Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ata Watanymyzda durnukly ösüşi üpjün etmekde döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan ekologiýa syýasaty babatynda alnyp barylýan işler, syýasy, ykdysady, ýaşaýyş-durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeler ekologiýa meseleleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şeýle ajaýyp işler diňe bir türkmen halkynyň bähbidine dälde, eýsem, bütin adamzadyň bagtyýar geljeginiň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Ýurdumyz tebigaty goramak boýunça toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebitde we dünýäde ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine, howanyň üýtgemegi ýaly häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine öz saldamly goşandyny goşýar. Türkmenistan bu ugurda dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolan başlangyçlary öňe sürüp, öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny görkezýär.
Türkmenistan BMG-niň tebigaty goramak boýunça birnäçe Konwensiýalaryna goşulyp, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, ozon gatlagyny goramak, biodürlüligi gorap saklamak, ýer suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak, tokaý baýlyklaryny dolandyrmak we tokaý hojalygyny ösdürmek boýunça bilelikdäki birnäçe taslamalary durmuşa geçirýär.
Türkmen jemgyýetinde irki döwürlerde hem suw çeşmelerini arassa saklamak, tygşytly peýdalanmak kadalaryny berk berjaý etmek örän wajyp hasaplanylypdyr. Tebigy gurşawa aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini gorap saklamak, tygşytly we netijeli peýdalanmak häzirki döwürde möhüm ähmiýete eýedir. Durnukly ösüş we daşky gurşawyň goragy ýurdumyzyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Suw ülkämiziň iň gymmatly baýlyklarynyň biridir.
Ýurdumyzda suw baýlyklaryny goramak, bar bolan derýalary, suw howdanlaryny, beýleki çeşmeleri ulanmak, howanyň üýtgemeginiň täsirini hasaba almak bilen, ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, yzygiderli ekin dolanyşygyny geçirmek, suw ulgamlaryny we desgalaryny gurmak hem-de ulanmak boýunça maksatnamalaýyn işler geçirilýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ýurdumyzda suw serişdeleriniň ähmiýetiniň ýokarlanmagyna, suwy hapalanmakdan, zibillenmekden we egsilmekden goramagy üpjün etmäge, suwuň ýaramaz täsiriniň öňüni almaga hem-de aýyrmaga, suw obýektleriniň ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň alnyp barylmagy göz öňünde tutulan.
Hormatly Prezidentimiziň: «Biz suw meselesi boýunça halkara hyzmatdaşlyk milli derejede iş alyp barmagyň degişli kadalaryna berk esaslanmalydyr diýen ýörelgeden ugur alýarys» diýip belleýşi ýaly, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerine aýawly çemeleşmek ýaly meseleler halkara derejede bir pikire gelinmegini hem-de umumy dünýägaraýyşlar ulgamynda döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýär. Ýurdumyzda ilat sanynyň artmagy, hususy önümçiligiň köpelmegi hem-de täze ekerançylyk meýdanlarynyň özleşdirilmegi, suw serişdeleriniň zerurlygyna bolan talaby ýokarlandyrýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda suw serişdelerini tygşytly we rejeli peýdalanmagyň we hapalamakdan goramagyň ylmy taýdan esaslandyrylan has netijeli usullaryny işläp taýýarlamak we bu ugurda milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek babatda hem yzygiderli işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 14-nji maddasynda «Ýer we ýerasty baýlyklar, suwlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklar Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýar, döwlet tarapyndan goralýar we rejeli peýdalanylmaga degişlidir» diýlip berkidilen. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamakda, aýawly we rejeli peýdalanmakda suw serişdelerini tygşytlamakda durmuşa geçirilýän işleriň hukuk-ykdysady binýadyny pugtalandyrmak Konstitusiýamyzdan gözbaş alýan birnäçe kanunçylyk namalarymyzda öz beýanyny tapýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda «Ýer hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanuny, Türkmenistanyň Suw we Tokaý kodeksleri, «Tebigaty goramak hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda» «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Galyndylar hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda», «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we daşky gurşaw bilen bagly beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary hereket edýär. Elbetde, şeýle kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi, ýurdumyzda ekologiýa abadançylygy we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ugrunda alnyp barylýan işleriň hukuk taýdan berkidilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Bu kanunçylyk namalarynyň hatarynda 2016-njy ýylda kabul edilen Türkmenistanyň Suw Kodeksini aýratyn bellemek bolar. Kodeks suw serişdeleriniň ähmiýetini ýokarlandyrmaga, suwdan rejeli peýdalanmaga, suwlary hapalanmakdan, zibillenmekden we egsilmekden goramagy üpjün etmäge, suwlaryň ýaramaz täsiriniň öňüni almaga we ýok etmäge, suw obýektleriniň ýagdaýyny dikeltmäge we gowulandyrmaga gönükdirilen kadalary öz içine alýar.
Mundan başgada, 2010-njy ýylda «Agyz suwy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi Türkmenistanda suw gatnaşyklaryny düzgünleşdirmekde, suw serişdelerinden rejeli we netijeli peýdalanmaga gönükdirilen çäreleri yzygiderli geçirmekde, ilatymyzy arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmekde, suwaryş we beýleki maksatlaryny üpjün etmek üçin agyz suwuny harçlamagyň bellenilen kadalarynyň talaplaryny berjaý etmekde hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmakda möhüm ädimleriň biri boldy.
Umuman, ýurdumyzda tebigy baýlygymyz bolan suwdan durnukly hem-de rejeli peýdalanmak babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegi suw serişdeleriniň ähmiýetini ýokarlandyrmaga, suwlary hapalanmakdan we egsilmekden goramaga gönükdirilendir.
Baýramgözel MYRADOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we
agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy