Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
29.03.2024

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek, hususan-da, hereket edýän kanunçylyk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek hem-de täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen birlikde, Mejlisiň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.

Maslahatyň barşynda “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda”, “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda”, “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Ýer hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Weterinariýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garamak göz öňünde tutulýar.

Şeýle-de daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada maglumat berildi. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisde Panama Respublikasy we Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň kabul edilendigi habar berildi. Deputatlaryň ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, amala aşyrylýan özgertmeleri wagyz-nesihat etmek we kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça degişli işleri alyp barýandyklary aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkara tejribeden ugur alyp, ýurdumyzyň kanunçylygynyň döwrebap we kämil bolmagy üçin netijeli işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.