukmanlaryň arasynda tejribe alyşmak işleri ýola goýlup, saglygy goraýyş amalyna täze anyklaýyş, bejeriş, dikeldiş usullary üstünlikli ornaşdyrylýar.     

Jemgyýetimizde raýatlaryň saglygyny goramak babatynda deňhukuklylyk, raýdaşlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanyp, netijeli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda gender deňliginiň, demokratiýa ýörelgeleriň çpjün edilmegi bilen, zenanlarymyz halk hojalygynyň dürli ugurlarynda netijeli zähmet çekýärler. Zenanlarymyz döwletiň durmuşyna we jemgyýetiň ösüşine işjeň gatnaşmak bilen, tebigat boýunça olara berlen aýratyn  täsin enelik wezipesini utgaşykly  alyp barýarlar. Eneleriň we çagalaryň saglygyny goramakda zenanlaryň orny, olara edilýän hormat we üns döwlet derejesine çykarylyp, köp çagaly enelerimiz döwlet tarapyndan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilýär, olara hormatly atlar dakylýar. 

«Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek» diýlişi ýaly, ýurdumyzda eneligiň we çagalygyň goraglylygy üpjün edilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredilen gününden bäri netijeli işleri alyp barýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Haýyr-sahawat gaznasyna hemaýata mätäç çagalara lukmançylyk taýdan beren kömekleri we olaryň ýagty geljege bolan umytlaryny pugtalandyrmaga saldamly goşantlary üçin güwänamanyň gowşurylmagy onuň işleriniň dünýäde giň ykrarnama eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.

 

В своём выступлении О. Гелдиева отметила, что на основе принятой Государственной программы «Здоровье» была проведена масштабная работа благодаря неустанным усилиям нашего      Героя- Аркадага, что в эру Возрождения новой эпохи могущественного государства под руководством нашего Аркадаглы Героя Сердара сформирована современная система здравоохранения, а международное сотрудничество в этой области вышло на новый уровень. В соответствии с действующей в стране «Национальной стратегией развития научно-медицинской дипломатии в Туркменистане на 2026-2052 годы», в рамках международного сотрудничества в сфере здравоохранения налажен обмен опытом между местными и зарубежными врачами, а также успешно внедряются новые методы диагностики, лечения и реабилитации в практику здравоохранения.

В нашем обществе ведётся эффективная работа по защите здоровья граждан, основанная на принципах равенства, солидарности и гуманности,. Благодаря преобладанию гендерного равенства и демократических принципов в нашей стране, наши женщины эффективно работают в различных секторах национальной экономики. Наши женщины, активно участвуя в жизни государства и развитии общества, гармонично выполняют уникальную материнскую роль, отведённую им природой. Роль женщин в защите здоровья матерей и детей, уважение и внимание, оказываемые им, возведены на государственный уровень, а многодетные матери обеспечиваются государством жильём и удостаиваются почётных званий.

Как говорится, «Здоровая мать – здоровый ребенок – здоровое будущее», страна обеспечивает защиту материнства и детства. Благотворительный фонд по оказанию помощи нуждающимся в опеке детям имени Гурбангулы Бердымухамедова, с момента своего основания ведёт эффективную работу. Вручение представительством Детского фонда ООН в Туркменистане сертификата Благотворительному фонду за медицинскую помощь, оказываемую детям, нуждающимся в опеке, и весомый вклад в укрепление их надежды на светлое будущее свидетельствуют о том, что его работа широко признана во всём мире.

 

In her speech, O. Geldiyeva noted that large-scale work has been carried out on the basis of the State Program «Saglyk», adopted with the tireless efforts of our Hero Arkadag, and noted that during the period of the Revival of  a new era of powerful state, under the leadership of our Arkadagly Hero Serdar, a modern healthcare system has been formed, and international cooperation in this area has reached new levels. Based on the «National Strategy for the Development of Scientific and Medical Diplomacy in Turkmenistan for 2026-2052» in our country, within the framework of international cooperation in healthcare, experience exchange activities between local and foreign doctors have been established, and new diagnostic, therapeutic, and rehabilitation methods are being successfully introduced into healthcare practice.

In our society, effective work is being carried out based on the principles of equality, solidarity, and humanism in protecting the health of citizens. With gender equality and democratic principles prevailing in our country, our women work effectively in various sectors of the national economy. Our women, while actively participating in the life of the state and the development of society, combine their unique maternal role with the special role assigned to them by nature. The role of women in protecting the health of mothers and children, the respect and attention paid to them are raised to the state level, and our mothers with many children are provided with housing by the state, and they are given honorary titles.

«A healthy mother – is a healthy child– is a healthy future», the country ensures the protection of motherhood and childhood. The Charitable Foundation named Gurbanguly Berdimuhamedov for Assistance to Children in Need of Guardianship has been carrying out effective work since its establishment. The fact that the UN Children’s Fund office in Turkmenistan a presented certificate to the Charitable Foundation for the medical assistance provided to children in need of care and their significant contribution to strengthening their hopes for a bright future testifies to the fact that its work is widely recognized worldwide.