Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ýurdumyzda wekilçilikli edaralaryň işini has-da kämilleşdirmek, döwleti dolandyrmakda halkyň erk-islegini nazara almak, milli demokratiýany dabaralandyrmak, jemgyýetde demokratik başlangyçlary ösdürmek, raýat jemgyýeti edaralarynyň işjeňligini ýokarlandyrmak, döwletimiziň gazananlaryny we kanunçylyk esaslaryny berkitmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Bu işler ata-babalarymyzyň hoşniýetli ýörelgelerinden, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygaryndan, hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatyndan, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr» diýýän kadalaryndan ugur alýar.
Geçmişde möhüm meseleleri çözmekde pederlerimiziň belli bir ýere ýygnanyp, maslahat etmegi özboluşly däbe öwrülipdir. Oguz han atamyz öz guran döwletiniň kuwwatly hem-de ygtybarly bolmagy üçin halkyny, ogullaryny ýygnap, uly maslahatlary geçiripdir. Ol ýurduň wajyp meseleleri boýunça halk köpçüligi bilen maslahatlaşmagy berk ýola goýupdyr. Il içinde hormatlanýan kethudalary, dana-danyşmentleri bir ýere jemläp, olar bilen geňeş etmegiň, ýurdy halk bilen geňeşli dolandyrmagyň uly ähmiýete eýedigini sargyt edipdir. Pederlerimiziň asylly ýol-ýörelgesi, görüm-göreldesi bu günki gün mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi ýurdumyzda halk häkimiýetiniň işine uly ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir, milli demokratiýanyň dabaralanmagydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan Garaşsyz Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Häzir Halk Maslahaty jemgyýeti dolandyrmagyň iň kämil institutlarynyň birine, döwlet, jemgyýetçilik-syýasy gurluşy kämilleşdirmekde möhüm syýasy gurama öwrüldi. Munuň özi halkyň mynasyp wekili bolup, halka wepaly hyzmat etmegiň, onuň bähbitlerini goramagyň, goldamagyň belent nusgasydyr, milli demokratik däpleri döwrebap şertlerde giňden ulanmakdyr we ösdürmekdir. Ählihalk forumy döwürleriň hem-de nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny beýan etmek, ata-babalarymyzyň köp asyrlaryň dowamynda toplan ruhy-taryhy tejribesini özünde jemlemek bilen, onuň mejlislerinde ilatyň giň gatlaklarynyň, aýratynda, ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda wajyp durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy, medeni-ynsanperwer meselelere garalýar.
Degişli kanunçylyga laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleri ýylda azyndan bir gezek çagyrylýar. Onuň gün tertibine Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we konstitusion kanunlaryny kabul etmek, üýtgeşmelerdir goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamak we olary makullamak, döwletiň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna, ýurdy ösdürmegiň maksatnamalaryna garamak we olary makullamak, parahatçylyk, howpsuzlyk meselelerine garamak, Türkmenistanyň Kanunlarynda göz öňünde tutulan gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrmak ýaly meseleler girizilýär. Olara halkyň arasyndan saýlanan, uly hormata eýe bolan, at-abraýly adamlaryň gatnaşmagynda seredilýär. Bu demokratik ýörelge türkmen halkynyň döwleti dolandyrmak babatda toplan köpasyrlyk tejribesine owal-ahyr mahsus ýagdaýdyr.
Halkymyzyň terbiýe mekdebi müňýyllyklaryň dowamynda kemala geldi. Türkmenler hemişe ýaşuly nesle aýratyn hormat goýup, il-ýurt bähbitli işlerde olaryň baý durmuş tejribesine daýanypdyrlar we maslahatly çözgütleri kabul edipdirler. Şoňa görä-de, ýurdumyzda pähim-parasatly ýaşulularymyzyň, mährem enelerimiziň bu ugurdaky hyzmatyna ýokary baha berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi hem il sylagly ýaşulularyň iş we durmuş tejribesini halkyň bähbidi, meseleleri akylly-başly çözmek üçin peýdalanmaga gönükdirilendir.
