Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini döretmek bilen baglanyşykly bilelikdäki çäreler hakyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ

   K A R A R Y

 

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini döretmek bilen baglanyşykly bilelikdäki çäreler hakyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1992 ý., № 9, 89 mad.)

 

Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini döretmek bilen baglanyşykly bilelikdäki çäreler hakynda baglaşylyp, 1992-nji ýylyň 31-nji iýulynda Moskwa şäherinde gol çekilen we Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklatmaga berlen Şertnamany tassyklamaly.

 

Mejlisiň Başlygy                                                      S. Myradow

 

Aşgabat şäheri 

1992-nji ýylyň 30-njy sentýabry 

№ 758-XII

 

Türkmenkstan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini döretmek bilen baglanyşykly bilelikdäki çäreler hakynda

Ş E R T N A M A

 

Mundan beýläk Taraplar diýlip atlandyrylýan Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy,

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň özygtyýarlylygyny, territorial eldegrilmesizligini we howpsuzlygyny goramak bähbitlerinden ugur alyp,

goranmak babatda utgaşdyrylan syýasat ýöretmek baradaky özara hyjuwy nazara alyp,

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmegi bilen baglanyşyklylykda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Russiýa Federasiýasynyň harby delegasiýasynyň iş duşuşygynyň 1992-nji ýylyň 8-nji iýunykdaky Protokolynda bellenilen prinsipial şertleşigi hasaba alyp,

şu aşakdakylar hakynda ylalaşdylar:

 

1-nji madda

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri ozalky SSSR-iň Ýaragly Güýçleriniň Türkmenistanyň territoriýasynda ýerleşen birikmeleriniň we bölümleriniň bazasynda döredilýär. Şol birikmeleriň we bölümleriň sanawy şu Şertnama goşulýan Goşundyda görkezilendir.

 

2-nji madda

Dowamlylygy Taraplaryň karary bilen kesgitleniljek geçiş döwrüniň dowamynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine operatiw ýolbaşçylyk Komanduýuşiniň we Ştabyň baştutanlygyndaky birleşdirilen Russiýa-Türkmenistan komandowaniýesi tarapyndan amala aşyrylar.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň komanduýuşisi we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ştabynyň naçalnigi Russiýa Federasiýasynyň Goranmak ministriniň hödürlemegi boýunça degişlilikde Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň Prezidentleriniň hem-de hökümet baştutanlarynyň bilelikdäki kararlary bilen wezipä bellenilýär.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Birleşdirilen komandowaniýesi hakyndaky düzgünnama Russiýa Federasiýasynyň Goranmak ministri we Türkmenistanyň Goranmak ministri tarapyndan tassyklanylýar.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ştaby operatiw meseleler babatda Russiýa Federasiýasynyň Ýaragly Güýçleriniň Baş ştabyna tabyndyr.

 

3-nji madda

Şu Şertnama güýje giren günde ozalky SSSR-iň Ýaragly Güýçleriniň şu Şertnama Goşundyda sanalyp geçilen birikmelerinde we bölümlerinde harby gullugyny geçýän hem-de Türkmenistanyň graždanlygyna geçmegi hakynda Taraplaryň bellän tertibinde mälim etmedik Russiýa Federasiýasynyň graždanlary şol günden başlap Russiýa Federasiýasynyň Ýaragly Güýçleriniň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde gullukda bolýan harby gullukçylary diýlip hasap edilýär.

Taraplar şu Maddanyň birinji böleginiň düzgünlerini guramaçylyk-dokumentler babatda durmuşa geçirmek üçin zerur bolan guramaçylyk çärelerini her biri öz edim-gylymyna laýyklykda amala aşyrarlar.

 

4-nji madda

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ofiserler, praporşikler (miçmanlar) hem-de möhletden artyk gulluk edýän harby gullukçylar bilen üpjün etmek Russiýa Federasiýasynyň Goranmak ministrliginiň we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň arasyndaky ýörite protokola laýyklykda amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri üçin ofiserleri, praporşikleri we miçmanlary taýýarlamak Russiýa Federasiýasynyň Goranmak ministrliginiň we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň arasyndaky ylalaşyk boýunça Russiýa Federadiýasynyň okuw jaýlarynda amala aşyrylar.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Russiýa Federasiýasynyň graždanlary bolup durýan harby gullukçylaryndan ofiserler sostawyndaky adamlara, praporşiklere we miçmanlara Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde bäş ýyl gulluk edeninden soň täze gulluk ýerini seçip almaga hukuk berilýär.

 

5-nji madda

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini rýadowoýlar we seržantlar sostawy bilen üpjün etmegi hem-de olary hakyky harby gullukdan boşatmagy Taraplar öz kanunlaryna laýyklykda hökümetler tarapyndan ylalaşylan her ýyllyk kararlar esasynda amala aşyrarlar.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri üçin spesialistleri taýýarlamak Russiýa Federasiýasynyň Ýaragly Güýçleriniň we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň okuw merkezlerinde Russiýa Federasiýasynyň Goranmak ministrligi we Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan bellenilýän mukdarlarda we möhletlerde amala aşyrylar.

 

6-njy madda

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň liçnyý sostawy attestasiýa oňyn bolan mahaly şu Şertnama güýje girýän güni eýeleýän wezipelerinde galýar.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylaryna harby atlary dakmak Russiýa Federasiýasynyň Ýaragly Güýçlerinde bellenilen tertipde Russiýa Federasiýasynyň Goranmak ministrliginiň we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ylalaşmagy boýunça amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylaryna general-maýor harby ady we şondan ýokary harby atlar gürrüň Russiýa Federasiýasynyň graždany hakynda baranda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Goranmak ministriniň Russiýa Federadiýasynyň Goranmak ministri bilen ylalaşylan teklibi boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen amala aşyrylýar.

 

7-nji madda

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Russiýa Federasiýasynyň graždanlary bolup durýan harby gullukçylary Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we onuň kanunlaryny berjaý edýärler, Türkmenistanyň halkynyň milli däplerine hem-de dessurlaryna sarpa goýýarlar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Russiýa Federasiýasynyň graždanlary bolup durýan harby gullukçylarynyň syýasy, ykdysady, sosial, graždan, medeni hukuklaryna we azatlyklaryna hem-de umumylykda ykrar edilen beýleki hukuklaryna we azatlyklaryna sarpa goýýarlar.

 

8-nji madda

Geçiş döwrüniň dowamynda Türkmenistan öz normatiw aktlaryny kabul edýänçä Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde Russiýa Federasiýasynyň Ýaragly Güýçlerinde kabul edilen goşun ustawlary, gollanmalary, düzgünnamalary we beýleki ugur görkeziji dokumentleri ulanylýar.

 

9-njy madda

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylary haýyş döwletiň graždanlary bolup durýan bolsa, şol döwlete wepaly bolmak hakynda kasam edýärler.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Russiýa Federaiýasynyň graždanlary bolup durýan harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde oňa şu Şertnama laýyklykda ak ýürekli gulluk etmek borçnamasyny indiwidual tertipde kabul edýärler.

 

10-njy madda

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini maliýeleşdirmegi we material-tehniki taýdan üpjün etmegi Taraplar paýly esasda amala aşyrýarlar we munuň özi Taraplaryň ýörite ylalaşyklary bilen kesgitlenilýär.

Türkmenistan Tarapy Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylaryny we olaryň maşgala agzalaryny kazarma hem-de ýaşaýyş jaý fondy, suw, elektrik energiýasy, ýangyç we beýleki kommunal hyzmatlar bilen üpjün  etmegi öz üstüne alýar.

Türkmenistan Tarapy Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylaryna we olaryň maşgala agzalaryna medisina hyzmatyny hem muzdsuz esasda üpjün edýär. Medisina üpjünçiliginiň tertibi ýörite protokol bilen kesgitlenilýär.

 

11-nji madda

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylary we olaryň maşgala agzalary öz graždanlygyny meýletinlik esasda saklap galýarlar hem-de graždanlygyna garamazdan, Türkmenistanyň territoriýasynda ykdysady, sosial, graždan, syýasy, medeni hukuklardan we azatlyklardan hem-de umumylykda ykrar edilen beýleki ynsan hukuklaryndan we azatlyklaryndan doly peýdalanýarlar.

 

12-nji madda

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylarynda we olaryň maşgala agzalarynda Russiýa Federasiýasynyň Ýaragly Güýçleriniň liçnyý sostawy üçin bellenilen ýeňillikler we artykmaçlyklar, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň Ýaragly Güýçlerindäkiden az bolmadyk pul görnüşli tölegiň okladlary we harby at üçin tölegler saklanyp galýar.

Türkmenistanyň Hökümeti harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin goşmaça ýeňillikleri hem-de artykmaçlyklary belläp biler, olary maliýeleşdirmek Türkmenistan tarapyndan üpjün ediler.

 

13-nji madda

Taraplar Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Russiýa Federasiýasynyň graždanlary bolup durýan harby gullukçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň wizasyz gelmegini we gitmegini, olaryň şahsy goşlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň podrazdeleniýeleri üçin niýetlenilen ýükleriň Türkmenistanyň serhetinden paç tölemesiz geçirilmegini üpjün ederler.

 

14-nji madda

Ozalky SSR Soýuzynyň Ýaragly Güýçleriniň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzümine geçýän podrazdeleniýeleriniň şu Şertnamanyň güýje girýän güni peýdalanýan jaýlary, desgalary we beýleki obýektleri Türkmenistanyň eýeçiligine öwrülýär.

Ozalky SSR Soýuzynyň Ýaragly Güýçleriniň şu Şertnamanyň güýje girýän güni Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzümine geçýän bölümleriniň ygtyýarynda bolýan gozgalýan emlägi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine berilýär. Şol gozgalýan emlägi Türkmenistanyň çäklerinden daşaryk çykarylmagy Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň hökümetleriniň ýa-da olar tarapyndan ygtyýarly edilen organlaryň arasynda ylalaşmak boýunça amala  aşyrylýar.

 

15-nji madda

Şu Şertnama Taraplaryň kanunlaryna laýyklykda ratifikasiýa etmäge degişlidir hem-de ratifikasiýa ediş hatlary alşylan güni güýje girýär, ratifikasiýa ediş hatlaryny alyşmak bolsa Moskwa şäherinde geçiriler.

Şu Şertnama bäş ýyl möhlet bilen baglaşylýar. Eger Taraplaryň hiç biri Şertnamanyň güýjüni bes etmek hakyndaky öz islegi barada bäş ýyllyk döwrüň tamamlanmagyna azyndan on iki aý galanda ýazmaça beýan etmese, Şertnamanyň güýji soňraky bäş ýyla öz-özünden uzaldylýar.

Moskwa şäherinde 1992-nji ýylyň 31-nji iýulynda her biri rus we türkmen dillerinde iki nusgada amal edildi, özi-de tekstleriň ikisiniň hem birmeňzeş güýji bardyr.

 

Türkmenistanyň Prezidenti                              Russiýa

                                                                           Federasiýasynyň Prezidenti

        S. NYÝAZOW                                           B. ÝELSIN