Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
17.04.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşiginiň gender hyzmatdaşlygy we ýaşlaryň gatnaşygy boýunça maksatnamalarynyň direktory bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçýän Parlamentara Bileleşigiň (IPU) 152-nji Assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili bilen Parlamentara Bileleşiginiň gender hyzmatdaşlygy we ýaşlaryň gatnaşygy boýunça maksatnamalarynyň direktory Zeina Hilalyň arasynda duşuşyk geçirildi. 

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri, ol hem ýurdumyzyň abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybarat. Olaryň arasynda parlament diplomatiýasyny ösdürmekde Parlamentara Bileleşigi (IPU) bilen gatnaşyklar giňeldilýär. 

Türkmenistan 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek mynasybetli hem-de halkara parlament hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmek maksady bilen, ýurdumyzda halkara derejesinde dürli maslahatlary we çäreleri geçirmeklik göz öňünde tutulýar. 

Geçirilen duşuşygyň dowamynda Parlamentara Bileleşigine agza ýurtlaryň Zenan parlament ýolbaşçylarynyň nobatdaky 16-njy Sammitini 2028-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanda geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem duşuşykda Parlamentara Bileleşigiň (IPU) 152-nji Assambleýasynyň çäklerinde bu Bileleşigiň jogapkär wekili bilen agzalan ýyla görülmeli taýýarlyk işler we onuň gün tertibine giriziljek meseleler babatda gepleşikleri geçirmek hem-de çäräni guramaçylykly geçirmek boýunça bu gurama tarapdan doly goldaw beriljekdigi bellenildi. 

Duşuşygyň dowamynda Parlamentara Bileleşigiň wekili Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy saklamakda hem-de ählumumy ösüşi üpjün etmekde ähmiýetli gural boljakdygyny tassyklady. Esasan hem, zenan parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň dünýäniň zenan parlamentleriniň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga uly itergi berjekdigini aýratyn belledi. 