Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda halkara sport ýaryşlarynda we ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna, tälimçilerine sylaglary gowşurdy. Bu dabara dünýäde ata Watanymyzyň abraýyny belende galdyrýan raýatlarymyzyň ýokary döwlet derejesinde sarpalanýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi.
Ajaýyp waka mynasybetli guralan dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň, halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, deputatlar, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, halkara ders bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlar, olaryň halypa mugallymlary we tälimçileri, ata-eneleri, talyplar gatnaşdylar.
Hemmeler döwlet Baştutanymyzy garşylamaga taýýar bolup durýarlar.
Watanymyzda ähli ugurlar bilen birlikde, ylym-bilim, sport ulgamlarynyň döwrebap derejede ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni bilim ulgamynda hem döredijilik üstünliklerine, şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde möhüm ähmiýet berlip, täze tehnologiýalar, bilimler we innowasiýalar esasynda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek babatda giň mümkinçilikler döredilýär. Degişli maksatnamalara, konsepsiýalara, strategiýalara, milli we öňdebaryjy tejribelere laýyklykda, özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli gowulandyrylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda kompýuterler, interaktiw we multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralarynyň gurluşyklary giň gerimde dowam etdirilýär. Ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem döwrebap düşünjeli, giň dünýägaraýyşly, saýlap alan hünärlerine ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda uly tagallalar edilýär. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde bilimiň hem-de ylmyň özara baglanyşygyny berkitmek, tejribeli professor-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda talyplary ylma höweslendirmek boýunça işler guramaçylykly alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň sport ulgamynda-da halkara derejeli ösüşler gazanylýar. Bu ugurda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň, ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn strategiýanyň aýrylmaz bölegidir. Sportuň Olimpiýa görnüşleri üçin niýetlenen häzirki zaman sport desgalarynyň gurulmagy, türgenleriň, tälimçileriň we beýleki sport hünärmenleriniň taýýarlanylmagy üçin döwletimiz tarapyndan ägirt uly maýa goýumlar gönükdirilýär.
Diýarymyzda sport hereketini ösdürmek babatda giň mümkinçilikler döredildi. Ähli welaýatlarda zerur enjamlar bilen üpjün edilen sport-sagaldyş, atçylyk sport toplumlary, köpugurly stadionlar, sport mekdepleri we beýleki ugurdaş desgalar guruldy. Paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylan lukmançylyk, sagaldyş hem-de anyklaýyş merkezleri gurlup ulanmaga berildi. Şeýle binýatlaýyn esasda halkara ölçeglere laýyk gelýän sport-sagaldyş ulgamyny döretmekde uly üstünlikler gazanyldy. Täzeçil çözgütler esasynda gurlan Arkadag şäherini muňa anyk mysallaryň biri hökmünde görkezmek bolar. Bu ýerde köpugurly sport toplumy, suw sport toplumy, 10 müň orunlyk stadion gurlup, şäheriň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi döredildi. 2023-nji ýylda Arkadag şäheriniň adybir futbol toparynyň döredilmegi Watanymyzyň sport durmuşynda möhüm ähmiýetli waka boldy.
Ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmek bilen bir hatarda, sportuň milli görnüşlerini giňden wagyz etmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Sportuň bu görnüşleri halkymyzyň baý mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Ussatlygy barha artýan türgenlerimiz iri halkara ýaryşlarda, şol sanda Aziýa we dünýä çempionatlarynda üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri gazanýarlar. Olaryň üstünlikleri Garaşsyz Watanymyzyň ýaşyl tuguny al-asmanda parladyp, ýurdumyzyň Ýer ýüzündäki meşhurlygyny has-da artdyrýar. Berkarar Watanymyz bolsa şeýle ogul-gyzlaryny ýokary döwlet derejesinde sarpalap, olara uly hormat bildirýär.
...Irden hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynyň esasy girelgesiniň öňüne gelip durdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi garşylaýarlar.
Döwlet Baştutanymyz sport toplumynyň binasynyň içine girýär we onuň foýesinde ýaýbaňlandyrylan sergini synlaýar. Bu ýerde abraýly halkara ýaryşlarda gazanylan dürli derejedäki baýraklar, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda türgenler üçin öndürilýän sport egin-eşikleri görkezildi. Watanymyzyň sportda gazanan üstünliklerini aýdyň şöhlelendirýän gymmatlyklar olary gazanan türgenleriň taýýarlyk derejesine baha bermäge mümkinçilik döredýär. Dürli derejeli baýraklar, şol sanda medallar, kuboklar, Hormat hatlary we beýlekiler milli ýygyndy toparlarymyzyň türgenleriniň halkara hem-de sebit derejesindäki ýaryşlara gatnaşyp, olarda Türkmenistana mynasyp wekilçilik edýändiklerini tassyklaýar. Bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmegi netijesinde uly üstünlikleriň gazanylýandygyna şaýatlyk edýär.
Bu ýerdäki monitorlarda türgenleriň halkara ýaryşlardaky çykyşlaryndan pursatlar, ýurdumyzda bedenterbiýe-sport hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek boýunça alnyp barylýan işler görkezilýär. Umuman, bu sergi bedenterbiýe-sagaldyş hereketine, ýokary netijeli sporta döwlet tarapyndan goldaw berilmegi bilen, Watanymyzyň sport abraýyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan zehinli ýaşlaryň täze nesliniň kemala gelýändigini äşgär edýär.
Soňra Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda esasy dabara başlanýar. Dabara gatnaşyjylaryň ählisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy dowamly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz özi üçin ýörite niýetlenen ýere geçýär.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Dabara gatnaşyjylaryň agzybirlikde Döwlet senasyny ýerine ýetirmekleri bilen, Döwlet baýdagy galdyrylýar. Watanymyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketiniň toplumlaýyn esasda ösdürilýändigi we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň barha ýaýbaňlandyrylýandygy, ýaşlaryň zehinini açmak ugrunda uly tagallalaryň edilýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri beýan edilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna, türgenleriň sportuň görnüşleri boýunça görkezme çykyşlaryna tomaşa etdi. Artistler we döredijilik toparlary çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri, halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň sport mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek baradaky tagallalaryny, sporty ösdürmek boýunça gazanylýan üstünlikleri wasp etdiler.
Soňra çykyş etmek üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly hormat bilen söz berildi. Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz ýurdumyzda ýaşlar üçin ähli şertleriň döredilýändigini, olaryň öz zehini, ukyp-başarnyklary bilen ýurdumyzyň abraýyna abraý goşýandyklaryny, tejribeli mugallymlaryň we ussat tälimçileriň bolsa ýaş nesilleriň dürli ugurlarda üstünlikleri gazanmaklary üçin netijeli işleri alyp barýandyklaryny nygtady. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bagtyýar ýaşlarymyzy dünýä derejesindäki olimpiadalarda we sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary bilen tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň düýpli kämilleşdirilendigini, mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň dürli dersler boýunça geçirilýän olimpiadalarda gowy netijeleri gazanýandyklaryny belledi. Munuň özi bilim ulgamynda durmuşa geçirýän özgertmelerimiziň aýdyň netijeleri bolup durýar. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda sporty ösdürmek, ussat tälimçileri we türgenleri taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Bu işleriň netijesinde türgenlerimiz dünýä derejesindäki ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolup, uly üstünlikleri gazanýarlar. Döwlet Baştutanymyz türgenleriň geljekde-de eziz Watanymyzyň baýdagyny al-asmanda parladyp, Türkmenistanyň abraýyny belende galdyrjakdygyna berk ynam bildirdi. “Biz geljekde hem ylym-bilim, sport ulgamlaryny ösdürmek, zehinli ýaşlarymyza, ussat türgenlerimize goldaw-hemaýat bermek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etdireris” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi we Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bagtyýar ýaşlaryna ýüzlenip, olary halkara olimpiadalarda we sport ýaryşlarynda gazanan ajaýyp üstünlikleri bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň dünýä derejeli ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlary we olaryň mugallymlaryny sylaglamak hakynda gol çeken Buýrugy okaldy.
Hormatly Prezidentimiz halkara ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan mekdep okuwçylaryna we talyplara, olaryň halypa mugallymlaryna, dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere hem-de olaryň tälimçilerine gymmat bahaly sowgatlary gowşurýar.
2025-nji ýylyň dowamynda abraýly halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan mekdep okuwçylaryny döwlet derejesinde sylaglamaga hödürlemegiň sanawy düzülende, olaryň gatnaşan bäsleşikleriniň hereket edýän reýtinglerdäki derejesinden we ähmiýetinden, şonuň ýaly-da, olara gatnaşan ýurtlaryň sanyndan ugur alyndy.
Meselem, Halkara matematika olimpiadasy orta mekdepleriň okuwçylary üçin matematika dersi boýunça bäsleşik bolup, ol halkara bilim olimpiadalarynyň iň irkileriniň biridir. Ol dünýäniň iň abraýly matematika bäsleşigi hökmünde bellidir. 2025-nji ýylyň iýulynda Awstraliýanyň Sanşaýn-Kost şäherinde 66-njy Halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Oňa jemi 110 döwletden 630 okuwçy, Türkmenistandan hem zehinli okuwçylaryň 6-sy gatnaşdy. Olimpiadanyň jemleri boýunça ýurdumyzyň mekdep okuwçysy kümüş medal gazandy.
Halkara himiýa olimpiadasy orta mekdepleriň okuwçylary üçin geçirilýän iň ýokary derejeli halkara himiýa bäsleşigidir. Ol dürli ýurtlaryň zehinli okuwçylarynyň himiýa boýunça nazary we amaly bilimine baha berilýän iň abraýly bäsleşikleriň biri hasaplanýar. Şu ýylyň iýulynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde 57-nji Halkara himiýa olimpiadasy geçirildi. Oňa jemi 90 döwletden 354 okuwçy, ýurdumyzdan hem zehinli okuwçylaryň 4-si gatnaşdy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça türkmenistanly okuwçylar 2 kümüş we 1 bürünç medal gazanmagy başardylar. Dünýäniň iň abraýly bilim olimpiadalarynyň biri-de Halkara fizika olimpiadasy bolup, ol orta mekdepleriň okuwçylary üçin niýetlenen halkara derejeli bäsleşikdir. 2025-nji ýylyň iýulynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen 55-nji Halkara fizika olimpiadasyna 94 döwletden 415 okuwçy, ýurdumyzdan hem 5 okuwçy gatnaşdy. Zehinli ýaşlarymyz bu ýerde 2 kümüş we 1 bürünç medala mynasyp boldular.
2025-nji ýylyň dowamynda abraýly halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny döwlet derejesinde sylaglamaga hödürlemegiň sanawy düzülende, olaryň hem gatnaşan bäsleşikleriniň hereket edýän reýtinglerdäki derejesinden we ähmiýetinden, şonuň ýaly-da, bäsleşiklere gatnaşan ýurtlaryň sanyndan ugur alyndy.
Mysal üçin, I dereje üçin saýlanyp alnan bäsleşik ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen 32-nji Halkara matematika bäsleşigi boldy. Ol talyplaryň arasynda halkara derejede geçirilýän iň abraýly matematika bäsleşikleriniň biri hasaplanýar. Bu bäsleşik 2017-nji ýyldan bäri ýöredilýän Moskwanyň “Uniwersitetiň üç wezipesi” atly abraýly halkara uniwersitetler reýtinginiň sanawynda hasaba alnandyr. Şu ýylyň awgustynda Bolgariýa Respublikasynyň Blagoýewgrad şäherinde geçirilen 32-nji Halkara matematika bäsleşigine dünýäniň 52 ýurdundan talyplaryň 434-si gatnaşdy. Onda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplaryndan düzülen topar (jemi 7 talyp) üstünlikli çykyş edip, talyplar 2 altyn, 2 kümüş, 3 bürünç medala mynasyp boldular.
II dereje üçin saýlanyp alnan bäsleşik maliýe howpsuzlygy boýunça halkara olimpiadadyr. Şu ýylyň 28-nji sentýabry — 3-nji oktýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Krasnoýarsk şäherinde guralan maliýe howpsuzlygy boýunça V halkara olimpiada 40 ýurtdan 600-e golaý talyp gatnaşdy. Onuň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden saýlanyp alnan talyplaryň 10-sy gatnaşyp, şolardan ykdysadyýet ugry boýunça Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby 1-nji orna we kuboga, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplary 2-nji orna mynasyp boldular. Bäsleşikde maglumat howpsuzlygy, halkara gatnaşyklar ugurlary boýunça bolsa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary ikinji orny eýelemegi başardylar.
III dereje üçin saýlanyp alnan bäsleşikleriň hatarynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen nazary mehanika dersi boýunça halkara olimpiadany görkezmek bolar. 2025-nji ýylyň aprelinde Belarus Respublikasynyň Gomel şäherinde geçirilen ХIХ halkara olimpiada dünýä ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň 31-sinden 110-a golaý talyp gatnaşdy. Bu ders bäsleşigine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplar topary (jemi 3 talyp) gatnaşyp, şolardan institutyň 2-nji ýyl talyby üçünji orna mynasyp boldy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan geçirilýän himiýa dersi boýunça halkara olimpiada ýurdumyzda guralýan halkara olimpiadalaryň iň irileriniň biridir. Bu olimpiada ýyl-ýyldan uly abraýa eýe bolup, gerimi barha giňeýär. 2025-nji ýylyň oktýabrynda agzalan uniwersitetiň guramagynda himiýa dersi boýunça dördünji gezek geçirilen halkara olimpiada dünýäniň 12 ýurdunyň 50 sany ýokary okuw mekdebinden 250-ä golaý talyp gatnaşdy. Bu bäsleşige ýurdumyzdan gatnaşan talyplaryň 150-siniň arasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň 2-si altyn medala mynasyp boldy.
Dabarada Arkadagly Gahryman Serdarymyz dünýä derejeli olimpiadalarda üçünji orna hem-de bürünç medala mynasyp bolan okuwçylary 40 müň manat, ikinji orna hem-de kümüş medala mynasyp bolan okuwçylaryň her birini 70 müň manat möçberde pul baýragy bilen sylaglady. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz olimpiadalarda üçünji orna hem-de bürünç medala mynasyp bolan talyplara 40 müň, ikinji orna hem-de kümüş medala mynasyp bolan talyplara-da 70 müň manat möçberde pul baýragyny gowşurdy.
Döwlet Baştutanymyz dünýä derejeli olimpiadalarda birinji orna hem-de altyn medala mynasyp bolan talyplaryň her birini 100 müň manat möçberdäki pul baýragy bilen sylaglady. Iň ýokary sylaga mynasyp bolan talyplar gymmatly pul baýraklaryny ýüzlerine sylyp kabul etdiler. Hormatly Prezidentimiz dünýä derejeli olimpiadalarda ýokary netijeleri gazanan okuwçylary we talyplary taýýarlan mugallymlaryň her birini 100 müň manat möçberde pul baýragy bilen serpaýlady.
Bu sylaglar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň dünýä derejesindäki ders bäsleşiklerinde we olimpiadalarda Garaşsyz Watanymyza wekilçilik edip, ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýeten ýokary sepgitlerini dünýä ýaýmakda gazanan uly üstünlikleri üçin hem-de olaryň halypa mugallymlarynyň bu ugurda bitiren hyzmatlary nazara alnyp berildi. Sylaglara mynasyp bolan zehinli mekdep okuwçylary, talyplardyr olaryň mugallymlary dabaranyň dowamynda çykyş edip, özlerini ýokary derejede sylaglandygy üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Olar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir gününiň bilim ulgamynda hem döredijilik üstünliklerine, şanly wakalara beslenip, ýurdumyzyň täze taryhyna ajaýyp sahypalaryň ýazylýandygyny nygtadylar. Olar şeýle üstünlikleriň sakasynda duran hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan edip, geljekde-de Watanymyzyň dünýädäki abraýyny belende götermek ugrunda ähli ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenleri hem-de olaryň tälimçilerini sylaglamak hakynda Buýrugy okaldy. Hormatly Prezidentimiz baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere hem-de olaryň tälimçilerine gymmat bahaly sowgatlary gowşurýar.
