Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
09.10.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Parlamentara Bileleşigiň 153-nji Assambleýasyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri 2026-njy ýylyň 5–9-njy oktýabry aralygynda Tanzaniýa Birleşen Respublikasynyň Aruşa şäherinde Parlamentara Bileleşigiň «Hemmeler üçin inklýuziw sosial ösüş: Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça parlament strategiýalary» atly tema boýunça geçirilen 153-nji Assambleýasynyň plenar mejlisine hem-de onuň çäklerinde guralan forumlaryň işine gatnaşdylar. 

Assambleýanyň gün tertibine laýyklykda, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak,  halkara hukuk kadalaryny berjaý etmek, kanun çykaryjylyk işinde öňde baryjy tejribeleri paýlaşmak, jemgyýetiň ähli gatlaklarynda deň mümkinçilikleri döretmek, ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin anyk parlament çäreleri kesgitlenildi.  

Assambleýanyň dowamynda birnäçe möhüm ugurlara aýratyn üns berildi. Ilki bilen, maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryny goramak, olary jemgyýete işjeň goşmak we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek üçin, täze parlament strategiýalaryny we kararnamalary kabul etmek meselelerine, şeýle hem parlament diplomatiýasyny we parahatçylygy berkitmek, ýüze çykýan gapma-garşylyklary parahatçylykly ýol bilen çözmek, Parlamentara Bileleşigiň 3 ýyllyk meýilnamasyny tassyklamak we bu guramanyň täze Prezidentini saýlamak  meselelerine garaldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Assambleýanyň gün tertibiniň meselesi boýunça çykyş edip, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek babatda oňyn halkara başlangyçlarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek babatda alnyp barylýan işleriň ähmiýetini belledi. Ýurdumyzda maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryny we olaryň durmuş goraglylygyny, şol sanda inklýuziw bilim we iş bilen üpjün edilmek hukuklaryny üpjün etmek bilen bagly meseleleriň döwlet tarapyndan hemişe üns merkezinde saklanylýandygyny nygtady.

Şeýle hem ol Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisinde beýan eden ählumumy parahatçylygy we dialogy berkitmek, halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmak, durnukly ösüşi üpjün baradaky başlangyçlaryna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň ählumumy derejede goldanylmagynyň halkara hukugyň dabaralanmagynda, dünýäde parahatçylygyň, abadan durmuşyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýetini belledi.

Mejlisiň wekili Tanzaniýa Birleşen Respublikasynyň Aruşa şäherinde geçirilen Parlamentara Bileleşigiň 153-nji Assambleýasynyň häzirki döwrüň möhüm meseleleri bolan adalatlylygy we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşyny kepillendirmekde, olaryň bähbitlerini goramak üçin anyk hukuk we durmuş esaslaryny ara alyp maslahatlaşmakda netijeli meýdança bolup durýandygyny, şeýle hem parlamentarileriň dünýä döwletleriniň dürli ulgamlarda gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşmaklaryna hem-de kanunçykaryjylyk işinde öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmaklaryna ýardam edýändigini nygtady.