Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri dost-doganlyk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgelerimizi naýbaşy orunda goýup, ýurdumyzy ähli ugurlarda gülläp ösýän döwlete öwürmek babatdaky giň gerimli özgertmeleriň rowaçlyklara beslenmeginde döredijilikli zähmetiň nusgasyny görkezýän agzybir halkymyzyň beýik maksatlarynyň myradyna gowuşýan zamanasydyr. Şöhratly taryhymyzyň altyn sahypalaryny artdyrýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän beýik işler, nurana geljegimizi nazarlaýan iri möçberli taslamalar muňa buýsançly subutnamalardyr. Dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýän şeýle döwletli işler ýurdumyzyň bedew batly okgunly ösüşleriniň, ynsanperwer döwlet syýasatynyň rowana ak ýollary baky hemra edinenliginiň aýdyň güwäsidir. Şol bir wagtda, munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň berkarar eden döwletlilik ýol-ýörelgesini üstünliklere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyzyň anyk mümkinçiliklere esaslanýan ägirt uly taslamalaryň dowamly amala aşyrylýan ajaýyp mekanyna öwrülendigini hem aýdyň görkezýär. Munuň anyk mysallary bolsa durmuşa geçirilen beýik işlerde aýdyň görmek bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň noýabr aýynyň ilkinji günlerinde Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň barşynda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde täze, döwrebap elektrik stansiýasynyň, Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbi tutulyp, Mary-Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasy ulanmaga berildi. Elbetde, bu pursatlar sebitiň ilatynyň durmuşynda taryhy wakalar bolupdy. Sebäbi iri möçberli taslamalar bu künjegiň nurana geljeginiň, durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläkde okgunly ösüşiniň kepilidir. 4 sany gaz hem-de 2 sany bug turbinalaryny özünde jemleýän elektrik stansiýasynyň öndürijilik kuwwaty 1574 megawata deň bolup, ol ýurdumyzda şeýle kuwwatly elektrik stansiýasynyň ikinjisidir. Desga ökde hünärli işgärleriň 150-den gowragyny hemişelik iş orunlary bilen üpjün eder. Diýmek, bu iri möçberli taslama ilatyň bagtyýar ýaşaýyş-durmuşydyr, ojaklaryň abadançylygydyr, egsilmez rysgal berekedidir.
Guwlymaýak şäherçesinde gurluşygyna badalga berlen ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumy hem şeýle mizemez hakykatyň subutnamalarydyr. Üç ýylyň dowamynda amala aşyryljak bu taslamanyň çäklerinde şäherçede 4 gatly 6 sany 32 öýli,4 sany 40 öýli hem-de 2 sany 60 öýli ýaşaýyş jaýlary gurlar. Şeýle-de bu ýerde 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň, 120 orunlyk çagalar bagynyň, söwda we dynç alyş merkeziniň raýatlaryň hyzmatyna beriljekdigi halkymyzyň bagtyýarlykda ýaşamagy, halal zähmet çekmegi babatda döwletimiz tarapyndan edilýän aladalaryň kepilidir.
Ulanylmaga beriljek desgalaryň hatarynda mynasyp orny eýeleýän Jebel şäherçesindäki Halkara howa menzili ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň abadan durmuşyna gönükdirilen iri möçberli taslamalaryň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen gurluşygyna girişilen howa menzili sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge ukyply bolmak bilen, kämil aeronawigasiýa düzümleri we tehnologiýalar bilen üpjün ediler. Döredilýän şeýle mümkinçilikler hem-de menzilde dikuçarlaryň dördüsi, uçarlaryň bolsa altysy üçin duralgalaryň göz öňünde tutulmagy halkara derejeli bu howa menzilinde dürli görnüşli howa gämilerini kabul etmäge şertleri döreder. Şunda hyzmatlaryň ýokary hil derejesiniň baş orunda durýandygyny aýratyn nygtamak gerek. Munuň özi Halkara howa menzilinde ýolagçylary gatnatmakda hem-de ýükleri daşamakda ýerli we daşary ýurt gatnawlaryna halkara hil ülňülerine laýyk hyzmat etmäge mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen ulanyşa tabşyrylan Balkan—Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi ykdysadyýetimiziň bu pudagynyň durmuşynda şanly waka hem-de ýurdumyzda halkalaýyn elektroulgamy döretmegiň tamamlaýjy tapgyry boldy. Onuň çäklerinde her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan «Balkan» we «Daşoguz» elektrik beketleri hem guruldy.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerinden gözbaş alýan bu taryhy taslamanyň baş maksady içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmegiň ygtybarlylygyny has-da berkitmekden ybaratdyr. Çünki sebitleriň energoulgamlarynyň bitewi energetika halkasyna birikdirilmegi ýurdumyzyň islendik künjeginde elektrik energiýasy bilen baglylykda ýüze çykmagy mümkin bolan bökdençlikleri dessine düzetmäge şertleri üpjün edýär. Halkalaýyn energoulgamyň döredilmeginiň eziz Diýarymyzyň islendik künjeginden elektrik energiýasyny daşarky bazarlara çykarmak mümkinçiligini elýeterli edendigini hem aýratyn nygtamak gerek.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda amala aşyrylýan döwletli işler ykdysadyýetimiziň ägirt uly kuwwatyndan habar berýär. Kuwwatly ykdysadyýet ýurdumyzyň nurana geljegidir, halkymyzyň eşretli durmuşydyr. Eziz Watanymyzyň okgunly ösüşi, halkymyzyň bagtyýarlygy bolsa Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy özgertmeleriniň aýdyň beýanydyr.
Guwanç ÇENDIROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň
başlygy, Mejlisiň deputaty