2026-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlament ýolbaşçylarynyň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Prezidenti bilen ýokary derejeli duşuşygy boldy.
Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda sebitde hem-de bütin dünýäde parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge uly ähmiýet berýär. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň sebit we halkara giňişlikde öňe sürýän ählumumy başlangyçlary, şol sanda parlament diplomatiýasyny mundan beýläk-de ösdürmek barada tagallalary hem-de öňde goýýan wezipeleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-da onuň Parlament Assambleýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň durnukly we netijeli ösmegine itergi berýär.
Şunuň bilen baglylykda, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçylarynyň hem-de sebitiň parlament ýolbaşçylarynyň bu duşuşygy aýratyn ähmiýete eýe bolmak bilen, umumy howpsuzlyk, parahatçylyk we durnukly ösüş ugrundaky maksatlaryň birdigini subut edýär.
Bitarap Türkmenistan hemişe parahatçylykly ýaşamagyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň tarapdary bolup çykyş edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürülýän «Dialog – parahatçylygyň kepili» diýen filosofiýa Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň esasy ugrudyr we Birleşen Milletler Guramasynyň bu ugurdaky Kararnamalarynyň maksatlary we wezipeleri bilen doly utgaşýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasy energiýa serişdeleriniň we ulag üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi, parahatçylygy we howpsuzlygy, özara ynanyşmagy gazanmakda dialogyň hem-de bitaraplyk ýörelgeleriniň ähmiýeti babatda ençeme kararnamalary kabul etdi. Bu bolsa degişli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň hukuk-resminamalar binýadynyň berkidilmegine ýardam edýär.
Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi sebitiň döwletleriniň arasyndaky syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy täze, strategik derejä çykarmak üçin ygtybarly halkara-hukuk binýadyny döretdi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen, 2028-nji ýylyň «Halkara hukuk ýyly» diýlip yglan edilmegi hem ýurdumyzyň parahatçylyk dörediji döwlet hökmündäki halkara abraýyny has-da ýokarlandyrdy.
Duşuşykda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmeginiň we onuň netijeli hereket etmeginiň sebit howpsuzlygyny üpjün etmekde aýratyn orna eýedigi nygtaldy.
Häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletleriniň sebitiň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegini we halkara giňişlikdäki ornunyň pugtalandyrylmagyny üpjün etmek ugrunda strategik taýdan bitewi we yzygiderli diplomatik çäreleri durmuşa geçirýändikleri bellenildi. Döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklarynyň çäklerinde sebitara ulag-logistika geçelgelerini utgaşdyrmak, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin amatly hukuk hem-da işewürlik gurşawyny döretmek boýunça giň gerimli diplomatik tagallalaryň utgaşdyrylýandygyna üns çekildi.
Şunuň bilen birlikde, sebitiň ekologiýa, suw-energetika we serhet howpsuzlygyny kepillendirmek, häzirki zamanyň wehimlerine garşy köptaraplaýyn mehanizmleri döretmek hem-de Merkezi Aziýany goňşy sebitler bilen durnukly hyzmatdaşlygy üpjün edýän strategik parahatçylyk merkezi hökmünde ösdürmek ýörelgelerine ygrarlylygyň möhüm ähmiýeti barada aýdyldy.
Duşuşykda parlament diplomatiýasynyň döwletleriň we halklaryň arasynda «ynanyşmak köprülerini» gurmagyň iň netijeli guraly bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, parlamentarileriň ekologiýa, howanyň üýtgemegi, energetika we ulag-logistika howpsuzlygy, şeýle hem dürli wehimlere garşy durmak ýaly ugurlarda sebit ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň öňe sürýän ählumumy we sebitleýin başlangyçlaryny kanunçylyk derejesinde goldamak hem-de parlament diplomatiýasyny has-da işjeňleşdirmek barada teklipler öňe sürüldi.
Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentleriniň hem-de ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri we geljekki meýilnamalary giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mykyta Poturaýewiň – ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Prezidentiniň çykyşy:
– ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy bilen Merkezi Aziýa parlamentleriniň arasyndaky bu ýokary derejeli duşuşyga gatnaşýandygyma men örän şat. Ajaýyp myhmansöýerligi hem-de bizi Aşgabatda jemläp, umumy bähbitlerimizi we parlament hyzmatdaşlygymyzyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredendigi üçin türkmen iline çuňňur hoşallygymy bildirýärin.
Merkezi Aziýa halkara sahnada barha uly ähmiýete eýe bolýar. Belki-de, iň möhüm ösüş sebitdäki hyzmatdaşlygyň berkidilmegidir. Merkezi Aziýa ýurtlary sebit hökmünde giň dünýä bilen has işjeň gatnaşyk saklaýarlar.
Türkmenistanyň Aşgabat maslahatlaryna eýeçilik etmekdäki başlangyjy parlament gepleşikleri üçin gymmatly meýdança döretdi. Şu günki duşuşygymyzyň hem hyzmatdaşlygymyzda täze sahypanyň başyny başlajakdygyna ynanýaryn.
Merkezi Aziýa parlamentleriniň Assambleýamyzyň gün tertibini we ileri tutýan ugurlaryny kemala getirmekde barha işjeň orun eýelemeklerini dowam etdirjekdiklerine umyt baglaýaryn.
Türkmen myhmansöýerligine we hyzmatdaşlygymyza bolan ygrarlylygyňyz üçin hemmäňize ýene bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirýärin. Şu günki ara alyp maslahatlaşmalaryň dowam etdirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Ýewgeniý Bolgertiň – Gazagystan Respublikasynyň Gurultaýynyň korrupsiýa boýunça komitetiniň deputatynyň çykyşy:
– Aşgabatda geçirilýän bu duşuşykda çykyş etmek meniň üçin uly hormatdyr. Bu möhüm duşuşygy gurandyklary hem-de mähirli myhmansöýerlikleri üçin ÝHHG-niň Parlament Assambleýasyna we Türkmenistanly kärdeşlerimize tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris.
Gazagystan Suwdan peýdalanmak boýunça Merkezi Aziýa çarçuwaly konwensiýasyna goşuldy we BMG-niň howandarlygynda Halkara suw guramasyny döretmegi teklip etdi. Bu başlangyçlar hyzmatdaşlygy berkitmäge we umumy suw serişdelerini durnukly dolandyrmagy öňe sürmäge gönükdirilendir.
Gazagystan Helsinki jemleýji aktynyň ýörelgelerine berk eýerýär we ÝHHG-ni dialog we hemmetaraplaýyn howpsuzlyk üçin özboluşly we hemme tarapy öz içine alýan meýdança hökmünde saklap galmagy goldaýar. Häzirki döwürde parlament diplomatiýasy dialog, özara düşünişmek we amaly hyzmatdaşlyk üçin köpri bolup hyzmat etmelidir.
Umumy ileri tutulýan ugurlarymyzy Merkezi Aziýada we giň ÝHHG sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi öňe sürýän anyk başlangyçlara öwrüp, has berk, ulgamlaýyn we herekete gönükdirilen parlament hyzmatdaşlygyny döretmek üçin biz şu günki Aşgabat duşuşygynyň möhüm ähmiýetinden netijeli peýdalanmalydyrys.

Aziz Giýozodanyň – Täjigistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygynyň orunbasarynyň çykyşy:
– Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisine we ÝHHG-niň Parlament Assambleýasyna sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek üçin amatly mümkinçilik döredýän şu duşuşygy gurandyklary üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin. ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Merkezi Aziýa döwletleriniň parlamentleri bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmalydygyna ynanýarys.
Biz sebit halklarynyň köp asyrlyk dostluk, özara düşünişmek we parahat ýaşamak däplerini saklap galmaga hem-de mundan beýläk-de ösdürmäge hemişe tarapdar bolup çykyş edýäris. Merkezi Aziýa söwda, senagat, energetika, ulag, logistika we sanly ykdysadyýet ugurlarynda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly kuwwata eýedir. Sanly tehnologiýalary, emeli intellekti we innowasion ykdysadyýeti ösdürmek sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Bu babatda Duşanbede Merkezi Aziýa döwletleriniň ylmy, tehnologiki we bilim kuwwatyny birleşdirmek üçin meýdança bolup biljek Emeli intellekt sebit merkezini döretmegi maksadalaýyk diýip hasaplaýarys.
ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy bilen bäş sany Merkezi Aziýa döwletiniň parlamentleriniň arasynda hemişelik hyzmatdaşlyk mehanizmini ösdürmegi teklip edýäris. Şahsy mehanizm parlament ýolbaşçylarynyň yzygiderli duşuşyklaryny, tematiki maslahatlary, degişli komitetleriň hyzmatdaşlygyny we howpsuzlygyň ähli üç ölçegi boýunça tejribe alyşmagy göz öňünde tutup biler.
Şu günki Aşgabat duşuşygynyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirýärin.

Mawludahon Hojaýewanyň – Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Başlygynyň orunbasarynyň çykyşy:
– Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisine we ÝHHG-niň Parlament Assambleýasyna şu duşuşygymyzy gurandygy üçin hoşallygymy bildirýärin. Merkezi Aziýanyň geljegi üçin aýratyn ähmiýeti bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredendikleri we mähirli garşylandyklary üçin türkmen dostlarymyza sagbolsun aýdýaryn.
Şu gün biz Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň parlament ýolbaşçylarynyň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçylary bilen ýöriteleşdirilen dialogynyň düýbüni tutýarys. Soňky ýyllarda Merkezi Aziýada özara ynanyşmagyň täze ýagdaýy emele geldi. Şunda sebitiň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň örän möhüm ähmiýeti bardyr.
Häzirki duşuşygyň esasy strategiýa – parlament diplomatiýasynyň arkaly özara ynanyşmagy berkitmäge hem-de umumy strategiýa maksatlaryna ýetmäge uly ýardam berjekdigine ynanýaryn. Biziň sebitimiz dialog we özara hormat goýmak arkaly ynanyşmagy berkitmegiň baý tejribesine eýedir.
Merkezi Aziýanyň bäş parlamentiniň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy bilen hyzmatdaşlygynyň parahatçylygy, howpsuzlygy we goňşuçylygy berkitmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna hem-de döwletlerimize we halklarymyza amaly peýda getirjekdigine ynanýaryn.