Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda iş toparlary tarapyndan Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak hem-de “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Tohumçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça işler alnyp barylýar.
Daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin amala aşyrylýan çäreler barada hem aýdyldy. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Sloweniýa Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti hem-de bu düzümiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine, parlamentara dostluk toparlarynyň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň barşynda Mejlisiň deputatlarynyň öz kärdeşleri bilen iki dostlukly döwletiň parlamentleriniň ugurdaş komitetleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşandyklary, Türkmen-täjik parlamentara dostluk toparynyň ugry boýunça kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek babatda tejribe alşandyklary bellenildi. Mejlisiň deputatlary durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasatyň esasy ugurlaryny, kabul edilýän hukuk namalarynyň maksatlaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini halk köpçüligine düşündirmek boýunça çärelere gatnaşýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi.