Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
14.10.2024

ZENAN PARLAMENTARIÝLERIŇ IŞINI KÄMILLEŞDIRMEK BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň çäklerinde ýurdumyza sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Majlisiniň wekili Aýgul Saýfollagyzy Kuspan bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Bahar Seýidowanyň arasynda zenan parlamentariýleriň işlerini kämilleşdirmek boýunça duşuşyk geçirildi.

Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Majlisiniň wekili dostlukly, goňşy türkmen topragynda mähirli kabul edilendikleri üçin hoşallygyny bildirip, türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Parlamentara gatnaşyklar bu hyzmatdaşlygyň depginli ösdürilmegine ýardam  edýär. 

Duşuşygyň barşynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirilýän şunuň ýaly duşuşygyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda ýola goýulmagy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň parlament diplomatiýasyny ösdürmek, zenan parlamentarileriniň özara hyzmatdaşlyk usulyny işläp taýýarlamak boýunça öňe süren başlangyçlarynyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ýokary derejä çykarmakda aýratyn orun eýeleýändigi bellenildi. 

Şeýle-de duşuşygyň dowamynda türkmen-gazak parlamentara hyzmatdaşlygynda zenanlaryň ornuny berkitmegiň gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça pikir alşyldy. 

Türkmenistanyň bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakda Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda Gazagystanyň halk sazandasy, kompozitor, dombraçy Kurmangazy Sagyrbaýulynyň heýkeliniň oturdylmagy, Aşgabadyň gözel künjeginde gazak halkynyň medeniýetiniň, sungatynyň we edebi mirasynyň ösdürilmegine uly goşant goşan Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylmagy, Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astanada Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry, türkmen danasy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp ýadygärligiň açylmagy doganlyk halklarymyzyň çuňňur medeni­ruhy gatnaşyklarynyň aýdyň güwäsine öwrülendigi nygtaldy. 

Geçirilen bu duşuşyk Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň iki halkyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirildi.