Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
Türkmenistanyň Graždan kodeksiniň 213, 445, 458-nji maddalary, Türkmenistanyň Graždan prosessual kodeksiniň 62, 77, 118, 131-nji maddalary barada düşündirme bermek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1992 ý., № 9, 90 mad.)
Graždan kodeksiniň 213, 445, 458-nji maddalaryna laýyklykda graždanyň ýa-da ýuridik tarapyň emlägine ýa-da şahsyýetine kim zyýan ýetiren bolsa, şol adam şol zyýanyň öwezini doly möçberde tölemelidir. Ýetirilen zyýany doly möçberde tölemek diýlende heläkçilik çeken tarapyň çeken ähli zyýanynyň: çykaran çykdajylarynyň, ýitiren ýa-da zeper ýeten emläginiň, alnyp bilinmedik girdejileriniň öwezini dolmak diýlip düşünilýär.
Puluň hümmetiniň gaçyp durmagy, nyrhlaryň ençeme esse gymmatlamagy, zyýan ýetirmek hereketiniň edilen pursaty bilen ony üzmek pursatynyň aralygyndaky wagtyň uzak bolýanlygy sebäpli, sudlaryň ýa-da beýleki organlaryň ýetirilen zyýanyň öwezini töledip almak hakyndaky çözgütleriniň pul görnüşindäki gymmatyny gaçyrýar, heläkçilik çeken tarapyň bähbitlerine zyýan ýetýär hem-de hakykatda kanunyň ýetirilen zyýany doly (hakyky) möçberde töletdirip almak hakyndaky talaplary ýerine ýetirilmeýär.
Ýokary suduň Plenumynyň «Graždanlaryň şahsy emläginiň ogurlananlygy üçin jenaýat jogapkärçiligi hakyndaky kanunlaryň sudlar tarapyndan ulanylyşynyň praktikasy hakynda» 1992-nji ýylyň 17-nji aprelinde çykaran Kararynda (12-nji punkt) sudlara ýol salgy beriji düşündiriş berildi, şonda heläkçilik çekene öwezi tölenilýän maddy zyýanyň nyrhy üýtgän mahalynda, onuň nyrhy şol zyýanyň öwezini tölemek hakyndaky kararyň kabul edilen gününde dowam edýän nyrhlardan ugur alnyp kesgitlenilýär diýlip görkezilýär. Şeýle düşündiriş kanunyň talaplaryna laýyk gelýär, ýöne şol düşündiriş graždan, zähmet, maşgala gatnaşyklaryndan we beýleki hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedelleriň beýleki kategoriýalary baradaky çözgütleri, şeýle hem çözgüdiň çykarylan wagtyndan onuň doly ýerine ýetirilmegine çenli bolan döwürde puluň hümmetiniň gaçmagy sebäpli dörän ýagdaýlary öz içine almaýar.
Sudlar heläkçilik çekenleriň (zyýanyň öwezini töletdirijileriň) puluň hümmetiniň gaçmagy we nyrhlaryň gymmatlamagy sebäpli günäkärlerden töletdirilip alynmaly pul tölegleriniň artdyrylmagy hakyndaky arzalaryna seretmekden ýüz dönderýärler, olar şunda Ýokary suduň ýokardaky düşündirişini hem-de Graždan prosessual kodeksiniň 131-nji maddasynyň ikinji böleginiň 3-nji punktuny gollanýarlar we eýýäm hut şeýle taraplaryň arasynda, şol bir zat barada, şol bir esaslar boýunça kanuny güýje giren çözgüt bar diýip salgylanýarlar.
Suduň şeýle hereketi kanuna bap gelmeýär hem-de ýetirilen zyýanyň öweziniň doly tölenilmegini üpjün etmeýär, sebäbi şeýle halatlarda şol bir taraplaryň arasynda, şol bir esaslar boýunça jedel bar hem bolsa, jedeliň göz öňünde tutýan zady üýtgeýär.
Konstitusiýanyň 67-nji maddasynyň 1-nji punktuny gollanyp, Graždan kodeksiniň 213, 445, 458-nji maddalary, Graždan prosessual kodeksiniň 62, 77, 118, 131-nji maddalary barada düşündiriş bermek tertibinde Mejlis karar edýär:
1. Graždanyň ýa-da ýuridik tarapyň şahsyýetine ýa-da emlägine ýetirilen zyýanyň öwezi şol zyýanyň öwezini töledip almak hakyndaky çözgüdiň ýerine ýetirilýän pursatynda çekilen hakyky zyýana ekwiwalent summalarda (nyrhlarda) doly töledilmelidir.
2. Sudlar hem-de graždan, şeýle hem zähmet, maşgala, administratiw hukuk gatnaşyklaryndan we gaýry hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedellere garamaga ygtyýary bolan beýleki organlar ýetirilen zyýanyň öwezini tölemek hakyndaky jedellere garamalydyrlar, olar puluň hümmetiniň gaçmagy we nyrhlaryň gymmatlamagy zerarly goşmaça pul töletdirip almak hakynda şol zyýany töletdirijileriň (kreditorlaryň) beren arzalaryny özleriniň seretmegine almaga borçludyrlar. Ýetirilen zyýanyň öwezi doly töledilýänçä suda arz bilen gaýtadan ýüzlenmegiň sany çäklendirilmeýär. Şol arzalara kanunda bellenilişi ýaly ilkibaşdaky jedele seredilende ulanylan tertipde seredilýär.
3. Ýokarda görkezilen esaslar boýunça gaýtadan edilen arzlara seredilende sudlaryň ýa-da ygtyýarly edilen beýleki organlaryň töledilmeli tölegiň möçberini köpeltmek meselesinden başga meseleleri işiň düýp mazmuny boýunça çözmäge haky ýokdur.
4. Şeýle işlere garamagyň haýsy suda degişlidigini zyýanyň öwezini töletdirijiniň (kreditoryň) özi kesgitleýär: ýa-ha işe ilkibaşda garalan ýerde, ýa zyýanyň öwezini töletdirijiniň (kreditoryň) ýaşaýan ýerinde, ýa-da bergidaryň ýaşaýan ýerinde (bolýan ýerinde).
5. Zyýanyň öwezini töletdirmegiň möçberini artdyrmak hakyndaky arza üçin döwlet pajy alynmaýar. Arza seredilende döwlet pajy Graždan prosessual kodeksiniň 5-nji babyna laýyklykda alynýar.
6. Şu Karar onuň kabul edilen gününden güýje girýär hem-de ol öň
bolup geçen şeýle ýagdaýlar barada ulanylýar.
Mejlisiň Başlygy S. Myradow
Aşgabat şäheri
1992-nji ýylyň 30-njy sentýabry
№ 759-XII