Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
29.07.2026

Türkmenistanyň Mejlisinde Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Ilçisi Ynanç hatyny gowşurdy

В Меджлисе Туркменистана состоялось вручение верительной грамоты вновь назначенного Чрезвычайного и Полномочного посла Алжирской Народной Демократической Республики в Туркменистане

In the Mejlis of Turkmenistan the newly appointed Ambassador of the People’s Democratic Republic of Algeria to Turkmenistan presented the Letter of Credence

2026-njy ýylyň 29-njy iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Boumediene Guennaddan Ynanç hatyny kabul etdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan                   beýläk-de ösdürmekde jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelmajid Tebbunyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. 

Duşuşygyň dowamynda Ilçi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi, onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem  ýurdumyzyň dünýäde  parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmek, durnukly ösüşi üpjün etmek babatda öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.

Taraplar iki ýurduň arasynda ýola goýlan syýasy-diplomatik gatnaşyklary döwrebap şertlerde ösdürmegiň, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we parlament ugurlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýeti barada aýratyn durup geçdiler. 

Şunuň bilen birlikde, milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde birek-birek bilen tejribe alyşmakda, iki döwletiň  arasynda hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary berkitmekde giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

29 июля 2026 года  по поручению нашего уважаемого Президента Сердара Бердымухамедова Председатель Меджлиса Туркменистана Д.Гулманова приняла верительные грамоты от вновь назначенного Чрезвычайного и Полномочного Посла Алжирской Народной Демократической Республики в Туркменистане Бумедьена Геннада.

От имени Главы государства руководитель национального Парламента поздравила дипломата с назначением на высокий дипломатический пост и пожелала успехов в ответственной деятельности, направленной на дальнейшее развитие дружественных отношений между двумя странами. 

Выразив признательность за оказанный на туркменской земле радушный приём, Посол передал в адрес нашего уважаемого Президента Сердара Бердымухамедова тёплые слова приветствия и наилучшие пожелания от Президента Алжирской Народной Демократической Республики Абдельмаджида Теббуна. 

В ходе встречи Посол был ознакомлен с основными направлениями внутренней и миролюбивой внешней политики Независимого, постоянно Нейтрального Туркменистана, со структурой Меджлиса и деятельностью, проводимой им по совершенствованию законодательной базы нашей страны. Также было отмечено значение позитивных инициатив нашей страны, выдвигаемых по укреплению мира, стабильности, благополучия в мире.

Стороны отдельно подчеркнули значение развития налаженных между двумя странами политико-дипломатических отношений в современных условиях, активизации сотрудничества в торгово-экономическом, культурно-гуманитарном и парламентских направлениях.

Вместе с этим, было отмечено, что имеются широкие возможности во взаимном обмене опытом по совершенствованию национального законодательства и парламентской деятельности, в укреплении сотрудничества и дружественных отношений между двумя государствами.

В завершение встречи  Посол заверил, что приложит все усилия  для дальнейшего укрепления дружественных отношений между двумя странами и расширения масштабов взаимовыгодного сотрудничества.

On July 29, 2026, on the instructions of our Esteemed President Serdar Berdimuhamedov, Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan D.Gulmanova accepted the Letter of Credence from Boumediene Guennad, Ambassador Extraordinary and Plenipotentiary of the People’s Democratic Republic of Algeria to Turkmenistan.

On behalf of our Head of state, the Chairperson of the National Parliament congratulated the diplomat on his appointment to a high diplomatic post and wished success in his work aimed at further developing friendly relations between the two countries.

The Ambassador expressed his gratitude for the warm welcome on Turkmen soil and conveyed the warm words of greeting and best wishes of the President of the People’s Democratic Republic of Algeria Abdelmadjid Tebboune to our Esteemed President Serdar Berdimuhamedov.

During the meeting, the Ambassador was introduced to the main directions of the internal and peace-loving external policy of Independent, Permanently Neutral Turkmenistan, composition of the Mejlis, multilateral activities carried out to modernize the legislative framework of our country. As well as the importance of the positive initiatives put forward by our country to strengthen peace, stability, and prosperity in the world was emphasized. 

The parties emphasized the importance of developing the established political and diplomatic relations between the two countries in modern conditions, as well as intensifying cooperation in the trade, economic, cultural, humanitarian and parliamentary spheres.

At the same time, it was noted that there are wide opportunities for exchanging experiences in improving national legislation and parliamentary work, as well as strengthening cooperation and friendly relations between the two states.

At the conclusion of the meeting, the Ambassador assured that he would make every effort to further strengthen friendly relations between the two countries and expand the scope of mutually beneficial cooperation.