Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksi (rejelenen görnüşi)

TÜRKMENISTANYŇ

 K A N U N Y

 

Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksini (rejelenen görnüşi)

 tassyklamak we güýje girizmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 4, 77-nji madda)

 

1-nji madda. Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksini (rejelenen görnüşi) tassyklamaly.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksini (rejelenen görnüşi) 2010-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizmeli.

 

3-nji madda. Türkmenistanyň kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary mundan beýläk Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine (rejelenen görnüşi) laýyk getirilýänçä, şu Kodekse garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler.

 

4-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti üç aý möhletde Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine (rejelenen görnüşi) laýyk getirmelidir.

 

Türkmenistanyň                                            Gurbanguly

     Prezidenti                                                      Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2009-njy ýylyň 21-nji noýabry.

№ 74-IV.

 

 

TÜRKMENISTANYŇ

 SANITARIÝA KODEKSI

 

1992-nji ýylyň 19-njy maýy

 

(rejelenen görnüşi 2009-njy ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary¸ 2009 ý., № 4, 77-nji madda)

 

Şu Kodeks ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmegiň, raýatlaryň oňaýly daşky gurşawa bolan hukuklarynyň, raýatlaryň olar bilen baglanyşykly başga hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň durmuşa geçirilmeginiň hem-de goralmagynyň hukuk, ykdysady hem-de durmuş şertlerini kesgitleýär.

 

I BÖLÜM. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1­nji madda. Şu Kodeksde ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kodeksde aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) sanitariýa – ilatyň saglygyny goramaga, iş we durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen gigiýena çäreleriniň ulgamy;

2) epidemiologiýa – epidemiýalaryň döremeginiň sebäplerini, ýaýramagynyň kanunalaýyklyklaryny, şeýle-de olaryň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça çäreleri öwrenýän ylym;

3)  epidemiýa – haýsy-da bolsa bir ýokanç keseliň ilatly nokatda, sebitde giň ýaýramagy;

4) gigiýena – daşky gurşawyň we önümçilik işiniň faktorlarynyň adamyň saglygyna, işe ukyplylygyna, ömrüniň dowamlylygyna edýän täsirini öwrenýän, ilatly nokatlaryň, adamlaryň ýaşaýyş şertleriniň we işiniň sagdynlaşdyrylmagyna gönükdirilen normatiwleri, talaplary we sanitariýa çärelerini işläp düzýän lukmançylyk ylmy;

5) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygy – ilatyň saglygynyň we adamyň ýaşaýan gurşawynyň, şunlukda daşky gurşawyň faktorlarynyň adamyň organizmine howply hem zyýanly täsiri bolmadyk hem-de adamyň ýaşamagy üçin amatly şertleri bar bolan ýagdaýy;  

6) adamyň ýaşaýan gurşawy – daşky (tebigy we emeli) gurşawyň adamyň ýaşamagynyň şertlerini kesgitleýän faktorlarynyň, hadysalarynyň we obýektleriniň jemi;

7) adamyň ýaşaýan gurşawynyň faktorlary – adama we (ýa­da) geljekki nesilleriň saglyk ýagdaýyna täsir edýän we (ýa­da) täsir edip biljek biologik (wiruslar, bakteriýalar, parazitler we beýlekiler), himiki, fiziki (güwwüldi, sandyrama, ultrases, infrases, ýylylyk, ionlaşdyryjy, ionlaşdyryjy däl we beýleki şöhle saçmalar), durmuş (iýmit, agyz suwy üpjünçiligi, ýaşaýyş, zähmet we dynç alyş şertleri) we adamyň ýaşaýan gurşawynyň beýleki faktorlary;

8) adama zyýanly täsir etmegi – ýaşaýyş gurşawynyň adamyň janyna we saglygyna ýa-da geljekki nesilleriň janyna we saglygyna howp döredýän faktorlarynyň täsiri; 

9) adamyň ýaşamagynyň amatly şertleriýaşaýyş gurşawynyň faktorlarynyň adama zyýanly täsiri bolmadyk (zyýansyz şertler) we adam organizminiň bozulan funksiýalarynyň dikeldilmegine mümkinçilikleri bolan ýagdaýy;

10) adam üçin howpsuz şertler – ýaşaýyş gurşawynyň faktorlarynyň adam üçin zyýanly täsir etmek howpy bolmadyk ýagdaýy; 

11) sanitariýa-epidemiologiýa ýagdaýy - ilatyň saglygynyň we ýaşaýyş gurşawynyň belli bir çäkde anyk bir wagtdaky ýagdaýy;

12) gigiýena normatiwi  ýaşaýyş gurşawynyň adam üçin howpsuzlygy we (ýa­da) zyýansyzlygy nukdaý nazaryndan ol ýa-da beýleki faktoryny häsiýetlendirýän barlaglar arkaly kesgitlenen rugsat berilýän iň köp ýa­da iň az san we (ýa­da) hil görkezijisi;

13) döwlet sanitariýa­epidemiologiýa düzgünleri we normatiwleri – berjaý edilmezligi adamyň janyna we saglygyna howp döredýän, şeýle hem keselleriň ýüze çykmagyna we ýaýramagyna getirýän sanitariýa­epidemiologiýa talaplaryny (şol sanda adamyň ýaşaýyş gurşawynyň faktorlarynyň howpsuzlygynyň we zyýansyzlygynyň ölçegleri, gigiýena we beýleki normatiwleri) belleýän kadalaşdyryjy hukuk namalar;

14) durmuş-gigiýena monitoringi adamyň saglygynyň we ýaşaýyş gurşawynyň ýagdaýyna gözegçilik etmegiň, olary seljermegiň, baha bermegiň we çaklamagyň, şeýle hem ilatyň saglygynyň we ýaşaýyş gurşawynyň ýagdaýyna täsir edýän faktorlaryň özara arabaglanyşyklaryny kesgitleýän döwlet gözegçilik ulgamy;

15) döwlet sanitariýa­epidemiologiýa gözegçilik barlagy – ilatyň saglygyny we ýaşaýyş gurşawyny goramak maksady bilen, sanitariýa­epidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmalarynyň öňüni almak, ýüze çykarmak we ýol bermezlik boýunça iş;

16) pudak sanitariýa gözegçilik barlagy – degişli ministrlikleriň we pudaklaryň hereket edýän we gurulýan obýektlerinde olaryň sanitariýa-epidemiologiýa gulluklary tarapyndan döwlet we pudak sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň esasynda amala aşyrylýan iş;

17) sanitariýa-gigiýena bilermenler seljermesi – sanitariýa-gigiýena bilermenlerseljermesiniňobýektleriniň döwlet sanitariýa­epidemiologiýa düzgünlerine we kadalaryna laýykdygyny (laýyk däldigini) kesgitlemek boýunça amala aşyrylýan iş;

18) sanitariýa­epidemiologiýa netijenamasy – adamyň ýaşaýan gurşawynyň faktorlarynyň, hojalyk we beýleki işleriň, önümiň, işleriň we hyzmatlaryň, şeýle hem kadalaşdyryjy namalaryň taslamalarynyň, obýektleriň gurluşyklarynyň taslamalarynyň, ulanyş resminamalarynyň döwlet sanitariýa­epidemiologiýa kadalaryna we normatiwlerine laýyklygyny (laýyk däldigini) kepillendirýän resminama;

19) epidemiýa garşy-sanitariýa (öňüni alyş) çäreleri – ýaşaýyş gurşawynyň faktorlarynyň adama zyýanly täsiriniň azaldylmagyna ýa­da ýok edilmegine, ýokanç keselleriň we köpçülikleýin ýokanç däl keselleriň (zäherlenmeleriň) ýüze çykmagyna, ýaýramagyna we olaryň ýok edilmegine gönükdirilen guramaçylyk, edara ediş, inžener­tehniki, lukmançylyk­sanitariýa, weterinariýa we beýleki çäreler;

20) çäklendiriji çäreler (karantin) – ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen hem-de hojalyk we beýleki işleriň aýratyn tertibini göz öňünde tutýan, ilatyň, ulag serişdeleriniň, ýükleriň, harytlaryň we mallaryň ondan-oňa göçmegini çäklendirýän edara ediş, lukmançylyk-sanitariýa, weterinariýa we beýleki çäreler; 

21) ýokanç keseller – döremegi we ýaýramagy adamyň ýaşaýan gurşawynyň biologik faktorlarynyň (ýokanç keselleri döredijileriň) täsiri we keseliň kesellän adamdan, haýwandan sag adama geçmek ýagdaýy bilen şertlendirilen ýokanç keseller;

22) köpçülikleýin ýokanç däl keseller (zäherlenmeler) – adamyň ýaşaýan gurşawynyň fiziki we (ýa-da) himiki, we (ýa-da) durmuş faktorlarynyň täsiri bilen şertlendirilen keseller (zäherlenmeler);

23) önümçilik gözegçiligi önümçilik gözegçiliginiň maksatnamasyny işläp düzmek we ylalaşmak boýunça çäreleri, obýektde barlaghana-instrumental barlaglaryny hem-de kärhanada sanitariýa abadançylygynyň umumy barlagyny amala aşyrmagy öz içine alýan Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylýan iş.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygy

 

1. Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kodeksden hem-de Türkmenistanyň ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatdaky beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.

2. Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly şu Kodeks bilen düzgünleşdirilmeýän emläk hukuk gatnaşyklary babatynda Türkmenistanyň raýat kanunçylygynyň kadalary ulanylýar.

3. Sanitariýa ýagdaýynyň meselelerini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Kodeks esasynda kabul edilýär hem-de onuň düzgünlerine çapraz gelip bilmez. Şeýle çapraz gelme bolan halatynda şu Kodeksiň düzgünleri ulanylýar. 

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 47-nji madda)

 

3-nji madda. Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň maksatlary we esasy  wezipeleri

 

1. Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny hem-de radiasiýa howpsuzlygyny (mundan beýläk – ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygy) üpjün etmek, Türkmenistanyň raýatlarynyň esasy konstitusion hukuklarynyň biri hökmünde raýatlaryň saglygyny goramak we berkitmek Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň maksatlary bolup durýar.

2. Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek üçin zerur bolan durmuş-hukuk şertlerini we kepillikleri döretmek, adamyň ýaşamagy üçin amatly şertleri üpjün etmek bilen baglanyşykly gatnaşyklary hukuk taýdan düzgünleşdirmek  Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň esasy wezipeleri bolup durýar.

 

4-nji madda. Hukuklaryň we borçlaryň ýüze çykmagy üçin esaslar

 

Şu Kodeksde göz öňünde tutulan hukuklar we borçlar Türkmenistanyň kanunçylygyna esaslanýar, şeýle hem döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň (mundan beýläk – ýuridik şahslaryň), şeýle hem fiziki şahslaryň (raýatlaryň), şol sanda ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslaryň kanunda göz öňünde tutulmadyk, ýöne Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň umumy düzgünlerine we manysyna görä ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça hukuklaryny hem-de borçlaryny döredýän hereketlerinden gelip çykýar.

Şuňa laýyklykda ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça hukuklar hem-de borçlar şu aşakdakylardan ýüze çykýar:

1) sanitariýa gözegçilik barlagy edaralarynyň edara ediş namalaryndan;

2) raýatlaryň janyna ýa-da saglygyna zyýan (zelel) ýetirilmegi netijesinde;

3) kanunyň, şu Kodeks bilen düzgünleşdirilýän üýtgetmeleriň herekete başlamagyny ýa-da gatnaşyklaryň ýatyrylmagyny baglanyşdyrýan wakalary netijesinde;

4) ýuridik we fiziki şahslaryň başga hereketleri netijesinde.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 47-nji  madda)

 

5-nji madda. Hukuklaryň amala aşyrylmagy we borçlaryň ýerine ýetirilmegi

 

Şu Kodeksde göz öňünde tutulan hukuklar Türkmenistanyň kanunçylygy bilen goralýar.

Döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýuridik we fiziki şahslar hukuklaryny amala aşyran we borçlaryny ýerine ýetiren mahalynda Türkmenistanyň kanunçylygyny beýleki ýuridik we fiziki şahslaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini kemsitmän berjaý etmelidirler.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 47-nji  madda)

 

6-njy madda. Hukuklaryň goralmagy

 

Şu Kodeksde göz öňünde tutulan hukuklar taraplaryň ylalaşmagy esasynda, kazyýet, araçy kazyýet ýa-da bitarap kazyýet tarapyndan şu aşakdakylar arkaly goralýar:

1) hukuklary ykrar etmek;

2) hukugyň bozulmagyndan ozal dowam edip gelen ýagdaýy dikeltmek hem-de hukugy bozýan ýa-da ony bozmaga getirip biljek hereketleriň öňüni almak;

3) borçlary bolmalysy ýaly (naturada) ýerine ýetirmäge mejbur etmek;

4) temmi puluny töletmek;

5) ýetirilen ýitgileriň öwezini dolmak;

6) hukuk gatnaşyklaryny bes etmek ýa-da üýtgetmek;

7) döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmeýän kadalaşdyryjy namasyny hakyky däl diýip hasap etmek;

8) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki usullar bilen.

Raýatlaryň şu Kodeksiň 12-15-nji maddalarynda göz öňünde tutulan hukuklary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarly edilen döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ýa-da kazyýet tarapyndan goralýar.

Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatdaky hukuklarynyň goralmagy şu Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk  namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 47-nji  madda)

 

7-nji madda. Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygy we ony üpjün etmegiň esaslary

 

Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygy aşakdakylar arkaly üpjün edilýär:

1) ilatyň saglygyny berkitmek we keselleriň öňüni almak, adamyň ýaşaýan gurşawyny hem-de onuň ýaşaýyş şertlerini sagdynlaşdyrmak baradaky döwlet, sebit we belli maksada gönükdirilen maksatnamalary işläp düzmek we durmuşa geçirmek; 

2) raýatlaryň öz saglygyny goramaga hukugyny durmuşa geçirmäge, şeýle hem şol hukugynyň kepillendirilmegini üpjün etmäge gönükdirilen guramaçylyk, hukuk we kanunçylyk häsiýetli çäreleriň toplumyny amala aşyrmak;

3) durmuş-gigiýena monitoringini geçirmek;

4) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatynda ylmy barlaglary geçirmek;

5) ýokanç keselleriň, köpçülikleýin ýokanç däl keselleriň (zäherlenmeleriň) ýüze çykmagy, ýaşaýyş gurşawynyň ýagdaýy we geçirilýän epidemiýa garşy-sanitariýa (öňüni alyş) çäreler barada ilaty öz wagtynda habarly etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek;

6) ýokanç keselleriň tiz ýaýramagynyň öňüni almak we ýok etmek üçin epidemiýa garşy gaznany döretmek;

7) Türkmenistanyň çäginiň sanitariýa taýdan goralmagyny üpjün etmek;

8) sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň bozulandygy üçin jogapkärçilik çärelerini kesgitlemek;

9) ilatyň aňynda ýokary sanitariýa medeniýetini terbiýelemek we ony öwretmek, sagdyn ýaşaýyş düzgünini ündemek;

10) döwlet tarapyndan sanitariýa-epidemiologiýa taýdan kadalaşdyrmak;

11) ýuridik we fiziki şahslaryň ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça hukuklaryny hem-de borçlaryny bellemek;

12) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda sanitariýa talaplarynyň berjaý edilişine, şeýle hem sanitariýa-gigiýena, epidemiýa garşy-sanitariýa hem-de radiasiýa garşy çäreleriň geçirilişine döwlet we pudak sanitariýa gözegçilik barlagynyň, önümçilik we jemgyýetçilik sanitariýa gözegçiliginiň ulgamy;

13) Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygyny berjaý etmek;

14) ýuridik we fiziki şahslaryň öz işleriniň aýrylmaz bölegi hökmünde gigiýena çärelerini we epidemiýa garşy çäreleri geçirmekleri, şeýle hem sanitariýa düzgünlerini, kadalaryny we gigiýena normatiwlerini berjaý etmekleri.

 

II BÖLÜM. ILATYŇ SANITARIÝA-EPIDEMIOLOGIÝA TAÝDAN ABADANÇYLYGYNY ÜPJÜN ETMEK BABATYNDA DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK

 

8-nji madda. Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi amala aşyrýan edaralar

 

  Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy, şeýle hem öz ygtyýarlygynyň çäklerinde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 47-nji  madda)

 

9-njy madda. Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary

 

Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklaryna şu aşakdakylar degişlidir:

1) döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek;

2) döwlet tarapyndan dolandyrmagyň bir bitewi ulgamyny döretmek we onuň işlemegini üpjün etmek;

3) Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň berjaý edilmegini üpjün etmek we ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek;

4) döwlet maksatnamalary we belli maksada gönükdirilen maksatnamalaryny tassyklamak we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek;

5) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça düzgünleri ylalaşmak;

6-njy bent 03.06.2023 ý. № 32-VII Türkmenistanyň Kanuny bilen güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

7) Türkmenistanyň bütin çäginde sanitariýa-epidemiologiýa ýagdaýynyň gözegçiligini amala aşyrmak;

8-nji bent 24.07.2022 ý. № 504-VI Türkmenistanyň Kanuny bilen güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

9) adamlaryň jany we saglygy üçin howply bolan çäklerde ilatyň ýaşamagyny, oba hojalygyny hem-de başga hojalyk işini alyp barmagyň tertibini kesgitlemek;

10) ilata sanitariýa-epidemiologiýanyň ýagdaýy we sanitariýa-epidemiologiýa taýdan howpsuzlygy üpjün etmek boýunça çäreler hakynda habar bermek;

11) beýleki döwletler bilen ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatynda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrmak;

12) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatynda başga ygtyýarlyklary amala aşyrmak.

(2022-nji ýylyň 24-nji iýulyndaky, 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 3, 84-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, 37-nji madda)

 

10-njy madda. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, şeýle-de onuň edaralarynyň ygtyýarlyklary

 

1. Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatynda Türkmеnistаnyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlеt arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň ygtyýarlyklaryna şu aşakdakylar degişlidir:

1) Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň berjaý edilişine döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrmak;

2) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzmäge gatnaşmak;

3) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmegiň meselelerini döwlet häkimiýet edaralarynyň garamagyna girizmek;

4) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly döwlet we belli maksada gönükdirilen maksatnamalary işläp düzmek we olaryň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek;

5) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygy babatynda hasabaty we statistikany ýöretmek;

6) taslamalaşdyrmagyň kadalaryny, döwlet standartlaryny, şol sanda iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň kadalaşdyryjy-tehniki resminamalaryny ylalaşmak;

7) gigiýena normatiwlerini we gözegçiligiň usullaryny tassyklamak;

8) täze himiki maddalary, enjamlary, prosesleri, polimer, plastik we beýleki himiki maddalary ulanmaga rugsatnamalaryň berilmegini ylalaşmagyň hem-de olary bermegiň tertibini bellemek;

9) täze himiki maddalaryň, enjamlaryň, prosesleriň, polimer, plastik we beýleki himiki maddalaryň kadalaşdyryjy-tehniki resminamalaryny ylalaşmak we ulanmaga rugsatnamalary bermek;

10) iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň hiline we howpsuzlygyna döwlet gözegçilik barlagyny, şeýle hem olary döwlet tarapyndan bellige almagy we sertifikatlaşdyrmagy amala aşyrmak;

11) iýmit önümleri, oba hojalyk ösümlikleriniň we haýwanlarynyň ösüşiniň stimulýatorlary, ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleri öndürilende hem-de işlenilende anyk serişdeleri hem-de usullary ulanmagy ylalaşmak we rugsatnamalary bermek;

12) mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän, orta mekdeplerde hem-de başlangyç we orta hünär okuw mekdeplerinde okaýan çagalaryň okuw maksatnamalaryny, okuw-zähmet sagatlarynyň möçberini, okuw sapaklarynyň mysaly düzgünini ylalaşmak;

13) durmuş-gigiýena monitoringiniň geçirilmegini guramak;

14) pudaklaryň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň işini utgaşdyrmak;

15) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatynda gözegçiligi amala aşyrýan beýleki döwlet edaralary bilen arkalaşykly hereket etmek;

16) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygynyň hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralarynyň işiniň ylmy taýdan üpjün edilmegini utgaşdyrmak;

17) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça guramaçylyk-usulyýet ýolbaşçylygyny ýerine ýetirmek;

18) ýokanç, parazitar keselleriň we iýmitden zäherlenmeleriň öňüni almak hem-de ýok etmek boýunça sanitariýa-gigiýena we epidemiýa garşy-sanitariýa çärelerini guramak we geçirmek;

19) Türkmenistanyň çägini karantin infeksiýalaryň getirilmeginden we olaryň ýaýramagyndan, ilatyň saglygy üçin zyýanly iýmit önümleriniň hem-de sarp edilýän zatlaryň getirilmeginden sanitariýa taýdan goramak;

20) döwlet standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýän agyz suwunyň ulanylyşyna we öndürilişine gözegçilik etmek;

21) sagdyn ýaşaýyş düzgünini kemala getirmek boýunça gigiýena bilimlerini wagyz etmek;

22) sanitariýa-gigiýena bilermenler seljermesiniň geçirilmegini guramak;

23) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň ygtyýarlygyna girýän başga meseleleri çözmek.

2. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralary degişli çäkde:

1) Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň berjaý edilişine, sanitariýa-gigiýena, epidemiýa garşy-sanitariýa we radiasiýa garşy çäreleriň ýerine ýetirilişine döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny we gözegçiligi amala aşyrýarlar; 

2) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün  etmek boýunça meseleleri ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň garamagyna hödürleýärler; 

3) ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ilatyň  sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatynda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň, çözgütleriniň taslamalaryny işläp düzmäge gatnaşýarlar;

4) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün  etmek boýunça sebit we belli maksada gönükdirilen maksatnamalary işläp düzmäge gatnaşýarlar we olaryň durmuşa geçirilmegini amala aşyrýarlar;

5) pudaklaryň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň işini utgaşdyrýarlar;

6) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatynda gözegçiligi amala aşyrýan beýleki döwlet edaralary bilen arkalaşykly hereket edýärler;

7) durmuş-gigiýena monitoringini geçirýärler;

8) ýokanç we parazitar keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça çäreleriň geçirilmegini guraýarlar;

9) iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň hiline we howpsuzlygyna döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýarlar;

10) önümiň aýry-aýry görnüşlerini, iýmit önümlerini, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallary sertifikatlaşdyrmagy amala aşyrýarlar;

11) sanitariýa düzgünlerine laýyk gelmeýän ýa-da sanitariýa-epidemiologiýa netijenamasy bolmadyk önümiň, şol sanda azyklyk çig malyň we iýmit önümleriniň ýerlenilmegini bes etmek boýunça çäreleri görýärler;

12) ýokanç keselli näsaglar bilen galtaşykda bolan raýatlary barlaghana barlaglaryndan geçirýärler;

13) ýokanç keselleriň ojaklarynda, şeýle hem ýokanç keselleriň döremegi we ýaýramagy üçin şertler bar bolan we saklanyp galan çäklerde ýa-da jaýlarda dezinfeksiýa, dezinseksiýa we deratizasiýa işlerini geçirýärler;

14) öz işine degişli başga ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky, 2019-njy ýylyň 8-nji iýunyndaky, 2022-nji ýylyň 20-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 47-nji madda; 2019 ý., № 2, 37-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 4, 116-njy madda)

 

11-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatynda ygtyýarlyklary

 

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatynda ygtyýarlyklaryna şu aşakdakylar degişlidir:

1) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ýuridik we fiziki şahslaryň toplumlaýyn sanitariýa-gigiýena we epidemiýa garşy-sanitariýa çärelerini geçirmek boýunça alyp barýan işine, Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygyny berjaý edişine gözegçilik etmek, şeýle hem olaryň işini utgaşdyrmak;

2) degişli çäkde sanitariýa-epidemiologiýa ýagdaýynyň gözegçiligini, gözegçilik barlagyny we monitoringini amala aşyrmak;

3) sebit maksatnamalaryny işläp düzmek we tassyklamak;

4) döwlet, sebit we belli maksada gönükdirilen maksatnamalary ýerine ýetirmek we ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek;

5) degişli çäkde ýokanç keselleriň epidemiýalarynyň, adamlaryň köpçülikleýin kesellemeginiň we zäherlenmeginiň öňüni almak hem-de olary ýok etmek boýunça operatiw çäreleri guramak;

6) degişli çäkde hukuk, guramaçylyk, inžener-tehniki, sanitariýa-gigiýena, lukmançylyk-öňüni alyş, terbiýeçilik, umumy bilim beriş häsiýetli çäreler toplumyny geçirmek;

7) degişli çäkde ýokanç keselleriň epidemiýalary, adamlaryň köpçülikleýin kesellemegi we zäherlenmegi ýüze çykan mahalynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp çäklendiriji çäreleri ýa-da karantini girizmek hem-de ýatyrmak hakynda çözgütler kabul etmek;

8) raýatlaryň hukuklarynyň we jemgyýetiň bähbitleriniň durmuşa geçirilmegi hem-de goralmagy üçin şertleri üpjün etmek;

9) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ýuridik we fiziki şahslaryň daşky gurşawyň faktorlarynyň adam organizmine zyýanly täsir etmeginiň öňüni almaga we ýok etmäge, keselleriň  öňüni almaga, adamlaryň zähmetiniň we durmuşynyň gigiýena taýdan şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen işini höweslendirmek syýasatyny alyp barmak;

10) epidemiýalary we adamyň jany we saglygy üçin howply bolan beýleki adatdan daşary ýagdaýlary ýok etmek üçin maddy ätiýaçlyk gorlaryny we beýleki gorlary döretmek;

11) öz işine degişli başga ygtyýarlyklary amala aşyrmak.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky, 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 47-nji madda; 2023 ý., № 2, 37-nji madda)

 

III BÖLÜM. DÖWLET HÄKIMIÝET EDARALARYNYŇ WE ÝERLI ÖZ-ÖZÜŇI DOLANDYRYŞ EDARALARYNYŇ, ÝURIDIK WE FIZIKI ŞAHSLARYŇ ILATYŇ SANITARIÝA-EPIDEMIOLOGIÝA TAÝDAN ABADANÇYLYGYNY ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA HUKUKLARY

WE BORÇLARY

(III bölümiň ady 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 47-nji  madda)

 

 

I bap. Döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, ýuridik we fiziki şahslaryň ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny  üpjün etmek boýunça hukuklary

(I babyň ady 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 47-nji  madda)

 

12-nji madda. Raýatlaryň amatly daşky gurşawa bolan hukugy     

 

Türkmenistanyň her bir raýatynyň häzirki we geljekki nesilleriň saglyk ýagdaýyna zyýanly täsir etmeýän hem-de olaryň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün edýän amatly daşky gurşawa hukugy bardyr.

 

13-nji madda. Durmuşa geçirilmegi ilatyň saglygyna we daşky gurşawa täsir etmegi bilen baglanyşykly çözgütleriň taýýarlanmagyna raýatlaryň gatnaşmaga bolan hukugy

 

Türkmenistanyň her bir raýatynyň edaralar hem-de wezipeli adamlar tarapyndan kollegial we ýekelikde kabul edilýän, durmuşa geçirilmegi ilatyň saglygyna we daşky gurşawa täsir etmegi bilen baglanyşykly çözgütleriň taýýarlanmagyna, olary ýerine ýetirmäge hem-de gözegçilik etmäge gös-göni ýa-da öz wekiliniň, jemgyýetçilik birleşikleriniň üsti bilen ýa-da başga usul bilen gatnaşmaga hukugy bardyr.

 

14-nji madda. Raýatlaryň öz janyna we saglygyna ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öweziniň dolunmagyna bolan hukugy

 

1. Türkmenistanyň her bir raýatynyň daşky gurşawyň faktorlarynyň täsir etmegi (himiki, fiziki, biologik we beýleki görnüşleri), satyn alnan (ulanylýan) önümçilik-tehniki we durmuş maksatly önümler, iýmit önümleri, agyz suwy bilen öz janyna we saglygyna ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr.

2. Raýatlaryň janyna we saglygyna daşky gurşawyň faktorlarynyň, satyn alnan  önümçilik-tehniki we durmuş maksatly önümleriň, iýmit önümleriniň, agyz suwunyň täsir etmeginden ýeten zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmagyň görnüşleri, möçberleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 47-nji  madda)

 

15-nji madda. Raýatlaryň maglumat almaga hukugy

 

Türkmenistanyň her bir raýatynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gös-göni ýa-da öz wekiliniň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen aşakdakylar barada mugt dogry maglumat almaga hukugy bardyr:

1) keselleýjilik, epidemiologiýa ýagdaýy we radiasiýa ýagdaýy, daşky gurşawyň ýagdaýy we onuň ilatyň saglygyna täsiri;

2) geçirilen sanitariýa-gigiýena ýa-da beýleki ýörite bilermenler seljermesiniň netijeleri, sanitariýa kadalary, düzgünleri hem-de gigiýena normatiwleri, 

şeýle maglumatlaryň Türkmenistanyň kanunçylygy bilen döwlet, gulluk ýa-da täjirçilik syryna degişli edilen halatlary muňa girmeýär.

 

16-njy madda. Döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, ýuridik we fiziki şahslaryň ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça hukuklary

 

Döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, ýuridik we fiziki şahslaryň:

1) degişli döwlet edaralaryndan sanitariýa-epidemiologiýa ýagdaýy, daşky gurşawyň ýagdaýy, ilatyň keselleýjiligi, sanitariýa kadalary, düzgünleri hem-de gigiýena normatiwleri baradaky maglumaty, şol sanda şertnama esasynda almaga, şeýle maglumatyň Türkmenistanyň kanunçylygy bilen döwlet, gulluk ýa-da täjirçilik syryna degişli edilen halatlary muňa girmeýär;

2) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça çözgütleri, maksatnamalary işläp düzmäge, gatnaşmaga hukugy bardyr.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 47-nji  madda)

 

II bap. Döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, ýuridik we fiziki şahslaryň ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça borçlary

(II babyň ady 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 47-nji madda)

 

17-nji madda. Raýatlaryň ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça borçlary

 

Türkmenistanyň raýatlary ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatynda aşakdakylara borçludyrlar:

1) Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň, şeýle hem döwlet sanitariýa-epidemiologiýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan wezipeli adamlaryň kararlarynyň, teklipnamalarynyň we netijenamalarynyň talaplaryny ýerine ýetirmäge;

2) öz çagalarynyň saglygy, gigiýena terbiýesi we okamagy barada alada etmäge;

3) beýleki raýatlaryň saglygyny goramaga we amatly ýaşaýyş gurşawyna bolan hukuklarynyň bozulmagyna getirýän hereketleri amala aşyrmazlyga.

 

18-nji madda. Döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, ýuridik we fiziki şahslaryň ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça borçlary

 

Döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýuridik we fiziki şahslar aşakdakylara borçludyrlar:

1) tassyklanan sanitariýa kadalaryny, düzgünlerini we gigiýena normatiwlerini berjaý etmäge;

2) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmäge, keselleýjiligiň öňüni almaga we azaldylmagyna, daşky gurşawy gorap saklamaga, gowulandyrmaga we dikeltmäge gönükdirilen sanitariýa-gigiýena çärelerini, epidemiýa garşy-sanitariýa hem-de radiasiýa garşy çäreleri geçirmäge;

3) döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan wezipeli adamlaryň kararlarynyň, teklipnamalarynyň we netijenamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge;

4) döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edaralara sanitariýa-epidemiologiýa ýagdaýy barada dogry hem doly maglumat bermäge;

5) önümiň täze görnüşleriniň we olary öndürmegiň tehnologiýalarynyň adam üçin howpsuzlygyna, ýaşaýyş gurşawynyň faktorlarynyň howpsuzlygynyň we (ýa-da) zyýansyzlygynyň ölçeglerine esaslandyrma bermäge hem-de ol faktorlara gözegçilik etmegiň usullaryny işläp düzmäge;

6) özlerinde resmi taýdan çap edilen sanitariýa düzgünleriniň, ýaşaýyş gurşawynyň faktorlaryna gözegçilik etmegiň usullarynyň we usulyýetleriniň bolmagyna;

7) häzirki zaman maddy-tehniki binýady, bedenterbiýe-sport edaralaryny, sagaldyş toplumlaryny, medeniýet we bilim edaralaryny, saglyk merkezlerini, syýahatçylyk we sport bazalaryny, sanatoriý-profilaktorileri hem-de ilatyň dynç almagy we saglygyny berkitmegi üçin niýetlenen beýleki edaralary gurmak, durkuny täzelemek hem-de ösdürmek arkaly sagdyn ýaşaýyş düzgünini kemala getirmek üçin zerur şertleri döretmäge;

8) işgärleriň gigiýena okuwyny üpjün etmäge.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 47-nji  madda)

 

19-njy madda. Döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, ýuridik we fiziki şahslaryň raýatlaryň saglygynyň goralmagyna,  amatly daşky gurşawa we maglumat almaga hukuklaryny üpjün etmek boýunça borçlary

 

Döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýuridik we fiziki şahslar raýatlaryň saglygynyň goralmagyna, amatly daşky gurşawa we   maglumat almaga bolan hukuklaryny üpjün etmek boýunça aşakdakylara borçludyrlar:

1) Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň hem-de bellenen sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň berjaý edilmegini üpjün etmäge, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmäge;

2) öz işini işgärleriň we ilatyň saglygyny goramak ýa-da gowulandyrmak maksady bilen we daşky gurşawyň adama ýaramsyz täsiriniň öňüni almak boýunça ähli çäreleri üpjün etmek bilen amala aşyrmaga;

3) işler ýerine ýetirilende, hyzmatlar edilende, şeýle hem önüm öndürilende, daşalanda, saklananda we ýerlenende, şol sanda barlaghana barlaglaryny we synaglaryny geçirmek arkaly sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň berjaý edilişine önümçilik gözegçiligini amala aşyrmaga; 

4) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyna howp salýan awariýa ýagdaýlary, önümçiligiň togtadylmalary, tehnologiýa işleriniň bozulmalary barada Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenen tertipde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralaryna  öz wagtynda habar bermäge;

5) döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan wezipeli adamlaryň kararlarynyň, teklipnamalarynyň, netijenamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge;

6) Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygyny hem-de sanitariýa kadalaryny, düzgünlerini we gigiýena normatiwlerini berjaý etmekde zähmetkeşler toparlarynyň we aýry-aýry işgärleriň gyzyklanmagyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maddy höweslendiriş çärelerini ulanmaga;

7) ilata gigiýena bilimlerini wagyz etmäge, adamlaryň sanitariýa medeniýetini ýokarlandyrmaga we olaryň sagdyn ýaşaýyş düzgünine eýerip ýaşamagyna gönükdirilen gigiýena taýdan bilim we terbiýe bermegi amala aşyrmaga;

8) degişli döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we wezipeli adamlaryň durmuşa geçirilmegi ilatyň saglygynyň goralmagy we amatly daşky gurşawyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly çözgütleriniň taýýarlanmagyna, ýerine ýetirilişine we oňa gözegçilik etmegiň raýatlaryň gatnaşmagy üçin şertleri üpjün etmäge;

9) raýatlaryň şu Kodeksiň 12-15-nji maddalarynda göz öňünde tutulan hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 47-nji  madda)

 

20-nji madda. Işleriň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak,       önümleri (işleri, hyzmatlary) sertifikatlaşdyrmak we önümleri döwlet tarapyndan bellige almak babatdaky borçlar

 

Ýuridik we fiziki şahslar ygtyýarlylandyrylmaga, önümiň (işleriň, hyzmatlaryň) sertifikatlaşdyrylmagyna we önümiň döwlet tarapyndan bellige alynmagyna degişli işleriň we hyzmatlaryň görnüşlerini, sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň talaplaryny berjaý etmek bilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrmaga borçludyrlar.

(2019-njy ýylyň 8-nji iýunyndaky, 2022-nji ýylyň 20-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 2, 37-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 4, 116-njy madda)

 

21-nji madda. Kadalaşdyryjy-tehniki resminamalary işläp düzýänleriň borçlary

 

Kadalaşdyryjy-tehniki resminamalary işläp düzýänler şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) çig malyň, materiallaryň, maddalaryň, önümleriň we başga önümiň täze görnüşleri, olary taýýarlamagyň tehnologiýasy üçin kadalaşdyryjy-tehniki resminamalary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine ylalaşmak üçin bermäge;

2) lukmançylyk immunobiologik preparatlar üçin kadalaşdyryjy-tehniki resminamalary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine tassyklatmak üçin bermäge;

3) çig malyň, materiallaryň, maddalaryň, önümleriň we başga önümiň täze görnüşleri, olary taýýarlamagyň tehnologiýalary ornaşdyrylmazdan öň, ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen normatiwler boýunça taslamalaryň, şeýle hem olara gözegçilik etmegiň usullarynyň işlenip düzülmegini üpjün etmäge hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine tassyklatmak üçin bermäge; 

4) sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň talaplaryny täzeden seredilýän we işlenip düzülýän standartlara, tehniki şertlere, gurluşyk kadalaryna we düzgünlerine we beýleki kadalaşdyryjy-tehniki resminamalara girizmäge;

5) döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edaralara maddalaryň, materiallaryň we önümiň häsiýetleriniň, olary öndürmegiň tehnologiýasynyň howpsuzlygynyň sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň talaplaryna laýyklygyna hemme taraplaýyn baha berilmeginiň we sanitariýa-gigiýena we epidemiýa garşy-sanitariýa çäreleriniň geçirilmeginiň esaslandyrylmagy üçin zerur bolan maglumatlary bermäge.

(2019-njy ýylyň 8-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 2, 37-nji madda)

 

22-nji madda. Taslamalaşdyryş we gurluşyk işleri geçirilen  mahalyndaky borçlar

 

1. Döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýuridik we fiziki şahslar çäkleri ösdürmegiň şähergurluşyk meýilleşdirilmeginiň çyzgylary, şäher we oba ilatly nokatlarynyň baş meýilnamalary, jemgyýetcilik merkezleriniň, ýaşalýan ýerleriň, şäherleriň magistrallarynyň (köçeleriniň) meýilnamalaşdyryş taslamalary taslamalaşdyrylanda, raýat, senagat we oba hojalyk maksatly obýektleri ýerleşdirmek we olaryň sanitariýa gorag zolaklaryny bellemek, gurluşyk üçin (şol sanda hususy) ýer böleklerini saýlamak meseleleri çözülende, şeýle hem senagat we ulag obýektleri, medeni-durmuş maksatly binalar we desgalar, ýaşaýyş jaýlary, inženerçilik infragurluş we abadanlaşdyryş obýektleri gurlanda, durky täzelenende, döwrebaplaşdyrylanda, tehnika bilen täzeden enjamlaşdyrylanda, konserwirlenende we ýok edilende hem-de ilatly nokatlar, kurortlar, oba hojalyk maksatly obýektler we beýleki obýektler abadanlaşdyrylanda we ýerleşdirilende ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen kadalary, düzgünleri hem-de normatiwleri berjaý etmäge borçludyrlar.

2. Gurluşyk, durky täzeleniş, döwrebaplaşdyryş, tehnika bilen täzeden enjamlaşdyryş işleriniň taslamalaryny Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralary bilen ylalaşmagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 47 -nji  madda)

 

23-nji madda. Obýektler ulanmaga berlen mahalyndaky borçlar

 

Buýrujy guramalar (gurujylar), ulanyjy guramalar, baş potratçylar, beýleki guramalar we raýatlar gurluşygy tamamlanan ýa-da durky täzelenen obýektler ulanmaga berlende ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça sanitariýa kadalaryny, düzgünlerini we gigiýena normatiwlerini berjaý etmäge borçludyrlar.

 

24-nji madda. Obýektler ulanmaga kabul edilende wezipeli adamlaryň borçlary

 

Döwlet we iş kabul ediş toparlarynyň başlyklary we agzalary, şol sanda döwlet sanitariýa gözegçilik barlagy edaralarynyň wekilleri gurluşygy tamamlanan ýa-da durky täzelenen obýektleri diňe sanitariýa kadalary, düzgünleri we gigiýena normatiwleri berjaý edilen mahalynda, olar bolmadyk mahalynda bolsa ylalaşylan taslama resminamalaryna laýyklykda ulanmaga kabul etmäge borçludyrlar.

 

25-nji madda. Jaýlaryň, binalaryň, desgalaryň, enjamlaryň,  çäkleriň, ulag serişdeleriniň saklanmagy we  ulanylmagy boýunça borçlar

 

1. Ýuridik we fiziki şahslar, önümçilik we sanitariýa-durmuş jaýlarynyň, iş orunlarynyň, jemgyýetçilik jaýlarynyň, toplumlaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, tehnologik hem-de gaýry enjamlaryň, çäkleriň, ulag serişdeleriniň sanitariýa kadalaryna, düzgünlerine we gigiýena normatiwlerine, ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça talaplar görkezilen beýleki resminamalara laýyklykda saklanylmagyny hem-de ulanylmagyny üpjün etmäge borçludyrlar.

2. Ýuridik we fiziki şahslar öz işlerini ýa-da aýry-aýry sehleriň, önümçilik ýerleriniň işini, binalaryň, desgalaryň, enjamlaryň, ulagyň ulanylmagyny, işleriň aýratyn görnüşlerini we hyzmatlary, eger işiň agzalan görnüşleri sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň bozulmalary bilen amala aşyrylýan bolsa ýa-da olaryň bozulmagyna getirse, olary duruzmaga ýa-da togtatmaga borçludyrlar.

 

26-njy madda. Ýaşaýyş jaýlaryna göçürmek we olarda ýaşatmak boýunça borçlar

 

1. Ýaşamak üçin ýaşaýyş jaýlaryny berýän döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýuridik we fiziki şahslar şol jaýlara göçülende sanitariýa talaplaryny berjaý etmäge borçludyrlar.

2. Ýaşaýyş jaýlary öz meýdany, ýerleşişi, ýagtylandyrylyşy, insolýasiýasy, mikroklimaty, howa çalşygy, gohuň, sandyramanyň, ionlaşdyryjy we ionlaşdyryjy däl şöhle saçmanyň derejeleri boýunça, möhletine garamazdan howpsuz we zyýansyz ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek üçin sanitariýa düzgünlerine laýyk gelmelidir.

3. Gigiýena normatiwlerine laýyk gelmeýän ýaşaýyş jaýlaryna adamlaryň göçürilmegine we olarda ýaşamagyna ýol berilmeýär.

4. Ýaşaýyş jaýlarynyň ulanylyşy we saklanylyşy sanitariýa kadalarynyň we düzgünleriniň talaplaryna laýyk gelmelidir.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 47-nji  madda)

 

27-nji madda. Şäherleriň, obalaryň we beýleki ilatly nokatlaryň çäkleriniň Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň talaplaryna laýyk saklanylmagy boýunça borçlar

 

1. Şäherleriň, obalaryň we beýleki ilatly nokatlaryň, senagat zolaklarynyň çäkleri sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna laýyk gelmelidir.

2. Sanitariýa kadalarynyň we düzgünleriniň talaplaryna laýyklykda şäherleriň, obalaryň we beýleki ilatly nokatlaryň çäklerini saklamagyň tertibi we şertleri ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan bellenilýär.

3. Şäherleriň, obalaryň we beýleki ilatly nokatlaryň, senagat zolaklarynyň we oba hojalyk ýerleriniň topragynda adam üçin howply himiki we biologik maddalaryň, biologik we mikrobiologik organizmleriň düzümi, şeýle hem radiasiýanyň derejesi sanitariýa kadalary we düzgünleri bilen bellenilen aňryçäk ýol berilýän  derejelerden ýokary bolmaly däldir.

4. Önümçilikdäki we gündelik durmuşdaky galyndylary ýygnamagyň, ulanmagyň, zyýansyzlandyrmagyň, daşamagyň, saklamagyň we gömmegiň tertibi we şertleri ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan barlagy we gözegçiligi amala aşyrýan degişli döwlet edaralary bilen ylalaşmak arkaly sanitariýa kadalarynyň we düzgünleriniň talaplaryna laýyklykda bellenilýär. 

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 47-nji  madda)

 

28-nji madda. Hojalyk-agyz suwy üpjünçiligi we ilatyň medeni-durmuş hajatlary üçin suwdan peýdalanylýan ýerler babatda sanitariýa talaplarynyň berjaý edilmegi boýunça borçlar

 

1. Döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýuridik we fiziki şahslar merkezleşdirilen hojalyk-agyz suwy üpjünçilik ulgamy arkaly berilýän suwuň hiliniň gigiýena talaplaryna hem-de döwlet standartlaryna laýyk bolmagyny, merkezleşdirilmedik tertipde suw bilen üpjün edilende bolsa, şeýle hem suw howdanlarynda, derýalarda, kanallarda we deňziň kenarýaka zolagynda, ilatyň medeni-durmuş hajatlary üçin suwdan peýdalanylýan ýerlerde olaryň degişli sanitariýa düzgünleriniň hem-de kadalarynyň talaplaryna laýyk gelmegini üpjün etmäge borçludyrlar. 

2. Şäher we oba ilatly nokatlarynyň ilaty fiziologik we durmuş zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin ilkinji nobatda ýeterlik möçberdäki hojalyk-agyz suwy bilen üpjün edilmelidir.

3. Suwy peýdalanylýan çeşmeleriň hapalanmagyny aradan aýyrmak we onuň öňüni almak üçin ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan ýörite düzgünli sanitariýa gorag zolaklary bellenilýär.

4. Rekreasiýa maksatlary üçin (suwa düşmek, sport bilen meşgullanmak, dynç almak we beýlekiler) ulanylýan suw obýektleri (suw howdanlary, derýalar, kanallar, deňziň kenarýaka zolaklary) adama zyýanly täsiriň çeşmesi bolmaly däldir.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 47-nji  madda)

 

29-njy madda. Ilatly nokatlaryň atmosfera howasyna,  iş zolagynyň hem-de adamlaryň hemişelik  we wagtlaýyn bolýan ýerleriniň howasyna bildirilýän sanitariýa talaplaryny berjaý etmek boýunça borçlar

 

1. Döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýuridik we fiziki şahslar ilatly nokatlaryň, senagat kärhanalarynyň çäkleriniň, şeýle hem önümçilik jaýlarynyň iş zolagynyň, ýaşaýyş we başga jaýlaryň (mundan beýläk – adamlaryň hemişelik we wagtlaýyn bolýan ýerleri) howasynyň zyýanly maddalar bilen hapalanmagynyň, oňa adamyň saglygyna ýaramsyz täsir edýän fiziki faktorlaryň ýetirýän täsiriniň öňüni almaga, olary azaltmaga hem-de aradan aýyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmäge borçludyrlar.

2 Ilatly nokatlaryň, senagat kärhanalarynyň çäkleriniň, adamlaryň hemişelik we wagtlaýyn bolýan ýerlerindäki atmosferanyň howasy sanitariýa kadalaryna, düzgünlerine we gigiýena normatiwlerine laýyk gelmelidir.

3. Himiki, biologik maddalaryň we mikroorganizmleriň howa zyňylmagyna ýol berilýän aňryçäk normatiwleri, sanitariýa-gorag zolaklarynyň taslamalary olaryň sanitariýa kadalaryna laýyk gelýändigi barada sanitariýa-epidemiologiýa netijenamalary bar bolan mahalynda tassyklanylýar.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 47-nji  madda)

 

30-njy madda. Daşary ýurtdan satyn alynýan önüm,  çig mal, materiallar we maddalar iberilen, ýerlenen we ulanylan mahalynda döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýuridik we fiziki şahslaryň borçlary

 

1. Daşary ýurtdan satyn alynýan iýmit önümleri, çig mal, materiallar, maddalar, önümler we başga önüm, olary taýýarlamagyň tehnologiýalary (tärleri) iberilende, ýerlenende we ulanylanda döwlet häkimiýet edaralary, ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanda bellenilen sanitariýa kadalaryny, düzgünlerini we gigiýena normatiwlerini berjaý etmäge borçludyrlar.

2. Türkmenistanyň çägine ilkinji gezek getirilýän iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň aýratyn görnüşleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet belligine alynmaga degişlidir.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 47-nji  madda)

 

31-nji madda. Azyk çig maly we iýmit önümleri öndürilen, daşalan, saklanan hem-de ýerlenen mahalynda ýuridik we fiziki şahslaryň borçlary

 

Azyk çig maly we iýmit önümleri öndürilende, daşalanda, saklananda hem-de ýerlenende ýuridik we fiziki şahslar şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) lukmançylyk-biologiýa talaplaryny, sanitariýa kadalaryny, düzgünlerini we gigiýena normatiwlerini berjaý etmäge;

2) täze iýmit goşundylaryny, ýörite goşulýan biologik taýdan aktiw maddalary, azyk çig malyny we iýmit önümlerini öndürýän önümçiligiň täze tehnologiýalaryny, şeýle-de azyk çig maly we iýmit önümleri bilen galtaşýan we olaryň gaplanylmagy üçin polimer materiallary hem-de beýleki materiallary, diňe toksikologiýa-gigiýena taýdan baha bermekden geçenden soň hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň rugsat bermegi bilen ulanmaga;

3) täze iýmit goşundylaryny, ýörite goşulýan biologik taýdan aktiw maddalary, azyk çig malyny we iýmit önümlerini diňe Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet belligine alnandan soň öndürmäge, ulanmaga we ýerlemäge.

(2019-njy ýylyň 8-nji iýunyndaky, 2022-nji ýylyň 20-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 2, 37-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 4, 116-njy madda)

 

32-nji madda. Döwlet häkimiýet edaralarynyň,  ýuridik we fiziki şahslaryň ilatyň iýmitlenmeginiň guralmagyna bildirilýän sanitariýa-epidemiologiýa talaplaryny berjaý etmek boýunça borçlary

 

1. Döwlet häkimiýet edaralary, ýuridik we fiziki şahslar ýörite enjamlaşdyrylan ýerlerde (naharhanalarda, restoranlarda, kafelerde, barlarda we beýlekilerde) ilatyň iýmitlenmegini guran, şol sanda iýmit önümlerini we içgileri taýýarlan, olary saklan we ilata ýerlän mahalynda ýokanç keselleriň we köpçülikleýin ýokanç däl keselleriň (zäherlenmeleriň) döremeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak üçin sanitariýa düzgünleriniň talaplaryny berjaý etmäge borçludyrlar.

2. Ilatyň ýaşaýşynyň döwlet tarapyndan kepillendirilýän durmuş derejesiniň iň pes durmuş standartlary kesgitlenende adamyň iýmitlenmeginiň fiziologik kadalyk ölçegleri göz öňünde tutulmalydyr.

3. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda we umumy bilim berýän başga edaralarda, bejeriş-öňüni alyş edaralarynda, sagaldyş edaralarynda hem-de durmuş goragynyň edaralarynda, harby gullukdakylara goýberilýän iýmit önümleriniň möçberleri bellenende, şeýle hem derňew gabawhanalarynda saklanýanlara ýa-da düzediş edaralarynda temmi alýanlara goýberilýän iýmit önümleriniň möçberleri bellenende adamyň iýmitlenmeginiň ylmy taýdan esaslandyrylan fiziologik kadalyk ölçegleri berjaý edilmelidir.

4. Jemgyýetçilik iýmiti ulgamynda hyzmat edýän şahslar sanitariýa düzgünleriniň we beýleki kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň berjaý edilmegine jogapkärçilik çekýärler.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 47-nji  madda)

 

33-nji madda. Döwlet häkimiýet edaralarynyň,  ýuridik we fiziki şahslaryň önümçilik-tehniki maksatly önüme, hususy we durmuş hajatlary üçin ulanylýan harytlara we olaryň öndüriliş tehnologiýalaryna bildirilýän sanitariýa-epidemiologiýa talaplaryny berjaý etmek boýunça borçlary

 

1. Döwlet häkimiýet edaralary, ýuridik we fiziki şahslar şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) önümiň sanitariýa kadalarynyň talaplaryna, düzgünlerine we gigiýena normatiwlerine laýyk gelmegini üpjün etmäge; 

2) önümiň (ilkinji işlenip taýýarlanylýan ýa-da ornaşdyrylýan) täze görnüşlerini öndürmegi, ulanmagy (peýdalanmagy) we ilata satmagy, önüm öndürmegiň täze tehnologiýa tärlerini ornaşdyrmagy olaryň sanitariýa kadalaryna, düzgünlerine we gigiýena normatiwlerine laýyk gelýändigi hakynda sanitariýa-epidemiologiýa netijenamalary bar bolan mahalynda amala aşyrmaga;

3) sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena  normatiwleriniň talaplaryna laýyk gelmeýändigi anyklanan halatynda önümi işläp taýýarlamak, öndürmek, daşamak, getirmek, saklamak we ýerlemek boýunça işleri togtatmaga, önümi dolanyşykdan aýyrmaga we başga maksatlar üçin ulanylmagy ýa-da ýok edilmegi üçin çäreleri görmäge. 

2. Öndürilende, daşalanda, saklananda, ulanylanda (peýdalanylanda) we başga maksatlar üçin ulanylanda adamyň gönüden-göni gatnaşmagy talap edilýän önümçilik-tehniki maksatly önüm, şeýle hem raýatlaryň hususy we durmuş hajatlary üçin ulanýan harytlary (mundan beýläk – önüm) adama we ýaşaýan gurşawyna zyýanly täsirini ýetirmeli däldir. 

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 47-nji  madda)

 

34-nji madda. Döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, ýuridik we fiziki şahslaryň terbiýe bermegiň, okatmagyň we önümçilik tejribesiniň şertlerini berjaý etmek boýunça borçlary 

 

Döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýuridik we fiziki şahslar aşakdakylara borçludyrlar:

1) mekdebe çenli çagalar edaralarynda we sagaldyş edaralarynda, orta mekdeplerde, başlangyç we orta hünär bilim edaralarynda, başga edaralarda we kärhanalarda terbiýe bermegiň we okatmagyň şertlerini düzgünleşdirýän kadalaryň, düzgünleriň we normatiwleriň, şol sanda terbiýe bermegiň önümçilik tejribesiniň maksatnamalarynyň, meýilnamalarynyň we düzgünleriniň, sanitariýa-gigiýena we epidemiýa garşy düzgüniň, radiasiýa howpsuzlygynyň talaplarynyň hem-de çagalaryň we ýetginjekleriň iýmitleniş we zähmet şertleri, sanitariýa-durmuş üpjünçiligi we dynç alşy boýunça Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň berjaý edilmegini üpjün etmäge;

2) mekdebe çenli çagalar edaralarynda we sagaldyş edaralarynda, orta mekdeplerde, başlangyç we orta hünär okuw mekdeplerinde we beýleki edaralarda çagalary we ýetginjekleri okatmak we olara terbiýe bermek boýunça işleri hem-de tehniki, audiowizual we okatmagyň we terbiýe bermegiň beýleki serişdelerini, mekdep we mekdebe çenli çagalar edaralary üçin mebelleri, şeýle hem okuw kitaplaryny we beýleki çaphana önümlerini ulanmagy sanitariýa-epidemiologiýa netijenamalary bar bolan mahalynda amala aşyrmaga.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 47-nji  madda)

 

35-nji madda. Ýuridik we fiziki şahslaryň himiki maddalary, biologik serişdeleri we materiallary öndürmek, saklamak, ýerlemek, ulanmak, galyndysyny gaýtadan işläp peýdalanmak, zyýansyzlandyrmak we gömmek boýunça borçlary       

 

1. Ýuridik we fiziki şahslar himiki maddalar, biologik serişdeler we materiallar öndürilen, saklanan, ýerlenen, ulanylan, galyndysy gaýtadan işlenip peýdalanylan, zyýansyzlandyrylan we gömülen mahalynda sanitariýa kadalaryny, standartlary hem-de ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça beýleki kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryny berjaý etmäge borçludyrlar.

2. Adam üçin howp döredip biljek himiki, biologik maddalaryň we önümleriň aýratyn görnüşleriniň Türkmenistanyň çägine getirilmegine, öndürilmegine, daşalmagyna, saklanylmagyna, ýerlenilmegine we ulanylmagyna olar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde döwlet tarapyndan bellige alnandan soň ýol berilýär.

(2019-njy ýylyň 8-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 2, 37-nji madda)

 

36-njy madda. Ýuridik we fiziki şahslaryň adama täsir edýän fiziki faktorlaryň çeşmeleri bilen işlemegiň şertlerine bildirilýän sanitariýa-epidemiologiýa talaplaryny berjaý etmek boýunça borçlary

 

1. Ýuridik we fiziki şahslar şulara borçludyrlar:

1) adama täsir edýän fiziki faktorlaryň çeşmesi bolan (goh, sandyrama, ultrases, infrases täsirleri, ýylylyk, ionlaşdyryjy, ionlaşdyryjy däl we beýleki şöhle saçmalar) ulaglar, mehanizmler, gurnawlar, enjamlar, apparatlar bilen işlenende sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň talaplaryna laýyklykda adama zyýanly täsir etmeýän  iş şertlerini üpjün etmäge;

2) ulaglary, mehanizmleri, gurnawlary, enjamlary we apparatlary ulanmagy, şeýle hem adama täsir edýän fiziki faktorlaryň çeşmesi bolan radioaktiw maddalary, materiallary we galyndylary öndürmegi, ulanmagy (peýdalanmagy), daşamagy, saklamagy we gömmegi sanitariýa epidemiologiýa netijenamalary bolan mahalynda amala aşyrmaga.

2. Adama täsir edýän fiziki faktorlaryň çeşmeleri bilen işiň şertleriniň howpsuzlygynyň ölçegleri, şol sanda täsir edişiň aňryçäk ýol berilýän derejeleri sanitariýa düzgünleri bilen bellenilýär.

 

37-nji madda. Radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça borçlar

 

1. Döwlet häkimiýet edaralary, ýuridik we fiziki şahslar radiasiýa howpsuzlygynyň kadalaryny hem-de radioaktiw maddalar we ionlaşdyryjy şöhle saçmalaryň beýleki çeşmeleri bilen işlemegiň sanitariýa düzgünlerini, şeýle hem radioaktiw maddalar we ionlaşdyryjy şöhle saçmalaryň beýleki çeşmeleri agtarylyp tapylan, alnan, taýýarlanan, ulanylan, gaýtadan işlenilen, daşalan, saklanan, galyndysy gaýtadan işlenilen we gömülen mahalynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça talaplary berjaý etmäge borçludyrlar.

2. Ionlaşdyryjy şöhle saçmalaryň çeşmeleri bilen işlemegiň şertleriniň howpsuzlyk ölçegleri, şol sanda täsir edişiň aňryçäk ýol berilýän derejeleri sanitariýa düzgünleri bilen bellenilýär.

3. Ýuridik we fiziki şahslar radioaktiw maddalar we ionlaşdyryjy şöhle saçmalaryň çeşmeleri bolan enjamlar (enjamlar, gurnawlar, apparatlar) bilen işlemegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda barlagy we gözegçiligi amala aşyrýan degişli döwlet edaralary tarapyndan berlen degişli resminamalary bar bolan mahalynda amala aşyrmaga borçludyrlar.

4. Radiasiýa howpsuzlygynyň kadalarynyň hem-de radioaktiw maddalar bilen ionlaşdyryjy şöhle saçmalaryň beýleki çeşmeleri bilen işlemegiň sanitariýa düzgünleriniň bozulmagynyň ähli halatlary döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan wezipeli adamlaryň hökman gatnaşmagynda ýörite garalmaga degişlidir.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 47-nji  madda)

 

38-nji madda. Lukmançylyk gözegçiliginden geçmek borjy

 

1. Ilatyň saglygyny goramak, ýokanç, parazitar keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, kesp-käre degişli (professional) keselleriň we zäherlenmeleriň, betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almak, zähmet howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň işgärleri Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda deslapky (işe girenlerinde) hem-de wagtal-wagtal (işiň barşynda) lukmançylyk gözegçiliginden geçmelidirler.

2. Amatsyz zähmet şertleri bolan işleriň hem-de ýerine ýetirilen mahalynda deslapky we döwürleýin lukmançylyk gözegçiligi geçirilýän işleriň sanawy we olary geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilýär.

 

39-njy madda. Keselleriň döremeginiň we ýaýramagynyň  öňüni almak boýunça borçlar

 

1. Döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýuridik we fiziki şahslar ýokanç keselleriň, şol sanda radiasiýa hadysasynyň täsiri sebäp bolan keselleriň döremeginiň hem-de ýaýramagynyň öňüni almak, şeýle hem ýüze çykan halatynda olary ýok etmek baradaky çäreleriň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmäge borçludyrlar. 

2. Ýokanç keselleriň öňüni almak üçin raýatlara inçekesele, ysmaz, hörezek (difteriýa), gökbogma, gyzamyk, gyzylja, wirusly gepatit we bürmek kesellerine we başga ýokanç kesellere garşy hökmany mugt sanjym geçirilýär. Sanjym geçirmegiň tertibini, möhletlerini we ilatyň sanjyma degişli toparyny Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy kesgitleýär.

Ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça çäreleri amala aşyrmagyň tejribesini kämilleşdirmek maksady bilen wagtal-wagtal täze waksinalary öwrenmek we ornaşdyrmak işleri alnyp barylýar.

3. Türkmenistana getirilen hemme waksina we immunobiologik serişdeler howa gämisinden düşürilýär we gümrük gözegçiligi geçirilenden soň, olaryň mundan beýläk saklanylýan ýerine daşalýar, zerur gümrük we beýleki resminamalary soňundan resmileşdirilýär. 

4. Adamlaryň ýokanç, parazitar, toparlaýyn ýokanç däl keselleriniň ýüze çykmagynyň we ýaýramagynyň, zäherlenmeginiň howpy dörän mahalynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklary özleriniň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde degişli çäklerde ýa-da obýektlerde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde: zähmetiň, okuwyň, ondan-oňa gitmegiň we daşamagyň aýratyn şertlerini hem-de düzgünini girizýärler, zerur bolan mahalynda bolsa, şol keselleriň döremeginiň, ýaýramagynyň öňüni almaga hem-de olary ýok etmäge gönükdirilen dezinfeksiýa, dezaktiwasiýa we başga işler geçirilýär.

5. Ýuridik şahslaryň we raýatlaryň, köpçülikleýin kesellemegiň hem-de adamlaryň zäherlenmeginiň öňüni almak we ýok etmek boýunça alyp barýan işine operatiw ýolbaşçylyk etmek hem-de ony utgaşdyrmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan epidemiýa garşy göreşýän adatdan daşary toparlar döredilýär.

6. Ýokanç keselli näsaglar, şeýle keseli bardyr öýdülýän, ýokanç keselliler bilen galtaşykda bolan we ýokanç keselleri döredijileri özünde saklaýan raýatlar barlaghana barlagyndan hem-de lukmançylyk gözegçiliginden geçirilmelidir, zerur bolan mahalynda bolsa – bejerilmelidir, hökman hassahana ýerleşdirilmelidir hem-de özgelerden aýry saklanmalydyr (karantin).

Ýokanç keselleri döredijileri özünde saklaýan raýatlar mugt bejerilmelidir. Bu raýatlar eger özleriniň işleýän ýa-da işi ýerine ýetirýän önümçiliginiň aýratynlygy bilen baglanyşykly ýokanç keselleri ýaýratmagyň öýjügi bolup biljek bolsalar, onda olaryň razylygy bilen olar wagtlaýyn başga işe geçirilýär, başga işe geçirmek mümkin bolmasa, sagalýançalar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kömek puluny tölemek bilen işden wagtlaýyn çetleşdirilýär. 

7. Ýokanç keseller we toparlaýyn ýokanç däl keseller (zäherlenmeler) bilen kesellemegiň ähli ýagdaýlary şeýle keselleriň (zäherlenmeleriň) ýüze çykarylan ýeri boýunça saglygy goraýyş edaralary tarapyndan bellige alynmaga we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralary tarapyndan olar boýunça döwlet hasabynyň we hasabatlylygynyň ýöredilmegine degişlidir.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky, 2019-njy ýylyň 8-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 47-nji  madda; 2019 ý., № 2, 37-nji  madda)

 

40-njy madda. Daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklary we borçlary

 

  Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň çäginde ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatynda Türkmenistanyň raýatlary ýaly hukuklardan peýdalanýarlar we şolar ýaly borçlary çekýärler.

 

IV BÖLÜM. TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ARASSAÇYLYK WE KESELLERIŇ ÝAÝRAMAGYNA GARŞY GÖREŞMEK GULLUGY

 

41-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy

 

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy we onuň edaralary Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýuridik wе fiziki şahslar tarapyndan ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça çäreleriň guralmagyny, utgaşdyrylmagyny, gözegçiligini we ýerine ýetirilişine gözegçilik barlagyny amala aşyrmaga ýörite ygtyýarly edilen aşakdaky edaralarynyň ýokarda durýan edaralaryna tabynlygyndaky bir bitewi ulgamy düzýärler.

Türkmеnistаnyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işiniň guralyşynyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýan Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 47-nji  madda)

 

42-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň wezipeleri

 

Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň wezipeleri ilatyň saglygyny goramak we berkitmek, sagdyn ýaşaýyş düzgünini kemala getirmek hem-de keselleriň öňüni almak maksady bilen daşky gurşawyň zyýanly hadysalarynyň ilatyň saglygyna täsir etmegini ýüze çykarmakdan, öňüni almakdan we olara ýol bermezlikden ybaratdyr.

 

43-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek  gullugynyň wezipeli adamlary

 

Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralaryna ýolbaşçylyk etmek degişlilikde Türkmеnistаnyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasaryna, Döwlеt arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygyna, onuň orunbasaryna we tabynlygyndaky edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüklenilýär.

(2019-njy ýylyň 8-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 2, 37-nji madda)

 

44-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralarynyň maliýeleşdirilmegi

 

Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralaryny maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň, şeýle hem:

1) ýuridik we fiziki şahslara tölegli hyzmat etmekden alnan serişdeleriň;

2-nji bent - 01.03.2014 ý. № 43-V Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren. 

 3) ýuridik we fiziki şahslaryň meýletin haýyr-sahawat serişdeleriniň;

4) Türkmеnistаnyň kanunçylygynda gadagan edilmedik ýollar bilen alnan beýleki serişdeleriň, hasabyna amala aşyrylýar.

 

V BÖLÜM. HASABA ALMAK WE STATISTIKA

 

45-nji madda. Hasaba almagyň we statistikanyň wezipeleri hem-de mazmuny

 

Hasaba almagyň we statistikanyň wezipeleri ilatyň saglygynyň hem-de daşky gurşawyň ýagdaýyny häsiýetlendirýän statistik maglumatlary toplamakdan, işlemekden, seljermekden ybaratdyr.

Hasaba almagyň we statistikanyň mazmuny aşakdakylardan ybaratdyr:

1) hasabaty düzmegiň esasy hökmündäki hasaba alyş ulgamyny döretmekden;

2) statistik maglumatlaryň bankyny emele getirmekden;

3) ilatyň sany we düzümi, onuň saglyk ýagdaýy hakyndaky statistik maglumatlara seljerme bermekden;

4) daşky gurşawyň ýagdaýy hakyndaky statistik maglumatlara seljerme bermekden;

5) arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň we saglygy goraýyş edaralarynyň ulgamy, wezipe birlikleri, işgärleri we işi hakyndaky statistik maglumatlara seljerme bermekden.

 

46-njy madda. Hasaba alşy we statistikany ýöretmegi üpjün etmek

 

Hasaba alşy we statistikany ýöretmek Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan tassyklanylýan döwlet statistikasynyň görnüşleri boýunça, şeýle hem degişli ministrlikler we pudaklar tarapyndan tassyklanylýan pudaklaýyn hasaba alyş-hasabat beriş görnüşleri boýunça üpjün edilýär.

46-njy maddanyň ikinji tesimi 24.07.2022 ý. № 504-VI Türkmenistanyň Kanuny esasynda aýrylan.

(2022-nji ýylyň 24-nji iýulyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 3, 84-nji madda)

 

VI BÖLÜM. ÇAKLAMAK

 

47-nji madda. Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny çaklamagyň ulgamy

 

Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny çaklamagyň ulgamy durmuş-gigiýena monitoringi esasynda sanitariýa-gigiýena we epidemiýa ýagdaýynyň, ilatyň saglyk ýagdaýynyň üýtgemeginiň meýillerini hem-de onuň kanunalaýyklyklaryny ýüze çykarmagy  göz öňünde tutýar.

 

48-nji madda. Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça maksatnamalar hem-de olaryň mazmuny

 

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi,  Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy, döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ilatyň hem-de geljekki nesilleriň saglygyny goramak we berkitmek maksady bilen, ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça döwlet, sebit we belli maksada gönükdirilen maksatnamalary çaklamalar esasynda işläp düzmäge, maliýeleşdirmäge hem-de amala aşyrmaga borçludyrlar.

Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça maksatnamalar şu aşakdakylaryň kesgitlenmegini göz öňünde tutýar:

1) esasy ugurlaryň, maksatlaryň, wezipeleriň, garaşylýan netijeleriň;

2) anyk çäreleriň;

3) olary maliýeleşdirmegiň we maddy-tehniki taýdan üpjün etmegiň çeşmeleriniň;

4) ylmy-usulyýet we barlaghana­analitik üpjünçiliginiň;

5) ýerine ýetiriliş möhletleriniň, jogapkär ýerine ýetirijileriň we gözegçilik ulgamynyň.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 47-nji  madda)

 

49-njy madda. Ilatyň sanitarýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmek

 

Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça maksatnamalar şu aşakdakylar tarapyndan durmuşa geçirilýär:

1) döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary;

2) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralary;

3) başga ýuridik we fiziki şahslar.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 47-nji  madda)

 

VII BÖLÜM. SANITARIÝA-GIGIÝENA TAÝDAN

KADALAŞDYRMAK

 

50-nji madda. Sanitariýa-gigiýena taýdan kadalaşdyrmagyň wezipeleri

 

Sanitariýa-gigiýena taýdan kadalaşdyrmagyň wezipeleri aşakdakylardan ybarat:

1) daşky gurşawyň sanitariýa ýagdaýyna baha bermegiň ölçeglerini işläp düzmekden;

2) adamlaryň saglygyna edýän ýaramsyz täsiriniň öňüni almak maksady bilen, daşky gurşawyň faktorlarynyň toplumlaýyn, şeýle hem aýry-aýry himiki, fiziki ýa-da biologik faktorlarynyň adam organizmine edýän täsiriniň amatly ýa-da ýol berilýän aňrybaş çäklerdäki derejesini kesgitlemekden;

3) hojalyk obýektleriniň işiniň we ulag serişdeleriniň adamlaryň saglygy üçin howpsuz ýa-da zyýansyz bolmagyny üpjün etmek boýunça talaplary bellemekden.

 

51-nji madda. Sanitariýa-gigiýena taýdan kadalaşdyrmaklyga bildirilýän esasy talaplar

 

Sanitariýa-gigiýena taýdan kadalaşdyrmak ylmyň, ylmy-tehniki ösüşiň gazanan derejesini nazara almak bilen hem-de hemme taraplaýyn, tejribe, barlaghana we kliniki barlaglar esasynda amala aşyrylýar.

 

52-nji madda. Sanitariýa-gigiýena taýdan kadalaşdyrmagyň ulgamy

 

Sanitariýa-gigiýena taýdan kadalaşdyrmagyň ulgamy:

1) döwlet sanitariýa kadalaryny, düzgünlerini we gigiýena normatiwlerini;

2) wagtlaýyn sanitariýa kadalaryny we düzgünlerini;

3) pudaklaryň kadalaşdyryjy-tehniki resminamalaryny, öz içine alýar.

 

53-nji madda. Sanitariýa kadalary, düzgünleri we gigiýena normatiwleri

 

 Ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň berjaý edilmegi hökmanydyr.

 

54-nji madda. Sanitariýa kadalaryny, düzgünlerini we gigiýena normatiwlerini işläp düzmegiň tertibi

 

1. Döwlet gigiýena normatiwleri döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan ygtyýarly döwlet edaralary, ylmy-barlag we beýleki edaralar, ýokary hünärli hünärmenler tarapyndan işlenip düzülýär.

2. Döwlet sanitariýa kadalary we düzgünleri hem-de wagtlaýyn sanitariýa kadalary we düzgünleri çäkdäki anyk sanitariýa-gigiýena we epidemiýa ýagdaýyny nazara almak bilen tassyklanan gigiýena normatiwleri (halkara we döwlet normatiwleri) esasynda işlenip düzülýär.

 

55-nji madda. Sanitariýa kadalaryny, düzgünlerini we gigiýena normatiwlerini tassyklamagyň hem-de olara täzeden seretmegiň tertibi

 

1. Döwlet sanitariýa kadalary we düzgünleri hem-de wagtlaýyn sanitariýa kadalary we düzgünleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri tarapyndan tassyklanylýar.

Döwlet sanitariýa kadalaryna we düzgünlerine täze gigiýena normatiwleriniň girizilişine, sanitariýa-gigiýena we epidemiýa ýagdaýynyň üýtgeýişine görä täzeden seredilýär.

2. Gigiýena normatiwleri tejribe barlaglarynyň teswirnamasyny işläp düzüjileriň teklipnamasy, seljeriji  toparyň delilnamasy we netijenamasy, şeýle hem her bir anyk ýagdaýda zerur bolan beýleki resminamalar boýunça Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri tarapyndan tassyklanylýar.

Ylmyň we tejribäniň täze maglumatlary peýda bolan mahalynda gigiýena normatiwlerine täzeden seredilýär.

(2019-njy ýylyň 8-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 2, 37-nji madda)

 

56-njy madda. Halkara hem-de döwlet sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň biri-birine gatnaşygy

 

Halkara sanitariýa kadalary, düzgünleri we gigiýena normatiwleri Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň degişli buýrugy bilen tassyk edilenden soň güýje girýär, şeýle hem döwlet sanitariýa kadalaryna, düzgünlerine we gigiýena normatiwlerine çapraz gelen wagtynda togtadylýar.

(2019-njy ýylyň 8-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 2, 37-nji madda)

 

57-nji madda. Pudaklaryň sanitariýa kadalary we düzgünleri

 

1. Ministrlikler hem-de pudaklar tarapyndan pudaklaryň sanitariýa kadalary we düzgünleri, beýleki kadalaşdyryjy-tehniki resminamalar işleýän adamlaryň we ilatyň saglygyna daşky gurşawyň faktorlarynyň we obýektleriň ýetirýän zyýanly täsiriniň öňüni almak maksady bilen girizilýär.

Pudaklaryň sanitariýa kadalary we düzgünleri, beýleki kadalaşdyryjy-tehniki resminamalar döwlet sanitariýa kadalaryna, düzgünlerine we gigiýena normatiwlerine çapraz gelmeli däldirler.

2. Pudaklaryň sanitariýa kadalaryny we düzgünlerini belleýän kadalaşdyryjy namalary döwlet sanitariýa kadalaryna, düzgünlerine we gigiýena  normatiwlerine laýyk gelmedik mahalynda şol namalary çykaran wezipeli adamlar tarapyndan degişli dolandyryş çäginiň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygynyň teklipnamasy ýa-da prokuroryň garşylyknamasy esasynda ýa-da kazyýet tertibinde ýatyrylmaga degişlidir.

(2019-njy ýylyň 8-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 2, 37-nji madda)

 

58-nji madda. Sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň çap edilmegi

 

Sanitariýa kadalary, düzgünleri we gigiýena normatiwleri tassyklanan pursadyndan soň üç aý möhlet içinde degişli ministrlikleriň, pudaklaryň we guramalaryň serişdeleriniň hasabyna hökmany çap edilmäge degişlidir.

Sanitariýa kadalaryny, düzgünlerini we gigiýena normatiwlerini tassyklan wezipeli adamlar bir aý möhlet içinde güýje girizilýän kadalaşdyryjy namalar hakynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerine maglumat bermäge borçludyrlar.

 

59-njy madda. Sanitariýa kadalaryny, düzgünlerini we gigiýena normatiwlerini berjaý etmegiň kepillikleri

 

1. Döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň çykarýan namalary Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygyna çapraz gelmeli däldir, onuň ýerine ýetirilmegine päsgel bermeli däldir, şeýle hem sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň ulanylmagyny çäklendirmeli däldir ýa-da olary ýatyrmaly däldir.

Döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygyna çapraz gelýän, sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň ulanylmagyna päsgel berýän, şeýle hem ulanylmagyny çäklendirýän namalary şolary çykaran edara ýa-da ýokarda durýan edara tarapyndan degişli dolandyryş çäginiň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygynyň teklipnamasy ýa-da prokuroryň garşylyknamasy esasynda, ýa-da kazyýet tertibinde ýatyrylmaga degişlidir.

2. Döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň berjaý edilmezligi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekilmegine eltýär.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky, 2019-njy ýylyň 8-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 47-nji&nbs