«Gender deňligini ilerletmek: gender deňligi we gender zorlugyna garşy göreşmekde kanunçylyk esaslaryny berkitmek boýunça Parlamentara dialogy» atly maslahatyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen çärede Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kemal Goşlyýew, Ilat we ösüş boýunça parlamentarileriň Aziýa forumynyň ýerine ýetiriji direktory Farruh Usmonow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy Oguljennet Berdiliýewa, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Baýramgözel Myradowa çykyş etdiler.
Kemal Goşlyýew – Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy:
Kemal Goşlyýew öz çykyşynda, ilki bilen, bu halkara maslahatyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilendigi üçin türkmen tarapyna we maslahatyň işine gatnaşyjylara hoşallyk sözlerini beýan etdi we zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, gender deňligini üpjün etmek, kanun çykaryjylaryň dünýä derejesinde tagallalaryny birleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere ýokary baha berdi.
Milli aýratynlyklara garamazdan, ýurtlaryň maksatlarynyň birdigini bellemek bilen, zenanlara garşy zorlugyň öňüni almagyň diňe bir hukuk meselesi däl-de, eýsem, durnukly ösüşiň esasy şertidigine ünsi çekdi. Howpsuzlyk we deňlik bolmazdan, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň mümkin däldigini, zenanlaryň hukuklaryny goramak boýunça her bir ädimiň ykdysady durnuklylyga we tutuş sebitiň jemgyýetçilik abadançylygyna goşantdygyny belledi.
Farruh Usmonow – Ilat we ösüş boýunça parlamentarileriň Aziýa forumynyň ýerine ýetiriji direktory:
Farruh Usmonow çykyşynda Ilat we ösüş boýunça parlamentarileriň Aziýa forumynyň 40 ýyldan gowrak wagt bäri parlamentarileriň işini goldap gelýändigini belledi.
Şeýle-de bu maslahatyň gender deňligini üpjün etmek meselesini Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň parlamentarileri bilen bilelikde ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly meýdança bolup çykyş edýändigini, onuň dowamynda gatnaşyjylaryň dürli tejribeler bilen paýlaşandygyny we gender deňligini üpjün etmek boýunça şahsy hem-de bilelikdäki tagallalaryny görkezendigini nygtady. Ilat we ösüş boýunça parlamentarileriň Aziýa forumynyň gender deňligini üpjün etmek meselesine aýratyn üns berýändigi hem-de bu meseläni ilerletmek ugrunda işjeň çykyş edýändigini aýtdy.
Ilat we ösüş boýunça parlamentarileriň Aziýa forumynyň gender deňligi boýunça iş alyp barýandygyny, oňa agza döwletleri degişli kanunlary kabul etmäge ýa-da kämilleşdirmäge, raýat jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de beýleki degişli taraplar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge çagyrýandygyny aýratyn nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, zenanlaryň öz mümkinçiliklerini doly açyp görkezmegi üçin olaryň bilim ulgamyna deň elýeterliligi üpjün edilmelidigi, howpsuz bilim gurşawynyň döredilmelidigi, olaryň zähmet bazaryna gatnaşygynyň giňeldilmegi we telekeçiligi ösdürmegiň goldanylmalydygy barada durup geçdi.
Bu ugurda parlamentarileriň ornunyň has möhüm bolup durýandygy hem-de milli we halkara derejede dialogy dowam etdirmek üçin netijeli meýdança hökmünde çykyş etmäge hemişe taýýardygy barada nygtady.
Oguljennet Berdiliýewa – Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy:
Oguljennet Berdiliýewa öz çykyşynda Türkmenistanda zenanlaryň deň hukuklaryny we mümkinçiliklerini üpjün etmek meselelerine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Ýurdumyzyň bu ugurdaky kanunçylygynyň binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, maşgala institutyny goldamak, eneligi we çagalygy goramak, şeýle hem zenanlaryň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna gatnaşygyny giňeltmek boýunça milli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.
Türkmenistan häzirki wagtda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan halkara gepleşikleriň möhüm meýdançasyna öwrülýär. Şeýlelikde, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň Üçünji maslahatynyň çäklerinde ýurdumyzda zenan liderleriniň forumy geçirildi. Bu forum dürli ýurtlaryň wekillerini birleşdirip, zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.
Şeýle hem Türkmenistanda «Häzirki jemgyýetde zenanlaryň orny: durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýolunda halkara hyzmatdaşlygyň ösüşi» atly halkara maslahat geçirildi. Bu çäre tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy berkitmek üçin möhüm meýdança boldy.
Şu günki maslahatyň netijeleriniň, öňe sürlen pikirleriň we teklipleriň halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de zenanlar we erkekler üçin deň hukuklary we mümkinçilikleri üpjün etmek boýunça kanunçylyk mehanizmlerini kämilleşdirmäge ýardam etjekdigi nygtaldy.
Baýramgözel Myradowa – Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy:
Baýramgözel Myradowa öz çykyşynda bu maslahat Türkmenistanyň oňyn tejribesini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek, möhüm başlangyçlary goldamak hem-de olary amaly taýdan durmuşa geçirmek üçin netijeli meýdança boldy diýip, belledi.
Hormatly Prezidentimiz dünýä ýurtlary bilen parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şonuň netijesinde netijeli ösdürilýän parlamentara gatnaşyklary halklaryň we döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary täze derejä çykarmaga ýardam edýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň alyp barýan işleri parlament diplomatiýasynyň üsti bilen ýurdumyzyň öňe sürýän oňyn başlangyçlaryny halkara jemgyýetçiligine ýetirmäge we hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerini giňden wagyz etmäge gönükdirilendir.
Parlamentara dialogyň çäklerinde geçirilen ara alyp maslahatlaşmalar gender deňligi çygrynda hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, kanunçylyk işinde tejribe alyşmaga hem-de bu gender deňligi boýunça anyk ugurlary kesgitlemäge ýardam berendigini nygtap geçdi.
Şu günki maslahatda öňe sürlen pikirleriň, teklipleriň we bilelikdäki başlangyçlaryň zenanlaryň syýasy we ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmäge, zähmet gatnaşyklaryny we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga, olaryň hukuklaryny ygtybarly goramaga gönükdirilen çäreleriň öz netijeliligini görkezendigini, bu dialogyň hyzmatdaş ýurtlaryň parlamentleriniň arasynda tejribe alyşmagy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge ýardam berjekdigine ynam bildirildi.
Gender deňligi diňe bir zenanlaryň hukuklaryny goramak däl-de, eýsem, demokratik, durnukly we adalatly jemgyýeti gurmagyň esasy binýadydyr. Ol jemgyýetiň ähli ugurlarynda erkekler we zenanlar üçin deň mümkinçilikleriň bolmagyny, ýurduň ykdysady ösüşine deň goşant goşulmagyny, döwlet dolandyrylyşyna işjeň gatnaşmagy we adam maýasyna deň hukugy üpjün etmegi göz öňünde tutýar.
Häzirki döwürde gender deňligini üpjün etmek adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmeginiň möhüm görkezijileriniň biridir. Şonuň üçin bu ugurda alnyp barylýan döwlet syýasaty we jemgyýetçilik başlangyçlary diňe bir zenanlar üçin däl, eýsem her bir adamyň bagtyýar durmuşy we ýurduň ýagty geljegi üçin strategik ähmiýete eýedir diýip belledi.