Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalardan ugur alyp, döwletimiziň ykdysady, syýasy, medeni durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Mejlisiň deputatlary daşary ýurtlaryň parlamentleriniň hem-de halkara guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn gyzyklanma döredýän meseleler boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekiliýetleri bilen duşuşyklaryň geçirilendigi aýdyldy. Olaryň barşynda hyzmatdaşlygyň we kanun çykaryjylyk işiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň wekilleri döwlet edaralary tarapyndan halkara düzümler bilen bilelikde geçirilen duşuşyklara we okuw maslahatlaryna gatnaşdylar, Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde hem-de Bosniýa we Gersegowinanyň Saraýewo şäherinde iş saparlarynda boldular.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda durmuşa geçirilýän degişli sebitleýin taslamanyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde Aşgabat şäherinde we welaýatlaryň 6 etrabynda ýerleşýän, şu ministrligiň garamagyndaky zähmet we ilatyň iş üpjünçilik bölümlerinde okuw-maglumat merkezlerini döretmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlara degişli hünär okuwlaryny geçmek arkaly olaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge we beýleki maksatlara gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda amala aşyrylýan sebitleýin taslamanyň çäklerinde okuw-maglumat merkezlerini döretmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýangyç-energetika toplumynda, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserninde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, konserniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň tehnologik desgalarynyň degişli awtomatik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi toplumyň önümçilik-tehnologik desgalarynyň bökdençsiz we ygtybarly işlemegini üpjün etmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmagyň, öndürilýän önümleriň hilini ekologik standartlaryň talaplaryna laýyk getirmegiň ýurdumyzyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň esasy wezipeleri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ygtybarly işlemegini üpjün etmäge gönükdirilen teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda galla hasylyny gysga wagtda ýygnap almak boýunça işler dowam edýär. Däne ýygýan kombaýnlaryň we bugdaý daşaýan awtoulaglaryň doly güýjünde işledilmegini üpjün etmek, ýygnalan hasyly kabul etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Daşoguz welaýatynda şaly ekilen meýdanlarda ideg işleri, Lebap welaýatynda bolsa şaly ekişi dowam edýär. Mary welaýatynda güýzlük gant şugundyry ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizlemek, geriş çekmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Maldarçylyk hojalyklarynda mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak we önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, mallar üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk goruny döretmek boýunça degişli işler geçirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly hem-de netijeli peýdalanmak, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak işleri ýerine ýetirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýurdumyzyň welaýatlarynda galla oragyny guramaçylykly geçirmegi, ýygnalan hasyly tabşyrmak boýunça alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmegi, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän toplumynda, hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda bu kärhanalaryň bökdençsiz we ygtybarly işledilmegini gazanmak üçin zerur çäreleriň görülýändigi aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda mineral dökünleri öndürýän zawodlary netijeli işletmäge, oba hojalyk önüm öndürijilerini mineral dökünler bilen öz wagtynda üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy hem-de wise-premýere hereket edýän himiýa kärhanalarynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek, önümçilik kuwwatyny doly ulanmak boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sergide ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply harytlar bilen birlikde, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň täze maksatnamalaýyn ugurlary, maýa goýum taslamalary tanyşdyrylar. Sergä Türkmenistanyň eksport, maýa goýum ugurly pudaklarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar. Munuň özi söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik döreder. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynda geçiriljek halkara ykdysady foruma gatnaşmagy boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiz tarapyndan daşary ýurtlarda guralýan iri möçberli halkara çäreleriň netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedigini belledi hem-de wise-premýere Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek boýunça degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz dünýä ýurtlarynda geçirilýän halkara çärelere işjeň gatnaşmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasynda geçiriljek halkara ykdysady foruma ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen bagly resminama gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şu ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hepdeligiň çäklerinde dürli mazmunly medeni çäreleri, şol sanda Nowruz ýaýlasyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasyny, konsertleri, aýdym-sazly çykyşlary, maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, şygryýet agşamlaryny, filmleriň we sahna oýunlarynyň görkezilişini, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry tarapyndan sahnalaşdyrylan “Şasenem-Garyp” operasynyň görkezilişini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem hepdelige gatnaşyjylaryň paýtagtymyzdaky “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda beýik şahyryň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşmaklary meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, Medeniýet we sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlap, Medeniýet hepdeligini ýokary derejede geçirmegiň, onuň geçýän döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çärelere hem aýratyn ähmiýet bermegiň möhümdigine ünsi çekdi we wise-premýere Medeniýet hepdeligini guramaçylykly geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa 15 — 19-njy iýun aralygynda paýtagtymyzda geçiriljek küşt boýunça halkara ýaryşa taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sport arkaly parahatçylygy dabaralandyrmakda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakasyna öwrüljek bu ýaryşa dünýäniň köp sanly döwletlerinden, şeýle-de Türkmenistandan 8, 10 we 12 ýaşly türgenler gatnaşarlar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da ýokary derejelere galdyrmak, türkmen sportuny ösdürmek ugrunda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, dürli derejedäki halkara sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabat şäherindäki Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde sportuň küşt görnüşi boýunça türgenleriň arasyndaky halkara ýaryşa gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň halkara ekologiýa hyzmatdaşlygy babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, dürli döwletler we halkara guramalar bilen bu ugurda gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň halkara we sebit derejesindäki forumlarda öňe sürýän möhüm başlangyçlary we teklipleri ýurdumyzyň ekologiýa ulgamynda halkara işlerini yzygiderli pugtalandyrmak üçin berk esas bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça taýýarlanan birnäçe maglumatlar we teklipler beýan edildi.
Ählumumy ekologiýa hyzmatdaşlygy babatda howa, tebigaty goramak meseleleriniň ähmiýeti nygtaldy. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyndaky çykyşynda bu meselelere aýratyn üns berildi. Şonda döwlet Baştutanymyz BMG-niň Merkezi Aziýa üçin bitewi ekologiýa strategiýasyny taýýarlamaga girişmegi teklip etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň dekabrynda Dubaý şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP28) döwletimiziň ýokarda agzalan ugurlar boýunça garaýyşlaryny dünýä jemgyýetçiligine ýetirdi. Forumyň barşynda Türkmenistan halkara resminamalaryň birnäçesine goşuldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan ýokarda agzalan resminamalardan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, 2024-nji ýylyň noýabrynda Baku şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahatynda (COP29) hem 9 resminamanyň kabul edilendigi bellenildi. Ýurdumyzyň bu maslahatyň resminamalaryna goşulmagynyň mümkinçiliklerine seretmek maksady bilen, olary öwrenmek boýunça şu ýylyň 21-nji iýunynda paýtagtymyzda daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça pudagara toparyň mejlisini geçirmek teklip edilýär. Şeýle-de häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutulýan garaýyşlaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz çölleşmäge garşy göreş babatda örän işjeň hereketleri amala aşyrýar. Bu ugurda 2024-nji ýylyň dekabrynda Er-Riýad şäherinde BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň çäklerinde geçirilen “Bitewi suw” sammitine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşandygyny bellemek gerek. Bu forumyň ýörelgelerine esaslanyp, Baş Assambleýanyň öňümizdäki sessiýasyna hödürleniljek Türkmenistanyň ileri tutulýan garaýyşlaryna Merkezi Aziýa we onuň bilen goňşy döwletler üçin çölleşmäge garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek baradaky meseläni goşmak teklip edilýär. Sebit hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, bu ugurda Hazar hem-de Aral deňizlerini, umuman, Merkezi Aziýada ekologiýa meseleleri bilen bagly alnyp barylýan işleri bellemek bolar. Şunuň bilen baglylykda, Hazar sebitiniň ekologik howpsuzlygy baradaky meselä üns çekildi. Şundan ugur almak bilen, Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny hem-de döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky sammitini geçirmek boýunça işleri işjeňleşdirmek teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, Hazar ekologik başlangyjynyň Konsepsiýasynyň taýýarlanylandygy we onuň ähli kenarýaka döwletleriň garamagyna iberilendigi aýdyldy.
Türkmenistan sebitde 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral boýunça Milli maksatnamany kabul eden ýeke-täk döwletdir. Şol resminamanyň amala aşyrylmagy, şeýle hem 2026 — 2030-njy ýyllar üçin täze maksatnamanyň taslamasynyň taýýarlanylmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin şu ýylyň 27-nji iýunynda Aşgabat şäherinde daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça pudagara toparyň mejlisini geçirmek teklip edilýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk edendigi bellenildi. Ýurdumyzyň bu guramada başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynda Türkmenistanyň AHHG-nyň hukuk we guramaçylyk düzümini kämilleşdirmek boýunça tagalla etjekdigi barada nygtalýar. Bu ugurda degişli işler dowam etdirilýär. Şundan ugur alnyp, birnäçe teklipler beýan edildi. Milli derejedäki ekologiýa hyzmatdaşlygy babatda Türkmenistanyň Halkara suw akarlarynyň gämi gatnawsyz görnüşlerini peýdalanmagyň hukugy hakynda Konwensiýa goşulmagy baradaky meselä seretmegiň maksadalaýykdygy aýdyldy. Bu resminama degişli ulgamda hukuk düzgünlerini kesgitleýär. Bu meseläni şu ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetinde geçiriljek pudagara mejlisiň gün tertibine goşmak teklip edilýär.
Milli derejede halkara ekologiýa işlerini dowam etdirmek hem-de ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýaşlaryny halkara ekologiýa hyzmatdaşlygyna işjeň çekmek göz öňünde tutulýar. Bu işleriň çäklerinde abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG-niň degişli edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň ýaşlarynyň howanyň üýtgemegi boýunça başlangyçlarynyň 2025-nji ýyl üçin “Ýol kartasy” işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu resminamany tassyklamak üçin Hökümet derejesine çykarmak teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy gazanmak boýunça halkara derejede öňde goýlan wezipeleri berjaý etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça taýýarlanan teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Sanly çözgüt — 2025” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen guralýan bu bäsleşigi emeli aň, robototehnika we awtomatizasiýa, “akylly” oba hojalyk tehnologiýalary, “akylly” şäher, bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk hem-de hyzmatlar ulgamy ýaly ugurlar boýunça geçirmek meýilleşdirilýär. Bäsleşikde hödürleniljek taslamalar milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna sanly çözgütleri we täze işläp taýýarlamalary ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, her ýyl geçirilýän innowasion taslamalaryň bäsleşigine programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlaryň giňden gatnaşmagynyň bu ugurdaky özgertmeleriň rowaçlanýandygyny görkezýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz «Sanly çözgüt — 2025» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan etmek baradaky teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.