Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi we şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 9-sy, Mejlisiň kararlarynyň 8-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda”, şeýle hem energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak, gidrometeorologiýa işi, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak bilen baglanyşykly Kanunlar bar. Şunuň bilen birlikde, hukuk namalarynyň birnäçesi kämilleşdirildi. Häzirki wagtda iş toparlarynda dürli ulgamlarda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmäge gönükdirilen kanunlaryň taslamalary taýýarlanylýar.
Halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, ýylyň başyndan bäri 11 duşuşyk geçirildi, şol sanda daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň 4-si kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, milli parlamentiň deputatlarynyň we hünärmenleriniň kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň 25-sine gatnaşandyklary barada habar berildi. Mejlisiň wekilleri daşary ýurtlara iş saparlarynyň 7-sini amala aşyrdylar. Şu döwürde Mejlisde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň “Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny” atly birinji duşuşygy geçirildi. Deputatlar döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýetini, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri wagyz etmek boýunça geçirilen dürli çärelere gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletimiziň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Hasabat döwründe käbir kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we kanunçylygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady.