Şu gün Ulan-Batorda hormatly Prezidentimiziň Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Ir bilen hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Mongoliýanyň Döwlet köşgüne geldi. Köşgüň öňündäki Suhe-Bator meýdanynda belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy.
Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh türkmen kärdeşini mähirli garşylaýar. Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Baştutanlary dostlarça salamlaşýarlar.
Bu ýerde milli mongol lybasly gyzjagaz hormatly Prezidentimize türkmen dilinde “Hoş geldiňiz!” sözleri bilen ýüzlenýär hem-de gül dessesini gowşurýar. Soňra döwlet Baştutanlary dostlukly ýurduň ýaş nesliniň wekili bilen bilelikde ýadygärlik surata düşýärler.
Soňra Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Uhnaagiýn Hurelsuh ýörite münbere barýarlar.
Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Döwlet senalary ýaňlanýar.
Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Uhnaagiýn Hurelsuh Mongoliýanyň goşun tugrasyny sarpalaýarlar we Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler.

Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýöriş bilen geçýärler.
Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary Türkmenistanyň we Mongoliýanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşýarlar, şeýle hem Mongoliýada işleýän diplomatik we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny mübärekleýärler.
Dabara tamamlanandan soň, Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Uhnaagiýn Hurelsuh Mongoliýanyň Döwlet köşgüne barýarlar. Köşgüň eýwanynda döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda çäkli düzümde ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.
Dostlukly ýurduň Baştutany belent mertebeli myhmany mongol topragynda mähirli mübärekläp, Mongoliýa döwlet sapary bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuha bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, mongol kärdeşine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Mongoliýanyň Prezidentiniň geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana amala aşyran döwlet saparyny we onuň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma işjeň gatnaşandygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mongoliýa bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi we giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklady. Döwlet Baştutanymyz bu saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi bermäge gönükdirilendigini aýdyp, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde bu ugurdaky maksatlara ýetiljekdigine ynam bildirdi.
Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh geçen ýyl Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýetini belläp, onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim bolandygyny belledi we mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi.
Ynanyşmak we işjeňlik ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda, uzak möhletli geljegi hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary anyklaşdyryldy. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Uhnaagiýn Hurelsuh şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin köpugurly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, iki ýurduň halklarynyň has-da ýakynlaşmagyna ýardam berýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň möhümdigini aýtdylar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdirildi.
Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň wekiliýet agzalaryny ýene bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp, Mongoliýanyň Türkmenistan bilen ýola goýlan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem ähli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge we ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. Şunda ýokary derejedäki özara saparlaryň iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.
Soňra döwlet Baştutanymyza söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuha ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, şu duşuşygyň Mongoliýanyň Prezidentiniň geçen ýylyň güýzünde Türkmenistana amala aşyran döwlet saparynyň barşynda geçirilen gepleşikleriň özboluşly dowamydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-mongol gatnaşyklarynyň ulgamlaýyn we yzygider häsiýete eýe bolýandygy hem-de durnukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk derejesine çykýandygy bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz şu gezekki ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine syýasy, ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek meseleleriniň giň toplumynyň girizilendigini hem-de resminamalaryň uly toplumyna gol çekiljekdigini aýtdy.
Türkmenistan bitaraplyga esaslanýan daşary syýasy ugruny hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde öňe sürýän halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin mongol tarapyna minnetdarlyk bildirýär. Öz gezeginde, ýurdumyz mundan beýläk-de Mongoliýanyň halkara ähmiýetli tekliplerini goldar.
Soňky ýyllarda parlament diplomatiýasy halkara giňişlikde aýratyn orny eýeleýär.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mongoliýa bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi we ep-esli giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklap, häzirki döwürde bu ugurda hyzmatdaşlyga güýçli depgin we köpugurly häsiýet bermek üçin ähli şertleriň bardygyna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu günki gepleşikleriň jemleri boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ulgamlaýyn ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara topary döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, bu ugurda tagallalary birleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ýurtlaryň ençemesiniň çäklerini öz içine alýan utgaşdyrylan ulag-logistika geçelgelerini döretmek boýunça iri taslamalary durmuşa geçirmegi maksat edinýän «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» başlangyjyny öňe sürdi. Bu taslamalar deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň meseleleri bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Şu ýylyň awgust aýynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda Döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň derejesinde Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiriler. Bu maslahat «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly şygar bilen geçiriler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mongoliýany bu maslahatyň işine gatnaşmaga çagyrdy. Bu ugurda Türkmenistanyň mongol tarapy bilen bir maksada gönükdirilen dialogyň dowam etdirilmegine bil baglaýandygy bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň şu ýylyň aprel aýynda «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Halkara barlag merkezini döretmek hakynda köptaraplaýyn ylalaşyga» resmi taýdan goşulandygyny belledi hem-de türkmen tarapynyň Ulan-Batorda ýerleşýän bu merkez bilen işjeň özara hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow energetika pudagynyň hyzmatdaşlygyň ýene-de bir ugrudygyny belläp, Türkmenistanyň bu ugurda anyk özara hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri görýändigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz mongoliýaly hyzmatdaşlaryň tekliplerine seretmäge, telekeçileriň göni gatnaşyklaryny ýola goýmakda goldaw bermäge, özara söwda amallaryny amala aşyrmak üçin amatly hukuk şertlerini döretmäge taýýardyr.
Döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer ulgamda hem bilelikde iş alyp barmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Mundan başga-da, syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sporty hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, Mongoliýanyň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Aziýa oýunlaryna gatnaşyp, üstünlikli çykyş edendigini belledi hem-de sport alyşmalar däbini dowam etmek teklibini öňe sürdi.
Şu ýyl Türkmenistan üçin aýratyn ýyldyr. Şu ýyl ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýär. Şeýle hem 2025-nji ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu wakalaryň şanyna şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda halkara forum geçiriler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhy bu dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.
Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda netijeli gepleşikler, hoşniýetlilik we iki halkyň hem-de döwletiň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge taýýarlyk üçin, Prezident Uhnaagiýn Hurelsuha we mongol wekiliýetiniň ähli agzalaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Soňra Mongoliýanyň Baştutany çykyş edip, gepleşikleriň netijeli bolandygyny, olaryň barşynda döwletara gatnaşyklarda ýetilen sepgitleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Şeýle hem Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh ykdysady ugurlara ünsi çekmek bilen, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine hem-de ileri tutulýan ugurlaryna garalandygyny belledi.
Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň beýan eden ähli tekliplerini goldap, Mongoliýanyň we Türkmenistanyň Hökümetleriniň hem-de ugurdaş düzümleriniň arasynda gol çekiljek resminamalaryň möhüm ähmiýetini nygtady. Şunda gepleşikleriň dowamynda türkmen-mongol gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, şeýle hem söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň many-mazmunyny baýlaşdyrmak we giňeltmek barada ylalaşyk gazanylandygy bellenildi.
Şunuň bilen birlikde, ulag gatnawlaryny hem-de logistikany ösdürmek maksady bilen, Awtomobil ulagy boýunça bilelikdäki komitetiň, şeýle hem oba hojalygy, weterinariýa hem-de maldarçylyk boýunça degişli komitetleriň döredilmeginiň möhümdigi nygtaldy.
Mongoliýanyň Baştutany özara söwda dolanyşygynyň hem-de harytlaryň görnüşleriniň artmagy bilen baglylykda, ýeňil senagat pudagynda taslamalary we maksatnamalary bilelikde durmuşa geçirmek hakynda gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýetini belledi.
Şunuň bilen birlikde, bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň ugry boýunça, ýokary derejeli işgärleri taýýarlamakda Mongoliýanyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga taýýardygy beýan edildi.
Dostlukly döwletiň Baştutany şeýle hem Türkmenistan bilen halkara we sebitleýin guramalaryň çäklerinde mundan beýläk-de işjeň hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Bu ugurda biziň ýurtlarymyz birek-biregiň tekliplerini we başlangyçlaryny özara goldaýarlar.
Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh Mongoliýanyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Halkara barlag merkezini döretmek hakynda köptaraplaýyn ylalaşyga» goşulandygy üçin Türkmenistana tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Sözüniň ahyrynda dostlukly döwletiň Baştutany Mongoliýanyň ýurdumyz bilen köpugurly netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi ugur edinýändigini ýene bir gezek tassyklady.
Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh ýygnananlaryň el çarpyşmalary bilen Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler.
Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda:
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça topary döretmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Mongoliýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2026-2027-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Çarçuwaly Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda söwda, ykdysady we maýa goýumlar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda 2026 — 2028-nji ýyllar üçin orta möhletli Maksatnama; Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Mongoliýanyň Azyk, oba hojalygy we ýeňil senagaty ministrliginiň arasynda ýeňil senagat babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Mongoliýanyň Bilim ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Mongol milli lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň arasynda bilim we saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Mongoliýanyň Milli uniwersitetiniň Syýasy ylymlar, halkara gatnaşyklary we jemgyýetçilik dolandyryşy mekdebiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Aşgabat şäher häkimligi bilen Ulan-Bator şäheriniň merliginiň arasynda Aşgabat şäheriniň we Ulan-Bator şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen Mongoliýanyň milli muzeýiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Mongol ylymlar akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Mongoliýanyň Milli telewideniýesiniň arasynda teleradioýaýlymlar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) bilen «MONTSAME» Mongol milli habarlar agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilýär.
Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Mongoliýanyň Prezidenti çakylygy kabul edip, sapar bilen gelendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň özara saparlary dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan umumy maksadyň aýdyň beýanydyr. Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlanyndan soň geçen döwrüň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň dostlukly ýurda amala aşyran ilkinji döwlet sapary Mongoliýanyň we Türkmenistanyň gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açýar.
Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet saparynyň dowamynda Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana 2024-nji ýylda amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde gol çekilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere hem-de ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garalandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh şu günki geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekilendigini belledi hem-de bu resminamanyň hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlejekdigine, özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, Mongoliýanyň Prezidentiniň geçen ýyl Türkmenistana amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda howa we halkara awtomobil gatnawlary hakynda hökümetara Ylalaşyklara, Maldarçylyk pudagy, weterinariýa boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga, şeýle hem ulag-logistika, syýahatçylyk, oba hojalyk pudaklarynda hyzmatdaşlygyň esasyny düzýän beýleki resminamalara gol çekildi.
Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa döwlet saparynyň dowamynda söwda-ykdysady, ýeňil senagat, ylym-bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen 14 resminama gol çekilendigi bellenildi.
Mongoliýanyň Baştutany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dostlukly döwletara dialogy ösdürmäge hem-de giňeltmäge goşýan şahsy goşandyna, tagallalaryna ýokary baha berdi we pursatdan peýdalanyp, tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, gepleşikleriň barşynda Mongoliýa we Türkmenistan BMG-niň hem-de beýleki halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýändiklerini tassykladylar. Şu ýyl BMG tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmegine 30 ýyl bolýandygy bellenildi. Pursatdan peýdalanyp, Mongoliýanyň Prezidenti döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy hem-de dostlukly türkmen halkyny bu şanly sene mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Mongoliýanyň Baştutany iki ýurduň, olaryň halklarynyň abadançylygynyň, gülläp ösüşiniň bähbidine döwletara dialogyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we giňeldiljekdigine, dostluk gatnaşyklarynyň berkidiljekdigine ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Mongoliýanyň wekiliýetleriniň arasynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň jemlerini beýan edip, olaryň dostlukly, ynanyşmak ýagdaýynda geçendigini aýtdy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Biziň ýurtlarymyz bütin dünýäde we sebitde parahatçylygy, durnuklylygy gorap saklamakda we berkitmekde bilelikdäki işleri dowam ederler. Türkmenistan we Mongoliýa Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, şeýle hem ekologiýa we azyk gün tertibi, energetika howpsuzlygy, özara ulag baglanyşygy boýunça hyzmatdaşlyk ederler.
Mongoliýanyň Türkmenistanyň Bitaraplygyny, ählumumy howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarymyzy goldaýandygy, döwletara gatnaşyklarda ynanyşmak dialogyny ilerledýändigi üçin, jenap Prezidente minnetdarlyk bildirdim diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.
Gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga ileri tutulýan orun berildi. Şunda Aziýadan Ýewropa çenli halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça bilelikdäki işlerde iki ýurduň tagallalaryny birleşdirmegiň geljeginiň uludygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» boýunça başlangyjynyň ähmiýetini belledi. Energetikada we kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin şertleriň bardygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şeýle hem gepleşikleriň dowamynda parlamentara hyzmatdaşlyk meselelerine hem garalandygyny aýdyp, bu gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygyň sütünleriniň biri bolmalydygyny belledi we medeni-ynsanperwer, ylym, bilim, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda ylalaşyklaryň gazanylandygyny habar berdi.
Bellenilişi ýaly, gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow duşuşyklaryň we gepleşikleriň dowamynda bildirilen açyklyk, hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlyk üçin, Prezident Uhnaagiýn Hurelsuha hem-de mongol wekiliýetiniň ähli agzalaryna minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistan we Mongoliýa uzak geljegi göz öňünde tutup, gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegi we berkitmegi berk maksat edinýändigini tassykladylar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we mümkinçilikden peýdalanyp, Mongoliýanyň dostlukly halkyna parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow saparyň çäklerinde Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalan bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýa döwlet saparyny tamamlap, Ulan-Bator şäheriniň “Buýant-Uhaa” Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.
Birnäçe sagatdan soň, döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar mähirli garşyladylar.
***
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa döwlet saparynyň çäklerinde şu gün Türkmen-mongol işewürler forumy geçirildi.
Şu gezekki duşuşyk döwletara dialogyň täze tapgyrynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmaga bagyşlandy. Foruma Mongoliýanyň we Türkmenistanyň ugurdaş döwlet edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Mongoliýanyň Milli Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda geçirilen duşuşyga gatnaşyjylar, ilki bilen, Türkmenistanyň milli amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we türkmen halysynyň sergi-ýarmarkasy bilen tanyşdylar. Halkymyzyň milli senetleriniň özboluşly we dürli görnüşli önümleri, çeper elli halyçylar tarapyndan dokalan ajaýyp halylar Mongoliýanyň wekillerinde ýurdumyzyň täsin medeni mirasyna uly gyzyklanma döretdi.
Mongoliýanyň Milli Söwda-senagat edarasynyň wekili hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet saparynyň çäklerinde Ulan-Bator şäherine gelen türkmen myhmanlaryny mähirli garşy aldy.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň täze ösüşi başdan geçirýändigini hem-de anyk netijelere gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler.
Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegi, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa häzirki döwlet sapary taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga taýýardygynyň aýdyň güwäsidir.
Uly monitorda iki ýurduň ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri barada wideofilm görkezildi. Onda iki ýurduň maýa goýum ýagdaýy, kanunçylygy we döredilýän ýeňillikler barada giňişleýin maglumat berilýär.
Mongol hyzmatdaşlar şu gezekki duşuşygyň hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak we netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin amatly mümkinçilikleri döredýändigini bellediler. Merkezi Aziýanyň ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň biri, baý tebigy baýlyklara we uly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan daşary ýurtly, şol sanda mongol işewür toparlary üçin uly gyzyklanma döredýär. Ýurdumyzyň daşary ýurtly maýadarlar üçin hödürleýän amatly ýeňillikleri bu gyzyklanmany has-da artdyrýar.
Mongoliýanyň işewür toparlary Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary hem-de bu babatda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn maksatnamalar we özgertmeler bilen tanyşdyryldy. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän bu giň gerimli özgertmeleriň ýurdumyzy senagat-innowasion taýdan ösdürmegi, önümçilik pudagyna ylmyň, tehnikanyň gazananlaryny we ösen tehnologiýalary ornaşdyrmagy maksat edinýändigi bellenildi.
Soňra forumda dürli pudaklarda ýöriteleşen mongol we türkmen kompaniýalarynyň birnäçesiniň wekilleri çykyş etdiler. Türkmenistanda hususy telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamak we işewürligi höweslendirmek üçin amatly gurşawyň hem-de degişli kanunçylyk-hukuk binýadynyň döredilendigi bellenildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan işewür toparlar täze iş ugurlaryny üstünlikli özleşdirýärler, innowasion önümleri we hyzmatlary döredýärler. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň giňeldilmegine ýardam berýär, söwda dolanyşygyny işjeňleşdirmek we eksport-import amallarynyň möçberlerini artdyrmak üçin täze mümkinçilikleri döredýär.
Mongol işewür toparlarynyň wekilleri türkmen hyzmatdaşlary bilen göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, wekiliýetleriň alşylmagynyň, ugurdaş forumlaryň, sergileriň we beýleki çäreleriň yzygiderli guralmagynyň möhüm ähmiýeti bellenildi.
Foruma gatnaşyjylar iki dostlukly döwletiň hem netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýändigini tassyklap, bu hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Bu ugurlar türkmen-mongol söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerine bagyşlanan sessiýada ara alnyp maslahatlaşyldy.
Günüň ikinji ýarymynda iki ýurduň döwlet düzümleriniň we hususy bölegiň wekilleriniň arasynda gepleşikler geçirildi, olaryň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň hem-de gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen resminamalaryň möhümdigi we resminamalar toplumynyň dürli ugurlarda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine ýardam berjekdigi nygtaldy.
Işewürler forumynyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.
Işewürler forumyna gatnaşyjylar şu gezekki duşuşygyň türkmen-mongol ykdysady gatnaşyklaryna täze itergi berjekdigine ynam bildirip, bilelikdäki şeýle çäreleri geçirmek tejribesini dowam etdirmegi teklip etdiler.
***
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa döwlet saparynyň çäklerinde Ulan-Batoryň Opera we balet döwlet akademiki teatrynda iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy. Bu köpöwüşginli döredijilik konserti döwletlerimiziň we halklarymyzyň däp bolan dostlukly we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary üçin Mongoliýanyň Milli muzeýine gezelenç hem guraldy.