Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Degişli resminamalary we ýazgylary arkaly öndürilýän önümleriň niýetlenilişine we hiline baha bermek bolýar. Betonlaryň esasy häsiýetleri hökmünde gysylma we egrelmä çydamlylygy göz öňünde tutulýar. TDS standartlarynda olaryň hil häsiýetnamalaryny synpy ýa-da marka berkligi boýunça iki görnüşiň haýsy hem bolsa birinde aňlatmaga rugsat berilýär. Şol sebäpli ýaş hünärmenler üçin olary tapawutlandyrmakda käbir kynçylyklaryň ýüze çykmagy mümkin.
Bu aňlatmalaryň aýratynlyklarynyň üstünde durup geçeliň:
1. TDS boýunça betonlaryň hiliniň esasy görkezijisi 15 sm gapyrgasy bolan nusga kublaryň bir okda gysylmagyndaky berklik çäginiň B synplar boýunça bölünmegi ýa-da 15x30 sm ölçegdäki silindr nusganyň gysylmaga berklik çägine baglylykda, C synplar boýunça bölünmegi boýunça kesgitlenilýär. Bu iki synpyň görkezijileri standart boýunça kepillik üpjünçiligi bilen kabul edilýär. Beton kublarynyň gysylmaga berkligi boýunça 19 synpy kesgitlemek bolýar we MPa-da aňladylýar (B1-den B60-a, C0,8-den C55-e çenli).
2. Betonyň markasy gysylmaga berkliginiň ortaça görkezijileri boýunça kadalaşdyrylýar: M50, 75, 100, 150, 200, 250, 300, 350, 400, 500, 600, 700 we 800. Betonlaryň markalary kg/sm2 aňladylýar: 15-den (öýjükli betonlarda) 600-e (agyr betonlarda) çenli, käte ondan hem ýokary bolup bilýär.
Betonyň diňe berkligi däl, doňaklyga durnuklylygy we suw geçirmeýjiligi boýunça hem markalary kesgitlenilýär.
Betonyň doňaklyga durnuklylygy boýunça markalary: F50, 75, 100, 150, 200, 300, 400, 500. Markada görkezilen siklleriň sany boýunça -15 — -20°С we +15 — +20°С temperaturalarda berkligini 15%-den köp peselden betonlar markasyna gabat gelmedi diýlip hasaplanylýar. Betonyň suw geçirmezlik häsiýeti boýunça markalary: W2, W4, W6, W8, W10, W12.
Betonyň suw geçirmezligi, galyňlygy 15 sm bolan silindr görnüşli nusga 2∙105-den 12∙105 Pa aralykdaky gidrostatiki basyş bilen täsir edilip barlanylýar.
Niýetlenilişi boýunça betonlar konstruksion, gidrotehniki, ýol betonlary, ýörite betonlar we ş.m. görnüşlere bölünýärler.
Gurluşyk gipsinden kadaly goýulykdaky gel almak üçin agramyna görä 50 — 70%, önümçilik şertlerinde oňaýly ýerlemek üçin 60 — 80% suw talap edilýär. Gataýan wagty boýunça çalt gataýan gips (başlanmagy 2 min, soňy 15 minuda çenli), kadaly gataýan gips (başlanmagy 6 min, soňy 30 minuda çenli) we haýal gataýan gips (başlanmagy 20 min, soňy kesgitlenmedik) tapawutlandyrylýar.
Nusgalar taýýarlanylandan 1,5 sagatdan soň, berklik çägi 12 marka boýunça bölünýär: G-2, G-3, G-4, G-5, G-6, G-7, G-10, G-13, G-16, G-19, G-22, G-25 (sanlar MPa-da aşaky çägi aňladýar) çenli.
Nusgalaryň egrelmä garşylyk boýunça çägi üç sany nusgadan iki sany ýokary netijäniň orta arifmetiki bahasy arkaly alynýar.
Nusgalaryň gysylma çydamlylyk çägi aşakdaky formula boýunça hasaplanylýar:
Rg= F/A (MPa),
bu ýerde F — weýran ediji güýç;
A — plastina bilen nusganyň degişýän üstüniň meýdany.
Nusgalaryň gysylma çydamlylyk boýunça çägi alty sany nusgadan dört sany ýokary netijäniň orta arifmetiki bahasy arkaly alynýar.
Kadalaşdyryjy resminamalar standartlaşdyrmak ulgamynyň işgärleri üçin esasy gollanmadyr. Şoňa görä-de degişli hünärmenler üçin standartlary içgin öwrenmek we olara dogry düşünmek möhüm talapdyr.
Döwranguly MÄMMEDOW, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty