Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Döwletiň ösüşini, halkyň abadan durmuşyny üpjün etmekde elektrik energiýasyna wajyp orun degişli. Şoňa görä-de, milli ykdysadyýetiň möhüm ugry bolan energetika pudagy depginli ösdürilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda jemi kuwwaty 7000 megawata deň 12 sany elektrik bekedi hereket edýär. Halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça işler güýçli depginde alnyp barylýar. Şunda 2021-nji ýylda Ahal-Balkan, 2023-nji ýylda Mary-Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijileriniň birikdirilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy. Häzirki wagtda Balkan — Daşoguz ugry boýunça geçirijiniň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýle iri taslamalaryň amala aşyrylmagy içerki elektrik üpjünçiligini ýokarlandyrmakda, türkmen elektrik energiýasyny dünýä bazarlaryna çykarmakda giň mümkinçilikleri açýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitaby pudagyň geçmişinden, şu gününden we geljeginden söz açmak bilen, onda şeýle bellenilýär: «Energetika pudagynyň ösüşi ylmy esaslara, berk hukuk binýadyna, takyk işlenip düzülen maksatnamalara daýanýar. Ýurdumyzda «Energiýany tygşytlamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 —2025nji ýyllar üçin Maksatnamasy», «Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Milli strategiýasy», «Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi».
Täze taryhy döwürde döwlet energetika syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, bu ugurda alnyp barylýan işleriň kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisinde «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Kanunyň taslamasy işlenip taýýarlanylyp, nobatdaky, 5-nji maslahatda kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň gol çekmegi bilen, täze Kanun herekete girizildi. «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny 8 bapdan, 44 maddadan ybarat bolup, ol energiýanyň tygşytlanylmagyny höweslendirmegiň hem-de energiýadan peýdalanylmagynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýär. Kanunda ulanylýan esasy düşünjelere düşündirişler berildi hem-de bu ugurda döwlet syýasatyny amala aşyrmagyň döwrebap ýörelgeleri we kadalary kesgitlenildi. Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanmak bilen, ol şu Kanundan hem-de gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
Kanunda Energiýany tygşytlamak we ondan netijeli peýdalanmak babatyndaky gatnaşyklaryň subýektleri we obýektleri, ýangyç energiýa serişdelerini sarp edijileriň hukuklary we borçlary kesgitlenildi.
Hukuk resminamasynda döwlet tarapyndan şu ýörelgeler bellenilýär: ýagny energiýany tygşytlamak babatdaky çäreleri ylmy tehniki we ykdysady taýdan esaslandyrmak, dolandyryşyň we gözegçiligiň ulgamlaýynlygy, energiýadan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrýan enjamlaryň, tehnologiýalaryň we materiallaryň ornaşdyrylmagyny ileri tutmak, ýangyç energiýa serişdeleriniň öndürilmegi we sarp edilmegi babatda deňagramlaşdyrylan baha syýasatyny we nyrh emele getirişi alyp barmak. Kanunda döwlet maksatnamasyny, gysga we uzak möhletleýin maksatnamalary taýýarlamak, olaryň aýratynlyklary, garaşylýan netijeleri, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, maksatnamalary ýerine ýetirijileriň öz serişdeleriniň, bank karzlarynyň, kanunçylykda gadagan edilmedik gaýry serişdeleriň energiýany tygşytlamagyň we ondan netijeli peýdalanmagyň maksatnamalaryny maliýeleşdirmegiň çeşmeleri bolup durýandygy bilen bagly kadalar beýan edildi. Şeýle hem energetiki barlag we energoaudit, bu barlagyň görnüşleri we wezipeleri, energoauditor edaralarynyň hukuklary we borçlary, barlagyň geçirilmegi üçin şertnama baglaşmak, seljermek, umuman, barlag geçirmegiň hukuk esaslary anyk beýan edildi.
Ähli ugurlarda bolşy ýaly, energiýany tygşytlamak, ondan netijeli peýdalanmak babatynda döwlet goldawlarynyň berlişi Kanunda göz öňüne tutulyp, bu babatda netijeliligi ýokarlandyrmagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslary öz beýanyny tapdy. Kanunda energiýany tygşytlamak hem-de energiýadan netijeli peýdalanmak babatynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, energiýa taýdan netijeli tehnologiýalary ulanmak we energetiki menejmenti amala aşyrmak babatynda hünärmenleriň taýýarlanylmagy, olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy baradaky kadalara hem orun berildi. Bu ugurda döwlet goldawynyň ugurlary, energiýanyň tygşytlanylmagyny we ondan netijeli peýdalanylmagyny höweslendirmegiň çäreleri, döwlet maglumat üpjünçiligi, bu ugurda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde maksatnamalaryň çap edilmegi, ilatyň habarlylygynyň gazanylmagy, wagyz edilmegi bilen bagly kadalar Kanunyň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Kanunda bellenilişi ýaly, energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatynda halkara hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň kanunçylygyna, halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine hem-de kadalaryna, döwletimiziň halkara şertnamalarynyň düzgünlerine laýyklykda amala aşyrylýar.
Kanun dürli maksatly binalardyr desgalar gurlanda, gurluşyklaryň tehnologiýasyny kämilleşdirmäge, gurluşykda ekologiýa taýdan arassa, ýylylygy we sowuklygy geçirmeýän gurluşyk materiallaryny öndürmäge hem-de ulanmaga, olarda energiýany tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga, «ýaşyl» energetikanyň talaplaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilik bermek bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk binýadyny düzýär.
Täze hukuk resminamasy diňe bir ulgamyň däl, eýsem, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda energiýa serişdeleriniň tygşytlanylmagyny we netijeli peýdalanylmagyny hem üpjün eder. Türkmenistanyň energiýany daşary ýurtlara eksport edýän, bu ugurda ägirt uly mümkinçiliklere eýe ýurt hökmünde dünýädäki ornuny has-da pugtalandyrmakda täze Kanunyň möhüm ornunyň boljakdygyna berk ynanýarys.
Bahar SEÝIDOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet
we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.