Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.
Hormatly Prezidentimiz goňşy ýurduň Baştutanyny mähirli mübärekläp, ýurdumyzda geçirilýän halkara foruma gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edip, paýtagtymyza gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Nygtalyşy ýaly, bu ýokary wekilçilikli forumyň işine Gazagystan Respublikasynyň ýokary döwlet derejesinde gatnaşmagy gazak tarapynyň Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny goldaýandygynyň we ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändiginiň güwäsidir.
Dostlukly ýurduň Lideri bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, bu forumyň doganlyk Türkmenistanda geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Gazagystan Respublikasyna ygtybarly strategik hyzmatdaş hökmünde garaýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we netijeli dialog ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Iki goňşy döwlet ikitaraplaýyn görnüşde, halkara düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýärler. Ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklar halkara giňişlikdäki netijeli işleriň beýanydyr. Döwlet Baştutanymyz ýakynda Gazagystan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, «Altyn Kyran» ordeni bilen sylaglanandygy üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Bu sapar ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň aýdyň nyşany boldy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew iki ýurduň hem hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
