Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
19.11.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Täjigistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Namoýandogan Majlisiniň Başlygy bilen duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Täjigistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Namoýandogan Majlisiniň Başlygy Faýzali Idizodanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar sebitde we dünýäde hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklaryň we özara dialogyň ösmegine mynasyp goşant goşýan iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geriminiň barha giňeýändigini hem-de bu gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen berkitmäge we ösdürmäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigini bellediler. 

Duşuşygyň dowamynda D.Gulmanowa Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda köp ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda dostlukly gatnaşyklaryň işjeň ösdürilip, ikitaraplaýyn görnüşde we abraýly halkara guramalaryň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak bilen, has-da berkidilýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň şu gezekki güýzki maslahatynyň hem ikitaraplaýyn hem-de sebitara hyzmatdaşlygyň täze derejelere çykmagyna oňyn täsir etjekdigine ynam bildirildi. Bu çäre türkmen we täjik halklarynyň, şeýle hem sebitiň we GDA agza beýleki dost-doganlyk döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkidýän möhüm meýdança öwrüler.

Taraplar iki ýurduň arasynda ýola goýlan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasy arkaly goldamagyň möhümligini aýratyn bellediler. Geljekde halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmak, ynanyşmagy we özara dialogy berkitmek babatda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegini goldadylar. 

Şeýle hem duşuşykda bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde ugurdaş komitetleriň, zenan we ýaş parlamentarileriň arasyndaky dialogy güýçlendirmegiň, kanunçykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmagyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.