Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
22.09.2026

Türkmenistanyň Mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň halkara geňeşçisi Dessilawa Iliýewa bilen duşuşyk geçirildi

В Меджлисе Туркменистана состоялась встреча с международным советником Детского Фонда Организации Объединённых Наций Дессилавой Илиевой

Meeting held at the Mejlis of Turkmenistan with International Advisor to the United Nations Children’s Fund Dessislava Ilieva

2026-njy ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň halkara geňeşçisi Dessilawa Iliýewa bilen Mejlisiň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda ýurdumyzda çagalaryň  durmuş taýdan  goraglylygyny  üpjün etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada pikir alşyldy, şeýle hem ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Türkmenistan bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň işjeň we netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, bu ugurda bilelikdäki işleriň çagalaryň saglygyny goramaga we berkitmäge, hukuklaryny goramaga hem-de doly derejeli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen köp sanly taslamalarda we başlangyçlarda öz beýanyny tapandygyny nygtadylar. 

Duşuşygyň dowamynda çagalaryň bähbitlerini goramak, inklýuziw bilimi we çaganyň hukugyny üpjün etmek boýunça hereket edýän Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň ýerine ýetirlişi hem-de milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Parlamentiň wekilleri çaganyň sazlaşykly ösmegi üçin maşgala goldaw bermegiň, çaganyň terbiýelenmeginde we ösmeginde maşgalanyň ornuny ýokarlandyrmagyň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, bu ugurda hereket edýän «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň we beýleki kanunçylyk namalarynyň möhüm ähmiýetini bellediler. Şeýle hem Mejlisiň wekilleri ýurdumyzda ilaty durmuş taýdan goramak, bu ugurda hukuk esaslary berkitmek       hem-de halkara borçnamalar bilen utgaşyklylykda täze başlangyçlary durmuşa geçirmek ugrunda yzygiderli işleriň alnyp barylýandygyny nygtadylar.

22 сентября 2026 года в Меджлисе Туркменистана состоялась встреча международного советника Детского Фонда Организации Объединённых Наций Дессилавы Илиевой с депутатами Меджлиса Туркменистана.

В ходе встречи состоялся обмен мнениями о масштабной деятельности, проводимой в нашей стране для обеспечения социальной защиты детей, а также о текущем состоянии и перспективах сотрудничества с ЮНИСЕФ.

Стороны, с удовлетворением отметив активный и эффективный характер многолетнего сотрудничества Туркменистана с ЮНИСЕФ, подчеркнули, что совместная деятельность в данной области нашла отражение в многочисленных проектах и инициативах, направленных на укрепление здоровья детей, защиту их прав и обеспечение их всестороннего развития. 

В ходе встречи были обсуждены вопросы реализации Национального Плана Действий по осуществлению прав детей в Туркменистане на 2023–2028 годы, направленного на защиту интересов детей и прав ребёнка, обеспечение инклюзивного образования, а также важные направления совершенствования национального законодательства.

Представители национального парламента отметили, что поддержка семьи для гармоничного развития ребёнка, повышение роли семьи в воспитании и развитии ребёнка являются одним из приоритетных направлений государственной политики нашей страны,  Закон Туркменистана «О государственных гарантиях прав ребёнка» и иные законодательные акты, действующие в этом направлении, имеют важное значение. Также представители Меджлиса подчеркнули, что проводится последовательная деятельность по социальной защите населения, укреплению правовой основы в этой области и реализации новых начинаний в соответствии с международными обязательствами.

On 22 September 2026, a meeting was held at the Mejlis of Turkmenistan between Ms. Dessislava Ilieva, International Advisor to the United Nations Children’s Fund (UNICEF), and members of the Mejlis of Turkmenistan.    

During the meeting, an exchange of views took place on the comprehensive measures being undertaken in Turkmenistan to ensure the social protection of children, as well as on the current state and prospects of cooperation with UNICEF.

The sides expressed satisfaction with the active and effective nature of the long-standing cooperation between Turkmenistan and UNICEF and emphasized that joint efforts in this area have been reflected in numerous projects and initiatives aimed at strengthening children’s health, protecting their rights and ensuring their comprehensive development.

The meeting also addressed the implementation of the National Action Plan on the Realization of the Rights of the Child in Turkmenistan for 2023–2028, aimed at protecting the interests and rights of children, ensuring inclusive education, as well as important areas for further improvement of national legislation.

Representatives of the national Parliament noted that supporting the family for the harmonious development of the child and enhancing the role of the family in the upbringing and development of children constitute among the priorities of the state policy of Turkmenistan. In this regard, the Law of Turkmenistan “On State Guarantees of the Rights of the Child” and other legislative acts in this field play an important role. Representatives of the Mejlis also emphasized that consistent efforts are being undertaken to ensure social protection of the population, strengthen the legal framework in this area, and implement new initiatives in accordance with international commitments.