Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
01.03.2024

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ilkinji iki aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak, gidrometeorologiýa işi hakynda kanunlaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle hem Maşgala we Raýat iş ýörediş kodekslerine täze kadalary girizmek işleri dowam etdirildi. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk işini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga degişli kanunlaryň taslamalary taýýarlanylýar.

Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi ýurdumyzyň syýasy durmuşynda möhüm waka boldy. “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda işlenip taýýarlanylan hem-de tassyklanan Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy deputatlaryň alyp barýan kanun çykaryjylyk hem-de wagyz işlerinde möhüm gollanma bolup hyzmat eder.

Şeýle-de daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde amala aşyrylýan işler barada maglumat berildi. Şunuň bilen baglylykda, geçen döwürde duşuşyklaryň 6-synyň geçirilendigi aýdyldy. Şunuň bilen bir hatarda, deputatlar ýurdumyzyň degişli edaralary tarapyndan abraýly halkara düzümler bilen bilelikde kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meseleleri boýunça guralan okuw maslahatlarynyň 18-sine gatnaşdylar. Öňdebaryjy tejribäni öwrenmek maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 5-si amala aşyryldy, şol sanda Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň Tokio şäherinde iş saparynda boldy. Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň “Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny” atly birinji duşuşygy utgaşykly görnüşde geçirildi. Şeýle hem Mejlisiň deputatlarynyň kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, wagyz etmek, döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny, kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek bilen bagly geçirilýän çärelere gatnaşýandyklary habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow berkarar Watanymyzy maksatnamalar esasynda depginli ösdürmegiň, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmagyň kabul edilýän kämil kanunlara baglydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine üns çekildi.