Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Milli goşunymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralary iň täze tehnikalar bilen üpjün etmek, harby gullukçylaryň gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek babatda uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Harby gullukçylar Watanymyzy goramak boýunça öz borçlaryny ähli zatdan ileri tutup, mukaddes serhetlerimizde ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň polat galkany, synmaz daýanjy bolmak bilen, merdana ata-babalarymyzyň şöhratly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýärler. Gahryman Arkadagymyzyň “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar”, “Watan goragy mukaddesdir”, “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitaplary bolsa ösüp gelýän ýaş nesilleri, aýratyn-da, Watan goragçylaryny harby-watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olarda türkmen halkynyň gahrymançylyga beslenen asylly häsiýetlerini kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Mälim bolşy ýaly, 6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz beýleki meseleler bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we dabaraly harby ýörişiň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Däp bolşy ýaly, baş baýramymyz mynasybetli her ýyl geçirilýän dabaraly harby ýörişiň dowamynda Watanymyzyň goranyş kuwwaty, halkymyzyň parahat we asuda durmuşynyň, mukaddes serhetlerimiziň, Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda duran harby goragçylarymyzyň ýokary hünär ussatlygy, başarjaňlygy görkezilýär.
...Ir bilen hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden ugur alan dikuçary biraz salymdan Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi.
Bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylmaga taýýardygy barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi. Belent Serkerdebaşymyz hasabaty kabul edip, birikmäniň täze binalar toplumynyň esasy girelgesine tarap ugrady. Bu ýerde «Serhet owazlary» aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Soňra ýerine ýetirilen aýdymda ata Watanymyz, döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri wasp edildi.
Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesdi we täze binalar toplumynyň ulanmaga berilmegine ak pata berdi.
Döwrebap serhet birikmesiniň täze binalar toplumy dolandyryş binasyndan, nyzam meýdançasyndan, naharhanadan, 300 orunlyk medeniýet öýünden, esgerler ýatakhanasyndan, lukmançylyk nokadyndan, açyk sport meýdançasyndan, sport we sagaldyş toplumyndan, awtoulaglar üçin duralgadan, gulluk, durmuş maksatly binalardan ybarat bolup, olarda serhetçiler üçin amatly mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow birikmäniň dolandyryş binasyna bardy we bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy. Harby gullukçy ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyny wideogözegçilik enjamlary arkaly Döwlet serhediniň goragyna gözegçilik edilişi bilen tanyşdyrdy.
Dolandyryş binasynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşynyň, bu ýerde döredilen şertleriň ýokary halkara ölçeglere doly laýyk gelýändigini bellemek gerek. Binanyň döwrebap tehnologiýalar, iň täze enjamlar hem-de programmalar bilen üpjün edilmegi Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylýandygynyň, onuň ähli düzümlerine sanly ulgamyň üstünlikli ornaşdyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr. Döwrebap enjamlardyr aragatnaşyk serişdeleri Watanymyzyň serhetlerinde gije-gündiziň dowamynda gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi döwlet serhedinde ýagdaýy berk gözegçilikde saklamaga, onuň ygtybarly goragyny üpjün etmäge ýardam berýär.
Harby gullukçy döredilen ajaýyp şertler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Watan goragçylarynyň ýurdumyza mundan beýläk-de ak ýürekden, wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdy. Hormatly Prezidentimiz harby gullukça jogapkärli gullugynda üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize serhetçileriň adyndan ajaýyp türkmen halysy sowgat berildi.
Soňra döwlet Baştutanymyz esgerler ýatakhanasyna bardy we bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy.
Serhetçiler üçin niýetlenen ýatakhananyň binalar toplumy döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Onda serhetçileriň göwnejaý dynç almaklary, wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Ýatakhananyň giňligi, ýagtylandyrylyşy, esgerleriň dynç almagy üçin döredilen mümkinçilikler, otaglaryň ýerleşdirilişi harby düzgünnamalaryň talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu bolsa harby gullukçylary mukaddes gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmäge ruhlandyrýar. Şeýle-de ýatakhanada harby gullukçylaryň gündelik durmuş hyzmatlaryny üpjün etmek üçin dellekhana, gündelik we möwsümleýin harby lybaslary saklamaga niýetlenen, döwrebap mebeller bilen üpjün edilen birnäçe otaglar bar. Mundan başga-da, degişli lybaslary we beýleki goşlary saklamak üçin aýratyn bölümler göz öňünde tutulypdyr. Otaglar döwrebap ýyladyş we sowadyş ulgamlary bilen üpjün edilipdir. Munuň özi harby gullukçylaryň ähli ýaşaýyş-durmuş talaplaryny doly derejede kanagatlandyrmaga ýardam berýär.
Durmuş taýdan hyzmat ediş otaglarynyň degişli enjamlar bilen üpjün edilendigi bellärliklidir. Galkynyş otagy, baý gaznasy bolan döwrebap kitaphana hem harby gullukçylaryň ygtyýarynda. Bu bolsa serhetçileriň medeniýetli dynç almaklaryna, özlerini gyzyklandyrýan maglumatlar bilen tanşyp, bilimlerini artdyrmaklaryna ýardam edýär. Kitaphanada Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň watansöýüjilige ýugrulan kitaplarynyň ýerleşdirilmegi serhetçileriň watançylyk ruhuny has-da belende göterýär. Ýurdumyzda döwlet serhetlerini ygtybarly goramak, ýokary taýýarlykly serhetçi harby gullukçylary taýýarlamak işine möhüm üns berilýär. Şunda serhetçileriň ýaşaýyş-durmuş, gulluk şertleriniň ýokary derejede bolmagy ugrunda zerur tagallalar edilýär.
Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýokary derejeli söweşjeň aýratynlyklary bolan, harby düzümleriň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby tehnikalar bilen tanyşdy.
Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda amala aşyrylýan özgertmeler netijesinde harby we hukuk goraýjy edaralary döwrebap tehnikalardyr enjamlar bilen üpjün etmegiň hasabyna Milli goşunymyzyň kuwwaty pugtalandyrylýar. Döwlet Baştutanymyz harby tehnikalaryň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşlygyň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de yzygiderli berkidiljekdigini aýdyp, harby gullukçylaryň, söweşjeň tehnikalara erk edýän ýaş esgerleriň, serkerdeleriň hünär derejesiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.
Şeýle hem bu ýerde harby gullukçylar üçin niýetlenen dürli harby lybaslar görkezildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz harby lybaslaryň ýylyň dürli pasyllaryna laýyklykda taýýarlanylmalydygyny, harby gullukçylaryň azyk üpjünçiliginiň ýokary derejede bolmalydygyny nygtap, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz täze serhet birikmesiniň esgerler naharhanasyna baryp gördi.
Naharhana häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde ýokumly tagamlary taýýarlamak, serhetçileri talabalaýyk iýmitlendirmek üçin ähli zerur şertler bar. Munuň özi naharlaryň çalt we ýokary hilli taýýarlanylmagy, ekologik arassalygynyň saklanylmagy üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Täze binalar toplumynyň naharhanasy häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelip, onda nahar taýýarlamak, azyk önümlerini talabalaýyk saklamak üçin ýörite otaglar, ammarlar göz öňünde tutulypdyr. Döwrebap naharhana sowadyş we ýyladyş ulgamlary, nahar taýýarlamak işini ep-esli ýeňilleşdirýän döwrebap tehnologiýalaryň birnäçesi bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem naharhanada dürli görnüşli tagamlary taýýarlamak üçin enjamlaryň kämil görnüşleri göz öňünde tutulypdyr. Olar gündelik bişirilýän naharlaryň köpdürlüligini üpjün eder. Naharhanada milli tagamlaryň dürli görnüşleri taýýarlanylyp, olaryň tagamyna, ýokumlylyk derejesine aýratyn ähmiýet berler. Munuň özi naharlaryň milli aşpezlik ýörelgelerine laýyk gelmegini, has tagamly bolmagyny şertlendirer.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Watan goragçylarynyň gulluk etmegi we dynç almagy üçin has oňaýly şertleri döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň we amala aşyrylýan harby özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şonuň esasynda şeýle döwrebaplaşdyrylan häzirki zaman desgalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi harby gullukçylar üçin edilýän aladalaryň aýdyň güwäsidir.
Serkerdeler döwlet Baştutanymyza harby gullukçylar barada edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de Watana wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.
Soňra hormatly Prezidentimiz toplumyň çägindäki harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin niýetlenen täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna baryp gördi.
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň çäginde jemi 144 hojalyga niýetlenen 4 sany, 36 öýli döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy, dükan, oýun we sport meýdançasy göz öňünde tutulypdyr. Harby gullukçylaryň göwnejaý gulluk etmekleri, döwrebap ýaşaýşy üçin ähli amatlyklaryň döredilmegi hemişe üns merkezinde saklanýar. Toplumyň çäginde täze ýaşaýyş jaýlarynyň bina edilmegi-de munuň anyk mysalydyr.
Täze jaýlaryň binagärlik çözgüdine, bezegine uly üns berlipdir. Ýaşaýyş jaýlarynyň myhmanlardyr çagalar üçin niýetlenen giň we ýagty otaglary döwrebap mebeller bilen enjamlaşdyrylypdyr. Zerur bolan ähli şertler bilen üpjün edilen döwrebap aşhana hem jaýlaryň gurluşyk işleriniň döwrüň ösen talabyna laýyk derejede ýerine ýetirilendigini görkezýär. Serhet birikmesiniň çäginde harby gullukçylaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertler bar. Munuň özi Watan goragçylarynyň bedenini berkitmegi, şol sanda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin has oňaýly şertleriň döredilmegine uly ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir.
Bagtyýar serhetçi hormatly Prezidentimizi mähirli garşylady. Döwlet Baştutanymyz täze jaýa göçüp gelen harby gullukçy we onuň maşgala agzalary bilen söhbetdeş bolup, döredilen şertler bilen gyzyklandy.
Harby gullukçy Watan goragçylarynyň mukaddes gulluk borjuny berjaý etmekleri, dynç almaklary, maşgala agzalarynyň abadan durmuşda ýaşamaklary ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we harby kasama wepaly bolup, ýurdumyzyň asudalygyny goramak ýaly mukaddes wezipäni üstünlikli ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy. Täze jaýa göçüp gelmek bagty miýesser eden harby gullukçynyň maşgala agzalary hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak ugrunda edýän hemmetaraplaýyn aladalary üçin ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hoşallyklaryny beýan etdiler.
Hormatly Prezidentimiz serhetçiler we olaryň maşgalalary üçin amatly şertleri döretmek boýunça işleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigini aýdyp, täze jaýa göçüp gelen maşgala agzalaryna sowgatlary gowşurdy. Olar ýagşy däp-dessurlara eýerip, Arkadagly Gahryman Serdarymyza toý düwünçegini gowşurdylar.
Soňra hormatly Prezidentimiz toplumyň çäginde gündelik zerur bolan harytlaryň giň görnüşlerini hödürleýän söwda nokadynyň işi bilen tanyşdy. Bu ýerde türkmen telekeçileriniň öndürýän azyk we hojalyk harytlary, beýleki önümler alyjylara hödürlenilýär. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň ilaty azyk harytlary bilen bökdençsiz üpjün etmek babatda berýän tabşyryklarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Täze ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregi abadanlaşdyrylypdyr. Bu ýerde dürli gülleriň, saýaly baglaryň ekilmegi ekologik abadançylygy saklamaga ýardam edýär. Şeýle hem toplumda körpe nesilleriň dynç almaklary, sagdyn ösmekleri üçin niýetlenen oýun meýdançasy hereket edýär. Sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýä we sport hereketine giňden çekmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu babatda toplumda bina edilen sport meýdançasy harby gullukçylaryň maşgala agzalarynyň saglyklaryny berkitmeklerini, wagtyny peýdaly geçirmeklerini üpjün eder.
Toplumyň çäklerinde lukmançylyk merkezi hem hereket edýär. Lukmançylyk merkeziniň otaglary häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendir. Onda işlejek lukmanlar serhetçilere we olaryň maşgala agzalaryna ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlärler.
Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygyna Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ýurdumyzyň asudalygyny, parahatçylygyny üpjün etmek boýunça mukaddes borjuny abraý bilen berjaý etjekdiklerine ynandyrdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda açylyp ulanmaga berlen Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumy harby gullukçylar üçin ajaýyp toý sowgady bolmak bilen, Watanymyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha kämilleşdirilýändiginiň, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi.