Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
20.11.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy bilen duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji noýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde yzygiderli ösdürilýändigini uly kanagatlanma hem-de buýsanç bilen bellediler. Şu ýylyň 9-njy oktýabrynda geçirilen, GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň netijelerini aýratyn bellemek bilen, şol sammitde kabul edilen strategik çözgütleriň Arkalaşygyň giňişliginde sebit döwletleriniň we halklarynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça däbe öwrülen hoşniýetli dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze badalga berendigi aýdyldy. 

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň şu gezekki güýzki maslahatynyň hem ikitaraplaýyn hem-de sebitara hyzmatdaşlygyň täze derejelere çykmagyna oňyn täsir etjekdigine ynam bildirildi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň iki ýurduň arasynda ähli ugurlar boýunça depginli ösdürilýän, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan hoşniýetli gatnaşyklary parlament diplomatiýasy arkaly goldamagy has-da işjeňleşdirmegi maksat edinýändigini nygtaldy.

Duşuşykda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň dünýä derejesinde halkara hukugyň ornuny has-da ýokarlandyrmakda, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi. 

Taraplar Türkmenistanyň Mejlisiniň we Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilmegini, ugurdaş komitetleriň, zenan we ýaş parlamentarileriň arasyndaky dialogyň güýçlendirilmegini, kanunçykaryjylyk we parlament işinde özara tejribe alşylmagynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny goldaýandyklaryny beýan etdiler.