Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
25.05.2026

Türkmenistanyň Mejlisinde Koreýa Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

В Меджлисе Туркменистана состоялась встреча с Послом Республики Корея

A meeting with the Ambassador of the Republic of Korea was held In the Mejlis of Turkmenistan

 

2026-njy ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Li Won-Je bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda diplomat Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem  ýurdumyzyň dünýäde  parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy berkitmek babatda öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň ähmiýetine üns çekildi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlarda netijeli häsiýete eýe bolýandygy, türkmen-koreý gatnaşyklarynyň baý tejribesiniň esasynda syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer we parlamentara hyzmatdaşlykda uly ösüşleriň gazanylandygy bellenildi. Şunda gaz, himiýa pudagynda, ulag infrastrukturasynda hem-de gämi gurluşygynda iri taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde koreý kompaniýalarynyň goşýan uly goşandy nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin möhüm esas hökmünde «Merkezi Aziýa- Koreýa» formatynyň işine ýokary baha berdiler we şeýle görnüşdäki gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Şunuň bilen birlikde, parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň, ýaş we zenan parlamentarileriň duşuşyklarynyň geçirilmeginiň kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.  

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi dünýä giňişliginde parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen giňden tanalýan Türkmenistanda öz ýurdunyň adyndan wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

 

25 мая 2026 года состоялась встреча Председателя Меджлиса Туркменистана Д.Гулмановой с Чрезвычайным и Полномочным Послом Республики Корея в Туркменистане Ли Вон-Дже.

В ходе встречи дипломат был ознакомлен с приоритетами миролюбивой, гуманной внешней политикой Туркменистана, составом национального Парламента и много сторонней работой по совершенствованию правовой базы страны. Также было обращено внимание на значимость позитивных инициатив страны по укреплению мира, стабильности и процветания в мире. 

На встрече было отмечено, что усилиями Глав государств отношения между двумя странами в различных направлениях приобретают эффективный характер, на основе многовекового туркмено-корейского богатого опыта  достигунто большое развитие в политико-экономическом, культурно-гуманитарном и межпарламентском сотрудничестве. При этом был подчёркнут большой вклад корейских компаний в реализации крупных проектов в газовой,  химической отраслях, транспортной инфраструктуре и судостроительстве.

В ходе встречи стороны дали высокую оценку формату «Центральная Азия – Koreýa» для укрепления всестороннего сотрудничества между государствами Центральной Азии и Koreи и подтвердили готовность к дальнейшему развитию отношений и сотрудничества в таком формате. 

Вместе с этим, было отмечено, что межпарламентский диалог стал в важной частью сотрудничества между двумя странами и проведение встреч групп межпарламентской дружбы, созданных на двусторонней основе, молодых парламентариев и женщин парламентариев имеет большое значение в обмене опытом в законодательной деятельности.

В завершение встречи Посол подчеркнул, что для него большая честь представлять свою страну в Туркменистане, широко известном миролюбивой политикой в мировом пространстве.

On May 25, 2026, a meeting of the Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan D.Gulmanova with the Ambassador Extraordinary and Plenipotentiary of the Republic of Korea to Turkmenistan Lee Won-Jae was held. 

During the meeting, it was noted that, thanks to the efforts of the Heads of state, relations between the two countries have become effective in various fields and on the basis of the rich experience of Turkmen-Korean relations, significant progress has been made in political, economic, cultural, humanitarian and inter-parliamentary cooperation. Herewith was emphasized the great contribution of Korean companies to the implementation of large projects in the gas, chemical sectors, transport infrastructure and shipbuilding.

During the meeting, the parties highly appreciated the work of the “Central Asia – Korea” format as an important basis for strengthening comprehensive cooperation between the Central Asian states and the Republic of Korea, and reaffirmed their readiness to further develop such relations and cooperation. 

At the same time, it was noted that inter-parliamentary dialogue has become an important part of cooperation between the two countries, and holding meetings of inter-parliamentary friendship groups, established on a bilateral basis, meetings of young and women parliamentarians has an important role in exchanging experience in legislative activity.

At the end of the meeting, the Ambassador emphasized that it is a great honor for him to represent his country in Turkmenistan, which widely known in the world for peace-loving policy.