Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
25.09.2026

Türkmenistanyň Mejlisinde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

В Меджлисе Туркменистана состоялась встреча с вновь назначенным Чрезвычайным и Полномочным Послом Турецкой Республики в Туркменистане

Meeting held at the Mejlis of Turkmenistan with the Newly Appointed Ambassador Extraordinary and Plenipotentiary of the Republic of Türkiye to Turkmenistan

2026-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Türkiýe Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şener Jebeji bilen duşuşygy geçirildi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini bu wezipä bellenilmegi mynasybetli gutlady hem-de oňa  türkmen-türk gatnaşyklaryny geljekde has-da ösdürmek boýunça alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

Duşuşygyň dowamynda diplomat Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işler bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem  ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, abadançylygy berkitmek babatda öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň ähmiýetine üns çekildi.

Taraplar iki doganlyk halklaryň öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan, häzirki wagtda özara hormat goýmak, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny bellediler. 

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky giň gerimli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde iki döwletiň halkara hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna uly ornuň degişlidigi hem-de onuň türkmen-türk dost-doganlygyny has-da pugtalandyrmaga, döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga ýardam berýändigi nygtaldy. 

Iki ýurduň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýän Parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmeginiň, ugurdaş komitetleriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň hem-de parlamentler derejesinde geçirilýän duşuşyklaryň we maslahatlaryň ähmiýeti bellenilip geçildi. 

Şu ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Halkara zenanlar dialogyna hem-de demografiýa bilen bagly halkara maslahatyna Türkiýe Respublikasynyň parlament wekilleriniň gatnaşmagynyň geljekde zenanlaryň oýlanyşykly çemeleşmelerini we baý tejribelerini  peýdalanmak arkaly, kanunçylygy kämilleşdirmekde, maşgala institutyny goldamakda, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýokary netijeleri berjekdigi barada nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny bildirip, dünýä giňişliginde parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen giňden tanalýan Türkmenistanda öz ýurdunyň adyndan wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. 

25 сентября 2026 года состоялась встреча Председателя Меджлиса Туркменистана Д.Гулмановой  с вновь назначенным Чрезвычайным и Полномочным Послом Турецкой Республики в Туркменистане Шенером Джебеджи.

Руководитель национального Парламента поздравила Посла с назначением на высокий дипломатический пост и пожелала успехов в ответственной деятельности, направленной на дальнейшее развитие дружественных отношений между двумя странами. 

В ходе встречи дипломат был ознакомлен с приоритетными направлениями миролюбивой, гуманной внешней политики Туркменистана, со структурой национального Парламента и с его многосторонней деятельностью, проводимой по совершенствованию законодательной базы нашей страны. Также была отмечена значимость выдвигаемых позитивных инициатив нашей страны по укреплению мира, безопасности и благополучия в мире.

Стороны отметили, что по всем направлениям успешно развиваются и обогащаются новым содержанием доброжелательные отношения сотрудничества двух братских народов, берущие своё начало из древности, основанные в настоящее время на принципах взаимного уважения, доверия и равноправия.

Было подчёркнуто, что в дальнейшем развитии широкомасштабных отношений между Туркменистаном и Турецкой Республикой важная роль принадлежит сотрудничеству в международной правовой системе,  что способствует ещё большему укреплению туркмено-турецкой братской дружбы, поддержке межгосударственных отношений сотрудничества через парламентскую дипломатию.

Было отмечено значение деятельности групп межпарламентской дружбы, имеющих важную роль в развитии межпарламентского сотрудничества между двумя странами, активизации отношений между профильными комитетами, проведении встреч и конференций на парламентском уровне. 

Подчёркивалось, что участие представителей Парламента Турецкой Республики в Международном диалоге женщин и международной конференции по вопросам демографии, которые будут проходить в октябре текущего года в Национальной туристической  зоне «Аваза», придаст новый импульс поддержке института семьи, совершенствованию системы здравоохранения и достижению Целей устойчивого развития  посредством использования продуманных подходов и богатого опыта женщин.

В завершение встречи  Посол выразил признательность за радушный приём и отметил, что для него большая честь представлять свою страну в Туркменистане, широко известном в мировом пространстве миролюбивой политикой.

On September 25, 2026, Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan D. Gulmanova held a meeting with the newly appointed Ambassador Extraordinary and Plenipotentiary of the Republic of Türkiye to Turkmenistan, Şener Cebeci.

The Chairperson of the national Parliament congratulated the Ambassador on his appointment to this high diplomatic post and wished him success in his responsible activities aimed at further developing the friendly relations between the two countries.

During the meeting, the diplomat was briefed on the priority areas of Turkmenistan’s peaceful and humanitarian foreign policy, the structure of the national Parliament, and its multifaceted activities aimed at improving the legislative framework of the country. The significance of Turkmenistan’s positive initiatives aimed at strengthening peace and security and promoting prosperity in the world was also emphasized.

The sides noted that the friendly relations of cooperation between the two brotherly peoples, rooted in ancient history and currently based on the principles of mutual respect, trust and equality, are successfully developing and acquiring new content across all areas.

It was emphasized that cooperation within the international legal framework plays an important role in the further development of broad-ranging relations between Turkmenistan and the Republic of Türkiye. Such cooperation contributes to the further strengthening of Turkmen-Turkish brotherly friendship and the promotion of interstate cooperation through parliamentary diplomacy.

The importance of the activities of interparliamentary friendship groups was highlighted, particularly their significant role in developing parliamentary cooperation between the two countries, intensifying interaction between relevant parliamentary committees, and organizing meetings and conferences at the parliamentary level.

It was emphasized that the participation of representatives of the Parliament of the Republic of Türkiye in the International Women’s Dialogue and the international conference on demographic issues, which will be held in October this year in the Avaza National Tourist Zone, will provide new impetus to supporting the institution of the family, improving the healthcare system, and achieving the Sustainable Development Goals through thoughtful approaches and the rich experience of women.

At the conclusion of the meeting, the Ambassador expressed his gratitude for the warm reception and noted that it was a great honor for him to represent his country in Turkmenistan, a country widely recognized internationally for its peaceful policy.