Hormatly Prezidentimiz çärä gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda abraýly halkara ýaryşlarda, dünýä çempionatlarynda çykyş edip, baýrakly üçünji orna we bürünç medala mynasyp bolan türgenleriň her birine 40 müň manat möçberde pul baýragyny gowşurdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ikinji orny eýeläp, kümüş medala mynasyp bolan türgenleri 70 müň manat möçberde pul baýragy bilen sylaglady. Hormatly Prezidentimiz ýaryşlarda kümüş hem-de bürünç medallara mynasyp bolan türgenleri taýýarlan tälimçileriň her birine 70 müň manat möçberde pul baýragyny gowşurdy. Olar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň elinden pul sylaglaryny ýüzlerine sylyp kabul etdiler.
Soňra döwlet Baştutanymyz dünýä derejeli ýaryşlarda altyn medala mynasyp bolan türgenleri sylaglady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz olaryň her birine 2025-nji ýylda goýberilen, ak reňkli «Toyota Camry HEV 2.5L» kysymly ýeňil awtoulagyň açaryny gowşurdy. Bu türgenler abraýly halkara ýaryşlarda hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykyp, ýurdumyzyň ýaşyl tuguny belende galdyrmagy başardylar. Hormatly Prezidentimiz halkara ýaryşlarda altyn medala mynasyp bolan türgenleri taýýarlan tälimçilere-de 2025-nji ýylda goýberilen, ak reňkli «Toyota Camry HEV 2.5L» kysymly ýeňil awtoulagyň açaryny gowşurdy.

Bu ýokary sylaglar türgenleriň we ussat tälimçileriň dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik edip, ýurdumyzyň sport abraýyny belende göterendikleri, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmaga goşant goşandyklary, olaryň tälimçileriniň bu ugurda bitiren hyzmatlary nazara alnyp berildi.
Sylaglanan türgenler we olaryň tälimçileri öz zähmetine berlen ýokary baha üçin döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler. Çykyş edenler ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň agzalarynyň gazanýan üstünlikleriniň hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýe hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmäge berýän ägirt uly ünsüniň, Gahryman Arkadagymyzyň gurduryp beren sport toplumlarynda, hususan-da, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynda geçirilen türgenleşikleriň miwesidigini aýratyn bellediler.
Dabara tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanan ýaşlar we olaryň halypa mugallymlary, türgenler hem-de tälimçiler bilen ýadygärlik surata düşdi. Döwlet Baştutanymyz özi üçin ýörite niýetlenen ýere geçenden soňra, dabara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly aýdymyny uly şatlyk-şowhun bilen ýerine ýetirdiler.
Soňra hormatly Prezidentimiz sport ussatlaryny olaryň gazanan üstünlikleri bilen gutlady hem-de olara sport äleminde mundan beýläk-de uly ýeňişleriň ýaran bolmagyny arzuw etdi. Täze awtoulaglaryň açaryny alan türgenlerimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredýän şertlerinden netijeli peýdalanyp, geljekde-de ähli yhlaslaryny, başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Bu pursatlara şaýat bolan ata-eneler hem ýürek buýsanjyny tolgunma bilen beýan etdiler.

Goý, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýy barha belende galsyn!
Şu gün Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde ajaýyp waka mynasybetli toý sadakasy berlip, onda bilim we sport ulgamynda halkara dereje gazanylýan üstünlikleriň dowamat-dowam bolmagy, Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň agzybirligi, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tutumlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegi barada ýagşy dilegler edildi.