Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň Gümrük kodeksi

 

TÜRKMENISTANYŇ 

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň Gümrük kodeksini tassyklamak 

we güýje girizmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 3, 61-nji madda)

 

1-nji madda. Türkmenistanyň Gümrük kodeksini tassyklamaly.

2-nji madda. Türkmenistanyň Gümrük kodeksini 2011-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizmeli.

3-nji madda. 1993-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň Gümrük kodeksini, oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen ähli soňraky kanunlary ýa-da olaryň degişli böleklerini 2011-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

4-nji madda. Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň hereketi, ol güýje girizilenden soň gümrük işi babatda ýüze çykýan gatnaşyklara degişli edilýär.

5-nji madda. Türkmenistanyň kanunlary we kadalaşdyryjy hukuk namalary mundan beýläk Türkmenistanyň Gümrük kodeksine laýyk getirilýänçä Türkmenistanyň Gümrük kodeksine garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler. 

6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti üç aý möhletde Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny Türkmenistanyň  Gümrük kodeksine laýyk getirmeli.

 

  Türkmenistanyň                                                       Gurbanguly

     Prezidenti                                                           Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2010-njy ýylyň 25-nji sentýabry.

№ 137-IV.

 

 

 

 

 

 

Türkmenistanyň

Gümrük kodeksi

 

 

Şu Kodeks Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösdürilmegine we onuň ykdysady howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam edýän gümrük işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

 

I BÖLÜM. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji bap. ESASY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Türkmenistanyň gümrük syýasaty

 

Türkmenistanda Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň düzüm bölegi bolup durýan ýeke-täk gümrük syýasaty durmuşa geçirilýär.

 

2-nji madda. Türkmenistanda gümrük işi

 

Türkmenistanda gümrük işi harytlaryň we ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi bilen baglanyşykly, gümrük taýdan resmileşdirmegiň, gümrük düzgünleriniň ulanylmagynyň, gümrük tölegleriniň töledilmeginiň, gümrük gözegçiliginiň tertibini we şertlerini kesgitleýän meseleleriň we Türkmenistanyň gümrük syýasatyny durmuşa geçirmegiň beýleki çäreleriniň gümrük taýdan düzgünleşdirilmeginiň usullarynyň we serişdeleriniň jeminden ybarat bolup durýar.

 

3-nji madda. Türkmenistanyň gümrük kanunçylygy

 

1. Türkmenistanyň gümrük kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kodeksden hem-de Türkmenistanyň gümrük işi babatdaky gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kodeksdäkiden başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

4-nji madda. Türkmenistanyň gümrük çägi we gümrük serhedi

 

1. Territorial suwlaryny we onuň üstündäki howa giňişligini hem goşmak bilen, Türkmenistanyň çägi Türkmenistanyň gümrük çägini düzýär.

2. Türkmenistanyň gümrük çägi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň ýuridik taýdan garamagynda durýan Türkmenistanyň aýratyn ykdysady zolagynda we Türkmenistanyň kontinental şelfinde ýerleşen emeli adalary, desgalary we gurluşlary hem öz içine alýar.

3. Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilýän we Türkmenistanyň gümrük çäginiň bir bölegi bolup durýan ýörite ykdysady zolaklar hem ýerleşip bilýär. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň ulanylmagynyň maksatlary üçin, ýörite ykdysady zolaklaryň çäginde ýerleşdirilen harytlara Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşynda ýerleşýän harytlar hökmünde garalýar, şu Kodeksde we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen halatlar muňa degişli däldir.

4. Türkmenistanyň gümrük çäginiň serhetleri, şeýle hem şu maddanyň ikinji we üçünji böleklerinde görkezilen çäkleriň serhetleri Türkmenistanyň gümrük serhedi bolup durýar.

5. Türkmenistanyň gümrük serhedi Türkmenistanyň Döwlet serhedi bilen gabat gelýär, şu maddanyň ikinji we üçünji böleklerinde görkezilen çäkleriň serhetleri muňa degişli däldir.

 

5-nji madda. Şu Kodeksde ulanylýan esasy düşünjeler

 

1. Şu Kodeksde aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) dahylly şahslar – eger şu Kodeksde başgaça göz öňünde tutulmaýan bolsa, gümrük edaralarynyň harytlar we (ýa-da) ulag serişdeleri babatdaky çözgütlerinde, hereketlerinde (hereketsizliginde) gös-göni we aýratynlykda bähbitleri aralýan şahslar;

2) daşary ýurt harytlary – şu bölegiň 25-nji bendine laýyklykda türkmen harytlary bolup durmaýan harytlar;

3) daşary ýurtly şahs – şu bölegiň 26-njy bendine laýyklykda Türkmenistanyň şahsy bolup durmaýan şahs;

4) daşaýjy – Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden harytlary daşamagy we (ýa-da) Türkmenistanyň gümrük çäginde gümrük gözegçiligindäki harytlary daşamagy amala aşyrýan ýa-da ulag serişdesiniň ulanylmagy üçin jogapkär bolup durýan şahs;

5) deklarant – gümrük deklarasiýasyny berýän şahs ýa-da adyndan gümrük deklarasiýasy berilýän şahs;

6) erkin dolanyşyk – Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklar we çäklendirmeler ulanylmazdan Türkmenistanyň gümrük çäginde harytlaryň dolanyşygy;

7) gümrük amaly – gümrük maksatlary üçin gümrük operasiýalaryny amala aşyrmagyň tertibini göz öňünde tutýan hem-de harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň statusyny kesgitleýän düzgünleriň jemi;

8) gümrük deklarasiýasy – şu Kodekse laýyklykda gümrük edarasyna berilmegi üçin zerur bolan maglumatlar görkezilýän bellenilen görnüşdäki gümrük resminamasy;

9) gümrük dellaly (wekili) – deklarantyň ýa-da şu Kodekse laýyklykda gümrük operasiýalaryny amala aşyrmak borjy ýüklenen ýa-da şeýle hukuk berlen başga şahsyň adyndan we tabşyrygy boýunça gümrük operasiýalaryny amala aşyrýan araçy;

10) gümrük düzgüni – harytlaryň we ulag serişdeleriniň gümrük serhedinden geçirilmeginiň hem-de Türkmenistanyň gümrük çäginde ýa-da bu çäkden daşarda ulanylmagynyň maksatlaryna baglylykda olaryň statusyny kesgitleýän, şu Kodeksde bellenilen kadalaryň jemi;

11) gümrük edaralary – gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy we onuň tabynlygyndaky gümrük edaralary;

12) gümrük gözegçiligi – Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň hem-de ýerine ýetirilmegine gözegçilik edilmegi Türkmenistanyň gümrük edaralarynyň üstüne ýüklenilen, Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň gümrük edaralary tarapyndan amala aşyrylýan çäreleriň jemi;

13) gümrük işi babatdaky iş – ýuridik şahslaryň wagtlaýyn saklanylýan ammarlara eýelik edýänler, gümrük ammarlaryna eýelik edýänler we gümrük dellallary (wekilleri) hökmündäki işi;

14) gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy – ýerine ýetiriji häkimiýetiň Türkmenistanda gümrük işine ýolbaşçylygy amala aşyrýan merkezi edarasy;

15) gümrük maksatlary üçin harytlaryň we ulag serişdeleriniň statusy – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda harytlary we ulag serişdelerini peýdalanmaga we olara ygtyýarlyk etmäge gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň bolmagy ýa-da bolmazlygy;

16) gümrük operasiýalary – harytlar we (ýa-da) ulag serişdeleri gümrük taýdan resmileşdirilen mahalynda şahslar we gümrük edaralary tarapyndan şu Kodekse laýyklykda harytlar we (ýa-da) ulag serişdeleri babatda amala aşyrylýan aýratyn hereketler;

17) gümrük resminamalary – diňe gümrük maksatlary üçin düzülýän resminamalar;

18) gümrük tölegleri – gümrük paçlary, salgytlar, gümrük ýygymlary.

Salgytlara harytlar Türkmenistanyň gümrük çägine getirilen mahalynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda töledilip alynmagy Türkmenistanyň gümrük edaralarynyň üstüne ýüklenilen goşmaça tölegler (aksizler) degişlidir;

19) harytlar – Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän islendik gozgalýan emläk, şu bölegiň 28-nji bendinde görkezilen ulag serişdeleri muňa degişli däldir;

20) harytlary goýbermek – gümrük edaralarynyň dahylly şahslara

harytlary ýerleşdirilen gümrük düzgünine laýyklykda peýdalanmaga we (ýa-da) olara ygtyýarlyk etmäge rugsat berilmegini özünde jemleýän hereketi;

21) harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi – harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň islendik usul bilen Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi ýa-da bu çäkden alnyp gidilmegi boýunça hereketleriň amala aşyrylmagy:

a) harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi – harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük serhedinden hakykatdan geçirilmegi hem-de gümrük edaralary tarapyndan goýberilýänçä, harytlar we (ýa-da) ulag serişdeleri bilen, şu Kodeksde göz öňünde tutulan ähli soňraky hereketleriň amala aşyrylmagy;

b) harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmegi – gümrük deklarasiýasynyň berilmegi ýa-da harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň alnyp gidilmegine gös-göni gönükdirilen, şu kiçi bendiň ikinji tesiminde görkezilen hereketleriň amala aşyrylmagy, şeýle hem harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň hakykatdan Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegine çenli, şu Kodeksde göz öňünde tutulan ähli soňraky hereketleriň amala aşyrylmagy.

Harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmegine gös-göni gönükdirilen hereketlere Türkmenistandan çykyp gidýän fiziki şahsyň gümrük gözegçiligi zolagyna girmegi, ulag serişdesiniň Türkmenistanyň gümrük çäginden çykyp gitmek maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçiriş ýerine girmegi, harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden daşary ibermek üçin ulag kärhanalaryna ýa-da halkara poçta ugratmalarynyň poçta aragatnaşyk kärhanalaryna berilmegi, şahsyň harytlar we (ýa-da) ulag serişdeleri bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilen ýerden başga ýerlerden gümrük serhedinden hakykatdan geçmäge gös-göni gönükdirilen hereketleri degişlidir;

22) harydyň ýany bilen iberilýän resminamalar – gümrük serhedinden geçirilýän we Türkmenistanyň gümrük çäginde gümrük gözegçiliginde daşalýan harytlara degişli bolan we olaryň ýany bilen iberilýän ulag (daşaýyş), täjirçilik we gümrük resminamalary;

23) şahs – ýuridik ýa-da fiziki şahs;

24) täjirçilik resminamalary – eger şu Kodeksde başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistanyň kanunçylygyna, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna ýa-da iş dolanyşygynyň adatlaryna laýyklykda daşary söwda we başga iş amala aşyrylan mahalynda peýdalanylýan we kanunyň, taraplaryň ylalaşygynyň ýa-da iş dolanyşygynyň adatlarynyň hereketine laýyklykda harytlaryň gümrük serhedinden geçirilmegi bilen baglanyşykly geleşikleriň amala aşyrylmagyny tassyklamak üçin peýdalanylýan hasap-faktura (inwoýs), ýükläp ugradyş we gaplaýyş listleri we başga resminamalar;

25) türkmen harytlary – gümrük maksatlary üçin Türkmenistanyň gümrük çäginde erkin dolanyşykda bolmak statusyna eýe bolan harytlar:

a) dolulygyna Türkmenistanda öndürilen;

b) Türkmenistanyň gümrük çäginde erkin dolanyşyga goýberilen;

ç) Türkmenistanda dolulygyna öndürilen we (ýa-da) Türkmenistanyň gümrük çäginde erkin dolanyşyga goýberilen harytlardan ýasalan;

26) Türkmenistanyň şahsy – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen, Türkmenistanda ýerleşýän ýuridik şahs, şeýle hem Türkmenistanda ýaşaýan, şol sanda Türkmenistanyň çäginde hususy telekeçi hökmünde bellige alnan fiziki şahs;

27) ulag (daşaýyş) resminamalary – halkara daşamalary mahalynda harytlary daşamagyň şertnamasynyň bardygyny we mazmunyny tassyklaýan hem-de harydyň ýany bilen iberilýän konosament, ýol-ulag resminamasy ýa-da başga resminamalar;

28) ulag serişdeleri – ýolagçylary we harytlary halkara gatnawy boýunça gatnatmak-daşamak üçin ulanylýan islendik deňiz (derýa) gämisi (özi ýöreýän we özi ýöremeýän lihtýorlary, baržalary hem goşmak bilen), howa ýassygy bilen hereket edýän gämi, howa gämisi, awtoulag serişdesi (tirkegleri, ýarym tirkegleri we gatyşyk ulag serişdelerini hem goşmak bilen), demir ýol ulag düzüminiň birligi ýa-da konteýnerler, şeýle hem ulag serişdeleri bilen bilelikde äkidilýän bolsa, öndüriji tarapyndan olarda göz öňünde tutulan ätiýaçlyk şaýlary, esbaplar, enjamlar we öndüriji tarapyndan göz öňünde tutulan gaplaryndaky ýangyç-ýaglaýjy materiallar we ýangyç.

29) «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamy – harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi boýunça deklarantlaryň, olaryň wekilleriniň we beýleki dahylly şahslaryň gümrük edaralary hem-de rugsat beriş we gözegçilik wezipelerini amala aşyrýan beýleki ygtyýarly edaralary bilen özara hereketleri boýunça sanly hyzmatlaryň dürli görnüşleriniň bir ýerde jemlenen ulgamy.

Bu ulgam harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi babatda şu Kodeksde, Türkmenistanyň beýleki kanunlarynda hem-de Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan talaplary ýerine ýetirmek maksady bilen, «Eksport-import amallary üçin bir penjire» bitewi döwlet maglumat web-portalynyň üsti bilen bir wagtyň özünde bir gezeklik resminamalaryň we (ýa-da) maglumatlaryň dolanyşygynyň elektron görnüşde amala aşyrylmak mümkinçiligini üpjün edýär.

2. Şu Kodeksde ähli başga düşünjeler Türkmenistanyň raýat we başga kanunçylygynda, şeýle hem şu Kodeksiň degişli maddalarynda kesgitlenilen manylarda ulanylýar.

(2020-nji ýylyň 14-nji martyndaky, 2022-nji ýylyň 24-nji iýulyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 1, 11-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 3, 79-njy madda)

 

2-nji  bap. TÜRKMENISTANYŇ GÜMRÜK SERHEDINDEN

HARYTLARYŇ WE ULAG SERIŞDELERINIŇ

GEÇIRILMEGINIŇ ESASY ÝÖRELGELERI

 

6-njy madda. Türkmenistanyň gümrük serhedinden harytlaryň we ulag serişdeleriniň geçirilmegi

 

1. Ähli şahslaryň deň esaslarda şu Kodeksde bellenilen tertipde Türkmenistanyň gümrük serhedinden harytlary we ulag serişdelerini geçirmäge hukugy bardyr, şu Kodeksde, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda we Türkmenistanyň halkara şertnamasynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

2. Harytlar we ulag serişdeleri Türkmenistanyň gümrük serhedinden şu Kodeksde bellenilen tertipde geçirilýär.

 

7-nji madda. Harytlar Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilen mahalynda gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň berjaý edilmegi

 

1. Eger şu Kodeksde ýa-da Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi gadagan edilen harytlar Türkmenistanyň gümrük çäginden haýal etmän alnyp gidilmegine degişlidir. Görkezilen harytlar daşaýjy tarapyndan alnyp gidilýär.

Alnyp gidilmegi mümkin bolmadyk ýa-da haýal etmän alnyp gidilmegi berjaý edilmedik halatynda, ol harytlar şu Kodeksiň 9-njy maddasynda görkezilen şahslaryň hasabyna wagtlaýyn saklanylýan ýerlere ýa-da gümrük gözegçiligi zolaklary bolup durýan başga ýerlere ýerleşdirilmäge degişlidir. Şeýle harytlaryň wagtlaýyn saklanylmagynyň aňryçäk möhleti, eger harytlaryň aýratyn görnüşleri babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda başga möhlet göz öňünde tutulmadyk bolsa - üç gije-gündizden ybarat. Bu möhlet geçenden soň görkezilen harytlara ygtyýarlyk etmek şu Kodeksiň 39-njy babyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamasynda bellenilen talaplar we şertler berjaý edilen mahalynda Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi çäklendirilen harytlaryň getirilmegine (şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda bolsa - gümrük edarasy tarapyndan goýberilmegine) rugsat berilýär.

2. Alnyp gidilmegi gadagan edilen harytlar Türkmenistanyň gümrük çäginden hakykatda alnyp gidilmäge degişli däldir.

3. Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmegi çäklendirilen harytlaryň alnyp gidilmegine Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamasynda bellenilen talaplar we şertler berjaý edilen mahalynda rugsat berilýär.

4. Şu Kodeksiň 9-njy maddasynda görkezilen şahslaryň, deklarantlaryň, daşaýjylaryň ýa-da başga şahslaryň, harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegine ýa-da olaryň şol çäkden alnyp gidilmegine gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň berjaý edilmegi bilen baglanyşykly çykdajylarynyň öwezi gümrük edarasy tarapyndan dolunmaýar.

5. Harytlaryň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi üçin zerur bolan rugsatnamalarda, güwänamalarda we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäklendirmeleriň berjaý edilmegini tassyklaýan başga resminamalarda, ol resminamalary berýän ygtyýarly şahslar tarapyndan, Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasyna laýyklykda ol harytlaryň dokuz belgili toparlara bölüniş kodlary hem-de olaryň esasy ölçeg birligindäki mukdary, şeýle hem, eger ol harytlar babatda Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasynda goşmaça ölçeg birligi bellenilen bolsa, olaryň goşmaça ölçeg birligindäki mukdary görkezilýär.

(2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 21-nji madda)

 

8-nji madda. Gümrük taýdan resmileşdirmek we gümrük gözegçiligi

 

1. Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri şu Kodeksde göz öňünde tutulan tertipde we şertlerde gümrük taýdan resmileşdirilmäge we gümrük gözegçiligine degişlidir.

2. Gümrük edarasynyň we onuň wezipeli adamlarynyň gümrük taýdan resmileşdirmegi we gümrük gözegçiligini amala aşyran mahalynda Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda ýa-da Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulmadyk talaplary we çäklendirmeleri bellemäge haky ýokdur.

 

9-njy madda. Harytlaryň goýberilmegi üçin gümrük operasiýalaryny amala aşyrmak borjy

 

Şu Kodeksde başgaça bellenilmedik bolsa, şu aşakdakylar harytlaryň goýberilmegi üçin gümrük operasiýalaryny amala aşyrmak borjuny çekýärler:

1) Türkmenistanyň gümrük serhedinden harytlaryň geçirilmegi Türkmenistanyň şahsy tarapyndan baglaşylan daşary ykdysady geleşige laýyklykda amala aşyrylýan bolsa - şeýle daşary ykdysady geleşigi baglaşan ýa-da adyndan ýa-da tabşyrmagy boýunça şol geleşik baglaşylan Türkmenistanyň şahsy;

2) eger harytlaryň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi Türkmenistanyň şahsy bilen daşary ykdysady geleşik baglaşylmazdan amala aşyrylýan bolsa:

a) Türkmenistanyň gümrük çäginde harytlara eýelik etmäge hukugy we (ýa-da) harytlary peýdalanmaga hukugy bolan şahs;

b) gümrük gözegçiligindäki harytlar bilen ýuridik ähmiýetli hereketleri öz adyndan amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň raýat kanunçylygyna we (ýa-da) şu Kodekse laýyklykda ýeterlik derejede ukyby bolan başga şahslar.

 

3-nji bap. MAGLUMAT WE MASLAHAT BERLIŞI

 

10-njy madda. Gümrük işi babatda kadalaşdyryjy hukuk namalary hakynda maglumat

 

1. Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy we beýleki gümrük edaralary gümrük işi babatda kadalaşdyryjy hukuk namalary hakynda maglumatlaryň erkin tölegsiz, şol sanda maglumat tehnologiýalaryny ulanmak bilen peýdalanylmagyny üpjün edýär.

2. Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy döwürleýin metbugat neşirlerinde bu edara tarapyndan kabul edilen gümrük işi babatdaky kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň çap edilmegini üpjün edýär.

 

11-nji madda. Gümrük işiniň meseleleri we gümrük edaralarynyň ygtyýarlygyna degişli başga meseleler boýunça maslahatlaryň berilmegi

 

1. Gümrük edaralary dahylly şahslara gümrük işiniň meseleleri we ol edaralaryň işine degişli başga meseleler boýunça maslahat berýärler. Dahylly şahsyň ýüz tutmasy boýunça maglumatlar mümkin bolan gysga möhletde, emma görkezilen ýüz tutma alnan gününden başlap bir aýdan gijä galynman berilýär.

2. Gümrük edaralary tarapyndan maslahat bermek dilden we ýazmaça görnüşde tölegsiz amala aşyrylýar.

3. Maslahat berilýän mahalynda dahylly şahslara berlen maglumatlar gümrük edaralary tarapyndan harytlar we (ýa-da) ulag serişdeleri babatda gümrük operasiýalary amala aşyrylan mahalynda çözgütleri kabul etmek ýa-da hereket etmek (hereket etmezlik) üçin esas däldir.

4. Gümrük edaralarynyň wezipeli adamlary şu babyň düzgünlerine laýyklykda şahslara berilýän maglumatlaryň hakykylygyna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

 

4-nji bap. HARYTLARYŇ GELIP ÇYKAN ÝURDY

 

12-nji madda. Harytlaryň gelip çykan ýurdunyň kesgitlenilişi

 

1. Harytlaryň gelip çykan ýurduny kesgitlemek gümrük-tarif düzgünleşdiriş çäreleriniň we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň ulanylmagynyň harytlaryň gelip çykan ýurduna bagly bolan ähli halatlarynda şu babyň düzgünlerine laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Harytlaryň dolulygyna öndürilen ýa-da ýeterlik derejede gaýtadan işlenilmeginiň şu Kodeksiň 14-nji maddasynda bellenilen ölçeglerine laýyklykda ýeterlik derejede gaýtadan işlenilen ýurdy harytlaryň gelip çykan ýurdy hasap edilýär.

3. Ýurtlaryň topary, ýurtlaryň gümrük birleşmeleri, eger harytlaryň gelip çykan ýurduny kesgitlemegiň maksatlary üçin şeýle bölmeklige zerurlyk bar bolsa, sebit ýa-da ýurduň bir bölegi harytlaryň gelip çykan ýurdy hasap edilip bilner.

4. Gümrük edaralary şu Kodeksiň 6-njy babyna laýyklykda deklarantyň ýa-da başga dahylly şahsyň ýüz tutmasy boýunça harytlaryň gelip çykan ýurduny kesgitlemek hakynda deslapky çözgüdi kabul edýär.

 

13-nji madda. Dolulygyna belli bir ýurtda öndürilen harytlar

 

Şu harytlar dolulygyna belli bir ýurtda öndürilen harytlar hasap edilýär:

1) şol ýurduň ýeriniň astyndan, onuň çägindäki suwlardan (deňizden) ýa-da onuň deňiz düýbünden gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar;

2) şol ýurtda ösdürilip ýetişdirilen ýa-da ýygnalan ösümliklerden alnan, gelip çykyşy ösümlikden bolan önüm;

3) şol ýurtda dünýä inen we ýetişdirilen haýwanlar;

4) şol ýurtda ýetişdirilen haýwanlardan bu ýurtda alnan önüm;

5) şol ýurtda awçylyk we balykçylyk işleriniň netijesinde alnan önüm;

6) şol ýurduň gämisi bilen alnan deňiz balykçylyk işiniň önümi we deňiz awçylygynyň başga önümi;

7) şol ýurduň gaýtadan işleýän gämisiniň bortunda diňe şu maddanyň 6-njy bendinde görkezilen önümden alnan önüm;

8) şol deňiz düýbüni ýa-da deňziň astyndaky ýerleri işlemäge aýratyn hukuklary bolan şertinde, şol ýurduň territorial suwlarynyň (deňziň) çäginiň daşynda deňziň düýbünden ýa-da deňziň astyndaky ýerlerden alnan önüm;

9) şol ýurtda gaýtadan işlemek boýunça önümçilik ýa-da başga işleriň netijesinde alnan galyndylar we bölekler (ikilenç çig mal), şeýle hem şol ýurtda ýygnalan we diňe gaýtadan işläp çig mala öwürmek üçin ýaramly bolan, öň ulanylan önümler;

10) şol ýurtda, diňe şu maddanyň 1-9-njy bentlerinde görkezilen önümden öndürilen harytlar;

11) şol ýurduň çäginde işlenip çykarylan elektrik energiýasy.

 

14-nji madda. Harytlary ýeterlik derejede gaýtadan işlemegiň ölçegleri

 

1. Eger harytlaryň öndürilmegine iki we şondan köp ýurt gatnaşýan bolsa, şu maddanyň düzgünlerine laýyklykda ýeterlik derejede gaýtadan işlemegiň ölçeglerine laýyk gelýän, harytlary gaýtadan işlemek ýa-da öndürmek boýunça soňky operasiýalaryň amala aşyrylan ýurdy, harydyň gelip çykan ýurdy hasap edilýär.

2. Eger harytlaryň aýratyn görnüşleri ýa-da haýsy-da bolsa bir ýurt babatda, Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän harytlaryň gelip çykan ýurduny kesgitlemegiň aýratynlyklary şu maddanyň üçünji bölegine laýyklykda aýratyn agzalyp geçilmeýän bolsa, onda, eger harytlaryň gaýtadan işlenmegi we öndürilmegi boýunça operasiýalaryň amala aşyrylmagy netijesinde Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasy boýunça harytlaryň toparlara bölüniş kody islendik birinji dört belginiň derejesinde üýtgän bolsa, harytlar şol ýurtdan gelip çykan hasap edilýän umumy düzgün ulanylýar.

3. Harytlaryň gelip çykan ýurduny kesgitlemek üçin harytlaryň ýeterlik derejede gaýtadan işlenilmeginiň şu aşakdaky ölçegleri-de ulanylýar:

1) önümçilik ýa-da tehnologik operasiýalaryň bolup geçen ýurdunyň harytlaryň gelip çykan ýurdy hasap edilmegi üçin ýeterlik bolan anyk önümçilik ýa-da tehnologik operasiýalaryň ýerine ýetirilmegi;

2) harytlaryň bahasynyň, ulanylan materiallaryň bahasynyň ýa-da goşulan bahanyň göterimleýin paýynyň ahyrky önümiň bahasyndaky bellenilen paýa ýetmegi bilen üýtgemegi (adwalor paýyň düzgüni).

4. Şu maddanyň üçünji böleginde bellenilen düzgünlere garamazdan, şular ýeterlik derejede gaýtadan işlemegiň ölçeglerine gabat gelmeýär:

1) harytlar saklanylýan ýa-da ulagly daşalýan wagtynda olaryň abatlygynyň üpjün edilmegi boýunça operasiýalar;

2) harytlaryň satuwa we ulagly daşamaga taýýarlanylmagy (tapgyryň bölünmegi, ugratmalaryň düzülmegi, aýyl-saýyl edilmegi, gaýtadan gaplanylmagy) boýunça operasiýalar;

3) berkidiji materiallaryň (hyrlaryň, gaýkalaryň, nurbatlaryň we başgalaryň) ýa-da berçinlemek, kebşirlemek, galaýylap tutdurmak ýa-da ýelimlemek arkaly harydyň düzüm bölekleriniň ýygnalmagyna düşünilýän, ýönekeý ýygnama operasiýalary;

4) eger ahyrky önümiň häsiýetleri garylýan harytlaryň häsiýetlerinden düýpli tapawutlanmaýan bolsa, dürli ýurtlardan gelip çykýan harytlaryň garylmagy;

5) mallaryň soýulmagy;

6) ýokarda görkezilen operasiýalaryň iki ýa-da şondan köp sanysynyň gatyşmasy.

5. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti Türkmenistanyň tarif preferensiýalaryny berýän ýurtlaryndan getirilýän harytlaryň aýratyn görnüşleri üçin ýeterlik derejede gaýtadan işlemegiň ölçeglerini ulanmagyň tertibi bellenilen mahalynda tarif preferensiýalaryny bermek maksady bilen, gös-göni satyn almagyň we göni ýükläp ugratmagyň düzgünlerini ulanmagyň şertlerini kesgitlemäge haklydyr.

 

15-nji madda. Harytlaryň gelip çykan ýurduny kesgitlemegiň aýratynlyklary

 

1. Eger önümçilik ýa-da ulag şertleri zerarly bir tapgyrda ýükläp ibermek mümkin bolmaýan, sökülen ýa-da ýygnalmadyk görnüşde birnäçe tapgyrlar bilen getirilýän harytlaryň, şeýle hem ýalňyşlyk sebäpli tapgyry birnäçe tapgyrlara bölünen harytlaryň gelip çykan ýurdy anyklananda, şeýle harytlara deklarantyň islegine görä bir bitewi haryt hökmünde garalýar.

2. Şu aşakdakylar şu maddanyň birinji böleginiň düzgünleriniň ulanylýan şertleri bolup durýar:

1) harytlaryň tapgyrlaýyn iberilmeginiň sebäbini görkezmek bilen, sökülen ýa-da ýygnalmadyk görnüşde getirilýän harytlar hakynda gümrük edarasyna deslapdan habar berilmegi we her bir tapgyra girýän harytlaryň Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasy boýunça toparlara bölüniş kodlaryny, bahasyny we gelip çykan ýurduny görkezmek bilen her bir tapgyrynyň ýöriteleşdirilmesiniň (spesifikasiýasynyň) berilmegi. Ýalňyşlyk goýberilmegi ýa-da nädogry salga iberilmegi netijesinde harydyň birnäçe tapgyra bölünen halatlarynda şeýle bölmäniň ýalňyşdygynyň resminamaly tassyklamasy goşmaça berilýär;

2) harytlaryň ähli tapgyrlarynyň bir kontraktyň çäklerinde bir ýurtdan bir iberiji tarapyndan iberilmegi;

3) harytlaryň ähli tapgyrlarynyň bir gümrük edarasynda deklarirlenilmegi;

4) gümrük edarasy tarapyndan harytlaryň birinji tapgyry babatda gümrük deklarasiýasy kabul edilen gününden başlap alty aýdan uzak bolmadyk möhletde harytlaryň ähli tapgyrynyň Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi. Harytlaryň haryt alyja bagly bolmadyk sebäplere görä getirilmegi mümkin bolmadyk halatda esaslandyrylan arza boýunça harydyň galan tapgyrlarynyň getiriliş möhleti gümrük edarasy tarapyndan uzaldylyp bilner. Şunda, görkezilen uzaldylma harydyň birinji tapgyrynyň getirilen gününden başlap bir ýyldan uzak bolup bilmez.

3. Maşynlar, enjamlar, abzallar ýa-da ulag serişdeleri bilen bilelikde ulanmak üçin niýetlenilen kömekçi serişdeler, esbaplar, ätiýaçlyk şaýlary we gurallar, eger şol kömekçi serişdeler, esbaplar, ätiýaçlyk şaýlary we gurallar ýokarda görkezilen maşynlar, enjamlar, abzallar ýa-da ulag serişdeleri bilen olaryň ýany bilen iberilýän tehniki pasportda, tehniki formulýarda we beýleki tehniki resminamalarda görkezilen mukdarda bir toplumda getirilýän we ulanylýan bolsalar, olar maşynlaryň, enjamlaryň, abzallaryň ýa-da ulag serişdeleriniň gelip çykan ýurdundan gelip çykan hasap edilýär.

4. Harydyň Türkmenistanyň gümrük çägine gaplanylyp getirilýän gaby harydyň özüniň gelip çykan ýurdundan gelip çykan hasap edilýär, Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasyna laýyklykda gabyň harytdan aýratynlykda deklarirlenilýän halatlary muňa degişli däldir. Şu halatlarda gabyň gelip çykan ýurdy harydyň gelip çykan ýurdundan aýratyn kesgitlenilýär.

 

16-njy madda. Harytlaryň gelip çykan ýurdunyň tassyklanylmagy

 

Harydyň gelip çykyşy hakynda deklarasiýa ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda harydyň gelip çykyşy hakynda güwänama harytlaryň belli bir ýurtdan gelip çykandygyny tassyklaýan resminamalar bolup durýar.

 

17-nji madda. Harydyň gelip çykyşy hakynda deklarasiýa

 

1. Eger harytlaryň gelip çykan ýurduny kesgitlemäge mümkinçilik berýän maglumatlar görkezilen bolsa, harytlaryň gelip çykyşy hakynda erkin görnüşde düzülen deklarasiýa şu Kodekse laýyklykda harydyň gelip çykan ýurduny tassyk edýän resminama bolup hyzmat edip biler. Harytlara degişli, harytlaryň gelip çykan ýurdy hakynda öndüriji, satyjy ýa-da eksport ediji tarapyndan harytlaryň alnyp gidilmegi bilen baglanyşykly mälim etmesini özünde jemleýän täjirçilik ýa-da islendik başga resminamalar şeýle deklarasiýa hökmünde ulanylyp bilner.

2. Eger harydyň gelip çykyşy hakynda deklarasiýada harydyň gelip çykan ýurdy hakynda maglumatlar ýeterlik derejede gaýtadan işlemegiň Türkmenistanda ulanylýan ölçeglerinden başga ölçeglere esaslanýan bolsa, harydyň gelip çykan ýurdy şu Kodeksiň 14-nji maddasynda görkezilýän ölçeglere laýyklykda kesgitlenilýär.

 

18-nji madda. Harydyň gelip çykyşy hakynda güwänama

 

1. Harydyň gelip çykyşy hakynda güwänama – harydyň gelip çykan ýurdunyň ýa-da eger haryt alnyp gidilýän ýurtda güwänama harydyň gelip çykan ýurdundan alnan maglumatlar esasynda berilýän bolsa, haryt alnyp gidilýän ýurduň ygtyýarly edarasy tarapyndan berlen, harydyň gelip çykan ýurduny tassyk edýän resminama.

2. Haryt Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilen mahalynda, eger harydyň gelip çykyşy hakynda güwänama harydyň getirilmeli ýurdunyň kanunçylygy boýunça kontraktyň şertlerine görä zerur bolsa ýa-da şeýle güwänamanyň bolmagy Türkmenistanyň halkara şertnamasynda göz öňünde tutulan bolsa, Türkmenistanyň degişli ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan görkezilen güwänama berilýär.

3. Harydyň gelip çykyşy hakynda güwänama beren Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edarasy şulara borçludyr:

1) harydyň gelip çykyşy hakynda güwänamanyň göçürme nusgasyny we harydyň gelip çykyşyny tassyklamak üçin esas bolan başga resminamalary olaryň berlen gününden başlap azyndan üç ýyl saklamaga;

2) gümrük edarasynyň talaby boýunça onuň bellän möhletinde harydyň gelip çykyşy hakynda güwänamanyň hakykylygyny ýa-da esaslydygyny barlamak üçin zerur bolan resminamalary we maglumatlary bermäge.

4. Eger harydyň gelip çykyşy hakynda güwänamada harydyň gelip çykan ýurdy hakyndaky maglumatlar ýeterlik derejede gaýtadan işlemegiň Türkmenistanda ulanylýan ölçeglerinden başga ölçeglere esaslanýan bolsa, harydyň gelip çykan ýurdy şu Kodeksiň 14-nji maddasynda görkezilýän ölçeglere laýyklykda kesgitlenilýär.

5. Güwänamanyň ýa-da ondaky maglumatlaryň hakykylygy babatda şübhelenme ýüze çykan halatynda gümrük edarasy harydyň gelip çykan ýurdunyň güwänamany beren ygtyýarly edarasyna goşmaça ýa-da takyklaýjy maglumatlary habar bermegini delillendirip, haýyş edip biler.

 

19-njy madda. Harytlaryň gelip çykan ýurduny tassyklaýan resminamalaryň berilmegi

 

1. Harytlar Türkmenistanyň gümrük çägine getirilen mahalynda harytlaryň gelip çykan ýurduny tassyklaýan resminama Türkmenistanyň kanunçylygyna ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamasyna laýyklykda Türkmenistan ol harytlaryň gelip çykan ýurduna tarif preferensiýalaryny beren halatynda berilýär.

Gümrük edarasy, gümrük paçlarynyň we salgytlaryň möçberleriniň we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň ulanylmagyna täsir edýän, harytlaryň gelip çykan ýurdy hakynda mälim edilen maglumatlaryň dogry däldigini çak etmäge esaslar bar bolan başga halatlarda, harytlaryň gelip çykan ýurduny tassyklaýan resminamanyň berilmegini talap etmäge haklydyr.

Görkezilen halatlarda, harytlaryň gelip çykan ýurduny tassyklaýan resminama gümrük taýdan resmileşdirmegi amala aşyrmak üçin zerur bolan gümrük deklarasiýasy we başga resminamalar bilen bir wagtda, Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamasynda göz öňünde tutulan görnüşinde berilýär.

2. Harydyň gelip çykyşy hakynda güwänama ýitirilen mahalynda şu Kodeksiň 18-nji maddasynyň birinji böleginde görkezilen edara tarapyndan berlen öwezlik nusgasy kabul edilýär.

3. Harytlaryň gelip çykan ýurdy harytlaryň gelip çykan ýurduny tassyklaýan resminamada görkezilen maglumatlaryň harydyň ýany bilen iberilýän resminamalarda bar bolan maglumatlar bilen kybaplanylandan soň gümrük edarasy tarapyndan bellenilýär.

4. Gümrük edarasynda resmi taýdan berlen blanklaryň, möhürleriň, ygtyýarly adamlaryň gollarynyň nusgalyklarynyň, şeýle hem harytlaryň gelip çykyşy hakynda güwänamalary tassyklamaga we bermäge ygtyýarly edaralaryň salgylarynyň bolmagy gümrük edarasy tarapyndan harydyň gelip çykyşy hakynda güwänamanyň kabul edilmeginiň şerti bolup durýar.

 

20-nji madda. Harydyň gelip çykyşynyň delilleri boýunça harydy goýbermekden ýüz öwürmek üçin esaslar

 

1. Eger Türkmenistanyň kanunçylygyna ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamasyna laýyklykda harydyň gelip çykan ýurdy, harydy Türkmenistana getirilmäge degişli bolmadyk ýurt bolsa, gümrük edarasy harydy goýbermekden ýüz öwürýär.

2. Harydyň gelip çykyşy hakynda güwänamanyň ýa-da deklarasiýanyň nädogry resmileşdirilip berilmegi ýa-da olaryň berilmezligi harydy goýbermekden ýüz öwürmek üçin esas bolmaýar, şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

3. Harydyň gelip çykan ýurdy tassyklanmadyk halatynda, şeýle haryt babatda bellenilen gümrük paçlarynyň iň ýokary möçberleri ulanylýar.

4. Şu maddanyň ikinji we üçünji böleklerinde görkezilen haryt babatda preferensial düzgün ýa-da has amatly düzgün gümrük edarasy tarapyndan gümrük deklarasiýasynyň kabul edilen gününden başlap bir ýylyň dowamynda degişli harydyň gelip çykan ýurduny tassyklaýan resminama alnan şertinde ulanylýar (dikeldilýär).

 

5-nji bap. DAŞARY YKDYSADY IŞIŇ HARYT

NOMENKLATURASY

 

21-nji madda. Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasy

 

1. Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasy gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan Harytlaryň beýan edilişiniň we kodlaşdyrylyşynyň sazlaşdyrylan ulgamy esasynda tassyklanylýar.

2. Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasy gümrük-tarif düzgünleşdirmek çäreleriniň we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň ulanylmagy, daşary söwdanyň gümrük statistikasynyň ýöredilmegi üçin peýdalanylýar.

 

22-nji madda. Harytlaryň toparlara bölünişi

 

1. Harytlar şu Kodeksiň 11-nji babyna laýyklykda deklarirlenilen mahalynda toparlara bölünmäge degişlidir, oňa laýyklykda her bir harydyň Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasy boýunça toparlara bölüniş kody bardyr.

2. Harytlar deklarirlenilen mahalynda Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasy boýunça olaryň toparlara bölüniş kody nädogry görkezilen halatynda, şeýle harytlary gümrük edarasynyň özi toparlara bölýär.

3. Gümrük edarasynyň harytlary Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasyna laýyklykda toparlara bölmek boýunça çözgüdi hökmanydyr. Deklarant Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şeýle çözgüde şikaýat etmäge haklydyr.

4. Harydyň ýany bilen iberilýän resminamalarda görkezilen maglumatlaryň, şeýle hem bilermenler seljermesini amala aşyrýan guramalar tarapyndan berilýän netijenamalaryň, kepilnamalaryň, bilermenler seljermesiniň namalarynyň kömekçi (maglumat beriş) häsiýeti bardyr we olar harytlar toparlara bölünen mahalynda göz öňünde tutulyp bilner.

5. Deklarantyň ýa-da başga dahylly şahsyň ýüz tutmasy boýunça gümrük edarasy şu Kodeksiň 6-njy babyna laýyklykda harydyň toparlara bölünişi hakynda deslapky çözgüdi kabul edýär.

 

6-njy bap. DESLAPKY ÇÖZGÜT

 

23-nji madda. Deslapky çözgüdiň kabul edilmegi

 

1. Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy we gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýän gümrük edaralary deklarantyň ýa-da başga dahylly şahsyň (mundan beýläk şu bapda – arza beriji) ýüz tutmasy boýunça anyk haryt babatda Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasyna laýyklykda harytlary toparlara bölmek hakynda, harydyň anyk ýurtdan gelip çykandygy (harytlaryň gelip çykan ýurdy) hakynda deslapky çözgüdi kabul edýär.

2. Deslapky çözgüdi kabul etmegiň görnüşi gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

 

24-nji madda. Deslapky çözgüdi kabul etmek hakynda arza

 

1. Deslapky çözgüdi kabul etmek hakynda arza (mundan beýläk şu bapda - arza) arza beriji tarapyndan degişli gümrük edarasyna ýazmaça görnüşde iberilýär.

2. Arzada haryt hakynda deslapky çözgüdi kabul etmek üçin zerur maglumatlar bolmalydyr. Şular arzanyň ýanyna goşulmalydyr: harydyň nusgalyklary we nusgalary, onuň beýany, fotosuratlary, suratlary, çyzgylary, täjirçilik, tehniki we beýleki resminamalar.

3. Eger başga maglumatyň berilmegi ýa-da bilermenler seljermesiniň geçirilmegi talap edilmeýän bolsa, gümrük edarasy arza seredýär we otuz günüň dowamynda deslapky çözgüdi berýär.

4. Eger arza beriji tarapyndan berlen maglumatlar deslapky çözgüdiň kabul edilmegi üçin ýeterlik däl bolsa, onda gümrük edarasy arzany alan gününden başlap otuz günüň dowamynda arza berijä goşmaça maglumat bermegiň zerurlygy hakynda habar berýär we onuň berilmeli möhletini belleýär. Bellenilen möhletde goşmaça maglumat berilmedik mahalynda arza ret edilýär.

5. Arza ret edilen halatynda gümrük edarasy iki günüň dowamynda arza berijä ýazmaça görnüşde delillendirilen habar ibermäge borçludyr.

Arzanyň ret edilmegi, onuň ret edilmegi üçin esas bolan sebäpler aýrylan şertinde, arza berijiniň deslapky çözgüdiň kabul edilmegi hakynda gaýtadan ýüz tutmagyna päsgelçilik bermeýär.

 

25-nji madda. Deslapky çözgüdiň ýuridik ähmiýeti we hereket ediş möhleti

 

Deslapky çözgüt ähli gümrük edaralary üçin hökmany bolup durýar. Eger şu Kodeksiň 26-njy maddasyna laýyklykda deslapky çözgüt ýatyrylan ýa-da üýtgedilen bolmasa, ol kabul edilen gününden başlap üç ýylyň dowamynda hereket edýär.

Deslapky çözgütden diňe arzasy boýunça şeýle çözgüt kabul edilen şahsyň peýdalanmaga haky bardyr.

 

26-njy madda. Deslapky çözgüdiň üýtgedilmegi ýa-da ýatyrylmagy

 

1. Deslapky çözgüdi kabul eden gümrük edarasy, ony üýtgetmäge ýa-da ýatyrmaga haklydyr.

2. Deslapky çözgüt şu halatlarda üýtgedilýär:

1) Bütindünýä gümrük guramasy tarapyndan Türkmenistanda ulanylmagy hökmany bolan çözgütler kabul edilende;

2) eger Türkmenistanyň harytlaryň gelip çykan ýurduny kesgitlemegiň meselelerine degişli kanunçylygynda ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamasynda harytlaryň gelip çykan ýurduny kesgitlemegiň başga talaplary we şertleri bellenilýän bolsa;

3) Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasy ýa-da Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň deslapky çözgüdi kabul etmek babatdaky düzgünleri üýtgedilende;

4) deslapky çözgüt kabul edilen mahalynda goýberilen ýalňyşlar ýüze çykarylanda.

Deslapky çözgüdiň üýtgedilmegi üýtgetmek hakyndaky çözgüt kabul edilen gününden başlap güýje girýär.

Deslapky çözgüdi üýtgetmek hakyndaky çözgüt deslapky çözgüt berlen şahsa üç gün möhletde iberilýär.

3. Eger deslapky çözgüt arza beriji tarapyndan berlen galp resminamalar we nädogry maglumatlar esasynda kabul edilen bolsa, deslapky çözgüt ýatyrylýar. Deslapky çözgüdiň ýatyrylmagy, şeýle çözgüdi ýatyrmak hakynda çözgüt kabul edilen gününden güýje girýär.

Deslapky çözgüdiň ýatyrylmagy hakyndaky çözgüt üç günüň dowamynda ýazmaça görnüşde deslapky çözgüt berlen şahsa iberilýär.

 

II BÖLÜM. GÜMRÜK AMALLARY

 

1-nji kiçi bölüm. GÜMRÜK TAÝDAN RESMILEŞDIRMEK

 

7-nji bap. GÜMRÜK TAÝDAN RESMILEŞDIRMÄGE

DEGIŞLI ESASY DÜZGÜNLER

 

27-nji madda. Şu babyň ulanylyş çygry

 

Şu babyň düzgünleri Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçýän harytlar we ulag serişdeleri babatda amala aşyrylýan ähli gümrük operasiýalaryna degişli bolup durýar.

 

28-nji madda. Gümrük taýdan resmileşdirmegiň geçiriliş tertibi

 

1. Gümrük taýdan resmileşdirmek şu Kodeksde we Türkmenistanyň şoňa laýyklykda kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde geçirilýär.

2. Gümrük taýdan resmileşdirmegi geçirmegiň tertibi we tilsimatlary Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň görnüşlerine, olaryň şeýle geçirilmegi üçin ulanylýan ulagyň görnüşine, harytlary we ulag serişdelerini geçirýän şahslaryň derejelerine görä bellenilýär.

3. Gümrük operasiýalary harytlaryň gelip çykan, ugradylýan we barýan ýurduna garamazdan deň ulanylýar.

 

29-njy madda. Gümrük taýdan resmileşdirmegiň başlanmagy we tamamlanmagy

 

1. Gümrük taýdan resmileşdirmek şu halatlarda başlanýar:

1) harytlar getirilen mahalynda – gümrük edarasyna gümrük deklarasiýasy ýa-da şu Kodeksiň 40-njy maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçýän harytlar babatda resminamalar berlen, şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda bolsa – şahsyň gümrük taýdan resmileşdirmegi amala aşyrmak maksadyny tassyklap dilden mälim eden ýa-da başga hereketleri eden pursatynda;

2) harytlar alnyp gidilen mahalynda – gümrük edarasyna gümrük deklarasiýasy berlen, şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda bolsa – şahsyň gümrük taýdan resmileşdirmegi amala aşyrmak maksadyny tassyklap dilden mälim eden ýa-da başga hereketleri eden pursatynda.

2. Gümrük taýdan resmileşdirmek, harytlaryň gümrük düzgünine ýerleşdirilmegi we eger şeýle gümrük düzgüni kesgitli möhletiň dowamynda hereket edýän bolsa, ol düzgüniň hereketiniň tamamlanmagy, şeýle hem gümrük töleglerini hasaplamak we töledip almak üçin, şu Kodekse laýyklykda zerur bolan gümrük operasiýalarynyň geçirilmegi bilen tamamlanýar.

Döwlet gözegçiliginiň weterinariýa, fitosanitariýa we beýleki görnüşlerine degişli harytlar babatda gümrük taýdan resmileşdirmek diňe şeýle gözegçiligi amala aşyrýan degişli ygtyýarly döwlet edaralary bilen ylalaşylandan soň tamamlanylyp bilner.

 

30-njy madda. Gümrük taýdan resmileşdirmegiň geçirilýän ýeri we wagty

 

1. Gümrük taýdan resmileşdirmek gümrük edaralarynyň ýerleşýän ýerlerinde olaryň iş wagtynda geçirilýär.

2. Deklarantyň ýa-da başga dahylly şahsyň delillendirilen ýüz tutmasy boýunça gümrük taýdan resmileşdirmek geçirilen mahalyndaky aýratyn gümrük operasiýalary gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilen tertibe laýyklykda gümrük edaralarynyň ýerleşýän ýerlerinden daşarda we iş wagtyndan başga wagtda geçirilip bilner.

 

31-nji madda. Gümrük taýdan resmileşdirmek üçin zerur bolan resminamalar we maglumatlar

 

1. Gümrük taýdan resmileşdirmek geçirilen mahalynda, şu Kodeksde kesgitlenilen şahslar, gümrük taýdan resmileşdirmek üçin zerur bolan resminamalary we maglumatlary gümrük edaralaryna bermäge borçludyrlar.

2. Gümrük taýdan resmileşdirmek geçirilen mahalynda gümrük edaralary diňe berilmegi şu Kodekse laýyklykda göz öňünde tutulan hem-de Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň we ýerine ýetirilmegine gözegçilik edilmegi Türkmenistanyň gümrük edaralarynyň üstüne ýüklenilen Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň berjaý edilmegi üçin zerur bolan resminamalaryň we maglumatlaryň berilmegini talap etmäge haklydyr.

3. Anyk gümrük amallaryna we gümrük düzgünlerine degişli gümrük taýdan resmileşdirmek üçin zerur bolan resminamalaryň sanawlary we görnüşleri hem-de maglumatlaryň sanawlary, eger şu Kodeksde we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilýär.

4. Gümrük edaralary tarapyndan, gümrük taýdan resmileşdirmegi geçirmegi ýönekeýleşdirmek we tizleşdirmek maksady bilen, daşary ýurt döwletleriniň gümrük edaralary bilen gümrük maksatlarynda ulanylýan resminamalary özara ykrar etmek hakyndaky ylalaşyklar esasynda bu edaralar tarapyndan kesgitlenilen gümrük resminamalary kabul edilip bilner.

5. Gümrük taýdan resmileşdirmek üçin zerur bolan resminamalar asyl nusgalar ýa-da olaryň göçürme nusgalary görnüşinde, şeýle hem gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilen tertipde elektron resminamalary görnüşinde berlip bilner.

6. Gümrük taýdan resmileşdirmek üçin zerur bolan resminamalaryň we maglumatlaryň sanawlary resmi taýdan çap edilmäge degişlidir.

 

32-nji madda. Gümrük taýdan resmileşdirmek geçirilen mahalynda ygtyýarlyklary bolan şahslaryň we olaryň wekilleriniň bolmagy

 

1. Harytlar babatda ygtyýarlyklary bolan şahslar ýa-da olaryň wekilleri gümrük taýdan resmileşdirmek mahalynda şol ýerde bolmaga haklydyr.

2. Harytlar babatda ygtyýarlyklary bolan şahslar ýa-da olaryň wekilleri gümrük edarasynyň talap etmegi boýunça gümrük taýdan resmileşdirmek geçirilen mahalynda şol ýerde bolmaga borçludyr.

 

33-nji madda. Gümrük taýdan resmileşdirmegiň geçirilýän dili

 

Gümrük taýdan resmileşdirmek üçin zerur bolan resminamalaryň doldurylmagyny hem goşmak bilen, gümrük taýdan resmileşdirmek Türkmenistanyň döwlet dilinde geçirilýär, şu Kodeksde we Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

Gümrük edaralary, şol edaralaryň wezipeli adamlarynyň bilýän daşary ýurt dillerinde düzülen resminamalary kabul etmäge haklydyr.

 

34-nji madda. Gümrük taýdan resmileşdirmegiň ileri tutulýan tertibi

 

Tebigy betbagtçylyklaryň, awariýalaryň we heläkçilikleriň, başga adatdan daşary ýagdaýlaryň netijelerini ýok etmek üçin zerur bolan harytlar, ynsanperwerlik kömeginiň çäklerinde iberilýän harytlar, diplomatik wekilhanalar tarapyndan iberilýän we alynýan harytlar, şeýle hem çalt zaýalanýan harytlar, janly haýwanlar we guşlar, radioaktiw materiallar, halkara poçta ugratmalary we ekspress-ýükler, sergilere we ýarmarkalara gatnaşmak üçin niýetlenilen harytlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin materiallar we şular ýaly başga harytlar hem-de ygtyýarly ykdysady operatorlar tarapyndan daşalýan, iberilýän we alynýan harytlar Türkmenistanyň gümrük çägine getirilen we bu çäkden alnyp gidilen mahalynda gümrük taýdan resmileşdirmek ileri tutma tertibinde geçirilýär.

(2023-nji ýylyň 30-njy sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № ..., ...-nji madda)

 

35-nji madda. Gümrük taýdan resmileşdirmegiň ýönekeýleşdirilen amallary

 

Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy gümrük taýdan resmileşdirmegi kämilleşdirmek maksady bilen gümrük taýdan resmileşdirmegiň ýönekeýleşdirilen amallaryny bellemäge haklydyr.

 

36-njy madda. Özleri babatda gümrük taýdan resmileşdirmek tamamlanmadyk harytlary peýdalanmak we olara ygtyýarlyk etmek

 

Özleri babatda gümrük taýdan resmileşdirmek tamamlanmadyk harytlary peýdalanmaga we olara ygtyýarlyk etmäge ýol berilmeýär, şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

 

8-nji bap. HARYTLARYŇ WE ULAG SERIŞDELERINIŇ

TÜRKMENISTANYŇ GÜMRÜK ÇÄGINE GELMEGI

 

37-nji madda. Harytlaryň we ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük çägine gelýän ýeri, wagty hem-de olar barada deslapdan habar berilmegi

 

1. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilen Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçiriş ýerlerinde gümrük edaralarynyň işleýän wagty Türkmenistanyň gümrük çägine harytlaryň we ulag serişdeleriniň gelmegine ýol berilýär. Başga ýerlerde harytlar we ulag serişdeleri Türkmenistanyň gümrük çägine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gelip biler.

2. Daşaýjy Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçenden soň, getiren harytlaryny we ulag serişdelerini geçiriş ýerine eltmäge we olary gümrük edarasyna görkezmäge borçludyr. Şonda harytlaryň ýagdaýynyň üýtgedilmegine, olaryň gaplanyşynyň bozulmagyna, şeýle hem goýlan plombalaryň, möhürleriň we başga kybaplaýyş serişdeleriniň üýtgedilmegine, aýrylmagyna, ýok edilmegine ýa-da zeper ýetirilmegine ýol berilmeýär.

21. Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçiriş ýeriniň administrasiýasy (howa menziliniň, aerodromyň, deňiz, derýa portunyň, demir ýol wokzalynyň, menziliniň başlygy) şol geçiriş ýeriniň administrasiýasynyň gümrük edarasy bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ylalaşan tertibinde Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçiriş ýerine harytlaryň we ulag serişdeleriniň gelýän ýeri we wagty hakynda gümrük edaralaryna deslapdan habar berýär.

3. Şu babyň düzgünleri turbageçiriji ulag arkaly, elektrik geçiriji liniýalar boýunça geçirilýän, şeýle hem Türkmenistanyň gümrük çäginde ýerleşen portda ýa-da howa menzilinde durman Türkmenistanyň gümrük çägini kesip geçýän deňiz (derýa), howa gämileri bilen daşalýan harytlara degişli däldir.

(2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 21-nji madda)

 

38-nji madda. Geçiriş ýeriniň kesgitlenilişi

 

1. Harytlar we ulag serişdeleri Türkmenistanyň gümrük çägine gelen mahalynda, şular Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçiriş ýeri bolup durýar:

1) howa ulagy üçin - howa gämisiniň Türkmenistanyň gümrük çägindäki gonýan we harytlary düşürmegi, ýüklemegi we düşürip ýüklemegi amala aşyrýan ilkinji howa menzilindäki geçiriş ýeri;

2) howa ulagynda daşalýan harytlar üçin - howa gämisiniň Türkmenistanyň gümrük çägindäki gonýan we harytlary düşürmegi amala aşyrýan geçiriş ýerleri;

3) deňiz (derýa) ulagy üçin - Türkmenistanyň gümrük çäginde harytlary düşürmegi, ýüklemegi we düşürip ýüklemegi amala aşyrýan ilkinji portundaky geçiriş ýeri;

4) deňiz (derýa) ulagy bilen daşalýan harytlar üçin - Türkmenistanyň gümrük çäginde deňiz (derýa) gämisiniň durup geçýän we harytlary düşürmegi amala aşyrýan portlaryndaky geçiriş ýerleri;

5) ulagyň başga görnüşleri we olarda daşalýan harytlar üçin – barýan ýolundaky Türkmenistanyň ilkinji geçiriş ýeri.

2. Harytlar we ulag serişdeleri Türkmenistanyň gümrük çäginden gidýän mahalynda, şular Türkmenistanyň gümrük çäginden geçiriş ýeri bolup durýar:

1) howa ulagy üçin - howa gämisiniň Türkmenistanyň gümrük çäginde gonýan we harytlary düşürmegi, ýüklemegi we düşürip ýüklemegi amala aşyrýan soňky howa menzilindäki geçiriş ýeri;

2) howa ulagynda daşalýan harytlar üçin - howa gämisiniň Türkmenistanyň gümrük çäginde gonýan we harytlary ýüklemegi amala aşyrýan geçiriş ýerleri;

3) deňiz (derýa) ulagy üçin - Türkmenistanyň gümrük çäginde harytlary düşürmegi, ýüklemegi we düşürip ýüklemegi amala aşyrýan iň soňky portundaky geçiriş ýeri;

4) deňiz (derýa) ulagy bilen daşalýan harytlar üçin - Türkmenistanyň gümrük çäginde deňiz (derýa) gämisiniň durup geçýän we harytlary ýüklemegi amala aşyrýan portlaryndaky geçiriş ýerleri;

5) ulagyň başga görnüşleri we olarda daşalýan harytlar üçin – barýan ýolundaky Türkmenistanyň iň soňky geçiriş ýeri.

(2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 21-nji madda)

 

39-njy madda. Harytlar we ulag serişdeleri barada gümrük edarasyna deslapky maglumatyň berilmegi

1. Daşaýjy ýa-da başga dahylly şahs, harytlar we (ýa-da) ulag serişdeleri Türkmenistanyň gümrük çägine hakykatda gelmezinden öň, olar barada gümrük edarasyna deslapky maglumaty bermäge haklydyr.

2. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen halatlarda we möhletlerde daşaýjy ýa-da başga dahylly şahs, harytlar we (ýa-da) ulag serişdeleri barada deslapky maglumaty, olaryň Türkmenistanyň gümrük çägine hakykatda gelmezinden öň gümrük edarasyna bermäge borçludyr.

3. Deslapky maglumatyň düzümi, ony bermegiň we ulanmagyň tertibi gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilýär.

4. Deslapky maglumat Türkmenistanyň döwlet dilinde we (ýa-da) gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýän daşary ýurt dillerinde berilýär.

(2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 21-nji madda)

 

40-njy madda. Harytlar we ulag serişdeleri Türkmenistanyň gümrük serhedine gelen mahalynda resminamalaryň, maglumatlaryň berilmegi

 

1. Harytlar we ulag serişdeleri Türkmenistanyň gümrük çägine gelen mahalynda, daşaýjy, halkara daşamasy amala aşyrylýan ulagyň görnüşine baglylykda gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan şu Kodeksiň 31-nji maddasyna laýyklykda bellenilen resminamalary we maglumatlary gümrük edarasyna bermäge borçludyr.

2. Daşaýjy tarapyndan daşary ýurt dilinde düzülen resminamalar berlen mahalynda zerur bolanda, gümrük edaralary diňe gümrük taýdan resmileşdirmek üçin gerekli maglumatlaryň Türkmenistanyň döwlet diline terjime edilmegini talap etmäge haklydyr.

3. Resminamalar we maglumatlar daşaýjynyň adyndan onuň tabşyrmagy boýunça hereket edýän islendik başga şahs tarapyndan berlip bilner.

4. Daşaýjy gümrük edarasyna resminamalary we maglumatlary, şu Kodeksiň 39-njy maddasynda bellenilen şertleri berjaý etmek bilen, Türkmenistanyň gümrük çägine harytlar we ulag serişdeleri hakykatda gelmezinden öň bermäge haklydyr.

(2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 21-nji madda)

 

41-nji madda. Awariýa ýa-da öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri mahalynda görülýän çäreler

 

1. Eger, harytlaryň hakykatda Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçýän ýerinden gelýän ýerine çenli getirilmegi togtaýan bolsa, şeýle hem, eger deňiz (derýa), howa gämisi awariýa, öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri ýa-da harytlaryň eltilmegine, bellenilen ýerlerde durmagyna ýa-da gonmagyna päsgelçilik döredýän başga ýagdaýlar netijesinde Türkmenistanyň gümrük çäginde mejbury durup geçýän ýa-da gonýan bolsa, daşaýjy harytlaryň we ulag serişdeleriniň abatlygyny üpjün etmek üçin ähli çäreleri görmäge, ýakyndaky gümrük edarasyna bu ýagdaýlar, harytlaryň ýerleşýän ýeri hakynda haýal etmän habar bermäge, şeýle hem gümrük edarasynyň talaby boýunça harytlary ýakyndaky gümrük edarasynyň ýerleşýän ýerine ýa-da gümrük edarasy tarapyndan görkezilen başga ýere geçirmäge ýa-da olaryň daşalmagyny üpjün etmäge (eger onuň ulag serişdesine zeper ýeten bolsa) borçludyr.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen hadysalar hakynda habary alan gümrük edarasy hadysanyň häsiýetine, harydyň hiliniň ýitiş derejesine we ulag serişdesiniň tehniki ýagdaýyna baglylykda gümrük gözegçiligini üpjün etmek üçin zerur çäreleri kesgitleýär.

3. Daşaýjylaryň ýa-da başga şahslaryň şu maddada kesgitlenilen çäreleri görmegi bilen baglanyşykly çykdajylarynyň öwezi gümrük edaralary tarapyndan dolunmaýar.

 

42-nji madda. Harytlar we ulag serişdeleri bilen, olaryň gelýän ýerinde geçirilýän hereketler

 

1. Harytlar gelip, degişli resminamalar we maglumatlar gümrük edarasyna berlenden soň, harytlar düşürilip ýa-da düşürilip ýüklenilip, wagtlaýyn saklanylýan ammara ýerleşdirilip, anyk gümrük düzgünine ýa-da içerki gümrük üstaşyryna mälim edilip bilner.

2. Harytlaryň gelen ýerinde görkezilen pursatyndan şeýle harytlar wagtlaýyn saklanylýan harytlaryň statusyna eýe bolýarlar. Wagtlaýyn saklamagyň aňryçäk möhletiniň geçmegi bilen, gümrük edaralary görkezilen harytlara şu Kodeksiň 39-njy babyna laýyklykda ygtyýarlyk edýärler.

3. Ulag serişdeleri şu Kodeksiň 20-nji babyna laýyklykda gümrük taýdan resmileşdirmäge degişlidir.

 

43-nji madda. Harytlaryň gelen ýerinde düşürilmegi we düşürilip ýüklenilmegi

 

1. Harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çägine gelen ulag serişdesinden düşürilmegi we düşürilip ýüklenilmegi olaryň gelen ýerinde we bu maksatlar üçin ýörite niýetlenilen ýerlerde gümrük edaralarynyň iş wagtynda amala aşyrylýar.

Harytlaryň başga ýerlerde we (ýa-da) gümrük edarasynyň iş wagtyndan başga wagtda düşürilmegine we düşürilip ýüklenilmegine dahylly şahsyň ýüz tutmasy boýunça gümrük edarasynyň berýän rugsady esasynda ýol berilýär.

2. Harytlaryň düşürilýän we düşürilip ýüklenilýän ýerleri gümrük gözegçiligi zolagy bolup durýar. Bu ýerler harytlaryň abat saklanylmagy üpjün ediler ýaly hem-de ýük operasiýalarynyň geçirilmegine gatnaşmaýan şahslar ýanyna aralaşyp  bilmez ýaly gurnalmalydyr we enjamlaşdyrylmalydyr.

3. Deňiz (derýa) portunda ýük operasiýalaryny amala aşyrýan şahsyň ýüz tutmasy boýunça harytlar wagtlaýyn saklanylýan ammara ýerleşdirilmezden, görkezilen operasiýalary amala aşyrmak üçin zerur bolan möhletiň dowamynda, ýöne şu Kodeksiň 62-nji maddasynda bellenilen möhletleriň çäginde olaryň düşürilýän we düşürilip ýüklenilýän ýerinde goýlup bilner.

4. Harytlar ýitirilen ýa-da gümrük edaralarynyň rugsady bolmazdan üçünji bir şahslara berlen halatynda, ýük operasiýalaryny amala aşyrýan şahs, şu Kodekse laýyklykda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegine jogapkärçilik çekýär.

5. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi gadagan edilen harytlaryň düşürilmegi gadagan edilýär.

 

9-njy bap. IÇERKI GÜMRÜK ÜSTAŞYRY

 

44-nji madda. Içerki gümrük üstaşyry

 

1. Içerki gümrük üstaşyry – daşary ýurt harytlarynyň, gümrük paçlary, salgytlary tölenilmezden we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklar we çäklendirmeler ulanylmazdan, Türkmenistanyň gümrük çägi boýunça daşalýan gümrük amaly.

2. Içerki gümrük üstaşyry harytlaryň gelen ýerinden barmaly ýeriniň gümrük edarasynyň ýerleşýän ýerine çenli, harytlaryň deklarirlenilen mahalyndaky bolan ýerinden olaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilýän ýerine çenli, wagtlaýyn saklanylýan ammarlaryň, gümrük ammarlarynyň arasynda daşalan mahalynda, şeýle hem daşary ýurt harytlarynyň Türkmenistanyň gümrük çägi boýunça daşalýan başga halatlarynda ulanylýar, harytlaryň bir gümrük gözegçiligi zolagynyň çäginde daşalan halatlary muňa degişli däldir.

3. Şu babyň düzgünleri, eger howa gämisi yzygiderli halkara gatnawyny amala aşyrýan wagtynda harytlaryň gelýän ýerinde harytlary kem-käsleýin düşürmezden, aralykdaky ýa-da mejbury (tehniki) gonuşy amala aşyrýan howa ulagy bilen daşalýan, turbageçiriji ulag arkaly we elektrik geçiriji liniýalar boýunça geçirilýän harytlara degişli bolmaýar.

4. Içerki gümrük üstaşyrynyň amalyna laýyklykda harytlaryň daşalmagy islendik daşaýjy tarapyndan amala aşyrylyp bilner.

5. Şu babyň ulanylmagynyň maksatlary üçin:

1) ulag serişdesi diýlip, harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çägi boýunça daşalýan ulag serişdesine hem düşünilýär;

2) ekspeditor diýlip, Türkmenistanyň raýat kanunçylygyna laýyklykda ulag ekspedisiýasynyň şertnamasy boýunça hereket edýän şahsa düşünilýär.

(2023-nji ýylyň 30-njy sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № ..., ...-nji madda)

 

45-nji madda. Içerki gümrük üstaşyryna rugsat berilmegi

 

1. Içerki gümrük üstaşyrynyň gümrük amalyna laýyklykda iş zolagynda harytlaryň daşalmagy başlanýan gümrük edarasynyň (ugradylyş gümrük edarasy) ýazmaça rugsady bilen, içerki gümrük üstaşyryna ýol berilýär.

2. Şulara içerki gümrük üstaşyryna rugsat berilýär:

1) daşaýja;

2) eger Türkmenistanyň şahsy bolup durýan bolsa, ekspeditora;

3) şu maddanyň altynjy böleginde görkezilen şahslara.

3. Şu aşakdaky şertler berjaý edilen mahalynda içerki gümrük üstaşyryna rugsat berilýär, eger:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda harytlaryň Türkmenistana getirilmegi gadagan edilmedik bolsa;

2) harytlar babatda serhet gözegçiligi we döwlet gözegçiliginiň beýleki görnüşleri olaryň gelen ýerinde geçirilen bolsa, harytlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gelen ýerinde şeýle gözegçilige degişli bolan halatynda;

3) harytlar babatda rugsatlar we (ýa-da) ygtyýarnamalar berlen bolsa, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda görkezilen rugsatlar we (ýa-da) ygtyýarnamalar bolan mahalynda harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çägi boýunça geçirilmegine ýol berilýär;

4) harytlar babatda üstaşyr deklarasiýasy berlen bolsa;

5) harytlaryň kybaplanylmagy üpjün edilen bolsa;

6) harytlar gümrük plombalarynyň we möhürleriniň astynda daşalan halatynda ulag serişdesi bolmalysy ýaly enjamlaşdyrylan bolsa;

7) Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň berjaý edilmegini üpjün etmek boýunça çäreler görlen bolsa, şu Kodeksiň 2555-nji maddasynyň ikinji böleginiň 2-nji bendinde göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir;

4. Içerki gümrük üstaşyryna rugsat harytlar ugradylyş gümrük edarasyna görkezilen badyna, şol gümrük edarasy şu maddanyň üçünji böleginde bellenilen şertleriň berjaý edilýändigine göz ýetirenden soň, emma üstaşyr deklarasiýasy kabul edilen gününden başlap üç günden gijä galynman berilýär. Ugradylyş gümrük edarasy tarapyndan, üstaşyr deklarasiýasy ähli bellenilen talaplary ödeýän bolsa, ol berlen gününde kabul edilýär.

Içerki gümrük üstaşyryna rugsat beren mahalynda ugradylyş gümrük edarasy içerki gümrük üstaşyrynyň möhletini belleýär we harytlaryň eltilmeli ýerini kesgitleýär.

5. Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy gümrük işi babatdaky administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky işler boýunça administratiw temmini bermek hakynda güýje giren kararlar bilen bellenilen içerki gümrük üstaşyryna laýyklykda harytlary daşamak boýunça borçlaryny ençeme gezek ýerine ýetirmedik daşaýjyny ýa-da ekspeditory içerki gümrük üstaşyryna goýbermezlik hakyndaky çözgüdi kabul etmäge haklydyr, eger görkezilen kararlaryň iň bolmanda biri şeýle daşaýjy ýa-da ekspeditor tarapyndan ýerine ýetirilmedik bolsa ýa-da ol şu Kodeksiň 55-nji maddasyna laýyklykda gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek boýunça borjuny ýerine ýetirmedik bolsa. Görkezilen çözgüt administratiw jerime, şeýle hem şu Kodeksiň 55-nji maddasyna laýyklykda gümrük paçlary, salgytlar tölenenden soň bäş günüň dowamynda ýatyrylmaga degişlidir, bu barada özleri babatda şeýle çözgüt kabul edilen daşaýja ýa-da ekspeditora görkezilen möhletiň çäklerinde ýazmaça görnüşde habar berilýär.

6. Harytlar içerki gümrük üstaşyryna laýyklykda gümrük edarasynyň ýerleşýän ýeri bolup durmaýan eltilmeli ýerine daşalan mahalynda içerki gümrük üstaşyryna rugsat, diňe şu Kodekse laýyklykda eltilýän ýerde harytlaryň saklanylmagyny ýa-da harytlar bilen başga operasiýalaryň geçirilmegini amala aşyrjak şahsa berilýär. Bu ýagdaýda görkezilen şahs şu Kodeksiň 57-nji maddasynyň bäşinji böleginiň düzgünlerini hasaba almak bilen ekspeditor üçin şu bapda kesgitlenilen borçlary ýerine ýetirýär we jogapkärçiligi çekýär.

7. Eger içerki gümrük üstaşyryna rugsady şu maddanyň üçünji böleginiň 1-nji, 3-nji bentlerinde bellenilen şertler berjaý edilmändigi sebäpli berip bolmaýan bolsa, gümrük edarasy harytlaryň daşalýan ulag serişdeleriniň gümrükli gidilmegi üpjün edilende, harytlaryň wagtlaýyn saklanylýan ammara ýa-da gümrük gözegçiligi zolaklary bolup durýan başga ýerlere daşalmagyna rugsat bermäge haklydyr.

(2023-nji ýylyň 30-njy sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № ..., ...-nji madda)

 

46-njy madda. Üstaşyr deklarasiýasy

 

1. Ugradylyş gümrük edarasy üstaşyr deklarasiýasy hökmünde islendik täjirçilik, ulag (daşaýyş) resminamalaryny we (ýa-da)  şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen maglumatlary özünde jemleýän gümrük resminamalaryny kabul edýär.

2. Daşaýjy (ekspeditor) içerki gümrük üstaşyryna rugsat almak üçin ugradylyş gümrük edarasyna şu maglumatlary berýär:

1) ulag (daşaýyş) resminamalaryna laýyklykda harytlary iberijiniň (alyjynyň) ady we ýerleşýän ýeri hakynda;

2) harytlaryň ugradylýan ýurdy (barýan ýurdy) hakynda;

3) harytlary daşaýjynyň ýa-da, eger içerki gümrük üstaşyryna rugsady ekspeditor alýan bolsa, ekspeditoryň ady we ýerleşýän ýeri hakynda;

4) harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çägi boýunça daşalýan ulag serişdesi hakynda, daşamak awtomobil ulagy bilen amala aşyrylýan mahalynda bolsa – şeýle-de ulag serişdesiniň sürüjisi hakynda;

5) täjirçilik, ulag (daşaýyş) resminamalaryna laýyklykda harytlaryň görnüşleri ýa-da ady, mukdary, bahasy hem-de agramy ýa-da göwrümi, Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasyna laýyklykda azyndan birinji alty belginiň derejesindäki harytlaryň toparlara bölüniş kodlary hakynda;

6) ýük ýerleriniň umumy sany hakynda;

7) harytlaryň barmaly ýeri hakynda;

8) harytlaryň meýilleşdirilen ýoldaky düşürilip ýüklenilmegi ýa-da başga ýük operasiýalary hakynda;

9) harytlary daşamagyň meýilleşdirilen möhleti hakynda;

10) eger harytlaryň daşalmagy belli ugurlar boýunça amala aşyrylmaly bolsa, ugry hakynda.

3. Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy harytlary we ulag serişdelerini geçirýän şahslaryň toparlaryny, harytlaryň görnüşlerini nazara almak bilen, şeýle hem ulagyň görnüşinden ugur almak bilen, şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen maglumatlaryň sanawyny gysgaltmaga haklydyr.

4. Eger şu maddanyň birinji bölegine laýyklykda berilýän resminamalar şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen ähli maglumatlary özünde jemlemeýän bolsa, şol maglumatlar üstaşyr deklarasiýasyna ýetmeýän maglumatlary ýazmaça görnüşde girizmek arkaly goşmaça berilýär. Üstaşyr deklarasiýasynyň görnüşi we ony doldurmagyň tertibi gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilýär.

5. Gümrük edarasynyň wezipeli adamy tarapyndan şu maddanyň birinji bölegine laýyklykda berlen resminamalaryň üstaşyr deklarasiýasy hökmünde kabul edilendigi hakynda şol resminamalarda gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilýän görnüşde we tertipde bellik edilýär.

6. Üstaşyr deklarasiýasy elektron resminama görnüşinde berlip bilner. Onuň içerki gümrük üstaşyry mahalyndaky berliş we ulanylyş tertibi gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

7. Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan halatlarda üstaşyr deklarasiýasy hökmünde Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda resmileşdirilen resminamalar ulanylýar.

(2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 21-nji madda)

 

47-nji madda. Içerki gümrük üstaşyrynyň möhletleri

 

1. Içerki gümrük üstaşyrynyň aňryçäk möhleti on günden geçip bilmez, aýratyn halatlarda bolsa, gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan içerki gümrük üstaşyryna rugsat alnan gününden ýigrimi günden geçmeýän uzagrak möhlet hem bellenilip bilner.

2. Içerki gümrük üstaşyryna rugsat alnan mahalynda içerki gümrük üstaşyrynyň möhleti daşaýjynyň (ekspeditoryň) mälim etmesinden, harytlaryň daşalyşynyň adaty möhletinden, ulagyň görnüşinden we ulag serişdesiniň mümkinçiliklerinden, onuň ugrundan hem-de daşamagyň beýleki şertlerinden ugur alnyp, şu maddanyň birinji böleginde bellenilen möhletiň çäklerinde, ugradylyş gümrük edarasy tarapyndan bellenilýär.

3. Gümrük edarasy dahylly şahsyň delillendirilen ýüz tutmasy boýunça içerki gümrük üstaşyrynyň bellenilen möhletini şu maddanyň birinji böleginde bellenilen möhletiň çäklerinde uzaldýar. Eger daşaýjy, harytlar içerki gümrük üstaşyrynyň amalyna laýyklykda daşalan mahalynda, harytlary awariýa ýa-da öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri netijesinde ilkibaşdaky bellenilen möhletde eltip bilmese, içerki gümrük üstaşyrynyň möhleti gümrük edarasynyň ýazmaça görnüşdäki rugsady bilen şu maddanyň birinji böleginde bellenilen aňryçäk möhletden geçýän möhlete uzaldylyp bilner.

 

48-nji madda. Harytlary we olaryň resminamalaryny kybaplamak

 

1. Harytlaryň alynmagynyň, harytlaryň ulag serişdesine goýulmagynyň ýa-da harytlar bilen haýsy-da bolsa bir operasiýalaryň geçirilmeginiň alamatlarynyň, eger bu hereketleriň amala aşyrylmagy harytlar içerki gümrük üstaşyryna laýyklykda daşalan mahalynda mümkin bolsa, barylmagy bellenilen gümrük edarasy tarapyndan ýüze çykarylmagyna mümkinçiligi üpjün etmek maksady bilen, ugradylyş gümrük edarasy içerki gümrük üstaşyrynyň gümrük amaly astynda ýerleşdirilýän harytlary kybaplamagy amala aşyrýar.

2. Harytlaryň kybaplanylmagynyň maksatlary üçin ugradylyş gümrük edarasy şu serişdeleri ulanmaga haklydyr:

1) ulag serişdesine gümrük plombalarynyň we möhürleriniň goýulmagy;

2) sanly, harply ýa-da başga belginiň, kybaplaýyş belgileriniň ýazylmagy, aýratyn ýükleg ýerlerine plombalaryň we möhürleriň goýulmagy;

3) möhürçeleriň goýulmagy;

4) nusgalyklaryň we nusgalaryň alynmagy;

5) harytlaryň we ulag serişdeleriniň beýan edilmegi;

6) çyzgylaryň, taýýarlanan masştably şekilleriň, fotosuratlaryň, wideoýazgylaryň, illýustrasiýalaryň ulanylmagy;

7) gümrük edaralarynyň wezipeli adamlary tarapyndan düzülen çyzgylaryň, taýýarlanan masştably şekilleriň, fotosuratlaryň, wideoýazgylaryň, illýustrasiýalaryň ulanylmagy;

8) harytlary ugradyjynyň plombalaryny hem goşmak bilen, harytlaryň kybaplanylmagyna mümkinçilik berýän başga serişdeler.

3. Harytlaryň kybaplanylmagy, şu Kodeksiň 49-njy maddasynda bellenilen şertler berjaý edilen mahalynda, ulag serişdesine gümrük plombalarynyň we möhürleriniň goýulmagy arkaly amala aşyrylýar.

Harytlaryň kybaplanylmagy başga halatlarda şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen başga serişdeleriň ulanylmagy bilen amala aşyrylýar.

4. Gabyň, daşlygyň açylmagynyň ýa-da gümrük plombalaryna we möhürlerine zeper ýetirilmeginiň göze görnüp duran yzlary galdyrylmazdan harytlaryň plombalanan gapdan, daşlykdan çykarylyp ýa-da oňa goýlup bilinmeýän şertler berjaý edilen mahalynda, harytlaryň kybaplanylmagy şeýle gaplara, daşlyklara gümrük plombalarynyň we möhürleriniň goýulmagy arkaly amala aşyrylyp bilner.

5. Gümrük edaralary tarapyndan daşary ýurt döwletleriniň gümrük edaralarynyň gümrük plombalary ýa-da başga kybaplaýyş serişdeleri ulanylýar, şu aşakdaky halatlar muňa degişli däldir:

1) gümrük plombalary ýa-da başga kybaplaýyş serişdeleri ugradylyş gümrük edarasy tarapyndan şu Kodeksiň 49-njy maddasynyň birinji böleginde kesgitlenilen ölçeglere laýyklykda ýeterlik däl ýa-da ygtybarsyz diýlip ykrar edilende;

2) ugradylyş gümrük edarasynyň harytlaryň gümrük barlagyny geçirende.

Eger gümrük edaralary daşary ýurt döwletleriniň gümrük edaralarynyň gümrük plombalaryny ýa-da başga kybaplaýyş serişdelerini ulanýan bolsa, bu kybaplaýyş serişdeleriniň üýtgedilmegine, aýrylmagyna, ýok edilmegine ýa-da olara zeper ýetirilmegine Türkmenistanyň gümrük edaralarynyň kybaplaýyş serişdeleri babatda şu Kodeksde göz öňünde tutulan gadaganlyklar degişli bolup durýar.

6. Gümrük edaralary ulag (daşaýyş) resminamalaryny, şeýle hem daşaýjyda bar bolan, harytlaryň gümrük maksatly täjirçilik resminamalaryny kybaplamagy amala aşyrýar.

Gümrük edaralary resminamalary kybaplamagyň maksady üçin şu serişdeleri ulanmaga haklydyr:

1) resminamalara möhürleriň we möhürçeleriň goýulmagyny;

2) ýörite ýelmentgileriň, ýörite gorag serişdeleriniň goýulmagyny;

3) gümrük maksatlary üçin zerur bolan resminamalaryň ulag serişdeleriniň gümrük plombalary we möhürleri goýulýan ýük ýüklenýän böleklerine ýerleşdirilmegini;

4) gümrük maksatlary üçin zerur bolan resminamalaryň seýf-paketlere ýerleşdirilmegini.

(2020-nji ýylyň 14-nji martyndaky, 2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 1, 11-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 21-nji madda)

 

49-njy madda. Harytlar gümrük plombalary we möhürleri astynda daşalan mahalynda ulag serişdeleriniň enjamlaşdyrylmagy

 

1. Ulag serişdeleri gümrük plombalarynyň we möhürleriň şu aşakdakylaryň ýerine ýetirilmegi nazara alnyp düzülen we enjamlaşdyrylan bu ulag serişdelerine gös-göni goýlup bilinýän şertinde, harytlaryň gümrük plombalary we möhürleri astynda daşalmagy üçin goýberilip bilner:

1) gümrük plombalarynyň we möhürleriniň ýönekeý we ygtybarly usul bilen goýlup bilinmegi;

2) ulag serişdesiniň ýük ýüklenýän ýeriniň açylandygynyň ýa-da gümrük plombalaryna we möhürlerine zeper ýetmeginiň göze görnüp duran alamatlary galdyrylmazdan, harytlaryň ulag serişdesiniň ýük ýüklenýän ýeriniň plombalanan böleginden çykarylyp ýa-da oňa goýlup bilinmezligi;

3) ulag serişdesinde we onuň ýük ýüklenýän ýerlerinde harytlaryň gizlenilmegi üçin gizlin ýerleriň bolmazlygy;

4) harytlaryň ýerleşip biljek ähli ýerlerine gümrük gözden geçirmesini amala aşyrmak üçin ýeňil aralaşyp bolmagy.

2. Ulag serişdesini harytlaryň gümrük plombalary we möhürleri astynda daşalmagyna goýbermek hakyndaky çözgüdi gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýän gümrük edaralary kabul edýär.

Ulag serişdesini harytlaryň gümrük plombalary we möhürleri astynda daşalmagyna goýbermek hakyndaky çözgüdi kabul etmegiň tertibi gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

(2020-nji ýylyň 14-nji martyndaky, 2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 1, 11-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 21-nji madda)

 

50-nji madda. Içerki gümrük üstaşyrynda harytlaryň eltilýän ýeri

 

1. Içerki gümrük üstaşyrynda harytlaryň eltilýän ýeri, ulag (daşaýyş) resminamalarynda görkezilen barmaly ýeri hakyndaky maglumatlar esasynda, ugradylyş gümrük edarasy tarapyndan kesgitlenilýär. Barylmagy bellenilen gümrük edarasynyň iş zolagynda ýerleşýän gümrük gözegçiligi zolagy harytlaryň eltilmeli ýeri bolup durýar. Şonda gelýän ýerinden daşalýan harytlar gümrük edarasynyň ýerleşýän ýerine eltilýär.

2. Içerki gümrük üstaşyrynda barmaly ýeri üýtgän halatynda daşaýjy harytlaryň eltilýän ýerini üýtgetmek hakynda haýyş bilen gümrük edarasyna ýüzlenmäge haklydyr. Şonda daşaýjy öz barýan ýolunyň ugrundaky islendik gümrük edarasyna barmaly ýeriniň üýtgedilmegi hakynda erkin görnüşde düzülen arzany, barmaly ýeriniň üýtgeýändigini tassyklaýan resminamalary, şeýle hem şu Kodeksiň 57-nji maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan resminamalary berýär.

Gümrük edarasy tarapyndan harytlaryň eltilmeli ýeriniň üýtgedilmegi hakyndaky çözgüt şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen arzanyň we resminamalaryň alnan gününiň yzyndan gelýän günden gijä galynman kabul edilýär. Görkezilen çözgüt eltilmeli ýeri üýtgedilen harytlar babatda içerki gümrük üstaşyryny tamamlamak we içerki gümrük üstaşyryna täze rugsadyň berilmegi arkaly resmileşdirilýär. Içerki gümrük üstaşyryna täze rugsat harytlaryň eltilmeli ýerini üýtgetmek hakyndaky çözgüdiň kabul edilen gününde berilýär.

 

51-nji madda. Içerki gümrük üstaşyrynda Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň berjaý edilmegini üpjün etmek boýunça çäreler

 

Ugradylyş gümrük edarasy içerki gümrük üstaşyrynda Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň berjaý edilmegini üpjün etmek boýunça şu aşakdaky çäreleri (görkezilen çäreleriň birini) kabul etmäge haklydyr:

1) daşary ýurt harytlary babatda, harytlar erkin dolanyşyga goýberilen mahalynda tölenilmäge degişli boljak getiriliş gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberlerine laýyk gelýän möçberlerde gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmeginiň üpjün edilmegi. Eger içerki gümrük üstaşyrynyň maksatlary üçin berlen harytlar hakyndaky maglumatlar getiriliş gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberlerini hasaplamak üçin ýeterlik däl bolsa, gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilişini üpjün etmegiň möçberi şu Kodeksiň 282-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde kesgitlenilýär;

2) gümrükli gidilme.

 

52-nji madda. Gümrükli gidilme

 

1. Gümrükli gidilme – gümrük edaralarynyň wezipeli adamlary tarapyndan diňe içerki gümrük üstaşyrynda Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň berjaý edilmegini üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýan, içerki gümrük üstaşyryna laýyklykda harytlary daşaýan ulag serişdeleriniň ýany bilen gidilmegi.

2. Gümrük edarasy şu aşakdaky halatlarda gümrükli gidilme hakyndaky çözgüdi kabul etmäge haklydyr:

1) şu Kodeksiň 29-njy babyna laýyklykda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi üpjün edilmese;

2) şu Kodekse laýyklykda töwekgellikleri seljeriş we olary dolandyrmagyň ulgamy esasynda kesgitlenilýän harytlaryň aýratyn görnüşleri daşalanda;

3) gümrük işi babatda administratiw hukuk bozulmasy hakyndaky iş boýunça administratiw temmi bermek hakynda güýje giren karar bilen tassyklanylýan, daşaýjy tarapyndan içerki gümrük üstaşyryna rugsat almak üçin ýüz tutan gününe çenli bir ýylyň dowamynda iň bolmanda bir gezek harytlaryň eltilmeli ýerine eltilmese;

4) eger alnyp gidilen mahalynda harytlar bilen gümrük serhedinden hakykatda geçilýän ýeri olaryň ýerleşýän ýeri bilen gabat gelmeýän bolsa, Türkmenistana ýalňyşlyk bilen getirilen ýa-da Türkmenistana getirilmegi gadagan edilen harytlar yzyna alnyp gidilende;

5) harytlar şu Kodeksiň 45-nji maddasynyň altynjy we ýedinji böleklerine laýyklykda daşalanda;

6) özleri babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklar we çäklendirmeler ulanylýan harytlar daşalanda.

3. Gümrükli gidilme üçin şu Kodeksiň 32-nji babyna laýyklykda gümrük ýygymy töledilip alynýar.

 

53-nji madda. Daşaýjynyň içerki gümrük üstaşyryndaky borçlary

 

Daşaýjy, harytlar içerki gümrük üstaşyryna laýyklykda daşalanda, şu aşakdakylara borçludyr:

1) harytlary we olaryň resminamalaryny ugradylyş gümrük edarasy tarapyndan bellenilen möhletlerde harytlaryň eltilmeli ýerine eltmäge;

2) harytlaryň, eger ulanylan bolsa gümrük plombalarynyň we möhürleriniň ýa-da başga kybaplaýyş serişdeleriniň abat saklanylmagyny üpjün etmäge;

3) gümrük edaralarynyň rugsady bolmazdan harytlaryň düşürilip ýüklenilmegine, düşürilmegine, ýüklenilmegine we olar bilen başga ýük operasiýalarynyň geçirilmegine ýol bermezlige, şu Kodeksiň 54-nji maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan halatda harytlaryň düşürilip başga ulag serişdesine ýüklenilmegi muňa degişli däldir.

 

54-nji madda. Harytlary düşürip ýüklemek, düşürmek, ýüklemek we olar bilen başga ýük operasiýalary 

 

1. Içerki gümrük üstaşyryna laýyklykda daşalýan harytlaryň düşürilip ýüklenilmegine, düşürilmegine, ýüklenilmegine we olar bilen başga ýük operasiýalarynyň geçirilmegine ugradylyş gümrük edarasynyň ýa-da iş zolagynda degişli ýük operasiýasy amala aşyrylýan gümrük edarasynyň rugsady bilen ýol berilýär. Eger harytlar bir ulag serişdesinden düşürilip beýlekisine goýlan gümrük plombalaryna we möhürlerine zeper ýetirilmezden ýüklenilip bilinýän bolsa, şeýle düşürip ýüklemeklige gümrük edarasyna deslapdan habar berlenden soň ýol berilýär.

2. Gümrük edarasy harytlar bilen ýük operasiýalarynyň geçirilmegine rugsat bermekden diňe olaryň geçirilmegi harytlaryň ýitmegine ýa-da olaryň häsiýetiniň üýtgemegine getirip biljek halatynda ýüz öwrüp biler.

 

55-nji madda. Daşaýjynyň we ekspeditoryň içerki gümrük üstaşyryndaky jogapkärçiligi

 

1. Daşary ýurt harytlary barylmagy bellenilen gümrük edarasyna eltilmedik halatynda daşaýjy ýa-da, eger ekspeditor tarapyndan içerki gümrük üstaşyryna rugsat alnan bolsa, ekspeditor şu Kodekse laýyklykda getiriliş gümrük paçlaryny, salgytlary tölemäge borçludyr.

Eger harytlar daşaýjy tarapyndan alyja ýa-da başga bir şahsa gümrük edarasynyň rugsady bolmazdan berlen bolsa, görkezilen harytlary eýelik etmäge alan şahs, eger ol şahsyň şol harytlary alan mahalynda Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň bozulandygy hakynda bilendigi ýa-da bilmelidigi anyklanan bolsa, ol gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi üçin jogapkärçilik çekýär.

2. Eger harytlar awariýanyň, öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri netijesinde ýok bolan ýa-da ýiten ýa-da daşamagyň (ulagly daşamagyň) kadaly şertlerinde harytlaryň tebigy azalýan halatynda daşaýjy we ekspeditor gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi üçin jogapkärçilik çekmeýär.

Eger şu bapda kesgitlenilen başga şertler we talaplar ýerine ýetirilen bolsa, gümrük edaralarynyň içerki gümrük üstaşyrynyň bellenilen möhletleriniň bozulmagy esasynda daşaýja ýa-da ekspeditora gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi hakynda talaby bildirmäge haky ýokdur.

3. Içerki gümrük üstaşyrynda ýükler bir ulag serişdesinden düşürilip başga ulag serişdesine ýüklenilen halatynda içerki gümrük üstaşyryna rugsat alan daşaýjy (ekspeditor) gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi üçin jogapkärçilik çekýär.

4. Harytlar içerki gümrük üstaşyryna laýyklykda demir ýol ulagy bilen daşalanda, gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi üçin, harytlary ýitiren ýa-da gümrük edarasynyň rugsady bolmazdan olary beren demir ýol edarasy jogapkärçilik çekýär. Gümrük edaralary tarapyndan gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi hakyndaky talap barylmagy bellenilen demir ýol edarasyna bildirilýär. Şu bölegiň düzgünleri, eger içerki gümrük üstaşyryna rugsat ekspeditora berlen halatlaryna, şeýle hem, eger içerki gümrük üstaşyryna rugsat başga görnüşli ulagyň daşaýjysyna berlen bolsa harytlaryň göni garyşyk gatnawda daşalýan halatlaryna degişli däldir.

 

56-njy madda. Awariýa, öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri ýa-da başga ýagdaýlar bolan mahalynda görülýän çäreler

 

1. Harytlaryň içerki gümrük üstaşyryna laýyklykda daşalmagyna päsgel berýän awariýanyň, öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri ýa-da başga ýagdaýlar bolan mahalynda daşaýjy şu Kodeksiň 41-nji maddasynda göz öňünde tutulan çäreleri görýär.

2. Daşaýjynyň görkezilen çäreleriň görülmegi bilen baglanyşykly çeken çykdajylarynyň öwezi gümrük edaralary tarapyndan dolunmaýar.

 

57-nji madda. Harytlaryň içerki gümrük üstaşyrynyň tamamlanmagy

 

1. Harytlaryň içerki gümrük üstaşyry tamamlanýan gümrük edarasy (barylmagy bellenilen gümrük edarasy) mümkin bolan gysga möhletlerde, ýöne, ulag serişdesiniň gelmegi bellige alnan pursatyndan başlap ýigrimi dört sagatdan gijä galman, eger bu gümrük edarasy tarapyndan resminamalar barlanan we harytlar kybaplanylan mahalynda Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň bozulmalary ýüze çykarylmadyk bolsa, içerki gümrük üstaşyrynyň tamamlanmagyny resmileşdirýär.

2. Barylmagy bellenilen gümrük edarasy daşaýjy tarapyndan şu maddanyň üçünji böleginde görkezilen resminamalar berlen pursatyndan başlap iki sagadyň dowamynda ulag serişdesiniň harytlaryň eltilmeli ýerine gelmegini bellige almaga borçludyr.

3. Daşaýjy içerki gümrük üstaşyrynyň tamamlanmagy üçin ulag serişdesiniň harytlaryň eltilmeli ýerine gelen pursatyndan başlap bir sagadyň dowamynda, gümrük edarasynyň bellenilen iş wagtyndan başga wagtda gelen halatynda bolsa – ol gümrük edarasynyň iş wagtynyň başlaýan pursatyndan başlap bir sagadyň dowamynda barylmagy bellenilen gümrük edarasyna harytlary görkezmäge, üstaşyr deklarasiýasyny, şeýle hem onuň ýanynda bar bolan harytlaryň başga resminamalaryny bermäge borçludyr. Harytlar demir ýol ulagy bilen daşalan mahalynda görkezilen resminamalary bermegiň möhleti on iki sagatdan geçmeli däldir.

4. Ulag serişdeleri harytlaryň eltilmeli ýerinde, içerki gümrük üstaşyry tamamlanýança, gümrük gözegçiligi zolagynda ýerleşdirilýär.

Ulag serişdeleriniň gümrük gözegçiligi zolagynda ýerleşdirilmegine gije-gündiziň islendik wagtynda rugsat berilýär.

5. Harytlar gümrük edarasynyň ýerleşýän ýeri bolmadyk harytlaryň eltilýän ýerine daşalan mahalynda, içerki gümrük üstaşyrynyň tamamlanmagy barylmagy bellenilen gümrük edarasyna harytlar görkezilmezden amala aşyrylyp bilner.

Içerki gümrük üstaşyryna rugsat alan şahs, gümrük edarasy harytlaryň wagtlaýyn saklanylýan ammara, gümrük ammaryna ýa-da şu bapda bellenilen düzgünlere laýyklykda harytlaryň eltilmeli ýeri hökmünde kesgitlenilen başga ýere eltilendigini tassyklaýança, harytlary saklamak üçin kabul etmäge borçludyr hem-de harytlaryň ýagdaýyny üýtgedýän, olaryň gaplanmagynyň bozulmagyna getirýän operasiýalaryň amala aşyrylmagyna, olary peýdalanmaga we olara ygtyýarlyk etmäge ýol berilmezligi üpjün etmäge borçludyr. Şonda harytlar aýratyn jaýda ýa-da daşyna germew edilen meýdançada ýerleşdirilmelidir, olary kybaplamaga mümkinçilik berýän maglumatly ýazgylar bilen üpjün edilmelidir.

Içerki gümrük üstaşyrynyň tamamlanylmagy üçin barylmagy bellenilen gümrük edarasyna ulag serişdesiniň harytlar eltilmeli ýerine gelenden soň bir gije-gündiziň dowamynda şu maddanyň üçünji böleginde görkezilen resminamalar bilen birlikde harytlaryň kabul edilendigini tassyklaýan resminamalar berilýär. Barylmagy bellenilen gümrük edarasy görkezilen resminamalaryň berlen gününden başlap üç günüň dowamynda ulag serişdesiniň gelmegini we harytlaryň eltilmegini bellige almaga borçludyr.

 

10-njy bap. HARYTLARYŇ WAGTLAÝYN

SAKLANYLMAGY

 

58-nji madda. Harytlaryň wagtlaýyn saklanylmagy

 

1. Harytlaryň wagtlaýyn saklanylmagy – daşary ýurt harytlarynyň gümrük paçlary, salgytlar tölenmezden we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäklendirmeler ulanylmazdan olaryň kesgitlenilen gümrük düzgünine laýyklykda goýberilmegine çenli ýa-da olaryň başga gümrük amaly astynda ýerleşdirilmegine çenli saklanylýan gümrük amaly.

2. Şu babyň ulanylmagynyň maksatlary üçin ulag serişdesi diýlip, harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çägi boýunça daşalýan ulag serişdesine hem düşünilýär.

 

59-njy madda. Wagtlaýyn saklanylýan ammarlar

 

1. Eger şu Kodeksde başgaça bellenilmedik bolsa, harytlaryň wagtlaýyn saklanylmagy wagtlaýyn saklanylýan ammarlarda amala aşyrylýar.

Harytlaryň wagtlaýyn saklanylýan ammarlary bu maksatlar üçin ýörite niýetlenen we enjamlaşdyrylyp gurnalan, şu Kodeksiň 66-njy maddasynda bellenilen talaplara laýyk gelýän jaýlar we (ýa-da) açyk meýdançalardyr.

2. Wagtlaýyn saklanylýan ammarlar gümrük gözegçiligi zolagy bolup durýar.

3. Harytlar şu Kodeksde göz öňünde tutulan çäklendirmeleri nazara almak bilen islendik wagtlaýyn saklanylýan ammara ýerleşdirilip bilner.

(2023-nji ýylyň 30-njy sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № ..., ...-nji madda)

 

60-njy madda. Harytlaryň wagtlaýyn saklanylýan ammarlara ýerleşdirilmegi

 

1. Islendik daşary ýurt harytlary, şol sanda getirilmegine Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklaryň bozulmagy bilen Türkmenistanyň gümrük çägine getirilen harytlar, wagtlaýyn saklanylýan ammarlara ýerleşdirilip bilner.

2. Başga harytlara zyýan ýetirip biljek ýa-da saklamagyň aýratyn şertlerini talap edýän harytlar şeýle harytlary saklamak üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilen hökmany talaplaryň berjaý edilmegi bilen ýörite gurnalan ammarlarda ýa-da wagtlaýyn saklanylýan ammarlaryň aýratyn jaýlarynda saklanylmalydyr.

3. Wagtlaýyn saklanylýan ammarlar şu Kodeksiň 326-njy we 338-nji maddalarynda göz öňünde tutulan halatlarda hem harytlary saklamak üçin ulanylyp bilner.

 

61-nji madda. Harytlary wagtlaýyn saklanylýan ammara ýerleşdirmek üçin zerur bolan resminamalar

 

1. Harytlar wagtlaýyn saklanylýan ammara ýerleşdirilen mahalynda gümrük edarasyna ulag (daşaýyş) resminamalaryna laýyklykda harytlary iberijiniň (alyjynyň) ady we ýerleşýän ýeri, harytlaryň ugradylýan ýurdy we barýan ýurdy, harytlaryň ady, olaryň mukdary, ýük ýerleriniň sany, harytlaryň gaplanyş we belgileniş häsiýeti we usullary, faktura bahasy, harytlaryň brutto agramy (kilogramda) ýa-da harytlaryň göwrümi (kubmetrde) hakynda, şeýle hem Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasyna laýyklykda azyndan birinji dört belginiň derejesindäki harytlaryň toparlara bölüniş kodlary hakynda maglumatly resminamalar berilýär.

Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy ulagyň görnüşini, harytlaryň görnüşlerini, şeýle hem harytlary we ulag serişdelerini geçirýän şahslaryň toparlaryny nazara almak bilen, şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen maglumatlaryň sanawyny gysgaltmaga haklydyr.

Eger berlen resminamalarda şu bölekde görkezilen maglumatlar bolmasa harytlary wagtlaýyn saklanylýan ammara ýerleşdirýän şahs gümrük edarasyna özünde bar bolan başga resminamalary ýa-da ol tarapyndan (ýa-da onuň tabşyrmagy boýunça başga şahs tarapyndan) erkin görnüşde düzülen goşmaça resminamalary bermek arkaly ýetmeýän maglumatlary habar bermäge borçludyr.

2. Harytlary wagtlaýyn saklanylýan ammara ýerleşdirýän şahs gümrük edarasynyň talap etmegi boýunça şu Kodekse laýyklykda elektron resminamasy görnüşinde zerur resminamalary we maglumatlary bermäge borçludyr.

 

62-nji madda. Harytlaryň wagtlaýyn saklanylyş möhletleri

 

1. Harytlaryň wagtlaýyn saklanylyş möhleti bir aýdan ybarat.

Gümrük edarasy dahylly şahsyň delillendirilen ýüz tutmasy boýunça görkezilen möhleti uzaldýar.

Eger şu maddada başgaça bellenilmedik bolsa, harytlaryň wagtlaýyn saklanylmagynyň aňryçäk möhleti, alty aýdan ybarat.

2. Çalt zaýalanýan harytlar wagtlaýyn saklanylýan ammarda bu harytlary niýetlenilişi boýunça ulanmaga mümkinçilik berýän onuň hiliniň saklanylyş möhletiniň çäklerinde, ýöne şu maddanyň birinji böleginde bellenilenden artyk bolmadyk möhletde saklanylyp bilner.

3. Harytlaryň wagtlaýyn saklanylmagy şu Kodeksiň 7-nji maddasynyň birinji böleginde we 326-njy maddasynyň sekizinji böleginde göz öňünde tutulan halatlarda bu maddalarda görkezilen möhletlerde amala aşyrylýar. Bu möhletleriň uzaldylmagyna ýol berilmeýär.

4. Harytlaryň wagtlaýyn saklanylyş möhletiniň hasaplanylmagy olaryň wagtlaýyn saklanylýan ammara ýerleşdirilen gününden ýa-da harytlaryň şu Kodekse laýyklykda wagtlaýyn saklamakda durýan harytlaryň statusyny alan gününden başlanýar. Harytlar Türkmenistanyň gümrük çägine gelýän ýerinden gümrük edarasynyň ýerleşýän ýerine çenli daşalanda içerki gümrük üstaşyry ulanylan halatynda ol harytlaryň wagtlaýyn saklanylyş möhletini hasaplamak içerki gümrük üstaşyrynyň tamamlanan gününden täzeden başlanýar.

5. Şu maddada göz öňünde tutulan möhletler geçenden soň harytlara ygtyýarlyk etmek şu Kodeksiň 39-njy babyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

63-nji madda. Wagtlaýyn saklanyşda duran harytlar bilen geçirilýän operasiýalar

 

1. Harytlar babatda ygtyýarlyklary bolan şahslar we olaryň wekilleri wagtlaýyn saklamakda duran harytlar bilen harytlaryň üýtgewsiz ýagdaýda abat saklanylmagyny üpjün etmek üçin zerur bolan adaty operasiýalary (şol sanda harytlary gözden geçirmäge we olary ölçemäge, wagtlaýyn saklanylýan ammaryň çäklerinde olary göçürmäge), bu operasiýalaryň harytlaryň ýagdaýynyň üýtgemegine, olaryň gaplanmagynyň bozulmagyna we (ýa-da) olara goýlan kybaplaýyş serişdeleriniň üýtgemegine getirmeýän şertinde, geçirmäge  haklydyr.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilmedik operasiýalar (şol sanda nusgalyklary we harytlaryň nusgalaryny saýlap almak, zeper ýeten gabyny düzetmek, şeýle hem harytlary wagtlaýyn saklanylýan ammardan alyp gitmäge we olaryň soňky ulagly äkidilmegine taýýarlamak üçin zerur bolan operasiýalar) harytlar babatda ygtyýarlyklary bolan şahslar we olaryň wekilleri tarapyndan gümrük edarasynyň rugsady bilen amala aşyrylyp bilner.

Gümrük edarasy şeýle operasiýalary geçirmek üçin rugsat bermekden, diňe olaryň amala aşyrylmagy harytlaryň ýitirilmegine ýa-da olaryň ýagdaýynyň üýtgemegine getirip biljek halatynda, ýüz öwürmäge haklydyr.

 

64-nji madda. Ýaramsyz hala gelen, zaýalanan ýa-da zeper ýeten harytlar

 

Wagtlaýyn saklanylýan döwründe awariýanyň ýa-da öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri netijesinde ýaramsyz hala gelen, zaýalanan ýa-da zeper ýeten harytlar, deklarant tarapyndan, olaryň Türkmenistanyň gümrük çägine ýaramsyz, zaýalanan ýa-da zeper ýeten halda getirilendäkisi ýaly kesgitlenilen gümrük düzgünine ýerleşdirilmäge degişlidir.

 

65-nji madda. Wagtlaýyn saklanylýan ammarlaryň görnüşleri

 

1. Wagtlaýyn saklanylýan ammarlar açyk ýa-da ýapyk görnüşli bolup bilerler.

2. Wagtlaýyn saklanylýan ammarlar, eger olar islendik harytlary saklamak üçin we islendik şahslaryň ulanylmagy üçin açyk bolsa, olar açyk görnüşli ammarlar bolup durýar.

3. Wagtlaýyn saklanylýan ammarlar, eger olar ammara eýelik edýäniň harytlaryny saklamak üçin ýa-da kesgitlenilen harytlary, şol sanda dolanyşygy çäklendirilen we (ýa-da) saklamagyň aýratyn şertlerini talap edýän harytlary saklamak üçin niýetlenilen bolsa, ýapyk görnüşli ammarlar bolup durýar.

 

66-njy madda. Wagtlaýyn saklanylýan ammarlaryň enjamlaşdyrylyp gurnalyşyna we ýerleşýän ýerine bildirilýän talaplar

 

1. Wagtlaýyn saklanylýan ammar hökmünde ulanmak üçin niýetlenilen jaýlar we (ýa-da) açyk meýdançalar harytlaryň abatlygy üpjün ediler ýaly, olara keseki (ammaryň işgärleri bolup durmaýan, harytlar babatda ygtyýarlyklary bolmadyk ýa-da şeýle ygtyýarlyklary bolan şahslaryň wekilleri bolup durmaýan) şahslar aralaşyp bilmez ýaly, şeýle hem bu harytlar babatda gümrük gözegçiligini geçirmek üçin mümkinçiligi üpjün eder ýaly enjamlaşdyrylyp gurnalan bolmalydyr. Wagtlaýyn saklanylýan ammarlar ulag çatryklarynda we esasy ulag ýollaryna amatly ýakynlykda ýerleşmelidir.

2. Wagtlaýyn saklanylýan ammar hökmünde ulanmak üçin niýetlenilen jaýlara we (ýa-da) açyk meýdançalara içerki gümrük üstaşyrynyň tamamlanmagy üçin zerur bolan wagtda harytlary daşaýan ulag serişdeleriniň durmagy üçin enjamlaşdyrylan goralýan çäk ýanaşykda bolmalydyr. Görkezilen çäk gümrük gözegçiligi zolagy bolup durýar. Gümrük gözegçiligi astyndaky harytlary daşaýan ulag serişdeleri bu zolaga gije-gündiziň islendik wagty girip biler.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerine laýyklykda gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy gümrük gözegçiligini üpjün etmek maksady bilen wagtlaýyn saklanylýan ammarlaryň enjamlaşdyrylyp gurnalyşyna we ýerleşýän ýerine bildirilýän hökmany talaplary belleýär.

4. Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasynyň çözgüdi boýunça kärhanalaryň çäklerinde ýerleşýän we önümçilik işini amala aşyrýan şahslaryň eýelik edýän ýapyk görnüşli ammarlaryň enjamlaşdyrylyp gurnalyşyna bildirilýän, şu maddada göz öňünde tutulýan aýratyn talaplar, şu maddanyň birinji böleginde bellenilen ölçegler berjaý edilýän bolsa, ulanylman bilner.

 

67-nji madda. Wagtlaýyn saklanylýan ammarlara eýelik edýänler

 

1. Wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýänleriň sanawyna goşulan Türkmenistanyň ýuridik şahsy wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edip biler.

Wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýänleriň sanawyna goşmagyň şertleri we ol Sanawy ýöretmegiň tertibi gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan  kesgitlenilýär.

Wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýänleriň sanawy gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan ýöredilýär.

2. Wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýän şu Kodeksde bellenilen halatlarda we şertlerde gümrük gözegçiligi astyndaky harytlaryň saklanylmagyny amala aşyrýar.

3. Wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýäniň harytlaryny saklamaga ýerleşdirýän şahslar bilen gatnaşyklary şertnamalaýyn esasda guralýar. Wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýäniň (ammara eýelik edýäniň harytlaryny saklamak üçin ulanylýan ýapyk görnüşli ammardan başgasy) harytlary saklamagy amala aşyrmaga mümkinçiligi bolan mahalynda şertnama baglaşmakdan ýüz öwürmegine ýol berilmeýär.

4. Gümrük edaralary Wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýänleriň sanawyna goşulmazdan wagtlaýyn saklanylýan ammarlara eýelik edip biler.

(2020-nji ýylyň 14-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 1, 11-nji madda)

 

68-nji madda. Wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýäniň borçlary

 

1. Wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýän şulara borçludyr:

1) gümrük gözegçiligi astyndaky harytlaryň saklanylmagy babatda şu Kodeksde bellenilen şertleri we talaplary berjaý etmäge;

2) gümrük gözegçiligi astynda saklanylýan harytlaryň hasabyny ýöretmäge we gümrük edaralaryna şeýle harytlaryň saklanylyşy hakynda hasabat bermäge;

3) wagtlaýyn saklanylýan ammara ýerleşdirilen harytlaryň we oňa ýanaşyk ýerleşýän gümrük gözegçiligi zolagy bolup durýan çäkde duran ulag serişdeleriniň abat saklanylmagyny üpjün etmäge;

4) harytlary we ulag serişdelerini wagtlaýyn saklanylýan ammarda ýa-da oňa ýanaşyk ýerleşýän gümrük gözegçiligi zolagy bolup durýan çäkde gije-gündiziň dowamynda ýerleşdirmek mümkinçiligini üpjün etmäge;

5) görkezilen ammardaky ýa-da oňa ýanaşýan çäkdäki harytlara we ulag serişdelerine gümrük edarasynyň rugsady bolmazdan keseki şahslaryň aralaşyp bilmezligini üpjün etmäge;

6) eger wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýän tarapyndan içerki gümrük üstaşyryna rugsat alnan bolsa, şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan halatda, şeýle hem şu Kodeksiň 55-nji maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan halatda, gümrük paçlaryny, salgytlary tölemäge.

2. Wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýän, wagtlaýyn saklanylýan ammarda saklanylýan harytlar ýitirilen ýa-da gümrük edarasynyň rugsady bolmazdan berlen halatynda olar babatda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi üçin jogapkärçilik çekýär. Wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýän diňe harytlar awariýanyň, öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri netijesinde ýok bolan ýa-da ýiten ýa-da saklamagyň kadaly şertlerinde harytlaryň tebigy azalýan halatynda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi üçin jogapkärçilik çekmeýär.

 

69-njy madda. Wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýän Wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýänleriň sanawyndan çykarylan halatynda harytlar bilen amala aşyrylýan hereketler

 

Wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýän Wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýänleriň sanawyndan çykarylan halatynda, onuň wagtlaýyn saklanylýan ammarynda saklanylýan harytlar, şol Sanawdan çykarylan gününiň yzyndan gelýän günden başlap iki aýyň dowamynda, onuň öz hasabyna başga wagtlaýyn saklanylýan ammara ýerleşdirilmäge degişlidir. Wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýäniň Wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýänleriň sanawyndan çykarylan gününiň yzyndan gelýän günden başlap, harytlaryň bu wagtlaýyn saklanylýan ammara ýerleşdirilmegine ýol berilmeýär. 

(2020-nji ýylyň 14-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 1, 11-nji madda)

 

70-nji madda. Gümrük edaralarynyň wagtlaýyn saklanylýan ammarlarynda harytlaryň saklanylmagy

 

1. Gümrük edaralarynyň wagtlaýyn saklanylýan ammarlary açyk görnüşli ammarlar bolup durýar we şu Kodeksiň 66-njy maddasynda bellenilen talaplara laýyk gelmelidir.

2. Harytlar gümrük edaralarynyň wagtlaýyn saklanylýan ammarlarynda saklanylan mahalynda gümrük edaralary bilen harytlaryny şol ammarlarda ýerleşdirýän şahslar bilen özara gatnaşyklary şu Kodekse we Türkmenistanyň raýat kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. Harytlaryň saklanylmagyny amala aşyrmaga mümkinçilik bolan mahalynda gümrük edarasynyň şertnama baglaşmakdan ýüz öwürmegine ýol berilmeýär.

Gümrük edarasy tarapyndan harytlaryň saklamaga kabul edilmegi harytlaryny wagtlaýyn saklanylýan ammara ýerleşdiren şahsa gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýän görnüşde resminamanyň berilmegi bilen tassyklanylýar.

3. Gümrük edaralarynyň harytlary saklamagy amala aşyrmagy bilen baglanyşykly hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi şu Kodeksde bellenilen düzgünleri nazara almak bilen, Türkmenistanyň raýat kanunçylygynda göz öňünde tutulan saklamak hakyndaky umumy düzgünlere laýyk borçlarynyň düýp manysyndan gelip çykýar.

Gümrük edarasy wagtlaýyn saklanylýan ammarda saklanylýan harytlar ýitirilen halatynda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegine jogapkärçilik çekýär, harytlaryň awariýa, öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri netijesinde ýok edilen, ýitirilen ýa-da saklamagyň kadaly şertlerinde tebigy azalýan halaty muňa degişli däldir.

4. Harytlaryň gümrük edarasynyň Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçiriş ýerlerinde ýerleşýän wagtlaýyn saklanylýan ammarynda saklanylmagy üçin, şu Kodeksiň 32-nji babyna laýyklykda gümrük ýygymy töledilip alynýar.

(2015-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý. № 4, 127-nji madda)

 

71-nji madda. Harytlaryň ulag serişdesinde wagtlaýyn saklanylmagy

 

1. Harytlar babatda ygtyýarlyklary bolan şahs ýüz tutan mahalynda, ygtyýarlygynda demir ýol sowma şahasy bolan şahsyň ýa-da harytlary awtomobil ulagy bilen eltmegi amala aşyran daşaýjynyň razylygy bilen, harytlar goýlan gümrük plombalary we başga kybaplaýyş serişdeleri zeper ýetirilmän we ýitirilmän eltilen, şeýle hem kybaplaýyş serişdeleri bar bolan mahalynda harytlaryň ýanyna aralaşmak mümkinçiligi bolmadyk şertinde, gümrük edarasy tarapyndan harytlaryň ulag serişdesinde wagtlaýyn saklanylmagyna rugsat berilýär.

2. Harytlar ulag serişdesinden düşürilmedik we ulag serişdesiniň durýan ýeri gümrük edarasy bilen ylalaşylan halatynda harytlaryň ulag serişdesinde wagtlaýyn saklanylmagyna rugsat berilýär. Harytlaryň ulag serişdesinden düşürilmegine ýa-da ulag serişdesiniň durýan ýeriniň üýtgedilmegine diňe gümrük edarasynyň rugsady bilen ýol berilýär.

Ulag serişdeleriniň durýan ýerleri gümrük gözegçiligi zolagy bolup durýar. Harytlar babatda ygtyýarlyklary bolan şahs harytlaryň abat saklanylmagyny we olaryň ýanyna keseki şahslaryň aralaşmazlygyny üpjün etmäge borçludyr.

3. Gümrük gözegçiligi zolagynda ulag serişdelerinde saklanylýan harytlar ýitirilende ýa-da olar gümrük edaralarynyň rugsady bolmazdan berlen halatynda harytlar babatda ygtyýarlygy bolan şahs gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi üçin jogapkärçilik çekýär, eger ulag serişdesi wagtlaýyn saklanylýan ammaryň goralýan çäginde duran bolsa, onda bu jogapkärçiligi wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýän  çekýär.

4. Harytlaryň ulag serişdesinde wagtlaýyn saklanylyş möhleti gümrük edarasy tarapyndan harytlaryň ulag serişdesinde saklanylmagyna rugsat beren gününden başlap on günden geçmeli däldir. Bu möhlet geçenden soň kesgitlenilen gümrük düzgünine laýyklykda goýberilmedik ýa-da başga gümrük amalyna ýerleşdirilmedik harytlar wagtlaýyn saklanylýan ammara ýa-da başga gümrük amalyna ýerleşdirilmelidir.

 

72-nji madda. Harytlary alyjynyň ammarynda wagtlaýyn saklamak

 

1. Gümrük edarasynyň rugsady bilen wagtlaýyn saklamak harytlary alyjynyň ammarynda:

1) aýratyn şahslar üçin ýörite ýönekeý amallar ulanylanda;

2) eger harytlaryň alynýan ýerine amatly ýakynlykda şeýle harytlary saklamak üçin ýaramly gurnalan wagtlaýyn saklanylýan ammar bolman, harytlaryň saklamagyň aýratyn şertlerini talap edýän wagtlaýyn saklanylmagy zerur bolanda;

3) eger döwlet edaralary ýa-da döwlet kärhanalary (guramalary, edaralary) harytlaryň alyjysy bolsa;

4) harytlar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütleri esasynda baglaşylýan gurluşyk we maýa goýum şertnamalarynyň hasabyna gowşanda, amala aşyrylyp bilner.

2. Harytlary alyjynyň ammarynda wagtlaýyn saklamaga rugsat berlende gümrük edarasy gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmeginiň üpjün edilmegini talap etmäge haklydyr, şu Kodeksiň 2555-nji maddasynyň ikinji böleginiň 3-nji bendinde göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

3. Harytlary alyjy öz ammarynda harytlary saklan mahalynda şu babyň ähli başga talaplaryny berjaý etmäge borçludyr. Harytlary alyjynyň ammarynda başga şahslara degişli bolan daşary ýurt harytlarynyň saklanylmagyna ýol berilmeýär.

(2023-nji ýylyň 30-njy sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № ..., ...-nji madda)

 

73-nji madda. Harytlaryň gümrük edaralary tarapyndan wagtlaýyn saklanylýan ammara ýerleşdirilmegi

 

Şu Kodeksiň 7-nji maddasynyň birinji böleginde, 326-njy we 338-nji maddalarynda göz öňünde tutulan halatlarda harytlar gümrük edaralary tarapyndan wagtlaýyn saklanylýan ammara ýerleşdirilip bilner. Görkezilen halatlarda saklanylýan ammara eýelik edýäniň saklamak üçin çykdajylary we çekilen zyýanyň öweziniň dolunmagy bu maddalarda kesgitlenilen şahslaryň hasabyna amala aşyrylýar.

 

731-nji madda. Gümrük işi babatda hukuk

  bozulmalarynyň amala aşyrylan 

  halatynda harytlary wagtlaýyn 

  saklamagyň gümrük amalyny

  tamamlamak

1. Harytlar wagtlaýyn saklanylýan döwründe gümrük edaralarynyň rugsady bolmazdan ýerlenen (ulanylan), şeýle hem ýitirilen halatlarynda, degişli şahslar gümrük işi babatda administratiw hukuk bozulma boýunça administratiw jogapkärçiligine çekilýär we şu Kodeksiň 62-nji maddasynda göz öňünde tutulan möhletlerde gümrük taýdan resmileşdirilmegi tamamlanmadyk şeýle harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegi, görkezilen möhletleriň geçmegi bilen, harytlaryň ýerlenendigi (ulanylandygy) ýa-da ýitirilendigi sebäpli gümrük edarasyna berilmegi bellenilen resminamalaryň berilmeginiň mümkin bolmaýandygyna garamazdan, gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýän tertipde, gümrük edaralaryna berlip bilinjek resminamalaryň esasynda tamamlanylyp bilner. Şunda tölenilmäge degişli gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberlerini hasaplamak şu Kodeksiň 271-nji maddasyna laýyklykda amala aşyrylýar.

11. Wagtlaýyn saklanylýan döwründe gümrük edaralarynyň rugsady bolmazdan ýerlenen (ulanylan) harytlar babatda wagtlaýyn saklamagyň gümrük amalyny şu maddanyň birinji bölegine laýyklykda, wagtlaýyn saklamagyň aňryçäk möhletiniň geçmegi bilen, haýal etmän tamamlamak mümkin bolmadyk halatlarynda, ol harytlar wagtlaýyn saklanylýan harytlaryň statusyny ýitirmeýärler we olaryň Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda göz öňünde tutulan hak isleginiň wagt möhletiniň dowamynda saýlanyp alnan gümrük düzgünine ýerleşdirilmegine ýol berilýär. Şeýle harytlaryň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki ýuridik şahsy tarapyndan baglaşylan, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi esasynda önümçilik we önümçilik däl maksatly desgalary gurmak, düýpli abatlamak we olaryň durkuny täzelemek boýunça işleri ýerine ýetirmek barada daşary ykdysady geleşige laýyklykda amala aşyrylýan bolsa, hak isleginiň wagt möhletiniň tamamlanmagy bilen, ol harytlar daşary ykdysady geleşigi baglaşan Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki ýuridik şahsynyň hasabyna döwletiň haýryna ýüz öwürmek gümrük düzgünine ýerleşdirilip bilner.

2. Harytlary wagtlaýyn saklamagyň gümrük amaly şu maddanyň düzgünlerine laýyklykda tamamlanylanda, gümrük edaralary tarapyndan, gümrük taýdan resmileşdirmegiň tamamlanan gününden başlap on günden gijä galynman, degişli çäreleriň geçirilmegi üçin Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän önümleri sertifikatlaşdyrmak boýunça ygtyýarly döwlet edaralaryna harytlaryň ýerlenendigini (ulanylandygyny) tassyklaýan resminamalaryň göçürme nusgalaryny goşmak bilen, ýazmaça görnüşde habar berilýär. Şunda harytlar babatda dahylly şahslaryň arasynda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan amallar gümrük taýdan resmileşdirmek tamamlanandan soň amala aşyrylyp bilner.

3. Şu maddanyň düzgünleri, wagtlaýyn saklanylýan döwründe awariýanyň ýa-da öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri netijesinde ýok bolan ýa-da ýiten harytlara degişli däldir.

Kodekse 731–nji madda 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizildi (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 41-nji madda)

(2023-nji ýylyň 30-njy sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № ..., ...-nji madda)

 

732-nji madda. Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasynyň harytlary wagtlaýyn saklamaga rugsat bermekden ýüz öwürmäge bolan hukugy

Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy harytlaryň wagtlaýyn saklanylmagy boýunça borçlaryny ençeme gezek ýerine ýetirmedik, gümrük işi babatdaky administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky işler boýunça administratiw temmini bermek hakynda güýje giren kararlaryň iň bolmanda birini ýa-da şu Kodeksiň 273-nji maddasynyň birinji böleginde görkezilen möhletde gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek boýunça borjuny ýerine ýetirmedik deklarantyň harytlaryny wagtlaýyn saklamaga rugsat bermekden ýüz öwürmek hakyndaky çözgüdi kabul etmäge haklydyr. Görkezilen çözgüt administratiw jerime, şeýle hem gümrük paçlary, salgytlar tölenenden soň iki iş gününiň dowamynda ýatyrylmaga degişlidir, bu barada özleri babatda şeýle çözgüt kabul edilen deklaranta görkezilen möhletiň çäklerinde ýazmaça görnüşde habar berilýär.

Kodekse 732-nji madda 2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizilen (Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 21-nji madda)

 

11-nji bap. HARYTLARYŇ DEKLARIRLENILMEGI

 

74-nji madda. Deklarirlenilmäge degişli harytlar

 

Harytlar Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilende, gümrük düzgüni üýtgedilende, şeýle hem şu Kodeksde bellenilen başga halatlarda gümrük edaralarynda deklarirlenilmäge degişlidir.

 

75-nji madda. Harytlaryň deklarirlenilmegi

 

1. Harytlaryň deklarirlenilmegi harytlar hakynda ýazmaça, dilden, konklýudent ýa-da elektron görnüşde ygtybarly maglumatlary, olaryň gümrük düzgüni hakynda we gümrük maksatlary üçin zerur bolan başga maglumatlary, gümrük deklarasiýasynda ýa-da şu Kodeksde göz öňünde tutulan başga usul bilen, gümrük edarasyna mälim etmek arkaly amala aşyrylýar.

Harytlaryň deklarirlenilmegi deklarant ýa-da gümrük dellaly tarapyndan saýlanyp alnan gümrük düzgünine laýyklykda deklarant ýa-da gümrük dellaly tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Deklarirlemegiň tertibi şu Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda gümrük işi babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

3. Gümrük deklarasiýasy ony düzen şahs tarapyndan tassyklanylýar we oňa şol şahsyň işgäri tarapyndan gol çekilýär. Deklarasiýanyň tassyklanylmagy, eger Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gümrük deklarasiýasyny düzen şahsyň möhüri bolmaly bolsa, möhür goýmak arkaly amala aşyrylýar.

4. Gümrük deklarasiýasynda görkezilmäge degişli maglumatlaryň sanawy diňe gümrük töleglerini, salgytlary hasaplamak we töletdirip almak, gümrük statistikasyny düzmek we Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyny ulanmak üçin zerur bolan maglumatlar bilen çäklendirilýär.

5. Gümrük deklarasiýasynda görkezilmäge degişli maglumatlaryň sanawy we olaryň berilýän görnüşleri resmi taýdan çap edilmäge degişlidir.

 

76-njy madda. Gümrük deklarasiýasynyň berilýän ýeri

 

1. Gümrük deklarasiýasy, eger şu Kodeksde başgaça bellenilmedik bolsa, harytlary gümrük taýdan resmileşdirmegi amala aşyrýan gümrük edarasyna berilýär.

2. Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň berjaý edilmegine gözegçiligiň netijeliligini üpjün etmek maksady bilen, harytlaryň aýratyn görnüşleriniň deklarirlenilmegi üçin belli bir gümrük edaralaryny bellemäge haklydyr.

 

77-nji madda. Deklarant

 

1. Şu Kodeksiň 9-njy maddasynda görkezilen şahslaryň, şeýle hem şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan şertler berjaý edilen mahalynda, Türkmenistanyň raýat kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň gümrük çäginde harytlara ygtyýarlyk etmäge hukugy bolan islendik başga şahslaryň deklarant hökmünde çykyş etmäge hukugy bardyr.

2. Diňe Türkmenistanyň şahsy deklarant bolup biler, harytlaryň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmeginiň şu halatlary muňa degişli däldir:

1) telekeçilik işini amala aşyrmak bilen bagly bolmadyk şahsy, maşgala, öý we başga hajatlary üçin daşary ýurtly fiziki şahslar tarapyndan;

2) şu Kodeksiň 23-nji babyna laýyklykda gümrük ýeňilliklerinden peýdalanýan daşary ýurtly şahslar tarapyndan;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da umumy ykrar edilen halkara kadalarynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň çäginde bellige alnan (akkreditirlenen) wekilhanalary bolan daşary ýurtly şahslar tarapyndan wagtlaýyn getirmek, reeksport, gümrük üstaşyry, şeýle hem şol wekilhanalaryň öz hajatlary üçin getirilýän harytlary erkin dolanyşyga goýbermek gümrük düzgüni mälim edilen mahalynda;

4) gümrük üstaşyry gümrük düzgüni mälim edilen mahalynda daşary ýurtly daşaýjylar tarapyndan;

5) taraplaryň biri bolup Türkmenistanyň şahsy çykyş edýän, daşary ykdysady geleşigiň çäklerine girmeýän Türkmenistanyň gümrük çägindäki harytlara ygtyýarlyk etmäge daşary ýurtly şahsyň hukugy bolan başga halatlary.

 

78-nji madda. Deklarantyň hukuklary we borçlary

 

1. Harytlar deklarirlenende we harytlaryň goýberilmegi üçin zerur bolan başga gümrük operasiýalary amala aşyrylanda, deklarant şulara haklydyr:

1) özi tarapyndan deklarirlenilmäge degişli harytlary gözden geçirmäge we ölçemäge, şol sanda gümrük deklarasiýasy berilmezden öň;

2) gümrük edarasynyň rugsady bilen, özi tarapyndan deklarirlenilmäge degişli, Türkmenistanyň gümrük çägine getirilen harytlaryň nusgalyklaryny we nusgalaryny almaga. Harytlaryň nusgalyklary we nusgalary üçin aýratyn gümrük deklarasiýasy, şeýle nusgalyklar we nusgalar harytlar üçin gümrük deklarasiýasynda görkezilen şertinde berilmeýär;

3) özi tarapyndan deklarirlenilýän harytlaryň gümrük edaralarynyň wezipeli adamlary tarapyndan gümrük gözden geçirmesi we gümrük barlagy geçirilen, harytlaryň nusgalyklary we nusgalary alnan mahalynda şol ýerde bolmaga;

4) özi tarapyndan deklarirlenilýän harytlaryň nusgalyklarynyň we nusgalarynyň barlagynyň gümrük edaralarynda bar bolan netijeleri bilen tanyşmaga;

5) harytlaryň deklarirlenilmegi üçin zerur bolan, şol sanda şu Kodekse laýyklykda elektron resminamalar görnüşinde  resminamalary we maglumatlary bermäge;

6) şu Kodeksde göz öňünde tutulan başga ygtyýarlyklardan we hukuklardan peýdalanmaga.

2. Harytlar deklarirlenilende we başga gümrük operasiýalary amala aşyrylanda deklarant şulara borçludyr:

1) gümrük edarasyna gümrük deklarasiýasyny we zerur bolan resminamalary we maglumatlary bermäge;

2) gümrük edarasynyň talaby boýunça deklarirlenilýän harytlary görkezmäge;

3) şu Kodeksiň III bölümine laýyklykda gümrük töleglerini tölemäge ýa-da gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegini üpjün etmäge;

4) eger barlanylýan mahalynda aýratyn talaplar berjaý edilmeli bolsa, deklarirlenilýän harytlaryň barlagynyň şertleri hakynda gümrük edaralaryna habar bermäge;

5) gümrük edaralarynyň şu Kodeksde göz öňünde tutulan başga talaplaryny ýerine ýetirmäge.

 

79-njy madda. Gümrük deklarasiýasynyň berliş möhletleri

 

1. Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän harytlar üçin gümrük deklarasiýasy olaryň gelýän ýerindäki gümrük edarasyna harytlaryň berlen gününden başlap ýa-da, eger harytlaryň deklarirlenilmegi olaryň gelýän ýerinden başga ýerde geçirilýän bolsa, içerki gümrük üstaşyrynyň tamamlanan gününden başlap otuz günden gijä galman berilýär, şu Kodeksiň 228-nji, 234-nji maddalarynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

2. Eger şu maddanyň birinji böleginde görkezilen möhlet deklaranta zerur resminamalary we maglumatlary toplamak üçin ýeterlik bolmasa, gümrük edarasy ol deklarantyň ýazmaça görnüşdäki delillendirilen ýüz tutmasy boýunça gümrük deklarasiýasynyň berliş möhletini uzaldýar. Gümrük deklarasiýasynyň berliş möhletiniň uzaldylmagy harytlaryň wagtlaýyn saklanylyş möhletiniň bozulmagyna getirmeli däldir.

3. Eger gümrük deklarasiýasynyň berliş möhletiniň tamamlanmagy gümrük edarasynyň işlemeýän gününe gabat gelse, gümrük edarasynyň onuň soňundan gelýän iş güni bu möhletiň tamamlanýan güni hasap edilýär.

4. Türkmenistanyň gümrük çäginden daşary alnyp gidilýän harytlar üçin gümrük deklarasiýasy, olaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden hakykatda alnyp gidilmezinden öň berilýär, turbageçiriji ulag arkaly we elektrik geçiriji liniýalar boýunça geçirilýän harytlaryň alnyp gidilmegi muňa degişli däldir.

 

80-nji madda. Harytlaryň deslapdan deklarirlenilmegi

 

1. Daşary ýurt harytlary üçin gümrük deklarasiýasy olar Türkmenistanyň gümrük çägine gelmezinden öň ýa-da içerki gümrük üstaşyry tamamlanmazdan öň berlip bilner.

2. Eger gümrük maksatlary üçin harytlaryň ýany bilen ugradylýan ulag (daşaýyş) ýa-da täjirçilik resminamalary ulanylmaly bolsa, harytlar deslapdan deklarirlenilen mahalynda gümrük edarasy ol resminamalaryň deklarant tarapyndan tassyklanan göçürme nusgalaryny kabul edýär we zerur bolan mahalynda harytlar Türkmenistanyň gümrük çägine gelenden soň resminamalaryň görkezilen göçürme nusgalaryndaky maglumatlary resminamalaryň asyl nusgalaryndaky maglumatlar bilen deňeşdirýär.

3. Harytlar Türkmenistanyň gümrük çägine gelmezinden öň gümrük deklarasiýasynyň barlagy tamamlanandan we tölenilmäge degişli gümrük paçlary, salgytlar tölenilenden soň, şeýle gümrük deklarasiýasy harytlar babatda gümrük amallaryny ulanmak üçin zerur bolan ýeke-täk resminama hökmünde ulanylyp bilner.

4. Eger harytlar şu maddanyň birinji bölegine laýyklykda gümrük deklarasiýasyny kabul eden gümrük edarasyna, onuň kabul edilen gününden başlap on bäş günüň dowamynda görkezilmedik bolsa, gümrük deklarasiýasy berilmedik hasap edilýär.

 

81-nji madda. Harytlar deklarirlenilende resminamalaryň görkezilmegi

 

1. Gümrük deklarasiýasynyň berilmegi, gümrük edarasyna gümrük deklarasiýasynda mälim edilen maglumatlary tassyklaýan resminamalaryň şol bir wagtda berilmegi bilen üpjün edilmelidir.

2. Harytlar deklarirlenilende şu esasy resminamalar berilýär:

1) daşary ykdysady geleşik amala aşyrylan mahalynda baglaşylan şertnama ýa-da şeýle geleşigiň mazmunyny beýan edýän başga resminama;

2) täjirçilik resminamalary;

3) ulag (daşaýyş) resminamalary;

4) rugsatnamalar, ygtyýarnamalar, güwänamalar we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäklendirmeleriň berjaý edilmegini tassyklaýan başga resminamalar;

5) gümrük töleglerini we salgytlary tölemek boýunça ýeňillikleriň berilmegini tassyklaýan resminamalar;

6) şu Kodeksiň 16-njy maddasyna laýyklykda harytlaryň gelip çykyşyny tassyklaýan resminamalar;

7) töleg we hasaplaşyk resminamalary;

8) mälim edilen gümrük bahasyny we özüniň saýlap alan gümrük bahasyny kesgitlemegiň usulyny esaslandyrýan resminamalar;

9) deklarant we şu Kodeksiň 9-njy maddasynda görkezilen şahslar hakyndaky maglumatlary tassyklaýan resminamalar.

3. Gümrük edarasy gümrük deklarasiýasynda, berlen resminamalarda bar bolan maglumatlary barlamak we gümrük taýdan resmileşdirmek bilen baglanyşykly başga maksatlar üçin goşmaça maglumatlary sorap almaga haklydyr.

4. Eger aýratyn resminamalar gümrük deklarasiýasy bilen bir wagtda berlip bilinmese, deklarantyň delillendirilen ýazmaça görnüşde ýüz tutmasy boýunça, gümrük edaralary şeýle resminamalaryň berilmegine olary almak üçin zerur bolan möhletde, ýöne gümrük deklarasiýasy kabul edilenden soň kyrk bäş günden gijä galman, eger şu Kodeksde aýratyn resminamalary we maglumatlary bermek üçin başga möhlet göz öňünde tutulmadyk bolsa, ýazmaça görnüşde rugsat berýärler. Deklarant bellenilen möhletde resminamalaryň beriljekdigi barada ýazmaça görnüşde borçnama berýär.

5. Gümrük edarasyna başga harytlar gümrük taýdan resmileşdirilende ulanylyp bilinjek resminamalar berlen halatynda, deklarantyň ýüz tutmasy boýunça, gümrük edarasy tarapyndan gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilen görnüşde şeýle resminamalaryň kabul edilendiginiň ýazmaça tassyklamasy berilýär. Tassyklama, berlen resminamalara üýtgetmeler girizilýänçä ýa-da olaryň hereket ediş möhleti tamamlanýança, hakyky hasaplanýar.

6. Elektron resminamalar gümrük edarasyna Türkmenistanyň gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilen tertibe laýyklykda berilýär.

 

82-nji madda. Gümrük deklarasiýasynyň kabul edilmegi

 

1. Berlen gümrük deklarasiýasy, gümrük edaralary tarapyndan onuň alnan gününde kabul edilýär, şu maddanyň dördünji bölegine laýyklykda ony almakdan ýüz öwrülýän halatlar muňa degişli däldir. Gümrük deklarasiýasynyň kabul edilmegi gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýän tertipde resmileşdirilýär.

2. Gümrük deklarasiýasy kabul edilen pursatyndan başlap, ýuridik ähmiýeti bolan faktlar hakynda şaýatlyk edýän mälim etmä öwrülýär.

3. Eger gümrük deklarasiýasy gümrük edarasy tarapyndan kabul edilmese, onda şeýle deklarasiýa, gümrük maksatlary üçin, berilmedik hasap edilýär.

4. Gümrük edarasynyň gümrük deklarasiýasyny kabul etmekden ýüz öwürmäge haky ýokdur, şu halatlar muňa degişli däldir:

1) gümrük deklarasiýasy gümrük deklarasiýasyny kabul etmäge hukugy bolmadyk gümrük edarasyna berlende;

2) gümrük deklarasiýasy degişli däl şahs tarapyndan berlende;

3) gümrük deklarasiýasynda zerur maglumatlar görkezilmedik bolsa;

4) gümrük deklarasiýasyna gol çekilmedik ýa-da bolmalysy ýaly tassyklanylmadyk ýa-da bellenilen görnüşde düzülmedik bolsa;

5) gümrük deklarasiýasy berlende gümrük taýdan resmileşdirmek üçin zerur bolan resminamalar berilmedik mahalynda, şu Kodeksiň 81-nji maddasynyň dördünji bölegine laýyklykda gümrük deklarasiýasy kabul edilenden soň berlip bilinjek resminamalar muňa degişli däldir;

6) deklarirlenilýän harytlar babatda şu Kodekse laýyklykda gümrük deklarasiýasy berilmezden öň ýa-da onuň berilmegi bilen bir wagtda amala aşyrylmaly hereketler amala aşyrylmadyk mahalynda. Gümrük deklarasiýasy berlen pursatynda gümrük tölegleriniň tölenilmezliginiň fakty gümrük deklarasiýasyny kabul etmekden ýüz öwürmek üçin esas bolup bilmez.

5. Gümrük deklarasiýasyny kabul etmekden ýüz öwürmegiň sebäpleri hakynda gümrük edarasy, deklarasiýanyň berlen gününiň yzyndan gelýän günden gijä galman, deklarasiýa beren şahsa habar berýär. Gümrük deklarasiýasyny beren şahsyň ýüz tutmasy boýunça, şeýle habar ýazmaça görnüşde berilýär.

 

83-nji madda. Gümrük deklarasiýasynda mälim edilen maglumatlara üýtgetmeleri, goşmaçalary girizmek

 

1. Deklarantyň delillendirilen ýazmaça görnüşdäki ýüz tutmasy boýunça gümrük edarasynyň rugsady bilen kabul edilen gümrük deklarasiýasynda mälim edilen maglumatlara üýtgetmeler we (ýa-da) goşmaçalar girizilip bilner.

2. Kabul edilen gümrük deklarasiýasynda mälim edilen maglumatlara üýtgetmeleriň, goşmaçalaryň girizilmegine şu şertlerde ýol berilýär, eger:

1) deklarantyň bu baradaky ýüz tutmasyny alan pursatyna çenli gümrük edarasy gümrük deklarasiýasynda görkezilen maglumatlaryň nädogrulygyny anyklamadyk bolsa, harytlaryň goýberilmegi hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegine täsir etmeýän nätakyklygyň ýüze çykarylan halaty muňa degişli däldir;

2) deklarantyň bu barada ýüz tutmasyny alan pursatyna çenli gümrük edarasy harytlaryň barlagyna başlamadyk bolsa;

3) girizilýän üýtgetmeler, goşmaçalar harytlaryň goýberilmegi hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegine täsir etmeýän we gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberleriniň kesgitlenilmegine täsir edýän maglumatlaryň üýtgedilmegine we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň ulanylmagyna getirmeýän bolsa.

21. Harytlar goýberilenden soň, ol harytlar babatda berlen gümrük deklarasiýasynda beýan edilen maglumatlara üýtgetmeleri we (ýa-da) goşmaçalary girizmegiň tertibi şu Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda gümrük işi babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

3. Gümrük edaralarynyň wezipeli adamlarynyň öz başlangyjy ýa-da dahylly şahslaryň tabşyrygy ýa-da haýyşy boýunça gümrük deklarasiýasyny doldurmaga, gümrük deklarasiýasynda mälim edilýän maglumatlara üýtgetme ýa-da goşmaça girizmäge haky ýokdur, oňa gümrük edaralarynyň ygtyýarlygyna degişli maglumatlaryň girizilmegi, şeýle hem, maşynly işlenilmegi üçin ulanylýan kodlaşdyrylan maglumatlara, eger şeýle maglumatlar gümrük deklarasiýasynda kodlaşdyrylmadyk görnüşde bar bolsa, üýtgetmeleriň ýa-da goşmaçalaryň girizilmegi muňa degişli däldir.

(2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 21-nji madda)

 

84-nji madda. Gümrük deklarasiýasynyň yzyna gaýtarylyp alynmagy

 

1. Deklarant tarapyndan, onuň ýazmaça görnüşdäki ýüz tutmasy boýunça daşary ýurt harytlary üçin kabul edilen gümrük deklarasiýasy, şeýle harytlar goýberilmezden öň başga gümrük düzgünini mälim etmek üçin yzyna gaýtarylyp alnyp bilner.

Eger gümrük edarasy deklarantyň ýüz tutmasyny almazdan öň gümrük deklarasiýasynda görkezilen maglumatlaryň nädogrulygyny bellemedik bolsa, gümrük edarasynyň ýazmaça görnüşdäki rugsady bilen gümrük deklarasiýasynyň yzyna gaýtarylyp alynmagyna ýol berilýär, harytlaryň goýberilmegi hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegine täsir etmeýän nätakyklyklaryň ýüze çykarylan halaty muňa degişli däldir.

Gümrük deklarasiýasynyň yzyna gaýtarylyp alynmagy üçin rugsat berlen mahalynda gümrük edarasy täze gümrük deklarasiýasynyň berilýän möhletini belleýär, ol yzyna gaýtarylyp alynmaga rugsat berlen günden başlap on günden uzaga çekmeli däldir. Gümrük deklarasiýasynyň yzyna gaýtarylyp alynmagy gümrük paçlarynyň, salgytlaryň töleniliş möhletini uzaltmaýar.

2. Deklarant tarapyndan, onuň ýazmaça görnüşdäki ýüz tutmasy boýunça Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilýän türkmen harytlary üçin kabul edilen gümrük deklarasiýasy, harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden gitmezinden öň, şeýle yzyna gaýtarylyp alynmagyň maksatlaryna garamazdan, yzyna gaýtarylyp alnyp bilner.

Eger gümrük edarasy deklarantyň ýüz tutmasyny almazdan öň gümrük deklarasiýasynda görkezilen maglumatlaryň nädogrulygyny bellemedik bolsa, gümrük edarasynyň ýazmaça görnüşdäki rugsady bilen gümrük deklarasiýasynyň yzyna gaýtarylyp alynmagyna ýol berilýär, harytlary mälim edilen gümrük düzgünine ýerleşdirmek hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegine täsir etmeýän nätakyklyklaryň ýüze çykarylan halaty muňa degişli däldir.

Bu harytlar üçin täze gümrük deklarasiýasynyň berilmegi üçin möhlet bellenilmeýär.

 

85-nji madda. Doly däl gümrük deklarasiýasy

 

1. Eger deklarantda oňa bagly bolmadyk sebäplere görä gümrük deklarasiýasyny doldurmak üçin zerur bolan hemme maglumat ýok bolsa, harytlary goýbermek, gümrük töleglerini hasaplamak we tölemek üçin, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäklendirmeleriň berjaý edilmegini tassyk edýän, şeýle hem harytlaryň olaryň mukdar we hil häsiýetnamalarynyň jemi boýunça kybaplygyny anyklamaga mümkinçilik berýän zerur bolan maglumatlar mälim edilen şertinde, gümrük edarasyna doly däl gümrük deklarasiýasynyň berilmegine rugsat berilýär.

Doly däl gümrük deklarasiýasy berlen mahalynda deklarant ýetmeýän maglumatlary gümrük edarasy tarapyndan bellenilen, daşary ýurt harytlary üçin gümrük edarasy tarapyndan doly däl gümrük deklarasiýasynyň kabul edilen gününden başlap kyrk bäş günden uzaga çekmeýän möhletde berjekdigi hakynda ýazmaça görnüşde borçnama kabul edýär.

Deklarantyň türkmen harytlary üçin ýetmeýän maglumatlary bermäge borçly bolan möhleti gümrük edarasy tarapyndan doly däl gümrük deklarasiýasynyň kabul edilen gününden başlap üç aýdan uzaga çekmeli däldir.

2. Eger gümrük edarasy doly däl gümrük deklarasiýasyny kabul edýän bolsa, eger başda doly hem-de bolmalysy ýaly doldurylan gümrük deklarasiýasy berlen halatynda ulanylýan, gümrük paçlaryny, salgytlary hasaplamagyň we tölemegiň tertibini hem goşmak bilen, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň edil şonuň ýaly talaplary we şertleri ulanylýar.

 

86-njy madda. Döwürleýin gümrük deklarasiýasy

 

1. Harytlar şol bir şahs tarapyndan Türkmenistanyň gümrük serhedinden yzygiderli geçirilýän mahalynda gümrük edarasy wagtyň kesgitlenilen döwrüniň dowamynda gümrük serhedinden geçýän ähli harytlar üçin bir gümrük deklarasiýasynyň berilmegine rugsat berip biler.

2. Döwürleýin gümrük deklarasiýasynyň ulanylmagy harytlaryň wagtlaýyn saklanylmagynyň aňryçäk möhletiniň bozulmagyna ýa-da gümrük paçlarynyň, salgytlaryň töleniliş möhletiniň bozulmagyna getirmeli däldir.

3. Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilýän türkmen harytlaryna döwürleýin gümrük deklarasiýasy ulanylan mahalynda, şu Kodeksiň 88-nji maddasynyň üçünji we ýedinji böleklerinde göz öňünde tutulan düzgünler ulanylýar.

4. Şol bir harytlar şol bir şahs tarapyndan Türkmenistanyň gümrük serhedinden yzygiderli geçirilen mahalynda, gümrük edarasy, şeýle harytlar bir ýylyň dowamynda ençeme gezek geçirilen mahalynda, bir döwürleýin gümrük deklarasiýasyny ulanmaga rugsat berip biler.

 

87-nji madda. Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilende türkmen harytlaryny deklarirlemegiň aýratynlyklary

 

1. Türkmen harytlary Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilen mahalynda deklarantyň islegi boýunça şu Kodeksiň 85, 86-njy we 88-nji maddalaryna laýyklykda deklarirlemegiň ýönekeýleşdirilen tertibi ulanylýar.

2. Eger gümrük gözegçiliginiň amala aşyrylmagyna päsgel bermeýän bolsa we gümrük tölegleriniň tölenilişiniň dolulygy we öz wagtyndalygy, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň berjaý edilmegi, şeýle hem gümrük düzgünleriniň berjaý edilmegi babatda deklaranty şu Kodeksde we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen talaplary we şertleri berjaý etmekden boşatmaýan bolsa, türkmen harytlaryny deklarirlemegiň ýönekeýleşdirilen tertibi ulanylýar.

Gümrük edarasy türkmen harytlarynyň deklarirlenilmeginiň ýönekeýleşdirilen tertibini ulanmakdan ýüz öwren mahalynda şeýle tertibi ulanmak üçin ýerine ýetirilmegi zerur bolan şertleri görkezmek bilen gümrük edarasy bu barada, şu Kodeksiň 82-nji maddasynyň bäşinji bölegine laýyklykda deklaranta habar berýär.

3. Turbageçiriji ulag arkaly we elektrik geçiriji liniýalar boýunça geçirilýän harytlar şu Kodeksiň 24-nji babynda bellenilen tertipde deklarirlenilýär.

 

88-nji madda. Türkmen harytlarynyň döwürleýin wagtlaýyn deklarirlenilmegi

 

1. Daşary söwdanyň adaty alnyp barylmagyna laýyklykda özleri babatda gümrük taýdan resmileşdirmek üçin zerur bolan takyk maglumatlar berlip bilinmejek türkmen harytlary Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilen mahalynda wagtlaýyn gümrük deklarasiýasynyň berilmegi arkaly olaryň döwürleýin wagtlaýyn deklarirlenilmegine ýol berilýär.

2. Türkmen harytlary Türkmenistanyň gümrük çäginden gidenden soň deklarant wagtyň kesgitlenilen döwründe alnyp gidilen ähli türkmen harytlary üçin doly we bolmalysy ýaly doldurylan gümrük deklarasiýasyny bermäge borçludyr. Doly we bolmalysy ýaly doldurylan gümrük deklarasiýasynyň berilmegi gümrük edarasy tarapyndan deklarantyň arzasy boýunça bellenilýän möhletde amala aşyrylýar. Şeýle möhlet bellenilen mahalynda deklaranta doly we bolmalysy ýaly doldurylan gümrük deklarasiýasyny bermäge ýeterlik maglumatlary almak üçin zerur bolan möhlet nazarda tutulýar. Doly we bolmalysy ýaly doldurylan gümrük deklarasiýasyny bermegiň aňryçäk möhleti deklarirlenilýän harytlaryň alnyp gidilmegi üçin wagtyň döwrüniň tamamlanan gününiň yzyndan gelýän günden başlap üç aýdan ybarat.

3. Wagtlaýyn gümrük deklarasiýasyny ulanmak bilen deklarirlenilýän türkmen harytlarynyň alnyp gidilmegi göz öňünde tutulýan wagtyň döwri deklarant tarapyndan kesgitlenilýär. Alnyp gidiliş gümrük paçlary töletdirilýän ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklar we çäklendirmeler ulanylýan türkmen harytlary babatda bu döwür bir aýdan köp bolup bilmez, wagtlaýyn gümrük deklarasiýasy bolsa, gümrük edarasy tarapyndan bu döwür başlanmazyndan öň on bäş günden ir bolmadyk wagtda kabul edilýär.

4. Wagtlaýyn gümrük deklarasiýasynda türkmen harytlarynyň takmynan sanyny wagtyň kesgitlenilen döwrüniň dowamynda alyp gitmek maksadyndan, Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi meýilleşdirilýän türkmen harytlarynyň mukdaryna görä kesgitlenilýän şertli gümrük bahasyndan (baha kesilmeginden) ugur alnyp, şeýle hem türkmen harytlarynyň daşary ykdysady geleşikleriň şertlerinde göz öňünde tutulýan sarp edijilik häsiýetlerinden hem-de olaryň bahasyny kesgitlemegiň wagtlaýyn gümrük deklarasiýasynyň berlen günündäki tertibinden ugur alnyp maglumatlary mälim etmäge ýol berilýär.

Türkmen harytlarynyň wagtlaýyn gümrük deklarasiýasynda mälim edilenden artyk mukdarda Türkmenistanyň gümrük çäginden gitmegine ýol berilmeýär, şu Kodeksiň 102-nji maddasynda bellenilen halatlar muňa degişli däldir.

5. Wagtlaýyn gümrük deklarasiýasy ulanylan mahalynda gümrük edarasy tarapyndan ol deklarasiýanyň kabul edilen günündäki Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklar we çäklendirmeler ulanylýar. Şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda alnyp gidiliş gümrük paçlarynyň  gümrük edarasy tarapyndan wagtlaýyn gümrük deklarasiýasy kabul edilen günündäki möçberleri ulanylýar.

6. Alnyp gidiliş gümrük paçlary gümrük edarasyna wagtlaýyn gümrük deklarasiýasynyň berilmegi bilen bir wagtda tölenilýär. Eger tölenilmäge degişli alnyp gidiliş gümrük paçlarynyň möçberi şu maddanyň dördünji böleginde görkezilen maglumatlaryň takyklanmagy netijesinde köpelýän bolsa, alnyp gidiliş gümrük paçlarynyň möçberiniň goşmaça tölegi doly we bolmalysy ýaly doldurylan gümrük deklarasiýasynyň berilmegi bilen bir wagtda amala aşyrylýar. Görkezilen halatda puşmana tölegleri hasaplanyp ýazylmaýar. Alnyp gidiliş gümrük paçlarynyň artyk tölenilen ýa-da artyk tutulyp alnan pul möçberleriniň yzyna gaýtarylyp berilmegi şu Kodeksiň 295-nji maddasyna laýyklykda amala aşyrylýar.

7. Eger wagtlaýyn gümrük deklarasiýasynyň kabul edilen gününden başlap dört aýyň dowamynda türkmen harytlary Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmese, şeýle harytlaryň alnyp gidilmegi üçin mälim edilen gümrük deklarasiýasy berilmedik hasaplanylýar.

Gümrük edarasy dahylly şahsyň delillendiren ýüz tutmasy boýunça bu möhleti ýene-de dört aýdan artyk bolmadyk möhlete uzaldýar.

 

12-nji bap. HARYTLARYŇ GOÝBERILMEGI

 

89-njy madda. Harytlaryň goýberilmegi üçin esaslar

 

1. Gümrük edaralary tarapyndan harytlaryň goýberilmegi şu şertler bolan mahalynda amala aşyrylýar, eger:

1) harytlar gümrük taýdan resmileşdirilen we gümrük edaralary tarapyndan barlanan mahalynda Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň bozulmalary ýüze çykarylmadyk bolsa, şu Kodeksiň 93-nji maddasynda göz öňünde tutulan halat muňa degişli däldir;

2) gümrük edarasyna ygtyýarnamalar, güwänamalar, rugsatnamalar hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda harytlaryň goýberilmegi üçin zerur bolan başga resminamalar berlen bolsa, görkezilen resminamalaryň harytlar goýberilenden soň berlip bilinjek halatlary muňa degişli däldir;

3) deklarant tarapyndan şu Kodekse laýyklykda harytlaryň saýlanyp alnan gümrük düzgünine ýerleşdirilmegi ýa-da degişli gümrük amalynyň ulanylmagy üçin zerur bolan talaplar we şertler berjaý edilen bolsa;

4) harytlar babatda gümrük paçlary, salgytlar tölenilen bolsa ýa-da şu Kodeksiň 29-njy babyna laýyklykda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi üpjün edilen bolsa.

2. Türkmenistanyň gümrük çägine erkin dolanyşyk üçin getirilen harytlaryň goýberilmegine gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberleri gümrük edaralarynyň hasaplaryna gowşan şertinde ýol berilýär. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberleriniň gümrük edaralarynyň hasaplaryna gowuşmadyk halatynda harytlar şertli goýberilen hasap edilýär.

3. Harytlaryň goýberilmegi şu Kodeksiň 344-nji maddasyna laýyklykda togtadylyp bilner.

4. Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilýän türkmen harytlarynyň gümrük düzgünine ýerleşdirilmegi üçin rugsat gümrük edarasy tarapyndan harytlar goýberilendäkisi ýaly berilýär.

 

90-njy madda. Şertli goýbermek

 

1. Şu halatlarda harytlar şertli goýberilmäge degişlidir, eger:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi boýunça ýeňillikler harytlary peýdalanmak we olara ygtyýarlyk etmek boýunça çäklendirme bilen baglanyşdyrylan bolsa;

2) harytlar gümrük ammary, paçsyz söwda, gümrük çäginde gaýtadan işlemek, erkin dolanyşyk üçin gaýtadan işlemek, wagtlaýyn getirmek, reeksport, gümrük üstaşyry, ýok etmek gümrük düzgünlerine, şeýle hem Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän harytlara ulanylýan ýörite gümrük düzgünlerine ýerleşdirilen bolsa;

3) harytlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäklendirmeleriň berjaý edilmegini tassyklaýan resminamalar we maglumatlar berilmezden goýberilýän bolsa.

2. Özleri babatda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi boýunça ýeňillikler berilýän şertli goýberilen harytlar diňe ýeňillikleri bermegiň şertlerine laýyk gelýän maksatlarda ulanylyp bilner.

Goýberilmegi gümrük edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäklendirmeleriň berjaý edilmegini tassyklaýan resminamalar berilmezden amala aşyrylýan harytlaryň üçünji bir şahslara, şol sanda olaryň satylmagy ýa-da başga usul bilen aýrybaşgalanmagy arkaly berilmegi gadagan edilýär, görkezilen harytlaryň getirilmegine çäklendirmeler ol harytlaryň hiliniň we howpsuzlygynyň barlagy bilen baglanyşykly bolan halatlarynda, olaryň islendik görnüşde ulanylmagy gadagandyr.

3. Şertli goýberilen harytlaryň daşary ýurt harytlary statusy bardyr.

4. Eger gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek boýunça möhleti yza süýşürmek ýa-da tölegleri möhletlere bölüp tölemek mümkinçiligi berlen bolsa ýa-da gümrük edaralarynyň hasaplaryna gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberleri gowuşmadyk bolsa, erkin dolanyşyk üçin goýberilmegi mälim edilen harytlar şertli goýberilen hasaplanýar.

 

91-nji madda. Harytlaryň goýberiliş möhletleri

 

Gümrük edaralary, şu Kodeksiň 89-njy maddasyna laýyklykda gümrük deklarasiýasynyň kabul edilen, başga zerur resminamalaryň we maglumatlaryň berlen gününden başlap, şeýle hem deslapky deklarirlemek ulanylan mahalynda – gümrük edarasyna harytlaryň görkezilen gününden başlap üç günden gijä galman harytlaryň goýberilmegini amala aşyrýar, şu Kodeksiň 308-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda harytlaryň barlagynyň geçirilýän möhletleriniň uzaldylan halatlary muňa degili däldir.

 

92-nji madda. Harytlaryň goýberilmeginiň goşmaça şertleri

 

1. Eger gümrük deklarasiýasynyň, deklarirlemek mahalynda berlen başga resminamalaryň we deklarirlenilýän harytlaryň barlagynyň barşynda gümrük edarasy tarapyndan, şu Kodeksiň 89-njy maddasynda göz öňünde tutulan goýbermegiň şertleriniň berjaý edilmändigi ýüze çykarylan bolsa, harytlaryň goýberilmegi amala aşyrylmaýar.

Gümrük edarasy deklaranta harytlary goýbermegiň şertleriniň hut haýsysynyň berjaý edilmändigini we deklarantyň şu maddanyň düzgünlerine laýyklykda harytlary goýbermegiň şertlerini berjaý etmek üçin ýeterlik bolan hereketleriň hut haýsysyny amala aşyrmalydygyny haýal etmän habar berýär.

2. Eger gümrük edarasy tarapyndan harytlar deklarirlenilen mahalynda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmäge degişli möçberine täsir edýän nädogry maglumatlaryň mälim edilendigi ýüze çykarylan bolsa, gümrük edarasy şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda deklaranta haýal etmän şeýle maglumatlara düzediş girizilmegini we tölenilmäge degişli gümrük paçlarynyň, salgytlaryň möçberlerini gaýtadan hasaplamagy talap etmek barada deklaranta talapnama iberýär. Gümrük edarasynyň talapnamasynda harytlaryň goýberilmegi üçin maglumatlaryň hut haýsysyna düzediş girizilmelidigi görkezilmelidir.

3. Harytlar deklarirlenilen mahalynda mälim edilen, gümrük paçlarynyň, salgytlaryň möçberine täsir edýän maglumatlaryň nädogry bolup biljekdigini görkezýän ýa-da mälim edilen maglumatlaryň bolmalysy ýaly tassyk edilmändigini görkezýän alamatlar gümrük edarasy tarapyndan ýüze çykarylan mahalynda, gümrük edarasy şu Kodekse laýyklykda islendik usul bilen goşmaça barlagy geçirýär.

Görkezilen barlagy geçirmegiň netijeleri boýunça goşmaça hasaplanyp ýazylyp bilinjek gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi üpjün edilen şertinde gümrük edarasy harytlaryň goýberilmegini amala aşyrýar. Gümrük edarasy gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmeginiň üpjün edilmeli möçberini deklaranta ýazmaça görnüşde habar berýär

4. Eger gümrük edarasy tarapyndan harytlar deklarirlenilen mahalynda harytlara şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklaryň ýa-da çäklendirmeleriň ulanylmagyna täsir edýän nädogry maglumatlaryň mälim edilendigi ýüze çykarylan bolsa, gümrük edarasy deklaranta şeýle maglumatlara düzediş girizilmeginiň amala aşyrylmagy we degişli çäklendirmeleriň berjaý edilmegini tassyk edýän resminamalaryň berilmegi barada deklaranta talapnama iberýär. Gümrük edarasynyň talapnamasynda harytlaryň goýberilmegi üçin maglumatlaryň hut haýsysyna düzediş girizilmelidigi hem-de degişli çäklendirmeleriň berjaý edilendigini tassyklaýan resminamalaryň hut haýsysynyň berilmelidigi görkezilmelidir.

5. Harytlar deklarirlenilen mahalynda mälim edilen, harytlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklaryň ýa-da çäklendirmeleriň ulanylmagyna täsir edýän maglumatlaryň nädogry bolup biljekdigini görkezýän ýa-da mälim edilen maglumatlaryň bolmalysy ýaly tassyk edilmändigini görkezýän alamatlar gümrük edarasy tarapyndan ýüze çykarylan mahalynda, gümrük edarasy şu Kodekse laýyklykda islendik usul bilen goşmaça barlagy geçirýär.

Deklarant tarapyndan degişli çäklendirmeleriň berjaý edilendigini tassyklaýan resminamalar berlen şertinde gümrük edarasy tarapyndan harytlaryň goýberilmegi amala aşyrylýar. Gümrük edarasy şunuň üçin resminamalaryň hut haýsysynyň berilmelidigini deklaranta ýazmaça görnüşde habar berýär

6. Şu maddanyň ikinji we dördünji böleklerinde göz öňünde tutulan halatlarda harytlaryň goýberilmegi deklarantyň gümrük edarasynyň talaplaryny ýerine ýetiren hem-de, eger şeýle goşmaça töleg talap edilýän bolsa, gümrük paçlarynyň, salgytlaryň degişli möçberleri goşmaça tölenilen gününiň yzyndan gelýän günden gijä galman amala aşyrylýar, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda harytlaryň alnan ýa-da olaryň tussag astyna alnan halatlary muňa degişli däldir.

Şu maddanyň üçünji we bäşinji böleklerinde göz öňünde tutulan halatlarda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi üpjün edilen we (ýa-da) degişli çäklendirmeleriň berjaý edilendigini tassyklaýan resminamalar berlen günüň yzyndan gelýän günden gijä galman harytlaryň goýberilmegi amala aşyrylýar.

Eger harytlar deklarirlenilen mahalynda mälim edilen maglumatlara düzediş girizilmegi netijesinde tölenilmäge degişli gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberi deklarant tarapyndan mälim edilene garanda azalsa, ol harytlaryň goýberilmegi şu maddanyň ikinji we üçünji böleklerinde görkezilen talaplar ýerine ýetirilmezden amala aşyrylýar.

7. Şu maddada göz öňünde tutulan hereketler deklarant tarapyndan harytlaryň wagtlaýyn saklanylmagynyň şu Kodekse laýyklykda bellenilen möhletleriniň çäklerinde amala aşyrylmalydyr.

 

93-nji madda. Gümrük işi babatda administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky işiň önümçiligi mahalynda harytlaryň goýberilişi

 

Eger hukuk bozulmasynyň obýekti bolup durýan harytlar maddy subutnama hökmünde alynmadyk bolsa ýa-da olar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gozgalmasyz edilmedik bolsa, gümrük işi babatda administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky işiň önümçiligi mahalynda harytlaryň goýberilmegi gümrük edarasy tarapyndan iş boýunça önümçilik tamamlanylmazdan öň gümrük edarasynyň ýolbaşçysynyň çözgüdi tarapyndan amala aşyrylyp bilner.

 

13-nji bap. GÜMRÜK DELLALY

 

94-nji madda. Gümrük dellaly

 

1. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen, Gümrük dellallarynyň sanawyna goşulan ýuridik şahs gümrük dellaly bolup biler.

Gümrük dellallarynyň sanawyna goşmagyň şertleri we ol Sanawy ýöretmegiň tertibi gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

Gümrük dellallarynyň sanawy gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan ýöredilýär.

2. Gümrük dellaly deklarantyň ýa-da başga dahylly şahslaryň adyndan olaryň tabşyrygy boýunça şu Kodekse laýyklykda gümrük operasiýalaryny amala aşyrýar.

3. Gümrük dellalynyň wekillik edýän şahs bilen gatnaşyklary şu Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyrjy hukuk namalaryna laýyklykda şertnama esasynda guralýar.

(2020-nji ýylyň 14-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 1, 11-nji madda)

 

95-nji madda. Gümrük dellaly hökmünde işi amala aşyrmak üçin şertler

 

Şular ýuridik şahsyň gümrük dellaly hökmünde işi amala aşyrmagy üçin şertler bolup durýar:

1) wezipe sanawynda şu Kodeksiň 98-nji maddasyna laýyklykda gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeniň hünär şahadatnamasyny alan ikiden az bolmadyk gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmenleriniň bolmagy;

2) gümrük dellalynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ilkibaşdaky tertipnama maýasynyň, tertipnama gaznasynyň ýa-da paýly gatançlarynyň bolmagy;

3) gümrük edaralary tarapyndan ulanylýan programma önümleri  bilen sazlaşýan programma önümleriniň bolmagy.

 

96-njy madda. Gümrük dellalynyň hukuklary

 

1. Gümrük operasiýalaryny amala aşyran mahalynda gümrük dellaly gümrük edaralary bilen özara gatnaşyklarynda özüniň bähbitlerine wekilçilik etmäge ygtyýar berýän şahsyň hukuklary ýaly hukuklara eýedir.

2. Gümrük dellaly gümrük edaralarynyň öňünde onuň wekilçilik edýän şahsynyň gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek boýunça borçlarynyň ýerine ýetirilmegi üçin, eger şu Kodekse laýyklykda olaryň tölenilmeginiň üpjün edilmegi talap edilýän bolsa, kepil geçiji hökmünde çykyş etmäge haklydyr.

3. Gümrük dellaly wekilçilik edilýän şahsdan gümrük taýdan resmileşdirmek üçin zerur bolan resminamalary we maglumatlary, şol sanda täjirçilik, bank ýa-da kanun arkaly goralýan başga syrlary düzýän we beýleki ýaşyryn maglumatlary bermegini talap etmäge hem-de şu Kodeksiň talaplarynyň berjaý edilmegini üpjün edýän möhletlerde şeýle resminamalary we maglumatlary almaga haklydyr.

4. Gümrük dellaly wekilçilik edilýän şahs bilen  şertnama baglaşmagyň şerti hökmünde Türkmenistanyň raýat kanunçylygyna laýyklykda ol şahsyň borçlarynyň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmeginiň talaplaryny bellemäge haklydyr.

 

97-nji madda. Gümrük dellalynyň borçlary we jogapkärçiligi

 

1. Gümrük dellalynyň gümrük taýdan resmileşdirmek mahalyndaky borçlary harytlaryň gümrük düzgünine we başga gümrük amalyna ýerleşdirilmegi üçin zerur bolan gümrük operasiýalary babatda şu Kodeksde bellenilen talaplar we şertler bilen şertlendirilýär.

Şeýle operasiýalaryň amala aşyrylmagynyň fakty gümrük dellalyna, şu Kodekse laýyklykda diňe  şu Kodeksiň 9-njy maddasynda bellenilen şahslaryň ýa-da daşaýjynyň üstüne ýüklenilýän, gümrük düzgüniniň hereketiniň tamamlanmagy, şeýle hem başga borçlar bilen baglanyşykly operasiýalaryň amala aşyrylmagy boýunça borçlary ýüklemeýär.

2. Eger harytlaryň deklarirlenilmegi üçin kesgitlenilen gümrük düzgüniniň mazmuny olaryň tölenilmegini göz öňünde tutýan bolsa we eger ol wekilçilik edilýän şahs bilen şertnamada göz öňünde tutulan bolsa, gümrük dellaly gümrük töleglerini, salgytlary töleýär.

Harytlar şu Kodekse laýyklykda deklarirlenilen mahalynda gümrük dellaly tölenilmäge degişli gümrük tölegleriniň, salgytlaryň tölenilmegi üçin deklarant ýaly jogapkärçilik çekýär.

3. Wekilçilik edilýän şahslardan alnan, täjirçilik, bank ýa-da kanun arkaly goralýan başga syry düzýän maglumatlar hem-de beýleki ýaşyryn maglumatlar gümrük dellaly we onuň işgärleri tarapyndan jar edilmeli ýa-da hususy maksatlar üçin ulanylmaly däldir, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda başga şahslara berilmeli däldir.

4. Gümrük dellaly özi tarapyndan gümrük operasiýalary amala aşyrylýan harytlar babatda hasabaty ýöretmäge hem-de gümrük edaralarynyň talap etmegi boýunça amala aşyrylan gümrük operasiýalary hakynda hasabat bermäge borçludyr.

5. Gümrük dellalynyň gümrük edaralarynyň öňündäki borçlary we jogapkärçiligi gümrük dellalynyň wekilçiligi edilýän şahs bilen baglaşan şertnamasy bilen çäklendirilip bilinmez.

6. Gümrük dellaly şu Kodeksde bellenilen talaplaryň berjaý edilmändigi üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.

 

98-nji madda. Gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmen

 

1. Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilen hünär talaplaryna laýyk gelýän we gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeniň hünär şahadatnamasy bolan fiziki şahs gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmen bolup durýar.

Gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeniň hünär şahadatnamasy gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan hünär talaplaryna laýyk gelmeginiň hünär synagy esasynda (mundan beýläk – hünär synagy) berilýär.

Hünär synagyny geçirmegiň tertibi gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

2. Şular gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeniň hünär şahadatnamasyny almak üçin dalaşgärlere bildirilýän hökmany talaplar bolup durýar:

1) umumy orta bilim hakynda şahadatnamasynyň bolmagy;

2) gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan geçirilýän, gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeniň hünär taýýarlygynyň okuwyna gatnaşmagy;

3) gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilýän, gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeniň hünär taýýarlygynyň maksatnamasyny özleşdirmegi.

3. Gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmen gümrük dellalynyň işgäri hökmündäki işini Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrýar.

Gümrük dellaly gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmen bilen zähmet şertnamasyny ýatyran mahalynda bu barada gümrük edarasyna haýal etmän habar bermäge borçludyr.

4. Gümrük dellaly gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeniň gümrük edaralarynyň öňündäki borçlaryny çäklendirip bilmez.

5. Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmenleriň sanawyny  ýöredýär.

(2020-nji ýylyň 14-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., №1, 11-nji madda)

 

99-njy madda. Gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeniň hünär şahadatnamasynyň ýatyrylmagynyň esaslary we tertibi

 

1. Şu ýagdaýlar bolan halatynda gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeniň hünär şahadatnamasy ýatyrylýar, eger:

1) eger gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünär şahadatnamasynyň galp resminamalary ulanmak bilen alnan fakty kesgitlenilen bolsa;

2) kazyýetiň kesgitli möhletiň dowamynda gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmen hökmündäki iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etme görnüşindäki jeza çäresini göz öňünde tutýan hökümi kanuny güýje giren bolsa;

3) gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmen şu Kodeksiň 97-nji maddasynyň üçünji böleginde bellenilen talaplary bozýan bolsa;

4) gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmen gümrük işi babatda administratiw hukuk bozulmalaryny amala aşyrany üçin ençeme gezek administratiw jogapkärçilige çekilen bolsa.

2. Gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeniň hünär şahadatnamasynyň ýatyrylmagy hakyndaky çözgüt gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kabul edilýär. Görkezilen edara tarapyndan gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeniň hünär şahadatnamasynyň ýatyrylmagy hakyndaky delillendirilen çözgüt çykarylýar. Görkezilen çözgüdiň göçürme nusgasy özi babatda şeýle çözgüt çykarylan şahsa, onuň çykarylan gününden başlap üç günüň dowamynda iberilýär.

3. Gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeniň hünär şahadatnamasy ýatyrylan şahs Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda görkezilen hünär şahadatnamasynyň ýatyrylmagy hakyndaky çözgüde şikaýat etmäge haklydyr.

4. Gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeniň hünär şahadatnamasy ýatyrylan şahsyň şu ýagdaýlarda görkezilen hünär şahadatnamasyny almak hakyndaky arza bilen gaýtadan ýüz tutmaga haky ýokdur:

1) eger şu maddanyň birinji böleginiň 1-nji we 3-nji bentlerinde göz öňünde tutulan esaslar boýunça bu şahadatnama ýatyrylan bolsa, hünär şahadatnamasynyň ýatyrylmagy hakyndaky çözgüt kabul edilen gününden başlap bir ýylyň dowamynda;

2) eger şu maddanyň birinji böleginiň 2-nji bendinde göz öňünde tutulan esaslar boýunça hünär şahadatnamasy ýatyrylan bolsa, kazyýetiň kanuny güýjüne giren höküminde göz öňünde tutulan möhletiň dowamynda;

3) eger şu maddanyň birinji böleginiň 4-nji bendinde göz öňünde tutulan esaslar boýunça hünär şahadatnamasy ýatyrylan bolsa, şahs administratiw temmi berlişe sezewar bolan hasaplanylýan möhletiň dowamynda.

 

14-nji bap. HARYTLARYŇ WE ULAG SERIŞDELERINIŇ

TÜRKMENISTANYŇ GÜMRÜK ÇÄGINDEN GITMEGI

 

100-nji madda. Harytlaryň we ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük çäginden gitmegi

 

1. Harytlaryň we ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük çäginden gitmegi – harytlaryň we ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşyna alnyp gidilmegine gönükdirilen hereketleriň amala aşyrylmagy.

Harytlaryň we ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmegine Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçiriş ýerlerinde ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilen başga ýerlerde gümrük edaralarynyň iş wagtynda rugsat berilýär.

2. Mälim edilen, şu Kodeksiň talaplaryna laýyklykda alnyp gidilýän harytlar babatda ulanylýan, gümrük düzgünine görä harytlar goýberilenden soň, gümrük edarasynyň rugsady bilen harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmegine ýol berilýär.

3. Daşaýjy harytlar we ulag serişdeleri alnyp gidilmezinden öň, gümrük edarasyna, gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan harytlaryň halkara daşalmasy amala aşyrylýan ulagyň görnüşine görä bellenilen resminamalary we maglumatlary bermäge borçludyr.

4. Şu maddanyň düzgünleri Türkmenistanyň gümrük çäginde ýerleşýän deňiz (derýa) portunda ýa-da howa menzilinde durmazdan Türkmenistanyň gümrük çägini kesip geçýän deňiz (derýa), howa gämilerinde daşalýan harytlara, şeýle hem turbageçiriji ulag arkaly we elektrik geçiriji liniýalar boýunça Türkmenistanyň gümrük çäginden daşary geçirilýän harytlara degişli bolmaýar.

(2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 21-nji madda)

 

101-nji madda. Harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden gidýän ulag serişdelerine ýüklenilmegi

 

1. Harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden gidýän ulag serişdelerine ýüklenilmegine gümrük edarasynyň rugsady bilen, gümrük deklarasiýasy kabul edilenden soň ýol berilýär, harytlar gümrük taýdan resmileşdirilen mahalynda gümrük edarasynyň harytlaryň barlagyny geçirmek üçin olaryň görkezilmegini talap etmeýän, şeýle hem harytlaryň gümrük üstaşyry gümrük düzgünine laýyklykda geçirilýän halatlary muňa degişli däldir.

2. Harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden gidýän ulag serişdelerine ýüklenilmegi gümrük edaralary bilen ylalaşylan ýerlerde gümrük edaralarynyň işleýän wagtynda, gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilen halatlarda bolsa – gümrük edarasynyň wezipeli adamynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýar.

3. Gümrük edarasy bu edaranyň wezipeli adamynyň gatnaşmazlygynda, şahsyň arzasy boýunça bolsa – gümrük edarasynyň iş wagtyndan başga wagtda ýüklemegi amala aşyrmaga rugsat bermäge haklydyr.

 

102-nji madda. Harytlar Türkmenistanyň gümrük çäginden gidýän mahalynda olara bildirilýän talaplar

 

1. Harytlar Türkmenistanyň gümrük çäginden olaryň kesgitli gümrük düzgünine ýerleşdirilen pursatyndaky mukdarynda we ýagdaýynda hakykatda alnyp gidilmelidir, harytlaryň mukdarynyň we ýagdaýynyň tebigy könelme ýa-da azalma netijesinde üýtgän, ýa-da daşamagyň (ulagly daşamagyň) we saklamagyň kadaly şertlerinde harytlaryň tebigy ýagdaýynyň üýtgän, şeýle hem ulag serişdesinde dökülmän galýan galyndylaryň bolmagy netijesinde harytlaryň mukdarynyň üýtgän halatlary muňa degişli däldir.

2. Eger harytlaryň ýitmegi ýa-da olaryň ýagdaýynyň üýtgemegi awariýa ýa-da öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri netijesinde bolup geçen halatynda, Türkmenistanda hereket edýän tehniki reglamentlerde we standartlarda göz öňünde tutulan halatlarda bolsa – harytlaryň mukdary hakyndaky maglumatlar ölçeýiş usullarynyň ýalňyşlyklary zerarly üýtgän mahalynda daşaýjy şu maddanyň düzgünleriniň berjaý edilmezligi üçin jogapkärçilik çekmeýär.

 

2-nji kiçi bölüm. GÜMRÜK DÜZGÜNLERI

 

15-nji bap. GÜMRÜK DÜZGÜNLERINE DEGIŞLI

UMUMY DÜZGÜNLER

 

103-nji madda. Gümrük düzgünleriniň görnüşleri

 

1. Gümrük taýdan düzgünleşdirmegiň maksatlary üçin harytlar babatda şu gümrük düzgünleriniň görnüşleri bellenilýär:

1) esasy gümrük düzgünleri:

a) erkin dolanyşyga goýbermek;

b) eksport;

ç) gümrük üstaşyry;

2) ykdysady gümrük düzgünleri:

a) gümrük çäginde gaýtadan işlemek;

b) erkin dolanyşyk üçin gaýtadan işlemek;

ç) gümrük çäginiň daşynda gaýtadan işlemek;

d) wagtlaýyn getirmek;

e) wagtlaýyn alyp gitmek;

ä) gümrük ammary;

f) paçsyz söwda;

g) erkin gümrük zolagy (erkin ammar);

3) tamamlaýjy gümrük düzgünleri:

a) reimport;

b) reeksport;

ç) ýok etmek;

d) döwletiň haýryna ýüz öwürmek;

4) ýörite gümrük düzgünleri:

a) ätiýaçlyklaryň geçirilmegi;

b) başga ýörite gümrük düzgünleri.

2. Erkin gümrük zolagy (erkin ammar) gümrük düzgüninden başga gümrük düzgünleri şu Kodeks bilen bellenilýär. 

Erkin gümrük zolagy (erkin ammar) gümrük düzgüni Türkmenistanyň erkin gümrük zolagy (erkin ammar) gümrük düzgünini bellemek we ulanmak boýunça hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylygyna laýyklykda bellenilýär.

 

104-nji madda. Gümrük düzgüniniň saýlanylmagy we üýtgedilmegi

 

Eger şu Kodeksde we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, şahs, harytlaryň häsiýetine, mukdaryna, gelip çykan ýurduna garamazdan, islendik wagt islendik gümrük düzgünini saýlamaga ýa-da ony başgasyna üýtgetmäge haklydyr.

 

105-nji madda. Harytlaryň gümrük düzgünine mälim edilmegi we ýerleşdirilmegi

 

1. Dahylly şahs tarapyndan saýlanyp alnan gümrük düzgüni görkezilen gümrük deklarasiýasynyň ýa-da başga mälim etmäniň gümrük edarasy tarapyndan kabul edilen senesi, harytlaryň kesgitli gümrük düzgünine mälim edilen güni hasaplanylýar.

2. Harytlaryň gümrük düzgünine ýerleşdirilmegi gümrük edarasynyň şu Kodekse laýyklykda berýän rugsady bilen amala aşyrylýar.

3. Şu Kodeksde bellenilen tertipde gümrük edarasy tarapyndan harytlaryň goýberilen güni harytlaryň gümrük düzgünine ýerleşdirilen güni hasap edilýär.

 

106-njy madda. Gümrük düzgüniniň şertleriniň we talaplarynyň berjaý edilmezligi üçin jogapkärçilik

 

Eger şu Kodeksde başgaça bellenilmedik bolsa, şu Kodeksde bellenilen gümrük düzgüniniň şertleriniň we talaplarynyň berjaý edilmezligi üçin jogapkärçiligi deklarant ýa-da degişli gümrük düzgünini mälim eden başga şahs çekýär.

 

107-nji madda. Gümrük işi babatda administratiw hukuk bozulmasy hakyndaky iş boýunça harytlaryň alynmagynyň netijeleri

 

1. Gümrük düzgünine ýerleşdirilen harytlaryň gümrük işi babatda administratiw hukuk bozulmasy hakyndaky iş boýunça alnan halatynda, gümrük düzgüniniň bu harytlar babatdaky hereketi togtadylýar.

2. Eger gümrük işi babatda administratiw hukuk bozulmasy hakyndaky iş boýunça güýje giren kararda gümrük düzgünine ýerleşdirilen harytlaryň muzdsuz alynmagy göz öňünde tutulmaýan bolsa, gümrük düzgüniniň bu harytlar babatdaky hereketi dikeldilýär.

3. Eger şahsyň administratiw jogapkärçilige çekilmegi gümrük düzgüniniň berjaý edilmezligi bilen baglanyşykly bolsa hem-de ýol berlen berjaý edilmezlik degişli gümrük düzgüniniň mundan beýläk ulanylmagynyň mümkin bolmazlygyna getirse, şu kiçi bölüme laýyklykda gümrük düzgüni administratiw hukuk bozulmasy hakyndaky iş boýunça degişli kararyň güýje giren gününden soň on bäş günüň dowamynda tamamlanylmalydyr.

(2023-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № ..., ...-nji madda)

 

16-njy bap. ESASY GÜMRÜK DÜZGÜNLERI

 

§1. ERKIN DOLANYŞYGA GOÝBERMEK

 

108-nji madda. Gümrük düzgüniniň mazmuny

 

Erkin dolanyşyga goýbermek – Türkmenistanyň gümrük çägine getirilen harytlaryň olaryň bu çäkden alnyp gidilmegi hakynda borçnamasyz bu çäkde galýan gümrük düzgüni.

 

109-njy madda. Harytlary gümrük düzgünine ýerleşdirmegiň şertleri

 

1. Şu şertler bolan mahalynda erkin dolanyşyga goýbermek amala aşyrylýar:

1) gümrük tölegleri tölenilse;

2) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklar we çäklendirmeler berjaý edilse;

3) şu Kodeksde we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan başga talaplar ýerine ýetirilse.

2. Görkezilen şertler berjaý edilmedik mahalynda harytlar şu Kodeksiň 90-njy maddasyna laýyklykda şertli goýberilmäge degişlidir.

 

§2. EKSPORT

 

110-njy madda. Gümrük düzgüniniň mazmuny

 

Eksport – Türkmenistanyň gümrük çäginde erkin dolanyşykda bolýan harytlaryň bu çäkden yzyna gaýtaryp getirmek borçnamasyz alnyp gidilýän gümrük düzgüni.

 

111-nji madda. Harytlary gümrük düzgünine ýerleşdirmegiň şertleri 

 

Harytlaryň eksporty şu şertlerde amala aşyrylýar:

1) gümrük tölegleri tölenilse;

2) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklar we çäklendirmeler berjaý edilse;

3) şu Kodeksde we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan başga talaplar we şertler ýerine ýetirilse.

 

§3. GÜMRÜK ÜSTAŞYRY

 

112-nji madda. Gümrük düzgüniniň mazmuny

 

Gümrük üstaşyry – daşary ýurt harytlarynyň Türkmenistanyň gümrük çäginde olaryň Türkmenistanyň gümrük çägine gelýän ýerinden olaryň bu çäkden gidýän ýerine (eger bu olaryň Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşynda başlanýan we tamamlanýan ýolunyň bölegi bolup durýan bolsa) gümrük gözegçiligi astynda gümrük paçlary, salgytlar tölenilmezden, şeýle hem harytlar babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklar we çäklendirmeler ulanylmazdan geçirilýän gümrük düzgüni.

 

113-nji madda. Harytlary gümrük düzgünine ýerleşdirmegiň şertleri

 

Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda üstaşyry gadagan edilen harytlardan başga, islendik daşary ýurt harytlary gümrük üstaşyry gümrük düzgünine ýerleşdirilip bilner.

 

114-nji madda. Gümrük üstaşyry gümrük düzgüninde şu Kodeksde içerki gümrük üstaşyry babatda göz öňünde tutulan düzgünleriň ulanylmagy

 

1. Gümrük üstaşyry gümrük düzgüni mahalynda gümrük edarasy tarapyndan gümrük üstaşyryna rugsat bermegiň tertibi we gümrük üstaşyrynyň möhletlerini bellemegiň tertibi, harytlaryň kybaplanylmagy, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň üpjün ediliş çäreleri şu Kodeksiň 45-51-nji maddalarynda içerki gümrük üstaşyry babatda bellenilen we gümrük üstaşyry gümrük düzgüni babatda ulanarlykly düzgünler boýunça amala aşyrylýar.

2. Daşaýjynyň ýa-da ekspeditoryň gümrük üstaşyry mahalyndaky hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi babatda şu Kodeksiň 53-nji maddasynyň 1-nji we 2-nji bentleriniň, şeýle hem 55-nji we 56-njy maddalarynyň düzgünleri ulanylýar.

 

115-nji madda. Üstaşyr harytlarynyň düşürilip ýüklenilmegi we üstaşyr harytlary bilen başga operasiýalar

 

1. Üstaşyr harytlarynyň, olaryň Türkmenistanyň gümrük çägine getirilen ulag serişdesinden düşürilip bu çäkden alnyp gidiljek ulag serişdesine ýüklenilmegine, iş zolagynda şeýle ýük operasiýasy amala aşyrylýan gümrük edarasynyň rugsady bilen ýol berilýär. Eger üstaşyr harytlary bir ulag serişdesinden beýlekisine goýlan gümrük plombalaryna we möhürlerine zeper ýetirmezden düşürilip ýüklenilip bilinýän bolsa, şeýle düşürilip ýüklenilmäge gümrük edarasyna deslapdan habar berilmegi bilen ýol berilýär.

2. Üstaşyr harytlarynyň Türkmenistanyň gümrük çäginde ammara ýerleşdirilmegine (saklanylmagyna, tapgyrlaryň böleklere bölünmegine ýa-da toplanylmagyna we başga şulara meňzeş operasiýalara) şu Kodeksde bellenilen talaplaryň we şertleriň berjaý edilmegi bilen ýol berilýär.

3. Üstaşyr harytlary bilen şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulmadyk operasiýalaryň geçirilmegine, diňe, eger olaryň geçirilmegine harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň ýok bolmagynyň, ýitmeginiň ýa-da düýpli zaýalanmagynyň hakyky howpy sebäp bolan halatynda ýol berilýär.

 

116-njy madda. Gümrük düzgüniniň tamamlanmagy

 

1. Gümrük üstaşyry üstaşyr harytlarynyň Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmegi bilen tamamlanýar.

Daşaýjy barylmagy bellenilen gümrük edarasyna üstaşyr harytlaryny görkezmäge, üstaşyr deklarasiýasyny we gümrük üstaşyrynyň maksatlary üçin ulanylýan üstaşyr harytlarynyň başga resminamalaryny bermäge borçludyr. Harytlaryň barylmagy bellenilen gümrük edarasy gümrük üstaşyryny tamamlamak üçin zerur bolan gümrük operasiýalaryny geçirmäge we üstaşyr harytlarynyň görkezilen hem-de resminamalaryň berlen gününde harytlaryň we ulag serişdeleriniň gitmegi üçin rugsat bermäge borçludyr.

Üstaşyr harytlary aýratyn tapgyrlar bilen alnyp gidilen mahalynda gümrük üstaşyry, harytlaryň iň soňky tapgyry Türkmenistanyň gümrük çäginden gidenden soň, tamamlanan hasap edilýär.

2. Gümrük üstaşyry şu Kodeksde bellenilen talaplar we şertler berjaý edilen mahalynda harytlaryň başga gümrük düzgünine ýerleşdirilmegi bilen hem tamamlanyp biler.

 

117-nji madda. Gümrük düzgüniniň ulanylyşynyň aýratynlyklary

 

1. Üstaşyr harytlarynyň Türkmenistanyň gümrük çägine gelýän ýeriniň olaryň bu çäkden alnyp gidilýän ýeri bilen gabat gelen halatlarynda, gümrük üstaşyrynyň ýönekeýleşdirilen tertibine ýol berilýär. Daşaýjy ýa-da ekspeditor diňe harytlar we ulag serişdeleri gelen mahalynda talap edilýän resminamalary we maglumatlary berýär, üstaşyr üçin rugsat bolsa, gümrük edarasyna harytlaryň görkezilen we resminamalaryň we maglumatlaryň berlen gününde berilýär.

2. Eger üstaşyr harytlary şu maddanyň birinji böleginde görkezilen ýerde harytlar gelen mahalynda ulanylan ulag serişdesinden düşürilip olar giden mahalynda ulanylýan ulag serişdesine ýüklenilýän bolsa, harytlaryň düşürilip ýüklenilmegine gümrük edarasynyň rugsady bilen ýol berilýär. Şeýle rugsat, şu Kodeksiň 40-njy maddasynda göz öňünde tutulan resminamalar we maglumatlar berlen mahalynda, daşaýja ýa-da ekspeditora berilýär.

Gümrük edarasy üstaşyr harytlar bilen ýük operasiýalarynyň geçirilmegine rugsat bermekden diňe olaryň amala aşyrylmagy harytlaryň ýitmegine ýa-da olaryň sarp ediliş häsiýetleriniň üýtgemegine getirip biljek halatynda ýüz öwrüp biler.

 

17-nji bap. YKDYSADY GÜMRÜK DÜZGÜNLERI

 

§1. GÜMRÜK ÇÄGINDE GAÝTADAN IŞLEMEK

 

118-nji madda. Gümrük düzgüniniň mazmuny

 

1. Gümrük çäginde gaýtadan işlemek – gaýtadan işlemegiň önümleriniň kesgitlenilen möhletde Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilýän şertinde, getirilen harytlaryň bellenilen möhletiň (harytlaryň gaýtadan işleniliş möhletiniň) dowamynda   gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden şertli doly boşadylmagy bilen, harytlary gaýtadan işlemek boýunça operasiýalary geçirmegiň maksatlary üçin, Türkmenistanyň gümrük çäginde ulanylýan gümrük düzgüni.

2. Gümrük çäginde gaýtadan işlemegiň gümrük düzgünine ýerleşdirilýän getirilen harytlar babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ähli gadaganlyklar we çäklendirmeler ulanylýar.

 

119-njy madda. Harytlary gümrük düzgünine ýerleşdirmegiň şertleri

 

1. Gümrük çäginde gaýtadan işlemäge gümrük edarasynyň rugsady bolan mahalynda ýol berilýär.

2. Eger gümrük edaralary getirilen harytlary gaýtadan işlemegiň önümlerine görä kybaplap bilýän bolsa, gümrük çäginde gaýtadan işlemäge ýol berilýär, gümrük düzgüniniň şu Kodeksiň 131-nji maddasyna laýyklykda getirilen harytlar bilen barabar harytlary gaýtadan işlemegiň netijesinde alnan gaýtadan işlemegiň önümleriniň alnyp gidilmegi bilen tamamlanýan halaty muňa degişli däldir.

3. Gümrük çäginde gaýtadan işlemegiň gümrük düzgünine, şu Kodeksde göz öňünde tutulan talaplar we şertler berjaý edilen mahalynda öň başga gümrük düzgünlerine ýerleşdirilen daşary ýurt harytlary ýerleşdirilip bilner.

4. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti getirilen harytlaryň kesgitli görnüşleri babatda gümrük çäginde gaýtadan işlemäge  ýol berilmeýän halatlaryny kesgitlemäge haklydyr.

 

120-nji madda. Harytlary olary gaýtadan işlemegiň önümlerine görä kybaplamak

 

1. Eger harytlaryň we harytlary gaýtadan işlemek boýunça amala aşyrylýan operasiýalaryň häsiýetinden ugur almak bilen ulanarlykly bolsalar, getirilen harytlary olary gaýtadan işlemegiň önümlerine görä kybaplamak üçin şu usullar ulanylyp bilner:

1) arza beriji, gaýtadan işleýji ýa-da gümrük edarasynyň wezipeli adamy tarapyndan getirilen harytlara möhürleriň, möhürçeleriň, sanly ýa-da başga belgilemeleriň goýulmagy;

2) getirilen harytlaryň jikme-jik beýan edilmegi, olaryň fotosurata düşürilmegi, masştably şekillendirilmegi;

3) getirilen harytlaryň we olary gaýtadan işlemegiň önümleriniň nusgalyklarynyň ýa-da nusgalarynyň barlagynyň netijeleriniň deňeşdirilmegi;

4) getirilen harytlaryň öndürijisiniň tapgyrlaýyn san belgileriniň ýa-da başga belgilemeleriň ulanylmagy;

5) häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagyny göz öňünde tutýan başga kybaplaýyş usullary.

2. Gümrük çäginde gaýtadan işlemek üçin getirilen harytlary gaýtadan işlemegiň önümlerine görä kybaplamagyň mälim edilen usulynyň ýerlikliligi gümrük edarasy tarapyndan harytlaryň häsiýetini we harytlary gaýtadan işlemek boýunça amala aşyrylýan operasiýalary nazara almak bilen bellenilýär.

3. Arza berijiniň ýüz tutmasy hem-de gümrük edarasynyň razylygy boýunça görkezilen kybaplama, gümrük maksatlary üçin, önümçilikde ulanylýan çig mal, materiallar we düzüjiler, şeýle hem gaýtadan işlemegiň önümleriniň öndüriliş tehnologiýasy hakynda berlen jikme-jik maglumatlaryň barlanylmagy arkaly ýa-da harytlary gaýtadan işlemek boýunça operasiýalaryň amala aşyrylýan wagtynda gümrük gözegçiliginiň amala aşyrylmagy arkaly üpjün edilip bilner.

 

121-nji madda. Harytlary gaýtadan işlemek boýunça operasiýalar

 

Gümrük çäginde gaýtadan işlemegiň gümrük düzgüni mahalynda harytlary gaýtadan işlemek boýunça operasiýalara şular girýär:

1) harytlary gaýtadan işlemegiň we işläp bejermegiň özi;

2) täze harytlaryň taýýarlanmagy, şol sanda harytlaryň düzülmegi, ýygnalmagy ýa-da sökülmegi;

3) harytlaryň abatlanmagy, şol sanda olaryň dikeldilmegi, düzüm bölekleriniň çalşylmagy, olaryň sarp ediliş häsiýetleriniň dikeldilmegi;

4) haryt önüminiň öndürilmegine ýardam edýän ýa-da ony ýeňilleşdirýän harytlary gaýtadan işlemek, hatda, eger bu harytlar gaýtadan işlemek prosesinde dolulygyna ýa-da kem-käsleýin sarp edilýän bolsa-da.

 

122-nji madda. Harytlaryň gaýtadan işleniliş möhleti

 

1. Harytlaryň gaýtadan işleniliş möhleti arza beriji tarapyndan gümrük edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça kesgitlenilýär we iki ýyldan artyk bolup bilmez.

2. Harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çäginde gaýtadan işleniliş möhleti harytlary gaýtadan işlemegiň prosesiniň dowamlylygyndan we gaýtadan işlemegiň önümlerine ygtyýarlyk etmek üçin zerur bolan wagtdan ugur alnyp kesgitlenilýär.

3. Eger şu paragrafda bellenilen talaplary we şertleri bozmazdan harytlary gaýtadan işlemäge rugsat alan şahs özüne bagly bolmadyk sebäpler boýunça gümrük düzgünini kesgitlenilen möhletde tamamlap bilmese, şu maddanyň birinji böleginde bellenilen möhletiň çäklerinde, gaýtadan işlemäge rugsat alan şahsyň delillendirilen arzasy boýunça harytlary gaýtadan işlemegiň ilkibaşda kesgitlenilen möhleti uzaldylýar.

4. Harytlaryň gaýtadan işleniliş möhletiniň dowamy olaryň gümrük çäginde gaýtadan işlemek gümrük düzgünine ýerleşdirilen gününden, harytlar aýratyn haryt tapgyrlary bilen getirilen mahalynda bolsa – harytlaryň birinji tapgyrynyň ýerleşdirilen gününden başlanýar.

 

123-nji madda. Gaýtadan işlemegiň önümleriniň çykyş kadasy

 

1. Gaýtadan işlemegiň önümleriniň çykyş kadasy (getirilen harytlaryň belli bir mukdarynyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde emele gelen gaýtadan işlemegiň önümleriniň mukdary ýa-da göterimleýin möçberi) arza beriji tarapyndan harytlaryň gaýtadan işlenilmegi amala aşyrylýan hakyky şertlerden ugur alnyp, gümrük edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça kesgitlenilýär.

2. Gaýtadan işlemegiň önümleriniň çykyş kadasy ylalaşylan mahalynda gümrük edaralary tarapyndan bilermenler guramalarynyň (şol sanda gümrük barlaghanalarynyň) gaýtadan işlemegiň anyk tehnologik prosesine esaslanýan netijenamalary nazara alynýar.

3. Gaýtadan işlemegiň önümleriniň beýany, hili we mukdary gaýtadan işlemegiň önümleriniň çykyş kadasy ylalaşylandan soň gutarnykly kesgitlenilýär.

 

124-nji madda. Harytlary gümrük çäginde gaýtadan işlemäge rugsadyň berilmegi

 

1. Türkmenistanyň islendik dahylly şahsy, şol sanda harytlary gaýtadan işlemek boýunça operasiýalary gös-göni amala aşyrmaýan şahs harytlary gümrük çäginde gaýtadan işlemäge rugsat alyp biler.

2. Harytlary gümrük çäginde gaýtadan işlemäge rugsat gümrük edarasy tarapyndan dahylly şahsyň arzasy esasynda berilýär.

3. Harytlary gümrük çäginde gaýtadan işlemäge rugsatda şular görkezilýär:

1) gaýtadan işlemek üçin niýetlenilen harytlaryň we olary gaýtadan işlemegiň önümleriniň beýany, hili we mukdary;

2) harytlary gaýtadan işlemek boýunça operasiýalar we olary amala aşyrmagyň usullary;

3) gaýtadan işlemegiň önümleriniň çykyş kadasy;

4) getirilen harytlaryň gaýtadan işlemegiň önümlerine görä kybaplanyş usullary;

5) harytlaryň gaýtadan işleniliş möhleti;

6) gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýän we gümrük maksatlary üçin zerur bolan başga maglumatlar.

Harytlary gümrük çäginde gaýtadan işlemäge rugsadyň görnüşi gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilýär.

4. Harytlary gümrük çäginde gaýtadan işlemäge rugsat harytlary gaýtadan işlemegiň bellenilen möhletiniň dowamynda hereket edýär.

5. Harytlary gümrük çäginde gaýtadan işlemäge rugsady alan şahs onuň hereket ediş möhletiniň dowamynda gümrük edarasynyň ýazmaça rugsady bilen Türkmenistanyň başga şahsyna, eger ol şu paragrafda bellenilen talaplary we şertleri mundan beýläk berjaý etmek boýunça borçlary öz üstüne alan şertinde, bermäge haklydyr. Şonda harytlary gümrük çäginde gaýtadan işlemäge rugsat alan şahs gümrük edarasyna şu bapda bellenilen talaplaryň we şertleriň ýerine ýetirilendigi hakynda, harytlary gümrük çäginde gaýtadan işlemegiň gümrük düzgünine laýyklykda ulanylan döwri üçin hasabat bermäge, şeýle hem eger bu döwrüň dowamynda şu Kodekse laýyklykda gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek borjuna eltýän wakalar bolan bolsa, gümrük paçlaryny, salgytlary tölemäge borçludyr.

Harytlary gümrük çäginde gaýtadan işlemäge rugsat gowşurylýan şahs, şu bapda bellenilen talaplary we şertleri mundan beýläk berjaý etmek boýunça borçlary öz üstüne almalydyr, şeýle hem, eger gümrük düzgüniniň berjaý edilmegi kepillikler bilen üpjün edilýän bolsa, öz adyna degişli resminamalary resmileşdirmelidir. Görkezilen şahs gümrük edarasy tarapyndan harytlary gümrük çäginde gaýtadan işlemäge rugsady geçirmek hakynda çözgüt kabul edilen günden başlap, harytlary gümrük çäginde gaýtadan işlemäge rugsat alan şahs babatda şu Kodeksde bellenilen hukuklardan peýdalanýar we borçlary çekýär.

6. Harytlary gümrük çäginde gaýtadan işlemäge rugsat arza beriji tarapyndan şu paragrafda bellenilen talaplar we şertler berjaý edilen şertinde, harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmeginden öň, şonuň ýaly-da ondan soň berlip bilner.

7. Harytlary gümrük çäginde gaýtadan işlemäge rugsat alan şahs şu Kodeksiň 258-nji maddasynyň üçünji bölegine laýyklykda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi üçin jogapkärçilik çekýär.

 

125-nji madda. Harytlary gaýtadan işlemäge rugsady bermegiň tertibi

 

1. Harytlary gümrük çäginde gaýtadan işlemäge rugsat almak üçin gümrük edarasyna özünde şu maglumatlary jemleýän arza berilýär:

1) arza beriji hakynda;

2) harytlary gaýtadan işlemek boýunça operasiýalary gös-göni amala aşyrýan şahs (şahslar) hakynda;

3) gaýtadan işlemek üçin niýetlenilen harytlar, gaýtadan işlemegiň önümleri, şeýle hem gaýtadan işlemegiň galyndylary we harytlaryň galyndylary hakynda;

4) harytlary gaýtadan işlemek boýunça operasiýalar, olary amala aşyrmagyň usullary we möhletleri hakynda;

5) harytlary gaýtadan işlemek boýunça operasiýalar amala aşyrylanda ulanylýan önümçilik kuwwatlyklarynyň ýerleşýän ýeri hakynda;

6) gaýtadan işlemegiň önümleriniň çykyş kadasy hakynda;

7) getirilen harytlary gaýtadan işlemegiň önümlerine görä kybaplamagyň usullary hakynda;

8) getirilen harytlaryň barabar harytlar bilen çalşyrylmagy hakynda;

9) harytlaryň gaýtadan işleniliş möhleti hakynda.

2. Arza gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilen görnüşde berilýär.

Arzanyň ýanyna mälim edilen maglumatlary tassyklaýan resminamalar goşulýar.

3. Gümrük edarasy arza hem-de onuň ýanyna goşulýan resminamalara olaryň kabul edilen gününden başlap bir aýyň dowamynda seredýär. Görkezilen möhletiň dowamynda gümrük edarasy bellenilen talaplaryň we şertleriň berjaý edilişini barlaýar, şeýle hem gaýtadan işlemegiň önümleriniň çykyşynyň mälim edilen kadasynyň we harytlaryň gaýtadan işleniliş möhletiniň ylalaşylmagy hakynda çözgüt kabul edýär.

Gümrük edarasy üçünji bir şahslardan, şeýle hem döwlet edaralaryndan şu maddanyň birinji böleginde görkezilen maglumatlary tassyklaýan resminamalary talap etmäge haklydyr. Görkezilen şahslar ýüz tutma alnan gününden başlap on günüň dowamynda soralýan resminamalary bermäge borçludyr. Şonda gümrük edarasy arza seredilmek möhletini onuň kabul edilen gününden başlap iki aýdan köp bolmadyk wagta uzaltmaga haklydyr.

4. Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy aýratyn halatlarda harytlary gümrük çäginde gaýtadan işlemäge rugsat bermegiň ýönekeýleşdirilen tertibini bellemäge haklydyr.

5. Harytlary gümrük çäginde gaýtadan işlemäge rugsat gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilen gümrük edaralary tarapyndan berilýär.

6. Gümrük edarasy, eger arza beriji tarapyndan arza berlen mahalynda şu paragrafda bellenilen talaplar we şertler berjaý edilmedik bolsa, şeýle hem gümrük edarasy tarapyndan gaýtadan işlemegiň önümleriniň çykyşynyň mälim edilen kadasy we harytlaryň gaýtadan işleniliş möhletini ylalaşmakdan ýüz öwürmek hakynda çözgüt kabul edilen halatynda harytlary gümrük çäginde gaýtadan işlemäge rugsady bermekden ýüz öwürýär.

Gümrük edarasynyň harytlary gümrük çäginde gaýtadan işlemäge rugsady bermekden ýüz öwürmegi esaslandyrylan we delillendirilen bolmalydyr. Görkezilen rugsady bermekden ýüz  öwrülendigi hakynda arza beriji ýazmaça görnüşde habardar edilýär.

 

126-njy madda. Harytlary gaýtadan işlemäge rugsady yzyna gaýtaryp almak

 

1. Eger harytlaryň şu Kodeksiň 119-njy maddasynyň dördünji bölegi esasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kabul eden çözgüdine laýyklykda harytlary gümrük çäginde gaýtadan işlemegiň gümrük düzgünine ýerleşdirilmegine ýol berilmeýän bolsa, harytlary gaýtadan işlemäge berlen rugsat gümrük edarasy tarapyndan yzyna gaýtarylyp alynýar.

2. Yzyna gaýtaryp almak hakyndaky çözgüt onuň gümrük edarasy tarapyndan kabul edilen gününden başlap hereket edýär.

3. Harytlary gaýtadan işlemäge rugsat yzyna gaýtarylyp alnan mahalynda yzyna gaýtarylyp alnan rugsada laýyklykda harytlary gümrük çäginde gaýtadan işlemegiň gümrük düzgünine ýerleşdirmäge ýol berilmeýär, gümrük çäginde gaýtadan işlemegiň gümrük düzgünine rugsat yzyna gaýtarylyp alynmazdan öň ýerleşdirilen harytlar babatda bolsa, görkezilen gümrük düzgünini şu paragrafa laýyklykda tamamlamaga ýol berilýär.

 

127-nji madda. Gaýtadan işlemegiň önümleriniň alnyp gidiliş gümrük paçlaryndan boşadylmagy. Gaýtadan işlemegiň önümlerine gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň ulanylmagy

 

1. Gaýtadan işlemegiň önümleri Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilen mahalynda alnyp gidiliş gümrük paçlary tölenilmeýär.

2. Alnyp gidilýän gaýtadan işlemegiň önümleri babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ähli gadaganlyklar we çäklendirmeler ulanylýar.

 

128-nji madda. Gaýtadan işlemegiň galyndylary

 

1. Harytlary gümrük çäginde gaýtadan işlemegiň netijesinde emele gelen gaýtadan işlemegiň galyndylary babatda gümrük paçlary, salgytlar görkezilen galyndylaryň Türkmenistanyň gümrük çägine bu ýagdaýda getirilendäkisi ýaly tölenilmäge degişlidir, görkezilen galyndylaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilen ýa-da olaryň Türkmenistanyň gümrük çäginde mundan beýläk täjirçilik taýdan ulanylmagy üçin ýaramsyz bolan we ykdysady taýdan bähbitli usul bilen ilkibaşdaky ýagdaýyna getirilip bilinmejek ýagdaýyna çenli gaýtadan işlenilen halatlary muňa degişli däldir.

Özleri babatda gümrük paçlary, salgytlar tölenilmäge degişli bolan gaýtadan işlemegiň galyndylary deklarirlenilmäge degişlidir.

2. Gaýtadan işlemegiň galyndylaryna, gümrük paçlarynyň, salgytlaryň salynmagynyň maksatlary üçin, Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän harytlar hökmünde garalýar.

 

129-njy madda. Harytlaryň galyndylary

 

1. Gümrük çäginde gaýtadan işlemegiň gümrük düzgünine ýerleşdirilen harytlaryň galyndylary Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidiliş gümrük paçlary tölenilmezden alnyp gidilip ýa-da gümrük çäginde gaýtadan işlemegiň gümrük düzgünine ýerleşdirilip bilner.

2. Harytlaryň alnyp gidilmedik galyndylary babatda getiriliş gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberleri olaryň  Türkmenistanyň gümrük çägine bu ýagdaýda getirilendäkisi ýaly tölenilmäge degişlidir.

Harytlaryň özleri babatda gümrük paçlary, salgytlar tölenilýän galyndylary deklarirlenilmäge degişlidir.

Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberi harytlaryň galyndylarynyň mukdar ýa-da nyrh böleginiň möçberinden ugur alnyp, gümrük çäginde gaýtadan işlemegiň gümrük düzgünine ýerleşdirilen harytlaryň bu gümrük düzgünine ýerleşdirilen gününde olaryň erkin dolanyşyga goýberilendäkisi ýaly tölenilmäge degişli gümrük paçlarynyň, salgytlaryň möçberine proporsionallykda kesgitlenilýär.

 

130-njy madda. Gümrük düzgüniniň tamamlanmagy

 

1. Gümrük çäginde gaýtadan işlemegiň gümrük düzgüni gaýtadan işleniliş möhletiniň tamamlanýan gününden gijä galman Türkmenistanyň gümrük çäginde gaýtadan işlemegiň önümleriniň alnyp gidilmegi ýa-da getirilen harytlaryň we olary gaýtadan işlemegiň önümleriniň başga gümrük düzgünlerine ýerleşdirilmegi bilen tamamlanmalydyr.

2. Eger gaýtadan işlemegiň önümleri Türkmenistanyň gümrük çäginden birnäçe tapgyrlarda alnyp gidilýän bolsa gaýtadan işlemegiň önümleriniň mukdarynyň harytlary gaýtadan işlemäge rugsatda görkezileni bilen gutarnykly deňeşdirilmesi gaýtadan işlemegiň önümleri alnyp gidilenden soň, emma azyndan üç aýda bir gezek we harytlaryň iň soňky tapgyrynyň alnyp gidilen gününden gijä galman yzygiderli geçirilip bilner.

Eger şeýle deňeşdirmäniň netijesinde gümrük çäginde gaýtadan işlemäge rugsat alan şahs gümrük paçlaryny, salgytlary tölemeli bolsa, gümrük edarasy tarapyndan görkezilen möçberleriň tölenilmeginiň zerurlygy hakynda ýazmaça görnüşde çözgüt kabul edilen gününden başlap on günden gijä galman olar tölenilen şertinde, bu gümrük tölegleriniň pul möçberine puşmana töleg hasaplanyp ýazylmaýar. Gümrük edarasy harytlary gaýtadan işlemäge rugsat alan şahsa çözgüt kabul edilen gününiň yzyndan gelýän günden gijä galman gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmeginiň zerurdygy hakynda habar iberýär.

3. Getirilen harytlar we (ýa-da) olary gaýtadan işlemegiň önümleri erkin dolanyşyk üçin goýberilen mahalynda, getirilen harytlar gümrük çäginde gaýtadan işlemegiň gümrük düzgünine ýerleşdirilen gününde erkin dolanyşyk üçin goýberilmäge mälim edilendäki ýaly tölenilmegine degişli pul möçberinde gümrük paçlary, salgytlar tölenilýär.

4. Gümrük çäginde gaýtadan işlemegiň gümrük düzgüni getirilen harytlaryň üýtgewsiz ýagdaýda (reeksport) alnyp gidilmegi bilen hem tamamlanyp bilner.

 

131-nji madda. Barabarlykda öwezini dolmak

 

1. Gümrük çäginde gaýtadan işlemegiň gümrük düzgünine ýerleşdirilen getirilen harytlar gümrük edarasynyň rugsady bilen, eger özüniň beýany, hili we tehniki häsiýetleri boýunça getirilen harytlar bilen gabat gelýän bolsa, başga harytlar, şol sanda türkmen harytlary bilen çalşyrylyp bilner (barabarlykda öwezini dolmak).

2. Barabar harytlary gaýtadan işlemegiň  netijesinde alnan önümlere, şu babyň düzgünlerine laýyklykda getirilen harytlary gaýtadan işlemegiň önümleri hökmünde garalýar.

3. Gümrük maksatlary üçin barabar harytlar getirilen harytlaryň statusyny, getirilen harytlar bolsa – barabar harytlarda bolan statusy alýarlar.

 

§2. ERKIN DOLANYŞYK ÜÇIN GAÝTADAN IŞLEMEK

 

132-nji madda. Gümrük düzgüniniň mazmuny

 

1. Erkin dolanyşyk üçin gaýtadan işlemek – Türkmenistanyň gümrük çäginde bellenilen möhletiň (harytlaryň gaýtadan işleniliş möhletiniň) dowamynda, gümrük pajyny tölemekden şertli doly boşatmak bilen harytlary gaýtadan işlemek boýunça operasiýalary geçirmek, soňra gaýtadan işlemegiň önümlerini olara ulanylýan möçberler boýunça gümrük paçlarynyň tölenilmegi bilen erkin dolanyşyga goýbermek maksady bilen getirilen harytlaryň ulanylýan gümrük düzgüni.

2. Erkin dolanyşyk üçin gaýtadan işlemegiň gümrük düzgünine ýerleşdirilýän getirilen harytlar babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ähli gadaganlyklar we çäklendirmeler ulanylýar.

 

133-nji madda. Harytlary gümrük düzgünine ýerleşdirmegiň şertleri

 

1. Erkin dolanyşyk üçin gaýtadan işlemäge gümrük edarasynyň rugsady bolan mahalynda ýol berilýär.

2. Şu şertlerde erkin dolanyşyk üçin gaýtadan işlemäge ýol berilýär, eger:

1) gaýtadan işlemegiň önümleri babatda tölenilmäge degişli gümrük paçlarynyň pul möçberleri, getirilen harytlaryň erkin dolanyşyk üçin gaýtadan işlemegiň gümrük düzgünine ýerleşdirilen gününde olar erkin dolanyşyga goýberilen ýagdaýynda tölenilmäge degişli bolanyndan pes bolsa;

2) gümrük edaralary getirilen harytlary gaýtadan işlemegiň önümlerine görä kybaplap bilýän bolsa;

3) gaýtadan işlemegiň önümleriniň ykdysady taýdan bähbitli usul bilen başdaky ýagdaýyna getirilip bilinmejek bolsa.

3. Erkin dolanyşyk üçin gaýtadan işlemegiň gümrük düzgünine şu Kodeksde göz öňünde tutulan talaplar we şertler berjaý edilen mahalynda öň başga gümrük düzgünlerine ýerleşdirilen daşary ýurt harytlary ýerleşdirilip bilner.

 

134-nji madda. Harytlary olary gaýtadan işlemegiň önümlerine görä kybaplamak

 

1. Eger harytlaryň we harytlary gaýtadan işlemek boýunça amala aşyrylýan operasiýalaryň häsiýetinden ugur almak bilen ulanarlykly bolsalar, getirilen harytlary olary gaýtadan işlemegiň önümlerine görä kybaplamak üçin şu usullar ulanylyp bilner:

1) arza beriji, gaýtadan işleýji ýa-da gümrük edarasynyň wezipeli adamy tarapyndan getirilen harytlara möhürleriň, möhürçeleriň, sanly ýa-da başga belgilemeleriň goýulmagy;

2) getirilen harytlaryň jikme-jik beýan edilmegi, olaryň fotosurata düşürilmegi, masştably şekillendirilmegi;

3) getirilen harytlaryň we olary gaýtadan işlemegiň önümleriniň nusgalyklarynyň ýa-da nusgalarynyň barlagynyň netijeleriniň deňeşdirilmegi;

4) getirilen harytlaryň öndürijisiniň tapgyrlaýyn san belgileriniň ýa-da başga belgilemeleriň ulanylmagy;

5) häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagyny göz öňünde tutýan başga kybaplanyş usullary.

2. Erkin dolanyşyk üçin gaýtadan işlemek üçin getirilen harytlary gaýtadan işlemegiň önümlerine görä kybaplamagyň mälim edilen usulynyň ýerlikliligi gümrük edarasy tarapyndan harytlaryň häsiýetini we harytlary gaýtadan işlemek boýunça amala aşyrylýan operasiýalary nazara almak bilen bellenilýär.

3. Arza berijiniň ýüz tutmasy hem-de gümrük edarasynyň razylygy boýunça görkezilen kybaplama, gümrük maksatlary üçin, önümçilikde ulanylýan çig mal, materiallar we düzüjiler, şeýle hem gaýtadan işlemegiň önümleriniň öndüriliş tehnologiýasy hakynda berlen jikme-jik maglumatlaryň barlanylmagy arkaly ýa-da harytlary gaýtadan işlemek boýunça operasiýalaryň amala aşyrylýan wagtynda gümrük gözegçiliginiň amala aşyrylmagy arkaly üpjün edilip bilner.

 

135-nji madda. Harytlary gaýtadan işlemek boýunça operasiýalar

 

Erkin dolanyşyk üçin gaýtadan işlemegiň gümrük düzgüni mahalynda harytlary gaýtadan işlemek boýunça operasiýalara şular girýär:

1) harytlary gaýtadan işlemegiň we işläp bejermegiň özi;

2) täze harytlaryň taýýarlanmagy, şol sanda harytlaryň düzülmegi, ýygnalmagy ýa-da sökülmegi.

 

136-njy madda. Harytlaryň gaýtadan işleniliş möhleti

 

1. Harytlaryň gaýtadan işleniliş möhleti arza beriji tarapyndan gümrük edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça kesgitlenilýär we bir ýyldan artyk bolup bilmez.

2. Harytlaryň erkin dolanyşyk üçin gaýtadan işleniliş möhleti harytlary gaýtadan işlemek prosesiniň dowamlylygyndan ugur alnyp kesgitlenilýär.

3. Harytlary gaýtadan işlemäge rugsat alan şahs, eger şu paragrafda bellenilen talaplary we şertleri bozmazdan özüne bagly bolmadyk sebäpler boýunça gümrük düzgünini kesgitlenilen möhletde tamamlap bilmese, şu maddanyň birinji böleginde bellenilen möhletiň çäklerinde gaýtadan işlemäge rugsat alan şahsyň delillendirilen arzasy boýunça harytlary gaýtadan işlemegiň ilkibaşda kesgitlenilen möhleti uzaldylýar.

4. Harytlaryň gaýtadan işleniliş möhletiniň dowamy olaryň erkin dolanyşyk üçin gaýtadan işlemegiň gümrük düzgünine ýerleşdirilen gününden, harytlar aýratyn haryt tapgyrlary bilen getirilen mahalynda bolsa – harytlaryň birinji tapgyrynyň ýerleşdirilen gününden başlanýar.

 

137-nji madda. Harytlary erkin dolanyşyk üçin gaýtadan işlemäge rugsadyň berilmegi

 

1. Harytlary erkin dolanyşyk üçin gaýtadan işlemäge rugsat gümrük edarasy tarapyndan deklarantyň arzasy esasynda berilýär.

2. Rugsatda şular görkezilýär:

1) getirilen harytlaryň we olary gaýtadan işlemegiň önümleriniň beýany, hili we mukdary;

2) harytlary gaýtadan işlemek boýunça operasiýalar we olary amala aşyrmagyň usullary;

3) gaýtadan işlemegiň önümleriniň çykyş kadasy;

4) getirilen harytlaryň gaýtadan işlemegiň önümlerine görä kybaplanyş usullary;

5) harytlaryň gaýtadan işleniliş möhleti;

6) gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýän we gümrük maksatlary üçin zerur bolan başga maglumatlar.

Harytlary gaýtadan işlemäge rugsadyň görnüşi gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilýär.

3. Harytlary gaýtadan işlemäge rugsat harytlary gaýtadan işlemegiň bellenilen möhletiniň dowamynda hereket edýär.

4. Harytlary gaýtadan işlemäge rugsat harytlaryň erkin dolanyşyk üçin gaýtadan işlemegiň gümrük düzgünine ýerleşdirilmeginden öň berilýär.

5. Harytlaryň erkin dolanyşyk üçin gaýtadan işlenilmegine rugsat gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilen gümrük edaralary tarapyndan berilýär.

6. Berlen rugsat başga bir şahsa berilmäge degişli däldir.

7. Harytlary gümrük çäginde gaýtadan işlemäge rugsady alan şahs şu Kodeksiň 258-nji maddasynyň üçünji bölegine laýyklykda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi üçin jogapkärçilik çekýär.

 

138-nji madda. Harytlary gaýtadan işlemäge rugsady bermegiň tertibi

 

1. Harytlary gaýtadan işlemäge rugsat almak üçin gümrük edarasyna şu maglumatlary özünde jemleýän arza berilýär:

1) arza beriji hakynda;

2) harytlary gaýtadan işlemek boýunça operasiýalary gös-göni amala aşyrýan şahs (şahslar) hakynda;

3) gaýtadan işlemek üçin niýetlenilen harytlar, gaýtadan işlemegiň önümleri, şeýle hem gaýtadan işlemegiň galyndylary we harytlaryň galyndylary hakynda;

4) harytlary gaýtadan işlemek boýunça operasiýalar, olary amala aşyrmagyň usullary we möhletleri hakynda;

5) harytlary gaýtadan işlemek boýunça operasiýalar amala aşyrylanda ulanylýan önümçilik kuwwatlyklarynyň ýerleşýän ýeri hakynda;

6) gaýtadan işlemegiň önümleriniň çykyş kadasy hakynda;

7) getirilen harytlary gaýtadan işlemegiň önümlerine görä kybaplamagyň usullary hakynda;

8) harytlaryň gaýtadan işleniliş möhleti hakynda.

2. Arza gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilen görnüşde berilýär.

Arzanyň ýanyna mälim edilen maglumatlary tassyklaýan resminamalar goşulýar.

3. Gümrük edarasy arza hem-de onuň ýanyna goşulýan resminamalara, olaryň kabul edilen gününden başlap bir aýyň dowamynda seredýär. Görkezilen möhletiň dowamynda gümrük edarasy bellenilen talaplaryň we şertleriň berjaý edilişini barlaýar, şeýle hem harytlaryň gaýtadan işleniliş möhletiniň we şu Kodeksiň 123-nji maddasynda bellenilen düzgünler boýunça kesgitlenilýän gaýtadan işlemegiň önümleriniň çykyşynyň kadasynyň ylalaşylmagy hakynda çözgüt kabul edýär.

Gümrük edarasy üçünji bir şahslardan, şeýle hem döwlet edaralaryndan şu maddanyň birinji böleginde görkezilen maglumatlary tassyklaýan resminamalary talap etmäge haklydyr. Görkezilen şahslar ýüz tutma alnan gününden başlap on günüň dowamynda soralýan resminamalary bermäge borçludyr. Şonda gümrük edarasy arza seredilmek möhletini onuň kabul edilen gününden başlap iki aýdan köp bolmadyk wagta uzaltmaga haklydyr.

4. Gümrük edarasy, eger arza beriji tarapyndan arza berlen mahalynda şu paragrafda bellenilen talaplar we şertler berjaý edilmedik bolsa, şeýle hem gümrük edarasy tarapyndan mälim edilen maglumatlary ylalaşmakdan ýüz öwürmek hakynda çözgüt kabul edilen halatynda harytlary gaýtadan işlemäge rugsady bermekden ýüz öwürýär.

Gümrük edarasynyň harytlary gaýtadan işlemäge rugsady bermekden ýüz öwürmegi esaslandyrylan we delillendirilen bolmalydyr. Görkezilen rugsady bermekden ýüz öwrülendigi hakynda arza beriji ýazmaça görnüşde habardar edilýär.

 

139-njy madda. Gaýtadan işlemegiň we harydyň galyndylary

 

Harytlary gaýtadan işlemegiň netijesinde emele gelen galyndylar, şeýle hem erkin dolanyşyk üçin gaýtadan işlemegiň gümrük düzgünine ýerleşdirilen harytlaryň galyndylary babatda şu Kodeksiň 128-nji we 129-njy maddalarynda göz öňünde tutulan düzgünler ulanylýar.

 

140-njy madda. Gümrük düzgüniniň tamamlanmagy

 

Erkin dolanyşyk üçin gaýtadan işlemegiň gümrük düzgüni gaýtadan işlemegiň önümleriniň erkin dolanyşyga goýberilmegi bilen tamamlanýar. Gaýtadan işlemegiň önümleri erkin dolanyşyga goýberilen mahalynda gümrük paçlary gaýtadan işlemegiň önümlerine ulanylýan möçberlerden ugur alnyp hasaplanylýar. Gaýtadan işlemegiň önümleriniň gümrük bahasy we mukdary olaryň erkin dolanyşyga goýberilmäge mälim edilen gününe görä kesgitlenilýär.

 

141-nji madda. Gaýtadan işlemegiň önümleri babatda gümrük paçlarynyň möçberlerini ulanmagyň aýratynlyklary

 

1. Gaýtadan işlemegiň önümleri babatda gümrük paçlarynyň möçberleri gaýtadan işlemek üçin getirilen harytlaryň gelip çykan ýurdy boýunça ulanylýar.

2. Gaýtadan işlemek prosesinde dürli ýurtlardan gelip çykan daşary ýurt harytlarynyň ulanylan halatlarynda, gümrük paçlarynyň möçberleri gümrük bahasy has ýokary bolan daşary ýurt harytlarynyň gelip çykan ýurdy boýunça ulanylýar.

 

§3. GÜMRÜK ÇÄGINIŇ DAŞYNDA GAÝTADAN IŞLEMEK

 

142-nji madda. Gümrük düzgüniniň mazmuny

 

1. Gümrük çäginiň daşynda gaýtadan işlemek – harytlaryň bellenilen möhletiň (harytlaryň gaýtadan işleniliş möhletiniň) dowamynda, soňra gaýtadan işlemegiň önümleriniň getiriliş gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden doly ýa-da kem-käsleýin boşadylyp  getirilmegi bilen harytlary gaýtadan işlemek boýunça operasiýalaryň geçirilmeginiň maksatlary üçin, Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilýän gümrük düzgüni.

2. Harytlar Türkmenistanyň gümrük çäginden gümrük çäginiň daşynda gaýtadan işlemegiň gümrük düzgünine laýyklykda alnyp gidiliş gümrük paçlaryndan şertli doly boşadylmagy bilen alnyp gidilýär. Alnyp gidilýän harytlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklar we çäklendirmeler ulanylmaýar.

 

143-nji madda. Harytlary gümrük düzgünine ýerleşdirmegiň şertleri

 

1. Gümrük çäginiň daşynda gaýtadan işlemäge gümrük edarasynyň rugsady bolan mahalynda ýol berilýär.

2. Eger gümrük edaralary alnyp gidilen harytlary gaýtadan işlemegiň önümlerine görä kybaplap bilýän bolsa, gümrük çäginiň daşynda gaýtadan işlemäge ýol berilýär, şu Kodeksiň 151-nji maddasyna laýyklykda gaýtadan işlemegiň önümleriniň daşary ýurt harytlary bilen çalşylmagy amala aşyrylýan halaty muňa degişli däldir.

3. Harytlary gümrük çäginiň daşynda gaýtadan işlemegiň gümrük düzgünine ýerleşdirmek üçin, gümrük maksatlary üçin harytlaryň erkin dolanyşykda bolýan harytlar statusy bolmalydyr. Eger harytlary gaýtadan işlemek boýunça operasiýa abatlamak bolup durýan halatynda, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda özleri babatda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi boýunça ýeňillikler berlen harytlary gümrük çäginiň daşynda gaýtadan işlemegiň gümrük düzgünine ýerleşdirmäge ýol berilýär.

4. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti harytlaryň kesgitlenilen görnüşleri babatda gümrük çäginiň daşynda gaýtadan işlemäge ýol berilmeýän halatlaryny kesgitlemäge, şeýle hem gümrük çäginiň daşynda gaýtadan işlemegiň gümrük düzgünine laýyklykda harytlar bilen harytlary gaýtadan işlemek boýunça operasiýalaryň geçirilmegine rugsat bermek boýunça mukdar ýa-da nyrh çäklendirmelerini bellemäge haklydyr.

 

144-nji madda. Harytlary olary gaýtadan işlemegiň önümlerine görä kybaplamak

 

1. Eger harytlaryň we harytlary gaýtadan işlemek boýunça amala aşyrylýan operasiýalaryň häsiýetinden ugur almak bilen ulanarlykly bolsalar, alnyp gidilen harytlary olary gaýtadan işlemegiň önümlerine görä kybaplamak üçin şu usullar ulanylyp bilner:

1) arza beriji ýa-da gümrük edarasynyň wezipeli adamy tarapyndan alnyp gidilýän harytlara möhürleriň, möhürçeleriň, sanly ýa-da başga belgilemeleriň goýulmagy;

2) alnyp gidilýän harytlaryň jikme-jik beýan edilmegi, olaryň fotosurata düşürilmegi, masştably şekillendirilmegi;

3) alnyp gidilýän harytlaryň we olary gaýtadan işlemegiň önümleriniň deslapky alnan nusgalyklarynyň ýa-da nusgalarynyň barlagynyň netijeleriniň deňeşdirilmegi;

4) alnyp gidilýän harytlaryň öndürijisiniň tapgyrlaýyn san belgileriniň ýa-da başga belgilemeleriň ulanylmagy;

5) harytlary gaýtadan işlemek boýunça operasiýalara alnyp gidilen harytlaryň sezewar bolandygyna şaýatlyk edýän resminamaly tassyklama;

6) häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagyny göz öňünde tutýan başga kybaplanyş usullary.

2. Gümrük çäginiň daşynda gaýtadan işlemek üçin alnyp gidilen harytlary gaýtadan işlemegiň önümlerine görä kybaplamagyň mälim edilen usulynyň ýerlikliligi gümrük edarasy tarapyndan harytlaryň häsiýetini we harytlary gaýtadan işlemek boýunça amala aşyrylýan operasiýalary nazara almak bilen bellenilýär.

3. Arza berijiniň ýüz tutmasy hem-de gümrük edarasynyň razylygy boýunça görkezilen kybaplama, gümrük maksatlary üçin, önümçilikde ulanylýan çig mal, materiallar we düzüjiler, şeýle hem gaýtadan işlemegiň önümleriniň öndüriliş tehnologiýasy hakynda berlen jikme-jik maglumatlaryň barlanylmagy arkaly üpjün edilip bilner.

 

145-nji madda. Harytlary gaýtadan işlemek boýunça operasiýalar

 

Gümrük çäginiň daşynda gaýtadan işlemegiň gümrük düzgüni mahalynda harytlary gaýtadan işlemek boýunça operasiýalara şular girýär:

1) harytlary gaýtadan işlemegiň we işläp bejermegiň özi;

2) täze harytlaryň taýýarlanmagy, şol sanda harytlaryň düzülmegi, ýygnalmagy ýa-da sökülmegi;

3) harytlaryň abatlanmagy, şol sanda olaryň dikeldilmegi, düzüm bölekleriniň çalşylmagy, olaryň sarp ediliş häsiýetleriniň dikeldilmegi.

 

146-njy madda. Harytlaryň gaýtadan işleniliş möhleti

 

1. Harytlaryň gaýtadan işleniliş möhleti deklarant tarapyndan gümrük edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça kesgitlenilýär we iki ýyldan artyk bolup bilmez.

2. Harytlaryň gümrük çäginiň daşynda gaýtadan işleniliş möhleti harytlary gaýtadan işlemegiň prosesiniň dowamlylygyndan we şu maddanyň birinji böleginde bellenilen möhletiň çäklerinde olary gaýtadan işlemegiň önümleriniň daşalmagy üçin zerur bolan wagtdan ugur alnyp kesgitlenilýär.

3. Harytlary gaýtadan işlemek üçin rugsat alan şahsyň delillendirilen arzasy boýunça, gaýtadan işlemegiň ilkibaşda kesgitlenilen möhleti şu maddanyň birinji böleginde bellenilen möhletiň çäklerinde uzaldylýar.

4. Harytlaryň gaýtadan işleniliş möhletiniň dowamy olaryň gümrük çäginiň daşynda gaýtadan işlemek gümrük düzgünine ýerleşdirilen gününden, harytlar aýratyn haryt tapgyrlary bilen alnyp gidilýän mahalynda bolsa – harytlaryň birinji tapgyrynyň ýerleşdirilen gününden başlanýar.

 

147-nji madda. Gümrük maksatlary üçin gaýtadan işlemegiň önümleriniň çykyş kadasy

 

1. Gaýtadan işlemegiň önümleriniň çykyş kadasy (alnyp gidilen harytlaryň belli bir mukdarynyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde emele gelen gaýtadan işlemegiň önümleriniň mukdary ýa-da göterimleýin möçberi) deklarant tarapyndan harytlaryň gaýtadan işlenilmegi amala aşyrylýan hakyky şertlerden ugur alnyp gümrük edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça kesgitlenilýär. Gaýtadan işlemegiň önümleriniň çykyş kadasy gaýtadan işlemegiň önümleri Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmezden öň kesgitlenilýär.

2. Gaýtadan işlemegiň önümleriniň çykyş kadasynyň ylalaşylmagy deklarant tarapyndan berlen, gaýtadan işlemegiň tehnologik prosesi hakyndaky maglumatlary özünde jemleýän resminamalar esasynda gümrük edarasy tarapyndan amala aşyrylýar. Çykyş kadasy ylalaşylan mahalynda gümrük edaralary tarapyndan bilermenler guramalarynyň (şol sanda gümrük barlaghanalarynyň) gaýtadan işlemegiň anyk tehnologik prosesine esaslanýan netijenamalary nazara alynýar.

3. Gaýtadan işlemegiň önümleriniň beýany, hili we mukdary gaýtadan işlemegiň önümleriniň çykyş kadasy ylalaşylandan soň gutarnykly kesgitlenilýär.

 

148-nji madda. Harytlary gaýtadan işlemäge rugsadyň berilmegi

 

1. Harytlaryň gümrük çäginiň daşynda gaýtadan işlemek üçin alnyp gidilmegi harytlary gümrük çäginiň daşynda gaýtadan işlemäge rugsat bolan mahalynda ýol berilýär.

2. Harytlary gümrük çäginiň daşynda gaýtadan işlemäge rugsat deklaranta berilýär.

3. Rugsatda şular görkezilýär:

1) gaýtadan işlemek üçin niýetlenilen harytlaryň we olary gaýtadan işlemegiň önümleriniň beýany, hili we mukdary;

2) harytlary gaýtadan işlemek boýunça operasiýalar we olary amala aşyrmagyň usullary;

3) eger ol rugsat berlen gününde bellenilen ýa-da ylalaşylan bolsa, gaýtadan işlemegiň önümleriniň çykyş kadasy;

4) alnyp gidilýän harytlaryň gaýtadan işlemegiň önümlerine görä kybaplanyş usullary;

5) harytlaryň gaýtadan işleniliş möhleti;

6) gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýän we gümrük maksatlary üçin zerur bolan başga maglumatlar.

Harytlary gaýtadan işlemäge rugsadyň görnüşi gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilýär.

4. Harytlary gaýtadan işlemäge rugsat harytlary gaýtadan işlemegiň bellenilen möhletiniň dowamynda hereket edýär.

5. Harytlary gaýtadan işlemäge rugsat alan şahs şu Kodeksiň 258-nji maddasynyň üçünji bölegine laýyklykda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi üçin jogapkärçilik çekýär.

 

149-njy madda. Harytlary gaýtadan işlemäge rugsady bermegiň tertibi

 

1. Harytlary gaýtadan işlemäge rugsat almak üçin gümrük edarasyna özünde şu maglumatlary jemleýän arza berilýär:

1) arza beriji hakynda;

2) harytlary gaýtadan işlemek boýunça operasiýalary gös-göni amala aşyrýan şahs (şahslar) we onuň (olaryň) ýerleşýän ýeri hakynda;

3) gaýtadan işlemek üçin niýetlenilen harytlar hakynda;

4) harytlary gaýtadan işlemek boýunça operasiýalar, olary amala aşyrmagyň usullary we möhletleri hakynda;

5) eger ol bellenilen bolsa ýa-da deklarant tarapyndan arza berlen gününde kesgitlenilen bolsa, gaýtadan işlemegiň önümleriniň çykyş kadasy hakynda;

6) harytlary gaýtadan işlemegiň önümleri we olaryň çak edilýän mukdary hakynda;

7) alnyp gidilen harytlary olary gaýtadan işlemegiň önümlerine görä kybaplamagyň usullary hakynda;

8) gaýtadan işlemegiň önümleriniň daşary ýurt harytlary bilen çalşyrylmagy hakynda;

9) harytlaryň gaýtadan işleniliş möhleti hakynda.

2. Arza gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilen görnüşde berilýär.

Arzanyň ýanyna mälim edilen maglumatlary tassyklaýan resminamalar goşulýar.

3. Gümrük edarasy arza hem-de onuň ýanyna goşulýan resminamalara olaryň kabul edilen gününden başlap bir aýyň dowamynda seredýär. Görkezilen möhletiň dowamynda gümrük edarasy arzada görkezilen maglumatlary barlaýar, şeýle hem gaýtadan işlemegiň önümleriniň çykyşynyň mälim edilen kadasynyň we harytlaryň gaýtadan işleniliş möhletiniň ylalaşylmagy hakynda çözgüt kabul edýär.

Gümrük edarasy üçünji bir şahslardan, şeýle hem döwlet edaralaryndan mälim edilen maglumatlary tassyklaýan resminamalary talap etmäge haklydyr. Şonda gümrük edarasy arza seredilmek möhletini onuň kabul edilen gününden başlap iki aýdan köp bolmadyk wagta uzaltmaga haklydyr.

4. Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy aýratyn halatlarda harytlary gümrük çäginiň daşynda gaýtadan işlemäge rugsat bermegiň ýönekeýleşdirilen tertibini bellemäge haklydyr.

5. Harytlary gümrük çäginiň daşynda gaýtadan işlemäge rugsat gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilen gümrük edaralary tarapyndan berilýär.

6. Gümrük edarasy, eger arza beriji tarapyndan arza berlen mahalynda şu paragrafda bellenilen talaplar we şertler berjaý edilmedik bolsa, şeýle hem gümrük edarasy tarapyndan gaýtadan işlemegiň önümleriniň çykyşynyň mälim edilen kadasy we harytlaryň gaýtadan işleniliş möhletini ylalaşmakdan ýüz öwürmek hakynda çözgüt kabul edilen halatynda harytlary gaýtadan işlemäge rugsady bermekden ýüz öwürýär.

Gümrük edarasynyň harytlary gaýtadan işlemäge rugsady bermekden ýüz öwürmegi esaslandyrylan we delillendirilen bolmalydyr. Görkezilen rugsady bermekden ýüz  öwrülendigi hakynda arza beriji ýazmaça görnüşde habardar edilýär.

 

150-nji madda. Harytlary gaýtadan işlemäge rugsady yzyna gaýtaryp almak

 

1. Eger harytlaryň şu Kodeksiň 143-nji maddasynyň dördünji bölegi esasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kabul eden çözgüdine laýyklykda harytlary gümrük çäginiň daşynda gaýtadan işlemegiň gümrük düzgünine ýerleşdirilmegine ýol berilmeýän bolsa, harytlary gaýtadan işlemäge berlen rugsat gümrük edarasy tarapyndan yzyna gaýtarylyp alynýar.

2. Yzyna gaýtaryp almak hakyndaky çözgüt onuň gümrük edarasy tarapyndan kabul edilen gününden başlap hereket edýär.

3. Harytlary gaýtadan işlemäge rugsat yzyna gaýtarylyp alnan mahalynda yzyna gaýtarylyp alnan rugsada laýyklykda harytlary gümrük çäginiň daşynda gaýtadan işlemegiň gümrük düzgünine ýerleşdirmäge ýol berilmeýär, gümrük çäginiň daşynda gaýtadan işlemegiň gümrük düzgünine rugsat yzyna gaýtarylyp alynmazdan öň ýerleşdirilen harytlar babatda bolsa, görkezilen gümrük düzgünini şu paragrafa laýyklykda tamamlamaga ýol berilýär.

 

151-nji madda. Gaýtadan işlemegiň önümleriniň daşary ýurt harytlary bilen çalşyrylmagy

 

Gaýtadan işlemegiň önümleriniň, eger gümrük çäginiň daşynda gaýtadan işlemek boýunça operasiýa abatlamakdan ybarat bolsa, şeýle hem gümrük edaralary şu Kodekse laýyklykda harytlaryň kybaplanylmagyny amala aşyrmaýan halatlarynda, daşary ýurt harytlary bilen, olar beýan edilişi, hili we tehniki häsiýetnamalary boýunça gaýtadan işlemegiň önümleri bilen gabat gelen şertinde çalşyrylmagyna ýol berilýär. Eger gaýtadan işlemegiň önümleriniň daşary ýurt harytlary bilen çalşyrylmagyna ýol berilýän bolsa, daşary ýurt harytlarynyň getirilmegi türkmen harytlarynyň gaýtadan işlemek üçin alnyp gidilmeginden öň amala aşyrylyp bilner.

 

152-nji madda. Gaýtadan işlemegiň önümlerine gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden doly ýa-da kem-käsleýin boşadylmagyň ulanylmagy

 

1. Eger gaýtadan işlemegiň maksady alnyp gidilen harytlaryň kepillikli (muzdsuz) abatlanylmagy bolsa, gaýtadan işlemegiň önümleri babatda gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden doly boşadylma ulanylýar. Eger harytlar erkin dolanyşyga goýberilen mahalynda abatlanylmaga sebäp bolan kemçiligiň bardygy nazara alnan bolsa, Türkmenistanyň gümrük çäginde erkin dolanyşyga goýberilen harytlary gaýtadan işlemegiň önümleri babatda gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden doly boşadylma ulanylmaýar.

2. Galan halatlarda gaýtadan işlemegiň önümleri babatda gümrük paçlaryny tölemekden şu aşakdaky tertipde amala aşyrylýan kem-käsleýin boşadylma ulanylýar:

tölenilmäge degişli gümrük paçlarynyň pul möçberi, eger gaýtadan işlemegiň önümlerine gümrük paçlarynyň özboluşly möçberleri ulanylýan we gaýtadan işlemegiň operasiýasy abatlamak bolup durmaýan bolsa, gaýtadan işlemegiň önümleri babatda ulanylýan getiriliş gümrük pajynyň pul möçberiniň we alnyp gidilen harytlar babatda olar erkin dolanyşyga goýberilende ulanylmaga degişli getiriliş gümrük pajynyň pul möçberiniň arasyndaky tapawut ýaly ýa-da gaýtadan işlemegiň operasiýalarynyň, bu operasiýalaryň bahasyny tassyklaýan resminamalar bolmadyk mahalynda, gaýtadan işlemegiň önümleriniň gümrük bahasynyň we  gaýtadan işlemäge alnyp gidilen harytlaryň gümrük bahasynyň arasyndaky tapawut ýaly kesgitlenilip bilinýän  bahasyndan ugur alnyp kesgitlenilýär.

3. Gaýtadan işlemegiň önümleri babatdaky salgytlar doly möçberde tölenilmäge degişlidir, harytlary gaýtadan işlemegiň operasiýasy alnyp gidilen harytlaryň abatlanylmagy bolan halaty muňa degişli däldir.

4. Gaýtadan işlemegiň önümleri gaýtadan işlemegiň möhleti geçenden soň, şeýle hem şu paragrafyň başga talaplary we şertleri berjaý edilmedik mahalynda ýa-da olaryň bolmalysy ýaly usulda tassyklanylmadyk mahalynda gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden doly ýa-da kem-käsleýin boşadylma ulanylmaýar.

 

153-nji madda. Gümrük düzgüniniň tamamlanmagy

 

1. Gümrük çäginiň daşynda gaýtadan işlemegiň gümrük düzgüni Türkmenistanyň gümrük çägine gaýtadan işlemegiň önümleriniň getirilmegi ýa-da şu maddada göz öňünde tutulan başga usul bilen tamamlanýar.

2. Eger gaýtadan işlemegiň önümleri Türkmenistanyň gümrük çägine birnäçe tapgyrlarda getirilýän bolsa gaýtadan işlemegiň önümleriniň mukdarynyň harytlary gaýtadan işlemäge rugsatda görkezileni bilen gutarnykly deňeşdirilmesi gaýtadan işlemegiň önümleri getirilenden soň, emma azyndan üç aýda bir gezek we harytlaryň iň soňky tapgyrynyň getirilen gününden başlap bir aýdan gijä galman yzygiderli geçirilip bilner. Eger şeýle deňeşdirmäniň netijesinde gümrük çäginiň daşynda gaýtadan işlemäge rugsat alan şahs gümrük paçlaryny, salgytlary tölemeli bolsa, gümrük edarasy tarapyndan görkezilen möçberleriň tölenilmeginiň zerurlygy hakynda ýazmaça görnüşde çözgüt kabul edilen gününden başlap on günden gijä galman olar tölenilen şertinde, bu gümrük tölegleriniň pul möçberine puşmana töleg hasaplanyp ýazylmaýar. Gümrük edarasy deklaranta çözgüt kabul edilen gününiň yzyndan gelýän günden gijä galman gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmeginiň zerurdygy hakynda habar iberýär.

3. Gümrük çäginiň daşynda gaýtadan işlemegiň gümrük düzgüni Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilen harytlaryň yzyna getirilmegi (reimport) ýa-da şu Kodeksde bellenilen talaplaryň we şertleriň berjaý edilmegi bilen görkezilen harytlaryň alnyp gidilýän harytlar babatda ulanylýan gümrük düzgünine ýerleşdirilmegi bilen tamamlanyp biler. Eger Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda alnyp gidilen harytlar ýa-da olary gaýtadan işlemegiň önümleri hökmany suratda yzyna getirilmäge degişli bolsa, gümrük çäginiň daşynda gaýtadan işlemegiň gümrük düzgüniniň eksport gümrük düzgünine üýtgedilmegine ýol berilmeýär. Gümrük çäginiň daşynda gaýtadan işlemegiň gümrük düzgüniniň alnyp gidilýän harytlara ulanylýan gümrük düzgünine üýtgedilmegine harytlaryň gümrük edarasyna hakykatda görkezilmezden ýol berilýär.

Gümrük çäginiň daşynda gaýtadan işlemegiň gümrük düzgüni eksport gümrük düzgünine üýtgedilen mahalynda, alnyp gidilýän harytlar babatda, eger olar bellenilen bolsa, alnyp gidiliş gümrük paçlarynyň pul möçberleri tölenmäge degişlidir.

4. Eger gaýtadan işlemegiň önümleri harytlaryň erkin dolanyşyga goýberilmegini göz öňünde tutmaýan gümrük düzgünine ýerleşdirilýän bolsa, bu harytlar babatda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberleri puşmana tölegler nazara alynman, şu Kodeksiň 152-nji maddasynyň ikinji we üçünji böleklerine laýyklykda hasaplanylýan pul möçberden geçip bilmez, şu maddanyň bäşinji böleginde göz öňünde tutulan halaty muňa degişli däldir.

5. Eger alnyp gidilmezden öň özleri babatda şu Kodeksiň 143-nji maddasynyň üçünji bölegine laýyklykda gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek boýunça ýeňillikler berlen harytlary gaýtadan işlemegiň önümleri getirilýän bolsa, şeýle harytlar erkin dolanyşyga goýberilen mahalynda, şu Kodeksiň 152-nji maddasyna laýyklykda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmäge degişli pul möçberleri bilen bir hatarda harytlar gaýtadan işlenilmäge alnyp gidilmezinden öň ýeňillikler berlen getiriliş gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberleri tölenilmäge degişlidir.

 

§4. WAGTLAÝYN GETIRMEK

 

154-nji madda. Gümrük düzgüniniň mazmuny

 

Wagtlaýyn getirmek – daşary ýurt harytlarynyň kesgitlenilen möhletiň (wagtlaýyn getiriliş möhletiniň) dowamynda Türkmenistanyň gümrük çäginde gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden şertli doly ýa-da şertli kem-käsleýin boşadylmagy bilen we bu harytlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklary we çäklendirmeleri ulanmazdan ulanylýan gümrük düzgüni.

 

155-nji madda. Harytlary gümrük düzgünine ýerleşdirmegiň şertleri

 

1. Harytlar yzyna alnyp gidilen (reeksport) mahalynda gümrük edarasy tarapyndan kybaplanylyp bilnen şertinde wagtlaýyn getirmeklige ýol berilýär, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda wagtlaýyn getirilen harytlaryň şonuň ýaly görnüşdäki harytlar bilen çalşyrylýan halatlary muňa degişli däldir.

2. Gümrük edarasy wagtlaýyn getirmek gümrük düzgünini mälim edýän şahsdan şu Kodeksde bellenilen borçlaryň bolmalysy ýaly ýerine ýetirilmeginiň kepilliklerini bermegini, şol sanda wagtlaýyn getirilen harytlaryň yzyna alnyp gidilmegi hakynda borçnamany bermegini talap etmäge haklydyr.

3. Wagtlaýyn getirmek gümrük düzgünine, şu Kodeksde göz öňünde tutulan talaplar we şertler berjaý edilen mahalynda öň başga gümrük düzgünlerine ýerleşdirilen daşary ýurt harytlary ýerleşdirilip bilner.

 

156-njy madda. Wagtlaýyn getirilen harytlary peýdalanmaga we olara ygtyýarlyk etmäge çäklendirmeler

 

1. Wagtlaýyn getirilen harytlary wagtlaýyn getirmäge rugsat alan şahs peýdalanyp biler.

2. Wagtlaýyn getirilen harytlaryň gümrük edarasynyň rugsady bilen, şu Kodeksiň 77-nji maddasyna laýyklykda deklarant hökmünde çykyş edip biljek başga şahsyň peýdalanmagy üçin berilmegine ýol berilýär.

Eger şahs gümrük edaralarynyň öňünde wagtlaýyn getirmek gümrük düzgüniniň şertlerini berjaý etmegi borçnama alsa wagtlaýyn getirilen harytlaryň oňa berilmegine gümrük edarasy tarapyndan rugsat berilýär. Şunda, eger şu Kodeksiň 157-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda harytlara gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden şertli kem-käsleýin boşatma ulanylýan bolsa, wagtlaýyn getirmäge ilkibaşda rugsat alan şahs bu şahsyň harytlary wagtlaýyn getirmek gümrük düzgünine laýyklykda ulanan döwri üçin gümrük paçlaryny, salgytlary tölemelidir. Eger wagtlaýyn getirmek gümrük düzgüni kepillikler bilen berjaý edilýän bolsa, wagtlaýyn getirilen harytlar gowşurylýan şahs öz adyna degişli resminamalary resmileşdirmelidir. Görkezilen şahs, wagtlaýyn getirilen harytlary geçirmäge gümrük edarasy tarapyndan rugsat berlen gününden başlap, şu Kodeks bilen wagtlaýyn getirmäge rugsat alan şahs üçin bellenilen hukuklardan peýdalanýar we borçlary ýerine ýetirýär.

3. Wagtlaýyn getirilen harytlar üýtgewsiz ýagdaýda galmalydyrlar, daşamagyň (ulagly daşamagyň), saklamagyň we ulanmagyň kadaly şertlerindäki tebigy könelmäniň ýa-da tebigy azalmanyň netijesindäki üýtgemeler muňa degişli däldir. Wagtlaýyn getirilen harytlar bilen abatlamagy (düýpli abatlamakdan we kämilleşdirmekden başgasy), tehniki hyzmaty we harytlaryň sarp edijilik häsiýetlerini saklamak we harytlaryň wagtlaýyn getirmek gümrük düzgünine ýerleşdirilen günündäki ýagdaýynda saklanmagy üçin zerur bolan beýleki operasiýalary hem goşmak bilen, olaryň abatlygyny üpjün etmek üçin zerur bolan operasiýalary amala aşyrmaga ýol berilýär.

4. Wagtlaýyn getirilen harytlara şu maddada göz öňünde tutulmadyk usullar bilen ygtyýarlyk etmäge ýol berilmeýär.

5. Şu maddanyň ikinji bölegine laýyklykda harytlaryň başga şahsa geçirilmegi wagtlaýyn getiriliş möhletini togtatmaýar we uzaltmaýar.

 

157-nji madda. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň ulanylmagy

 

1. Gümrük paçlaryndan, salgytlardan şertli doly boşadylmaga degişli wagtlaýyn getirilen harytlaryň sanawy şeýle hem wagtlaýyn getirmegiň aňryçäk möhletlerini goşmak bilen şeýle boşadylmagyň şertleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

Gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden şertli doly boşadylmaga, eger harytlaryň wagtlaýyn getirilmegi Türkmenistana düýpli ykdysady zeper ýetirmeýän bolsa, hususan-da şu halatlarda ýol berilýär:

1) konteýnerler, astlyklar, köp dolanyşykly gaplaryň we daşlyklaryň başga görnüşleri wagtlaýyn getirilende;

2) eger harytlaryň wagtlaýyn getirilmegi daşary söwda gatnaşyklaryny, ylym, medeniýet, kinematografiýa, sport we syýahatçylyk çygryndaky halkara gatnaşyklaryny ösdürmegiň çäklerinde amala aşyrylýan bolsa;

3) eger wagtlaýyn getirmegiň maksady halkara kömegini bermek bolup durýan bolsa.

2. Harytlaryň başga toparlary, şeýle hem şu maddanyň birinji bölegine laýyklykda bellenilen gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden şertli doly boşadylmagyň şertleri berjaý edilmedik mahalynda gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden şertli kem-käsleýin boşadylma ulanylýar.

3. Şertli kem-käsleýin boşadylan mahalynda tölenilmäge degişli gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberlerini hasaplamak gümrük deklarasiýasynyň kabul edilen senesine görä amala aşyrylýar. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberlerini tölemegiň döwürleýinligi deklarant tarapyndan kesgitlenilýär. Şonda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberlerini tölemegiň anyk möhletleri şol pul möçberleriniň tölenilmeginiň degişli döwür başlanmaka amala aşyrylmalydygyndan ugur alnyp kesgitlenilýär.

4. Wagtlaýyn getirilen harytlar erkin dolanyşyga goýbermegiň gümrük düzgünine ýerleşdirilen halatynda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň şertli kem-käsleýin boşadylmagy mahalynda tölenilen pul möçberi erkin dolanyşyga goýbermegiň gümrük düzgünine laýyklykda tölenilmäge degişli gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberleri üçin tölenen hasap edilýär.

5. Gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden şertli kem-käsleýin boşadylmagy bilen wagtlaýyn getirilen mahalynda töletdirilip alynýan gümrük paçlarynyň, salgytlaryň umumy möçberi, harytlaryň wagtlaýyn getirmegiň gümrük düzgünine ýerleşdirilen pursatynda harytlar erkin dolanyşyga goýberilendäki tölenilmäge degişli gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberinden geçmeli däldir.

6. Harytlar başga gümrük düzgünlerine ýerleşdirilende gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden şertli kem-käsleýin boşadylan mahalynda tölenilen gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberleri yzyna gaýtarylyp berilmäge degişli däldir.

7. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegine, şu Kodeksiň 258-nji maddasynyň üçünji bölegine laýyklykda, wagtlaýyn getirmäge rugsat alan şahs jogapkärçilik çekýär.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky, 2020-nji ýylyň 14-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 41-nji madda; 2020 ý., № 1, 11-nji madda) 

 

158-nji madda. Wagtlaýyn getiriliş möhletleri

 

1. Wagtlaýyn getiriliş möhleti iki ýyldan ybarat.

         Wagtlaýyn getiriliş möhleti, eger harytlar:

         1) “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Nebit işlerini geçirmek üçin wagtlaýyn getirilýän bolsa - Nebit işlerini geçirmek üçin bellenilen möhlete;

         2) şu Kodeksiň 23-nji babyna laýyklykda gümrük artykmaçlyklaryndan, ýeňilliklerinden we (ýa-da) aýratyn goragdan peýdalanýan daşary ýurtly şahslar tarapyndan wagtlaýyn getirilýän   bolsa - şol şahslar tarapyndan kesgitlenilýän möhlete;

         3) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde baglaşylan lizing şertnamasy esasynda wagtlaýyn getirilýän bolsa - lizing şertnamasynyň hereket edýän möhletine;

         4) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi esasynda önümçilik we önümçilik däl maksatly desgalary gurmak, düýpli abatlamak we olaryň durkuny täzelemek boýunça işleri amala aşyrmak üçin wagtlaýyn getirilýän bolsa - Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdinde bellenilen möhlete,

bellenilip bilner.

         Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy, şu bölegiň 1-4-nji bentlerinde görkezilen halatlardan başga ýagdaýlarda, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmagy esasynda harytlaryň aýratyn görnüşleri üçin wagtlaýyn getirmegiň şu bölegiň birinji tesiminde göz öňünde tutulandakydan has gysga ýa-da has dowamly aňryçäk möhletlerini belläp biler.

2. Harytlaryň wagtlaýyn getiriliş möhleti gümrük edaralary tarapyndan şeýle getirmekligiň maksatlaryny we ýagdaýlaryny nazara almak bilen, wagtlaýyn getirmäge rugsat almak üçin ýüz tutan şahsyň arzasyndan ugur alnyp şu maddanyň birinji böleginde görkezilen möhletleriň çäklerinde bellenilýär.

3. Wagtlaýyn getirmäge rugsat alan şahsyň delillendirilen ýüz tutmasy boýunça hem-de şu paragrafda göz öňünde tutulan talaplaryň we şertleriň bozulmagy bolmadyk mahalynda, harytlary wagtlaýyn getirmegiň bellenilen möhleti şu maddanyň birinji böleginde görkezilen möhletleriň çäklerinde gümrük edarasynyň çözgüdi boýunça uzaldylýar.

(2012-nji ýylyň 19-njy oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 4, 96-njy madda) 

 

159-njy madda. Gümrük düzgüniniň hereketiniň tamamlanmagy we togtadylmagy

 

1. Wagtlaýyn getirmegiň gümrük edarasy tarapyndan bellenilen möhletiniň tamamlanýan gününden gijä galman harytlar Türkmenistanyň gümrük çäginden çykarylmalydyr ýa-da şu Kodekse laýyklykda başga gümrük düzgünine mälim edilmelidir.

2. Wagtlaýyn getirmegiň gümrük düzgüni harytlaryň erkin dolanyşyga goýberilmegi bilen tamamlanyp biler.

Wagtlaýyn getirmegiň gümrük düzgüni harytlaryň erkin dolanyşyga goýberilmegi bilen tamamlanan mahalynda harytlaryň bahasy we mukdary harytlar wagtlaýyn getirmegiň gümrük düzgünine ýerleşdirilen gününe, gümrük paçlarynyň, salgytlaryň möçberleri bolsa – harytlaryň erkin dolanyşyga goýberilen gününe görä kesgitlenilýär.

3. Wagtlaýyn getirmegiň gümrük düzgüniniň hereketi şu ýagdaýlarda togtadylýar:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda wagtlaýyn getirilen harytlar gozgalmasyz edilen ýa-da alnan mahalynda;

2) şu Kodeksiň 168-nji maddasynyň üçünji bölegine laýyklykda wagtlaýyn getirilen harytlar gümrük ammaryna ýerleşdirilen mahalynda;

3) özleri babatda gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden kem-käsleýin boşadylma ulanylýan wagtlaýyn getirilen harytlar erkin dolanyşyga goýbermegi göz öňünde tutmaýan başga gümrük düzgünlerine ýerleşdirilen mahalynda, wagtlaýyn getirmäge rugsat alan şahsyň haýyşy boýunça.

4. Togtadylyş möhleti tamamlanandan soň, wagtlaýyn getirmegiň gümrük düzgüniniň hereketi dikeldilýär.

5. Wagtlaýyn getiriliş möhletleriniň tamamlanmagy bilen şu Kodeksde bellenilen tertipde wagtlaýyn getirmegiň gümrük düzgüni tamamlanylmadyk harytlara gümrük edaralary şu Kodeksiň 39-njy babyna laýyklykda ygtyýarlyk edýärler.

6. Wagtlaýyn getirilen döwründe awariýanyň ýa-da öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri netijesinde hem-de ulanmagyň kadaly şertlerinde ýaramsyz hala gelen, zaýalanan ýa-da zeper ýeten harytlar, deklarant tarapyndan, olaryň Türkmenistanyň gümrük çägine ýaramsyz, zaýalanan ýa-da zeper ýeten halda getirilendäkisi ýaly kesgitlenilen gümrük düzgünine ýerleşdirilmäge degişlidir.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky, 2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 41-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 21-nji madda) 

 

 

§5. WAGTLAÝYN ALYP GITMEK

 

160-njy madda. Gümrük düzgüniniň mazmuny

 

Wagtlaýyn alyp gitmek – Türkmenistanyň gümrük çäginde erkin dolanyşykda bolan harytlaryň, alnyp gidiliş gümrük paçlaryny tölemekden şertli doly boşadylyp hem-de harytlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklar we çäklendirmeler ulanylmazdan, Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşynda wagtlaýyn ulanylyp bilinýän gümrük düzgüni.

 

161-nji madda. Harytlary gümrük düzgünine ýerleşdirmegiň şertleri

 

Wagtlaýyn alnyp gidilýän harytlaryň olar yzyna getirilen mahalynda gümrük edarasy tarapyndan kybaplanylyp bilnen şertlerinde wagtlaýyn alnyp gidilmegine ýol berilýär, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda wagtlaýyn getirilýän harytlaryň şol görnüşdäki harytlar bilen çalşyrylmagyna rugsat berilýän halatlary muňa degişli däldir.

 

162-nji madda. Wagtlaýyn alnyp gidilýän harytlary peýdalanmak we olara ygtyýarlyk etmek boýunça çäklendirmeler

 

1. Wagtlaýyn alyp gitmegiň gümrük düzgüni tamamlanmazdan öň wagtlaýyn alnyp gidilen harytlaryň başga şahsa geçirilmegine ol şahs wagtlaýyn alyp gitmegiň gümrük düzgünini mälim eden şahsyň borçlaryny öz üstüne alan şertinde ýol berilýär.

2. Daşamagyň (ulagly daşamagyň), saklamagyň ýa-da ulanmagyň kadaly şertlerindäki tebigy könelme ýa-da tebigy azalma netijesinde üýtgemeginden başga ýagdaýda, wagtlaýyn alnyp gidilen harytlar üýtgewsiz ýagdaýda galmalydyr.

 

163-nji madda. Alnyp gidiliş gümrük paçlarynyň ulanylmagy

 

1. Harytlar wagtlaýyn alnyp gidilende alnyp gidiliş gümrük paçlaryny tölemekden boşadylýar.

2. Wagtlaýyn alnyp gidilýän harytlar yzyna getirilmedik mahalynda, harytlaryň gümrük bahasyndan we (ýa-da) olaryň alnyp gidilen wagtyndaky mukdaryndan, şeýle hem harytlaryň wagtlaýyn alyp gitmegiň gümrük düzgünine mälim edilen gününde hereket edýän gümrük paçlarynyň möçberlerinden ugur alnyp hasaplanylan alnyp gidiliş gümrük paçlarynyň pul möçberi tölenilýär.

 

164-nji madda. Wagtlaýyn alnyp gidiliş möhletleri

 

1. Wagtlaýyn alnyp gidiliş möhleti gümrük edarasy tarapyndan deklarantyň arzasy boýunça şeýle alyp gitmegiň maksatlaryndan we ýagdaýlaryndan ugur alnyp bellenilýär, ýöne harytlar alnyp gidilen gününden soň bir ýyldan geçip bilmez.

2. Deklarantyň delillendirilen arzasy boýunça harytlaryň wagtlaýyn alnyp gidiliş möhletleri gümrük edarasy tarapyndan uzaldylyp bilner.

3. Wagtlaýyn alnyp gidilen mahalynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda yzyna getirilmegi hökmany bolan harytlaryň aýratyn görnüşleri üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabineti wagtlaýyn alyp gitmegiň başga möhletlerini bellemäge haklydyr.

 

165-nji madda. Gümrük düzgüniniň tamamlanmagy

 

1. Wagtlaýyn alnyp gidilen harytlar Türkmenistanyň gümrük çägine yzyna getirilmäge degişlidir ýa-da wagtlaýyn alyp gitmegiň mälim edilen möhletiniň tamamlanýan gününden gijä galynman başga gümrük düzgünine mälim edilmelidir.

2. Gümrük edarasy harytlaryny wagtlaýyn alyp gitmegiň gümrük düzgünine ýerleşdiren şahsyň ýüz tutmasy boýunça, şu Kodeksde göz öňünde tutulan şertler we talaplar berjaý edilen mahalynda, wagtlaýyn alyp gitmegiň gümrük düzgünini eksport gümrük düzgünine üýtgetmäge rugsat berýär, wagtlaýyn alnyp gidilýän harytlaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň gümrük çägine hökmany suratda yzyna getirilmäge degişli bolan halatlary muňa degişli däldir.

3. Wagtlaýyn alyp gitmegiň gümrük düzgüni eksport gümrük düzgünine üýtgedilen mahalynda harytlaryň bahasy we mukdary harytlaryň wagtlaýyn alyp gitmegiň gümrük düzgünine ýerleşdirilen gününe, gümrük paçlarynyň möçberleri bolsa- eksport gümrük düzgüniniň talaplaryna laýyklykda gümrük deklarasiýasy kabul edilen senesine  görä kesgitlenilýär.

4. Wagtlaýyn alyp gitmegiň gümrük düzgüniniň eksport gümrük düzgünine üýtgedilmegine harytlar gümrük edarasyna görkezilmezden ýol berilýär.

 

§6. GÜMRÜK AMMARY

 

166-njy madda. Gümrük düzgüniniň mazmuny

 

Gümrük ammary – Türkmenistanyň çägine getirilen harytlaryň gümrük paçlary, salgytlar tölenilmezden hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklar we çäklendirmeler ulanylmazdan gümrük gözegçiligi astynda saklanylýan, alyp gitmek üçin niýetlenilen harytlaryň bolsa şu paragrafda göz öňünde tutulan şertlerde gümrük gözegçiligi astynda saklanylýan gümrük düzgüni.

 

167-nji madda. Gümrük ammarlary

 

1.Gümrük ammarlary bu maksatlar üçin ýörite niýetlenen we enjamlaşdyrylyp gurnalan, şu Kodeksiň 176-njy maddasynda bellenilen talaplara laýyk gelýän jaýlar we (ýa-da) açyk meýdançalardyr.

Gümrük ammary gümrük düzgünine ýerleşdirilen harytlar gümrük ammarlarynda saklanylýar, şu Kodeksiň 168-nji maddasynyň dördünji böleginde görkezilen harytlar muňa degişli däldir.

2. Gümrük ammarlary gümrük gözegçiligi zolagy bolup durýarlar.

3. Harytlar şu Kodeksde göz öňünde tutulan çäklendirmeleri nazara almak bilen islendik gümrük ammaryna ýerleşdirilip bilner.

 

168-nji madda. Harytlary gümrük düzgünine ýerleşdirmegiň şertleri

 

1. Gümrük ammary gümrük düzgünine islendik harytlar ýerleşdirilip bilner, Türkmenistanyň kanunçylygynda Türkmenistana getirilmegi we Türkmenistandan alnyp gidilmegi gadagan edilen harytlar, sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilip bilinýän Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çäklendirmeler ulanylýan başga harytlar, şeýle hem gümrük ammary gümrük düzgünine mälim edilen gününde ýaramlylyk möhleti şu Kodeksiň 169-njy maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda bellenilen möhletlerden az bolan harytlar muňa degişli däldir.

2. Başga harytlara zyýan ýetirip biljek ýa-da aýratyn saklanyş şertlerini talap edýän harytlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilen hökmany talaplaryň berjaý edilmegi bilen saklamak üçin ýörite gurnalan gümrük ammarlarynda ýa-da gümrük ammarlarynyň aýratyn jaýlarynda saklanylmalydyr.

3. Gümrük ammary gümrük düzgünine öň başga gümrük düzgünine ýerleşdirilen harytlar ýerleşdirilip bilner. Şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda gümrük ammaryna harytlaryň erkin dolanyşyga goýberilmegi göz öňünde tutulmaýan gümrük düzgünleriniň hereketini togtatmak maksady bilen daşary ýurt harytlary ýerleşdirilip bilner.

4. Gümrük edarasynyň ýazmaça görnüşdäki rugsady bolan mahalynda öz gabaralaryna görä amatly ýakynlykdaky gümrük ammaryna ýerleşdirilip bilinmeýän harytlaryň gümrük ammaryna hakykatda ýerleşdirmezden gümrük ammary gümrük düzgünine ýerleşdirilmegine ýol berilýär. Görkezilen halatda gümrük ammary gümrük düzgünini mälim eden şahs gümrük edarasyna harytlar erkin dolanyşyga goýberilen halatynda tölenilmäge degişli gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegini üpjün etmäge, şeýle hem şu paragrafda göz öňünde tutulan ähli beýleki talaplary we şertleri berjaý etmäge borçludyr. Şonda harytlaryň gümrük ammary gümrük düzgüninde bolýan döwründe aýrybaşgalanmagyny hem goşmak bilen harytlaryň islendik usul bilen başga şahslara peýdalanmaga we ygtyýarlyk etmäge geçirilmegine ýol berilmeýär.

 

169-njy madda. Harytlaryň gümrük ammarynda saklanylyş möhletleri

 

1. Harytlar gümrük ammarynda üç ýylyň dowamynda saklanylyp bilinýär.

2. Çäklendirilen ýaramlylyk we (ýa-da) ýerleniliş möhleti bolan harytlar gümrük ammary gümrük düzgüninden başga gümrük düzgünine mälim edilmelidir we görkezilen çäklendiriliş möhletiniň tamamlanmagyna alty aýdan gijä galman gümrük ammaryndan çykarylmalydyr, ýöne çalt zaýalanýan harytlar babatda gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan görkezilen möhlet kemeldilip bilner.

3. Harytlaryň saklanylyş möhleti harytlaryny gümrük ammaryna ýerleşdirýän şahs tarapyndan şu maddada göz öňünde tutulan möhletleriň çäklerinde gümrük deklarasiýasynda kesgitlenilýär.

4. Harytlaryny gümrük ammaryna ýerleşdiren şahsyň delillendirilen ýüz tutmasy boýunça gümrük edarasy şu maddada göz öňünde tutulan möhletleriň çäklerinde harytlaryň saklanylyş möhletini uzaldýar.

 

170-nji madda. Gümrük ammarynda ýerleşen harytlar bilen geçirilýän operasiýalar

 

1. Harytlar babatda ygtyýarlyklary bolan şahslar we olaryň wekilleri gümrük ammarynda ýerleşen harytlar bilen, harytlaryň ýagdaýynyň üýtgemegine, olaryň gaplanylyşynyň bozulmagyna we (ýa-da) goýlan kybaplaýyş serişdeleriniň üýtgemegine getirmeýän şertlerinde, harytlaryň üýtgewsiz ýagdaýda abat saklanylmagyny üpjün etmek üçin zerur bolan adaty operasiýalary geçirmäge, harytlary gözden geçirmäge we olary ölçemäge, gümrük ammarynyň çäginde ondan-oňa geçirmäge haklydyr.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilmedik operasiýalar, şol sanda harytlaryň nusgalyklarynyň we nusgalarynyň alynmagy, ýönekeý ýygnama operasiýalary, şeýle hem tapgyrlaryň böleklere bölünmegini, ugratmalaryň düzülmegini, aýyl-saýyl etmegi, gaplanmagy, gaýtadan gaplanmagy, belgilenmegi, harytlaryň hilini gowulandyrmak üçin zerur bolan operasiýalary hem goşmak bilen harytlary satuwa we ulagly daşamaga taýýarlamak üçin zerur bolan operasiýalar harytlar babatda ygtyýarlyklara eýe bolan şahslar we olaryň wekilleri tarapyndan gümrük edarasynyň rugsady bilen amala aşyrylyp bilner.

Görkezilen operasiýalaryň amala aşyrylmagy diňe harytlaryň ýitirilmegine ýa-da olaryň düýpli häsiýetleriniň üýtgemegine getirip biljek halatynda gümrük edarasy olaryň geçirilmegi üçin rugsat bermekden ýüz öwürmäge haklydyr.

3. Gümrük ammarynda ýerleşen harytlaryň aýrybaşgalanmagyna,  olar babatdaky eýelik etmek, peýdalanmak ýa-da ygtyýarlyk etmek hukuklarynyň geçirilmegine gümrük edarasyna ýazmaça görnüşde deslapdan habar bermek şerti bilen ýol berilýär, şu Kodeksiň 168-nji maddasynyň dördünji böleginde görkezilen harytlar muňa degişli däldir. Şonda harytlara emläk hukugyny edinen şahs gümrük edarasyna ýazmaça görnüşde ol harytlar babatda şu paragrafda bellenilen talaplaryň we şertleriň mundan beýläk berjaý ediljekdigi boýunça borçnama berýär. Harytlara emläk hukugyny edinen şahs gümrük edarasy tarapyndan görkezilen borçnama alnan gününiň yzyndan gelýän günden başlap şu Kodeksde harytlaryny gümrük ammaryna ýerleşdiren şahs babatda bellenilen borçlary çekýär.

4. Gümrük edarasynyň ýazmaça görnüşdäki rugsady bilen şu Kodeksiň 169-njy maddasynda bellenilen möhletler geçmezinden öň harytlaryň bir gümrük ammaryndan başga gümrük ammaryna geçirilmegine ýol berilýär. Şonda harytlaryň gümrük ammarynda saklanylyş möhletiniň dowamynyň arasy üzülmeýär we ol togtadylmaýar.

 

171-nji madda. Alnyp gidilmek üçin niýetlenilen harytlaryň gümrük paçlaryndan, salgytlardan boşadylmagy ýa-da gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilen pul möçberleriniň yzyna gaýtarylyp berilmegi

 

Öň başga gümrük düzgünlerine ýerleşdirilen we Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmäge niýetlenilen daşary ýurt harytlary gümrük ammaryna ýerleşdirilen mahalynda, görkezilen harytlar babatda getiriliş gümrük paçlary, salgytlar tölenilmeýär ýa-da görkezilen gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilen pul möçberleri gümrük edaralary tarapyndan yzyna gaýtarylyp berilýär, eger şeýle boşadylmak ýa-da yzyna gaýtaryp bermek harytlar Türkmenistanyň gümrük çäginden hakykatda alnyp gidilende göz öňünde tutulan bolsa. Türkmenistanyň gümrük çäginden harytlaryň alnyp gidilmegi amala aşyrylmadyk mahalynda olar babatda tölemekden boşadylan ýa-da yzyna gaýtarylyp berlen getiriliş gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberleri tölenilmäge degişlidir. Tölenilmäge degişli getiriliş gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberleriniň hasaplanylyşy öňki gümrük düzgüniniň hereketiniň tamamlanyş düzgünleri esasynda we Türkmenistanyň gümrük çäginde harytlary ulanmak üçin deklarant tarapyndan kesgitlenilen täze saýlanan gümrük düzgünine ýerleşdirmegiň şertlerine laýyklykda amala aşyrylýar.

 

172-nji madda. Ýaramsyz hala gelen, zaýalanan ýa-da zeper ýeten harytlar

 

Gümrük ammarynda saklanylýan döwründe awariýanyň ýa-da öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri netijesinde ýaramsyz hala gelen, zaýalanan ýa-da zeper ýeten harytlar, olaryň Türkmenistanyň gümrük çägine ýaramsyz, zaýalanan ýa-da zeper ýeten halda getirilendäkisi ýaly kesgitlenilen gümrük düzgünine ýerleşdirilmäge degişlidir.

 

173-nji madda. Harytlar erkin dolanyşyga goýberilen mahalynda gümrük bahasynyň kesgitlenilişi

 

Eger şu Kodekse laýyklykda gümrük paçlaryny, salgytlary hasaplamagyň maksatlary üçin harytlaryň gümrük ammarynda saklanandan soňky gümrük bahasy we (ýa-da) olaryň mukdary ulanylýan bolsa, harytlar erkin dolanyşyga goýberilen mahalynda olaryň gümrük bahasy we (ýa-da) olaryň mukdary olar erkin dolanyşyga goýberilen gününe görä kesgitlenilýär.

 

174-nji madda. Gümrük düzgüniniň hereketiniň tamamlanmagy

 

1. Harytlar, gümrük ammarynda harytlaryň saklanylyş möhletiniň tamamlanýan gününden gijä galman, şu Kodeksde bellenilen talaplaryň we şertleriň berjaý edilmegi bilen, başga gümrük düzgünine mälim edilmelidir.

Bu möhlet tamamlanandan soň görkezilen harytlara ygtyýarlyk etmek şu Kodeksiň 39-njy babyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Şu Kodeksiň 77-nji maddasyna laýyklykda deklarant hökmünde çykyş edip biljek islendik şahs şu Kodekse laýyklykda gümrük ammary gümrük düzgüniniň hereketiniň tamamlanmagy üçin zerur bolan gümrük operasiýalaryny amala aşyrmaga haklydyr.

3. Öň wagtlaýyn getirmegiň gümrük düzgünine ýerleşdirilen harytlar gümrük ammaryndan goýberilen mahalynda bu düzgüne laýyklykda Türkmenistanyň gümrük çäginde mundan beýläk ulanmak maksatlarynda harytlaryň wagtlaýyn getiriliş möhletiniň dowamy dikeldilýär. Görkezilen harytlar erkin dolanyşyga goýberilen mahalynda harytlaryň bahasy we mukdary, şeýle hem gümrük paçlarynyň, salgytlaryň möçberleri şu Kodeksiň 159-njy maddasyna laýyklykda kesgitlenilýär.

4. Gümrük ammarynda saklanylýan harytlar babatda ýok etmegiň gümrük düzgüni gümrük ammaryna eýelik edýän tarapyndan mälim edilip bilner.

 

175-nji madda. Gümrük ammarlarynyň görnüşleri

 

1. Gümrük ammarlary açyk ýa-da ýapyk görnüşli bolup bilerler.

Eger gümrük ammarlary islendik harytlary saklamak üçin we islendik şahslaryň ulanylmagy üçin açyk bolsa, olar açyk görnüşli ammarlar bolup durýar.

Eger gümrük ammarlary ammara eýelik edýäniň harytlaryny saklamak üçin niýetlenilen bolsa, olar ýapyk görnüşli ammarlar bolup durýar.

2. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti ýapyk görnüşli gümrük ammarlarynda saklanylyp bilinjek harytlaryň görnüşlerini kesgitlemäge haklydyr.

3. Açyk we ýapyk görnüşli gümrük ammarlary harytlaryň saklamagyň aýratyn şertlerini talap edýän ýa-da başga harytlara zyýan ýetirip biljek (ýöriteleşdirilen gümrük ammarlary) aýratyn görnüşleriniň saklanylmagy üçin ulanylyp bilner.

 

176-njy madda. Gümrük ammarlarynyň enjamlaşdyrylyp gurnalyşyna we ýerleşýän ýerine bildirilýän talaplar

 

1. Gümrük ammarlary hökmünde ulanmak üçin niýetlenilen jaýlar we (ýa-da) açyk meýdançalar harytlaryň abatlygy üpjün ediler ýaly, olara keseki (ammaryň işgärleri bolup durmaýan, harytlar babatda ygtyýarlyklary bolmadyk ýa-da şeýle ygtyýarlyklary bolan şahslaryň wekilleri bolup durmaýan) şahslar aralaşyp bilmez ýaly, şeýle hem bu harytlar babatda gümrük gözegçiligini geçirmek üçin mümkinçiligi üpjün eder ýaly enjamlaşdyrylyp gurnalan bolmalydyr. Gümrük ammarlarynyň ýerleşýän ýeri söwda guramalarynyň we başga dahylly şahslaryň bähbitlerini nazara almak bilen kesgitlenilýär.

2. Şu maddanyň birinji bölegine laýyklykda gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy gümrük ammary hökmünde ulanmak üçin niýetlenilen jaýlaryň we (ýa-da) açyk meýdançalaryň enjamlaşdyrylyp gurnalyşyna we ýerleşýän ýerine bildirilýän hökmany talaplary belleýär.

 

177-nji madda. Gümrük ammaryna eýelik edýän

 

1. Gümrük ammaryna eýelik edýänleriň sanawyna goşulan Türkmenistanyň ýuridik şahsy gümrük ammaryna eýelik edip biler.

Gümrük ammaryna eýelik edýänleriň sanawyna goşmagyň şertleri we ol Sanawy ýöretmegiň tertibi gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

Gümrük ammaryna eýelik edýänleriň sanawy gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan ýöredilýär.

2. Gümrük ammaryna eýelik edýän şu Kodeksde bellenilen halatlarda we şertlerde gümrük gözegçiligi astyndaky harytlaryň saklanylmagyny amala aşyrýar.

3. Gümrük ammaryna eýelik edýäniň harytlaryny gümrük ammaryna saklamaga ýerleşdirýän şahslar bilen gatnaşyklary şertnamalaýyn esasda guralýar. Açyk görnüşli gümrük ammaryna eýelik edýäniň  harytlary saklamagy amala aşyrmaga mümkinçiligi bolan mahalynda şertnama baglaşmakdan ýüz öwürmegine ýol berilmeýär.

4. Gümrük edaralary Gümrük ammaryna eýelik edýänleriň sanawyna goşulmazdan gümrük ammarlaryna eýelik edip biler.

(2020-nji ýylyň 14-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 1, 11-nji madda)

 

178-nji madda. Gümrük ammaryna eýelik edýäniň borçlary we jogapkärçiligi

 

1. Gümrük ammaryna eýelik edýän şulara borçludyr:

1) harytlaryň gümrük ammarynda saklanylmagy babatda şu Kodeksde bellenilen şertleri we talaplary berjaý etmäge;

2) saklanylýan harytlaryň hasabyny ýöretmäge we gümrük edaralaryna şeýle harytlaryň saklanylyşy hakynda hasabaty bermäge;

3) gümrük ammarynda ýerleşen harytlaryň abat saklanylmagyny üpjün etmäge;

4) saklanylýan harytlara gümrük edarasynyň rugsady bolmazdan keseki şahslaryň aralaşyp bilmezligini üpjün etmäge;

5) eger gümrük ammaryna eýelik edýän tarapyndan içerki gümrük üstaşyryna rugsat alnan bolsa, şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan halatda, şeýle hem şu Kodeksiň 55-nji maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan halatda, gümrük paçlaryny, salgytlary tölemäge.

2. Gümrük ammaryna eýelik edýän, olaryň ýitirilen we (ýa-da) gümrük edarasynyň rugsady bolmazdan berlen halatynda gümrük ammarynda saklanylýan harytlar babatda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi üçin jogapkärçilik çekýär. Gümrük ammaryna eýelik edýän, diňe, eger harytlar awariýanyň, öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri netijesinde ýok edilen ýa-da ýitirilen ýa-da saklamagyň kadaly şertlerinde harytlaryň tebigy azalýan halatynda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi üçin jogapkärçilik çekmeýär.

 

179-njy madda. Gümrük ammaryna eýelik edýän Gümrük ammaryna eýelik edýänleriň sanawyndan çykarylan halatynda harytlar bilen amala aşyrylýan hereketler

 

Gümrük ammaryna eýelik edýän Gümrük ammaryna eýelik edýänleriň sanawyndan çykarylan halatynda, onuň gümrük ammarynda saklanylýan harytlar, şol Sanawdan çykarylan gününiň yzyndan gelýän günden başlap iki aýyň dowamynda, onuň öz hasabyna başga gümrük ammaryna ýerleşdirilmäge degişlidir. Gümrük ammaryna eýelik edýän Gümrük ammaryna eýelik edýänleriň sanawyndan çykarylan gününden başlap üç günüň dowamynda harytlaryny gümrük ammaryna ýerleşdiren şahslara habar bermäge borçludyr. Gümrük ammaryna eýelik edýäniň Gümrük ammaryna eýelik edýänleriň sanawyndan çykarylan gününiň yzyndan gelýän günden başlap, harytlaryň bu gümrük ammaryna ýerleşdirilmegine ýol berilmeýär.

(2020-nji ýylyň 14-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., №1 ,11 -nji madda)

 

180-nji madda. Gümrük edaralarynyň gümrük ammarlarynda harytlaryň saklanylmagy

 

1. Gümrük edaralarynyň gümrük ammarlary açyk görnüşli ammarlar bolup durýar we şu Kodeksiň 176-njy maddasynda bellenilen talaplara laýyk gelmelidir.

2. Harytlar gümrük edaralarynyň gümrük ammarlarynda saklanylan mahalynda gümrük edaralary bilen şol ammarlarda harytlaryny ýerleşdirýän şahslar bilen özara gatnaşyklary şu Kodekse we Türkmenistanyň raýat kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Harytlaryň saklanylmagyny amala aşyrmaga mümkinçilik bolan mahalynda gümrük edarasynyň şertnama baglaşmakdan ýüz öwürmegine ýol berilmeýär.

Gümrük edarasy tarapyndan harytlaryň saklamaga kabul edilmegi harytlaryny gümrük ammaryna ýerleşdiren şahsa gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýän görnüşde resminamanyň berilmegi bilen tassyklanylýar.

3. Gümrük edaralarynyň harytlary gümrük ammarlarynda saklamagy amala aşyrmagy bilen baglanyşykly hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi, şu Kodeksde bellenilen düzgünleri nazara almak bilen, saklamak hakynda Türkmenistanyň raýat kanunçylygynda göz öňünde tutulan umumy düzgünlere laýyk gelýän borçlarynyň düýp manysyndan gelip çykýar.

Gümrük edarasy gümrük ammarynda saklanylýan harytlaryň ýitirilen halatynda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegine jogapkärçilik çekýär, awariýa, öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri netijesinde ýok edilen ýa-da ýitirilen ýa-da saklamagyň kadaly şertlerinde harytlaryň tebigy azalýan halaty muňa degişli däldir.

4. Harytlaryň gümrük edarasynyň Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçiriş ýerlerinde ýerleşýän gümrük ammarynda saklanylmagy üçin, şu Kodeksiň 32-nji babyna laýyklykda gümrük ýygymy töledilip alynýar.

(2015-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý. № 4, 127-nji madda)

 

§7. PAÇSYZ SÖWDA

 

181-nji madda. Gümrük düzgüniniň mazmuny

 

1. Paçsyz söwda – Türkmenistanyň gümrük çägine getirilen daşary ýurt harytlarynyň ýa-da türkmen harytlarynyň Türkmenistanyň gümrük çäginden daşary gidýän fiziki şahslara gös-göni paçsyz söwda dükanlarynda gümrük paçlaryny, salgytlary tölemezden, şeýle hem harytlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklary we çäklendirmeleri ulanmazdan bölekleýin satylýan gümrük düzgüni.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen harytlaryň paçsyz söwda dükanlarynda satylmagy Türkmenistanyň gümrük çäginde gümrük gözegçiligi astynda Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçiriş ýerlerinde amala aşyrylýar.

3. Daşary ýurt harytlary paçsyz söwdanyň gümrük düzgünine ýerleşdirilen mahalynda, eger şu Kodekse laýyklykda harytlar Türkmenistanyň gümrük çäginden hakykatda alnyp gidilen mahalynda şeýle yzyna gaýtarmaklyk göz öňünde tutulan bolsa öň tölenilen getiriliş gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberleriniň yzyna gaýtarylyp berilmegi amala aşyrylýar.

 

182-nji madda. Harytlary gümrük düzgünine ýerleşdirmegiň şertleri

 

1. Paçsyz söwdanyň gümrük düzgünine islendik harytlar ýerleşdirilip bilner, Türkmenistana getirilmegi, Türkmenistandan  alnyp gidilmegi, Türkmenistanyň çäginde dolanyşygy gadagan edilen harytlar, şeýle hem sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän beýleki harytlar muňa degişli däldir.

2. Paçsyz söwdanyň gümrük düzgünine ýerleşdirilen harytlaryň deklaranty hökmünde diňe paçsyz söwda dükanyna eýelik edýän çykyş edip biler. Diňe Türkmenistanyň ýuridik şahsy paçsyz söwda dükanyna eýelik edýän bolup biler.

3. Paçsyz söwdanyň gümrük düzgünine harytlary şu aşakdaky ýagdaýlarda ýerleşdirmäge ýol berilýär, eger:

1) harytlar şu Kodeksiň 184-nji maddasyna laýyklykda açylan paçsyz söwda dükanynda satylmak üçin niýetlenilen bolsa;

2) şu Kodeksiň 29-njy babyna laýyklykda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi üpjün edilen bolsa.

4. Paçsyz söwda dükanynyň işlemegini üpjün etmek üçin ulanylýan harytlar paçsyz söwdanyň gümrük düzgünine ýerleşdirilmäge degişli däldir.

 

183-nji madda. Paçsyz söwda dükanynyň enjamlaşdyrylyp gurnalyşyna bildirilýän talaplar

 

1. Paçsyz söwda dükanynyň jaýlary söwda zallaryndan, kömekçi jaýlardan, ammarlardan ybarat bolup biler.

Görkezilen jaýlar harytlaryň diňe paçsyz söwda dükanynyň söwda zallarynda satylmagyny, şeýle hem harytlaryň abat saklanylmagyny üpjün eder ýaly we olar babatda gümrük gözegçiligini geçirer ýaly enjamlaşdyrylyp gurnalmalydyr.

2. Eger paçsyz söwda dükanynyň ammarlary Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçiriş ýerleriniň çäklerinden daşarda ýerleşen bolsa, gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy şeýle ammarlaryň enjamlaşdyrylyp gurnalyşyna şu Kodeksiň 66-njy maddasynda göz öňünde tutulan tertip babatda ulanylýan hökmany talaplary belleýär.

3. Paçsyz söwda dükanynyň söwda zallary paçsyz söwda dükanynda satyn alnan harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çäginde, şol sanda olaryň bu çäkde galýan fiziki şahslara berilmegi arkaly galdyrylmak mümkinçiligi bolmaz ýaly ýerleşmelidir.

4. Paçsyz söwda dükanynyň jaýlary gümrük gözegçiligi zolagy bolup durýar.

 

184-nji madda. Paçsyz söwda dükanynyň açylyşy

 

Paçsyz söwda dükanynyň açylyşy Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçiriş ýerlerinde düzgüniň belleniliş tertibine laýyklykda, eger olaryň alynmagynyň hökmanylygy Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan bolsa, harytlaryň bölekleýin satylmagyny amala aşyrmak üçin bellige alyş ýa-da rugsat beriş resminamalary bolan mahalynda amala aşyrylýar.

 

185-nji madda. Paçsyz söwda dükanyna eýelik edýäniň borçlary we jogapkärçiligi

 

1. Paçsyz söwda dükanyna eýelik edýän şulara borçludyr:

1) paçsyz söwdanyň gümrük düzgüniniň talaplaryny we şertlerini berjaý etmäge;

2) paçsyz söwda dükanynyň enjamlaşdyrylyp gurnalyşyna bildirilýän talaplary berjaý etmäge;

3) paçsyz söwda dükanyna ýerlenilmek üçin gelýän harytlaryň başga maksatlar bilen  ulanylmak mümkinçiligini aradan aýyrmaga;

4) paçsyz söwda dükanyna harytlaryň gelmeginiň we ol dükanda harytlaryň ýerlenilmeginiň hasabyny ýöretmäge hem-de gümrük edaralaryna hasabat bermäge;

5) paçsyz söwdanyň gümrük düzgününe ýerleşdirilen harytlary diňe paçsyz söwda dükanynyň kömekçi jaýlarynda we ammarlarynda saklamaga;

6) şu maddanyň ikinji böleginde, şeýle hem eger paçsyz söwda dükanyna eýelik edýän tarapyndan içerki gümrük üstaşyry üçin rugsat alnan bolsa, şu Kodeksiň 55-nji maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan halatlarda gümrük paçlaryny, salgytlary tölemäge;

7) şu Kodeksde göz öňünde tutulan aýratynlyklary nazara almak bilen, Türkmenistanyň söwda we walýuta operasiýalaryny düzgünleşdirmek çygryndaky kanunçylygynda bellenilen talaplary berjaý etmäge;

8) paçsyz söwda dükany ýapylan halatynda, bu barada gümrük edarasyna habar bermäge.

2. Paçsyz söwda dükanyna eýelik edýän, daşary ýurt harytlary ýitirilen ýa-da olar Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşyna çykýan fiziki şahslara bölekleýin satylman başga maksatlar bilen ulanylan halatynda, paçsyz söwdanyň gümrük düzgünine ýerleşdirilen harytlar babatda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi üçin jogapkärçilik çekýär. Paçsyz söwda dükanyna eýelik edýän diňe harytlaryň awariýanyň, öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri netijesinde ýok edilen ýa-da ýitirilen ýa-da saklamagyň we ýerlemegiň kadaly şertlerinde harytlaryň tebigy azalýan halatynda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi üçin jogapkärçilik çekmeýär.

 

186-njy madda. Paçsyz söwda dükanyna eýelik edýänler

Paçsyz söwda dükanyna eýelik edýänleriň sanawyna goşulan Türkmenistanyň ýuridik şahsy paçsyz söwda dükanyna eýelik edip biler.

Paçsyz söwda dükanyna eýelik edýänleriň sanawyna goşmagyň şertleri we ol Sanawy ýöretmegiň tertibi gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

Paçsyz söwda dükanyna eýelik edýänleriň sanawy gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan ýöredilýär.

(2020-nji ýylyň 14-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 1, 11-nji madda)

 

187-nji madda. Paçsyz söwda dükany ýapylan halatynda harytlar bilen amala aşyrylýan hereketler

 

1. Paçsyz söwda dükany ýapylan halatynda paçsyz söwdanyň gümrük düzgünine ýerleşdirilen daşary ýurt harytlary paçsyz söwda dükanynyň ýapylan gününiň yzyndan gelýän günden başlap on bäş günüň dowamynda başga gümrük düzgünine ýerleşdirilmäge degişlidir.

2.  Paçsyz söwda dükany ýapylan gününiň yzyndan gelýän günden başlap paçsyz söwdanyň gümrük düzgünine ýerleşdirilen harytlara gümrük maksatlary üçin, wagtlaýyn saklanylmakda duran harytlar hökmünde garalýar. Şeýle harytlaryň satylmagyna, şeýle hem paçsyz söwda dükanyna başga harytlaryň ýerleşdirilmegine ýol berilmeýär.

3. Paçsyz söwda dükanynyň ýapylmagy paçsyz söwda dükanyna eýelik edýäniň şu Kodeksde bellenilen talaplary berjaý etmekden we borçlary ýerine ýetirmekden boşatmaýar.

(2020-nji ýylyň 14-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 1, 11-nji madda)

 

18-nji bap. TAMAMLAÝJY GÜMRÜK DÜZGÜNLERI

 

§1. REIMPORT

 

188-nji madda. Gümrük düzgüniniň mazmuny

 

1. Reimport – Türkmenistanyň gümrük çäginden öň alnyp gidilen harytlaryň bellenilen möhletlerde gümrük paçlary, salgytlar tölenmezden we harytlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklar we çäklendirmeler ulanylmazdan Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän gümrük düzgüni.

2. Reimport gümrük düzgünine ýerleşdirilen harytlara gümrük maksatlary üçin erkin dolanyşyga goýberilen harytlar hökmünde garalýar.

 

189-njy madda. Harytlary gümrük düzgünine ýerleşdirmegiň şertleri

 

1. Harytlaryň reimport gümrük düzgünine ýerleşdirilmegine şu şertlerde ýol berilýär, eger:

1) harytlar Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilen mahalynda erkin dolanyşykda bolýan harytlaryň statusyna eýe bolsa ýa-da olar daşary ýurt harytlaryny gaýtadan işlemegiň önümleri bolsa;

2) harytlar Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilen mahalynda görkezilen harytlaryň gümrük serhedinden geçen gününiň yzyndan gelýän günden başlap üç ýylyň dowamynda reimport gümrük düzgünine mälim edilse. Dahylly şahsyň esaslandyrylan  ýüz tutmasy boýunça gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy, gurluşyk, senagat önümçiligi, ýerasty baýlyklary gazyp almak we başga şular ýaly maksatlar üçin ulanylýan enjamlar babatda, şu paragrafyň ähli başga düzgünleri berjaý edilen şertinde, görkezilen möhleti uzaldýar;

3) harytlar Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilendäkisi ýaly ýagdaýda bolsa, ulagly daşamagyň, saklamagyň ýa-da ulanmagyň kadaly şertlerindäki tebigy könelme ýa-da tebigy azalma netijesinde üýtgemegi muňa degişli däldir;

4) Türkmenistanyň Döwlet býujetine yzyna gaýtarylyp berilmäge degişli getiriliş gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberleri harytlaryň reimporty mahalynda tölenen bolsa.

2. Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşynda harytlaryň peýda görmek maksady bilen ulanylmagy, şeýle hem abatlamak (düýpli abatlamakdan we kämilleşdirmekden başgasy), tehniki hyzmat etmek boýunça operasiýalary we harytlaryň sarp ediliş häsiýetlerini saklap galmak we harytlary Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilen günündäki ýagdaýda saklamak üçin zerur bolan başga operasiýalary hem goşmak bilen,  olaryň abatlygyny üpjün etmek üçin zerur bolan operasiýalary amala aşyrmak harytlaryň reimport gümrük düzgünine ýerleşdirilmegine päsgelçilik bermeýär, abatlamak boýunça operasiýalaryň harytlaryň alnyp gidilen günündäki bahasy bilen deňeşdirilende harytlaryň bahasynyň ýokarlanmagyna getirýän halatlary muňa degişli däldir.

3. Reimport gümrük düzgünine öň başga gümrük düzgünlerine ýerleşdirilen harytlar ýerleşdirilip bilner.

 

190-njy madda. Harytlaryň reimporty mahalynda getiriliş gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberleriniň yzyna gaýtarylyp berilmegi

 

1. Harytlaryň reimporty mahalynda getiriliş gümrük paçlarynyň, salgytlaryň möçberleri harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmegi bilen baglanyşykly töletdirilip alynmadyk ýa-da yzyna gaýtarylyp berlen bolsa, şeýle getiriliş gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberleri Türkmenistanyň Döwlet býujetine yzyna gaýtarylyp berilmäge degişlidir.

2. Getiriliş gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberleri şu Kodeksiň 130-njy maddasynyň üçünji böleginde gaýtadan işlemegiň önümleri erkin dolanyşyga goýberilen mahalynda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmäge degişli pul möçberlerini kesgitlemek üçin bellenilen düzgünler boýunça hasaplanylýar.

3. Şu maddada göz öňünde tutulan gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberleri gümrük edaralary tarapyndan şu Kodeksde gümrük töleglerini töletdirilip alynmagy üçin bellenilen tertipde töletdirilip alynýar.

 

191-nji madda. Harytlary reimport gümrük düzgünine ýerleşdirmek üçin zerur bolan resminamalar we maglumatlar 

 

1. Harytlary reimport gümrük düzgünine ýerleşdirmäge rugsat almak üçin deklarant gümrük edarasyna harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmeginiň ýagdaýlary hakyndaky maglumatlary, şeýle hem eger şeýle operasiýalar harytlar bilen Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşynda geçirilen bolsa, abatlamak boýunça operasiýalar hakyndaky maglumatlary berýär.

2. Deklarant şu maddanyň birinji böleginde görkezilen maglumatlary tassyklamak üçin gümrük edarasyna, harytlar Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilende kabul edilen gümrük deklarasiýasyny, harytlar alnyp gidilen mahalynda olaryň gümrük serhedinden geçen gününi tassyklaýan resminamalary, şu Kodeksiň 190-njy maddasynyň talaplarynyň berjaý edilendigini tassyklaýan resminamalary şeýle hem mälim edilen maglumatlary tassyklaýan başga resminamalary berýär.

 

192-nji madda. Harytlaryň reimporty mahalynda alnyp gidiliş gümrük paçlarynyň pul möçberleriniň yzyna gaýtarylyp berilmegi

 

1. Eger harytlar Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilen mahalynda olaryň gümrük serhedinden geçen gününiň yzyndan gelýän günden başlap alty aýdan gijä galman reimport gümrük düzgünine laýyklykda Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän bolsa, alnyp gidiliş gümrük paçlarynyň tölenilen pul möçberleri yzyna gaýtarylyp berilýär.

2. Alnyp gidiliş gümrük paçlarynyň tölenilen pul möçberleri gümrük edaralary tarapyndan şu Kodekse laýyklykda yzyna gaýtarylyp berilýär.

 

§2. REEKSPORT

 

193-nji madda. Gümrük düzgüniniň mazmuny

 

Reeksport – öň Türkmenistanyň gümrük çägine getirilen harytlaryň bu çäkden getiriliş gümrük paçlaryny tölemezden ýa-da olaryň tölenilen pul möçberlerini gaýtaryp bermek bilen hem-de harytlar babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklar we çäklendirmeler ulanylmazdan alnyp gidilýän gümrük düzgüni.

 

194-nji madda. Harytlary gümrük düzgünine ýerleşdirmegiň şertleri

 

1. Daşary ýurt harytlary, şol sanda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda getirmäge bellenilen gadaganlyklaryň bozulmagy bilen Türkmenistanyň gümrük çägine getirilen harytlar reeksport gümrük düzgünine ýerleşdirilýär.

Erkin dolanyşyga goýberilen harytlar şu Kodeksiň 196-njy maddasynda göz öňünde tutulan şertleriň berjaý edilmegi bilen reeksport gümrük düzgünine ýerleşdirilip bilner.

2. Öň başga gümrük düzgünine ýerleşdirilen harytlar şu Kodeksde bellenilen tertipde  şol gümrük düzgüniniň hereketini tamamlamak maksady bilen, reeksport gümrük düzgünine ýerleşdirilip bilner.

3. Türkmenistanyň kanunçylygynda we (ýa-da) Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda harytlaryň reeksport gümrük düzgünine ýerleşdirilmeginiň goşmaça şertleri bellenilip bilner.

 

195-nji madda. Harytlaryň reeksporty mahalynda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň ulanylmagy 

 

1. Harytlaryň reeksporty mahalynda getiriliş gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden boşadylýar ýa-da tölenilen pul möçberlerini yzyna gaýtaryp bermek amala aşyrylýar, eger şeýle boşadylmak ýa-da yzyna gaýtarmak harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çäginde bolan gümrük düzgüni tamamlanan mahalynda göz öňünde tutulan bolsa.

2. Reeksport edilýän harytlar alnyp gidilen mahalynda alnyp gidiliş gümrük paçlary tölenilmeýär.

 

196-njy madda. Erkin dolanyşyga goýberilen harytlar babatda reeksport gümrük düzgüniniň ulanylmagy

 

1. Erkin dolanyşyga goýberilen, özleri babatda Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçen gününe görä kemçilikleriň bardygy ya-da mukdary, hili, beýan edilişi ýa-da gaplanyşy boýunça daşary ykdysady geleşigiň şertlerine başgaça laýyk gelmeýändigi anyklanan we şol sebäpler boýunça iberijä ýa-da ol tarapyndan görkezilen şahsa yzyna gaýtarylyp berilýän harytlar şu aşakdaky şertlerde reeksport gümrük düzgünine ýerleşdirilip bilner: 

1) Türkmenistanda ulanylmadyk we abatlanylmadyk bolsalar, kemçilikleri ýa-da harytlaryň yzyna gaýtarylmagyna sebäp bolan başga ýagdaýlary ýüze çykarmak üçin harytlaryň ulanylmagy zerur bolan halatlary muňa degişli däldir;

2) gümrük edaralary tarapyndan kybaplanylyp bilinse;

3) erkin dolanyşyga goýberilen gününden başlap alty aýyň dowamynda alnyp gidilýän bolsa.

Deklarantyň delillendirilen ýüz tutmasy boýunça gümrük edarasy tarapyndan şu bölekde görkezilen möhlet daşary ykdysady geleşigiň şertlerine görä uzaldylyp bilner.

2. Harytlaryň reeksporty mahalynda şu maddanyň birinji bölegine laýyklykda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň şu Kodeksiň 296-njy maddasyna laýyklykda tölenilen pul möçberleri yzyna gaýtarylyp berilýär.

 

§3. ÝOK ETMEK

 

197-nji madda. Gümrük düzgüniniň mazmuny

 

Ýok etmek – daşary ýurt harytlarynyň gümrük paçlary, salgytlar tölenilmezden, şeýle hem harytlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklary we çäklendirmeleri ulanylmazdan, gümrük gözegçiligi astynda ýok edilýän gümrük düzgüni.

 

198-nji madda. Harytlary gümrük düzgünine ýerleşdirmegiň şertleri

 

1. Eger ýok etmäge sezewar edilen harytlar ykdysady taýdan bähbitli usul bilen ilkibaşdaky ýagdaýyna getirilip bilinmejek bolsa, olaryň ýok edilmegine ýol berilýär.

2. Harytlaryň şu toparlarynyň ýok edilmegine ýol berilmeýär:

1) medeni gymmatlyklaryň;

2) haýwanlaryň we ösümlikleriň ýok bolmak howpy abanýan görnüşleriniň, olaryň bölekleriniň we olardan alynýan önümleriň,  epidemiýalaryň we epizootiýalaryň öňüni almak maksady bilen olaryň ýok edilmegini talap edýän halatlar muňa degişli däldir;

3) girew gatnaşyklary tamamlanýança, gümrük edaralary tarapyndan girewiň närsesi hökmünde kabul edilen harytlaryň;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda alnan harytlaryň ýa-da gozgalmasyz edilen harytlaryň;

5) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan sanawy bellenilýän başga harytlaryň.

3. Eger harytlaryň ýok edilmegi:

1) töwerekdäki gurşawa düýpli zyýan ýetirip ýa-da adamlaryň ömrüne we saglygyna gös-göni ýa-da potensial howp salyp biljek bolsa;

2) harytlaryň adaty niýetlenilişine laýyklykda sarp edilmegi arkaly amala aşyrylsa;

3) Türkmenistanyň döwlet edaralary üçin çykdajylara sebäp bolsa,

olaryň ýok edilmegine ýol berilmeýär.

 

199-njy madda. Ýok etmegiň möhleti we ýeri

 

1. Harytlaryň ýok ediliş möhleti gümrük edarasy tarapyndan deklarantyň arzasy esasynda harydyň degişli görnüşini mälim edilen usul bilen ýok etmek boýunça operasiýalaryň geçirilmegi üçin amatly zerur bolan wagtdan hem-de harytlaryň ýerleşýän ýerinden ýok edilýän ýerine ulagly daşalmagy üçin zerur bolan wagtdan ugur alnyp bellenilýär.

2. Harytlaryň ýok edilýän ýeri Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak hakyndaky kanunçylygynyň talaplaryny nazara almak bilen deklarant tarapyndan kesgitlenilýär.

 

200-nji madda. Awariýanyň ýa-da öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri netijesinde ýok edilen harytlar babatda ýok etmegiň gümrük düzgüniniň ulanylmagy

 

1. Ýok etmegiň gümrük düzgüni awariýanyň ýa-da öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri netijesinde ýok edilen, ýitirilen ýa-da zeper ýetirilen harytlar babatda ulanylyp bilner.

2. Ýok edilen ýa-da zeper ýetirilen harytlar ýok etmegiň gümrük düzgünine ýerleşdirilende şu Kodeksiň 198-nji maddasynyň birinji böleginiň we 201-nji maddasynyň düzgünleri ulanylýar.

 

201-nji madda. Galyndylar

 

1. Daşary ýurt harytlarynyň ýok edilmegi netijesinde emele gelen galyndylar babatda gümrük paçlary, salgytlar görkezilen galyndylaryň Türkmenistanyň gümrük çägine bu ýagdaýda getirilendäkisi ýaly tölenilmäge degişlidir, görkezilen galyndylaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilen ýa-da olaryň Türkmenistanyň gümrük çäginde mundan beýläk täjirçilik taýdan ulanylmagy üçin ýaramsyz bolan we ykdysady taýdan bähbitli usul bilen ilkibaşdaky ýagdaýyna getirilip bilinmejek ýagdaýyna çenli gaýtadan işlenilen halatlary muňa degişli däldir.

Özleri babatda gümrük paçlary, salgytlar tölenilmäge degişli bolan galyndylar deklarirlenilmäge degişlidir.

2. Galyndylara, gümrük paçlarynyň, salgytlaryň töletdirilip alynmagynyň maksatlary üçin, Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän harytlar hökmünde garalýar.

3. Galyndylar babatda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegine deklarant jogapkärçilik çekýär.

 

§4. DÖWLETIŇ HAÝRYNA ÝÜZ ÖWÜRMEK

 

202-nji madda. Gümrük düzgüniniň mazmuny

 

Döwletiň haýryna ýüz öwürmek – gümrük paçlary, salgytlar tölenmezden, şeýle hem harytlar babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklar we çäklendirmeler ulanylmazdan, harytlaryň döwletiň eýeçiligine muzdsuz geçirilýän gümrük düzgüni.

 

203-nji madda. Harytlary gümrük düzgünine ýerleşdirmegiň şertleri

 

1. Döwletiň haýryna harytlardan ýüz öwürmek Türkmenistanyň döwlet edaralary üçin harytlaryň ýerlenilmeginden alnan serişdeleriň hasabyna öwezi dolunyp bilinmejek haýsy-da bolsa bir çykdajylara sebäp bolmaly däldir.

2. Döwletiň haýryna ýüz öwürmegiň gümrük düzgünine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dolanyşygy gadagan edilen harytlar ýerleşdirilip bilinmez.

 

204-nji madda. Şahsyň döwletiň haýryna ýüz öwüren harytlarynyň statusy

 

1. Döwletiň haýryna ýüz öwürmegiň gümrük düzgünine ýerleşdirilen harytlar şu Kodekse laýyklykda döwletiň eýeçiligine öwrülýär.

2. Şahsyň döwletiň haýryna ýüz öwüren harytlary, gümrük edaralaryna berlen pursatyndan başlap, gümrük maksatlary üçin Türkmenistanyň gümrük çäginde erkin dolanyşykda bolýan harytlaryň statusyna eýedir.

 

205-nji madda. Gümrük düzgüniniň ulanylmagy üçin jogapkärçilik

 

Harytlary döwletiň haýryna ýüz öwürmegiň gümrük düzgünine ýerleşdirmek arkaly harytlara ygtyýarlyk etmegiň kanunylygyna deklarant jogapkärçilik çekýär. Gümrük edaralary deklarantyň döwletiň haýryna ýüz öwüren harytlary babatda ygtyýarlyklary bolan şahslaryň haýsydyr bir emläk nägilelikleriniň öwezini dolmaýar.

 

19-njy bap. ÝÖRITE GÜMRÜK DÜZGÜNLERI

 

§1. ÄTIÝAÇLYKLARYŇ GEÇIRILMEGI

 

206-njy madda. Gümrük düzgüniniň mazmuny

 

Ätiýaçlyklaryň geçirilmegi – ýolagçylaryň we (ýa-da) harytlaryň halkara gatnawlarynda ulanylýan deňiz (derýa) gämilerinde, howa gämilerinde we otlularda ulanmak üçin niýetlenilýän harytlaryň, şeýle hem şeýle deňiz (derýa) gämileriniň, howa gämileriniň ekipažlarynyň agzalaryna we ýolagçylaryna satmak üçin niýetlenilýän harytlaryň gümrük paçlary, salgytlar tölenilmezden we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklar we çäklendirmeler ulanylmazdan gümrük serhedinden geçirilýän gümrük düzgüni.

 

207-nji madda. Harytlary gümrük düzgünine ýerleşdirmegiň şertleri

 

1. Şu harytlaryň (mundan beýläk şu bapda – ätiýaçlyklar) ätiýaçlyklary geçirmegiň gümrük düzgünine ýerleşdirilmegine ýol berilýär:

1) deňiz (derýa) gämileriniň, howa gämileriniň we otlularyň barýan ýolunda ýa-da aralykdaky duralga ýa-da duruş ýerlerinde kadaly ulanylmagyny we tehniki hyzmat edilmegini üpjün etmek üçin zerur bolan (şol sanda ýangyç we ýangyç-ýaglaýjy materiallar);

2) ätiýaçlyklaryň satylýandygyna ýa-da satylmaýandygyna garamazdan, deňiz (derýa) gämileriniň, howa gämileriniň bortundaky ýolagçylaryň we ekipažlaryň agzalarynyň ýa-da otlulardaky  ýolagçylaryň we otly brigadalarynyň işgärleriniň sarp etmegi üçin niýetlenen;

3) deňiz (derýa) gämileriniň, howa gämileriniň ýolagçylaryna we ekipažlarynyň agzalaryna, görkezilen ätiýaçlyklaryň şol gämileriň bortunda sarp edilmek maksady bolmazdan satylmagy üçin niýetlenen.

2. Ätiýaçlyklary geçirmegiň gümrük  düzgünine ätiýaçlyklar deňiz (derýa) gämileriniň, howa gämileriniň ýa-da otlularyň bellige alnan ýurduna ýa-da milli degişliligine garamazdan ýerleşdirilýär.

3. Deňiz (derýa) gämileriniň, howa gämileriniň we otlularyň barýan ýolunda ýa-da aralykdaky duralga ýa-da duruş ýerlerinde kadaly ulanylmagyny we tehniki hyzmat edilmegini üpjün etmek üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlarynyň we enjamlaryň ätiýaçlyklary geçirmegiň gümrük  düzgünine ýerleşdirilmegine ýol berilmeýär.

4. Söwda deňiz gatnawynyň maksatlary üçin ulanylanda deňiz (derýa) gämileriniň, raýat we döwlet awiasiýasynyň howa gämileriniň ätiýaçlyklary babatda ätiýaçlyklary geçirmegiň gümrük düzgüni ulanylýar, ulag serişdeleriniň fiziki şahslar tarapyndan şahsy maksatlar üçin ulanylan halatlary muňa degişli däldir.

 

208-nji madda. Gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden boşatmagyň şertleri

 

1. Deňiz (derýa) gämileriniň, howa gämileriniň bortunda ýerleşýän ätiýaçlyklaryň Türkmenistanyň gümrük çägine getirilen mahalynda şol gämileriň Türkmenistanyň gümrük çäginde bolýan wagtynda bu ätiýaçlyklaryň şol gämileriň bortunda galan şertinde gümrük paçlary, salgytlar tölenilmeýär.

2. Otlularda ýerleşýän we otlularyň kadaly ulanylmagyny we tehniki hyzmat edilmegini üpjün etmek üçin zerur bolan, şeýle hem otlularyň ýolagçylarynyň we otly brigadalarynyň işgärleriniň sarp etmegi üçin niýetlenen ätiýaçlyklar Türkmenistanyň gümrük çägine getirilen mahalynda bu otlularyň Türkmenistanyň gümrük çäginde bolýan wagtynda şol ätiýaçlyklaryň otlularda galan şertinde gümrük paçlary, salgytlar tölenilmeýär.

3. Deňiz (derýa) gämileriniň, howa gämileriniň ýolagçylaryna we ekipažlarynyň agzalaryna satylmak üçin niýetlenen daşary ýurt harytlary şol gämileriň bortunda sarp edilmek maksady bolmazdan ätiýaçlyklary geçirmegiň gümrük  düzgünine ýerleşdirilen mahalynda görkezilen harytlar şu Kodeksiň 209-njy maddasynyň üçünji böleginiň düzgünini nazara almak bilen, Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşynda satylan şertinde gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden boşadylýar.

4. Eger Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilýän ätiýaçlyklar ýolagçylaryň we ekipažlaryň agzalarynyň sanyna, gatnawyň dowamlylygyna laýyk gelýän we şol gämileriň bortunda bar bolan ätiýaçlyklary nazara almak bilen, şol gämileriň kadaly ulanylmagyny we tehniki hyzmat edilmegini üpjün etmek üçin ýeterlik bolan mukdarda alnyp gidilýän bolsa, deňiz (derýa), howa gämileriniň bortunda ýerleşýän ätiýaçlyklar Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilen mahalynda gümrük paçlary, salgytlar tölenilmeýär.

5. Eger ätiýaçlyklar, bu otlularda bar bolan ätiýaçlyklary nazara almak bilen, otlularyň barýan ýolunda kadaly ulanylmagyny we tehniki hyzmat edilmegini üpjün etmek üçin ýeterlik bolan we otlularyň ýolagçylarynyň we otly brigadalarynyň işgärleriniň sarp etmegi üçin zerur bolan mukdarda alnyp gidilýän bolsa, otlularyň kadaly ulanylmagyny we tehniki hyzmat edilmegini üpjün etmek üçin zerur bolan, şeýle hem otlularyň ýolagçylarynyň we otly brigadalarynyň işgärleriniň sarp etmegi üçin niýetlenen şol ätiýaçlyklar Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilen mahalynda alnyp gidiliş gümrük paçlary tölenilmeýär.

6. Eger şu paragrafda göz öňünde tutulan şertler berjaý edilýän bolsa, gümrük edarasynyň rugsady bilen, ätiýaçlyklar wagtlaýyn düşürilip, ýolagçylaryň we harytlaryň halkara gatnawyny amala aşyrýan başga gämilere ýa-da başga otlulara geçirilip bilner.

 

209-njy madda. Ätiýaçlyklaryň ulanylyşy

 

1. Deňiz (derýa) gämileriniň ýolagçylarynyň we ekipažlarynyň agzalarynyň sarp etmegi üçin niýetlenen ätiýaçlyklar we şol gämileriň kadaly ulanylmagyny we tehniki hyzmat edilmegini üpjün etmek üçin zerur bolan ätiýaçlyklar ýolagçylaryň we ekipažlaryň agzalarynyň sanyna, şeýle hem duruş wagtynyň dowamlylygyna laýyk gelýän mukdarda, şol sanda deňiz (derýa) gämileriniň abatlanylýan wagtynda, eger ekipažlar şol wagt gämini taşlap gitmeýän bolsa, şol gämilerde olaryň Türkmenistanyň gümrük çäginde durýan wagtynda sarp edilip we ulanylyp bilner.

2. Howa gämileri Türkmenistanyň gümrük çäginde ýerleşýän howa menzilinde ýa-da birnäçe howa menzilinde meýilleşdirilen gonuşy amala aşyran mahalynda howa gämileri gonuş ýerlerinde duran wagtynda we olaryň arasynda uçan wagtynda şol gämileriň kadaly ulanylmagyny we tehniki hyzmat edilmegini üpjün etmek üçin niýetlenilen ätiýaçlyklar hem-de ekipažlaryň agzalarynyň we ýolagçylaryň sarp etmegi üçin niýetlenen ätiýaçlyklar howa gämileri gonuş ýerlerinde duran wagtynda we olaryň arasynda uçan wagtynda ulanylyp bilner.

3. Howa gämileriniň ýolagçylaryna we ekipažlarynyň agzalaryna şol gämileriň bortunda sarp edilmek maksady bolmazdan satylmaga niýetlenen ätiýaçlyklar, şol gämileriň bortunda satylmak şerti bilen, howa gämileri Türkmenistanyň gümrük çäginde duran wagtynda satylyp bilner.

4. Otlularyň ýolagçylary we otly brigadalarynyň işgärleri tarapyndan sarp edilmek üçin niýetlenen ätiýaçlyklar we şol otlularyň kadaly ulanylmagyny we olara tehniki hyzmat edilmegini üpjün etmek üçin zerur bolan ätiýaçlyklar şol otlularda olaryň barýan ýolundaky ýa-da Türkmenistanyň gümrük çägindäki aralykdaky duralga ýa-da duruş ýerlerinde ýolagçylaryň we otly brigadalarynyň işgärleriniň sanyna, şeýle hem duruş wagtynyň dowamlylygyna  we ýolda barýan wagtyna laýyk gelýän mukdarda sarp edilip we ulanylyp bilner.

5. Gümrük edaralary deňiz (derýa) gämileri, howa gämileri ýa-da otlular Türkmenistanyň gümrük çäginde bolýan wagtynda daşaýjyny şu paragrafda göz öňünde tutulan ätiýaçlyklaryň ulanylyş şertlerini berjaý etmek üçin zerur bolan çäreleri görmäge borçly etmäge haklydyr. Gümrük edarasynyň çözgüdi boýunça ätiýaçlyklar saklanylýan jaýlara gümrük plombalary we möhürleri goýlup bilner.

(2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 21-nji madda)

 

§2. BAŞGA ÝÖRITE GÜMRÜK DÜZGÜNLERI

 

210-njy madda. Başga ýörite gümrük düzgünleri

 

Başga ýörite gümrük düzgünleri Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçýän şu aşakdaky harytlar babatda bellenilýär:

1) Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilýän hem-de ilçihanalaryň, konsullyklaryň, halkara guramalarynyň ýanyndaky wekilhanalaryň hem-de Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky başga resmi wekilhanalarynyň işini üpjün etmek üçin niýetlenen harytlar;

2) gümrük serhedinden geçirilýän hem-de tebigy heläkçilikleri we başga adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek üçin niýetlenen harytlar, şol sanda adatdan daşary ýagdaýlaryň netijesinde heläkçilik çeken adamlara mugt paýlamak üçin niýetlenen harytlar we awariýa-halas ediş we beýleki gaýragoýulmasyz işleriň geçirilmegi üçin hem-de awariýa-halas ediş birlikleriniň iş ukyplylygy üçin zerur bolan harytlar;

3) gümrük edaralarynyň arasynda daşary ýurt döwletiniň çäginiň üsti bilen daşalyp geçirilýän türkmen harytlary;

4) harytlaryň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän başga görnüşleri.

 

211-nji madda. Ýörite gümrük düzgünleriniň mazmuny, harytlary ýörite gümrük düzgünlerine ýerleşdirmegiň tertibi we şertleri

 

1. Ýörite gümrük düzgünleri harytlaryň gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmeginden doly boşadylmagyny, şeýle hem olara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň ulanylmazlygyny göz öňünde tutýar.

2. Ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirilen mahalynda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilen pul möçberleriniň yzyna gaýtarylyp berilmegi amala aşyrylmaýar, saýlanylan ýörite gümrük düzgüniniň eksport gümrük düzgünine üýtgedilen halaty muňa degişli däldir.

3. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan harytlary ýörite gümrük düzgünlerine ýerleşdirmegiň başga talaplary we şertleri kesgitlenilip bilner.

 

3-nji kiçi bölüm. ÝÖRITE GÜMRÜK AMALLARY

 

20-nji bap. ULAG SERIŞDELERINIŇ GEÇIRILMEGI

 

212-nji madda. Ulag serişdelerine ulanylýan gümrük düzgünleri

 

Ulag serişdeleri Türkmenistanyň gümrük serhedinden şu bapda göz öňünde tutulan tertipde wagtlaýyn getirmegiň ýa-da wagtlaýyn alyp gitmegiň gümrük düzgünlerine laýyklykda geçirilýär.

 

213-nji madda. Ulag serişdeleriniň wagtlaýyn getirilmegi

 

1. Ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük çägine gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden doly boşadylmagy bilen wagtlaýyn getirilmegine şu aşakdaky halatlarda ýol berilýär, eger:

1) ulag serişdesi daşary ýurtly şahsyň adyna we (ýa-da) daşary ýurt döwletiniň çäginde bellige alnan bolsa;

2) ulag serişdesi daşary ýurtly şahs tarapyndan Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän we ulanylýan bolsa, ulag serişdesiniň daşary ýurtly şahs tarapyndan bolmalysy ýaly ygtyýarlyk berlen Türkmenistanyň şahsy tarapyndan ulanylýan halatlary muňa degişli däldir;

3) ulag serişdesi Türkmenistanyň gümrük çäginde içerki daşamalarda ulanylmaýan bolsa;

4) eger ulag serişdesi Türkmenistanyň gümrük çägine getirilenden soň kärendesine berilmeýän bolsa (ulag serişdesiniň eýýäm kärendesine alnan hökmünde getirilen halatynda – tirkeşikli kärendesine), kärende şertnamasy (tirkeşikli kärende şertnamasy) ulag serişdesiniň haýal etmän alnyp gidilmegi arkaly ulag operasiýasyny tamamlamak maksatlarynda baglaşylan halatlary muňa degişli däldir.

2. Eger wagtlaýyn getirilen ulag serişdesi Türkmenistanyň şahsy tarapyndan ulanylýan ýa-da Türkmenistanyň şahsynyň adyna bellige alnan bolsa, şeýle hem şu maddanyň birinji böleginiň 1-4 bentlerinde göz öňünde tutulan başga şertler berjaý edilmeýän bolsa, ulag serişdesiniň wagtlaýyn getiriliş möhletiniň dowamynda ulag serişdesine eýeçilik hukugy Türkmenistanyň şahsyna geçmeýän şertinde, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük çägine gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden doly boşadylmagy bilen wagtlaýyn getirilýän halatlary bellemäge haklydyr.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerine laýyklykda gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden doly boşadylma ulanylmaýan halatlarda, şeýle hem gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden doly boşadylma ulanylýan şertler berjaý edilmeýän bolsa, şu Kodeksde wagtlaýyn getirilýän harytlar babatda bellenilen tertipde ulag serişdeleri babatda gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden bölekleýin boşadylma ulanylýar.

4. Ulag serişdeleri babatda wagtlaýyn getirmegiň gümrük düzgüni olaryň şu Kodeksiň 214-nji maddasynda göz öňünde tutulan möhletlerde yzyna alnyp gidilmegi bilen tamamlanýar. Gümrük edarasynyň rugsady bilen wagtlaýyn getirilen ulag serişdeleri babatda wagtlaýyn getirmegiň gümrük düzgüni şu Kodeksiň 159-njy maddasynda harytlary wagtlaýyn getirmegiň gümrük düzgüniniň tamamlanmagy üçin bellenilen düzgünler boýunça hem tamamlanyp bilner.

 

214-nji madda. Ulag serişdeleriniň wagtlaýyn getiriliş möhletleri

 

1. Ulag serişdesiniň wagtlaýyn getirilmegine sebäp bolan ulag operasiýasy tamamlanandan soň, wagtlaýyn getirilen ulag serişdesi haýal etmän yzyna alnyp gidilmelidir.

11. Ulag serişdeleriniň wagtlaýyn getiriliş möhletleri, şu maddanyň birinji böleginde görkezilen şerti göz öňünde tutmak bilen, olaryň Türkmenistanyň gümrük çägine gelen gününden başlap, şu möhletlerden:

1) awtoulag serişdesi (muňa konteýnerler degişli däldir) –                    30 senenama gününden;

2) demir ýol ulag düzüminiň birligi (muňa konteýnerler degişli däldir) – 90 senenama gününden;

3) islendik görnüşli ulag serişdesi arkaly daşalýan konteýnerler – 90 senenama gününden;

4) deňiz (derýa) gämisi we howa gämisi – Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçiriş ýeriniň administrasiýasynyň (howa menziliniň, aerodromyň, deňiz, derýa portunyň) gümrük edarasy bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ylalaşan tertibine laýyklykda kesgitlenilýän möhletden artyk bolmadyk möhletlerde, daşaýjy tarapyndan kesgitlenilýär, şu maddanyň iki belgili birinji böleginde görkezilen wagtlaýyn getiriliş möhleti muňa degişli däldir.

12. Türkmenistanyň gümrük çäginde ulag serişdesinden düşürmezden daşalýan, gümrük üstaşyry gümrük düzgünine ýerleşdirilen harytlary daşaýan islendik görnüşli ulag serişdesiniň wagtlaýyn getiriliş möhleti, şu Kodeksiň 47-nji maddasyna laýyklykda ol harytlar babatda bellenilen içerki gümrük üstaşyrynyň möhletine görä kesgitlenilýär.

2. Gümrük edarasy aýratyn halatlarda gümrük gözegçiligini amala aşyrmak maksady bilen, daşaýjynyň arzasyndan ugur alyp we göz öňünde tutulýan ulag operasiýasynyň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly ähli ýagdaýlary nazara almak bilen, ulag serişdesiniň wagtlaýyn getiriliş möhletini şu maddanyň bir belgili birinji böleginde görkezilen möhletden has dowamly möhlete bellemäge haklydyr.

3. Ulag serişdesi wagtlaýyn getirmegiň gümrük düzgünine ýerleşdirilende, onuň wagtlaýyn getiriliş möhletini bellemegiň tertibi gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

(2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 21-nji madda)

 

215-nji madda. Wagtlaýyn getirilen ulag serişdeleri bilen geçirilýän operasiýalar

 

Wagtlaýyn getirilen ulag serişdeleri bilen, olar Türkmenistanyň gümrük çägine barýan ýa-da görkezilen çäkde ulanylýan mahalynda talap edilen, olaryň tehniki hyzmaty ýa-da abatlanmagy boýunça adaty operasiýalary amala aşyrmaga ýol berilýär.

 

216-njy madda. Ulag serişdeleriniň wagtlaýyn alnyp gidilmegi

 

1. Ulag serişdeleriniň wagtlaýyn alnyp gidilmegine ol ulag serişdesi Türkmenistanyň gümrük çäginde erkin dolanyşykda bolan we Türkmenistanyň şahsynyň adyna bellige alnan şertinde ýol berilýär, şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan halat muňa degişli däldir.

2. Ulag serişdeleri wagtlaýyn alnyp gidilen mahalynda gümrük paçlary, salgytlar töletdirilip alynmaýar.

3. Eger wagtlaýyn alyp gitmek, ulag serişdesi Türkmenistanyň şahsynyň adyna bellige alnandygyna ýa-da alynmandygyna garamazdan, ulag serişdesi eýeçilik hukugynda degişli bolmadyk Türkmenistanyň şahsy tarapyndan amala aşyrylýan bolsa, öň Türkmenistanyň çägine gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden kem-käsleýin boşadylmagy bilen wagtlaýyn getirilen ulag serişdesiniň wagtlaýyn alnyp gidilmegine ýol berilýär. Şonda ol ulag serişdeleri babatda wagtlaýyn getirmegiň gümrük düzgüni şu Kodeksiň 159-njy maddasynda bellenilen düzgünler boýunça gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek babatda ol düzgüniň hereketi tamamlanmazdan öň ulanylýar.

4. Ulag serişdesiniň wagtlaýyn alnyp gidilmegine Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşynda onuň haýsy şahs tarapyndan we nähili maksatlar bilen ulanyljakdygyna garamazdan ýol berilýär.

 

217-nji madda. Ulag serişdeleriniň wagtlaýyn alnyp gidiliş möhletleri

 

Ulag serişdeleriniň wagtlaýyn alnyp gidiliş möhletleri çäklendirilmeýär.

 

218-nji madda. Wagtlaýyn alnyp gidilen ulag serişdeleriniň yzyna getirilmegi

 

1. Wagtlaýyn alnyp gidilen ulag serişdesi Türkmenistanyň gümrük çägine yzyna getirilen mahalynda, eger Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşynda ulag serişdesi gaýtadan işlemegiň operasiýalaryna sezewar bolmadyk bolsa, gümrük paçlary, salgytlar tölenilmeýär, şular muňa degişli däldir:

1) abatlamak, tehniki hyzmat boýunça operasiýalar hem-de onuň abatlygyny we ulanylyşyny üpjün etmek, şeýle hem ony wagtlaýyn alyp gitmegiň gümrük düzgünine ýerleşdirilen günündäki ýagdaýynda saklamak üçin zerur bolan başga şular ýaly operasiýalar;

2) Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşynda bolup geçen awariýanyň ýa-da öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri netijesinde zeper ýetenden soň ulag serişdesini dikeltmek üçin amala aşyrylýan düýpli abatlamagy hem goşmak bilen, abatlamak boýunça operasiýalar.

2. Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşynda özi babatda abatlamak boýunça we (ýa-da) başga operasiýalar geçirilen ulag serişdesi şu maddanyň birinji bölegine laýyklykda gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden boşadylmaga degişli däl bolsa, görkezilen ulag serişdesi babatda şu Kodeksiň 152-nji maddasynda gümrük çäginiň daşynda gaýtadan işlemegiň gümrük düzgünine laýyklykda gaýtadan işlemegiň önümleri getirilen mahalynda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň töletdirilip alynmagy babatda göz öňünde tutulan tertipde ulanylmagyna degişli gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden kem-käsleýin boşadylma ulanylýar.

Gaýtadan işlemek boýunça operasiýalaryň bahasy kesgitlenilen mahalynda ulag serişdesini gaýtadan işlenilýän ýere we yzyna getirmek üçin çykdajylar, eger şeýle getirmek harytlaryň ýa-da ýolagçylaryň halkara gatnawynyň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly bolsa, nazara alynmaýar.

 

219-njy madda. Wagtlaýyn alyp gitmegiň gümrük düzgüniniň üýtgedilmegi

 

1. Wagtlaýyn alnyp gidilen ulag serişdeleri babatda şu Kodeksde bellenilen talaplary we şertleri berjaý etmek bilen, wagtlaýyn alyp gitmegiň gümrük düzgüniniň eksport gümrük düzgünine ýa-da başga gümrük düzgünine üýtgedilmegine ýol berilýär.

2. Wagtlaýyn alnyp gidilen ulag serişdesine emläk hukugy daşary ýurtly şahsa geçirilen halatynda, wagtlaýyn alyp gitmegiň gümrük düzgünine ulag serişdesini ýerleşdiren şahs wagtlaýyn alyp gitmegiň gümrük düzgünini eksport gümrük düzgünine üýtgetmäge borçludyr.

3. Wagtlaýyn alyp gitmegiň gümrük düzgüniniň üýtgedilmegine ulag serişdesini gümrük edarasyna hakykatda görkezmezden ýol berilýär.

 

220-nji madda. Enjamlaryň we ätiýaçlyk şaýlarynyň wagtlaýyn getirilmegi we wagtlaýyn alnyp gidilmegi

 

1. Ýükleri ýüklemek, düşürmek, işläp bejermek we goramak üçin niýetlenen ulag serişdesi bilen wagtlaýyn getirilýän ýörite enjamlar, ulag serişdesinden aýratynlykda ulanylyp bilinýändigine ýa-da ulanylyp bilinmeýändigine garamazdan, gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden şertli doly boşadylmaga degişlidir.

2. Ulag serişdesini abatlamak, onuň tehniki hyzmaty ýa-da ony ulanmak üçin niýetlenen wagtlaýyn getirilýän ätiýaçlyk şaýlary we enjamlar gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden şertli doly boşadylmaga degişlidir.

3. Türkmenistanyň gümrük çäginden wagtlaýyn alnyp gidilen ulag serişdesine oturdylan bölekleri we enjamlary çalşyrmak maksady bilen wagtlaýyn alnyp gidilen ulag serişdesi abatlanan ýa-da onuň tehniki hyzmaty mahalynda ulanmak üçin niýetlenen wagtlaýyn alnyp gidilýän ätiýaçlyk şaýlary wagtlaýyn alnyp gidilende alnyp gidiliş gümrük paçlaryny tölemekden şertli doly boşadylmaga degişlidir.

4. Türkmenistanyň gümrük çägine çalşyrylan bölekleriň we enjamlaryň getirilmegine, reimport gümrük düzgüninde ulanylmaga degişli getiriliş gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden doly boşadylmagy bilen, ýol berilýär.

 

221-nji madda. Ulag serişdelerini, ätiýaçlyk şaýlary we enjamlary gümrük taýdan resmileşdirmek

 

1. Ulag serişdelerini, ätiýaçlyk şaýlary we enjamlary gümrük taýdan resmileşdirmek olaryň Türkmenistanyň gümrük çägine gelýän ýerinde ýa-da bu çäkden gidýän ýerinde ýönekeýleşdirilen tertipde amala aşyrylýar.

Ulag serişdelerini gümrük taýdan resmileşdirmek gümrük edaralarynyň ýerleşýän ýerinde olaryň iş wagtynda amala aşyrylýar.

2. Ulag serişdeleri gümrük taýdan resmileşdirilýän mahalynda gümrük edarasy degişlilikde giriş ýa-da çykyş deklarasiýasy hökmünde, eger olarda ulag serişdesi, onuň ugry, ýüki, ätiýaçlyklary, ekipažy we ýolagçylary hakyndaky maglumatlar, ulag serişdesini getirmegiň (alyp gitmegiň) maksady we (ýa-da) ulag serişdesiniň abatlanmagy ýa-da ulanylmagy üçin geçirilýän ätiýaçlyk şaýlarynyň, enjamlaryň ady hakyndaky maglumatlar bar bolsa, daşaýjynyň Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan standart resminamalaryny kabul edýär.

Eger daşaýjynyň beren standart resminamalarynda hemme zerur maglumatlar ýok bolsa, ýetmeýän maglumatlar gümrük edarasyna gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýän görnüşde degişlilikde giriş ýa-da çykyş deklarasiýalaryny bermek arkaly habar berilýär. Şonda daşaýjynyň beren standart resminamalaryna degişlilikde giriş we çykyş deklarasiýasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde garalýar.

Gümrük edarasynyň başga maglumatlaryň berilmegini talap etmäge haky ýokdur.

Giriş ýa-da çykyş deklarasiýasy daşaýjy tarapyndan gümrük edarasyna degişlilikde ulag serişdesiniň Türkmenistanyň gümrük çägine giren ýa-da onuň bu çäkden çykan mahalynda berilýär.

3. Şu Kodeksiň 213-nji maddasynyň birinji böleginde, 216-njy maddasynda we 218-nji maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan halatlarda ulag serişdeleriniň wagtlaýyn getirmegiň ýa-da wagtlaýyn alyp gitmegiň gümrük düzgünlerine ýerleşdirilmegi degişlilikde giriş we çykyş deklarasiýalary görkezilen mahalynda amala aşyrylýar.

Galan ýagdaýlarda ulag serişdeleriniň deklarirlenilmegi şu Kodeksiň 11-nji babynda bellenilen düzgünler boýunça amala aşyrylýar.

Eger ätiýaçlyk şaýlary we enjamlar Türkmenistanyň gümrük çäginden şu Kodeksiň 220-nji maddasyna laýyklykda ulag serişdeleri bilen bir wagtda geçirilýän bolsa, olar barada maglumaty bu ulag serişdesi babatda berilýän giriş ýa-da çykyş deklarasiýasynda mälim etmäge ýol berilýär.

4. Eger ulag serişdeleri giren ýa-da çykan mahalynda gümrük edaralaryna berilýän resminamalara bildirilýän talaplar Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda kesgitlenilen bolsa, gümrük maksatlary üçin Türkmenistanyň görkezilen şertnamalarynda göz öňünde tutulan resminamalar ulanylýar.

5. Eger ulag serişdesi haýsy-da bolsa bir gümrük düzgünine haryt hökmünde mälim edilmedik bolsa, gümrük maksatlary üçin ulag serişdesiniň gümrük taýdan resmileşdirilen pursatyndan başlap oňa degişlilikde wagtlaýyn getirmegiň ýa-da wagtlaýyn alyp gitmegiň gümrük düzgünine ýerleşdirilen hökmünde garalýar, ol, şahslaryň bu gümrük düzgünleriniň şertlerini berjaý etmek borçlaryna getirýär.

6. Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän çalşyrylan ätiýaçlyk şaýlarynyň we enjamlaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegi reimport gümrük düzgünine laýyklykda getirilýän harytlary gümrük taýdan resmileşdirmegiň düzgünleri boýunça amala aşyrylýar.

7. Çalşyrylan we Türkmenistanyň gümrük çäginden yzyna alnyp gidilmedik ätiýaçlyk şaýlary we enjamlar şu Kodeksde bellenilen talaplaryň we şertleriň berjaý edilmegi bilen erkin dolanyşyga goýberilmäge ýa-da başga gümrük düzgünine ýerleşdirilmäge degişlidir.

 

222-nji madda. Harytlaryň we ýolagçylaryň halkara gatnawynda ulanylmaýan deňiz (derýa) gämileriniň, howa gämileriniň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi

 

1. Suwdaky biologik baýlyklary almak, deňziň düýbündäki we onuň jümmüşindäki mineral we beýleki jansyz baýlyklarynyň gözleg işlerini geçirmek we gazyp almak, losman bilen gämileri geçirmek, gözleg, halas ediş we tirkege alyş operasiýalary, deňizde gark bolan emlägi ýokary çykarmak, gidrotehniki, suwasty-tehniki we şuňa meňzeş beýleki işler, arassaçylyk, karantin we beýleki gözegçilik, deňiz gurşawyny goramak we abat saklamak, okuw, sport we medeni maksatlardaky deňiz ylmy barlaglaryny geçirmek üçin, şeýle hem söwda deňiz gatnawlary bilen bagly başga maksatlarda ulanylmagy üçin Türkmenistanyň gümrük çäginden wagtlaýyn alnyp gidilýän, harby bolmadyk deňiz (derýa) gämileri wagtlaýyn alnyp gidilen we yzyna getirilen mahalynda, Türkmenistanyň gümrük serhedinden şu bapda bellenilen düzgünler boýunça geçirilýär, fiziki şahslar tarapyndan telekeçilik işini amala aşyrmak bilen bagly bolmadyk şahsy, maşgala we başga maksatlar bilen geçirilýän deňiz ýa-da derýa ulag serişdeleri muňa degişli däldir.

2. Harytlaryň we ýolagçylaryň halkara gatnawynda ulanylmaýan harby howa gämilerinden başga howa gämileri wagtlaýyn alnyp gidilen we yzyna getirilen mahalynda, Türkmenistanyň gümrük serhedinden şu bapda bellenilen düzgünler boýunça geçirilýär.

 

21-nji bap. HARYTLARYŇ FIZIKI ŞAHSLAR

TARAPYNDAN GEÇIRILMEGI

 

223-nji madda. Harytlaryň şahsy peýdalanylmagy üçin fiziki şahslar tarapyndan geçirilmegi

 

1. Fiziki şahslaryň şahsy, maşgala we telekeçilik işini amala aşyrmak bilen bagly bolmadyk başga zerurlyklary (mundan beýläk – şahsy peýdalanylmagy üçin) üçin niýetlenen harytlary görkezilen şahslar tarapyndan şu babyň düzgünlerine laýyklykda, şu bap bilen düzgünleşdirilmeýän bölegi babatda bolsa – şu Kodeksde bellenilen umumy tertibe laýyklykda Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýär.

2. Harytlaryň niýetlenilişi gümrük edarasy tarapyndan fiziki şahsyň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlar, harytlaryň häsiýeti we olaryň mukdary hakyndaky mälim etmesinden, şeýle hem harytlaryň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçiş ýygylygyndan ugur alnyp kesgitlenilýär.

3. Fiziki şahslar tarapyndan harytlaryň Türkmenistanyň gümrük serhedinden şahsy peýdalanylmagy üçin geçirilmeginiň tertibi şulary özünde jemleýär:

1) gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden doly boşadylmagy;

2) gümrük paçlarynyň, salgytlaryň ulanylmagyny;

3) gümrük taýdan resmileşdirmegiň ýönekeýleşdirilen tertibini;

4) harytlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň ulanylmazlygyny;

5) eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, harytlaryň laýyklygynyň hökmany suratda tassyklanylmagynyň (güwänamalandyrylmagynyň) şertiniň ulanylmazlygyny.

4. Şu babyň ulanylyş maksatlary üçin ulag serişdeleri diýlip, fiziki şahslar tarapyndan diňe şahsy peýdalanylmagy üçin getirilýän ýa-da alnyp gidilýän  olaryň ätiýaçlyk şaýlary we adaty esbaplary we enjamlary bilen bilelikde awtoulag serişdelerine we tirkeglere, deňiz (derýa) gämilerine we howa gämilerine düşünilýär.

(2012-nji ýylyň 4-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý. № 3, 69-njy madda) 

 

 

224-nji madda. Harytlaryň we ulag serişdeleriniň şahsy peýdalanylmagy üçin getirilmegi we alnyp gidilmegi hem-de şeýle harytlar we ulag serişdeleri babatda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň ulanylmagy

 

1. Eger Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän harytlaryň bahasy we (ýa-da) mukdary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen baha we (ýa-da) mukdar çäklerinden ýokary geçmeýän bolsa, gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden doly boşadylma ulanylýar, ulag serişdeleri muňa degişli däldir.

Bahasy we (ýa-da) mukdary görkezilen çäkden ýokary geçýän harytlar babatda şeýle ýokary geçme bölegine, şeýle hem ulag serişdeleri babatda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gümrük paçlary, salgytlar ulanylýar.

2. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, fiziki şahslar hemişelik ýaşaýan ýerine göçen mahaly olar tarapyndan getirilýän harytlar, bosgunlar we mejbury göçürilenler tarapyndan getirilýän harytlar, şeýle hem miras galýan emläk babatda gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden doly boşadylmagyň ulanylýan halatlaryny kesgitlemäge haklydyr.

3. Şu madda laýyklykda Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän we bu çäkden alnyp gidilýän harytlara gümrük maksatlary üçin degişlilikde erkin dolanyşyga goýberilen ýa-da eksport gümrük düzgüninde alnyp gidilen hökmünde garalýar.

4. Şu maddanyň düzgünleri fiziki şahslar tarapyndan wagtlaýyn getirilýän (alnyp gidilýän) we alnyp gidilýän (getirilýän) harytlara degişli bolmaýar.

 

225-nji madda. Fiziki şahslar tarapyndan harytlaryň wagtlaýyn getirilmegi 

 

1. Daşary ýurtly fiziki şahslar tarapyndan Türkmenistanyň gümrük çägine wagtlaýyn getirilýän harytlar babatda, eger ol harytlar Türkmenistanyň gümrük çäginde wagtlaýyn bolýan döwründe şol şahslar tarapyndan diňe şahsy peýdalanmak üçin getirilýän bolsa, gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden doly boşadylýar.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden boşadylmak daşary ýurtly şahsyň girmegi bilen bir wagtda ýa-da şeýle girmekden öň ýa-da soň Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän, daşary ýurtly fiziki şahslara degişli ýa-da olar tarapyndan kärendesine alnan ýa-da başga usul bilen wagtlaýyn ulanmaga alnan ulag serişdelerine degişli bolup durýar.

Fiziki şahslar tarapyndan adamlaryň tölegli gatnadylmagy üçin ýa-da harytlaryň senagat ýa-da täjirçilik ulagly daşalmagy üçin geçirilýän ulag serişdeleri şu Kodeksiň 20-nji babynda bellenilen düzgünlere laýyklykda gümrük serhedinden geçirilýär.

3. Wagtlaýyn getirilýän harytlar şu Kodeksiň 228-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda ýazmaça görnüşde deklarirlenilmäge degişli bolan halatlarynda, wagtlaýyn getiriliş möhleti gümrük edarasy tarapyndan, daşary ýurtly fiziki şahsyň Türkmenistanda bolmagynyň dowamlylygyny we şu maddanyň dördünji bölegine laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän möhletlerini nazara almak bilen, onuň mälim etmesinden ugur alnyp bellenilýär.

Daşary ýurtly fiziki şahsyň delillendirlen ýüz tutmasy boýunça wagtlaýyn getirmegiň gümrük edarasy tarapyndan bellenilen möhleti şu maddanyň dördünji bölegine laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän möhletler nazara alnyp  uzaldylyp bilner.

4. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti daşary ýurtly fiziki şahslar tarapyndan Türkmenistanyň gümrük çägine wagtlaýyn getirilýän, ulag serişdelerini hem goşmak bilen, harytlaryň aýratyn görnüşleri babatda wagtlaýyn getirmegiň aňryçäk möhletlerini bellemäge haklydyr.

5. Wagtlaýyn getirilen, ulag serişdelerini hem goşmak bilen, harytlar islendik gümrük edarasynyň üstünden Türkmenistanyň gümrük çäginden yzyna alnyp gidilip biler. Wagtlaýyn getirilen harytlar yzyna alnyp gidilende gümrük paçlary, salgytlar töletdirilip alynmaýar, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklar we çäklendirmeler ulanylmaýar.

6. Şu Kodeksiň 23-nji babynda görkezilen daşary ýurtly fiziki şahslar tarapyndan wagtlaýyn getirilen, ulag serişdelerini hem goşmak bilen, harytlar Türkmenistanyň çäginde olar tarapyndan aýrybaşgalanyp bilner. Şonuň bilen birlikde aýrybaşgalanýan wagtlaýyn getirilen, ulag serişdelerini hem goşmak bilen, harytlar üçin olar wagtlaýyn getirilen mahalynda getiriliş gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberi töletdirilip alynmadyk bolsa, şeýle harytlaryň deklarirlenilmegi                  hem-de olar üçin getiriliş gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberleriniň tölenilmegi boýunça borç olary alýanyň üstüne ýüklenilýär.

7. Wagtlaýyn getirilen, ulag serişdelerini hem goşmak bilen, harytlaryň yzyna alnyp gidilmegi şu aşakdaky ýagdaýlarda amala aşyrylman bilner, eger:

1) awariýanyň ýa-da öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri netijesinde olara uly zeper ýeten bolsa;

2)  şu maddanyň altynjy bölegine laýyklykda Türkmenistanyň çäginde aýrybaşgalanan bolsalar.

8. Türkmenistanyň fiziki şahslary, ulag serişdeleri daşary ýurt döwletiniň çäginde bellige alnan hem-de her bir wagtlaýyn getirilýän ulag serişdesi babatda wagtlaýyn getiriliş möhleti jemläp alanyňda bir senenama ýylynyň dowamynda alty aýdan geçmeýän şertinde, ulag serişdelerini wagtlaýyn getirip biler.

 

226-njy madda. Harytlaryň fiziki şahslar tarapyndan wagtlaýyn alnyp gidilmegi

 

1. Türkmenistanyň fiziki şahslary ulag serişdelerini hem goşmak bilen, harytlary şahsy peýdalanmak üçin gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden doly boşadylmagy bilen daşary ýurt döwletiniň çäginde özüniň wagtlaýyn bolýan möhletine Türkmenistanyň gümrük çäginden wagtlaýyn alyp gitmäge we olary yzyna getirmäge haklydyr.

2. Eger wagtlaýyn alnyp gidilýän harytlaryň kybaplanylmagy gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden doly boşadylmagy bilen yzyna getirilmegine ýardam etjek bolsa, gümrük edarasy fiziki şahsyň arzasy boýunça olaryň kybaplanylmagyny amala aşyrýar. Harytlaryň kybaplanylmagy hakynda bir nusgasy degişli fiziki şahsa gaýtarylyp berilýän gümrük deklarasiýasynda görkezilýär. Şeýle kybaplamagyň bolmazlygy harytlaryň fiziki şahslar tarapyndan gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden doly boşadylmagy bilen yzyna getirilmegine päsgel bermeýär.

 

227-nji madda. Fiziki şahslar tarapyndan şahsy peýdalanmak üçin geçirilýän harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegi

 

1. Fiziki şahslar tarapyndan şahsy peýdalanmak üçin geçirilýän harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegi şu Kodekse laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde amala aşyrylýar.

2. Fiziki şahslar tarapyndan şahsy peýdalanmak üçin geçirilýän, ulag serişdelerini hem goşmak bilen, harytlar şu halatlarda wagtlaýyn saklanylýan ammara ýerleşdirilmäge degişlidir:

1) görkezilen şahslaryň haýyşy boýunça;

2) eger haýal etmän gümrük taýdan resmileşdirilmegi we (ýa-da) gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi gümrük edaralaryna bagly bolmadyk sebäpler boýunça mümkin bolmasa.

3. Harytlary wagtlaýyn saklamak şu Kodeksiň 10-njy babynda göz öňünde tutulan tertipde we harytlary wagtlaýyn saklanylýan ammara ýerleşdirilen şahsyň hasabyna amala aşyrylýar.

 

228-nji madda. Fiziki şahslar tarapyndan harytlaryň deklarirlenilmegi

 

1. Fiziki şahslar tarapyndan el goşunda we ýanyndaky goşunda geçirilýän harytlaryň deklarirlenilmegi olaryň Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçip barýan mahalynda amala aşyrylýar.

2. Şu aşakdaky, ulag serişdelerini hem goşmak bilen, harytlar ýazmaça görnüşde deklarirlenilmäge degişlidir:

1) fiziki şahslar tarapyndan ýany bilen gidilmeýän goşunda geçirilýän;

2) fiziki şahslaryň salgysyna şahsy peýdalanylmagy üçin iberilýän harytlar, halkara poçta ugratmalarynda iberilýän harytlar muňa degişli däldir;

3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda getirilmegi çäklendirilen ýa-da bahasy we (ýa-da) mukdary Türkmenistanyň gümrük serhedinden gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden doly boşadylmagy bilen geçirmek üçin bellenilýän çäklendirmelerden geçýän;

4) alnyp gidilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çäklendirilen;

5) alnyp gidilen mahalynda ýazmaça görnüşde deklarirlenilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan;

6) ulag serişdeleri.

3. Şu maddanyň ikinji böleginde görkezilmedik halatlarda harytlar dilden deklarirlenilýär.

Fiziki şahs gümrük serhedinden geçirýän we ýazmaça görnüşde hökmany suratda deklarirlenilmäge degişli bolmadyk harytlaryny öz islegi boýunça ýazmaça görnüşde deklarirlemäge haklydyr.

4. Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýän halatlarda we tertipde dilden deklarirlenilmäge degişli harytlary deklarirlemek fiziki şahsyň el goşunda we ýanyndaky goşunda ýazmaça görnüşde deklarirlenilmäge degişli harytlaryň ýokdugyny tassyklaýan hereketleri amala aşyrmagy bilen (konklýudent görnüşdäki deklarirleme) amala aşyrylýar. Bu maksat bilen geçiriş ýerlerinde fiziki şahslaryň geçmegi üçin ol harytlaryň deklarirlenilmeginiň görnüşini saýlap biler ýaly ýörite belgilenen ýerler enjamlaşdyrylyp gurnalýar. Fiziki şahsyň el goşunda ýa-da ýanyndaky goşunda ýazmaça görnüşde deklarirlenilmäge degişli harytlary bolmadyk şahslaryň geçmegi üçin ýörite bellenilen ýerden geçmegine, görkezilen şahsda ýazmaça görnüşde deklarirlenilmäge degişli  harytlaryň ýokdugy hakynda gümrük edarasyna mälim etme hökmünde garalýar.

5. Ýaşy on alta çenli bolan kämillik ýaşyna ýetmedik şahsyň harytlary ýanynda bolan ene-atasynyň biri, perzentlige alan, hossary ýa-da howandary tarapyndan, ýanlarynda ene-atasy, perzentlige alan, hossary ýa-da howandary bolmadyk kämillik ýaşyna ýetmedik şahslaryň toparynyň guramaçylykly çykan (giren) we yzyna giren (çykan) mahalynda şeýle toparyň ýolbaşçysy tarapyndan deklarirlenilýär.

6. Ýany bilen gidilmeýän goşda gümrük serhedinden geçirilýän harytlar babatda gümrük deklarasiýasy harytlar Türkmenistanyň gümrük çägine getirilen mahalynda şu Kodeksiň 79-njy maddasynda bellenilen möhletiň dowamynda, alnyp gidilen mahalynda bolsa – harytlar gümrük edarasyna görkezilen wagtynda berilmelidir.

Ýany bilen gidilmeýän goşda gümrük serhedinden geçirilýän harytlar, harytlary geçirýän şahs ýa-da harytlary geçirýän şahsyň ynanç haty boýunça hereket edýän başga şahs tarapyndan deklarirlenilip bilner.

Ýaşy on alta çenli bolan kämillik ýaşyna ýetmedik şahsyň ýany bilen gidilmeýän goşundaky harytlar ene-atasynyň biri, perzentlige alan, hossary ýa-da howandary ýa-da görkezilen şahslaryň ynanç haty boýunça hereket edýän şahslar tarapyndan deklarirlenilmäge degişlidir.

 

229-njy madda. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň fiziki şahslar tarapyndan tölenilmegi

 

Gümrük paçlary, salgytlar fiziki şahslar tarapyndan, ulag serişdelerini hem goşmak bilen, harytlar ýazmaça görnüşde deklarirlenilen mahalynda tölenilýär.

 

230-njy madda. Fiziki şahslar tarapyndan geçirilýän harytlaryň gümrük bahasy

 

1. Harytlaryň gümrük bahasy harytlary geçirýän fiziki şahs tarapyndan olar deklarirlenilen mahalynda mälim edilýär. Mälim edilen bahany tassyklamak üçin fiziki şahs tarapyndan deklarirlenilýän harytlaryň satyn alynmagyny we olaryň bahasyny tassyklaýan çekler, hasaplar we başga resminamalar görkezilip bilner.

2. Fiziki şahslar tarapyndan harytlar Türkmenistanyň gümrük çägine getirilen mahalynda olaryň Türkmenistanyň gümrük çägine gelýän ýerine getirilmegi üçin çykdajylar gümrük bahasyna goşulmaýar.

3. Fiziki şahs tarapyndan mälim edilen gümrük bahasynyň kesgitlenilmeginiň dogrulygyny tassyklaýan resminamalar we maglumatlar bolmadyk mahalynda gümrük edarasy olar babatda gümrük edarasynyň ygtyýarlygynda bar bolan bahalar hakyndaky  maglumatlaryň esasynda harytlaryň bahasyny özbaşdak kesgitläp biler.

 

231-nji madda. Fiziki şahslar tarapyndan geçirilýän ulag serişdeleri üçin ätiýaçlyk şaýlary we ýangyç

 

1. Fiziki şahslar tarapyndan Türkmenistanyň gümrük çägine wagtlaýyn getirilen ulag serişdelerini abatlamak üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlary ulag serişdesini wagtlaýyn getirmegiň möhletinden geçmeýän möhlete gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmeginden doly boşadylmagy bilen wagtlaýyn getirilip bilner.

2. Fiziki şahslar tarapyndan Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän ulag serişdeleriniň gurluşynda göz öňünde tutulan ýangyç gaplaryndaky ulag serişdeleri üçin ýangyç gümrük paçlary, salgytlar tölenilmezden Türkmenistanyň gümrük çägine getirilip ýa-da degişlilikde bu çäkden alnyp gidilip bilner.

 

22-nji bap. HALKARA POÇTA UGRATMALARYNDA

HARYTLARYŇ GEÇIRILMEGI

 

232-nji madda. Halkara poçta ugratmalary

 

1. Şu baby ulanmagyň maksatlary üçin halkara poçta ugratmalary diýlip Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşyna ibermek üçin kabul edilýän, Türkmenistanyň gümrük çägine gowuşýan ýa-da bu çägiň üstünden üstaşyr geçýän poçta ugratmalaryna düşünilýär. Şular halkara poçta ugratmalaryna degişlidir:

1) hatlar (ýönekeý, buýrulýan, gymmatlygy yglan edilen);

2) poçta kartoçkalary (ýönekeý, buýrulýan);

3) banderollar we "M" ýörite haltalary (ýönekeý, buýrulýan);

4) sekogrammalar (ýönekeý, buýrulýan), aerogrammalar;

5) ownuk bukjalar (buýrulýan);

6) ýollamalar (adaty, gymmatlygy yglan edilen).

2. Halkara poçta ugratmalary poçta aragatnaşyk kärhanalary tarapyndan gümrük edarasynyň rugsady bolmazdan olaryň alyjylaryna ýa-da Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşyna ugradylyp bilinmez.

3. Içerki gümrük üstaşyrynyň amaly halkara poçta ugratmalaryna şu Kodeksde bellenilen talaplaryň we çäklendirmeleriň esasynda aragatnaşyk babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy bilen ylalaşmak boýunça gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýän tertipde ulanylýar.

 

233-nji madda. Harytlar halkara poçta ugratmalarynda iberilen mahalyndaky gadaganlyklar we çäklendirmeler

 

1. Şu harytlaryň halkara poçta ugratmalarynda iberilmegine ýol berilmeýär:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi ýa-da bu çäkden alnyp gidilmegi gadagan edilen;

2) Bütindünýä poçta birleşmesiniň namalaryna laýyklykda iberilmegi gadagan edilen.

2. Türkmenistanyň kanunçylygyna ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi ýa-da bu çäkden alnyp gidilmegi çäklendirilen harytlar babatda görkezilen harytlary alyjylar ýa-da ugradyjylar ýa-da olaryň adyndan hereket edýän şahslar, gümrük taýdan resmileşdirmekde görkezilen çäklendirmeleriň berjaý edilmegini tassyklaýan zerur rugsatnamalary, ygtyýarnamalary, güwänamalary we beýleki resminamalary bermäge borçludyr.

3. Şu halatlarda halkara poçta ugratmalarynda iberilýän harytlar babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklar we çäklendirmeler ulanylmaýar:

1) eger görkezilen harytlaryň bahasy we (ýa-da) mukdary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäklerden geçmeýän bolsa;

2) eger harytlar fiziki şahslaryň salgysyna iberilýän we şahsy peýdalanylmagy üçin niýetlenen bolsa;

3) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän başga halatlarda.

4. Halkara poçta ugratmalarynda iberilmegi gadagan edilen we (ýa-da) çäklendirilen harytlaryň alynmagy, şeýle hem olara ygtyýarlyk edilmegi gümrük edaralary tarapyndan şu Kodekse laýyklykda, onuň düzgünleşdirmeýän bölegi babatda bolsa – Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertipde amala aşyrylýar.

 

234-nji madda. Halkara poçta ugratmalarynda iberilýän harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegi

 

1. Halkara poçta ugratmalarynda Bütindünýä poçta birleşmesiniň namalarynda göz öňünde tutulan resminamalar bilen iberilýän harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegi şu bapda göz öňünde tutulan aýratynlyklary hasaba almak bilen, şu Kodekse laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Halkara poçta ugratmalarynda iberilýän harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegi ileri tutulmak tertibinde we üç günden artyk bolmadyk iň gysga möhletde amala aşyrylýar.

3. Halkara poçta ugratmalarynda iberilýän harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegi iş zolagynda halkara poçta alyş-çalyş edilýän ýeri ýerleşýän gümrük edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Eger gümrük edaralary tarapyndan gümrük maksatlary üçin talap edilýän ähli maglumatlar Bütindünýä poçta birleşmesiniň namalarynda göz öňünde tutulan we halkara poçta ugratmalarynyň ýany bilen iberilýän resminamalarda bar bolsa, aýratyn gümrük deklarasiýasynyň berilmegi talap edilmeýär, şu maddanyň bäşinji böleginde göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

5. Harytlaryň aýratyn gümrük deklarasiýasyny bermek arkaly deklarirlenilmegi şu halatlarda talap edilýär, eger:

1) harytlar babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäklendirmeler ulanylanda, şahsy, maşgala, öý we telekeçilik işini amala aşyrmak bilen bagly bolmadyk başga hajatlar üçin niýetlenen harytlaryň fiziki şahslaryň salgysyna iberilýän halatlary muňa degişli däldir;

2) Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän harytlar harytlaryň erkin dolanyşyga goýberilmegini göz öňünde tutmaýan gümrük düzgünine ýerleşdirilmegi üçin niýetlenen bolsa;

3) halkara poçta ugratmalary ýuridik şahs tarapyndan Türkmenistanyň gümrük çäginden ýa-da Türkmenistanyň gümrük çägine ýuridik şahsyň salgysyna iberilende;

4) harytlar önümçilik we başga telekeçilik işi üçin niýetlenen we fiziki şahs tarapyndan Türkmenistanyň gümrük çäginden ýa-da Türkmenistanyň gümrük çägine fiziki şahsyň salgysyna iberilýän bolsa.

6. Şu maddanyň bäşinji bölegine laýyklykda özleri babatda aýratyn gümrük deklarasiýasy berilmeli harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegi aragatnaşyk babatda ygtyýarly döwlet edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýän tertipde iş zolagynda alyjylar ýa-da ugradyjylar bolan gümrük edaralary tarapyndan amala aşyrylyp bilner.

7. Şu maddanyň bäşinji bölegine laýyklykda özleri babatda aýratyn gümrük deklarasiýasy berilmeli halkara poçta ugratmalarynda Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilýän harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegi görkezilen harytlar ugradylmak üçin poçta aragatnaşyk kärhanalaryna berilmezden öň olaryň ugradyjylary ýa-da olaryň adyndan hereket edýän şahslar tarapyndan amala aşyrylýar.

 

235-nji madda. Halkara poçta ugratmalarynyň gümrük gözden geçirmesi we gümrük barlagy

 

1. Poçta aragatnaşyk kärhanalary gümrük edaralarynyň talap etmegi boýunça gümrük gözden geçirmesiniň we gümrük barlagynyň geçirilmegi üçin halkara poçta ugratmalaryny görkezmäge borçludyr. Halkara poçta ugratmalarynyň gümrük gözden geçirmesiniň we gümrük barlagynyň geçirilmegine harytlaryň görkezilmeginiň tertibi gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

2. Gümrük edaralary poçta ugratmalarynyň şu görnüşleriniň görkezilmegini talap etmeýärler:

1) poçta kartoçkalaryny we hatlary;

2) körler üçin edebiýaty.

Görkezilen poçta ugratmalarynda Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi gadagan edilen ýa-da çäklendirilen harytlaryň bardygyna ýeterlik esas bolanda, şeýle hem saýlamak bilen ýa-da tötänden geçirilýän barlaglaryň esasynda gümrük gözden geçirmesi ýa-da gümrük barlagy geçirilen mahalynda gümrük edaralary görkezilen poçta ugratmalarynyň görkezilmegini talap etmäge haklydyr.

3. Gümrük gözden geçirmesi ýa-da gümrük barlagy geçirilen mahalynda gümrük gözegçiliginiň tehniki serişdeleri iň ýokary derejede ulanylýar.

 

236-njy madda. Halkara poçta ugratmalarynda iberilýän harytlar babatda ulanylýan gümrük  paçlary, salgytlar

 

1. Eger harytlaryň bahasy we (ýa-da) mukdary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen kadalardan geçmeýän bolsa, halkara poçta ugratmalarynda iberilýän şeýle harytlar babatda gümrük paçlary, salgytlar tölenilmeýär.

2. Özleri babatda aýratyn gümrük deklarasiýasynyň berilmegi talap edilmeýän harytlar üçin gümrük paçlary, salgytlar halkara poçta alyş-çalşynyň geçirilýän ýerlerinde gümrük taýdan resmileşdirmegi amala aşyrýan gümrük edaralary tarapyndan hasaplanylýar we hasaplanyp ýazylýar. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberleriniň hasaplanylmagy Bütindünýä poçta birleşmesiniň namalarynda göz öňünde tutulan we gümrük maksatlary üçin ulanylýan resminamalarda görkezilen harytlaryň bahasy hakyndaky maglumatlar esasynda amala aşyrylýar. Gymmaty mälim edilen halkara poçta ugratmalary babatda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberleri, diňe gümrük maksatlary üçin ulanylýan resminamalarda görkezilen bahadan geçýän halatynda, şol mälim edilen gymmatlykdan ugur alnyp hasaplanylýar.

Gümrük edaralary tarapyndan gümrük paçlary, salgytlar hasaplanyp ýazylan harytlary bar bolan halkara poçta ugratmalary poçta aragatnaşyk kärhanasy tarapyndan diňe gümrük paçlarynyň, salgytlaryň doly pul möçberi alnandan soň halkara poçta alyş-çalyş ýerlerinde adresatlara berilýär. Gümrük paçlaryny, salgytlary töletdirip almak gümrük edarasynyň wezipeli adamy tarapyndan düzülen pul serişdeleriniň poçta geçirmesiniň blankasy esasynda amala aşyrylýar. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenen pul möçberleri, alyja halkara poçta ugratmasy berlenden soň, olary hasaplap ýazan gümrük edarasynyň hasabyna geçirilýär. Poçta geçirmesiniň tölegi gümrük paçlaryny, salgytlary tölän şahsyň hasabyna amala aşyrylýar. Pul serişdeleriniň poçta geçirmeleriniň blanklary gümrük edaralaryna mugt berilýär.

3. Halkara poçta ugratmalary ýitirilen, gümrük edarasynyň rugsady bolmazdan alyja berlen mahalynda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenmegi üçin, görkezilen poçta ugratmalaryny ýitiren ýa-da beren poçta aragatnaşyk kärhanasy jogapkärçilik çekýär.

4. Şu Kodeksiň 234-nji maddasynyň bäşinji böleginde görkezilen harytlar babatda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň hasaplanylmagy we tölenilmegi şu Kodeksiň III bölüminde bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

237-nji madda. Halkara poçta ugratmalarynyň üstaşyry

 

Türkmenistanyň çägi boýunça üstaşyr geçirilýän halkara poçta ugratmalarynyň gümrük taýdan resmileşdirilmegi amala aşyrylmaýar.

 

23-nji bap. HARYTLARYŇ DAŞARY ÝURTLY ŞAHSLARYŇ AÝRATYN TOPARLARY TARAPYNDAN GEÇIRILMEGI

 

238-nji madda. Şu babyň ulanylyş çygry

 

Şu babyň düzgünleri daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalary, konsullyk edaralary we beýleki resmi wekilhanalary, halkara guramalary, şol wekilhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň işgärleri tarapyndan Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlar, şeýle hem Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistanyň gümrük çäginde artykmaçlyklardan, ýeňilliklerden we (ýa-da) aýratyn goragdan peýdalanýan daşary ýurtly şahslaryň aýratyn toparlarynyň şahsy we maşgala peýdalanmagy üçin niýetlenen harytlar babatda ulanylýar.

 

239-njy madda. Harytlaryň daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalary tarapyndan geçirilmegi

 

Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalary gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden boşadylmagy bilen Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklary we çäklendirmeleri ulanmazdan wekilhanalaryň resmi taýdan peýdalanmagy üçin niýetlenen harytlary Türkmenistanyň gümrük çägine getirip we bu çäkden alyp gidip biler.

 

240-njy madda. Daşary ýurt döwletiniň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy we daşary ýurt döwletiniň wekilhanasynyň diplomatik  personalynyň agzalary, olaryň maşgala agzalary tarapyndan harytlaryň geçirilmegi

 

1. Daşary ýurt döwletiniň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy we daşary ýurt döwletiniň wekilhanasynyň diplomatik personalynyň agzalary, şeýle hem olar bilen bile ýaşaýan maşgala agzalary gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden boşadylmagy bilen we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklary we çäklendirmeleri ulanmazdan ilkibaşdaky üpjünçiligi üçin harytlary hem goşmak bilen özleriniň şahsy we maşgalada peýdalanmagy üçin niýetlenen harytlary Türkmenistanyň gümrük çägine getirip hem-de özleriniň şahsy we maşgalada peýdalanmagy üçin niýetlenen harytlary Türkmenistanyň gümrük çäginden alyp gidip biler.

2. Daşary ýurt döwletiniň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň we daşary ýurt döwletiniň wekilhanasynyň diplomatik personalynyň agzalarynyň, şeýle hem olar bilen bile ýaşaýan maşgala agzalarynyň şahsy goşlary, eger olarda şahsy we maşgalada peýdalanmak üçin niýetlenmedik harytlaryň ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda, Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda Türkmenistana getirilmegi ýa-da Türkmenistandan alnyp gidilmegi gadagan edilen ýa-da karantin kadalary bilen düzgünleşdirilýän harytlaryň bardygyny çak etmäge düýpli esaslar ýok bolsa, gümrük barlagyndan boşadylýar.

Ýokarda görkezilen esaslar bolanda gümrük barlagy diňe şu maddada görkezilen şahslar ýa-da olaryň ygtyýarly wekilleri bolan mahalynda geçirilmelidir.

 

241-nji madda. Harytlaryň daşary ýurt döwletiniň diplomatik wekilhanasynyň administratiw-tehniki personalynyň agzalary tarapyndan geçirilmegi

 

Daşary ýurt döwletiniň diplomatik wekilhanasynyň administratiw-tehniki personalynyň agzalary we olar bilen bile ýaşaýan maşgala agzalary Türkmenistanyň gümrük çägine ilkibaşdaky üpjünçiligi üçin niýetlenen harytlary gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden boşadylmagy bilen we harytlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklary we çäklendirmeleri ulanmazdan Türkmenistanyň gümrük çägine getirip biler.

 

242-nji madda. Daşary ýurt döwletiniň wekilhanasynyň diplomatik personalynyň agzalaryna berilýän gümrük ýeňillikleriniň administratiw-tehniki we hyzmat ediji personalynyň agzalaryna degişli bolmagy

 

Daşary ýurt döwleti bilen ýörite ylalaşygyň esasynda, her bir aýratyn daşary ýurt döwleti babatda ikitaraplaýynlyk ýörelgesinden ugur alyp, şu Kodeksde daşary ýurt döwletiniň wekilhanasynyň diplomatik personalynyň agzalaryna berilýän gümrük ýeňillikleri şol diplomatik wekilhananyň administratiw-tehniki we hyzmat ediji personalynyň agzalaryna, şeýle hem olaryň Türkmenistanda hemişelik ýaşamaýan we Türkmenistanyň raýatlary bolup durmaýan maşgala agzalaryna degişli bolup biler.

 

243-nji madda. Harytlaryň daşary ýurt döwletleriniň konsullyk edaralary we olaryň personalynyň agzalary tarapyndan geçirilmegi

 

1. Daşary ýurt döwletleriniň konsullyk edaralaryna, daşary ýurt döwletiniň konsullyk edarasynyň ýolbaşçysyny hem goşmak bilen, daşary ýurt döwletleriniň konsullyk wezipeli adamlaryna we daşary ýurt döwletleriniň konsullyk gullukçylaryna, şeýle hem olaryň maşgala agzalaryna, şu Kodeksde daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalary ýa-da daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň degişli personaly üçin göz öňünde tutulan gümrük ýeňillikleri berilýär.

2. Daşary ýurt döwleti bilen baglaşylan ýörite ylalaşyk esasynda daşary ýurt döwletiniň konsullyk edarasynyň hyzmat ediji personalyna, şeýle hem olaryň Türkmenistanda hemişelik ýaşamaýan we Türkmenistanyň raýatlary bolup durmaýan maşgala agzalaryna, her bir aýratyn daşary ýurt döwleti babatda ikitaraplaýynlyk ýörelgesinden ugur alyp, daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň degişli personalynyň agzalary üçin şu Kodeks bilen berilýän gümrük ýeňillikleri degişli bolup biler.

 

244-nji madda. Daşary ýurt döwletleriniň diplomatik poçtasynyň we konsullyk walizasynyň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi

 

1. Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän diplomatik poçtasy we konsullyk walizasy açylmaga, tutulyp saklanylmaga degişli däldir. Konsullyk walizasynda şu maddanyň bäşinji böleginde görkezilmedik resminamalaryň we (ýa-da) harytlaryň bardygyna çak etmäge düýpli esaslar bolan mahalynda gümrük edarasy wekilçilik edilýän daşary ýurt döwletiniň ygtyýarlyklary bolan şahslary tarapyndan konsullyk walizanyň gümrük edarasynyň işgäriniň bolmagynda açylmagyny talap etmäge haklydyr. Açmakdan ýüz öwrülen halatynda konsullyk walizasy ugradylan ýerine yzyna gaýtarylýar.

2. Diplomatik poçtany we konsullyk walizasyny düzýän ähli ýerlerde, ol ýerleriň häsiýetini görkezýän, göze görnüp duran belgiler bolmalydyr.

3. Diplomatik poçta we konsullyk waliza barmaga rugsat berlen porta ýa-da howa menziline ugraýan deňiz (derýa) gämisiniň kapitanyna ýa-da howa gämisiniň komandirine ynanylyp bilner. Deňiz (derýa) gämisiniň kapitany ýa-da howa gämisiniň komandiri diplomatik poçtany we konsullyk walizasyny düzýän ýerleriň sany görkezilen resmi taýdaky resminama bilen üpjün edilmelidir, şonda ol diplomatik ýa-da konsullyk çapar hasaplanylmaýar. Diplomatik wekilhana ýa-da konsullyk edarasy öz işgärleriniň birini deňiz (derýa) gämisiniň kapitanyndan ýa-da howa gämisiniň komandirinden diplomatik poçtany we konsullyk walizasyny gös-göni we päsgelçiliksiz almak üçin iberip biler.

4. Eger diplomatik poçta ýa-da konsullyk walizasy daşary ýurt döwletiniň awtomobil ulag serişdesi bilen gös-göni diplomatik wekilhana ýa-da konsullyk edarasyna eltilýän bolsa, onda diplomatik poçta ýa-da konsullyk walizasy serhetýaka gümrük edarasy tarapyndan resmileşdirilýär.

5. Diplomatik poçtada diňe diplomatik resminamalar we resmi taýdan peýdalanmak üçin niýetlenen harytlar, konsullyk walizasynda bolsa - diňe resmi hat-habarlar we resminamalar ýa-da diňe resmi taýdan peýdalanmak üçin niýetlenen  harytlar bolup biler.

(2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 21-nji madda)

 

245-nji madda. Daşary ýurt diplomatik we konsullyk çaparlary üçin gümrük ýeňillikleri

 

Daşary ýurt diplomatik we konsullyk çaparlary her bir aýratyn daşary ýurt döwleti babatda ikitaraplaýynlyk ýörelgesinden ugur alyp, gümrük barlagyndan we gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden boşadylmagy bilen hem-de harytlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklary we çäklendirmeleri ulanmazdan özleriniň şahsy we maşgalada peýdalanmagy üçin niýetlenen harytlaryny Türkmenistanyň gümrük çägine getirip we bu çäkden alyp gidip biler.

 

246-njy madda. Daşary ýurt döwletleriniň wekilleri we wekiliýetleriniň agzalary üçin gümrük ýeňillikleri

 

Daşary ýurt döwletleriniň wekillerine, parlament we hökümet wekiliýetleriniň agzalaryna, şeýle hem ikitaraplaýynlyk esasynda Türkmenistana halkara gepleşiklerine, halkara konferensiýalaryna we maslahatlara gatnaşmak üçin ýa-da başga resmi tabşyryk bilen gelýän daşary ýurt döwletleriniň wekiliýetleriniň agzalaryna, daşary ýurt döwletiniň wekilhanasynyň diplomatik personalynyň agzalary üçin şu Kodeksde göz öňünde tutulan gümrük ýeňillikleri berilýär. Olaryň ýanynda barýan maşgala agzalaryna hem şonuň ýaly ýeňillikler berilýär.

 

247-nji madda. Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt döwletleriniň diplomatik personalynyň agzalary, konsullyk wezipeli adamlary, wekilleri we wekiliýetleriniň agzalary tarapyndan harytlaryň geçirilmegi

 

Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt döwletiniň wekilhanasynyň diplomatik personalynyň agzalaryna we daşary ýurt döwletiniň konsullyk edarasynyň konsullyk wezipeli adamlaryna, olaryň maşgala agzalaryna, şu Kodeksiň 246-njy maddasynda görkezilen şahslara, şu Kodeksde wekilhananyň diplomatik personalynyň agzalary üçin göz öňünde tutulan gümrük ýeňillikleri berilýär.

 

248-nji madda. Döwletara we hökümetara halkara guramalary, daşary ýurt döwletleriniň olaryň ýanyndaky wekilhanalary, şeýle hem ol guramalaryň we wekilhanalaryň personaly üçin gümrük ýeňillikleri

 

Döwletara we hökümetara halkara guramalary, daşary ýurt döwletleriniň olaryň ýanyndaky wekilhanalary, şeýle hem ol guramalaryň we wekilhanalaryň personaly hem-de olaryň maşgala agzalary üçin gümrük ýeňillikleri Türkmenistanyň degişli halkara şertnamalaryna laýyklykda kesgitlenilýär.

 

24-nji bap. HARYTLARYŇ TURBAGEÇIRIJI ULAG ARKALY WE ELEKTRIK GEÇIRIJI LINIÝALAR BOÝUNÇA GEÇIRILMEGI

 

249-njy madda. Şu babyň ulanylyş çygry

 

Harytlaryň Türkmenistanyň gümrük serhedinden turbageçiriji ulag arkaly we elektrik geçiriji liniýalar boýunça geçirilmegi şu babyň düzgünlerine laýyklykda, şu bapda düzgünleşdirilmedik bölegi bolsa – şu Kodeksde bellenilen umumy tertibe laýyklykda amala aşyrylýar.

 

250-nji madda. Turbageçiriji ulag arkaly geçirilýän harytlaryň getirilmegi we alnyp gidilmegi

 

1. Harytlaryň turbageçiriji ulag arkaly Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegine we bu çäkden alnyp gidilmegine gümrük deklarasiýasy kabul edilenden soň we onda mälim edilen gümrük düzgüniniň şertlerine laýyklykda harytlar gümrük edarasy tarapyndan goýberilenden soň ýol berilýär.

2. Gümrük deklarasiýasy berlen mahalynda harytlaryň hakykatda görkezilmegi talap edilmeýär.

3. Harytlar turbageçiriji ulag arkaly Türkmenistanyň gümrük çägine getirilen we bu çäkden alnyp gidilen mahalynda Türkmenistanda hereket edýän tehniki düzgünlere we milli standartlara laýyklykda ulagly daşamagyň tehnologik aýratynlyklary we harytlaryň özboluşly häsiýetleri netijesinde harytlaryň garylmagyna, şeýle hem harytlaryň mukdarynyň we ýagdaýynyň (hiliniň) üýtgemegine ýol berilýär.

4. Turbageçiriji ulag arkaly geçirilýän harytlar babatda wagtlaýyn saklamagyň gümrük amaly ulanylmaýar.

 

251-nji madda. Turbageçiriji ulag arkaly geçirilýän harytlary deklarirlemegiň tertibi

 

1. Harytlar Türkmenistanyň gümrük serhedinden turbageçiriji ulag arkaly geçirilen mahalynda, şu maddada göz öňünde tutulan aýratynlyklary nazara almak bilen, şu Kodeksiň 88-nji maddasynda bellenilen düzgünler boýunça olaryň döwürleýin wagtlaýyn deklarirlenilmegine ýol berilýär.

Döwürleýin wagtlaýyn deklarirlemek wagtlaýyn gümrük deklarasiýasynyň berilmegi arkaly amala aşyrylýar.

Wagtlaýyn gümrük deklarasiýasynda daşary söwda şertnamasynyň hereket ediş möhletinden geçmeýän wagtyň kesgitlenilen döwründe harytlaryň takmyn mukdarynyň getirilmeginiň ýa-da alnyp gidilmeginiň maksatlaryndan, Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi meýilleşdirilýän harytlaryň mukdaryna we (ýa-da) görkezilen harytlaryň bahasyny kesgitlemegiň daşary söwda şertnamasynyň şertlerinde göz öňünde tutulan tertibe görä kesgitlenilýän şertli gümrük bahasyndan (baha berlişinden) ugur alnyp, maglumatlaryň mälim edilmegine ýol berilýär.

Bir gümrük düzgüniniň şertlerine laýyklykda birnäçe daşary söwda şertnamalary boýunça (şol sanda ibermegiň, nyrh emele gelmesiniň we tölemegiň dürli şertleri boýunça) borçnamalaryň hasabyna harytlary geçirýän şol bir şahs tarapyndan getirilýän ýa-da alnyp gidilýän harytlar üçin bir sany wagtlaýyn gümrük deklarasiýasynyň berilmegine ýol berilýär.

2. Deklarant tarapyndan wagtlaýyn gümrük deklarasiýasy ýylyň bir çärýeginden geçmeýän döwür üçin, şol döwrüň öňünden gelýän aýyň 20-sinden gijä galman berilýär.

3. Deklarant harytlary ibermegiň her bir senenama aýy üçin, getirilen ýa-da alnyp gidilen harytlar boýunça bir ýa-da birnäçe bolmalysy ýaly doldurylan doly gümrük deklarasiýasyny bermäge borçludyr. Doly gümrük deklarasiýasy harytlaryň iberilen senenama aýynyň yzyndan gelýän aýyň 20-sinden gijä galman berilmelidir. Gümrük edarasy deklarantyň delillendirilen ýüz tutmagy boýunça alnyp gidilýän harytlar üçin doly gümrük deklarasiýasynyň berliş möhletini togsan günden köp bolmadyk möhlete uzaldýar. Doly gümrük deklarasiýasynyň berliş möhletiniň uzaldylmagy gümrük tölegleriniň tölenilmeli pul möçberleriniň töleniliş möhletini uzaltmaýar.

4. Eger wagtlaýyn gümrük deklarasiýasynda getirilmegi ýa-da alnyp gidilmegi mälim edilen harytlar bir senenama aýynyň dowamynda getirilmedik ýa-da hakykatda alnyp gidilmedik bolsa, deklarant doly gümrük deklarasiýasynyň berliş möhleti tamamlanmazdan öň bu barada gümrük edarasyna ýazmaça görnüşde habar bermäge borçludyr.

 

252-nji madda. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň ulanylmagy

 

Harytlar turbageçiriji ulag arkaly geçirilen mahalynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklar we çäklendirmeler wagtlaýyn gümrük deklarasiýasynyň kabul edilen gününe görä ulanylýar.

 

253-nji madda. Harytlaryň elektrik geçiriji liniýalar boýunça geçirilmeginiň we olaryň deklarirlenilmeginiň aýratynlyklary

 

1. Harytlaryň Türkmenistanyň gümrük serhedinden elektrik geçiriji liniýalar boýunça geçirilmegine, şu maddada bellenilen düzgünler boýunça soňra deklarirlenilen we gümrük tölegleri tölenen şertinde, gümrük edarasynyň deslapky rugsady bolmazdan ýol berilýär.

2. Elektrik geçiriji liniýalar boýunça geçirilýän harytlar babatda wagtlaýyn saklamagyň we içerki gümrük üstaşyrynyň gümrük amallary ulanylmaýar.

3. Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän elektrik energiýasynyň deklarirlenilmegi harytlaryň hakykatda iberilen her senenama aýynyň yzyndan gelýän aýyň 20-sinden gijä galman deklarasiýa bermek arkaly amala aşyrylýar. Gümrük edarasy, deklarantyň delillendirilen ýüz tutmasy boýunça, gümrük deklarasiýasyny bermegiň möhletini on günden köp bolmadyk möhlete uzaldýar.

4. Deklarirlenilmäge tehnologik şertlendirilen ýerlerde oturdylan we elektrik energiýasynyň geçişini belleýän hasaba alyş enjamlarynyň görkezmeleri esasynda bellenilýän elektrik energiýasynyň hakyky mukdary degişlidir.

Iki döwletiň arasynda geçirilýän elektrik energiýasynyň mukdary her bir senenama aýy üçin saldo-akym (işde bolan döwletara, naprýaženiýäniň ähli toparlarynyň elektrik geçiriji liniýalary boýunça garşylyklaýyn ugurdaky elektrik energiýasynyň akymlarynyň algebraik jemi) hökmünde kesgitlenilýär.

Saldo-akymyň hasaplanylan mukdary elektrik energiýasy geçirilen mahalynda ulgamlarda bolýan elektrik energiýasynyň ýitgileriniň ululygyna görä düzedilýär.

Deklarirleme degişli daşary söwda şertnamasy boýunça elektrik energiýasynyň hakykatda iberilmegi hakyndaky namalar esasynda amala aşyrylýar.

5. Gümrük tölegleri gümrük serhedinden bir senenama aýynyň dowamynda geçirilýän harytlar üçin gümrük deklarasiýasynyň berlen gününden gijä galman tölenilýär.

 

254-nji madda. Turbageçiriji ulag arkaly we elekrik geçiriji liniýalar boýunça geçirilýän harytlaryň kybaplanylmagy boýunça talaplaryň  ulanylmazlygy

 

Turbageçiriji ulag arkaly we elektrik geçiriji liniýalar boýunça geçirilýän harytlaryň kybaplanylmagy amala aşyrylmaýar, bu bolsa gümrük edaralaryna gümrük maksatlary üçin resminamalardaky maglumatlary, hasaba alyjylaryň we başga ölçeg enjamlarynyň görkezijilerini ulanmak bilen harytlaryň mukdaryny, hilini we başga häsiýetlerini bellemäge päsgel bermeýär.

 

255-nji madda. Türkmen harytlarynyň Türkmenistanyň gümrük çäginde ýerleşýän iki ýeriň arasynda daşary ýurt döwletiniň çäginiň üsti bilen geçirilmegi

 

Türkmen harytlarynyň Türkmenistanyň gümrük çäginde ýerleşýän iki ýeriň arasynda daşary ýurt döwletiniň çäginiň üsti bilen turbageçiriji ulag arkaly we elektrik geçiriji liniýalar boýunça geçirilmegi, şu Kodeksiň 19-njy babynyň 2-nji paragrafynda, türkmen harytlarynyň gümrük edaralarynyň arasynda daşary ýurt döwletiniň çäginiň üsti bilen daşalyp geçirilmeginiň ýörite gümrük düzgüni babatda bellenilen düzgünler boýunça amala aşyrylýar.

 

241-nji bap. YGTYÝARLY YKDYSADY OPERATOR

Kodekse 241-nji bap 2023-nji ýylyň 30-njy sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizilen (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № ..., ...-nji madda)

 

2551-nji madda. Ygtyýarly ykdysady operator

1. Ygtyýarly ykdysady operator - gümrük taýdan resmileşdirmegi geçirmegi ýönekeýleşdirmek we tizleşdirmek, daşary ykdysady işe gatnaşyjylar tarapyndan gümrük kanunçylygynyň berjaý edilişiniň derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, şu baba laýyklykda ygtyýarly ykdysady operatorlaryň sanawyna (mundan beýläk şu bapda - sanaw) girizilen we Ygtyýarly ykdysady operatorlaryň sanawyna girizilendigi hakynda şahadatnama (mundan beýläk şu bapda - şahadatnama) berlen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahs. Şunda bu ýuridik şahs iki ýyldan az bolmadyk döwürde wagtlaýyn saklanylýan ammara we (ýa-da) gümrük ammaryna eýelik edýän we (ýa-da) gümrük dellaly (wekili) hökmünde gümrük işi babatdaky işi amala aşyrýan bolmalydyr.

2. Sanawa girizilen gününden başlap, ýuridik şahs ygtyýarly ykdysady operatoryň statusyna eýe bolýar we töwekgelçiligi pes derejeli hasap edilýär.

3. Ygtyýarly ykdysady operatoryň statusy ýuridik şahsa şu Kodeksiň 2555-nji maddasynda göz öňünde tutulan ýörite ýönekeýleşdirmeleri şu Kodeksiň düzgünlerine laýyklykda ulanmaga hukuk berýär. Şunda ýörite ýönekeýleşdirmeler ygtyýarly ykdysady operator bilen gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasynyň baglaşýan özara hereketler hakyndaky şertnamasy esasynda ulanylýar.

4. Sanawa girizilmegi üçin ýüz tutýan ýuridik şahsyň sanawa girizmegiň şertlerine laýyk gelýändigi barlanylanda, şeýle hem ygtyýarly ykdysady operatoryň borçlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edilende şu Kodeksiň 34-nji babynda göz öňünde tutulan gümrük gözegçiliginiň görnüşleri we tertibi ulanylyp bilner.

 

2552-nji madda. Ygtyýarly ykdysady operatorlaryň sanawy

1. Sanaw gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan ýöredilýär.

2. Ýuridik şahs sanawa girizilende, oňa gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan şahadatnama berilýär.

Şahadatnama hereket ediş möhleti çäklendirilmezden berilýär.

3. Sanaw gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasynyň Internet torundaky resmi saýtynda ýerleşdirilýär.

4. Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy ýuridik şahsyň sanawa girizilen gününden başlap bäş senenama gününden gijä galman, oňa sanawa goşulan senesi hakynda ýazmaça görnüşde habar berýär.

5. Ygtyýarly ykdysady operator sanawdan çykarylanda, oňa berlen şahadatnama güýjüni ýitiren diýlip ykrar edilýär.

6. Ýuridik şahslary sanawa girizmegiň we sanawdan çykarmagyň, şahadatnamany bermegiň, onuň hereketini togtatmagyň we dikeltmegiň tertibi, ýuridik şahslary sanawa girizmegiň şertleri, şahadatnamanyň görnüşi, şeýle hem sanawy ýöretmegiň tertibi gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenen tertipde kesgitlenilýär.

 

2553-nji madda. Ygtyýarly ykdysady operatoryň

  harytlary hasaba alyş ulgamy

Ygtyýarly ykdysady operatoryň gümrük operasiýalary amala aşyrylanda gümrük edaralaryna berlen maglumatlary hojalyk iş amallarynyň geçirilişi baradaky maglumatlar bilen deňeşdirmäge mümkinçilik berýän we gümrük edaralary üçin elýeterliligi üpjün edilen harytlary hasaba alyş ulgamy bolmalydyr.

Harytlary hasaba alyş ulgamyna bildirilýän talaplar gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

 

2554-nji madda. Ygtyýarly ykdysady operatoryň

  borçnamalarynyň ýerine

  ýetirilmeginiň üpjün edilmegi

1. Ygtyýarly ykdysady operatoryň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegi, onuň gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek boýunça borçlarynyň döreýän halatlarynda ýa-da ol gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek boýunça olary töleýji bilen deň borçlary öz üstüne alan bolsa, ygtyýarly ykdysady operatoryň gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek boýunça borçnamalarynyň şu Kodekse laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmekden ybaratdyr.

2. Ygtyýarly ykdysady operatoryň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegi, şu Kodeksiň 283-nji maddasynyň birinji böleginiň 2–4-nji bentlerinde görkezilen usullar arkaly üpjün edilýär. Şunda ol görkezilen usullaryň birini ýa-da birnäçesini saýlap biler.

3. Ygtyýarly ykdysady operatoryň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegi onuň şu Kodeksde göz öňünde tutulan gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek boýunça borçlary ýa-da olary töleýji bilen deň öz üstüne alan borçlary bes edilýänçä üpjün edilmelidir.

 

2555-nji madda. Ygtyýarly ykdysady operatora 

                              berilýän ýörite ýönekeýleşdirmeler

1. Ýörite ýönekeýleşdirmeler diýlip, ygtyýarly ykdysady operator babatda käbir gümrük operasiýalaryny amala aşyrmagyň we gümrük gözegçiligini geçirmegiň aýratynlyklaryna hem-de şu Kodeksiň düzgünlerini ulanmagyň başga aýratynlyklaryna düşünilýär.

2. Şahadatnama ygtyýarly ykdysady operatora şu ýörite ýönekeýleşdirmeleri ulanmaga hukuk berýär:

1) harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi, olaryň bu çäkden alnyp gidilmegi, harytlaryň deklarirlenilmegi we goýberilmegi bilen bagly gümrük operasiýalarynyň ileri tutma tertibinde amala aşyrylmagyna;

2) ygtyýarly ykdysady operator tarapyndan daşalýan harytlaryň içerki gümrük üstaşyryna rugsat berlende, şu Kodeksiň 51-nji maddasynyň 1-nji bendinde bellenilen gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegini üpjün etmegiň ulanylmazlygyna;

3) harytlaryň deklaranty ýa-da harytlar babatda gümrük dellaly bolup durýan ygtyýarly ykdysady operatoryň ammarynda harytlary wagtlaýyn saklamaga rugsat berlende, şu Kodeksiň 72-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda gümrük edarasy tarapyndan talap edilip bilinjek, gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegini üpjün etmegiň ulanylmazlygyna;

4) gümrük edaralary tarapyndan gümrük gözegçiliginiň harytlaryň we ulag serişdeleriniň gümrük gözden geçirmesi ýa-da gümrük barlagy görnüşleri ulanylýan halatlarynda, olaryň ileri tutma tertibinde amala aşyrylmagyna;

5) gümrük operasiýalaryny amala aşyrmagyň wagtyny gysgaltmaga we tertibini kämilleşdirmäge gönükdirilen gümrük edaralary tarapyndan geçirilýän synag taslamalaryna we synaglara ileri tutma tertibinde gatnaşylmagyna;

6) ygtyýarly ykdysady operatoryň ammarlarynda ygtyýarly ykdysady operatorlaryň hem-de ygtyýarly ykdysady operator bolup durmaýan şahslaryň harytlarynyň wagtlaýyn saklanylmagyna;

7) ygtyýarly ykdysady operatoryň ammarlarynda döredilen gümrük gözegçiligi zolagyna harytlaryň eltilmegi we ýerleşdirilmegi, içerki gümrük üstaşyrynyň amalynyň şol ammarlarda tamamlanmagy bilen bagly gümrük gözegçiliginiň we gümrük operasiýalarynyň amala aşyrylmagyna;

8) ygtyýarly ykdysady operatoryň ammarlarynda gümrük gözegçiliginiň geçirilmegine;

9) Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçiriş ýerlerindäki gümrük edaralarynda ygtyýarly ykdysady operatorlaryň awtoulag serişdeleriniň geçirilmegi üçin niýetlenen aýratyn geçelgeleriň göz öňünde tutulmagyna;

10) gümrük işiniň meseleleri we gümrük edaralarynyň ygtyýarlygyna degişli başga meseleler boýunça maslahatlaryň gümrük edaralary tarapyndan şu Kodeksiň 11-nji maddasyna laýyklykda, gysga möhletde ileri tutma tertibinde berilmegine;

11) eksport edilýän harytlary gümrük taýdan resmileşdirmek üçin gümrük edarasyny erkin saýlamagyna;

12) ygtyýarly ykdysady operatoryň harytlar babatda gümrük dellaly bolup durýan halatlarynda, eksport edilýän harytlaryň ulag serişdesine ýüklenilýän wagty geçirilýän gümrük gözegçiliginiň şol harytlary öndürijiniň çäginde amala aşyrylmagyna rugsat berilmegine.

 

2556-nji madda. Ygtyýarly ykdysady operator

  tarapyndan harytlary wagtlaýyn

  saklamagyň aýratynlyklary

1. Ygtyýarly ykdysady operator tarapyndan harytlaryň wagtlaýyn saklanylmagy, ygtyýarly ykdysady operatora eýeçilik ýa-da kärende hukugynda degişli bolan şu Kodeksiň 66-njy maddasyna laýyklykda bellenilýän wagtlaýyn saklanylýan ammarlaryň enjamlaşdyrylyp gurnalyşyna bildirilýän talaplara laýyk gelýän, wagtlaýyn saklanylýan ammar hökmünde ulanmak üçin niýetlenilen jaýlarda we (ýa-da) açyk meýdançalarda (mundan beýläk şu bapda - ammarlar) amala aşyrylyp bilner.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen ammarlar gümrük gözegçiligi zolagy bolup durýarlar.

3. Ygtyýarly ykdysady operatoryň ammarlary şu Kodeksiň 65-nji maddasynyň ikinji böleginde bellenilen açyk görnüşli ammarlar bolup durýarlar.

4. Ygtyýarly ykdysady operator sanawdan çykarylan halatynda, onuň wagtlaýyn saklanylýan ammar bolup durmaýan ammarlarynda saklanylýan harytlary, şol sanawdan çykarylan gününiň yzyndan gelýän günden başlap iki aýyň dowamynda, onuň öz hasabyna wagtlaýyn saklanylýan ammara ýerleşdirilmäge degişlidir. Ygtyýarly ykdysady operatoryň sanawdan çykarylan gününiň yzyndan gelýän günden başlap, onuň wagtlaýyn saklanylýan ammar bolup durmaýan ammarlaryna harytlaryň ýerleşdirilmegine ýol berilmeýär.

 

2557-nji madda. Ygtyýarly ykdysady operatoryň borçlary

1. Ygtyýarly ykdysady operator şulara borçludyr:

1) şu Kodeksiň 2552-nji maddasynyň altynjy böleginde görkezilen tertipden gelip çykýan talaplary ýerine ýetirmäge;

2) şu Kodeksiň 2554-nji maddasyna laýyklykda ygtyýarly ykdysady operatoryň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge;

3) gümrük edaralarynyň wezipeli adamlarynyň gümrük gözegçiligi astyndaky harytlaryň wagtlaýyn saklanylmagy amala aşyrylýan ygtyýarly ykdysady operatoryň ammarlaryna päsgelçiliksiz girmek baradaky talaplaryny ýerine ýetirmäge;

4) gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýän harytlary hasaba alyş ulgamy üçin talaplary ýerine ýetirmäge;

5) harytlary hasaba alyş ulgamynyň gümrük edaralary üçin elýeterliligini üpjün etmäge;

6) şu Kodeksiň 2556-nji maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan, kärendesine alnan ammarlarynyň kärende şertnamasynyň möhletini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda uzaltmaga;

7) gümrük edaralary tarapyndan ulanylýan gümrük işiniň öňdebaryjy tejribelerini öz işinde ornaşdyrmaga;

8) şu Kodeksde we gümrük işi çygryndaky Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda kesgitlenen başga borçlary ýerine ýetirmäge.

 

2558-nji madda. Gümrük edaralary bilen ygtyýarly 

  ykdysady operatorlaryň özara hereketi

1. Gümrük edarasy bilen ygtyýarly ykdysady operatoryň arasyndaky özara hereketler şertnama baglaşylmagy arkaly guralýar.

2. Ygtyýarly ykdysady operator gümrük edarasy bilen umumy özara hereket üçin jogapkär wezipeli adamy we ýörite ýönekeýleşdirmeleri ulanmak bilen gümrük operasiýalarynyň amala aşyrylmagy üçin jogapkär şahslary kesgitläp biler.

3. Gümrük edaralary ýörite ýönekeýleşdirmeler ulanylanda, şol sanda adaty däl ýagdaýlar ýüze çykan halatynda ygtyýarly ykdysady operatorlar bilen özara hereketi utgaşdyrmak maksady bilen, şeýle özara hereketi guramak üçin jogapkär wezipeli adamy kesgitläp biler.

4. Gümrük edaralary bilen ygtyýarly ykdysady operatorlaryň özara hereketiniň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gümrük işi babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilip bilner.

 

2559-nji madda. Ygtyýarly ykdysady operatorlary 

                              özara ykrar etmek

1. Türkmenistanyň ygtyýarly ykdysady operatorlaryna, şu bapda göz öňünde tutulanlardan başga-da, Türkmenistanyň halkara şertnamasyny baglaşan daşary ýurt döwletleriniň çäklerinde şol döwletleriň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarly ykdysady operatorlar tarapyndan ulanylýan ýörite ýönekeýleşdirmeleri ikitaraplaýynlyk esasda özara ykrar etmek arkaly ulanmaga rugsat berlip bilner.

2. Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda, şu bapda göz öňünde tutulan ýörite ýönekeýleşdirmeleri, ikitaraplaýynlyk esasda özara ykrar etmek arkaly daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly ykdysady operatorlaryna ulanmaga rugsat berlip bilner.

 

III BÖLÜM. GÜMRÜK TÖLEGLERI

 

25-nji bap. UMUMY DÜZGÜNLER

 

256-njy madda. Gümrük tölegleriniň görnüşleri

 

1. Gümrük töleglerine şular degişlidir:

1) getiriliş gümrük pajy;

2) alnyp gidiliş gümrük pajy;

3) salgytlar;

4) gümrük ýygymlary;

2. Gümrük tölegleri, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen bolsa, töletdirilip alynýar.

 

257-nji madda. Gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek boýunça borçlaryň döremegi we bes edilmegi. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmeýän halatlary

 

1. Harytlar Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilen mahalynda şu halatlarda gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek boýunça borçlar döreýär:

1) harytlar getirilen mahalynda – gümrük serhedinden geçilen pursatyndan;

2) harytlar alnyp gidilen mahalynda – gümrük deklarasiýasy berlen ýa-da harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmegine gös-göni gönükdirilen hereketler amala aşyrylan pursadyndan.

2. Şu halatlarda gümrük paçlary, salgytlar tölenilmeýär, eger:

1) şu Kodekse, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda:

a) harytlara gümrük paçlary, salgytlar salynmaýan bolsa;

b) harytlar babatda gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden şertli doly boşadylanda – şeýle boşadylmagyň hereket edýän döwründe we şeýle boşadylma bilen bagly şertler berjaý edilende;

2) harytlar erkin dolanyşyga goýberilmezinden öň we şahslar tarapyndan şu Kodeksde bellenilen talaplar we şertler bozulmadyk mahalynda, daşary ýurt harytlary awariýa ýa-da öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri netijesinde ýok bolan ýa-da ýitirilen bolsa;

3) harytlar şu Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda döwletiň eýeçiligine öwrülýän bolsa;

4) Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň bahasy we (ýa-da) mukdary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen baha we (ýa-da) mukdar çäklerinden geçmeýän bolsa;

3. Türkmenistanyň gümrük çäginde erkin dolanyşyga goýberilen ýa-da bu çäkden alnyp gidilen harytlar babatda gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek boýunça borçlar Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda bes edilýär.

 

258-nji madda. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi üçin jogapkär şahslar

 

1. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi üçin jogapkär şahs bolup deklarant durýar.

2. Eger deklarirlemek gümrük dellaly (wekili) tarapyndan amala aşyrylýan bolsa, ol şu Kodeksiň 97-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda jogapkär bolup durýar.

3. Şu Kodeksiň harytlary peýdalanmak we olara ygtyýarlyk etmek hakyndaky düzgünleriniň ýa-da gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden doly ýa-da kem-käsleýin boşadylmagyny göz öňünde tutýan gümrük amallaryny we gümrük düzgünlerini ulanmak üçin şu Kodeksde bellenilen başga talaplar we şertler berjaý edilmedik mahalynda, şu Kodeksde göni göz öňünde tutulan halatlarda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi üçin, wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýän, gümrük ammaryna eýelik edýän, daşaýjy, gümrük düzgünini berjaý etmegiň borjy ýüklenilen şahslar jogapkär şahslar bolup durýar.

4. Gümrük paçlary, salgytlar tölenilmedik mahalynda, şol sanda olar nädogry hasaplanylanda we (ýa-da) öz wagtynda tölenilmedik halatynda gümrük edaralarynyň öňünde gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi üçin jogapkär şahs jogapkärçilik çekýär.

5. Harytlar we ulag serişdeleri Türkmenistanyň gümrük serhedinden bikanun geçirilen mahalynda harytlary we ulag serişdelerini bikanun geçirýän şahslar, bikanun geçirmäge gatnaşan şahslar, eger olaryň şol geçirmekligiň bikanundygy hakynda bilendigi ýa-da bilmelidigi, getirilen mahalynda bolsa – bikanun getirilen harytlary we ulag serişdelerini eýeçiligine ýa-da eýelik etmäge alan şahslar hem, eger alan pursadynda olaryň getirmegiň bikanundygyny bilendigi ýa-da bilmelidigi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bolmalysy ýaly tassyk bolan bolsa, gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegine jogapkärçilik çekýär. Görkezilen şahslar gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi üçin bikanun alnyp gidilýän ýa-da bikanun getirilýän harytlaryň edil deklaranty hökmünde çykyş edendäkisi ýaly gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi üçin jogapkärçilik çekýärler.

 

26-njy bap. GÜMRÜK PAÇLARYNY, SALGYTLARY HASAPLAMAK

 

259-njy madda. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň salynýan obýekti

 

Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlar gümrük paçlarynyň, salgytlaryň salynýan obýekti bolup durýarlar. Harytlaryň gümrük bahasy we (ýa-da) olaryň mukdary gümrük paçlarynyň, salgytlaryň hasaplanylmagy üçin binýat bolup durýar.

 

260-njy madda. Harytlaryň gümrük bahasyny kesgitlemegiň we mälim etmegiň tertibi

 

1. Harytlaryň gümrük bahasy deklarant tarapyndan gümrük bahasyny kesgitlemegiň şu Kodeksde bellenilen usullaryna görä kesgitlenilýär we harytlar deklarirlenilen mahalynda gümrük edarasyna mälim edilýär.

2. Harytlaryň deklarant tarapyndan mälim edilýän gümrük bahasy we onuň kesgitlenilmegine degişli berilýän maglumatlar dogry we resminamaly tassyklanylan maglumatlara esaslanmalydyr.

3. Gümrük edarasy deklarantyň beren resminamalarynyň we maglumatlarynyň esasynda, şeýle hem harytlaryň gümrük bahasy kesgitlenilen mahalynda ulanylýan öz ygtyýarlygynda bar bolan maglumatlaryň esasynda harytlaryň gümrük bahasyny kesgitlemegiň deklarant tarapyndan saýlanyp alnan usuly bilen razylaşýandygy hem-de harytlaryň deklarant tarapyndan kesgitlenilen gümrük bahasynyň dogrudygy hakynda çözgüt kabul edýär.

4. Gümrük edarasy deklarantyň beren resminamalarynyň we maglumatlarynyň harytlaryň mälim edilen gümrük bahasy babatdaky çözgüdi kabul etmek üçin ýeterlik bolmadyk mahalynda deklarantdan ýazmaça görnüşde goşmaça resminamalary we maglumatlary talap edýär hem-de olaryň berilmegi üçin ýeterlik bolan möhleti belleýär.

Deklarant mälim edilen gümrük bahasyny tassyklamak üçin gümrük edarasynyň talap etmegi boýunça zerur bolan goşmaça resminamalary we maglumatlary bermäge ýa-da gümrük edarasynyň soraýan resminamalaryny we maglumatlaryny berip bilmezliginiň sebäplerini ýazmaça görnüşde düşündirmäge borçludyr. Deklarantyň harytlaryň gümrük bahasyny kesgitlemegiň özi tarapyndan saýlanyp alnan usulynyň kanunylygynyň we öz beren maglumatlarynyň dogrulygyny  subut etmäge haky bardyr.

5. Harytlaryň deklarant tarapyndan mälim edilen gümrük bahasynyň kesgitlenilişiniň dogrudygyny tassyklaýan maglumatlar bolmadyk mahalynda ýa-da deklarant tarapyndan berlen resminamalaryň we maglumatlaryň dogry we (ýa-da) ýeterlik däldiginiň alamatlary ýüze çykan mahalynda gümrük edarasy harytlaryň gümrük bahasyny kesgitlemegiň saýlanyp alnan usulynyň ulanylmagynyň nädogrudygy hakynda çözgüt kabul etmäge hem-de harytlaryň gümrük bahasyny başga usuly ulanmak bilen kesgitlemegi deklaranta teklip etmäge haklydyr. Görkezilen halatda gümrük edarasynyň we deklarantyň arasynda harytlaryň gümrük bahasyny kesgitlemegiň usulyny saýlap almak boýunça maslahatlar geçirilip bilner.

6. Harytlaryň gümrük bahasyny kesgitlemegiň amaly harytlaryň goýberiliş möhletinde tamamlanmadyk bolsa, harytlaryň goýberilmegi goşmaça hasaplanylyp bilinýän gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi üpjün edilen şertinde amala aşyrylýar. Gümrük edarasy deklaranta gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmeginiň üpjün edilmeginiň talap edilýän möçberini ýazmaça görnüşde habar berýär.

7. Deklarant tarapyndan gümrük edarasynyň bellän möhletinde goşmaça resminamalar we maglumatlar berilmedik halatynda ýa-da gümrük edarasy tarapyndan deklarantyň beren maglumatlarynyň dogry we (ýa-da) ýeterlik bolup bilmejekdiginiň alamatlary ýüze çykarylan mahalynda we şonda deklarantyň gümrük edarasynyň teklibi boýunça başga usul esasynda harytlaryň gümrük bahasyny kesgitlemekden ýüz öwren mahalynda gümrük edarasy harytlaryň gümrük bahasyny kesgitlemegiň usullaryny yzygiderli ulanmak bilen harytlaryň gümrük bahasyny özbaşdak kesgitleýär. Gümrük edarasy kabul eden çözgüdi hakynda deklaranta şeýle çözgüdi kabul eden gününiň yzyndan gelýän günden gijä galman ýazmaça görnüşde habar berýär. Gümrük edarasy harytlaryň gümrük bahasyny harytlar goýberilenden soň kesgitlän halatynda, eger gümrük paçlarynyň, salgytlaryň goşmaça tölenilmegi talap edilse, gümrük tölegleriniň tölenmegi hakynda talapnamany berýär. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň goşmaça hasaplanylan pul möçberleri talapnamanyň alnan gününden başlap on günüň dowamynda tölenilmelidir. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň görkezilen möhletiň dowamynda tölenilen goşmaça pul möçberine puşmana tölegler hasaplanyp ýazylmaýar.

 

261-nji madda. Harytlaryň gümrük bahasyny kesgitlemegiň usullary

 

1. Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän harytlaryň gümrük bahasyny kesgitlemek şu aşakdaky usullary ulanmak bilen amala aşyrylýar:

1) getirilýän harytlar bilen geleşigiň bahasy boýunça;

2) meňzeş harytlar bilen geleşigiň bahasy boýunça;

3) birkysmy harytlar bilen geleşigiň bahasy boýunça;

4) bahadan aýyrmak;

5) baha goşmak;

6) ätiýaçdaky.

Getirilýän harytlaryň gümrük bahasyny kesgitlemegiň esasy usuly getirilýän harytlar bilen geleşigiň bahasy boýunça kesgitlemek usulydyr.

Esasy usulyň ulanylmagy mümkin bolmadyk halatynda şu maddanyň birinji böleginde sanalyp geçilýän usullaryň her biri yzygiderlilikde ulanylýar. Şonda her bir yzdan gelýän usul, eger harytlaryň gümrük bahasy öňden gelýän usuly ulanmak arkaly kesgitlenilip bilinmese, ulanylýar. Bahanyň kemeldilmegi we goşulmagy usullary deklarantyň islegi boýunça islendik yzygiderlilikde ulanylyp bilner.

2. Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilýän harytlaryň gümrük bahasy alnyp gidilýän harytlar bilen geleşigiň bahasy boýunça kesgitlenilýär.

Нarytlar geleşik baglaşmazdan alnyp gidilýän mahalynda ol harytlaryň gümrük bahasy, meňzeş harytlar bilen geleşigiň bahasy boýunça ýa-da birkysmy harytlar bilen geleşigiň bahasy boýunça, şeýle hem alnyp gidilýän harytlaryň satyn alnandygyny we olaryň bahasyny tassyklaýan çekler, hasaplar we başga resminamalar esasynda kesgitlenilip bilner.

 

262-nji madda. Harytlaryň gümrük bahasynyň getirilýän harytlar bilen geleşigiň bahasy boýunça kesgitleniş usuly

 

1. Türkmenistana getirilýän mahalynda getirilýän harytlar üçin hakykatda tölenen ýa-da tölenilmäge degişli geleşigiň bahasy Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän harytlaryň gümrük bahasy bolup durýar.

2. Harytlaryň gümrük bahasy kesgitlenilen mahalynda geleşigiň bahasyna, eger goşulmadyk bolsa şu aşakdaky çykdajylar goşulýar:

1) harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän ýerine eltilmegi boýunça çykdajylar:

a) ulagly daşamagyň bahasy;

b) harytlaryň ýüklenilmegi, düşürilmegi, düşürilip ýüklenilmegi boýunça çykdajylar;

ç) ätiýaçlandyryş pul möçberi;

2) alyjynyň çeken çykdajylary:

a) komission we dellalçylyk höweslendirmeleri, harytlaryň satyn alynmagy boýunça komission höweslendirmeleri muňa degişli däldir;

b) eger Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasyna laýyklykda bahalandyrylýan harytlar bilen bir bitewi hökmünde garalýan bolsa, köp dolanyşykly gaplaryň bahasy;

ç) gaplaýyş materiallarynyň we gaplamak boýunça işleriň bahasyny hem goşmak bilen, harytlaryň gaplanyş bahasy;

3) bahalandyrylýan harytlaryň alnyp gidilmegi üçin önümçilik ýa-da satylmagy bilen baglanyşykly ulanylmagy üçin satyn alyjy tarapyndan mugt ýa-da peseldilen baha boýunça göni ýa-da gytaklaýyn berlen şu aşakdaky harytlaryň we hyzmatlaryň bahasynyň degişli bölegi:

a) bahalandyrylýan harytlaryň düzüm bölegi bolup durýan çig malyň, materiallaryň, detallaryň, ýarymfabrikatlaryň we başga toplumlaýjy önümleriň;

b) bahalandyrylýan harytlar öndürilen mahalynda ulanylan gurallaryň, galyplaryň, ülňüleriň we başga şoňa meňzeş närseleriň;

ç) bahalandyrylýan harytlar öndürilen mahalynda sarp edilen materiallaryň (ýaglaýjy materiallar, ýangyç we başgalar);

d) Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşynda ýerine ýetirilen hem-de bahalandyrylýan harytlary öndürmek üçin gös-göni zerur bolan inženerçilik işlemeleriň, tejribe-konstruktorçylyk işleriniň, dizaýnyň, çeperçilik bezeginiň, eskizleriň we çyzgylaryň, başga şoňa meňzeş işleriň;

4) alyjynyň bahalandyrylýan harytlaryň satylmagynyň şerti hökmünde göni ýa-da gytaklaýyn amala aşyrmaly intellektual eýeçiligiň obýektlerini ulanany üçin ygtyýarnama we başga tölegleri.

5) satyjynyň bahalandyrylýan harytlary Türkmenistanyň çäginde islendik soňraky gaýtadan satmagynyň, geçirmeginiň ýa-da ulanmagynyň netijesinde alan göni ýa-da gytaklaýyn girdejisiniň degişli bölegi.

3. Harytlaryň gümrük bahasynyň geleşigiň bahasy boýunça kesgitleniş usuly harytlaryň gümrük bahasyny kesgitlemek üçin ulanylyp bilinmez, eger:

1) bahalandyrylýan harytlara ygtyýarlyk etmek ýa-da olary ulanmak üçin alyjynyň hukuklary babatda çäklendirmeler bar bolsa, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäklendirmeler muňa degişli däldir;

2) satylmagy we geleşigiň bahasy, geleşigiň bahasyna täsiriniň anyklanylmagy mümkin bolmadyk şertleriň berjaý edilmegine bagly bolsa;

3) deklarant tarapyndan harytlaryň gümrük bahasy mälim edilen mahalynda ulanylan maglumatlar resminamaly tassyk edilmedik ýa-da mukdar taýdan anyklanan we dogry bolmadyk bolsa;

4) geleşigiň taraplary özara bagly bolsa we geleşigiň bahasy şu maddanyň talaplaryna görä gümrük bahasyny kesgitlemek üçin esas bolup bilmese. Şonda, iň bolmanda şu alamatlaryň birine laýyk gelýän bolsa, özara bagly şahslar diýlip düşünilýär:

a) geleşigiň gatnaşyjylarynyň biri (fiziki şahs) ýa-da geleşigiň gatnaşyjylarynyň biriniň wezipeli adamy bir wagtda geleşigiň beýleki gatnaşyjysynyň wezipeli adamy bolup durýar;

b) geleşigiň gatnaşyjylary kärhananyň bilelikdäki eýelik edýänleri bolup durýar;

ç) geleşigiň gatnaşyjylaryny zähmet gatnaşyklary baglanyşdyrýar;

d) geleşigiň gatnaşyjylaryny kärende gatnaşyklary baglanyşdyrýar;

e) geleşigiň gatnaşyjylarynyň biri geleşigiň beýleki gatnaşyjysynyň tertipnama maýasynyň azyndan bäş göterimini düzýän goýuma (paýa) ýa-da ses hukugy bolan paýnamalara eýelik edýär;

ä) geleşigiň gatnaşyjylarynyň ikisi hem üçünji şahsyň gös-göni ýa-da gytaklaýyn gözegçiliginde durýar;

f)  geleşigiň gatnaşyjylary üçünji şahsa bilelikde gös-göni ýa-da gytaklaýyn gözegçilik edýär;

g) geleşigiň gatnaşyjylarynyň biri geleşigiň beýleki gatnaşyjysynyň gös-göni ýa-da gytaklaýyn gözegçiliginde  durýar;

h) geleşigiň gatnaşyjylary ýa-da olaryň wezipeli adamlary garyndaş bolup durýar.

4. Gümrük bahasy kesgitlenilen mahalynda geleşigiň bahasyndan, eger bu baha goşulan bolsa, şu aşakdaky çykdajylar aýrylýar:

1) enjamlar Türkmenistanyň gümrük çägine getirilenden soň, olaryň gurnalmagy, ýygnalmagy, sazlanmagy ýa-da tehniki kömegiň berilmegi üçin çykdajylar;

2) harytlar Türkmenistanyň gümrük çägine getirilenden soň, olaryň ulagly daşalmagy üçin çykdajylar;

3) harytlar Türkmenistanyň gümrük çägine getirilenden soň olaryň eltilmeginiň ätiýaçlandyrylmagynyň bahasy.

(2020-nji ýylyň 14-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 1, 11-nji madda)

 

263-nji madda. Harytlaryň gümrük bahasynyň meňzeş harytlar bilen geleşigiň bahasy boýunça kesgitleniliş usuly

 

1. Harytlaryň gümrük bahasynyň meňzeş harytlar bilen geleşigiň bahasy boýunça kesgitleniliş usuly ulanylanda, şu maddada görkezilen şertler berjaý edilen mahalynda meňzeş harytlar bilen geleşigiň bahasy harytlaryň gümrük bahasyny kesgitlemek üçin esas hökmünde kabul edilýär.

2. Meňzeş harytlar diýlip, bahalandyrylýan harytlar bilen ähli babatda, şol sanda şu aşakdaky alamatlary boýunça birmeňzeş bolan harytlara düşünilýär:

1) fiziki häsiýetnamalary;

2) hili we bazardaky ýörgünliligi;

3) gelip çykan ýurdy;

4) öndürijisi.

3. Daşky görnüşindäki ujypsyz tapawutlar harytlara meňzeş harytlar hökmünde garamakdan ýüz öwürmek üçin esas bolup hyzmat edip bilmez, eger galanlary boýunça şeýle harytlar şu maddanyň ikinji böleginiň talaplaryna laýyk gelýän bolsa.

4. Meňzeş harytlar bilen geleşigiň bahasy gümrük bahasyny kesgitlemek üçin esas hökmünde kabul edilýär, eger ol harytlar:

1) Türkmenistanyň çägine getirmek üçin satylan bolsa;

2) bahalandyrylýan harytlar bilen bir wagtda getirilen ýa-da bahalandyrylýan harytlar getirilmezinden öň togsan günden ir bolmadyk möhletde getirilen bolsa;

3) takmynan şol mukdarda we şol täjirçilik derejesinde (lomaý, bölek satuw) getirilen bolsa.

5. Harytlaryň şol mukdarda we şol täjirçilik derejesinde (lomaý, bölek satuw) getirilen halatlary ýok bolsa, başga mukdarda we başga täjirçilik derejesinde (lomaý, bölek satuw) getirilen meňzeş harytlaryň bahasy, bu tapawutlar nazara alnyp, bahasynyň düzedilmegi bilen, ulanylyp bilner.

6. Eger şu Kodeksiň 265-nji maddasynyň üçünji böleginiň 1-nji bendinde görkezilen meňzeş harytlar üçin çykdajylaryň bahasy aradaşlygynyň we ulaglaryň görnüşleriniň tapawudy zerarly bahalandyrylýan harytlar üçin şeýle çykdajylaryň bahasyndan ep-esli tapawutlanýan bolsa, meňzeş harytlar bilen geleşigiň bahasy boýunça kesgitlenilýän gümrük bahasy degişli derejede düzedilmäge degişlidir.

7. Şu maddanyň bäşinji we altynjy böleklerinde göz öňünde tutulan düzetmeler dogry we resminamaly tassyklanan maglumatlar esasynda amala aşyrylmalydyr.

8. Şu usul ulanylan mahalynda:

1) eger olar bahalandyrylýan harytlaryň öndürilen ýurdunda öndürilen bolmasa, harytlar bahalandyrylýan harytlar bilen meňzeş hasaplanylmaýar.

2) bahalandyrylýan harytlaryň öndürijisi däl-de başga şahs tarapyndan öndürilen harytlar, diňe bahalandyrylýan harytlaryň öndürijisi tarapyndan öndürilen meňzeş harytlar bolmadyk mahalynda üns merkezine alynýar.

9. Eger şu usul ulanylan mahalynda meňzeş harytlar bilen geleşigiň birden köp bahasy ýüze çykarylsa, onda getirilýän harytlaryň gümrük bahasyny kesgitlemek üçin olaryň iň pesi ulanylýar.

 

264-nji madda. Harytlaryň gümrük bahasynyň birkysmy harytlar bilen geleşigiň bahasy boýunça kesgitleniliş usuly

 

1. Harytlaryň gümrük bahasynyň birkysmy harytlar bilen geleşigiň bahasy boýunça kesgitleniliş usuly ulanylanda, şu maddada bellenilen şertler berjaý edilen mahalynda getirilýän harytlar bilen birkysmy harytlar boýunça geleşigiň bahasy harytlaryň gümrük bahasyny kesgitlemek üçin esas hökmünde kabul edilýär.

2. Birkysmy diýlip hemme babatlarda birmeňzeş bolmasalar hem biri-birine golaý häsiýetde bolan we meňzeş düzüm böleklerden durýan, olara bahalandyrylýan harytlaryňky ýaly wezipäni ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän we täjirçilik taýdan biri-birini çalşyp bilýän harytlara düşünilýär. Harytlaryň birkysmylygy kesgitlenilen halatynda olaryň şu aşakdaky alamatlary nazarda tutulýar:

1) hili, haryt nyşanynyň barlygy we bazarda ýörgünliligi;

2) gelip çykan ýurdy;

3) öndürijisi.

3. Harytlaryň gümrük bahasynyň birkysmy harytlar bilen geleşigiň bahasy boýunça kesgitleniliş usuly ulanylanda şu Kodeksiň 263-nji maddasynyň dördünji-dokuzynjy bölekleriniň düzgünleri ulanylýar.

 

265-nji madda. Harytlaryň gümrük bahasynyň bahadan aýyrmak esasynda kesgitleniliş usuly

 

1. Harytlaryň gümrük bahasyny bahadan aýyrmak usuly boýunça kesgitlemek, eger bahalandyrylýan, meňzeş ýa-da birkysmy harytlar, Türkmenistanyň çäginde özüniň ilkibaşdaky ýagdaýyny üýtgetmezden satyljak halatynda amala aşyrylýar.

2. Bahadan aýyrmak usuly ulanylanda harytlaryň gümrük bahasyny kesgitlemek üçin esas hökmünde harytlaryň birliginiň bahasy, ýagny bahalandyrylýan, meňzeş ýa-da birkysmy harytlaryň Türkmenistanyň çäginde has uly tapgyrlarda geleşigiň satyjy bilen özara bagly bolmadyk gatnaşyjysyna (bahalandyrylýan harytlaryň getirilen senesinden togsan günden gijä galman) satylýan bahasy kabul edilýär.

3. Haryt birliginiň bahasyndan şu bahalar aýrylýar:

1) Türkmenistanyň gümrük çäginde şol bir topardaky we görnüşli getirilýän harytlary satmak bilen baglanyşykly adaty tölenilýän (ýa-da tölenilmegi ylalaşylan) komission pul höweslendirmelerini tölemäge çykdajylar ýa-da girdejä adaty üstüne goşma tölegler we umumy çykdajylar;

2) Türkmenistanda harytlaryň getirilmegi we satylmagy bilen baglanyşykly tölenilmäge degişli getiriliş gümrük paçlarynyň, salgytlaryň, ýygymlarynyň pul möçberi;

3) Türkmenistanda ulagly daşamaga, ätiýaçlandyrmaga we ýükleýiş we düşüriş işlerine edilen adaty çykdajylar.

4. Bahalandyrylýan, meňzeş ýa-da birkysmy harytlaryň getirilen pursadyndaky ýaly ýagdaýda satylýan halatlary bolmazdan, deklarantyň haýyşy boýunça goşulan baha düzediş girizmek bilen gaýtadan işlemekden geçen harydyň birliginiň bahasy ulanylyp bilner.

 

266-njy madda. Harytlaryň gümrük bahasynyň baha goşmak esasynda kesgitleniliş usuly

 

Baha goşmak usuly ulanylan mahalynda harytlaryň gümrük bahasyny kesgitlemek üçin esas hökmünde şu aşakdakylary goşmak arkaly hasaplanylan baha kabul edilýär:

1) öndürijiniň bahalandyrylýan harytlaryň öndürilmegi bilen bagly materiallaryň bahasyny we çeken çykdajylaryny;

2) şonuň ýaly görnüşdäki harytlaryň alnyp gidilýän ýurdundan Türkmenistana satmak üçin häsiýetli bolan umumy harajatlary, şol sanda Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçilýän ýerine çenli ulagly daşamak, ýüklemek we düşürmek işlerine, ätiýaçlandyrmaga harajatlary;

3) şeýle harytlaryň Türkmenistana getirilmegi netijesinde eksport ediji tarapyndan adaty alynýan girdejini.

 

267-nji madda. Harytlaryň gümrük bahasyny kesgitlemegiň ätiýaçdaky usuly

 

1. Harytlaryň gümrük bahasynyň deklarant tarapyndan harytlaryň gümrük bahasyny kesgitlemegiň şu Kodeksiň 262-266-njy maddalarynda görkezilen usullaryny yzygiderli ulanmak netijesinde kesgitlenilip bilinmedik halatlarynda ýa-da gümrük edarasy gümrük bahasyny kesgitlemegiň bu usullarynyň ulanylyp bilinmejegini delillendirmek bilen hasap edýän bolsa, onda bahalandyrylýan harytlaryň gümrük bahasy harytlaryň gümrük bahasyny kesgitlemegiň şu Kodeksiň 262-266-njy maddalarynda görkezilen umumy ýörelgeleri ulanmak esasynda we Türkmenistanyň gümrük edaralarynda bar bolan maglumatlar esasynda kesgitlenilýär.

2. Şular harytlaryň gümrük bahasyny ätiýaçdaky usul boýunça kesgitlemek üçin esas hökmünde ulanylyp bilinmez:

1) harytlaryň Türkmenistanyň içerki bazaryndaky bahalary;

2) iň pes gümrük bahasy;

3) harytlaryň alnyp gidilýän ýurdundan üçünji bir ýurda iberilýän bahasy;

4) harydyň erkin bellenilen ýa-da dogry tassyklanylmadyk bahasy.

 

268-nji madda. Harytlaryň gümrük bahasynyň alnyp gidilýän harytlar bilen geleşigiň bahasy boýunça kesgitlenilmegi

 

1. Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilýän harytlaryň gümrük bahasy alnyp gidilýän harytlar üçin eksporta iberilýän mahalynda hakyky tölenilen ýa-da tölenilmäge degişli geleşik bahasy bolup durýar.

2. Harytlaryň gümrük bahasy kesgitlenilen mahalynda geleşik bahasyna, eger olar goşulmadyk bolsa, şu aşakdaky çykdajylar goşulýar:

1) harytlary Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilýän  ýerine eltmek üçin çykdajylar:

a) ulagly daşamagyň bahasy;

b) harytlary ýüklemek, düşürmek, düşürip ýüklemek boýunça çykdajylar;

2) ätiýaçlandyrmagyň bahasy;

3) satyjy tarapyndan çekilen çykdajylar:

a) komission we dellalçylyk höweslendirmeleri;

b) eger Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasyna laýyklykda bahalandyrylýan harytlar bilen bir bitewi hökmünde garalýan bolsa, köp dolanyşykly gaplaryň bahasy;

ç) gaplaýyş materiallarynyň we gaplamak boýunça işleriň bahasyny hem goşmak bilen, harytlaryň gaplanyş bahasy.

3. Harytlaryň gümrük bahasy kesgitlenilende, olar geleşigiň bahasyna goşulan we resminamaly tassyklanylýan şertinde, geleşik bahasyndan şu çykdajylar aýrylýar:

1) enjamlar Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilenden soň, enjamlaryň gurnalmagy, ýygnalmagy, sazlanmagy ýa-da tehniki kömegiň berilmegi üçin çykdajylar;

2) harytlar Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilenden soň, olaryň ulagly daşalmagy boýunça çykdajylar;

3) harytlar Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilenden soň, olaryň eltilmeginiň ätiýaçlandyrylmagynyň bahasy.

(2020-nji ýylyň 14-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 1, 11-nji madda)

 

269-njy madda. Gümrük paçlaryny, salgytlary hasaplamagyň tertibi

 

1. Gümrük paçlary, salgytlar deklarant we gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi üçin başga jogapkär şahslar tarapyndan özbaşdak hasaplanylýar, 236-njy maddanyň ikinji böleginde we şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

2. Şu Kodeksiň 290-njy maddasyna laýyklykda gümrük tölegleriniň tölenmegi hakynda talapnama berlen mahalynda tölenilmäge degişli gümrük paçlarynyň, salgytlaryň hasaplanylmagy gümrük edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Gümrük paçlaryny, salgytlary hasaplamak, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistanyň milli walýutasynda amala aşyrylýar.

4. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberlerini hasaplamak üçin daşary ýurt walýutasynyň gaýtadan hasaplanylmagy talap edilýän halatlarynda, daşary ýurt walýutasynyň Türkmenistanyň milli walýutasyna gümrük deklarasiýasynyň kabul edilen günündäki Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýän hümmeti ulanylýar.

 

270-nji madda. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň möçberlerini ulanmak

 

1. Gümrük paçlaryny, salgytlary hasaplamagyň maksatlary üçin, gümrük edarasy tarapyndan gümrük deklarasiýasynyň kabul edilen günündäki hereket edýän möçberler ulanylýar, şu Kodeksiň 271-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

2. Gümrük paçlaryny, salgytlary hasaplamagyň maksatlary üçin, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen, Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasy boýunça harytlaryň adyna we toparlara bölünişine laýyk gelýän möçberler ulanylýar.

 

271-nji madda. Gümrük işleri babatda hukuk bozulmalarynyň amala aşyrylan halatynda gümrük paçlaryny, salgytlary hasaplamak

 

1. Türkmenistanyň gümrük çägine şu Kodeksde bellenilen talaplaryň we şertleriň bozulmagy bilen getirilen we özleri babatda gümrük paçlary, salgytlar tölenilmedik harytlar babatda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmäge degişli möçberleri Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçilen gününde hereket edýän gümrük paçlarynyň, salgytlaryň möçberlerinden, eger şol güni anyklamak mümkin bolmasa - gümrük edaralary tarapyndan Türkmenistanyň gümrük çägine şeýle harytlaryň bikanun getirilendiginiň fakty ýüze çykarylan gününde hereket edýän möçberlerinden ugur alnyp hasaplanylýar. Degişlilikde içerki gümrük üstaşyrynyň ýa-da wagtlaýyn saklamagyň gümrük amallaryna laýyklykda daşalýan ýa-da saklanylýan harytlar ýitirilen, eltilmedik ýa-da gümrük edaralarynyň rugsady bolmazdan berlen halatynda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmäge degişli pul möçberleri harytlaryň degişli gümrük amalyna ýerleşdirilen gününde hereket edýän möçberlerden ugur alnyp hasaplanylýar.

2. Harytlar Türkmenistanyň gümrük çäginden bikanun alnyp gidilen mahalynda gümrük paçlarynyň tölenilmäge degişli pul möçberleri gümrük paçlarynyň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçilen gününde hereket edýän möçberlerinden, eger şol güni anyklamak mümkin bolmasa - gümrük edaralary tarapyndan Türkmenistanyň gümrük çäginden şeýle harytlaryň bikanun alnyp gidilmeginiň fakty ýüze çykarylan gününde hereket edýän möçberlerinden ugur alnyp hasaplanylýar. 

3. Şertli goýberilen harytlaryň, olaryň gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden doly ýa-da kem-käsleýin boşadylmagy bilen bagly maksatlardan başga maksatlar üçin ulanylan halatynda, gümrük paçlarynyň, salgytlaryň gümrük edarasy tarapyndan gümrük deklarasiýasynyň kabul edilen gününde hereket edýän möçberleri ulanylýar.

4. Harytlaryň gümrük bahasy, olaryň mukdary ýa-da şu madda laýyklykda paçlaryň, salgytlaryň möçberlerini hasaplamak üçin binýady kesgitlemek üçin ulanylýan beýleki häsiýetleri gümrük paçlary, salgytlar ulanylýan gününe görä kesgitlenilýär.

 

27-nji bap. GÜMRÜK PAÇLARYNY, SALGYTLARY

TÖLEMEGIŇ MÖHLETI WE TERTIBI

 

272-nji madda. Gümrük paçlaryny, salgytlary töleýjiler

 

1. Gümrük paçlaryny, salgytlary töleýjiler, şu Kodeksde özlerine gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek borjy ýüklenilen şahslardyr.

2. Islendik şahs töleýjiniň ýerine gümrük paçlaryny, salgytlary tölemäge haklydyr.

 

273-nji madda. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň töleniliş möhleti

 

1. Gümrük paçlary, salgytlar, eger şu Kodeksde başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, şu Kodeksiň 79-njy maddasyna laýyklykda gümrük deklarasiýasynyň berlen gününden gijä galman tölenilýär.

2. Gümrük düzgüni üýtgedilýän halatynda gümrük paçlary, salgytlar, üýtgedilýän gümrük düzgüniniň hereketiniň tamamlanmagy üçin şu Kodeksde bellenilen günden gijä galman tölenilýär.

3. Şertli goýberilen harytlar, olara gümrük ýeňillikleriniň berilmegi bilen bagly maksatlardan başga maksatlar üçin ulanylan halatynda, puşmana töleglerini hasaplamagyň maksatlary üçin gümrük paçlarynyň, salgytlaryň töleniliş möhleti diýlip, şahs tarapyndan harytlary peýdalanmaga we olara ygtyýarlyk etmäge çäklendirmäniň bozulan ilkinji güni hasap edilýär. Eger şol güni anyklamak mümkin bolmasa, gümrük paçlarynyň, salgytlaryň töleniliş möhleti diýlip, gümrük edarasy tarapyndan şeýle harytlaryň gümrük deklarasiýasynyň kabul edilen güni hasap edilýär.

4. Şu Kodekse laýyklykda gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek borjuna eltýän gümrük amallarynyň talaplary we şertleri bozulan halatynda, puşmana töleglerini hasaplamagyň maksatlary üçin gümrük paçlarynyň, salgytlaryň töleniliş möhleti diýlip, şeýle düzgün bozulmanyň amala aşyrylan güni hasap edilýär. Eger şol güni anyklamak mümkin bolmasa, gümrük paçlarynyň, salgytlaryň töleniliş möhleti diýlip, degişli gümrük amalynyň hereketiniň başlan güni hasap edilýär.

 

274-nji madda. Deslapky tölegler

 

1. Deslapky tölegler, gümrük edarasynyň hasabyna geljekki gümrük tölegleriniň hasabyna geçirilen we töleýji tarapyndan gümrük tölegleriniň anyk görnüşlerine we pul möçberlerine bellenilmedik pul serişdeleridir.

2. Gümrük edaralary tarapyndan deslapky tölegler hökmünde alnan pul serişdeleri deslapky tölegi geçiren şahsyň emlägi bolup durýar we bu şahs gümrük edarasyna bu barada görkezme berýänçä ýa-da gümrük edarasy şu Kodeksiň 293-nji maddasyna laýyklykda deslapky töleg babatda tutup almagy ulanýança oňa gümrük tölegi hökmünde seredilip bilinmez. Deslapky tölegi geçiren şahsyň görkezmesi hökmünde onuň ýa-da onuň adyndan gümrük deklarasiýasynyň berilmegi ýa-da öz pul serişdelerini gümrük tölegi hökmünde ulanmagy niýetleýändigine şaýatlyk edýän beýleki hereketleri amala aşyrmagyna garalýar.

3. Töleýjiniň talap etmegi boýunça gümrük edarasy töleýjiniň pul serişdeleriniň sarp edilişine bilelikdäki takyklamagy geçirýär. Şeýle takyklamagyň netijeleri gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýän görnüşdäki nama bilen resmileşdirilýär. Nama iki nusgada taýýarlanylyp, oňa gümrük edarasynyň ýolbaşçysy (ýa-da ygtyýarly wezipeli adamy) we töleýji tarapyndan gol çekilýär. Gol çekilenden soň, namanyň bir nusgasy töleýjä goşwurylmaga degişlidir.

4. Deslapky tölegleri (galyndysyny) yzyna gaýtaryp bermek, eger olaryň yzyna gaýtarylyp berilmegi baradaky arza olaryň gümrük edarasynyň hasabyna gelip gowşan gününden başlap üç ýylyň dowamynda berlen bolsa, şu Kodeksde gümrük paçlaryny, salgytlary yzyna gaýtaryp bermek üçin göz öňünde tutulan düzgünler boýunça amala aşyrylýar.

 

275-nji madda. Gümrük paçlaryny, salgytlary tölemegiň tertibi we görnüşleri

 

1. Gümrük paçlary, salgytlar Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölenilýär.

2. Gümrük paçlary, salgytlar, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistanyň milli walýutasynda tölenilýär.

3. Gümrük paçlary, salgytlar, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, islendik görnüşde tölenilip bilner.

4. Töleýjiniň talap etmegi boýunça gümrük edaralary gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilendigi barada ýazmaça görnüşde tassyklama bermäge borçludyr.

 

276-njy madda. Gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek boýunça borjuň ýerine ýetirilmegi

 

Eger aşakda görkezilen pul serişdeleriniň pul möçberi gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek boýunça bergileriň pul möçberinden az bolmasa, gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek boýunça borç:

1) töleýjiniň bankdaky hasabyndan pul serişdeleriniň hasapdan öçürilen pursadyndan;

2) nagt pul serişdeleriniň bankyň pulhanasyna geçirilen pursadyndan;

3) gümrük paçlarynyň, salgytlaryň artyk tölenen ýa-da artyk tutulyp alnan pul möçberleriniň gümrük paçlaryny, salgytlary tölemegiň hasabyna geçirilen hasap edilen pursadyndan, eger şeýle hasap etme töleýjiniň öz başlangyjy bilen geçirilýän bolsa - hasap etme baradaky arzanyň kabul edilen pursadyndan;

4) deslapky tölegleriň gümrük paçlaryny, salgytlary tölemegiň hasabyna geçirilen hasap edilen pursadyndan, eger şeýle hasap etme töleýjiniň öz başlangyjy bilen geçirilýän bolsa – hasap etme barada görkezmäniň gümrük edarasy tarapyndan alnan pursadyndan;

5) bank ýa-da ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan bank kepilligine ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda tölenilen, şeýle hem kepil geçiji tarapyndan kepil geçmegiň şertnamasyna laýyklykda tölenilen pul serişdeleriniň gümrük paçlaryny, salgytlary tölemegiň hasabyna geçirilen hasap edilen pursadyndan;

6) özleri babatda gümrük paçlary, salgytlar tölenilmedik harytlaryň ýa-da girew goýlan zatlaryň ýa-da töleýjiniň beýleki emläginiň hasabyna tutulyp alnan pursadyndan,

şu Kodeksde bellenilen aýratynlyklary nazara almak bilen ýerine ýetirilen hasap edilýär.

 

28-nji bap. GÜMRÜK PAÇLARYNYŇ, SALGYTLARYŇ

TÖLENILIŞ MÖHLETINI ÜÝTGETMEK

 

277-nji madda. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň töleniliş möhletini üýtgetmegiň umumy şertleri

 

1. Şu Kodeksiň 278-nji maddasynda bellenilen esaslaryň bar bolan ýagdaýynda gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy ýa-da ol tarapyndan kesgitlenilýän gümrük edaralary, gümrük paçlaryny, salgytlary töleýjiniň arzasy esasynda, gümrük paçlarynyň, salgytlaryň töleniliş möhletini ýazmaça görnüşde üýtgedip biler.

2. Gümrük paçlarynyň töleniliş möhletini üýtgetmek bir aýdan üç aýa çenli möhlet bilen yza süýşürmek ýa-da tölegleri möhletlere bölüp tölemek görnüşinde amala aşyrylýar.

Salgytlaryň töleniliş möhletini üýtgetmek otuz günden artyk bolmadyk möhlet bilen yza süýşürmek görnüşinde amala aşyrylýar.

3. Gümrük paçlaryny, salgytlary tölemegi yza süýşürmäge ýa-da tölegleri möhletlere bölüp tölemäge rugsat bermek baradaky çözgüt bu barada arza berlen gününden başlap on günden artyk bolmadyk möhletde kabul edilýär.

4. Gümrük paçlaryny, salgytlary tölemegi yza süýşürmäge ýa-da tölegleri möhletlere bölüp tölemäge rugsat tölemäge degişli bolan gümrük paçlarynyň, salgytlaryň ähli pul möçberine ýa-da onuň bölegine berlip bilner.

Yza süýşürme ýa-da tölegleri möhletlere bölüp töleme döwründe şeýle yza süýşürme ýa-da tölegleri möhletlere bölüp töleme rugsat berlen gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberlerine puşmana tölegler hasaplanyp ýazylmaýar, şu Kodeksiň 280-nji maddasynyň dördünji böleginde görkezilen halat muňa degişli däldir.

5. Gümrük paçlaryny, salgytlary tölemegi yza süýşürmäge ýa-da tölegleri möhletlere bölüp tölemäge, gümrük paçlaryny, salgytlary tölemegiň şu Kodeksiň 29-njy babynda göz öňünde tutulan tertipde üpjün edilen şertlerinde rugsat berilýär.

6. Gümrük paçlaryny, salgytlary tölemegi yza süýşürmäge ýa-da tölegleri möhletlere bölüp tölemäge rugsat bermek ýa-da ony bermekden ýüz öwürmek hakynda çözgüt onuň berilmegi barada ýüz tutan töleýjä ýazmaça görnüşde ýetirilýär. Çözgütde gümrük paçlaryny, salgytlary tölemegi yza süýşürmäge ýa-da tölegleri möhletlere bölüp tölemäge rugsat berilýän möhlet görkezilýär, gümrük paçlaryny, salgytlary tölemegi yza süýşürmäge ýa-da tölegleri möhletlere bölüp tölemäge rugsat bermekden ýüz öwrülen halatynda – şeýle çözgüdiň sebäpleri görkezilýär.

7. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti gümrük paçlaryny, salgytlary tölemegi has uzak möhletlere yza süýşürmäge ýa-da tölegleri möhletlere bölüp tölemäge rugsat bermegi göz öňünde tutýan çözgüt kabul etmäge haklydyr.

 

278-nji madda. Gümrük paçlaryny, salgytlary tölemegi yza süýşürmäge ýa-da tölegleri möhletlere bölüp tölemäge rugsat bermek üçin esaslar

 

Gümrük paçlaryny, salgytlary tölemegi yza süýşürmäge ýa-da tölegleri möhletlere bölüp tölemäge, gümrük paçlaryny, salgytlary töleýjä şu esaslaryň iň bolmanda biri bolan mahalynda rugsat berilýär:

1) bu şahsa tebigy betbagtçylyk, tehnologiki heläkçilik ýa-da öňüni alyp bolmajak güýjüň beýleki ýagdaýlary netijesinde zyýan ýetirilmegi;

2) Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň çalt zaýalanýan harytlar bolmagy;

3) ibermeleriň şahs tarapyndan hökümetara ylalaşyk esasynda amala aşyrylmagy;

4) Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki esaslar.

 

279-njy madda. Gümrük paçlaryny, salgytlary tölemegi yza süýşürmäge ýa-da tölegleri möhletlere bölüp tölemäge rugsat bermegi aradan aýyrýan ýagdaýlar

 

Eger gümrük paçlaryny, salgytlary  töleýji babatda:

1) Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyny bozmak bilen bagly jenaýat alamatlary boýunça jenaýat işi gozgalan bolsa;

2) batmak amaly gozgalan bolsa;

3) Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlarda gümrük paçlaryny, salgytlary tölemegi yza süýşürmäge ýa-da tölegleri möhletlere bölüp tölemäge rugsat berilmeýär.

 

280-nji madda. Gümrük paçlaryny, salgytlary tölemegi yza süýşürmegiň ýa-da tölegleri möhletlere bölüp tölemegiň hereketiniň bes edilmegi

 

1. Gümrük paçlaryny, salgytlary tölemegi yza süýşürmegiň ýa-da tölegleri möhletlere bölüp tölemegiň hereketi degişli çözgüdiň möhletiniň tamamlanmagy bilen bes edilýär ýa-da şu maddada göz öňünde tutulan halatlarda şeýle möhlet tamamlanmanka möhletinden öň bes edilip bilner.

2. Gümrük paçlaryny, salgytlary tölemegi yza süýşürmegiň ýa-da tölegleri möhletlere bölüp tölemegiň hereketi, töleýji tarapyndan bergileriň pul möçberleriniň ählisi bellenilen möhlet tamamlanmazdan öň tölenilen halatynda, möhletinden öň bes edilýär.

3. Töleýjide şu Kodeksiň 279-njy maddasynda görkezilen ýagdaýlar ýüze çykarylan mahalynda gümrük paçlaryny, salgytlary tölemegi yza süýşürmek ýa-da tölegleri möhletlere bölüp tölemek baradaky çözgüt ýatyrylmaga degişlidir.

4. Töleýji tarapyndan gümrük paçlaryny, salgytlary tölemegi yza süýşürmäge ýa-da tölegleri möhletlere bölüp tölemäge rugsat bermegiň şertleri bozulan halatynda, degişli gümrük edarasynyň çözgüdi boýunça olaryň hereketi möhletinden öň ýatyrylmaga degişlidir.

Şeýle halatlarda töleýji degişli çözgüdi alandan soň, bäş günüň dowamynda çözgüdiň kabul edilen gününe görä gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmedik pul möçberini tölemäge borçludyr.

5. Gümrük paçlaryny, salgytlary tölemegi yza süýşürmegiň ýa-da tölegleri möhletlere bölüp tölemegiň hereketiniň möhletinden öň bes edilmegi baradaky çözgüt gümrük edarasy tarapyndan, şeýle çözgüdiň kabul edilen gününden başlap üç günüň dowamynda, töleýjä ýazmaça görnüşde ýetirilýär.

 

29-njy bap. GÜMRÜK PAÇLARYNYŇ, SALGYTLARYŇ

TÖLENILMEGINI ÜPJÜN ETMEK

 

281-nji madda. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegini üpjün etmegiň umumy şertleri

 

1. Gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek borjunyň ýerine ýetirilmegi şu halatlarda üpjün edilýär:

1) gümrük paçlaryny, salgytlary tölemegi yza süýşürmäge ýa-da tölegleri möhletlere bölüp tölemäge rugsat berlende;

2) harytlar şertli goýberilende;

3) daşary ýurt harytlary daşalanda we (ýa-da) saklanylanda;

4) gümrük işi babatda iş amala aşyrylanda.

2. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmeginiň üpjün edilmegi olaryň tölenilmegi üçin jogapkär şahs tarapyndan ýa-da gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi üçin jogapkär şahsyň peýdasyna islendik beýleki bir şahs tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmeginiň üpjün edilmegini yzyna gaýtaryp bermek gümrük edarasynyň üpjün edilen borçnamanyň ýerine ýetirilendigine göz ýetirenden soň üç günden gijä galman ýa-da şerti gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmeginiň üpjün edilmegi bolup durýan iş bes edilenden soň amala aşyrylýar.

 

282-nji madda. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegini üpjün etmegiň möçberi

 

1. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegini üpjün etmegiň möçberi gümrük edarasy tarapyndan harytlaryň erkin dolanyşyga goýberilen ýa-da olaryň eksport gümrük düzgünine laýyklykda alnyp gidilen mahalynda tölenilmäge degişli gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberlerinden ugur alnyp kesgitlenilýär we ol gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmäge degişli pul möçberlerinden az bolup bilmez.

2. Eger gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegini üpjün etmegiň möçberi bellenilýän mahalynda, gümrük edarasyna harytlaryň häsiýeti, olaryň atlary, mukdary, gelip çykan ýurdy we gümrük bahasy barada takyk maglumatlar berilmedik halatynda tölenmäge degişli gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberini takyk kesgitlemek mümkin bolmasa, üpjün etmegiň möçberi gümrük paçlarynyň, salgytlaryň möçberleriniň iň ýokary ululygyndan, harytlaryň bar bolan maglumatlar esasynda kesgitlenilip bilinjek bahasyndan we (ýa-da) olaryň mukdaryndan ugur alnyp kesgitlenilýär.

3. Şu Kodeksiň 92-nji maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan halatda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegini üpjün etmegiň möçberi gümrük edarasy tarapyndan, şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde bellenilen talaplary nazara almak bilen goşmaça hasaplanyp ýazylyp bilinjek gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberi bilen tölenilen gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberiniň arasyndaky tapawut hökmünde kesgitlenilýär.

4. Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasynyň harytlaryň aýratyn görnüşleri babatda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegini üpjün etmegiň kesgitlenilen möçberini, şu maddanyň birinji we ikinji böleginde bellenilen talaplary nazara almak bilen, bellemäge hukugy bardyr.

 

283-nji madda. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegini üpjün etmegiň usullary 

 

1. Gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek şu usullar arkaly üpjün edilýär:

1) harytlary we başga emlägi girew goýmak;

2) bank kepilligi;

3) kepil geçmek;

4) ätiýaýaçlandyryş şertnamasy.

2. Gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek üçin jogapkär şahs gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegini üpjün etmegiň şu maddanyň birinji böleginde görkezilen usullaryndan birini ýa-da bir wagtda birnäçesini ulanmaga haklydyr.

 

284-nji madda. Harytlary we başga emlägi girew goýmak

 

1. Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän harytlar, şeýle hem Türkmenistanyň raýat kanunçylygyna laýyklykda girew goýlan zat bolup biljek başga emläk girew goýlan zat bolup biler.

2. Girew gümrük edarasy bilen girew goýujynyň arasyndaky şertnama bilen resmileşdirilýär. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi üçin jogapkär şahs ýa-da islendik bir beýleki şahs girew goýujy bolup biler.

3. Gümrük edaralarynyň öňünde girew bilen üpjün edilen borçnama ýerine ýetirilmedik halatynda, gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek boýunça berginiň pul möçberi gümrük edaralary tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet býujetine girew goýlan emlägiň bahasynyň hasabyna geçirilýär.

4. Eger girew goýlan zat gümrük gözegçiligi astyndaky we gümrük edaralaryna berlen harytlar bolup durýan bolsa, gümrük edaralarynyň talaplaryny bu harytlaryň hasabyna kanagatlandyrmak kazyýete ýüz tutmazdan, şu Kodeksiň 39-njy babynda göz öňünde tutulan tertipde amala aşyrylýar. Beýleki girew goýlan emlägiň hasabyna tutup almak, emlägiň girewi bilen bagly döreýän hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

5. Emlägiň girew goýlan halatynda, girew goýlan zat, eger gümrük edarasy başgaça çözgüt kabul etmese, girew goýujyda galýar.

Girew goýujynyň, üpjün edilmegine emlägiň girewi resmileşdirilen borç ýerine ýetirilýänçä, girew goýlan zada ygtyýarlyk etmäge haky ýokdur.

 

285-nji madda. Bank kepilligi

 

Gümrük edaralary gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegini üpjün etmek hökmünde, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berlen bank kepilliklerini kabul edýär.

 

286-njy madda. Kepil geçmek

 

1. Kepil geçmek Türkmenistanyň raýat kanunçylygyna laýyklykda, gümrük edarasy bilen kepil geçijiniň arasynda şertnama baglaşmak ýoly bilen resmileşdirilýär.

2. Kepil geçiji hökmünde gümrük dellallary, wagtlaýyn saklanylýan ammarlara, gümrük ammarlaryna, paçsyz söwda dükanlaryna eýelik edýänler, şeýle hem beýleki şahslar çykyş edip biler.

3. Eger töleýji gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek boýunça borjuny ýerine ýetirmedik bolsa, onda kepil geçmegiň hasabyna bellenilen möhletde gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmäge degişli pul möçberlerini tölemek boýunça borç, töleýjiniň ýerine  kepil geçiji tarapyndan ýerine ýetirilýär.

 

287-nji madda. Ätiýaçlandyrmagyň şertnamasynyň gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegini üpjün etmek hökmünde ulanylmagy

 

Gümrük edaralary gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegini üpjün etmek hökmünde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda baglaşylan ätiýaçlandyrmagyň şertnamalaryny kabul edýär.

 

30-njy bap. GÜMRÜK PAÇLARYNY, SALGYTLARY

TUTUP ALMAK

 

288-nji madda. Gümrük paçlaryny, salgytlary mejbury tutup almagyň umumy düzgünleri

 

1. Gümrük paçlary, salgytlar bellenilen möhletde tölenilmedik ýa-da doly tölenilmedik halatynda, gümrük edaralary, şu bapda kesgitlenilen tertipde gümrük paçlaryny we salgytlary mejbury tutup alýar, şu maddanyň bäşinji böleginde görkezilen halatlar muňa degişli däldir.

2. Gümrük paçlaryny, salgyrlary mejbury tutup almak çärelerini ulanýança, gümrük edarasy şu Kodeksiň 290-njy maddasynyň düzgünlerine laýyklykda töleýjä gümrük tölegleriniň tölenmegi hakynda talapnama berýär, şu Kodeksiň 292-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

3. Ýuridik şahslardan we hususy telekeçilerden gümrük paçlaryny, salgyrlary mejbury tutup almak şu ýollar bilen amala aşyrylýar:

1) gümrük paçlaryny, salgytlary töleýjiniň banklardaky hasaplarynda bar bolan pul serişdeleriniň hasabyna tutup almak;

2) gümrük edaralarynda degişlilikde bank kepilligi, ätiýaçlandyrmagyň şertnamasy ýa-da kepil geçmek bar bolsa, gümrük paçlaryny, salgytlary bankdan, ätiýaçlandyryjydan ýa-da kepil geçijiden şu maddanyň ikinji böleginde we üçünji böleginiň 1-nji bendinde göz öňünde tutulan tertipde tutup almak;

3) gümrük paçlaryny, salgytlary töleýjiniň beýleki emläkleriniň hasabyna tutup almak;

4) gümrük paçlaryny, salgytlary kazyýet tertibinde tutup almak.

4. Fiziki şahslardan gümrük paçlaryny, salgytlary mejbury tutup almak kazyýet tertibinde geçirilýär, hususy telekeçiler muňa degişli däldir.

5. Şu ýagdaýlarda gümrük paçlaryny, salgytlary mejbury tutup almak geçirilmeýär:

1) gümrük tölegleriniň tölenmegi hakynda talapnama gümrük paçlaryny, salgyrlary tölemegiň möhletiniň tamamlanan gününden başlap ýa-da şu Kodekse laýyklykda şahslary gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek borjuna getiren wakanyň gelen gününden başlap üç ýylyň dowamynda töleýjä berilmedik bolsa;

2) gümrük edarasynyň mejbury tutup almagyň kesgitli çäresini ulanmaga eden çykdajylarynyň pul möçberi gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tutulyp alynýan pul möçberinden artýan bolsa.

 

289-njy madda. Puşmana tölegleri

 

1. Gümrük paçlary, salgytlar bellenilen möhletde tölenilmedik halatynda puşmana tölegleri hasaplanyp ýazylýar we olar tölenilmäge degişlidir.

2. Puşmana tölegleri gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmedik pul möçberiniň 0,03 göterimi möçberinde, gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek boýunça borjuň ýerine ýetirilen gününi hem goşmak bilen, gümrük paçlaryny, salgytlary tölemegiň möhletiniň tamamlanan gününiň yzyndan gelýän günden başlap gümrük paçlaryny, salgytlary tölemegiň gijikdirilen her güni üçin hasaplanylyp ýazylýar. Şunda, puşmana tölegleriniň hasaplanylyp ýazylýan döwri gümrük paçlaryny, salgytlary tölemegiň möhletiniň tamamlanan gününiň yzyndan gelýän günden başlap bäş ýyldan uzak bolup bilmez.

3. Wagtlaýyn saklanylýan ammarda duran mahalynda gümrük deklarasiýasyny bermegiň möhletiniň bozulan halatynda, şu Kodeksiň 10-njy babynda bellenilen wagtlaýyn saklamagyň döwri üçin puşmana tölegleri hasaplanyp ýazylmaýar.

4. Puşmana tölegleri gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberleriniň tölenmegi bilen bir wagtda ýa-da şeýle pul möçberleri tölenilenden soň, ýöne gümrük tölegleriniň tölenmegi hakynda talapnama berlen pursadyndan başlap on günden gijä galman tölenilýär.

5. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenmegi hasaplanyp ýazylan puşmana töleglerini tölemek borjundan, hasaplanyp ýazylan puşmana tölegleriniň tölenmegi bolsa – tölenilmedik gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek borjundan boşatmaýar.

6. Puşmana töleglerini tölemek, tutup almak we yzyna gaýtaryp bermek, şu Kodeksde göz öňünde tutulan, gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekde, tutup almakda we yzyna gaýtaryp bermekde ulanylyşy ýaly tertipde amala aşyrylýar.

(2023-nji ýylyň 30-njy sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № ..., ...-nji madda)

 

290-njy madda. Gümrük tölegleriniň tölenmegi hakynda talapnama 

 

1. Gümrük tölegleriniň tölenmegi hakynda talapnama, bellenilen möhletde tölenilmedik gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberi, şeýle hem şu talapnama bilen bellenilen möhletde gümrük paçlaryny, salgytlary we hasaplanyp ýazylan puşmana töleglerini tölemek borjy baradaky gümrük edarasynyň ýazmaça görnüşde habar bermegidir.

2. Gümrük tölegleriniň tölenmegi hakynda talapnamada tölenilmäge degişli gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberi we gümrük tölegleriniň tölenmegi hakynda talapnamanyň berlen gününe görä hasaplanyp ýazylan puşmana tölegleriniň möçberi, şu Kodekse laýyklykda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň, puşmana tölegleriniň töleniliş möhleti, gümrük tölegleriniň tölenmegi hakynda talapnamany ýerine ýetirmegiň möhleti, şeýle hem töleýji tarapyndan gümrük tölegleriniň tölenmegi hakynda talapnamanyň ýerine ýetirilmedik halatynda ulanylýan gümrük paçlaryny, salgytlary mejbury tutup almak we olaryň tutulyp alynmagyny üpjün etmek boýunça çäreler we gümrük tölegleriniň tölenmegi hakynda talapnamany bermegiň esaslary barada maglumatlar bolmalydyr. Gümrük tölegleriniň tölenmegi hakynda talapnamanyň görnüşi gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýar.

3. Gümrük tölegleriniň tölenmegi hakynda talapnama, gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenmezliginiň ýa-da doly tölenmezliginiň fakty ýüze çykarylan gününden başlap on günden gijä galman, töleýjä iberilmelidir. Gümrük tölegleriniň tölenmegi hakynda talapnama töleýjä, gol çekdirmek bilen hut özüne ýa-da onuň alnan faktyny we senesini tassyklaýan başga usul bilen, gowşurylyp bilner. Eger töleýji görkezilen talapnamany almakdan boýun gaçyrýan bolsa, ol buýurma hat bilen poçta arkaly iberilýär. Buýurma hatyň iberilen gününden alty günüň geçmegi bilen gümrük tölegleriniň tölenmegi hakynda talapnama alnan hasap edilýär.

4. Gümrük tölegleriniň tölenmegi hakynda talapnama töleýjä onuň administratiw ýa-da jenaýat jogapkärçiligine çekilendigine garamazdan iberilýär.

5. Gümrük tölegleriniň tölenmegi hakynda talapnamanyň ýerine ýetiriliş möhleti, töleýji tarapyndan gümrük tölegleriniň tölenmegi hakynda talapnamanyň alnan gününiň yzyndan gelýän günden başlap, on günden ybaratdyr. 

6. Gümrük tölegleriniň tölenmegi hakynda talapnama ýerine ýetirilmedik halatynda, gümrük edaralary şu baba laýyklykda gümrük paçlaryny, salgytlary mejbury tutup almak boýunça çäreleri görýär.

 

291-nji madda. Gümrük paçlaryny, salgytlary töleýjiniň bank hasabyndaky bar bolan pul serişdeleriniň hasabyna tutup almak (jedelsiz tutup almak)

 

1. Gümrük tölegleriniň tölenmegi hakynda talapnama bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmedik mahalynda, gümrük edarasy gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberlerini töleýjiniň bank hasabyndaky bar bolan pul serişdeleriniň hasabyna jedelsiz tertipde tutup almak barada çözgüt (mundan beýläk – jedelsiz tutup almak baradaky çözgüt) kabul edýär.

Jedelsiz tutup almak baradaky çözgüdiň görnüşi gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýar.

2. Jedelsiz tutup almak baradaky çözgüt, töleýjiniň hasaplary açylan banka tutulyp alynýan pul serişdelerini töleýjiniň hasaplaryndan hasapdan öçürmäge we gümrük edarasynyň hasabyna geçirmäge inkassa tabşyrygyny ibermek üçin esas bolup durýar.

3. Gümrük paçlaryny, salgytlary jedelsiz tutup almak töleýjiniň bank hasaplaryndan tutup almak arkaly amala aşyrylýar, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, karz we býujet hasaplary muňa degişli däldir. Gümrük paçlaryny, salgytlary daşary ýurt walýutasynda açylan bank hasaplaryndan jedelsiz tutup almak, gümrük paçlarynyň, salgytlaryň Türkmenistanyň milli walýutasynda tölemäge degişli pul möçberlerine Türkmenistanyň Merkezi bankynyň hakykatda tutulyp alynýan gündäki hümmeti boýunça barabar bolan pul möçberlerde amala aşyrylýar.

Daşary ýurt walýutasynda açylan bank hasaplarynda duran pul serişdeleri tutulyp alnan mahalynda gümrük edarasynyň ýolbaşçysy ýa-da onuň ornuny tutýan adam inkassa tabşyrygy bilen bir wagtda töleýjiniň bankyna töleýjiniň daşary ýurt walýutasynda saklanylýan pul serişdeleriniň satylmagy üçin tabşyryknama iberýär.

4. Gümrük edarasynyň inkassa tabşyrygy bank tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we möhletde ýerine ýetirilýär.

5. Jedelsiz tutup almak gümrük edarasynda jedelsiz tutup almak baradaky çözgüdi resmileşdirmek üçin zerur bolan maglumatlaryň bolmadyk halatynda amala aşyrylmaýar.

 

292-nji madda. Özleri babatda gümrük paçlary, salgytlar tölenilmedik harytlaryň hasabyna gümrük paçlaryny, salgytlary tutup almak

 

1. Şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda, şeýle hem töleýjiniň hasabynda pul serişdeleriniň bolmadyk ýa-da töleýjiniň hasaby barada maglumatlaryň bolmadyk halatynda, gümrük edaralary gümrük paçlaryny, salgytlary, eger harytlar şu Kodeksde bellenilen tertibe laýyklykda erkin dolanyşyga goýberilmedik bolsa, özleri babatda gümrük paçlary, salgytlar tölenilmedik harytlaryň hasabyna tutup almaga haklydyr.

2. Gümrük tölegleriniň tölenmegi hakynda talapnamany ibermezden özleri babatda gümrük paçlary, salgytlar tölenilmedik harytlaryň hasabyna tutup almaga şu aşakdaky halatlarda ýol berilýär, eger:

1) wagtlaýyn saklanylýan ammarda ýa-da gümrük ammarynda harytlary saklamagyň aňryçäk möhleti geçen bolsa;

2) gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek üçin jogapkär şahs gümrük edaralary tarapyndan anyklanylmadyk bolsa.

3. Gümrük paçlaryny, salgytlary harytlaryň hasabyna tutup almak kazyýetiň çözgüdi esasynda amala aşyrylýar, şeýle harytlaryň gümrük edaralaryna girew goýlan zat hökmünde berlen, şeýle hem wagtlaýyn saklanylýan ammarda ýa-da gümrük ammarynda saklanylmagynyň aňryçäk möhleti geçen harytlaryň hasabyna tutulyp alynýan halatlary muňa degişli däldir.

4. Tutup almak, diňe özleri babatda gümrük paçlary, salgytlar şu Kodeksde göz öňünde tutulan tertipde we möhletlerde tölenilmedik ýa-da doly tölenilmedik harytlaryň hasabyna amala aşyrylýar.

5. Gümrük paçlaryny, salgytlary harytlaryň hasabyna tutup almak, şeýle harytlaryň kimiň eýeçiliginde durandygyna garamazdan amala aşyrylýar.

6. Harytlary ýerlemekden alnan pul möçberlerine ygtyýarlyk etmek şu Kodeksiň 354-nji maddasyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

293-nji madda. Gümrük paçlaryny, salgytlary töleýjiniň başga emläginiň hasabyna tutup almak

 

1. Gümrük tölegleriniň tölenmegi hakynda talapnamanyň ýerine ýetirilmedik we töleýjiniň hasabynda pul serişdeleriniň ýeterlik bolmadyk ýa-da düýbünden bolmadyk ýa-da töleýjiniň hasaplary barada maglumatlaryň bolmadyk mahalynda, gümrük edaralary tölenilmäge degişli gümrük paçlaryny, salgytlary deslapky tölegleriň alynmadyk pul möçberleriniň galyndysynyň ýa-da töleýjiniň başga emläginiň, şol sanda nagt pul serişdeleriniň hasabyna tutup almaga haklydyr.

2. Deslapky tölegleriň pul möçberleriniň hasabyna tutup almak, eger töleýji gümrük tölegleriniň tölenmegi hakynda talapnamada görkezilip, bu barada duýdurylan bolsa, bu serişdeleriň gümrük edarasynyň hasabynda saklanylýan möhletiniň dowamynda gümrük edarasynyň ýolbaşçysynyň ýa-da onuň ýerine galan şahsyň çözgüdi boýunça amala aşyrylýar. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň deslapky tölegleriň hasabyna tutulyp alnandygy barada gümrük edarasy görkezilen serişdeleri gümrük edarasynyň hasabyna geçiren şahsa, tutulyp alnandan soň bir günüň dowamynda, ýazmaça görnüşde habar berýär.

3. Gümrük paçlaryny, salgytlary töleýjiniň başga emläginiň hasabyna tutup almak Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

294-nji madda. Jedelsiz tutup almak baradaky çözgüdi ýerine ýetirmek boýunça banklaryň borçlary

 

1. Banklar jedelsiz tutup almak baradaky çözgüdi ýerine ýetirmäge borçludyr.

2. Jedelsiz tutup almak baradaky çözgüt, şeýle çözgüt alnan gününiň yzyndan gelýän bir operasion günüň dowamynda bank tarapyndan ýerine ýetirilýär.

3. Töleýjiniň hasabynda pul serişdeleriniň bar bolan mahalynda banklaryň jedelsiz tutup almak baradaky çözgüdi ýerine ýetirmegi gijikdirmäge haky ýokdur.

4. Şu maddada göz öňünde tutulan borçlaryň ýerine ýetirilmändigi ýa-da kanagatlanarsyz ýerine ýetirilendigi üçin banklar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

 

31-nji bap. GÜMRÜK PAÇLARYNY, SALGYTLARY

YZYNA GAÝTARYP BERMEK

 

295-nji madda. Artyk tölenilen ýa-da artyk tutulyp alnan gümrük paçlaryny, salgytlary yzyna gaýtaryp bermek

 

1. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň artyk tölenilen ýa-da artyk tutulyp alnan pul möçberi (mundan beýläk – artyk tölenilen pul möçberi) gümrük paçlary, salgytlar hökmünde hakykatda tölenilen ýa-da tutulyp alnan, möçberi şu Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda tölenilmäge degişli pul möçberinden artyk bolan pul serişdeleriniň möçberidir.

2. Artyk tölenilen gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberi töleýjiniň arzasy boýunça gümrük edarasy tarapyndan yzyna gaýtarylyp berilmäge degişlidir. Töleýjiniň arzasy hasabyna artyk tölenilen gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberi gelip gowşan gümrük edarasyna, artyk tölenilen gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberiniň gelip gowşan gününden başlap bäş ýyldan gijä galman berilýär we töleýjiniň gümrük edarasyna arza beren gününden başlap on günüň dowamynda gümrük edarasy tarapyndan seredilýär.

3. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň artyk tölenilen pul möçberlerini yzyna gaýtaryp bermek gümrük edarasynyň netijenamasy esasynda, ygtyýarly döwlet maliýe edarasy tarapyndan şeýle netijenamanyň alnan gününden başlap ýigrimi günüň dowamynda amala aşyrylýar.

4. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň artyk tölenilen pul möçberlerini yzyna gaýtarmak, töleýjiniň islegi boýunça, olaryň beýleki gümrük töleglerini, puşmana tölegleri, jerimeleri tölemek boýunça borçlary ýerine ýetirmegiň hasabyna hasap edilmegi görnüşinde amala aşyrylyp bilner. Artyk tölenilen gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberleriniň hasap edilmegi, şu maddanyň altynjy böleginiň düzgünlerini nazara almak bilen, şu madda laýyklykda yzyna gaýtaryp bermegiň tertibindäki ýaly amala aşyrylýar. 

5. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň artyk tölenen pul möçberleri yzyna gaýtarylyp berilýän mahalynda yzyna gaýtarylýan gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberinden tölenen puşmana tölegleriň pul möçberleri hem yzyna gaýtarylyp berilmäge degişlidir, şu Kodeksiň 296-njy maddasyna laýyklykda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň yzyna gaýtarylyp berilmegi muňa degişli däldir.

6. Şu halatlarda artyk tölenilen gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberleri yzyna gaýtarylyp berilmeýär:

1) töleýjide gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek boýunça, yzyna gaýtarylyp berilmäge degişli gümrük paçlarynyň, salgytlaryň artyk tölenen pul möçberiniň ululygynda bergi bolan mahalynda. Görkezilen halatda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň artyk tölenen pul möçberi hasap edilip bilner;

2) bellenilen möhletler tamamlanandan soň, gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberlerini yzyna gaýtaryp bermek barada arza berlen halatynda.

7. Gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek boýunça bergi bolan mahalynda, gümrük edarasy gümrük paçlarynyň, salgytlaryň artyk tölenen pul möçberleriniň hasabyna ony özbaşdak üzmäge haklydyr. Gümrük edarasy hasap etmegiň amala aşyrylan gününiň yzyndan gelýän günden gijä galman, şeýle hasap etmek barada töleýjini habardar etmäge borçludyr. 

8. Gümrük paçlary, salgytlar yzyna gaýtarylyp berlen mahalynda pul möçberleri indeksirlenilmeýär.

 

296-njy madda. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň yzyna gaýtarylyp berilmeginiň başga halatlary

 

1. Gümrük paçlary, salgytlar şu halatlarda hem yzyna gaýtarylyp berilýär:

1) eger gümrük edarasyna berlen gümrük deklarasiýasy şu Kodekse laýyklykda berilmedik hasaplanýan bolsa;

2) gümrük deklarasiýasy yzyna gaýtarylyp alnanda;

3) gümrük pajynyň tölenen pul möçberiniň yzyna gaýtarylyp berilmegi görnüşindäki tarif ýeňillikleri berlende;

4) has amatly ýa-da tarif preferensiýalarynyň düzgüni dikeldilende; 

5) eger şu Kodeksde daşary ýurt harytlary Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilen mahalynda ýa-da olar ýok edilen ýa-da döwletiň haýryna olardan ýüz öwrülen mahalynda ýa-da harytlaryň reimporty mahalynda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenen pul möçberleriniň yzyna gaýtarylyp berilmegi göz öňünde tutulýan bolsa;

6) eger harytlar täze saýlanylan gümrük düzgüninde ýerleşdirilen mahalynda tölenilmäge degişli gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberleri ilkibaşdaky gümrük düzgüni mahalynda tölenilen gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberlerinden az bolsa, gümrük edarasynyň rugsady bilen öň mälim edilen gümrük düzgüni üýtgedilende, şu Kodeksiň 157-nji maddasynyň ýedinji böleginde göz öňünde tutulan halat muňa degişli däldir.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen halatlarda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň yzyna gaýtarylyp berilmegi şu Kodeksiň 295-nji maddasyna laýyklykda artyk tölenilen gümrük paçlarynyň, salgytlaryň yzyna gaýtarylyp berilmegine ulanarlykly, gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilen pul möçberleriniň yzyna gaýtarylyp berilmegine getirýän ýagdaýlar ýüze çykan gününiň yzyndan gelýän günden başlap bir ýyldan gijä galman, ol barada arza berlen mahalynda amala aşyrylýar. Şonda şu Kodeksiň 295-nji maddasynyň bäşinji böleginiň düzgünleri ulanylmaýar.

 

32-nji bap. GÜMRÜK ÝYGYMLARY

 

297-nji madda. Gümrük ýygymlarynyň görnüşleri

 

Şular gümrük ýygymlaryna degişlidir:

1) gümrük taýdan resmileşdirilmegi  üçin gümrük ýygymy;

2) gümrükli gidilme üçin gümrük ýygymy;

3) saklamak üçin gümrük ýygymy.

 

298-nji madda. Gümrük ýygymlarynyň tölenilmegi üçin jogapkär şahslar

 

1. Şu Kodeksiň 258-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerinde kesgitlenilen şahslar gümrük taýdan resmileşdirilmegi  üçin gümrük ýygymynyň tölenilmegi üçin jogapkär şahslar bolup durýar.

2. Içerki gümrük üstaşyryna ýa-da gümrük üstaşyryna rugsat alan şahslar gümrükli gidilme üçin gümrük ýygymynyň tölenilmegi üçin jogapkär şahslar bolup durýar.

3. Gümrük edarasynyň Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçiriş ýerlerinde ýerleşýän wagtlaýyn saklanylýan ammaryna ýa-da gümrük ammaryna harytlary ýerleşdiren şahslar, şu Kodeksiň 170-nji maddasynyň üçünji böleginde görkezilen halatlarda bolsa – gümrük edarasynyň Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçiriş ýerlerinde ýerleşýän gümrük ammarynda saklanylýan harytlara emläk hukugyny alan şahslar saklamak üçin gümrük ýygymynyň tölenilmegine jogapkär şahslar bolup durýar.

4. Gümrük ýygymlarynyň tölenilmegi boýunça borçlaryň ýerine ýetirilmegi şu Kodeksde gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek boýunça borjuň ýerine ýetirilmegi üçin göz öňünde tutulan düzgünler boýunça amala aşyrylýar.

(2015-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 4, 127-nji madda)

 

299-njy madda. Gümrük ýygymlaryny hasaplamagyň tertibi

 

1. Gümrük ýygymlary gümrük ýygymlarynyň tölenilmegi üçin jogapkär şahslar tarapyndan özbaşdak, şeýle hem şu Kodeksiň 290-njy maddasyna laýyklykda gümrük tölegleriniň tölenilmegi hakynda talapnama berlen mahalynda gümrük edaralary tarapyndan hasaplanylýar.

2. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, gümrük ýygymlarynyň tölenilmäge degişli pul möçberini hasaplamak Türkmenistanyň milli walýutasynda amala aşyrylýar. Gümrük ýygymlarynyň pul möçberlerini hasaplamagyň maksatlary üçin daşary ýurt walýutasyny gaýtadan hasaplamak talap edilýän halatlarda, görkezilen gaýtadan hasaplamak şu Kodeksiň 269-njy maddasynyň dördünji bölegine laýyklykda amala aşyrylýar.

 

300-nji madda. Gümrük ýygymlarynyň möçberlerini ulanmak

 

1. Gümrük taýdan resmileşdirilmegi üçin gümrük ýygymynyň pul möçberini hasaplamagyň maksatlary üçin gümrük edarasy tarapyndan gümrük deklarasiýasynyň kabul edilen gününde hereket edýän möçber ulanylýar.

2. Gümrükli gidilme üçin gümrük ýygymynyň pul möçberini hasaplamagyň maksatlary üçin gümrük edarasy tarapyndan üstaşyr  deklarasiýasynyň kabul edilen gününde hereket edýän möçber ulanylýar.

3. Saklamak üçin gümrük ýygymynyň pul möçberini hasaplamagyň maksatlary üçin wagtlaýyn saklanylýan ammarda ýa-da gümrük ammarynda harytlaryň saklanylýan döwründe hereket edýän möçber ulanylýar.

 

301-nji madda. Gümrük ýygymlaryny töleýjiler

 

1. Deklarantlar we şu Kodeks bilen gümrük ýygymlaryny tölemek borjy ýüklenen beýleki şahslar gümrük ýygymlaryny töleýjilerdir.

2. Islendik şahs gümrük ýygymlaryny tölemäge haklydyr.

 

302-nji madda. Gümrük ýygymlarynyň töleniliş möhletleri

 

1. Gümrük taýdan resmileşdirilmegi üçin gümrük ýygymy gümrük deklarasiýasynyň berilmegine çenli ýa-da gümrük deklarasiýasyny bermek bilen bir wagtda tölenilmelidir.

2. Gümrükli gidilme üçin gümrük ýygymy gümrükli gidilmegiň hakykatda amala aşyrylyp başlanmagyna çenli tölenilmelidir.

3. Saklamak üçin gümrük ýygymy harytlaryň wagtlaýyn saklanylýan ammardan ýa-da gümrük ammaryndan hakykatda berilmegine çenli tölenilmelidir.

 

303-nji madda. Gümrük ýygymlaryny tölemegiň tertibi we görnüşleri 

 

1. Gümrük ýygymlary:

1) gümrük taýdan resmileşdirilmegi üçin – harytlar deklarirlenilende;

2) gümrükli gidilme üçin – içerki gümrük üstaşyry amalyna ýa-da gümrük üstaşyry gümrük düzgünine laýyklykda harytlary daşaýan ulag serişdeleri gümrükli gidende;

3) saklamak üçin – harytlar gümrük  edarasynyň Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçiriş ýerlerinde ýerleşýän wagtlaýyn saklanylýan ammarynda we gümrük ammarynda saklananda tölenilýär.

2. Gümrük ýygymlaryny tölemek gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek babatynda şu Kodeksde bellenilen kadalar boýunça we görnüşlerde amala aşyrylýar.

(2015-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 4, 127-nji madda)

 

304-nji madda. Gümrük ýygymlaryny tutup almak we yzyna gaýtaryp bermek

 

Gümrük ýygymlaryny tutup almak we yzyna gaýtaryp bermek gümrük paçlaryny, salgytlary tutup almak we yzyna gaýtaryp bermek üçin şu Kodeksde göz öňünde tutulan tertibe laýyklykda amala aşyrylýar. 

Şu Kodeksiň 296-njy maddasynyň birinji böleginiň 1-nji we 2-nji bentlerinde bellenilen halatlarda gümrük taýdan resmileşdirilmegi üçin gümrük ýygymynyň pul möçberini yzyna gaýtaryp bermek amala aşyrylmaýar.

 

305-nji madda. Gümrük ýygymlaryny tölemekden boşatmak

 

Şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda gümrük ýygymlaryny tölemekden boşadylyp bilner.

 

306-njy madda. Gümrük ýygymlarynyň möçberleri

 

Gümrük ýygymlarynyň möçberleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

IV BÖLÜM. GÜMRÜK GÖZEGÇILIGI

 

33-nji bap. GÜMRÜK GÖZEGÇILIGINE DEGIŞLI

UMUMY DÜZGÜNLER

 

307-nji madda. Gümrük gözegçiligini geçirmegiň ýörelgeleri

 

1. Gümrük edaralary gümrük gözegçiligini geçirenlerinde saýlamak ýörelgesinden ugur alýarlar we Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň berjaý edilmegini üpjün etmek üçin ýeterlik bolan gümrük gözegçiliginiň görnüşlerini ulanýarlar.

2. Gümrük gözegçiliginiň görnüşleri saýlananda töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamy peýdalanylýar. Şunda töwekgelçilik diýlip Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň berjaý edilmezliginiň ähtimallygyna düşünilýär.

Töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamy Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň:

1) durnukly häsiýeti bar bolan;

2) uly möçberlerde gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden boýun gaçyrmak bilen bagly;

3) ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny gaçyrýan;

4) berjaý etmegiň üpjün edilmegi gümrük edaralarynyň üstüne ýüklenen döwletiň beýleki möhüm bähbitlerine täsir edýän bozulmalarynyň öňüni almak üçin gümrük edaralarynyň serişdeleriniň netijeli ulanylmagyna esaslanýar.

3. Gümrük edaralary barlanylmagyna degişli harytlary, ulag serişdelerini, resminamalary we şahslary hem-de şeýle barlagyň derejesini kesgitlemek üçin töwekgelçilikleriň seljerme usullaryny ulanýarlar.

4. Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy töwekgelçiliklere baha beriş çäreleriniň ulgamyndan ugur alyp, gümrük gözegçiliginiň esasy ugruny kesgitleýär.

5. Gümrük gözegçiligi şu Kodekse laýyklykda diňe gümrük edaralary tarapyndan geçirilýär.

 

308-nji madda. Gümrük taýdan resmileşdirilende gümrük deklarasiýasyny, beýleki resminamalary we harytlary barlamagyň möhletleri

 

1. Harytlar gümrük taýdan resmileşdirilende gümrük edarasyna berilýän gümrük deklarasiýasyny, beýleki resminamalary barlamak, şeýle hem gümrük deklarasiýasynda, beýleki resminamalarda görkezilen maglumatlaryň harytlaryň adyna, gelip çykyşyna, mukdaryna we bahasyna laýyk gelşini anyklamak maksady bilen harytlary barlamak gümrük edarasy tarapyndan gümrük deklarasiýasynyň kabul edilen, resminamalaryň berlen we harytlaryň görkezilen gününden başlap üç günden gijä galman tamamlanylmalydyr, şu Kodeks bilen has gysga möhletleriň bellenilen halatlary muňa degişli däldir.

2. Eger  barlamak üçin görkezilen harytlaryň  aýratyn görnüşleri  we (ýa-da) atlary boýunça gaplanyş orunlaryna bölünmedik bolsa  we (ýa-da) gaplamak we belgilemek hakyndaky maglumatlar harytlar üçin täjirçilik we (ýa-da) ulag resminamalarynda görkezilmedik bolsa, gümrük edarasy harytlary barlamagyň möhletini uzaltmaga haklydyr. Harytlary barlamagyň möhletini uzaltmak görkezilen ýagdaýlaryň harytlaryň olar hakyndaky maglumatlara laýyk gelşini anyklamak üçin gümrük edaralaryna zerur amallary geçirmäge mümkinçilik bermeýän şertinde amala aşyrylýar. Harytlary barlamagyň möhleti, harytlar babatda ygtyýarlyklary bolan şahsa haryt tapgyryny aýratyn harytlara bölmek üçin zerur bolan wagta uzaldylýar.

 

309-njy madda. Gümrük gözegçiligi astynda bolýan harytlar we ulag serişdeleri

 

1. Türkmenistanyň gümrük çägine getirilen harytlar we ulag serişdeleri olar Türkmenistanyň gümrük çägine gelende gümrük serhedinden geçen pursadyndan başlap:

1) erkin dolanyşyga goýberilýän;

2) ýok edilýän;

3) döwletiň peýdasyna ýüz dönderilýän ýa-da döwletiň eýeçiligine geçirilýän ýa-da şu Kodeksiň 39-njy babyna laýyklykda başga usul bilen ygtyýarlyk edilýän;

4) harytlaryň we ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük çäginden hakykatda alnyp gidilýän, 

pursadyna çenli gümrük gözegçiligi astynda bolýan  diýlip hasap edilýär.

Gümrük gözegçiligi astynda bolýan getirilen harytlary we ulag serişdelerini peýdalanmaga we olara ygtyýarlyk etmäge  şu Kodeksde kesgitlenilen tertipde we şertlerde ýol berilýär.

2. Türkmen harytlary we ulag serişdeleri Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilende gümrük deklarasiýasynyň kabul edilen ýa-da Türkmenistanyň gümrük çäginden harytlary alyp gitmäge gös-göni gönükdirilen hereketler amala aşyrylan pursadyndan başlap Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçýänçä gümrük gözegçiligi astynda bolýan diýlip hasap edilýär.

3. Eger harytlar (gaýtadan işlemegiň önümleri) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hökmany suratda yzyna getirilmäge degişli bolsa, gümrük edaralary şu bölümde göz öňünde tutulan tertipde gümrük düzgünleriniň şertlerine laýyklykda Türkmenistanyň gümrük çäginden öň alnyp gidilen türkmen harytlaryny we ulag serişdelerini yzyna getirmek ýa-da bu harytlary gaýtadan işlemegiň önümlerini yzyna getirmek hakynda borçnamalaryň şahslar tarapyndan ýerine ýetirilişine gümrük gözegçiligini amala aşyrýar.

 

310-njy madda. Harytlar we ulag serişdeleri goýberilenden soň gümrük gözegçiligi

 

1. Gümrük edaralarynyň harytlar we ulag serişdeleri goýberilenden soň gümrük gözegçiligini amala aşyrmaga hukugy bardyr.

2. Şeýle gözegçiligi amala aşyrmagyň halatlary we tertibi gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilýär.

 

311-nji madda. Gümrük gözegçiligi zolaklary

 

1. Gümrük gözegçiligi zolaklary harytlary we ulag serişdeleriniň gümrük gözden geçirmesiniň we gümrük barlagynyň, olary gümrük gözegçiligi astynda saklamak we ondan-oňa geçirmek görnüşlerinde gümrük gözegçiligini amala aşyrmak maksatlary üçin döredilýär.

Gümrük gözegçiliginiň zolaklary Türkmenistanyň döwlet serhediniň boýunda, gümrük taýdan resmileşdirmegiň geçirilýän, gümrük operasiýalarynyň amala aşyrylýan ýerlerinde, harytlaryň düşürilip ýüklenilýän, olaryň gözden geçirilýän we barlanylýan ýerlerinde, wagtlaýyn saklanylýan ýerlerde, gümrük gözegçiligi astynda bolýan harytlary daşaýan ulag serişdeleriniň durýan ýerlerinde we şu Kodekse laýyklykda kesgitlenilen başga ýerlerde döredilip bilner.

2. Gümrük gözegçiligi zolaklary olarda gümrük gözegçiligine degişli harytlar yzygiderli bolan halatlarda hemişelik ýa-da wagtlaýyn bolup biler. 

Wagtlaýyn gümrük gözegçiligi zolaklary:

1) gümrük operasiýalarynyň amala aşyrylýan ýerlerinden başga ýerde harytlary we ulag serişdelerini gümrük taýdan resmileşdirmegi geçirmek üçin – eger şeýle operasiýalar amala aşyrylanda gümrük edaralary tarapyndan öz wezipeleriniň päsgelçiliksiz amala aşyrylmagyny üpjün etmek zerurlygyndan ugur alnyp, gümrük gözegçiligi zolagyny kesgitlemek talap edilse, olary amala aşyrmagyň wagtyna;

2) hemişelik gümrük gözegçiligi zolaklaryndan başga ýerde gümrük edaralary tarapyndan ýüze  çykarylan harytlary we ulag serişdelerini gözden geçirmek ýa-da barlamak zerur bolan mahalynda, döredilip bilner.

Wagtlaýyn gümrük gözegçiligi zolagyny döretmek hakyndaky çözgüt gümrük edarasynyň ýolbaşçysy ýa-da onuň  ýerine galan şahs tarapyndan ýazmaça görnüşde kabul edilýär.

3. Gümrük gözegçiligi zolaklaryny döretmegiň we belgilemegiň tertibi, şeýle hem olar üçin talaplar gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilýär, Türkmenistanyň gümrük serhediniň boýunda gümrük gözegçiligi zolaklarynyň döredilmegi muňa degişli däldir.

Türkmenistanyň gümrük serhediniň boýunda we Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçiriş ýerlerinde gümrük gözegçiligi zolaklary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde döredilýär.

4. Gümrük gözegçiligi zolaklarynyň serhediniň üsti bilen we olaryň çäklerinde önümçilik we beýleki täjirçilik işini amala aşyrmaga, harytlary, ulag serişdelerini, beýleki döwlet edaralarynyň wezipeli adamlaryny goşmak bilen, şahslary geçirmäge gümrük edaralarynyň rugsady bilen we olaryň gözegçiligi astynda ýol berilýär, şu Kodeksde we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen halatlar muňa degişli däldir. Görkezilen halatlarda gümrük gözegçiligi zolaklaryna barmaga gümrük edaralarynyň deslapdan habardar edilmegi bilen rugsat berilýär.

5. Harytlary barlamak diňe gümrük gözegçiligi zolaklarynda amala aşyrylyp bilner.

 

312-nji madda. Gümrük gözegçiligi üçin zerur bolan resminamalary we maglumatlary bermek

 

1. Harytlary we ulag serişdelerini Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirýän şahslar, gümrük dellallary (wekilleri), wagtlaýyn saklanylýan ammarlara eýelik edýänler we gümrük ammarlaryna eýelik edýänler gümrük gözegçiligi üçin şu Kodekse laýyklykda berilmegi göz öňünde tutulan resminamalary we maglumatlary gümrük edaralaryna bermäge borçludyr.

2. Gümrük edaralary gümrük gözegçiligini geçirmek üçin şu Kodeksiň 9-njy maddasynda görkezilen şahslaryň, şeýle hem gümrük dellallarynyň, wagtlaýyn saklanylýan ammarlara eýelik edýänleriň we gümrük ammarlaryna eýelik edýänleriň daşary ykdysady iş we gümrük töleglerini tölemek bilen bagly operasiýalary hakyndaky kepilnamalary banklardan we beýleki karz guramalaryndan almaga haklydyr.

3. Harytlar goýberilenden soň maglumatlaryň dogrulygynyň barlagyny amala aşyrmak maksady bilen gümrük edaralary bu harytlar bilen geçirilýän daşary ykdysady operasiýalara degişli täjirçilik resminamalaryny, buhgalter hasaba alşynyň we hasabatlylygyň resminamalaryny we beýleki maglumaty, şol sanda elektron resminamalar görnüşinde, Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän harytlar babatynda bolsa – bu harytlar bilen soňraky amallara degişli resminamalary deklarantdan ýa-da harytlar bilen geçirilýän operasiýalara gatnaşygy bolan başga şahsdan soramaga we almaga haklydyr.

4. Gümrük edaralary ýuridik şahslary bellige alýan edaralardan we beýleki edaralardan gümrük gözegçiligini geçirmek üçin özlerine zerur bolan maglumatlary almaga haklydyr.

5. Gümrük gözegçiligi üçin zerur bolan resminamalar şahslar tarapyndan, harytlaryň gümrük gözegçiligi astynda bolýan statusyny ýitirýän ýylyndan soň azyndan üç senenama ýylynda saklanylmalydyr. Gümrük dellallary (wekilleri), wagtlaýyn saklanylýan ammarlara eýelik edýänler we gümrük ammarlaryna eýelik edýänler resminamalary gümrük operasiýalarynyň amala aşyrylan ýylyndan soň bäş senenama ýylynyň dowamynda saklamalydyr.

 

313-nji madda. Gümrük gözegçiliginiň maksatlary üçin hasabatyň berilmegi

 

Gümrük dellallary (wekilleri), wagtlaýyn saklanylýan ammarlara eýelik edýänler we gümrük ammarlaryna eýelik edýänler, ýörite ýönekeýleşdirilen amallardan peýdalanýan şahslar, şeýle hem şertli goýberilen harytlardan peýdalanýan we (ýa-da) eýelik edýän şahslar gümrük edaralarynyň talap etmegi boýunça gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýän görnüşler boýunça saklanylýan, daşalýan, ýerlenilýän, gaýtadan işlenilýän we (ýa-da) ulanylýan harytlar hakynda gümrük edaralaryna hasabat bermäge borçludyr.

 

314-nji madda. Gümrük gözegçiligi geçirilende bikanun zyýan (zelel) ýetirilmegine ýol berilmezligi

 

1. Gümrük gözegçiligi geçirilende daşaýja, deklaranta, olaryň wekillerine, wagtlaýyn saklanylýan ammarlara eýelik edýänlere, gümrük ammarlaryna eýelik edýänlere, beýleki dahylly şahslara, şeýle hem harytlara we ulag serişdelerine zyýan (zelel) ýetirilmegine ýol berilmeýär.

2. Gümrük gözegçiligi geçirilende gümrük edaralarynyň ýa-da olaryň wezipeli adamlarynyň bikanun çözgütleri, hereketleri (hereketsizligi) bilen ýetirilen ýitgiler, duşundan geçirilen bähbidi (alynmadyk girdejini) hem goşmak bilen, doly möçberde öwezi dolunmaga degişlidir.

3. Şahslara ýetirilen ýitgiler üçin gümrük edaralary ýa-da olaryň wezipeli adamlary Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekýärler.

4. Gümrük edaralarynyň wezipeli adamlarynyň kanuny çözgütleri, hereketleri bilen şahslara ýetirilen ýitgileriň öwezi dolunmaga degişli däldir.

 

34-nji bap. GÜMRÜK GÖZEGÇILIGINI GEÇIRMEGIŇ

GÖRNÜŞLERI WE TERTIBI

 

315-nji madda. Gümrük gözegçiliginiň görnüşleri

 

Şular gümrük gözegçiliginiň görnüşleri bolup durýar:

1) resminamalary we maglumatlary barlamak;

2) dilden  sorag geçirmek;

3) düşündirişler almak;

4) gümrük syn etmesi;

5) harytlaryň we ulag serişdeleriniň gümrük gözden geçirmesi;

6) harytlaryň we ulag serişdeleriniň gümrük barlagy;

7) şahsy barlag;

8) harytlaryň ýörite belgiler bilen belgilenilişini, olarda kybaplaýyş belgileriniň bardygyny barlamak;

9) gümrük gözegçiliginiň maksatlary üçin jaýlary we çäkleri gözden geçirmek;

10) gümrük derňewi.

 

316-njy madda. Resminamalary we maglumatlary barlamak

 

1. Gümrük edaralary resminamalaryň hakykylygyny we maglumatlaryň dogrulygyny, şeýle hem olaryň resmileşdirilişiniň dogrulygyny anyklamak maksady bilen harytlar we ulag serişdeleri gümrük taýdan resmileşdirilende şu Kodekse laýyklykda berlen resminamalary we maglumatlary barlaýar.

2. Gümrük taýdan resmileşdirilende gümrük edaralaryna berlen maglumatlaryň dogrulygyny barlamak, olary beýleki çeşmelerden alnan maglumat bilen deňeşdirmek, ýörite gümrük statistikasynyň maglumatlaryny seljermek, maglumat tehnologiýalaryny ulanmak bilen maglumatlary işläp taýýarlamak arkaly, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki usullar bilen amala aşyrylýar.

3. Gümrük edarasy gümrük gözegçiligini amala aşyranda diňe gümrük deklarasiýasyndaky we beýleki gümrük resminamalaryndaky bar bolan maglumaty barlamak maksady bilen goşmaça resminamalary we maglumatlary delillendirip soramaga haklydyr. Gümrük edarasy şeýle resminamalary we maglumatlary ýazmaça görnüşde soraýar we olaryň ýeterlik berliş möhletini belleýär.

4. Eger şu Kodeksde göni göz öňünde tutulmadyk bolsa, goşmaça resminamalaryň we maglumatlaryň soralmagy we olaryň barlanylmagy harytlaryň goýberilmegine päsgel bermeýär.

 

317-nji madda. Dilden sorag geçirmek

 

Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri gümrük taýdan resmileşdirilen mahalynda gümrük edaralarynyň wezipeli adamlary fiziki şahslardan, şeýle hem şeýle harytlar we ulag serişdeleri babatda ygtyýarlyklara eýe bolan kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň wekilleri bolup durýan şahslardan, görkezilen şahslaryň düşündirişlerini ýazmaça görnüşde resmileşdirmezden, dilden sorag geçirmäge haklydyr.

 

318-nji madda. Düşündirişler almak

 

1. Düşündirişler almak – gümrük edarasynyň wezipeli adamy tarapyndan şu Kodeksiň 9-njy maddasynda görkezilen şahslardan, deklarantlardan, şeýle hem Türkmenistanyň gümrük serhedinden harytlaryň we ulag serişdeleriniň geçirilmegine gatnaşygy bolan we şeýle maglumatlara eýelik edýän şahslardan gümrük gözegçiligini geçirmek üçin ähmiýeti bolan ýagdaýlar hakynda maglumatlaryň alynmagy.

2. Düşündiriş ýazmaça görnüşde resmileşdirilýär. 

 

319-njy madda. Gümrük syn etmesi

 

Gümrük syn etmesi – gümrük gözegçiligi astynda bolýan harytlaryň we ulag serişdeleriniň geçirilişine, olar bilen ýük we beýleki operasiýalaryň amala aşyrylyşyna gümrük edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary tarapyndan maksada gönükdirilen, yzygiderli ýa-da birgezeklik, gös-göni ýa-da bir zadyň üsti bilen (tehniki serişdeleri ulanmak bilen) daşyndan syn etmek.

 

320-nji madda. Harytlaryň we ulag serişdeleriniň gümrük gözden geçirmesi

 

1. Harytlaryň we ulag serişdeleriniň gümrük gözden geçirmesi - ulag serişdesini ýa-da onuň ýük jaýlaryny açmak we harytlaryň gaplanylyşyny bozmak bilen bagly bolmadyk gümrük edarasynyň ygtyýarly wezipeli adamlary tarapyndan gümrük gözegçiliginiň maksatlary üçin geçirilýän, harytlary, fiziki şahslaryň goşuny, ulag serişdelerini, ýük gaplaryny, gümrük plombalaryny, möhürleri, harytlary kybaplamagyň beýleki serişdelerini daşyndan gözden geçirmek.

2. Gümrük gözegçiligi zolagynda harytlaryň we ulag serişdeleriniň gümrük gözden geçirmesi deklarantyň, harytlar we ulag serişdeleri babatda ygtyýarly beýleki şahslaryň we olaryň wekilleriniň bolmazlygynda geçirilip bilner, görkezilen şahslaryň gümrük gözden geçirmesi mahalynda ýanynda bolmaga isleg bildirýän halatlary muňa degişli däldir.

3. Harytlaryň we ulag serişdeleriniň gümrük gözden geçirmesiniň barşynda olar deklarirlenilende harytlaryň mukdarynyň nädogry görkezilmeginiň fakty ýüze çykarylanda gümrük edarasy gümrük maksatlary üçin harytlaryň mukdaryny özbaşdak kesgitleýär.

4. Harytlaryň we ulag serişdeleriniň gümrük gözden geçirmesiniň netijeleri boýunça, eger şeýle gözden geçirmegiň netijeleri mundan beýläk gerekli bolup biljek bolsa, gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýan görnüş boýunça gümrük edaralarynyň wezipeli adamlary tarapyndan nama düzülip bilner. Harytlar we (ýa-da) ulag serişdeleri babatda ygtyýarlyklary bolan şahsyň talap etmegi boýunça gümrük edarasynyň wezipeli adamlary nama düzmäge ýa-da şahsda bar bolan ulag (daşaýyş) resminamasynda we (ýa-da) gümrük deklarasiýasynda gümrük gözden geçirmesini geçirmegiň fakty hakynda bellik etmäge borçludyr. Gümrük gözden geçirmesiniň geçirilendigi hakynda namanyň ikinji nusgasy harytlar we (ýa-da) ulag serişdeleri babatda ygtyýarlyklary bolan şahsa gowşurylýar.

 

321-nji madda. Harytlaryň we ulag serişdeleriniň gümrük barlagy

 

1. Harytlaryň we ulag serişdeleriniň gümrük barlagy – plombalary, möhürleri we harytlary kybaplamagyň beýleki serişdelerini aýyrmak, harytlaryň gabyny ýa-da ulag serişdesiniň ýük jaýyny ýa-da gaplary we harytlaryň ýerleşýän ýa-da ýerleşip biljek beýleki ýerlerini açmak bilen bagly gümrük edarasynyň ygtyýarly wezipeli adamlary tarapyndan geçirilýän harytlaryň we ulag serişdeleriniň gözden geçirmesi.

Harytlaryň gümrük barlagy harytlar üçin gümrük deklarasiýasy kabul edilenden soň geçirilýär. Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän harytlar üçin gümrük deklarasiýasynyň berilmegine çenli gümrük barlagy gümrük maksatlary üçin harytlary kybaplamak ýa-da Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň bozulmagy hakyndaky maglumat bolan mahalynda şeýle maglumaty barlamak maksatlary bilen, şeýle hem saýlama barlagynyň esasynda gümrük gözegçiligini geçirmek maksatlary bilen geçirilip bilner.

2. Gümrük edarasynyň ygtyýarly wezipeli adamy gümrük barlagyny geçirmek hakynda çözgüdi kabul edip, bu hakda deklaranta ýa-da eger ol belli bolsa, harytlar we (ýa-da) ulag serişdeleri babatda ygtyýarly beýleki şahsa habar berýär. Harytlaryň we ulag serişdeleriniň gümrük barlagynda görkezilen şahslar ýa-da olaryň wekilleri bolup bilerler, gümrük edarasynyň ygtyýarly wezipeli adamynyň talap etmegi boýunça bolsa, olar ýanynda bolmaga borçludyrlar. Daşaýjy tarapyndan ýörite ygtyýarly edilen wekil bolmadyk mahalynda, ulag serişdesini dolandyrýan fiziki şahs wekil bolup durýar.

3. Gümrük edarasy şu aşakdaky halatlarda deklarantyň, harytlar we (ýa-da) ulag serişdeleri babatda ygtyýarly beýleki şahslaryň we olaryň wekilleriniň bolmazlygynda harytlaryň we ulag serişdeleriniň gümrük barlagyny geçirmäge haklydyr:

1) şu Kodeksiň 79-njy maddasynyň birinji böleginde görkezilen möhletiň tamamlanmagy boýunça görkezilen şahslar gelmedik bolsa;

2) milli howpsuzlyga, jemgyýetçilik tertibine, adamyň ömrüne we saglygyna, haýwanlara, ösümliklere, daşky gurşawa, medeni gymmatlyklaryň saklanylmagyna we gaýra goýup bolmaýan beýleki ýagdaýlara howp bolanda (şol sanda, eger harytlaryň ýeňil ot alýan maddalar, partlama howply närseler, partlaýjy, zäherleýji, howply himiki we biologik maddalar, neşe serişdeleri, psihotrop, güýçli täsir ediji, awuly, zäherli, radioaktiw maddalary, ýadro materiallary bolup durýandygyny we eger harytlar porsy ysy ýaýradýan bolsalar, şuňa meňzeş beýleki harytlardygyny görkezýän alamatlary bar bolsa);

3) harytlar halkara poçta ugratmalarynda iberilende;

4) Türkmenistanyň gümrük çäginden harytlaryň we ulag serişdeleriniň alnyp gidilmegini göz öňünde tutýan gümrük düzgünini bozup, harytlar we ulag serişdeleri bu çäkde galdyrylanda.

Harytlaryň we ulag serişdeleriniň gümrük barlagy görkezilen halatlarda güwäleriň bolmagynda geçirilýär.

4. Eger gümrük barlagyna gümrük deklarasiýasynda adybir harytlar hökmünde görkezilen harytlaryň bir bölegi sezewar edilen bolsa, şeýle barlagyň netijeleri gümrük deklarasiýasynda görkezilen şeýle harytlaryň hemmesine degişli bolýar. Deklarant ýa-da harytlar babatda ygtyýarlyklara eýe bolan beýleki şahs, eger geçirilen barlagyň netijeleri ähli harytlara degişli bolup bilmez diýip hasap etse, harytlaryň galan böleginiň goşmaça gümrük barlagynyň geçirilmegini talap etmäge haklydyr.

5. Harytlaryň we ulag serişdeleriniň gümrük barlagyny geçirmegiň barşynda olar deklarirlenilende harytlaryň mukdarynyň nädogry görkezilmeginiň fakty ýüze çykarylan halatynda gümrük edarasy gümrük maksatlary üçin harytlaryň mukdaryny özbaşdak kesgitleýär.

6. Gümrük barlagynyň netijeleri boýunça iki nusgada nama düzülýär. Gümrük barlagynyň geçirilendigi hakyndaky namada şular görkezilýär:

1) gümrük barlagyny geçiren gümrük edarasynyň wezipeli adamlary we ol geçirilende gatnaşan şahslar hakyndaky maglumatlar;

2) deklarantyň ýa-da harytlar we (ýa-da) ulag serişdeleri babatda ygtyýarly beýleki şahsyň bolmazlygynda gümrük barlagyny geçirmegiň sebäpleri;

3) gümrük barlagynyň netijeleri.

Namanyň nusgasy gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýar.

Namanyň ikinji nusgasy, eger ol şahs anyklanan bolsa, harytlar we (ýa-da) ulag serişdeleri babatda ygtyýarlyklara eýe bolan şahsa ýa-da onuň wekiline gowşurylýar.

(2020-nji ýylyň 14-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 1, 11-nji madda)

 

322-nji madda. Şahsy barlag

 

1. Gümrük gözegçiliginiň aýratyn görnüşi hökmünde şahsy barlag Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçýän gümrük gözegçiligi zolagynda ýa-da halkara gatnaw üçin açyk bolan howa menziliniň üstaşyr zolagynda bolýan fiziki şahs degişlilikde Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmäge we bu çäkden alnyp gidilmäge gadagan edilen ýa-da şu Kodeksde bellenilen tertibi bozmak bilen geçirilýän harytlary özünde gizleýär we meýletin bermeýär diýip çak etmäge esaslar bolan mahalynda gümrük edarasynyň ýolbaşçysynyň ýa-da onuň ýerine galan şahsyň ýazmaça çözgüdi boýunça geçirilip bilner.

Şahsy barlagy geçirmek hakyndaky çözgüt gümrük edarasynyň ýolbaşçysy ýa-da onuň ýerine galan şahs tarapyndan gümrük edarasynyň wezipeli adamynyň dykgatnamasyna rezolýusiýa goýmak arkaly ýazmaça görnüşde kabul edilýär ýa-da aýratyn nama bilen resmileşdirilýär.

2. Şahsy barlaga başlamazdan öň gümrük edarasynyň wezipeli adamy şahsy barlagy geçirmek hakynda fiziki şahsa çözgüdi yglan etmäge, şeýle barlag geçirilende özüniň hukuklary we borçlary bilen fiziki şahsy tanyşdyrmaga we gizlenilýän harytlary meýletin bermegini teklip etmäge borçludyr.

Şahsy barlagy geçirmek hakyndaky çözgüt bilen fiziki şahsy tanyşdyrmak fakty barlagy geçirmek hakyndaky çözgütde degişli ýazgy etmek arkaly görkezilen şahs tarapyndan tassyklanylýar. Şeýle hereketleri amala aşyrmakdan ýüz öwrülen mahalynda bu hakda şahsy barlagyň geçirilmegi hakyndaky çözgütde, şahsy barlagy geçirmek hakyndaky çözgüdi yglan eden gümrük edarasynyň wezipeli adamynyň goly bilen tassyklanylýan bellik edilýär.

3. Şahsy barlag barlanylýan adam bilen  bir jynsda bolan gümrük edarasynyň wezipeli adamy tarapyndan şol jynsdaky iki güwäniň bolmagynda sanitariýa-gigiýena talaplaryna laýyk gelýän aýratyn jaýda geçirilýär.

Barlanylýan adamyň bedenini barlamak diňe lukmançylyk işgäri tarapyndan geçirilmelidir, onuň gümrük edarasynyň ýolbaşçysynyň ýa-da onuň ýerine galan şahsyň şahsy barlagy geçirmek hakyndaky çözgüdini ýerine ýetirmekden boýun gaçyrmaga haky ýokdur. 

Kämillik ýaşyna ýetmedik ýa-da hukuk  taýdan ukyby bolmadyk fiziki şahsyň şahsy barlagy mahalynda onuň kanuny wekilleri (ene-atasy, perzentlige alan, hossary, howandary) ýa-da ýany bilen gidip barýan şahs onuň ýanynda bolmaga haklydyr.

Bu jaýa başga fiziki şahslaryň aralaşmagy we olar tarapyndan şahsy barlagyň geçirilişine syn etmek mümkinçiligi aradan aýrylmalydyr. 

4. Şahsy barlag şahsyýetiň mertebesiniň kemsidilmegini we barlanylýan şahsyň saglygyna we emlägine bikanun zyýan (zelel) ýetirilmegini aradan aýyrýan sypaýyçylykly görnüşde, fiziki şahs tarapyndan özünde gizlenen harytlary ýüze çykarmak üçin zerur bolan çäklerde geçirilmelidir.

5. Barlanylýan şahs (onuň kanuny wekili) şahsy barlagyň barşynda  şahsy barlagy geçirýän gümrük edarasynyň wezipeli adamynyň kanuny talaplaryny ýerine ýetirmäge borçludyr we şulara hukugy bardyr:

1) gümrük barlagyny geçirmek hakynda gümrük edarasynyň ýolbaşçysynyň ýa-da onuň ýerine galan şahsyň çözgüdiniň özüne yglan edilmegini talap etmäge;

2) öz hukuklary we borçlary bilen tanyşmaga;

3) düşündirişler bermäge, towakganamalary mälim etmäge;

4) düzülip gutarylandan soň şahsy barlagyň namasy bilen tanyşmaga we nama girizilmäge degişli mälim etmeleri amala aşyrmaga;

5) ene dilinden peýdalanmaga, şeýle hem terjimeçiniň hyzmatlaryndan peýdalanmaga;

6) eger görkezilen şahs şahsy barlag geçirilen mahalynda öz hukuklary we kanuny bähbitleri kemsidilen diýip hasap etse, şahsy barlag geçirilip gutarandan soň, gümrük edarasynyň wezipeli adamlarynyň hereketlerine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şikaýat etmäge.

6. Şahsy barlagyň geçirilendigi hakynda gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýän görnüşde iki nusgada nama düzülýär. 

Nama şahsy barlagy geçiren gümrük edarasynyň wezipeli adamy, şahsy barlag geçirilen fiziki şahs (onuň kanuny wekili), güwäler tarapyndan gol çekilýär, barlanylýan adamyň bedeni barlananda bolsa – lukmançylyk işgäri tarapyndan gol çekilýär. Namanyň ikinji nusgasy şahsy barlag geçirilen şahsa (onuň kanuny wekiline) gowşurylmaga degişlidir.

(2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 21-nji madda)

 

323-nji madda. Ýörite belgiler bilen harytlaryň belgilenilişini, olarda kybaplaýyş belgileriniň bardygyny barlamak

 

1. Gümrük edaralary Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmeginiň kanunylygyny tassyklamak üçin ulanylýan harytlardaky ýa-da olaryň gabyndaky ýörite belgileriň, kybaplaýyş belgileriniň ýa-da harytlary belgilemegiň beýleki usullarynyň bardygynyň barlagyny amala aşyrýarlar.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen harytlarda ýörite belgileriň, kybaplaýyş belgileriniň we harytlary belgilemegiň beýleki usullarynyň ýoklugyna, eger şeýle harytlary ýüze çykarylan şahs tersine subut etmese, harytlary gümrük taýdan resmileşdirmegi we goýbermegi amala aşyrmazdan harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmeginiň faktynyň tassyklamasy hökmünde garalýar.

 

324-nji madda. Jaýlary we çäkleri gözden geçirmek

 

1. Jaýlary we çäkleri gözden geçirmek gümrük gözegçiligi astynda bolýan, şol sanda şertli goýberilen, wagtlaýyn saklanylýan ammarlarda, gümrük ammarlarynda, paçsyz söwda  dükanynyň jaýlarynda, şeýle hem şu Kodeksde göz öňünde tutulan gümrük amallarynyň ýa-da gümrük düzgünleriniň şertlerine laýyklykda harytlaryň bolmaly şahslarynda harytlaryň we ulag serişdeleriniň bolmagyny tassyklamak maksady bilen geçirilýär.

Jaýlary we çäkleri gözden geçirmek harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň ýitirilendigi, olaryň aýrybaşgalanandygy ýa-da başga usul bilen olara ygtyýarlyk edilendigi ýa-da şu Kodeksde bellenilen talaplary we şertleri bozup, olaryň ulanylandygy hakynda maglumat bar bolan mahalynda, şeýle maglumaty barlamak üçin, şeýle hem saýlama barlagyň esasynda geçirilýär.

2. Gümrük edaralary tarapyndan jaýlary we çäkleri gözden geçirmek Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçiriş ýerinde, gümrük serhediniň boýunda döredilen gümrük gözegçiligi zolaklarynda, şeýle hem şu Kodeksde göz öňünde tutulan tertibi bozmak bilen Türkmenistanyň gümrük çägine getirilen harytlaryň we ulag serişdeleriniň bu şahslaryň jaýlarynda we çäginde bolmagy hakyndaky maglumat bolan mahalynda şeýle maglumaty barlamak üçin getirilen harytlaryň lomaý ýa-da bölek söwdasyny amala aşyrýan şahslarda geçirilip bilner.

3. Jaýlary we çäkleri gözden geçirmek gümrük edarasynyň ýolbaşçysy ýa-da onuň ýerine galan şahs tarapyndan gol çekilen teklipnama we gulluk şahsyýetnamasy görkezilende geçirilýär.

Teklipnamanyň görnüşi gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

4. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda döwlet edaralarynyň wezipeli adamlarynyň aýratyn obýektlere aralaşmagynyň başga tertibi bellenilen bolsa, gümrük edaralarynyň wezipeli adamlary görkezilen obýektlere Türkmenistanyň degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly kesgitlenilýän tertipde aralaşmaga haklydyr.

5. Gümrük edaralarynyň wezipeli adamlarynyň jaýlara we çäklere aralaşmagyny üpjün etmekden ýüz öwrülen halatynda olar iki güwäniň bolmagynda garşylygy ýeňip geçmek we ýapyk jaýlary açmak bilen jaýlara we çäklere girmäge haklydyr, Türkmenistanyň kanunçylygynda döwlet edaralarynyň wezipeli adamlarynyň aýratyn obýektlere aralaşmagynyň başga tertibi bellenilen halatlary muňa degişli däldir.

6. Garşylygy ýeňip geçmek we ýapyk jaýlary açmak bilen jaýlara we çäklere girmegiň ähli halatlary barada gümrük edaralary ýigrimi dört sagadyň dowamynda prokurory habardar edýärler.

7. Jaýlary we çäkleri gözden geçirmek, ony geçirmek üçin zerur bolan iň az möhletlerde geçirilmelidir we bir günden artyk dowam edip bilmez.

8. Gözden geçirmäniň netijeleri boýunça gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýan görnüşde iki nusgada nama düzülýär. Görkezilen namanyň ikinji nusgasy jaýlary we çäkleri gözden geçirilen şahsa gowşurylýar.

 

325-nji madda. Gümrük derňewi

 

1. Gümrük edaralary gümrük derňewini - harytlary goýbermegiň faktyny, şeýle hem gümrük deklarasiýasynda we gümrük taýdan resmileşdirilende berilýän beýleki resminamalarda görkezilen maglumatlaryň dogrulygynyň bu maglumatlary şu maddada görkezilen şahslaryň buhgalter hasaba alşynyň we hasabatlylygynyň maglumatlary, hasaplary, beýleki maglumaty bilen deňeşdirmek arkaly barlagy geçirip bilerler.

Gümrük derňewi umumy we ýörite görnüşlerde geçirilýär.

2. Umumy gümrük derňewi deklarantlarda ýa-da şu Kodeksiň 9-njy maddasynda görkezilen we deklarant hökmünde çykyş etmeýän şahslarda gümrük edaralary tarapyndan geçirilip bilner.

3. Umumy gümrük derňewi gümrük edarasynyň ýolbaşçysynyň ýa-da onuň ýerine galan şahsyň çözgüdi boýunça geçirilýär. Derňewi geçirmäge başlamazdan öň şeýle çözgüdiň göçürme nusgasy onuň geçiriljek şahsyna gowşurylýar.

Umumy gümrük derňewi geçirlende gümrük edaralary öz ygtyýarlygynyň çäklerinde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda barlanylýan şahsyň awtomatlaşdyrylan maglumatlar ulgamlarynyň binýatlaryna we maglumatlar banklaryna aralaşmaga haklydyr. 

Barlag ony geçirmek üçin zerur bolan iň az möhletlerde geçirilmelidir we üç günden artyk dowam edip bilmez. Barlagyň geçirilmegi barlanylýan şahsyň işini amala aşyrmaga päsgel bermeli däldir.

Şol bir harytlar babatda umumy gümrük derňewiniň gaýtadan geçirilmegine ýol berilmeýär.

4. Ýörite gümrük derňewi gümrük edaralary tarapyndan:

1) şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen şahslarda – eger umumy gümrük derňewiniň netijeleri boýunça ýa-da şu bapda göz öňünde tutulan gümrük gözegçiliginiň başga görnüşleri ulanylanda gümrük taýdan resmileşdirilende berlen maglumatlaryň nädogrudygyna ýa-da şu Kodeksde bellenilen talaplary we çäklendirmeleri bozmak bilen harytlardan peýdalanylandygyna we olara ygtyýarlyk edilendigine şaýatlyk edip biljek maglumatlar ýüze  çykarylan halatlarda;

2) gümrük dellallarynda (wekillerinde), wagtlaýyn saklanylýan ammarlara we gümrük ammarlaryna eýelik edýänlerde – Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlary hasaba almagyň we olar hakdaky hasabatlylygyň bozulmalaryna ýa-da şu Kodeksde bellenilen işiň degişli görnüşini amala aşyrmagyň başga talaplarynyň  we şertleriniň berjaý edilmändigine şaýatlyk edip biljek maglumatlar ýüze çykarylanda;

3) getirilen harytlaryň lomaý ýa-da bölek söwdasyny amala aşyrýan şahslarda – harytlaryň şu Kodeksde bellenilen talaplaryň we şertleriň bozulmagy bilen gümrük çägine getirilendigine, munuň bolsa gümrük paçlaryny, salgytlary tölemegiň tertibiniň bozulmagyna ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň berjaý edilmezligine getirendigine şaýatlyk edip biljek maglumatlar ýüze çykarylanda geçirilip bilner.

Ýörite gümrük derňewiniň geçirilmegi gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça gümrük edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan bellenilýär. Ýörite gümrük derňewini geçirmek hakyndaky çözgüt ýazmaça görnüşde kabul edilýär. Ýörite gümrük derňewini geçirmäge başlamazdan öň şeýle çözgüdiň göçürme nusgasy onuň geçiriljek şahsyna gowşurylýar.

5. Ýörite gümrük derňewi geçirilende gümrük edaralary şulara haklydyr:

1) Türkmenistanyň gümrük çägine getirilen harytlar bilen önümçilik, täjirçilik ýa-da beýleki operasiýalaryň geçirilmegine degişli islendik resminamany ýa-da maglumaty (bankyňkynygoşmak bilen), şol sanda elektron resminamalar görnüşinde muzdsuz berilmegini talap etmäge we onuň bilen tanyşmaga;

2) barlanylýan şahsyň jaýlaryny we çäklerini gözden geçirmäge, şeýle hem barlanylýan şahsyň ygtyýarly wekilleriniň bolmagynda şu Kodekse laýyklykda harytlaryň gözden geçirmesini we barlagyny, hususy telekeçide gümrük derňewi geçirilen halatynda bolsa – iki güwäniň bolmagynda geçirmäge;

3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda harytlaryň tükellemesini geçirmäge;

4) şu Kodeksiň 326-njy maddasyna laýyklykda harytlaryň alynmagyny amala aşyrmaga ýa-da harytlara ygtyýarlyk etmegi gadagan etmäge.

6. Ýörite gümrük derňewi onuň geçirilmegi üçin zerur bolan iň az möhletlerde geçirilmelidir we ýörite gümrük derňewini geçirmek hakynda çözgüdiň kabul edilen gününden başlap iki aýdan artyk dowam edip bilmez. Görkezilen möhlete resminamalary we maglumatlary bermek hakynda talapnamanyň şahsa gowşurylmagy bilen görkezilen resminamalaryň we maglumatlaryň berilmeginiň arasyndaky wagtyň döwri goşulmaýar. Aýratyn halatlarda gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy barlagyň dowamlylygyny ýene bir aý uzaldyp biler.

Şol bir harytlar babatda ýörite gümrük derňewiniň gaýtadan geçirilmegine ýol berilmeýär.

7. Gümrük derňewiniň (umumy ýa-da ýörite görnüşlerde) diňe ýuridik şahslar we hususy telekeçiler babatda geçirilmegine ýol berilýär.

8. Gümrük derňewini geçirmegiň (umumy ýa-da ýörite görnüşlerde) maksatlary üçin gümrük edaralary harytlar babatda ygtyýarly we şeýle harytlaryň saklanylmagyny amala aşyrýan şahs tarapyndan ýa-da gözegçilik ediji edaralar tarapyndan geçirilen tükellemegiň netijelerini, auditor netijenamalaryny, şeýle hem döwlet edaralarynyň namalaryny we netijenamalaryny ulanyp biler.

9. Gümrük derňewini (umumy ýa-da ýörite görnüşlerde) geçirmegiň netijeleri gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýän görnüş boýunça nama bilen resmileşdirilýär. Görkezilen nama degişlilikde:

1) umumy gümrük derňewiniň tamamlanan gününiň yzyndan gelýän günde;

2) ýörite gümrük derňewiniň tamamlanan gününden başlap on günüň içinde düzülýär.

Namanyň ikinji nusgasy derňew geçirilen şahsa gowşurylmaga degişlidir.

10. Gümrük derňewiniň (umumy we ýörite görnüşlerde) barşynda gümrük işi babatda jenaýat alamatlary ýa-da administratiw hukuk bozulmalary ýüze çykarylan mahalynda hukuk bozulmalarynyň bellenilen gös-göni obýektleri babatda barlagyň geçirilmegi tamamlanýar. Şunda gümrük derňewini geçirmegiň netijeleri hakyndaky nama haýal etmän düzülýär. Mundan beýläkki hereketler Türkmenistanyň jenaýat iş ýörediş kanunçylygyna ýa-da Türkmenistanyň administratiw hukuk tertibiniň bozulmalary hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda gümrük edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

 

326-njy madda. Ýörite gümrük derňewi geçirilende harytlara ygtyýarlyk etmegiň gadagan edilmegi ýa-da harytlaryň alynmagy

 

1. Ýörite gümrük derňewi geçirilende harytlara ygtyýarlyk etmegiň gadagan edilmegi şu halatlarda amala aşyrylýar:

1) Türkmenistanyň gümrük çägine harytlary getirmegiň kanunlaşdyrylmagyny tassyklamak üçin şu Kodeksde we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda belgilenilmegi göz öňünde tutulan ýörite belgileri, kybaplaýyş nyşanlary ýa-da harytlary belgilemegiň beýleki usullary bolmadyk harytlar ýa-da galp belgileri ýa-da nyşanlary bolan harytlar ýüze çykarylanda;

2) eger Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda täjirçilik resminamalarynda gümrük edaralary tarapyndan harytlaryň goýberilmegi hakynda maglumatlaryň görkezilmegi Türkmenistanyň gümrük çäginde harytlaryň dolanyşygynda hökmany bolsa, barlanylýan şahsyň täjirçilik resminamalarynda şeýle maglumatlar bolmadyk mahalynda, şeýle hem şolar ýaly maglumatlaryň nädogrulygy ýüze çykarylanda ýa-da şolar ýaly maglumatlaryň görkezilmeli täjirçilik resminamalary bolmadyk mahalynda;

3) şertli goýberilen harytlaryň getiriliş gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden doly ýa-da kem-käsleýin boşadylmagy bilen bagly maksatlardan başga maksatlar üçin peýdalanylmagynyň we (ýa-da) olara ygtyýarlyk etmegiň faktlary ýüze çykarylanda.

2. Özleri babatda ygtyýarlyk edilmegi gadagan edilen harytlar olara eýelik edýäne ýa-da şeýle harytlar babatda başga ygtyýarly şahsa saklamak üçin berilýär. Şeýle harytlaryň saklanylýan ýeri gümrük gözegçiligi zolagy diýlip yglan edilýär. Özleri babatda ygtyýarlyk edilmegi gadagan edilen harytlaryň peýdalanylmagyna ýörite gümrük derňewini bellän gümrük edarasynyň ýolbaşçysy ýa-da onuň ygtyýarlyk beren şahsy tarapyndan rugsat berlip bilner. Görkezilen halatda özleri babatda ygtyýarlyk edilmegi gadagan edilen harytlaryň başga şahslara geçirilmegine, harytlaryň harç edilmegine, olaryň aýrybaşgalanmagyna ýa-da başga usul bilen olara ygtyýarlyk edilmegine ýol berilmeýär.

3. Eger Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda harytlar Türkmenistana getirilmäge ýa-da dolanyşyga gadagan edilen bolsa, şeýle hem harytlara ygtyýarlyk edilmeginiň gadagan edilmegi olaryň saklanylmagyny üpjün etmek üçin ýeterlik çäre bolup durmaýar diýip çak etmäge ýeterlik esaslar bar bolan mahalynda, gümrük edaralary harytlary almagy amala aşyrýarlar. 

Alnan harytlar gümrük edarasynyň wagtlaýyn saklanylýan ammaryna ýa-da gümrük gözegçiligi zolagy bolup durýan başga ýere ýerleşdirilýär.

4. Eger harytlaryň ýüze çykarylan şahsy tutulyp alnyp bilinjek gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegini üpjün edýän bolsa, harytlary almak we olara ygtyýarlyk edilmeginiň gadagan edilmegi geçirilmän bilner, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda harytlaryň Türkmenistana getirilmegi ýa-da onuň çägindäki dolanyşygy gadagan edilen ýa-da harytlar babatda olar Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilende mukdar çäklendirmeleri bellenilen halatlary muňa degişli däldir. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenmegini üpjün etmegiň pul möçberlerini kesgitlemek maksatlary üçin olary hasaplamak şu Kodeksiň 271-nji maddasyna laýyklykda amala aşyrylýar.

5. Harytlary almak we olara ygtyýarlyk edilmeginiň gadagan edilmegi ýörite gümrük derňewini geçirýän gümrük edarasynyň wezipeli adamynyň delillendirilen karary esasynda, harytlar ýüze çykarylan şahsyň ýa-da onuň wekiliniň bolmagynda, şeýle hem azyndan iki güwäniň bolmagynda amala aşyrylýar.

Zerur halatlarda şu Kodeksiň 332-nji maddasyna laýyklykda almagy ýa-da olara ygtyýarlyk edilmeginiň gadagan edilmegini geçirmek üçin degişli hünärmenler çekilip bilner.

Harytlary almaga ýa-da olara ygtyýarlyk edilmeginiň gadagan edilmegine başlamazdan öň, gümrük edarasynyň wezipeli adamy harytlary almak hakyndaky ýa-da olara ygtyýarlyk edilmeginiň gadagan edilmegi hakyndaky karary harytlary almagyň ýa-da olara ygtyýarlyk edilmeginiň gadagan edilmegi amala aşyrylýan şahsa görkezmäge borçludyr.

6. Harytlary almak hakynda ýa-da harytlara ygtyýarlyk edilmeginiň gadagan edilmegi hakynda teswirnama düzülýär. Teswirnamada ýa-da oňa goşulýan ýazgylarda alnan harytlar ýa-da ygtyýarlyk edilmegi gadagan edilen harytlar olaryň adynyň, mukdarynyň we hususy alamatlarynyň görkezilmegi bilen jikme-jik beýan edilýär. Görkezilen teswirnama harytlary almagy ýa-da ygtyýarlyk edilmeginiň gadagan edilmegini geçiren gümrük edarasynyň wezipeli adamy, alynýan harytlar ýa-da ygtyýarlyk edilmegi gadagan edilen harytlar ýüze çykarylan şahs ýa-da onuň wekili, şeýle hem güwäler tarapyndan gol çekilýär. Teswirnamanyň göçürme nusgasy harytlar ýüze çykarylan şahsa ýa-da onuň wekiline gowşurylýar.

7. Alnan harytlary yzyna gaýtaryp bermek we ygtyýarlyk edilmeginiň gadagan edilmeginiň ýatyrylmagy ýörite gümrük derňewiniň tamamlanan gününden gijä galman amala aşyrylýar, olar muzdsuz alnyp, maddy subutnamalar hökmünde talap edilip ýa-da olaryň hasabyna  gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tutulyp alnyp bilinjek halatlary muňa degişli däldir. Alnan harytlary wagtlaýyn saklamak harytlary alnan şahsyň hasabyna amala aşyrylýar.

8. Alnan harytlara we ygtyýarlyk edilmegi gadagan edilen harytlara ygtyýarlyk etmek hakynda, ýörite gümrük derňewini geçirmegiň netijelerini görkezýän namada görkezilýär.

9. Ýörite gümrük derňewiniň tamamlanan gününden başlap iki aýyň geçmegi bilen talap edilmedik alnan harytlara ygtyýarlyk etmek şu Kodeksiň 39-njy babynda göz öňünde tutulan tertipde amala aşyrylýar.

 

35-nji bap. GÜMRÜK GÖZEGÇILIGI AMALA AŞYRYLANDA BILERMENLER SELJERMELERI WE BARLAGLARY

 

327-nji madda. Gümrük gözegçiligi amala aşyrylanda bilermenler seljermesini bellemek

 

1. Harytlaryň, ulag serişdeleriniň ýa-da harytlar we ulag serişdeleri hakynda ýa-da olar babatda operasiýalaryň (hereketleriň) amala aşyrylmagy hakynda maglumatlary özünde jemleýän resminamalaryň bilermenler seljermesi, eger gümrük gözegçiligi amala aşyrylanda ýüze çykan meseleleri düşündirmek üçin ýörite akyl ýetirmek zerur bolan halatda bellenilýär.

2. Bilermenler seljermesi gümrük barlaghanalarynyň, şeýle hem beýleki degişli guramalaryň bilermenleri ýa-da gümrük edaralary tarapyndan bellenilýän beýleki bilermenler tarapyndan geçirilýär. Bilermen hökmünde netijenama bermek üçin zerur ýörite akyl ýetirmelerine eýelik edýän islendik şahs bellenilip bilner. Bilermenler seljermesini geçirmek üçin bilermen şertnamalaýyn esasda çekilýär. Deklarantyň ýa-da beýleki dahylly şahsyň başlangyjy boýunça bilermenler seljermesi bellenilende, görkezilen şahslar bilermeniň kandidaturasy hakyndaky teklipleri gümrük edaralaryna bermäge haklydyr.

3. Gümrük edarasynyň wezipeli adamy bu edaranyň ýolbaşçysynyň ýa-da onuň ýerine galan şahsyň razylygy bilen bilermenler seljermesini bellemek hakynda karar çykarýar, onda bilermenler seljermesini geçirmegiň esaslary, bilermeniň familiýasy, ady we atasynyň ady, bilermenler seljermesiniň geçirilmeli guramasynyň ady, bilermeniň öňünde goýlan meseleler, bilermeniň ygtyýaryna berilýän materiallaryň we resminamalaryň sanawy hem-de bilermenler seljermesini geçirmegiň we netijenamany gümrük edarasyna bermegiň möhleti görkezilýär.

4. Bilermenler seljermesini geçirmegiň möhleti:

1) eger bilermenler seljermesiniň netijeleriniň alynmagyna çenli harytlaryň goýberilmegi amala aşyrylmasa, wagtlaýyn saklamak möhletlerinden;

2) eger bilermenler seljermesi ulag serişdeleri babatda geçirilýän bolsa, alty aýdan;

3) beýleki halatlarda bir ýyldan, 

artyk bolmaly däldir.

5. Gümrük edarasynyň wezipeli adamy bilermenler seljermesiniň bellenilmegi hakyndaky karar bilen deklaranty ýa-da eger ol mälim bolsa, harytlar we (ýa-da) ulag serişdeleri babatda ygtyýarly beýleki şahsy tanyşdyrmaga we şu Kodeksiň 330-njy maddasynda göz öňünde tutulan onuň hukuklaryny düşündirmäge borçludyr, bu hakda kararda görkezilen şahs ýa-da onuň wekili tarapyndan tassyklanylýan degişli bellik edilýär.

 

328-nji madda. Bilermeniň netijenamasy

 

1. Bilermen geçirilen barlaglaryň esasynda we olaryň netijelerini nazara almak bilen, öz adyndan ýazmaça görnüşde netijenama berýär.

2. Bilermeniň netijenamasynda barlagyň geçirilen wagty we ýeri, barlagyň kim tarapyndan we nämäniň esasynda geçirilendigi, bilermeniň öňünde goýlan meseleler, barlaglaryň obýektleri, bilermene berlen materiallar we resminamalar, ulanylan usullary görkezmek bilen, barlaglaryň mazmuny we netijeleri, barlaglaryň netijelerine berlen baha, öňde goýlan meseleler boýunça netijeler we olaryň esaslandyrylmagy görkezilmelidir.

Bilermeniň ýa-da birnäçe bilermenleriň netijenamasyny şekillendirýän materiallar we resminamalar netijenama goşulýar we onuň düzüm bölegi bolup hyzmat edýär.

Eger bilermen bilermenler seljermesi geçirilende bar bolan, olar babatda özüne meseleler goýulmadyk iş üçin düýpli ýagdaýlary anyklasa, ol bu ýagdaýlar hakyndaky netijelerini öz netijenamasyna goşmaga haklydyr.

3. Eger bilermenler seljermesi birnäçe bilermenleriň gatnaşmagynda geçirilen bolsa, netijenama ähli bilermenler tarapyndan gol çekilýär. Bilermenleriň arasynda düşünişmezlikler bolan mahalynda olaryň her biri öz netijelerini aýratynlykda çykarýar.

4. Bilermenler seljermesini bellän gümrük edarasy deklaranta ýa-da harytlar we (ýa-da) ulag serişdeleri babatda ygtyýarly beýleki şahsa, eger bu şahs mälim bolsa, bilermeniň netijenamasynyň göçürme nusgasyny gowşurýar.

5. Gümrük edaralary çözgüt kabul edenlerinde bilermenler seljermesiniň, şol sanda deklarantyň ýa-da başga dahylly şahsyň başlangyjy boýunça geçirilenleriň netijeleri boýunça bilermenleriň netijenamalaryna garaýar.

 

329-njy madda. Bilermeniň hukuklary we jogapkärçiligi

 

1. Bilermen şulara haklydyr:

1) bilermenler seljermesiniň närsesine degişli materiallar bilen tanyşmaga;

2) gümrük edarasynyň ylalaşmagy bilen başga bilermenleri bilermenler seljermesiniň geçirilmegine çekmäge;

3) bilermenler seljermesini geçirmek üçin zerur bolan goşmaça materiallary soramaga;

4) gümrük gözegçiligi amala aşyrylanda gümrük edarasynyň rugsady bilen anyk hereketleriň geçirilmegine gatnaşmaga.

2. Bilermenler seljermesini geçirmegiň barşynda ýa-da ony geçirmäge taýýarlyk görlende bilermen tarapyndan alnan täjirçilik, bank ýa-da kanun arkaly goralýan başga syr, şeýle hem beýleki ýaşyryn maglumat olar tarapyndan jar edilmeli däldir, başga maksatlar üçin ulanylmaly däldir ýa-da üçünji şahslara berilmeli däldir, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

 

330-njy madda. Bilermenler seljermesi bellenilende we geçirilende deklarantyň, harytlar we (ýa-da) ulag serişdeleri babatda ygtyýarly beýleki şahsyň we olaryň wekilleriniň hukuklary

 

1. Bilermenler seljermesi bellenilende we geçirilende deklarant, harytlar we (ýa-da) ulag serişdeleri babatda ygtyýarlyklara eýe bolan başga şahs we olaryň wekilleri şulara haklydyrlar:

1) bilermene delillendirilen ynamsyzlyk bildirmäge;

2) anyk bilermeni bellemek hakynda towakganamany mälim etmäge;

3) olar boýunça netijenamalary almak üçin bilermene goşmaça meseleleri goýmak hakynda towakganamalary mälim etmäge;

4) bilermenler seljermesini bellän gümrük edarasynyň rugsady bilen bilermenler seljermesi geçirilende ýanynda bolmaga we bilermene düşündiriş bermäge;

5) harytlaryň nusgalyklaryny we nusgalaryny almaga;

6) bilermeniň netijenamasy bilen tanyşmaga we şeýle netijenamanyň göçürme nusgasyny almaga;

7) goşmaça ýa-da gaýtadan bilermenler seljermesiniň geçirilmegi hakynda towakga etmäge.

2. Deklarantyň, harytlar we (ýa-da) ulag serişdeleri babatda ygtyýarlyklara eýe bolan başga şahsyň ýa-da olaryň wekiliniň towakgasy kanagatlandyrylan mahalynda bilermenler seljermesini bellän gümrük edarasynyň wezipeli adamy degişli karar çykarýar.

Towakgany kanagatlandyrmakdan ýüz öwrülen mahalynda gümrük edarasynyň wezipeli adamy bu hakda towakga beren şahsa delillendirip ýazmaça görnüşde habar bermelidir.

 

331-nji madda. Nusgalyklar we nusgalar

 

1. Gümrük gözegçiligi geçirilende gümrük edarasynyň wezipeli adamy barlag geçirmek üçin zerur bolan harytlaryň nusgalyklaryny ýa-da nusgalaryny almaga haklydyr. Nusgalyklaryň ýa-da nusgalaryň alynmagy hakynda gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýän görnüşde nama düzülýär. Görkezilen namanyň ikinji nusgasy, eger ol anyklanylan bolsa, harytlar babatda ygtyýarlyklara eýe bolan şahsa ýa-da onuň wekiline gowşurylmaga degişlidir.

Zerur halatlarda nusgalyklary ýa-da nusgalary almak bilermeniň ýa-da hünärmeniň gatnaşmagynda amala aşyrylýar.

2. Gümrük gözegçiligindäki harytlaryň nusgalyklaryny ýa-da nusgalaryny gümrük edarasynyň ýazmaça rugsady bilen deklarantlar, harytlar babatda ygtyýarlyklara eýe bolan şahslar, olaryň wekilleri, şu Kodeksiň 345-nji maddasynyň birinji böleginde görkezilen şahslar we beýleki döwlet edaralarynyň işgärleri hem alyp bilerler.

3. Nusgalyklar ýa-da nusgalar olary barlamaga mümkinçiligi üpjün edýän iň az mukdarlarda alynýar.

Eger harytlaryň nusgalyklaryny we nusgalaryny almak şu ýagdaýlara getirmeýän bolsa, ýagny: 

1) gümrük gözegçiligini geçirmegi kynlaşdyrmaýan bolsa;

2) harytlaryň häsiýetnamalaryny üýtgetmeýän bolsa;

3) gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden boýun gaçyrylmagyna ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň berjaý edilmezligine getirmeýän  bolsa,

onuň üçin rugsat şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen şahslara berilýär.

4. Nusgalyklar ýa-da nusgalar alnanda deklarant tarapyndan nusgalyklar we nusgalar üçin, olaryň harytlar üçin gümrük deklarasiýasynda görkezilmegi şertinde, aýratyn gümrük deklarasiýasy berilmeýär. 

Eger şeýle nusgalyklar we nusgalar gümrük edarasy tarapyndan alnan bolsa we bellenilen möhletlerde yzyna gaýtarylyp berilmedik bolsa, deklarant deklarirlenilýän harytlaryň gümrük bahasyny nusgalyklaryň we nusgalaryň gümrük bahasyna azaltmaga haklydyr.

5. Deklarantlar, harytlar babatda ygtyýarlyklara eýe bolan şahslar we olaryň wekilleri gümrük edaralarynyň wezipeli adamlary we beýleki döwlet edaralarynyň işgärleri tarapyndan harytlaryň nusgalyklary ýa-da nusgalary alnanda ýanynda bolmaga haklydyr.

6. Gümrük edaralarynyň wezipeli adamlary beýleki döwlet edaralarynyň işgärleri, şeýle hem şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen beýleki şahslar tarapyndan harytlaryň nusgalyklary ýa-da nusgalary alnanda ýanynda bolmaga haklydyr.

7. Deklarantlar we olaryň wekilleri gümrük edaralarynyň wezipeli adamlary tarapyndan harytlaryň nusgalyklary ýa-da nusgalary alnanda olara ýardam etmäge, şol sanda harytlar bilen ýük we beýleki zerur operasiýalary öz hasabyna amala aşyrmaga borçludyr.

8. Gümrük edaralarynyň wezipeli adamlary şu Kodeksiň 321-nji maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan halatlarda deklarantlaryň we olaryň wekilleriniň bolmazlygynda harytlaryň nusgalyklaryny ýa-da nusgalaryny almaga haklydyr. Görkezilen halatlarda harytlaryň nusgalyklaryny ýa-da nusgalaryny almak azyndan iki güwäniň bolmagynda amala aşyrylýar.

9. Harytlaryň nusgalyklaryny ýa-da nusgalaryny almagyň tertibi, şeýle hem olary barlamagyň tertibi şu Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilýär.

10. Barlag tamamlanandan soň, harytlaryň nusgalyklary ýa-da nusgalary olara eýelik edýänlere yzyna gaýtarylyp berilýär, şeýle nusgalyklar ýa-da nusgalar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýok edilmäge ýa-da utilizasiýa edilmäge degişli bolan, şeýle hem nusgalyklary ýa-da nusgalary yzyna gaýtaryp bermek üçin çykdajylar olaryň bahasyndan ýokary geçýän halatlary muňa degişli däldir.

 

332-nji madda. Gümrük gözegçiligi geçirilende hünärmeniň gatnaşmagy

 

1. Zerur halatlarda, gümrük gözegçiligi geçirilende anyk hereketleriň amala aşyrylmagyna gatnaşmagy üçin, şeýle hereketleriň netijelerine dahylsyz, gümrük edaralaryna ýardam etmek üçin zerur bolan, şol sanda tehniki serişdeler ulanylanda ýörite bilimi we endikleri bolan hünärmen işe çekilip bilner.

2. Hünärmen hökmünde şahsy işe çekmek şertnamalaýyn esasda amala aşyrylýar.

3. Hünärmen şulara haklydyr:

1) onuň gatnaşmagynda amala aşyrylýan hereketleriň mazmunyna degişli materiallar bilen tanyşmaga;

2) gümrük edarasynyň wezipeli adamynyň rugsady bilen şeýle hereketlere gatnaşyjylara degişli hereketleriň mazmunyna degişli sowallary bermäge;

3) gümrük gözegçiligi amala aşyrylanda özüniň gatnaşan hereketleriniň amala aşyrylmagynyň netijeleri boýunça resmileşdirilýän resminamalar bilen tanyşmaga we özi tarapyndan amala aşyrylýan hereketler babatda şeýle resminamalara girizilmäge degişli mälim etmeleri ýa-da bellikleri etmäge.

4. Hünärmen şulara borçludyr:

1) ýörite bilimleri talap edýän hereketleriň amala aşyrylmagyna gatnaşmaga, özi tarapyndan amala aşyrylýan hereketler babatda düşündirişler bermäge;

2) görkezilen hereketleri amala aşyrmagyň faktyny, olaryň mazmunyny we netijelerini öz goly bilen tassyklamaga.

5. Gümrük gözegçiligi boýunça hereketleriň amala aşyrylmagyna çekilen mahalynda hünärmen tarapyndan alnan täjirçilik, bank ýa-da kanun arkaly goralýan başga syry düzýän maglumat, şeýle hem beýleki ýaşyryn maglumat ol tarapyndan jar edilmeli däldir, başga maksatlar üçin ulanylmaly däldir, üçünji şahslara berilmeli däldir, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

 

333-nji madda. Gümrük gözegçiligini geçirmäge ýardam etmekleri üçin başga döwlet edaralarynyň hünärmenlerini işe çekmek

 

Gümrük edaralary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gümrük gözegçiligini geçirmäge ýardam etmekleri üçin hukuk goraýjy ýa-da gözegçilik ediji edaralaryň hünärmenlerini işe çekmäge haklydyr.

 

36-njy bap. GÜMRÜK GÖZEGÇILIGINE DEGIŞLI

GOŞMAÇA DÜZGÜNLER

 

334-nji madda. Gümrük gözegçiliginiň kesgitlenilen görnüşlerinden boşatmak

 

1. Gümrük gözegçiliginiň kesgitlenilen görnüşleriniň gümrük edaralary tarapyndan ulanylmagyndan boşatmak diňe şu Kodeks bilen bellenilýär.

2. Türkmenistanyň Prezidentiniň, şol sanda öz ygtyýarlyklaryny bes edeninde hem onuň ýany bilen barýan maşgala agzalarynyň şahsy goşy gümrük barlagyna degişli däldir.

3. Eldegrilmesizligi kanun bilen kepillendirilýän Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Adalatçynyň we onuň orunbasarynyň, kazylaryň öz deputatlyk ýa-da gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen bagly Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçenlerinde, olaryň şahsy goşy gümrük barlagyna degişli däldir. 

4. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, daşary ýurt harby korabllary (gämileri), söweşjeň howa gämileri we özi barýan harby tehnika gümrük barlagyndan boşadylýar.

5. Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda gümrük gözegçiliginiň kesgitlenilen görnüşlerinden boşatmak bu şertnamalaryň güýje girmegi üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan amallar ýerine ýetirilenden soň amala aşyrylýar.

6. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti aýratyn şahslary, aýratyn harytlary we ulag serişdelerini, Türkmenistanyň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly bolan halatlarda, gümrük gözegçiliginiň kesgitli görnüşlerinden boşatmaga haklydyr.

(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky, 2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky, 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 31-nji madda; 2021 ý., № 1, 25-nji madda; 2023 ý., № 1, 5-nji madda)

 

335-nji madda. Gümrük gözegçiligi geçirilende tehniki serişdeleri ulanmak

 

1. Gümrük gözegçiligini geçirmegiň wagtyny gysgaltmak we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen gümrük edaralary tarapyndan tehniki serişdeler ulanylyp bilner.

Görkezilen tehniki serişdeler adamyň jany we saglygy üçin howpsuz bolmalydyr.

2. Tehniki serişdeleri ulanmak bilen gümrük operasiýalary geçirilende metrologik gözegçiligi we gözegçilik barlagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

336-njy madda. Harytlar we ulag serişdeleri bilen geçirilýän, gümrük gözegçiligi üçin zerur bolan, ýük we beýleki operasiýalar

 

1. Gümrük edarasynyň talap etmegi boýunça deklarant, wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýän, gümrük ammaryna eýelik edýän, gümrük dellaly ýa-da harytlar babatda ygtyýarlyklara eýe bolan başga şahs gümrük gözegçiligi astynda bolýan harytlary ulagly daşamaga, agramyny çekmäge we mukdaryny başgaça kesgitlemäge, ýüklemäge, düşürmäge, düşürip ýüklemäge, zeper ýeten gabyny düzetmäge, gabyny açmaga, gaplamaga ýa-da gaýtadan gaplamaga, şeýle hem şeýle harytlaryň bolýan ýa-da bolup biljek jaýlaryny, gaplaryny we başga ýerlerini açmaga borçludyr.

2. Daşaýjy özüniň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirýän harytlary bilen we (ýa-da) ulag serişdeleri bilen ýük we beýleki operasiýalaryň geçirilmegine ýardam etmäge borçludyr.

 

337-nji madda. Harytlary we ulag serişdelerini kybaplamak

 

1. Gümrük gözegçiligi astynda bolýan harytlary we ulag serişdelerini kybaplamak üçin plombalar, möhürler, harply ýa-da beýleki belgilemek, kybaplaýyş belgileri, ulag (daşaýyş), täjirçilik we beýleki resminamalar ulanylyp, möhürçeler basylyp, harytlaryň nusgalyklary we nusgalary alnyp, harytlar we ulag serişdeleri jikme-jik beýan edilip, çyzgylar düzülip, masştably şekiller, fotosuratlar, illýustrasiýalar taýýarlanylyp, şeýle hem kybaplamagyň beýleki serişdeleri ulanylyp bilner.

2. Kybaplaýyş serişdeleri diňe gümrük edaralary tarapyndan ýa-da olaryň rugsady bilen ýok edilip ýa-da üýtgedilip (çalşyrylyp) bilner, harytlaryň we ulag serişdeleriniň ýok edilmegine, ýitirilmegine ýa-da düýpli zaýalanmagyna hakyky howpuň bolan halatlary muňa degişli däldir. Kybaplaýyş serişdeleriniň üýtgedilendigi, aýrylandygy, ýok edilendigi ýa-da zeper ýetirilendigi hakynda haýal etmän gümrük edarasyna habar berilýär we görkezilen howpuň bolmagynyň subutnamalary berilýär. Kybaplaýyş serişdeleriniň üýtgedilendigi, aýrylandygy, ýok edilendigi ýa-da çalşylandygy hakynda gümrük edarasy tarapyndan gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan  tassyklanýan görnüşde nama düzülýär.

3. Şu maddanyň ikinji böleginiň düzgünleri gümrük maksatlary üçin kybaplaýyş serişdeleri hökmünde daşary ýurt döwletleriniň gümrük edaralary tarapyndan goýlan plombalaryň, möhürleriň ýa-da beýleki kybaplaýyş serişdeleriniň ulanylan halatlaryna degişli bolýar.

4. Deklarantyň haýyşy boýunça gümrük edaralary, Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmegi üçin mälim edilen türkmen harytlarynyň, olaryň deklarirlenilen ýerinde kybaplanylmagyny amala aşyrýar.

 

338-nji madda. Türkmenistanyň gümrük çägine bikanun getirilen harytlar ýüze çykarylanda gümrük edaralarynyň goşmaça ygtyýarlyklary

 

1. Telekeçilik işini amala aşyrmak bilen bagly Türkmenistanyň gümrük çäginde harytlary satyn alan şahslarda, gümrük paçlarynyň, salgytlaryň ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň berjaý edilmezligine getiren, Türkmenistanyň gümrük serhedinden bikanun geçirilen harytlar gümrük edaralary tarapyndan ýüze çykarylanda, şeýle harytlar şu Kodeksiň 326-njy maddasynda gümrük derňewi geçirilen mahalynda harytlar alnandaky ýa-da olara ygtyýarlyk edilmegi gadagan edilendäki ýaly göz öňünde tutulan tertipde ygtyýarlyk edilmegi gadagan edilýär ýa-da harytlar alynmaga we wagtlaýyn saklamak üçin ýerleşdirilmäge degişlidir. Gümrük maksatlary üçin görkezilen harytlara gümrük gözegçiligi astynda bolýan hökmünde garalýar.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen şahslar şu Kodeksiň 271-nji maddasyna laýyklykda gümrük paçlaryny, salgytlary tölemäge we gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýän tertipde harytlary gümrük taýdan resmileşdirmegiň beýleki talaplaryny we şertlerini ýönekeýleşdirilen tertipde ýerine ýetirmäge haklydyr. Şonda, eger şahslar özlerinde harytlaryň ýüze çykarylan gününden başlap bäş günden gijä galman gümrük paçlaryny, salgytlary töleseler ýa-da şu Kodeksiň 29-njy babyna laýyklykda olaryň tölenilmegini üpjün etseler, harytlar alynmaýar. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň görkezilen pul möçberleri üçin puşmana tölegleri hasaplanyp ýazylmaýar.

3. Gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek we Türkmenistanyň gümrük çägine bikanun getirilen harytlary gümrük taýdan resmileşdirmek hukugyny şahslara bermek babatda şu maddanyň ikinji böleginiň düzgünleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistana getirilmegi gadagan edilen harytlara, Türkmenistanyň çäginde dolanyşygy gadagan edilen harytlara, Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilende mukdar çäklendirmeleri bellenilen harytlara degişli däldir.

4. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen şahslar tarapyndan gümrük paçlary, salgytlar tölenende we gümrük taýdan resmileşdirilende harytlara gümrük maksatlary üçin erkin dolanyşyga goýberilen  hökmünde garalýar, munuň özi gümrük edaralaryna gümrük serhedinden harytlaryň bikanun geçirilmegine gatnaşan şahslary ýüze çykarmak boýunça zerur hereketleri amala aşyrmaga päsgel bermeýär.

5. Türkmenistanyň gümrük çägine bikanun getirilen harytlary satyn alan şahslar gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden we gümrük operasiýalaryny amala aşyrmakdan ýüz öwren halatynda şeýle harytlara ygtyýarlyk etmek şu Kodeksiň 292-nji maddasyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Şu maddanyň üçünji böleginde görkezilen harytlar gümrük edarasynyň arzasy boýunça kazyýetiň çözgüdi esasynda döwletiň eýeçiligine geçirilýär.

 

339-njy madda. Administratiw hukuk tertibiniň bozulmalary hakyndaky raýat we jenaýat işlerine garalanda gümrük gözegçiliginiň netijeleriniň ulanylmagy

 

Gümrük gözegçiliginiň geçirilmeginiň şu bölümiň düzgünlerine laýyklykda resmileşdirilen netijeleri jenaýat, raýat işleri we administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky işler boýunça subutnamalar hökmünde ykrar edilip bilner we görkezilen işlere, gümrük edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň çözgüdine, hereketine (hereketsizligine) şikaýatlara ýa-da ykdysady jedeller boýunça işlere garalanda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki subutnamalar bilen bir hatarda kazyýet ýa-da wezipeli adam tarapyndan baha berilmäge degişlidir.

 

37-nji bap. AÝRATYN HARYTLAR BABATDA GÜMRÜK

EDARALARY TARAPYNDAN GÖRÜLÝÄN ÇÄRELER

 

340-njy madda. Harytlaryň goýberilmegini togtatmagyň esaslary

 

1. Gümrük edaralary şu bapda göz öňünde tutulan tertipde awtorlyk hukugynyň we gatyşyk hukuklaryň obýektlerine, haryt nyşanlaryna, hyzmat ediş nyşanlaryna aýratyn hukuklaryň (intellektual eýeçiliginiň) eýesiniň we harydyň gelip çykýan ýeriniň adyny peýdalanmak hukugynyň eýesiniň (mundan beýläk – hukugyň eýesi) arzasynyň esasynda harytlaryň goýberilmegini togtatmak bilen baglanyşykly çäreleri görýär. Şu bapda göz öňünde tutulan çäreler gümrük serhedinden harytlar geçirilende ýa-da gümrük gözegçiligi astynda bolýan harytlar bilen başga hereketler amala aşyrylanda görülýär.

2. Şu baba laýyklykda gümrük edaralary tarapyndan görülýän çäreler hukugyň eýesine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz hukuklaryny goramagyň islendik serişdelerine ýüzlenmäge päsgel bermeýär.

 

341-nji madda. Hukugyň eýesi tarapyndan arzalaryň berilmegi we oňa garamagyň tertibi

 

1. Hukugyň eýesi öz pikirine görä kontrafakt bolup durýan harytlaryň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi bilen bagly ýa-da gümrük gözegçiligi astynda bolýan harytlar bilen beýleki hereketler amala aşyrylanda intellektual eýeçilik hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz hukuklary bozulandyr diýip çak etmäge ýeterlik esas bolanda, şeýle harytlaryň goýberilmegini togtatmak bilen bagly çäreleriň görülmegi hakynda gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasyna arza bermäge haklydyr. Arza hukugyň eýesiniň adyndan onuň wekili tarapyndan berlip bilner.

2. Harytlaryň goýberilmegini togtatmak bilen bagly çäreleri görmek hakyndaky arza şu maglumatlary özünde jemlemelidir:

1) hukugyň eýesi hakynda, eger arza onuň wekili tarapyndan berlen halatynda bolsa – wekili hakynda hem;

2) intellektual eýeçiligiň obýekti hakynda;

3) gümrük edaralarynyň şeýle harytlary ýüze çykaryp bilmegi üçin ýeterlik jikme-jik bolan, hukugyň eýesiniň pikirine görä kontrafakt bolup durýan harytlar hakynda;

4) gümrük edaralarynyň şu baba laýyklykda çäreleri görjek möhleti hakynda. 

Harytlaryň goýberilmegini togtatmak bilen baglanyşykly çäreleriň görülmegi hakyndaky arza intellektual eýeçiligiň obýektine hukugyň bardygyny tassyklaýan resminamalar (şahadatnama, aýratyn hukuklary geçirmek hakynda, şol sanda ygtyýarnamalaýyn şertnama, intellektual eýeçiliginiň obýektlerine öz hukuklarynyň tassyk edilmegine hukugyň eýesiniň berip biljek beýleki resminamalary) goşulýar, eger arza wekil tarapyndan berilse, görkezilen arzanyň ýanyna hukugyň eýesi tarapyndan şeýle şahsa berlen ynanç haty hem goşulýar.

Hukugyň eýesi (onuň wekili), özüniň pikiriçe onuň hukuklarynyň bozulmagynyň bar bolan faktynyň tassyklamasy bolup hyzmat edip biljek haryt nusgalaryny arzanyň ýanyna goşup biler.

3. Hukugyň eýesiniň deklaranta, harytlaryň eýesine, harytlary alyja ýa-da şu Kodeksiň 9-njy maddasynda görkezilen şahsa harytlaryň goýberilmegini togtatmak bilen bagly ýetirilip bilinjek emläk zyýanynyň öwezini dolmak hakynda ýazmaça görnüşdäki borçnamasy arzanyň ýanyna goşulýar.

4. Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy arzanyň gelip gowşan gününden başlap bir aýdan artyk bolmadyk möhletde arza garaýar we şu baba laýyklykda çäreleri görmek hakynda ýa-da şeýle çäreleri görmekden ýüz öwürmek hakynda çözgüt kabul edýär.

Hukugyň eýesi tarapyndan (onuň wekili tarapyndan) berlen maglumatlaryň dogrulygyny barlamak maksady bilen gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy mälim edilen maglumatlary tassyklaýan resminamalary üçünji şahslardan, şeýle hem döwlet edaralaryndan soramaga haklydyr. Görkezilen şahslar ýüz tutmanyň alnan gününden başlap on günüň dowamynda soralýan resminamalary bermäge borçludyrlar. Şunda gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy arza garamagyň möhletini uzaltmaga haklydyr, ýöne ol iki aýdan artyk bolmaly däldir.

Şu baba laýyklykda çäreleri görmekden ýüz öwürmek hakyndaky çözgüt hukugyň eýesi (onuň wekili) tarapyndan nädogry maglumatlar berlen, şeýle hem ol tarapyndan şu Kodeksiň 342-nji maddasynyň ikinji böleginde bellenilen talaplaryň berjaý edilmedik halatynda kabul edilýär.

Hukugyň eýesi (onuň wekili) kabul edilen çözgüt hakynda şeýle çözgüdiň kabul edilen gününden başlap üç günüň dowamynda ýazmaça görnüşde habardar edilýär.

5. Arzada ýa-da oňa goşulýan resminamalarda görkezilen maglumatlar üýtgedilen halatynda, hukugyň eýesi (onuň wekili) bu hakda haýal etmän, gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasyna habar bermäge borçludyr.

 

342-nji madda. Intellektual eýeçiligiň obýektleriniň gümrük sanawy

 

1. Özleri babatda gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan şu baba laýyklykda çäreleri görmek hakynda çözgüt kabul edilen intellektual eýeçiligiň obýektleri intellektual eýeçiligiň obýektleriniň gümrük sanawyna (şu bapda mundan beýläk – sanaw) girizilýär. 

Sanawy gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy bu edara tarapyndan kesgitlenilýän tertipde alyp barýar.

2. Hukugyň eýesiniň Türkmenistanyň raýat kanunçylygyna laýyklykda şu Kodeksiň 341-nji maddasynyň üçünji böleginde görkezilen borçnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün eden şertinde intellektual eýeçiligiň obýekti sanawa goşulýar.

3. Intellektual eýeçiligiň obýekti şu halatlarda sanawdan çykarylmaga degişlidir:

1) hukugyň eýesiniň (onuň wekiliniň) islegine görä;

2) hukugyň eýesi tarapyndan şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan şertler ýerine ýetirilmedik mahalynda;

3) intellektual eýeçiligiň obýektiniň hukuk goragynyň möhleti tamamlananda;

4) eger hukugyň eýesi harytlaryň goýberilmegini togtatmagyň möhletiniň dowamynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz hukuklarynyň goragy üçin ygtyýarly edara ýüz tutmadyk bolsa.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 41-nji  madda) 

 

 

343-nji madda. Harytlaryň goýberilmegini togtatmak bilen bagly gümrük edaralarynyň çäreleri görýän möhleti

 

Harytlaryň goýberilmegini togtatmak bilen bagly gümrük edaralarynyň çäreleri görýän möhleti hukugyň eýesiniň (onuň wekiliniň) arzasy esasynda bellenilýär, ýöne ol intellektual eýeçiliginiň obýektiniň sanawa girizilen gününden başlap bäş ýyldan artyk bolmaly däldir. Şu Kodeksiň 341-nji maddasynda we 342-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan talaplar berjaý edilen şertinde görkezilen möhlet hukugyň eýesiniň (onuň wekiliniň) arzasynyň esasynda uzaldylyp bilner. Gümrük edaralarynyň harytlaryň goýberilmegini togtatmak bilen bagly çäreleri görýän möhleti intellektual eýeçiliginiň obýektiniň hukuk goragynyň möhletinden artyk bolup bilmez.

 

344-nji madda. Harytlaryň goýberilmegini togtatmak

 

1. Eger gümrük taýdan resmileşdirmek we gümrük gözegçiligi amala aşyrylanda gümrük edarasy hukugyň eýesi (onuň wekili) tarapyndan görkezilen harytlary kontrafakt harytlar hökmünde ýüze çykarsa, şeýle harytlaryň goýberilmegi on günläp togtadylýar. Hukugyň eýesiniň (onuň wekiliniň) delillendirilen ýazmaça ýüz tutmasy boýunça görkezilen möhlet, eger ol Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz hukuklarynyň goragy üçin ygtyýarly döwlet edarasyna ýüz tutan bolsa, ýene on günden artyk bolmadyk möhlete uzaldylyp bilner.

Harytlaryň goýberilmegini togtatmak we harytlaryň goýberilmegini togtatmagyň möhletini uzaltmak hakyndaky çözgüt gümrük edarasynyň ýolbaşçysy ýa-da onuň ýerine galan şahs tarapyndan ýazmaça görnüşde kabul edilýär.

2. Gümrük edarasy harytlaryň goýberilmeginiň togtadylan gününiň yzyndan gelýän günden gijä galman harytlary goýbermegiň togtadylandygy, şeýle togtatmagyň sebäpleri we möhletleri hakynda deklaranta we hukugyň eýesine (onuň wekiline) habar berýär, şeýle hem hukugyň eýesiniň (onuň wekiliniň) adyny (familiýasyny, adyny, atasynyň adyny) we salgysyny deklaranta, hukugyň eýesine (onuň wekiline) bolsa – deklarantyň adyny (familiýasyny, adyny, atasynyň adyny) we salgysyny habar berýär.

3. Hukugyň eýesi Türkmenistanyň raýat kanunçylygyna laýyklykda, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde harytlaryň (olaryň gabyny we etiketkasyny goşmak bilen) kontrafakt bolup durýandygy kesgitlenmedik bolsa, şu baba laýyklykda harytlaryň goýberilmegini togtatmagyň netijesinde deklaranta, harydyň eýesine, harytlary alyja ýa-da şu Kodeksiň 9-njy maddasynda görkezilen şahsa ýetirilen emläk zyýany üçin jogapkärçilik çekýär.

 

345-nji madda. Maglumat bermek. Nusgalyklary we nusgalary almak

 

1. Gümrük edarasynyň ýazmaça rugsady bilen hukugyň eýesi we deklarant (olaryň wekilleri) özleri babatda goýbermegi togtatmak hakynda çözgüt kabul edilen harytlaryň nusgalyklaryny we nusgalaryny gümrük gözegçiligi astyna alyp, olaryň barlagyny geçirip, şeýle hem gözden geçirip, fotosurata düşürip ýa-da şeýle harytlary başga hili belläp bilerler.

2. Hukugyň eýesiniň (onuň wekiliniň) ýüz tutmasy boýunça gümrük edarasy hukugyň eýesine öz hukuklarynyň bozulmagyny subut etmek üçin gerek bolup biljek goşmaça maglumaty berip biler, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

3. Şu madda laýyklykda hukugyň eýesi (onuň wekili ) ýa-da deklarant tarapyndan alnan maglumat ýaşyryn bolup durýar we ol tarapyndan jar edilmeli däldir, üçünji şahslara, şeýle hem döwlet edaralaryna berilmeli däldir, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

 

346-njy madda. Harytlaryň goýberilmegini togtatmak hakyndaky çözgüdi ýatyrmak

 

1. Eger harytlaryň goýberilmegini togtatmagyň möhletiniň tamamlanmagyna çenli Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarly edaradan harytlary almak, olary tussag astyna almak ýa-da olary muzdsuz almak hakynda çözgüt alynmasa, harytlaryň goýberilmegini togtatmak hakynda çözgüt harytlaryň goýberilmegini togtatmagyň möhletiniň tamamlanan gününiň yzyndan gelýän günde ýatyrylmaga degişlidir.

2. Harytlaryň goýberilmegini togtatmak hakyndaky çözgüt harytlaryň goýberilmeginiň togtadylmagynyň möhletiniň tamamlanmagyna çenli ýatyrylmaga degişlidir, eger:

1) hukugyň eýesi (onuň wekili) harytlaryň goýberilmegini togtatmak hakyndaky çözgüdi ýatyrmak hakynda haýyş bilen gümrük edarasyna ýüz tutan bolsa;

2) intellektual eýeçiligiň obýekti sanawdan çykarylan bolsa.

3. Şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan esaslaryň bardygy hakynda mälim bolan gününde harytlaryň goýberilmegini togtatmak hakyndaky çözgüt ýatyrylmaga degişlidir.

4. Harytlaryň goýberilmegini togtatmak hakyndaky çözgüdi ýatyrmak şeýle çözgüdi kabul eden gümrük edarasynyň ýolbaşçysy ýa-da onuň ýerine galan şahs tarapyndan ýazmaça görnüşde amala aşyrylýar. Şeýle çözgüt ýatyrylandan soň harytlary goýbermek şu Kodeksde bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

347-nji madda. Gümrük edaralary tarapyndan özleri babatda harytlaryň goýberilmegini togtatmak bilen bagly çäreler ulanylmaýan harytlar

 

Şu baba laýyklykda harytlaryň goýberilmegini togtatmak bilen bagly çäreler intellektual eýeçiligiň obýektlerini düzýän we az mukdarda fiziki şahslar tarapyndan gümrük serhedinden geçirilýän ýa-da halkara poçta ugratmalarynda iberilýän harytlar babatda, eger şeýle harytlar şahsy, maşgala, öý we telekeçilik işini amala aşyrmak bilen bagly bolmadyk başga hajatlary üçin niýetlenilen bolsa, gümrük edaralary tarapyndan ulanylmaýar.

 

38-nji bap. HARYTLARYŇ GÖZEGÇILIKLI IBERILMEGI

 

348-nji madda. Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň gözegçilikli iberilmegini geçirmegiň aýratynlyklary

 

1. Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň gözegçilikli iberilmegi operatiw-agtaryş çäresi bolup durýar, onda operatiw-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň rugsady bilen we gözegçiligi astynda Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegine, bu çäkden alnyp gidilmegine ýa-da bu çäkde getirilen harytlaryň ondan-oňa geçirilmegine ýol berilýär.

Harytlar gümrük serhedinden geçirilende gözegçilikli ibermek harytlaryň bikanun dolanyşygy bilen bagly jenaýatlaryň öňüni almak, olary ýüze çykarmak, olara ýol bermezlik we olaryň üstüni açmak maksady bilen amala aşyrylýar.

Harytlaryň gözegçilikli iberilmegi gümrük edaralary bilen ylalaşylmagy boýunça amala aşyrylýar. Şeýle ylalaşylmagyň tertibi gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan we operatiw-agtaryş işini amala aşyrýan döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

2. Türkmenistanyň halkara şertnamasynyň esasynda ýa-da daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly edaralary bilen ylalaşyk boýunça Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilýän harytlaryň gözegçilikli iberilmegi hakynda çözgüt kabul edilen halatynda Türkmenistanda jenaýat işi gozgalmaýar we harytlaryň gözegçilikli iberilmegini amala aşyrýan edaranyň ýolbaşçysy kabul edilen çözgüt hakynda haýal etmän Türkmenistanyň Baş prokuroryny habardar edýär. 

 

349-njy madda. Gözegçilikli ibermek amala aşyrylan mahalynda Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlary almak ýa-da çalyşmak

 

1. Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dolanyşygy gadagan edilen ýa-da çäklendirilen harytlaryň gözegçilikli iberilmegi amala aşyrylanda bu harytlar Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde doly ýa-da kem-käsleýin alnyp ýa-da çalşyrylyp bilner.

2. Adamlaryň saglygy, daşky gurşaw üçin ýokary howpy döredýän ýa-da köpçülikleýin gyryş ýaragyny taýýarlamak üçin esas bolup hyzmat edýän harytlar Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde çalşylmaga degişlidir.

 

V BÖLÜM. HARYTLARY DÖWLET EÝEÇILIGINE

GEÇIRMEK. GÜMRÜK STATISTIKASY

 

39-njy bap. HARYTLARA WE ULAG SERIŞDELERINE

YGTYÝARLYK ETMEGIŇ ESASLARY WE TERTIBI

 

350-nji madda. Harytlary we ulag serişdelerini döwletiň eýeçiligine geçirmek

 

1. Harytlar we ulag serişdeleri:

1) kazyýetiň çözgüdi esasynda – kazyýetiň çözgüdiniň güýje giren gününden başlap;

2) şahsyň döwletiň peýdasyna ýüz öwürmegi esasynda – kabul ediş-tabşyryş namasy boýunça harytlaryň ýa-da ulag serişdeleriniň gümrük edaralaryna berlen gününden başlap, döwletiň eýeçiligine geçirilýär.

2. Kazyýetiň çözgüdi boýunça döwletiň eýeçiligine geçirilen harytlara we ulag serişdelerine ygtyýarlyk etmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

351-nji madda. Wagtlaýyn saklanylyş möhleti ýa-da gümrük ammarynda saklanylyş möhleti tamamlanan harytlara ygtyýarlyk etmek

 

Wagtlaýyn saklanylyş möhleti ýa-da gümrük ammarynda saklanylyş möhleti tamamlanan harytlara ygtyýarlyk etmek wagtlaýyn saklanylyş möhletiniň ýa-da gümrük ammarynda saklanylyş möhletiniň tamamlanmagynyň faktyny belleýän gümrük edarasynyň namasynyň esasynda amala aşyrylýar. Nama gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýän görnüş boýunça iki nusgada düzülýär. Şeýle namanyň ikinji nusgasy, eger ol şahs gümrük edarasy tarapyndan kesgitlenilen bolsa, harytlara kanuny eýelik edýäne gowşurylmaga degişlidir. Ykrarnamanyň göçürme nusgasy wagtlaýyn saklanylýan ammara ýa-da gümrük ammaryna eýelik edýäne gowşurylýar.

 

352-nji madda. Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky işler boýunça maddy subutnamalar bolup durýan harytlara we ulag serişdelerine ygtyýarlyk etmek

 

1. Gümrük edaralary eger olaryň saklanylmagy üçin hakyky çykdajylar harytlaryň bahasyndan ýokary geçýän halatynda, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýän beýleki halatlarda, administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky işler boýunça maddy subutnamalar bolup durýan harytlara we ulag serişdelerine ygtyýarlyk edip bilerler.

2. Eger administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky işlere garalanda şu maddanyň birinji böleginde görkezilen harytlary we ulag serişdelerini muzdsuz almak hakynda karar kabul edilse, şeýle harytlary we ulag serişdelerini ýerlemekden alnan pul möçberleri Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilýär.

3. Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky iş boýunça karar güýje giren gününden başlap bir aýyň dowamynda talap edilmedik we kanuny eýelik edýänlerine yzyna gaýtaryp bermek hakynda çözgüt kabul edilen administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky işler boýunça maddy subutnamalar bolup durýan harytlara we ulag serişdelerine ygtyýarlyk etmek, eger olary saklamak gümrük edaralary tarapyndan ýa-da olaryň gözegçiligi astynda amala aşyrylan bolsa, şu baba laýyklykda amala aşyrylýar.

Görkezilen harytlara we ulag serişdelerine ygtyýarlyk etmek olary talap etmek üçin möhletiň tamamlanmagynyň faktyny belleýän gümrük edarasynyň gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýan görnüşdäki namasynyň esasynda amala aşyrylýar.

 

353-nji madda. Harytlara we ulag serişdelerine ygtyýarlyk etmegiň tertibi we usullary 

 

1. Harytlara we ulag serişdelerine ygtyýarlyk etmek olary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde ýerlemek, ýok etmek ýa-da gaýtadan ulanylmagy üçin işlemek arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarly edilen döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Gümrük edarasy öňünden, ýöne azyndan on bäş gün  öň şu maddanyň birinji böleginde görkezilen ygtyýarly döwlet edarasyna harytlaryň we ulag serişdeleriniň geljekki berilmegi hakynda kanuny eýelik edýäne ýa-da şu Kodeksiň 9-njy maddasynda görkezilen şahsa (eger bu şahs gümrük edarasy tarapyndan kesgitlenilen bolsa) ýazmaça görnüşde habar berýär.

3. Harytlar we ulag serişdelerini ýerlemek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýän bahalar boýunça geçirilýär.

4. Ýerlemäge degişli harytlar we ulag serişdeleri gümrük edaralarynyň wezipeli adamlary, ygtyýarly döwlet edarasynyň işgärleri, şeýle hem olaryň maşgala agzalary tarapyndan satyn alnyp bilinmez.

5. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda, Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanda dolanyşygy gadagan edilen harytlar we ulag serişdeleri, şeýle hem saklanylmagy we ýerlenilmegi üçin çykdajylar olaryň bahasyndan ýokary geçýän harytlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýok edilmäge ýa-da gaýtadan ulanylmagy üçin işlenilmäge degişlidir.

6. Eger harytlaryň aýratyn görnüşleri babatynda Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, harytlary we ulag serişdelerini ýok etmek ýa-da gaýtadan ulanylmagy üçin işlemek şu Kodeksiň 9-njy maddasynda görkezilen şahsyň hasabyna, eger bu şahs kesgitlenilmedik bolsa – olara kanuny eýelik edýäniň hasabyna, eger kanuny eýelik edýän bolmasa - Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

 

354-nji madda. Harytlary we ulag serişdelerini ýerlemekden alnan pul möçberlerine ygtyýarlyk etmek

 

1. Döwletiň eýeçiligine geçirilmedik harytlary we ulag serişdelerini ýerlemekden alnan pul möçberleri olaryň ýerlenen gününden başlap üç ýylyň dowamynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde, olara kanuny eýelik edýäne tölenilýär. Görkezilen pul möçberlerinden, daşary ýurt harytlary babatynda, olaryň erkin dolanyşyga goýberilen mahalyndaky tölenmäge degişli getiriliş gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberleri, şeýle hem harytlaryň getirilmegi (ulagly daşalmagy), saklanylmagy we olaryň ýerlenilmegi üçin (bilermenler seljermesini we baha bermegi goşmak bilen) gümrük edaralary we beýleki şahslar tarapyndan çekilen çykdajylar tutulyp alynýar.

2. Eger harytlary ýerlemekden alnan pul möçberleri gümrük paçlaryny, salgytlary tutup almak we gümrük edaralarynyň we Türkmensitanyň raýat kanunçylygyna laýyklykda görkezilen pul möçberleriniň hasabyna öz çykdajylarynyň öweziniň dolunmagyna dalaş etmäge hakly beýleki şahslaryň ähli çykdajylaryny ýapmak üçin ýeterlik bolmasa, olary paýlamak şu aşakdaky nobatlylykda amala aşyrylýar:

1) ilkinji nobatda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberleriniň Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilmegi amala aşyrylýar;

2) ikinji nobatda harytlaryň daşalmagy (ulagly daşalmagy), saklanylmagy we ýerlenilmegi üçin çykdajylaryň öwezini dolmak amala aşyrylýar.

3. Çykdajylaryň öwezini dolmak, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çykdajylaryň öweziniň dolunmagyna bolan hukugy tassyklaýan resminamalaryň, şeýle hem şeýle çykdajylaryň hasabynyň gelip gowuşmagynyň senenama nobatlylygy tertibinde amala aşyrylýar.

4. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan möhlet tamamlanandan soň harytlary we ulag serişdelerini ýerlemekden alnan pul möçberleri Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilýär.

5. Döwletiň eýeçiligine geçirilen harytlary we ulag serişdelerini ýerlemekden alnan pul möçberleri Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilýär.

 

355-nji madda. Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasynyň döwletiň eýeçiligine geçirilen harytlaryň muzdsuz geçirilmegine bolan hukugy

 

Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylmagy boýunça döwlet eýeçiligine geçirilen şu aşakdakylary muzdsuz geçirmäge haklydyr:

1) derman serişdeleri, çalt zaýalanýan iýmit önümleri, çaga iýmiti önümleri, şeýle hem geýimi, aýakgaby we ilkinji zerur bolan beýleki närseleri – durmuş üpjünçiligi, saglygy goraýyş, bilim çygrynyň edaralaryna;

2) taryhyň medeni gymmatlyklar bolup durmaýan närselerini, ylym obýektlerini we sungat eserlerini – muzeýlere;

3) flora we fauna närselerini – zoologiýa seýilgählerine, goraghanalara, muzeýlere;

4) dini dessurlara degişli närseleri – dini guramalara;

5) şu maddanyň 1‒4-nji bentlerinde görkezilen harytlardan başga harytlary ‒ degişliligi boýunça döwlet edaralaryna.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 41-nji madda)

 

 

356-njy madda. Harytlaryň aýratyn görnüşlerine ygtyýarlyk etmegiň aýratynlyklary 

 

Gymmat bahaly metallara, gymmat bahaly daşlara we olardan ýasalan önümlere, medeni gymmatlyklara, belgilenmäge degişli harytlara we Türkmenistanyň çäginde dolanyşygy çäklendirilen beýleki harytlara ygtyýarlyk etmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

40-njy bap. GÜMRÜK STATISTIKASY

 

357-nji madda. Türkmenistanyň daşary söwdasynyň gümrük statistikasy

 

1. Türkmenistanyň daşary söwdasynyň ýagdaýyny, ösüşini we meýillerini seljermek, Türkmenistanyň Döwlet býujetine gümrük tölegleriniň gelip gowşuşyna gözegçilik etmek, walýuta gözegçiligi maksady bilen gümrük edaralary harytlaryň gümrük serhedinden geçirilmegi hakyndaky maglumatlary ýygnamagy we işläp taýýarlamagy alyp barýar hem-de Türkmenistanyň daşary söwdasynyň gümrük statistikasynyň maglumatlaryny Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine we beýleki döwlet edaralaryna berýär.

2. Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy Türkmenistanyň daşary söwdasynyň gümrük statistikasynyň maglumatlaryny Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda halkara guramalaryna berýär.

3. Türkmenistanyň daşary söwdasynyň gümrük statistikasy şu Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ýöredilýär.

Türkmenistanyň daşary söwdasynyň gümrük statistikasy Türkmenistan bilen onuň daşary söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda özara söwda maglumatlarynyň deňeşdirip bolujylygyny üpjün edýän usulyýete laýyklykda ýöredilýär.

 

358-nji madda. Ýörite gümrük statistikasy

 

1. Gümrük edaralarynyň üstüne ýüklenen wezipeleri üpjün etmek maksady bilen görkezilen edaralar tarapyndan gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýän tertipde ýörite gümrük statistikasy ýöredilýär.

2. Ýörite gümrük statistikasynyň maglumatlary gümrük edaralary tarapyndan diňe gümrük maksatlary üçin ulanylýar.

 

359-njy madda. Gümrük statistikasynyň maksatlary üçin ulanylýan maglumat

 

1. Gümrük statistikasynyň maksatlary üçin şu Kodeksiň düzgünlerine laýyklykda şahslar tarapyndan berilýän maglumat ulanylýar.

2. Öz mazmuny ýa-da gümrük edarasyna berliş usuly boýunça kanun arkaly goralýan syrlary düzýän we beýleki ýaşyryn bolan ähli maglumatlaryň goragy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. Maglumaty görkezijiniň razylygy bolmazdan, gümrük edarasynyň ony jar etmäge haky ýokdur, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

(2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 21-nji madda)

 

41-nji bap. GÜMRÜK IŞINDÄKI MAGLUMAT ULGAMLARY WE MAGLUMAT TEHNOLOGIÝALARY

Kodekse 41-nji bap 2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizilen (Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 21-nji madda)

 

3591-njy madda. Gümrük edaralary tarapyndan ulanylýan maglumat ulgamlary, maglumat tehnologiýalary we olaryň üpjünçilik serişdeleri

1. Maglumat ulgamlarynyň we maglumat tehnologiýalarynyň, şol sanda maglumat alyş-çalşyň elektron usuly esasynda işlenilip taýýarlanylmagy, döredilmegi we ulanylmagy gümrük edaralary tarapyndan şu Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Hasaplaýyş tehnikalaryny we aragatnaşyk serişdelerini ulanmak bilen, maglumat ulgamlarynyň we maglumat tehnologiýalarynyň işe ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň döwlet standartlaryna, Türkmenistanda bellige alnan halkara we döwletara standartlara laýyklykda amala aşyrylýar.

3. Maglumat ulgamlaryny, maglumat tehnologiýalaryny we olaryň üpjünçilik serişdelerini gümrük maksatlary üçin ulanmagyň tertibi gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

4. Gümrük edaralary tarapyndan ulanylýan maglumat ulgamlarynyň, maglumat gorlarynyň we maglumatlaryň goragy kiberhowpsuzlyk we maglumat howpsuzlygy çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan üpjün edilýär.

 

3592-njy madda. Gümrük işinde ulanylýan maglumat gorlary

1. Gümrük edaralarynyň maglumat gorlary, şu Kodekse laýyklykda gümrük operasiýalary geçirilen mahalynda şahslar tarapyndan berilýän resminamalardan we maglumatlardan, şeýle hem şu Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda gümrük edaralarynyň ygtyýarlygynda bolan başga resminamalardan we maglumatlardan ybaratdyr.

2. Gümrük edaralarynyň maglumat gorlaryny emele getirmegiň we ulanmagyň tertibi, maglumatlary resmileşdirmegiň talaplary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

3. Şu Kodeksde göz öňünde tutulan ýa-da onda bellenilen tertipde berilýän resminamalar, şol sanda gümrük deklarasiýasy gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilen maglumatlary resmileşdirmegiň talaplaryny, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki talaplary berjaý etmek bilen, maglumat alyş-çalşyň elektron usuly arkaly berlip bilner.

4. Gümrük edaralarynyň ygtyýaryndaky maglumat gorlarynda bar bolan maglumatlaryň şahslar tarapyndan alynmagynyň tertibi şu Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

 

3593-njy madda. Şahslar tarapyndan ulanylýan maglumat ulgamlary, maglumat tehnologiýalary we olaryň üpjünçilik serişdeleri

Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy wagtlaýyn saklanylýan ammarlara eýelik edýänler, gümrük ammarlaryna eýelik edýänler we gümrük dellallary, şeýle hem öz islegleri boýunça beýleki şahslar tarapyndan şu Kodeksde göz öňünde tutulan resminamalary we maglumatlary bermek üçin ulanylýan maglumat ulgamlarynyň, maglumat tehnologiýalarynyň we olaryň üpjünçilik serişdeleriniň talaplaryny kesgitleýär.

 

3594-njy madda. Gümrük edaralarynyň maglumat alyş-çalşygyna gatnaşmagy

Gümrük edaralary Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen tertipde we şertlerde daşary ýurt döwletleriniň gümrük edaralary, şeýle hem halkara we beýleki guramalar bilen maglumat alyş-çalşygyna gatnaşýar.

 

3595-njy madda. «Eksport-import amallary üçin bir penjire»

    ulgamynyň ornaşdyrylmagy

1. Harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi boýunça deklarantlar, olaryň wekilleri we beýleki dahylly şahslar gümrük edaralary hem-de rugsat beriş we gözegçilik wezipelerini amala aşyrýan beýleki ygtyýarly edaralar bilen özara hereketlerini şu Kodekse laýyklykda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamyny ulanmak arkaly amala aşyrýarlar.

2. Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» bitewi döwlet maglumat web-portalynyň dolandyryjysy we saklaýjysy bolup durýar.

«Eksport-import amallary üçin bir penjire» bitewi döwlet maglumat web-portalynyň talabalaýyk işlemegi üçin, gümrük edaralarynyň maglumat-aragatnaşyk ulgamy harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi boýunça rugsat beriş we gözegçilik wezipelerini amala aşyrmaga ygtyýarly döwlet edaralarynyň, kärhanalarynyň we guramalarynyň arasynda maglumat alyş-çalşygyny üpjün edýär we sazlaşdyrylan maglumat toplumyny ulanýar. Maglumat alyş-çalşygyny üpjün edýän taraplar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bu ugurda degişli işleri guramaga borçludyrlar.

«Eksport-import amallary üçin bir penjire» bitewi döwlet maglumat web-portaly arkaly berlen maglumatlaryň sazlaşdyrylmagy deklarantlaryň, olaryň wekilleriniň, beýleki dahylly şahslaryň şol bir maglumatlary harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi boýunça rugsat beriş we gözegçilik wezipelerini amala aşyrmaga ygtyýarly beýleki döwlet edaralaryna, kärhanalaryna we guramalaryna bir gezekden köp bermek zerurlygynyň öňüni almak maksady bilen amala aşyrylýar.

«Eksport-import amallary üçin bir penjire» bitewi döwlet maglumat web-portaly arkaly berlen maglumatlaryň sazlaşdyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda we Bütindünýä gümrük guramasynyň maslahatlaryndan we maglumatlar binýadynda görkezilenlerden ugur alyp, gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

Kodekse 3595-njy madda 2022-nji ýylyň 24-nji iýulyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizilen (Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 3, 79-njy madda)

 

VI BÖLÜM. JEMLEÝJI DÜZGÜN

 

360-njy madda. Şu Kodeksde bellenilen möhletleri hasaplamagyň tertibi

 

1. Şu Kodeksde bellenilen, wagtyň döwri bilen kesgitlenilen möhletleriň başlanýan gününi we tamamlanýan gününi ýa-da wakanyň gelip ýeten gününi kesgitlemek şu Kodeksde göz öňünde tutulan tertipde geçirilýär.

2. Eger şu Kodeksde möhletleri hasaplamagyň ýörite tertibi bellenilmedik bolsa, gümrük işindäki möhletleriň başlanýan gününi we tamamlanýan gününi kesgitlemek üçin şu Kodeksiň 79-njy maddasynyň üçünji böleginiň düzgünlerini nazara almak bilen, Saparmyrat Türkmenbaşynyň Türkmenistanyň Raýat kodeksinde bellenilen kadalar ulanylýar.