Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
28.11.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýaş parlamentariler toparynyň mejlisi geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen häzirki taryhy döwürde ýurdumyzda ýaş raýatlar aýratyn alada bilen gurşalyp alynýar. Halkymyzyň baý durmuş tejribesine daýanyp, Hormatly Prezidentimiz ýaşlarymyzyň ruhy­ahlak, medeni aň­bilim, beden taýdan ösüşine, watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek işine, döwrebap bilim­terbiýesine hem­de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli şertleri döretmäge, şahsy başarnygyny ösdürmäge, sagdyn durmuş kadalaryny kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berýär.

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýaş parlamentariler toparynyň mejlisi geçirilip, onda ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan döwletiň ýaşlar syýasatyny täze döwrüň ruhuna laýyklykda durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň ýaş raýatlarynda hukuk we syýasy medeniýeti kemala getirmek we Türkmenistanda ýaşlar parlamentarizmini ösdürmek hem-de ýaşlaryň döwlet dolandyryş ulgamyndaky tutýan orny bilen bagly beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň hukuklarynyň, erkinliginiň we goldanylmagynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamy bolup, ol hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk babatynda zerur şertleriň hem-de ýaşlaryň jemgyýetde özlerini ykrar etmekleri ugrunda möhüm döwlet kepillikleriniň döredilmegine, ýaşlaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň ösüşine hem-de olary goldamaga gönükdirilýändigi barada çykyşlar edildi.

Şeýle hem mejlisde Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýän ýylynyň 19-20-nji noýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisi hem-de bu assambleýanyň 61-nji plenar mejlisi geçirilip, olar şanly ýylyň möhüm wakalarynyň hatarynda orun alandygy hem-de ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlary bilen alnyp barylýan işler barada bellenilip geçildi. 

Mejlise gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza  ýaş parlamentarileriň arasynda özara tejribe alyşmak babatda hyzmatdaşlygyň täzeçe iş usullaryny ýola goýmak barada edýän tagallalary üçin öz hoşallyklaryny beýan etdiler.

 Olar Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmekde, milli kanunçylygy kämilleşdirmekde, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty ýurdumyzda we  halkara derejesinde giňden wagyz etmekde mundan beýläk hem ak ýürekden zähmet çekjekdiklerine sarpasy belent Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy ynandyrdylar.