Milli Liderimiziň başlyklygynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisleri hem örän möhüm ähmiýete eýedir. Çünki onda garalýan meseleler, kabul edilýän çözgütler, öňde goýulýan wezipeler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär. Olarda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň nobatdaky mejlislerine taýýarlyk görmek, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, mejlisiň geçiriljek senesini kesgitlemek hem-de guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklamak hakynda, halkyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny, döwletimiziň mundan beýläkki ösüşlerini üpjün etmek boýunça degişli çözgütler kabul edilýär.
Merdana ata-babalarymyzyň döwletlilik däplerine eýerilip, şu ýylyň 20-nji awgustynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi hem bu ugurda nobatdaky möhüm wakalaryň biri boldy. Onda Halk Maslahatynyň mejlisini hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny ýokary derejede geçirmek boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle-de «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hakynda» Karara laýyklykda, umumymilli forumyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň 19-njy sentýabrynda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek kesgitlenildi.
Prezidiumyň Kararyna laýyklykda, umumymilli forumyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Guramaçylyk toparyna Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk etmegi forumyň ähmiýetini, ornuny we derejesini has-da belende galdyrdy. Prezidiumyň mejlisinde Milli Liderimiziň ýurdumyzda alnyp barylýan işler, halkyň hal-ýagdaýy, öňde durýan wezipeler baradaky çykyşy, öňde durýan wezipeler barada öz gymmatly maslahatlaryny, nesihatlaryny bermegi halk hakyndaky aladanyň ýene-de bir aýdyň ýüze çykmasy boldy. Hormatly Arkadagymyzyň: «Biz döwletlilik, kanunylyk we milli demokratik kadalardan ugur alyp, döwlet ähmiýetli möhüm soraglary halk bilen maslahatlaşyp amala aşyrýarys. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi hem şol maksatlara esaslanýar» diýip bellemegi halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara bolup durýan Halk Maslahatynyň baş maksadynyň we esasy wezipesiniň döwletimizi durmuş-ykdysady, medeni taýdan ýokary derejede ösdürmekden, bu işleri netijeli dolandyrmakdan, kanunçylyk-hukuk üpjünçiliginden, häkimiýet edaralarynyň guramaçylyk esaslarynyň täze, kämil gurallaryny kemala getirmekden ybaratdygyny görkezýär.
Şu gün — 19-njy sentýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär. Mejlise taýýarlyk işleriniň çäklerinde onda serediljek meseleleriň gün tertibini kesgitlemek, oňa gatnaşjak jemgyýetçiligiň wekillerini saýlap almak hem-de olaryň forumyň işine, beýleki medeni çärelere guramaçylykly gatnaşmagyny üpjün etmek, ýaşamak, iýmitlenmek üçin zerur bolan şertleri döretmek ugrunda sazlaşykly işler üstünlikli alnyp baryldy. Ählihalk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde dürli kärdäki, hünärdäki raýatlaryň, jemgyýetçiligiň dürli ugurlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyndan gelip çykýan wezipeleri öz içine alýan wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, milli maksatnamalary mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilen il bähbitli, döwlet ähmiýetli çözgütler kabul ediler.
Täze taryhy döwürde ýurdumyzda kanun çykaryjylyk işine, onuň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşindäki ornuna uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Watanymyzda döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan täze kanunlary kabul etmek, hereket edýän hukuk namalaryny döwrüň talaplaryna, amala aşyrylýan özgertmelere laýyklykda döwrebaplaşdyrmak Türkmenistanyň Mejlisiniň esasy wezipesi bolup durýar. Çünki döwrebap kanunlar uly möçberli maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegini, demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagyny, jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklaryň berkidilmegini üpjün edýär. Şoňa görä, milli parlamentiň deputatlary hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň ähmiýeti barada ilat arasynda hemişe wagyz-nesihat çärelerini, çykyşlary we duşuşyklary giňden guraýarlar. Nobatdaky ählihalk forumynyň öňüsyrasynda hem şeýle çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy.
Milli halk häkimiýetlilik ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny, halkara abraýyny artdyrmaga, halkymyzyň parahat we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Halkymyzyň bähbitlerini nazarlaýan döwletli maslahatyň işi oň bolsun!
Gahryman ROZYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary.