Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
06.02.2025

BELENT YNAMA YGRARLYLYGYŇ MIWESI

 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da me­de­ni-yn­san­per­wer ul­ga­myň döw­re­bap ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn ähmiýet be­ril­ýär. Bu ugur­da hal­ka­ra de­re­je­de ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­re Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar hem my­na­syp go­şant goş­ýar­lar. Ýaňy-ýa­kyn­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň Mo­na­ko Knýazlygy­na sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ran gün­le­rin­de ýur­dumy­zyň «Galkynyş» mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň Mon­te-Kar­lo­da geçiri­len 47-nji hal­kara sirk sun­ga­ty fes­ti­wa­lyn­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, Al­tyn baý­ra­ga we beý­le­ki ýö­ri­te baýrak­la­ra my­na­syp bol­ma­gy-da mu­nuň şeý­le­di­gi­niň aý­dyň gü­wä­si­dir.

 Ýaşlykda üstünliklere, ýeňişlere synmaz ynam, röwşen geljege hyjuw, egsilmez gujur bar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallalary bilen 2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary hem, esasan, ýaşlardan ybarat. Bu topar geçen ýyllaryň dowamynda halkara derejede gazanýan uly üstünlikleri bilen şöhratlanyp, Döwlet baýdagymyzy belentde parladyp gelýär. Munuň özi ýaşlarymyzyň Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň belent ynamyna ygrarlylygynyň, ata Watanymyza egsilmez söýgüsiniň nyşanydyr. 

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda gazanan ýeňşiniň şanyna 1-nji fewralda Arkadag şäherinde geçirilen dabaralar ýurdumyzyň medeni durmuşynda ajaýyp wakalaryň biri boldy. Onuň çäklerinde bu topara hormatly Prezidentimiziň adyndan 3 million manat, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan 17 müň ýewro möçberinde pul baýraklarynyň gowşurylmagy, toparyň ýolbaşçysyna bolsa «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly adyň dakylmagy halkara giňişlikde ýurdumyzyň abraýyny belende göteren ýaş watandaşlarymyzyň zähmetine belent sarpa goýulýandygynyň, olaryň bitiren hyzmatyna ýokary baha berilýändiginiň aýdyň güwäsidir. «Galkynyş» toparynyň agzalaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezine 10 günlük dynç alyş ýollanmasynyň, döwrebap tehnologik enjamlar we sport egin-eşikler toplumlarynyň, türkmen halysynyň gowşurylmagy-da olaryň gazanan halkara üstünligine mynasyp serpaýdyr. Bu sylag-serpaýlar «Galkynyş» toparynyň agzalaryny täze üstünliklere ruhlandyrýar. Olaryň şeýle şanly ýeňişleri ähli ýaşlarymyz üçin göreldedir. Çünki Monte-Karloda geçirilmegi däbe öwrülen abraýly halkara festiwalda üstünlik gazanmak örän uly yhlasy, irginsiz zähmeti, dünýäniň sirk sungatynyň ussatlaryny haýran galdyryp biljek ukyp-başarnygy talap edýär. 

Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda esaslandyrylan festiwal dünýäniň sirk sungatynyň iň abraýly çäreleriniň biri bolup durýar. Her ýyl Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilýän bu festiwalyň esasy maksady sirk sungatynyň meşhurlygyny artdyrmakdan, onuň däplerini dowam etdirmekden, tutuş dünýäde bu ugurdan täze zehinleri ýüze çykarmakdan ybarat. Ýokary halkara abraýdan peýdalanýan bu festiwalda milli toparymyzyň çykyş edip, onda-da iň ýokary üstünligi gazanmagynda, ilkinji nobatda, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary uly orna eýedir. Hut Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda sirk sungatynyň täzeden dikeldilendigini, 2010-njy ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň gaýtadan, döwrebap röwüşde işläp başlandygyny aýratyn bellemek gerek. Munuň özi häzirki zaman türkmen sirk sungatyny ösdürmegiň ýolunda möhüm tapgyr boldy. 

Gazanan täze halkara üstünlikleri mynasybetli hormatly Prezidentimiziň toparyň agzalaryna iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda sirk sungaty yzygiderli ösdürilýär. Onuň döwrebap derejede kämilleşdirilmegi üçin hukuk binýady berkidilýär. «Sirk we sirk sungaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem ýurdumyzda milli sirk sungatynyň işiniň ösüşini goldamaga gönükdirilendir. Milli sirk sungatymyz döwlet Baştutanymyzyň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde, soňky ýyllarda hakyky galkynyşy başdan geçirýär we halkara derejede giňden ykrar edilýär. Türkmen toparynyň şeýle abraýly halkara festiwala çagyrylmagy-da munuň aýdyň güwäsidir. 

«Galkynyş» toparynyň agzalarynyň at üstünde ýerine ýetirýän akrobatika we gimnastika tilsimleri, bedewlere ussatlyk bilen erk etmek, at çapmak sungatynyň ýokary derejesini görkezýän çykyşlary milli at üstündäki oýunlar toparymyzyň özboluşly aýratynlygydyr. Bu topar dünýäniň köp ýurtlarynda türkmen sirk sungatynyň özboluşly kämilligini görkezýär. 

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň diňe bir sirk sungaty boýunça çykyş etmek bilen çäklenmän, eýsem, halkymyzyň baý mirasyny-da wagyz edýändigini bellemek ýakymly. Şunda türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan meşhur ahalteke bedewlerine aýratyn orun degişli. Olaryň äleme ýaň salýan şan-şöhraty türkmen ýaşlarynyň halkara ýaryşlarda, sirk festiwallarynda gazanýan ajaýyp ýeňişleri bilen has-da artýar. 

Behişdi bedewlerimiz dabaralaryň, toý-baýramlaryň bezegi bolup, çapyp barýan atyň üstünde çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetirýän türkmen jigitleriniň çalasynlygy, ýyndam ahalteke atlarynyň düşbüligi, täsin we akylly hereketleri görenleri haýran galdyrýar. Hut şoňa görä-de, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyz dünýäde uly meşhurlyga eýe boldy. Atşynaslaryň, halkara bilermenleriň belleýşi ýaly, türkmen milli at üstündäki oýunlary çykyşyň ilkinji pursatlarynda tomaşaçylaryň ünsüni çekmegi başarýar. Ajaýyp ahalteke bedewleri, jigitlerimiziň milli lybaslary, olaryň sazlaşykly hereketleri indi millionlarça adamyň hakydasynda we kalbynda orun aldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlaryny dikeltmek, milli medeniýetimizi, sungatymyzy dünýäde dabaralandyrmak babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň ajaýyp netijesidir. Şunda türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz egsilmezdir. 

 

Ýazpolat KERIÝEW, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky 

Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.