Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ

   K A R A R Y

 

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda 

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1992 ý.,  № 9, 88 mad.)

 

Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda baglaşylyp, 1992-nji ýylyň 31-nji iýulynda Moskwa şäherinde gol çekilen we Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklamaga berlen Şertnamany tassyklamaly.

 

Mejlisiň Başlygy                                                      S. Myradow

 

Aşgabat şäheri 

1992-nji ýylyň 30-njy sentýabry 

№ 757-XII

 

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda

Ş E R T N A M A

 

Mundan beýläk Ylalaşýan Ýokary Taraplar diýlip atlandyrylýan Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy,

öz halklarynyň arasyndaky taryhy taýdan emele gelen aragatnaşyklara, dostlukly gatnaşyklara we hoşniýetli gatnaşyk däplerine daýanyp,

öz aralarynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek iki döwletiň halklarynyň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýär hem-de parahatçylyk we howpsuzlyk işine hyzmat edýär diýip hasaplap,

halkara arenasynda ylalaşylan hereketleri etmegiň we harby-syýasy ugurda ýakyndan hyzmatdaşlygyň maksada laýyklygyny ykrar edip,

öz territoriýalarynda demokratik hukuk döwletlerini gurmaga çynlakaý çalşyp,

Garaşsyz Döwletleriň Dostlukly birleşiginiň çäklerinde hemme taraplaýyn hyzmatdaşlyga çalyşmagy goldanyp,

Birleşen Milletler Guramasynyň Ustawynyň, Helsinkiniň jemleýji Aktynyň hem-de Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk baradaky maslahatyň beýleki dokumentleriniň maksatlaryna we ýörelgelerine eýerýändigini tassyklap,

şu aşakdakylar barada şertleşdiler:

 

1-nji madda

Ylalaşýan Ýokary Taraplar dostlukly döwletler hökmünde öz gatnaşyklaryny ösdürerler. Olar birek-biregiň öz döwlet özygtyýarlylygyna we garaşsyzlygyna hormat goýmak, deňhukuklylyk we birek-biregiň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmazlyk ýa-da güýç bilen howp salmazlyk, şol sanda ykdysady taýdan we beýleki ugurlarda zor salmazlyk, territorial bitewilik, serhetleriň bozulmazlygy, jedelleri parahatçylykly düzgünleşdirmek, adam hukuklaryna we esasy azatlyklara hormat goýmak, borçnamalary we halkara hukugynyň ählumumy ykrar edilen beýleki normalaryny ak ýürekli ýerine ýetirmek ýörelgelerini gyşarnyksyz goldanmaga borçlanýarlar.

 

2-nji madda

Ylalaşýan Ýokary Taraplar giň möçberde hem, regional möçberde hem parahatçylygy pugtalandyrmak, durnuklylygy we howpsuzlygy ýokarlandyrmak maksady bilen arkalaşykly hereket ederler. Olar ylalaşylan daşary syýasaty ýörederler, ýaragsyzlanmak prosesini dowam etdirmäge, kollektiwleýin howpsuzlyk sistemalaryny döretmäge we pugtalandyrmaga, şeýle hem BMG-niň ylalaşdyryjylyk roluny güýçlendirmäge we regional mehanizmleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam ederler. Olar şeýle hem Taraplaryň bähbitlerine täsir edýän regional dawalary we beýleki ýagdaýlary düzgünleşdirmäge ýardam etmek üçin tagalla ederler. Taraplar zerur halatlarda bilelikdäki ýa-da ylalaşylan hereketleri amala aşyrmak maksady bilen bu ugurlarda öz garaýyşlaryny utgaşdyrarlar.

Ylalaşýan Ýokary Taraplar birek-biregi gyzyklandyrylýan meseleler boýunça yzygiderli esasda konsultasiýalar geçirerler.

 

3-nji madda

Ylalaşýan Ýokary Taraplar Taraplaryň ygtybarly goranmagyny üpjün etmekde, halkara parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamakda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar. Olar umumy harby-strategiki giňişligi birleşen komandowaniýe astynda saklap galmaga hem-de goldamaga, şunuň bilen baglanyşykly praktiki meseleleri gaýra goýman çözmäge taýýardyklaryny beýan edýärler. Taraplar milli goranmagyň hem-de Ýaragly Güýçleri guramagyň konsepsiýalary barada iki taraplaýyn we köp taraplaýyn esasda pikir alşarlar, öz harby doktrinalarynyň ylalaşylan düzgünleriniň esasynda bilelikdäki goranmak syýasatyny üpjün etmekde hyzmatdaşlyk ederler. Şu maksat bilen olar harby-tehniki syýasatyň meselelerinde ylalaşylan ugry ýörederler, goranmak üçin ýeterlik bolan ýaragly güýçleri saklamaga birmeňzeş çemeleşerler.

 

4-nji madda

Ylalaşýan Ýokary Taraplaryň her biri beýleki Ylalaşýan Ýokary Tarapa garşy gönükdirilen haýsy hem bolsa bir hereketlere ýa-da çärelere gatnaşmakdan ýa-da olary goldamakdan saklanmak we beýleki Ylalaşýan Ýokary Tarapa garşy agressiýany ýa-da beýleki zorlukly hereketleri taýýarlamak ýa-da amala aşyrmak maksady bilen öz territoriýasynyň peýdalanylmagyna ýol bermezlik barada borçlanýarlar.

Ylalaşýan Ýokary Taraplaryň biriniň pikirine parahatçylyk üçin howp döredýän, parahatçylygyň bozulmagyny döredýän ýa-da onuň howpsuzlygynyň düýpli bähbitlerini bozýan ýagdaý ýüze çykan halatynda Taraplaryň her biri degişli konsultasiýalary haýal etmän geçirmek baradaky haýyş bilen beýleki Tarapa ýüz tutup biler. Ylalaşýan Ýokary Taraplar degişli maglumatlary alşarlar we şeýle ýagdaýy ýeňip geçmek üçin degişli çäreleri ylalaşmaga çalşarlar, Ylalaşýan Ýokary Taraplaryň birine ýa-da ikisine garşy agressiýany yzyna serpikdirmekde birek-birege kömek bermek hem muňa girýär.

Ylalaşýan Ýokary Taraplar harby hyzmatdaşlygyň bütin kompleksi boýunça aýratyn ylalaşyk baglaşarlar, ony amala aşyrmak üçin gerek boljak bilelikdäki organlary döretmek hem muňa girýär.

 

5-nji madda

Ylalaşýan Ýokary Taraplaryň her biri öz territoriýasynda ýaşaýan adamlaryň milletine, jynsyna, diline, dinine, syýasy ýa-da beýleki ygtykatlaryna garamazdan, olara halkara hukugynyň umumy ykrar edilen normalaryna laýyklykda graždan, syýasy, sosial, ykdysady we medeni hukuklary hem-de azatlyklary kepillendirýärler.

Ylalaşýan Ýokary Taraplaryň her biri öz territoriýasynda graždanlaryň nähilidir bir kemsidilmegine ýol bermezlik üçin kanun çykaryjylyk, administratiw we beýleki zerur çäreleri kabul ederler.

Ylalaşýan Ýokary Taraplaryň her biri beýleki Tarapyň, territoriýasynda ýaşaýan öz graždanlarynyň hukuklaryny halkara hukugynyň umumy ykrar edilen normalaryna laýyklykda gorar, olary penalar we goldar.

Ylalaşýan Ýokary Taraplar graždan, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegini bermek hakyndaky konsullyk konwensiýasyny, şertnamany hem-de   beýleki Ylalaşýan Ýokary Tarapyň territoriýasynda ýaşaýan öz graždanlarynyň  hukuklaryny goramagy üpjün etmek üçin zerur bolan beýleki ylalaşyklary baglaşarlar.

 

6-njy madda

Ylalaşýan Ýokary Taraplar milli azlyklara degişli bolan adamlaryň hukuklaryna umumy ykrar edilen adam hukuklaryna bir bölegi hökmünde sarpa goýmagyň Russiýa Federasiýasynda we Türkmenistanda parahatçylygyň, adalatlylygyň, durnuklylygyň hem-de demokratiýanyň düýpli faktory bolup durýandygyny tassyklaýarlar.

Ylalaşýan Ýokary Taraplar milli azlyklara degişli adamlaryň öz adam hukuklaryny we esasy azatlyklaryny doly hem-de netijeli amala aşyrmak we olary hiç bir hili kemsitmesiz we kanunyň öňünde doly deňlik şertlerinde peýdalanmak hukugyny kepillendirýärler.

Ylalaşýan Ýokary Taraplar milli azlyklara degişli adamlaryň öz etniki, medeni, dil ýa-da dini özboluşlylygyny özbaşdak ýa-da milli azlyklara degişli beýleki adamlar bilen bilelikde erkin beýan etmek, gorap saklamak we ösdürmek hem-de öz erkiniň tersine assimilýasiýalaşdyrmak baradaky nähilidir bir synanyşyklara sezewar edilmezden öz medeniýetini onuň ähli ugurlarynda goldamak we ösdürmek hukugyny kepillendirýärler.

Ylalaşýan Ýokary Taraplar öz territoriýasynda milli azlyklaryň etniki, medeni, dil we dini özboluşlylygyny goramagy üpjün edýärler hem-de bu özboluşlylygy höweslendirmek üçin şertler döredýärler.

Ylalaşýan Ýokary Taraplar milli azlyklara degişli adamlaryň döwlet işlerine netijeli hem-de öz hajatlaryna deňeçer gatnaşmak, şol sanda şeýle azlyklaryň özboluşlylygyny goramaga we höweslendirmäge degişli bolan işlere gatnaşmak hukuklaryna sarpa goýýarlar.

Ylalaşýan Ýokary Taraplar adamlara we adamlar toparlaryna garşy güýç ulanmaga öjükdiriş bolup durýan, milli, jyns, etniki ýa-da dini kemsitmelere, duşmançylyga ýa-da ýigrenje esaslanan islendik hereketleriň öňüni almak we soňuna çykmak üçin öz territoriýasynda netijeli çäreleri görmäge, şol sanda degişli kanunçylyk aktlaryny kabul etmäge borçlanýarlar.

Ylalaşýan Ýokary Taraplar özüniň etniki, dil, medeni ýa-da dini özboluşlylygy sebäpli howpa ýa-da zorluk aktyna, kemsitmäge ýa-da duşmançylyga sezawar edilýän ýa-da sezewar edilip bilinjek adamlary ýa-da adamlar toparlaryny goramak üçin hem-de olaryň eýeçiligini goramak üçin öz territoriýalarynda netijeli çäreleri görmäge borçlanýarlar.

Ylalaşýan Ýokary Taraplar etniki, dil, medeni we dini azlyklara degişli bolan adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek maksady bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda   ylalaşyk baglaşarlar.

 

7-nji madda

Ylalaşýan Ýokary Taraplar öz territoriýasynda ýaşaýan adamlara öz erkini azat beýan etmegine laýyklykda ýaşaýan döwletiniň graždanlygyny saklap galmak ýa-da beýleki Tarapyň graždanlygyny almak hukugyny kepillendirýärler.

Olaryň territoriýasynda ýaşaýan adamlara iki Tarapyň graždanlygyny almak mümkinçiligini bermek bilen baglanyşykly meseleler Ylalaşýan Ýokary Taraplaryň kanunlaryny hasaba almak bilen degişli ylalaşyklar arkaly düzgünleşdiriler.

 

8-nji madda

Ylalaşýan Ýokary Taraplar ykdysadyýetde öz graždanlarynyň, halklarynyň we döwletleriniň deňhukukly hem-de birek-birege peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, umumy ykdysady giňişligi, umumyýewropa we ýewraziýa bazarlaryny kemala getirmäge ýardam ederler. Özleri üçin umumy gümrükhana giňişliginiň birek-birege peýdalydygyna akyl ýetirip, Taraplar, ylalaşylan gümrükhana syýasatyny ýörederler we öz aralarynda harytlaryň, maýalaryň we hyzmatlaryň päsgelçiliksiz geçirilmegini üpjün ederler.

Olar ykdysady habarlary giňden alyş-çalyş etmegi üpjün ederler we şol habarlaryň iki tarapyň kärhanalary, telekeçileri we alymlary üçin elýeterli bolmagyny üpjün ederler.

Taraplar dürli halkara ykdysady we maliýe guramalarynda ýakyndan arkalaşykly hereket ederler. Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň heniz agza bolup durmaýan guramalarynyň işine onuň gatnaşmagynda ýa-da şol guramalara girmeginde Türkmenistana ýardam eder.

 

9-njy madda

Ylalaşýan Ýokary Taraplaryň ykdysady we söwda gatnaşyklary düzgünleriň haýsysynyň has amatlydygyna baglylykda, has amatly düzgüni ýa-da milli düzgüni birek birege bermek esasynda gurlar. Ylalaşýan Ýokary Taraplar ykdysady, söwda, ylmy-tehniki gatnaşyklary şu aşakdaky derejelerde ösdürmegi üpjün ederler:

döwlet häkimiýet we dolandyryş organlarynyň derejesinde;

banklaryň we maliýe sistemasynyň derejesinde;

territorial (munisipal) öz-özüňi dolandyryş organlarynyň derejesinde;

kärhanalaryň, birleşikleriň, guramalaryň we edaralaryň derejesinde;

bilelikdäki russiýa-türkmen we türkmen-russiýa kärhanalarynyň hem-de  guramalarynyň derejesinde;

indiwidual telekeçileriň derejesinde.

Taraplar birek-birege önümleri ibermek we hyzmatlar etmek, tölegler, nyrhlar we gymmatly kagyzlaryň hereketi hakynda, şeýle hem dünýä nyrhlary boýunça özara hasaplaşyklaryna geçmegiň möhletleri we şertleri hakynda hökümetara ylalaşyklaryny baglaşarlar.

Olar şeýle hem öz territoriýalarynda beýleki Tarapyň kärhanalarynyň we telekeçileriniň iş şertlerini, hususan-da, gös-göni berilýän inwestisiýalar hem-de goýlan maýalary goramak barasynda gowulandyrmaga çalşarlar.

Taraplar beýleki Tarapyň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine täsir edip biljek ykdysady kararlar barada birek-birege irgözinden habar bererler.

 

10-njy madda

Ylalaşýan Ýokary Tarapyň biriniň beýleki Ylalaşýan Ýokary Tarapyň territoriýasynda ýerleşýän döwlet emläginiň, ýuridik taraplarynyň we graždanlarynyň hukuk düzgüni, eger Taraplaryň arasyndaky ylalaşykda başga zatlar öz öňünde tutulmadyk bolsa, emlägiň ýerleşýän ýeri bolan Tarapyň kanunlary bilen düzgünleşdirilýär.

Eger Ylalaşýan Ýokary Taraplaryň biri beýleki Ylalaşýan Ýokary Tarapyň territoriýasynda ýerleşýän, üçünji tarap ýa-da döwlet tarapyndan dalaş edilýän emlägiň özüne degişlidigi barada yglan etse, onda beýleki Tarap şol emlägiň kime degişlidigi hakyndaky mesele gutarnykly çözülýänçä şeýle emlägi goramak we saklamak barada ähli çäreler görmäge borçludyr hem-de ol emlägi birinji Tarapyň äşgär beýan edilen razylygy bolmasa kim hem bolsa birine bermäge haky ýokdur.

Ylalaşýan Ýokary Taraplaryň bähbitlerine täsir edýän eýeçilik gatnaşyklaryna degişli ähli beýleki meseleler aýratyn ylalaşyklar arkaly düzgünleşdirilmäge degişlidir.

 

11-nji madda

Ylalaşýan Ýokary Taraplar nebiti hem-de gazy gaýtadan işläp bejermegiň, peýdalanmagyň we eksport etmegiň umumy sistemalaryny netijeli peýdalanmak we ösdürmek, seýsmologiýa barasynda tagallalary birleşdirmek, oba hojalygyny we azyk önümleri bilen üpjünçiligi ösdürmek işinde deňhukukly esasda hyzmatdaşlyk ederler.

 

12-nji madda

Ylalaşýan Ýokary Taraplar hemra aragatnaşygy we telekommunikasiýalary  goşmak bilen, energetika, transport,  informatika we aragatnaşyk sistemalaryny dolandyrmak barasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berip, bu ugurlarda emele gelen kompleksleri hem-de birbitewi sistemalary saklap galmaga, netijeli peýdalanmaga we ösdürmäge ýardam ederler.

 

13-nji madda

Ylalaşýan Ýokary Taraplar öz territoriýalarynda ýerleşýän deňiz, derýa we howa portlarynyň, demir ýol hem-de awtomobil ýol setleriniň we turboprowodlaryň, üsti bilen transport operasiýalaryny üpjün ederler.

Tranzit transport operasiýalaryny amala aşyrmagyň şertleri we tertibi bu ugurda köptaraplaýyn ýa-da ikitaraplaýyn esasda ylalaşylan ýörelgeleriň we şertleriň esasynda baglaşylan aýratyn ylalaşyk arkaly kesgitleniler.

 

14-nji madda

Ylalaşýan Ýokary Taraplar ylym we tehnika barasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, ylmy-barlag merkezleriniň arasyndaky göni aragatnaşyklary we bilelikdäki programmalary hem-de işläp taýýarlamalary amala aşyrmagy, aýratyn hem öňdebaryjy tehnologiýalar barasynda höweslendirerler. Taraplar kadrlary taýýarlamakda arkalaşykly hereket ederler, şeýle hem alymlaryň, stažýorlaryň we praktikantlaryň alyş-çalyş edilmegini höweslendirerler, bilim we ylmy derejeler baradaky diplomlaryň ykrar edilmegi hakynda ylalaşyk baglaşarlar.

 

15-nji madda

Ylalaşýan Ýokary Taraplar serhetleriň, açyklygy baradaky ýörelgäni durmuşa geçirmäge ähli çäreler arkaly ýardam ederler, medeniýet, sungat, magaryf, turizm we habar alyşmak barasynda alyş-çalşy ösdürerler. Taraplar bu meseleler boýunça aýratyn ylalaşyklary baglaşarlar.

Taraplar Russiýanyň halklarynyň, dilleriniň Türkmenistanda we türkmen diliniň Russiýa Federasiýasynda öwrenilmegini hem-de ýaýradylmagyny höweslendirerler.

Olar bu ugurlarda, şol sanda hökümet we hökümet däl guramalaryň hem-de edaralaryň, şahsy guramalaryň we adamlaryň arasynda bilelikdäki proýektleri amala aşyrmakda, medeni, ylmy we beýleki fondlaryň, hem-de assosiasiýalaryň işinde hyzmatdaşlygy höweslendirerler. Taraplar birek-biregiň territoriýasynda iki ýurduň medeni merkezlerini açmak barada ylalaşyk baglaşarlar.

 

16-njy madda

Ylalaşýan Ýokary Taraplar töwerekdäki tebigaty goramak barasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, bu ugurlarda regional we ählumumy derejede ylalaşylan hereketlere ýardam ederler. Ekologik howpsuzlygyň, ähli zady öz içine alýan halkara sistemasyny döretmäge we arkalaşykly hereket etmäge, hususan-da, Kaspiniň we Aralyň ekologiýa sistemalaryny goramakda hem-de dikeltmekde arkalaşykly hereket etmäge çalşarlar.

 

17-nji madda

Ylalaşýan Ýokary Taraplar sosial ugurda we saglygy saklaýyş barasynda hyzmatdaşlygy ösdürerler. Olar graždanlaryň sosial we pensiýa üpjünçiligine aýratyn üns bererler.

 

18-nji madda

Ylalaşýan Ýokary Taraplar guramaçylykly we halkara jenaýatçylygyna, neşeleriň bikanun dolanyşygyna, terrorizme, deňiz gämi gatnawynyň we graždan awiasiýasynyň howpsuzlygyna garşy gönükdirilen bikanun aktlara, medeni gymmatlyklaryň bikanun alnyp gidilmegine garşy göreş alyp barmak boýunça çärelerde işeňňir hyzmatdaşlyk ederler.

Ylalaşýan Ýokary Taraplar şu meseleler we birek-biregi gyzyklandyrýan beýleki meseleler boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda aýratyn ylalaşyklary baglaşarlar.

 

19-njy madda

Ylalaşýan Ýokary Taraplar iki ýurduň parlamentleriniň we parlamentarileriniň arasyndaky gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns bererler.

 

20-nji madda

Ylalaşýan Ýokary Taraplar daşary syýasat, daşary ykdysady iş, halkara guramalarynyň işine olaryň gatnaşmagy barasynda işleri utgaşdyrmagy we arkalaşykly hereket etmegi amala aşyrarlar.

 

21-nji madda

Şu Şertnama Ylalaşýan Ýokary Taraplaryň gatnaşýan beýleki halkara şertnamalaryndan gelip çykýan hukuklaryna we borçnamalaryna degişli däldir.

 

22-nji madda

Ylalaşýan Ýokary Taraplaryň şu Şertnamanyň 5, 6, 7-nji maddalary boýunça borçnamalaryny berjaý etmegini üpjün etmek maksady bilen Adam hukuklary barasynda garyşyk komissiýa döredilýär.

Şu madda laýyklykda döredilýän Komissiýany emele getirmegiň we onuň işlemeginiň tertibi, şeýle hem şol Komissiýanyň ygtyýarlary Taraplaryň ýörite  ylalaşygy arkaly kesgitleniler.

 

23-nji madda

Şu Şertnama düşündiriş bermäge we ony ýerine ýetirmäge degişli jedeller Ylalaşýan Ýokary Taraplaryň arasynda konsultasiýalary hem-de gepleşikleri geçirmek arkaly çözmäge degişlidir.

 

24-nji madda

Şu Şertnama ratifikasiýalaşdyrylmaga degişlidir we ratifikasion hatlar alşylan gününde güýje girýär.

 

25-nji madda

Şu Şertnama on ýyl möhlet bilen baglaşylýar. Eger Ylalaşýan Ýokary Taraplaryň hiç biri Şertnamanyň güýjüni ýatyrmak islegini on ýyllyk möhletiň tamamlanmagyna azyndan alty aý galanda beýleki Ylalaşýan Ýokary Tarapa ýazmaça habar bermek bilen bildirmese, onda Şertnamanyň güýji awtomatiki ýagdaýda geljekki on ýyllyk möhlete uzaldylýar.

Şu Şertnama Moskwa şäherinde 1992-nji ýylyň 31-nji iýulynda her biri türkmen we rus dillerinde iki nusgada amal edildi, özi-de iki tekstiň hem birmeňzeş güýji bardyr.

 

Türkmenistanyň Prezidenti                        Russiýa Federasiýasynyň

            Prezidenti                                                        Prezidenti

         S. NYÝAZOW                                                B. ÝELSIN