Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy iki gezek ykrar edilen ýurdumyz dünýä döwletleri bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça we dostlukly döwletleriň awtordaş bolmagynda hem-de goldamagynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan energiýa serişdeleriniň we ulag üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegini, parahatçylygy we howpsuzlygy, özara ynanyşmagy gazanmakda dialogyň hem-de bitaraplyk ýörelgeleriniň ähmiýeti bilen baglanyşykly kararnamalar kabul edildi.
Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna hormat goýmak esasynda halkara parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde köptaraplaýyn diplomatiýany ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Şu işleriň çäklerinde ýurdumyz halkara kadalaryna hormat goýulmagyny üpjün etmekde we özara ylalaşyklary durmuşa geçirmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde dünýä döwletleriniň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ilerletmekde täzeçe iş usullary we başlangyçlary öňe sürýär.
2023-nji ýylyň dekabrynda paýtagtymyz Aşgabatda Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejeli duşuşygy gibrid görnüşinde geçirildi. Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň wekilleri, şeýle hem halkara we sebitleýin guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdy.
Türkmenistanyň Mejlisi ýurdumyzyň ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamak hem-de halkara derejesinde ilerletmek bilen baglylykda degişli işleri alyp barýar. Türkmenistanyň Mejlisi 2021-nji ýylyň aprelinde dünýä döwletleriniň parlament ýolbaşçylarynyň maslahatyny geçirdi. Oňa 15 ýurtdan 17 parlament ýolbaşçysy gatnaşdy. 2022-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna başlyklyk etmegiň çäklerinde halkara guramalar bilen bilelikde dürli temalarda 20-ä golaý çäräni we maslahaty gurady 2022 nji ýylyň maýynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň parlament forumy üstünlikli geçirildi. 2023-nji ýylyň maýynda Türkmenistanyň Mejlisi Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde bu gurama agza parlamentleriň ilkinji maslahatyny geçirdi.
2020-nji ýylyň sentýabrynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary döredildi. Bu topar BMG-ä agza döwletlere sebit we ählumumy derejede hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça oňyn pikir alyşmak üçin mümkinçilik döredýär. Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň 20-den gowrak agzasy bu topara goşuldy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň halkara çäreleriniň iş meýilnamasyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda Aşgabat şäherinde utgaşykly görnüşde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň Parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygy «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly temada geçirildi.
Maslahatda Mejlisiň Başlygy çykyş edip: «Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Garaşsyz Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen açyk, yzygiderli, netijeli gatnaşyklarynyň şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz 2021-nji ýylda «Dialog–parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjy öňe sürdi. Bu başlangyç dünýä bileleşigi tarapyndan goldanyp, BMG-niň Kararnamasy bilen berkidildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalary we halkara hukugyň umumy ykrar edilen düzgünleri esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamagy teklip etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk zolaklarda Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Bu başlangyçlar Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar diýip pikir edýäris» diýip belledi.
Bu duşuşykda parlamentleriň ýolbaşçylary çykyş edip, Bitaraplygyň dostlary toparynyň parlament meýdançasynyň hereket edip başlamagynyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmegiň bähbidine Bitaraplyk ýörelgelerini peýdalanmagyň netijeli parlament çemeleşmelerini işläp taýýarlamaga mümkinçilikleri artdyrýandygyny nygtadylar.
Dünýäniň dürli sebitlerinde milli parlamentlere we parlament bileleşiklerine hem-de halkara guramalara ýolbaşçylyk edýän, halkara meselelerinde we parlament işinde uly tejribesi bolan wekilleriň pikirleri we teklipleri bilen tanyşmak oňa gatnaşyjylar üçin örän ähmiýetli we gyzykly boldy.
Duşuşygyň ahyrynda onuň Jemleýji resminamasy kabul edildi. Resminamada we çykyşlarda bu duşuşygyň parahatçylygy we dialogy berkitmekde, parlament hyzmatdaşlygyny ilerletmekde möhüm orny bellenildi. Şeýle görnüşdäki maslahatlaryň yzygiderli häsiýetde geçirilmegi maksadalaýyk diýlip hasap edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylygy we dialogy berkitmek işindäki tagallalary we goşantlary aýratyn nygtaldy.
Merdan TUWAKOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.