Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistan SSR-niň Aralýakasy etrapyndaky territoriýalarynyň ekologiýa ýagdaýy we ony gowulandyrmak barada çäreler hakynda

TÜRKMENISTAN SSR ÝOKARY SOWETINIŇ 

K A R A R Y

 

Türkmenistan   SSR-niň Aralýakasy  etrapyndaky   territoriýalarynyň ekologiýa ýagdaýy we ony gowulandyrmak barada  çäreler hakynda

 

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1990 ý., № 21-22,  247- madda)

 

Aral deňziniň guramagy, Amyderýanyň suwunyň ýolberilmesiz hapalanmagy,   ýerleriň toprak-melioratiw ýagdaýynyň ýaramaz sosial üpjünçiliginiň, pesligi netijesinde adamyň mekan tutan sredasynyň weýran bolmagy Daşhowuz oblastynyň we Çärjew oblastynyň Darganata raýonynyň, territoriýasyny ekologiýa we medesina- sanitariýa görkezijileri boýunça ekologiýa taýdan betbagtçylykly zolak diýmekden başga hili atlandyryp bolmajak ýagdaýa getirdi.

Ilatyň agyz suwy bilen üpjün ediliş derejesi bellenen normadan has pes, suw çeşmeleriniň bakteriýa bilen hapalanyşy normatiwe garanda on esse ýokary. Ilat ýokary hili suw bilen ýeterlik edilmeýär. Oblastda  adamyň jany üçin  howply bolan adatdan daşary ekologiýa ýagdaýy emele geldi. Soňky 15 ýylyň içinde bu ýerde ýokanç keseller bilen keselleýänleriň, ilkinji nobatda hem çagalaryň arasynda keselleýänleriň sany has artdy. Wirusly gepatit (bagyr çişme) keseli, inçekesel,   onkologiýa  (düwnük-gaty getirme) keseli bilen kesellemek halatlary ep-esli artdy, ýaşajyk çagalaryň ölüm-ýitim derejesi ýokary. Eneleriň arasynda ölenleriň sany  soýuz boýunça orta görkezijiden 3 - 4 esse köp.

Daşhowuz oblastynyň we Çärjew oblastynyň Darganata raýonynyň ekologiýa ýagdaýyny hem-de olaryň ilatynyň saglyk ýagdaýyny düýpgöter gowulandyrmak, şol ýerde ýaşaýan adamlaryň ýaramly zähmet, ýaşaýyş we durmuş şertlerini üpjün etmek meselesine sosial-syýasy we halk hojalygy taýdan uly ähmiýet berip, Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Ýokary Soweti karar edýär:

1. Daşhowuz oblastynyň we Çärjew oblastynyň Darganata raýonynyň territoriýasyny ekologiýa taýdan betbagtçylykly zolak diýip hasap edip, şol ýerde hojalyk işiniň, aýratyn düzgünini bellemeli. Şol zolakda ekologiýa taýdan zyýanly önumçilikleriň, ilkinji nobatda hem köp suw talap edýän önümçilikleriň artdyrylmagynyň  bes edilmegini göz öňünde tutmaly, esasan ilata hyzmat etmek hem-de ekologiýa taýdan zyýansyz iş alyp barmak bilen baglanyşyk işleri geçirmeli.

2. Daşhozuz oblastynda we Çärjew oblastynyň Darganata raýonynda  ekologiýa taýdan  betbagtçylykly ýagdaýyň döremegi sebäpli SSSR-iň Prezidenti ýoldaş M. S. Gorbaçewa Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Ýüzlenmesini kabul etmeli (goşulýar).

3. Daşhowuz oblastynyň we Çärjew oblastynyň Darganata raýonynyň ilatyna  berilýän stipendiýalara, pensiýalara, posobiýelere we şolardaky işçileriň, kolhozçylaryň we gullukçylaryň alýan iş hakyna 1,6 möçberde koeffisient bellenmegini   maksada  laýyk diýip hasap etmeli. Şu maksat üçin soýuz býujetinden zerur  serişdeleriň goýberilmegini sorap SSSR Ýokary Sowetine we SSSR Ministrler Sowetine ýüz tutmaly.

4. Türkmenistan SSR-niň hökümetine şu aşakdakylary tabşyrmaly:

-Daşhowuz oblastynda we Çärjew oblastynyň Darganata raýonynda ekologiýa we sanitariýa ýagdaýyny düýpgöter gowulandyrmak, şol ýerdäki suw we ýer resurslarynyň goralyşyny güýçlendirmek hem-de olaryň peýdalanylyşynyň netijeleligini ýokarlandyrmak progmmasyny  1991-nji ýylyň  1-nji martyna çenli işläp taýýarlamaly;

- Daşhowuz oblastynda häzirki bar bolan suw hojalyk trestleriniň biriniň esasynda oblastda suw hojalyk gurluşygy baradaky «Wodstroý» Döwlet konserniniň ýöriteleşdirilen podrazdeleniýesini döretmeli, onuň soýuz býujetinden düýpli maýa goýumlaryny we maddy-tehniki resurslary bölüp bermegiň hasabyna ýerine ýetirmeli işini bellemeli;

- 1991-1995-nji ýyllarda adamlaryň ýaşaýyş şertlerini üzül-kesil   gowulandyrmaly, ilatly  punktlaryň  suw,   gaz,   elektrik bilen üpjün edilişini gowulandyrmak barada  Türkmenistan SSR Ýokary Soweti tarapyndan makullanan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmeli.  1991 - 1992-nji ýyllarda Daşhowuz şäherinde agyz suwy çykarýan zawody gurmagy amala aşyrmaly. Häzirki bar bolan  suw prowody desgalaryny we setlerini talaba laýyk ýagdaýa getirmeli, suwdan peýdalanmagyň hasaba alynmagyny tertibe salmagy, kärhanalar bilen ilatyň suw sarp edişleriniň arasynda çäk goýmaly, suw çeşmeleriniň töwereginde sanitariýa gorag zolaklaryny döretmeli, sanitariýa talaplaryna laýyk gelmeýän hem-de Döwlet umumysoýuz standartyna (GOST-a) laýyk gelmeýän agyz suwuny ilata berýän  suw prowodlarynyň hem-de suw çeşmeleriniň ulanylmagyny gadagan etmeli;

- suwly howdanlary we topragy goramak, şol sanda ilatly punktlardaky kanalizasiýa setlerini hem-de arassalaýjy desgalary gurmak we rekonstruksiýalaşdyrmak, senagat kärhanalaryndaky hem-de oba hojalyk obýektlerindäki hapa önümçilik suwlaryny arassalaýjy desgalary gurmak we rekonstruksiýalaşdyrmak baradaky çäreleri durmuşa geçirmeli;

- atmosfera  howasyny gorap saklamak, ilatly punktlaryň howa sredasyny sagdynlaşdyrmak, adamyň saglygy üçin zyýanly bolan maddalaryň  zyňyndylaryny, ilkinji nobatda hem awtotransportdan çykýan zyýanly zyňyldylary uzaltmak baradaky kompleksleýin programmany işläp taýýarlamaly we durmuşa geçirmeli,  şeýle hem degişli gulluklaryň maddy-tehniki bazasyny güýçlendirmeli;

-töwerekdäki sredanyň postisidler we mineral dökünler bilen hapalanmagynyň öňüni almak barada gaýragoýulmasyz çäreler görmeli, oba hojalygynda  zäherli himikatlary we mineral dökünleri ulanmagy pugta kada salmagy, olaryň hasabynyň ýöredilişini, saklanylyşyny we daşalyşyny tertipleşdirmegi göz öňünde tutmaly. Peýdalanylmaýan, şeýle hem ulanmak gadagan edilen zäherli himikatlary degişli  kärhanalarda  ýok etmek hakyndaky  meseläni çözmeli;

- oba  hojalyk ekinlerine  zyýan beriji mör-möjeklere garşy göreşmegiň biologiýa usullaryny giňeltmek hem-de ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleriniň ulanylyşyny üzül-kesil azaltmak baradaky işi güýçlendirmeli,  pestisidleri  sepmek üçin awiasianyň ulanylmagyny, şeýle hem düzüminde mineral dökünler ýa-da pestisidler köp bolan zeýkeş suwlarynyň gök we galla ekinleri ekilýän oba hojalyk meýdanlaryny suwarmak üçin peýdalanylmagyny bes etmeli;

- täze kärhanalary gurmak işini aglaba ekologiýa taýdan arassa, az galyndyly tehnologiýalar esasynda amala aşyrmaly, diňe ekologik ekspertizanyň oňlaýan netijesi bolan mahalynda ähli proýektler boýunça işleri maliýeleşdirmäge ygtyýar bermeli;

- respublikada kadrlary taýýarlamak sistemasynda ekologiýa boýunça spesialistleri göz öňünde tutmaly;

- halk hojalygynda işleýän ilaty iş bilen üpjün etmek programmasyny 1991-nji ýylda işläp taýýarlamaly, şunda ýeňil we agyr senagat kärhanalaryny, şol sanda  hem  ownuk kärhanalary we ş.m- leri ösdürmegi göz öňünde tutmaly;

- ekologiýa taýdan  arassa  we oňat hilli iýmit  önümleriniň öndürilmegini höweslendirmek we artdyrmak baradaky çäreleri işläp taýýarlamaly we durmuşa geçirmeli. Daşhowuz oblastynyň we Çärjew oblastynyň Darganata raýonynyň ilatyny esasy iýmit önümleri bilen respublika boýunça orta derejeden pes bolmadyk normada üpjün etmegi göz öňünde tutmaly;

- ilatyň saglygyny pugtalandyrmak baradaky çäreleri durmuşa geçirmeli, şunda zäherli himikatlar ulanylan meýdanlarda okuwçylar bilen göwreli aýallary oba hojalyk işlerine çekmegi gadagan etmegi, saglygy saklaýyş edaralarynyň maddy-tehniki bazasyny  pugtalandyrmagy, ýokary hünärli medisina kadrlary, medisina tehnikasy we medisina abzallary bilen, üpjün etmegi, döwlet sanitariýa gözegçiligini kämilleşdirmegi göz öňünde tutmaly;

- çagalara we enelere berilýän medisina  kömeginiň guralyşyny  kämilleşdirmek arkaly çagalaryň we eneleriň ölüm derejesini peseltmek   barada  goşmaça çäreler görmeli,  medisina işgärlerine zähmet hakyny olaryň gazanan ahyrky netijelerine baglylykda aýry-aýrylykda tölemegi işe ornaşdyrmaly;

- 1991-1995-nji ýyllarda sosial, medeni we durmuş obýektlerini mundan beýläk-de ýaýbaňlandyrmak baradaky çäreleri durmuşa geçirip, ýaşaýyş jaýlaryny, çagalar  edaralaryny,  sanatorileri, profilaktorkleri,  dynç  alyş   öýlerini,  durmuş hyzmaty, medeniýet we sport kärhanalaryny hem-de edaralaryny gurmagyň möçberini artdyrmak, ilatly punktlary abadanlaşdyrmak baradaky çäreleri durmuşa geçirmeli;

- kärhanalaryň, guramalaryň, wezipeli adamlaryň, we aýry-aýry graždanlaryň tebigaty goramak baradaky kanunlary bozanlygy üçin jogapkärçiligini   güýçlendirmek hakyndaky teklipleri taýýarlamagy we olary 1991-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli tassyklamaga hödürlemegi Türkmenistan SSR Ýustisýa ministrligine, Türmenistan SSR  Tebigaty goramak  baradaky  döwlet komitetine,    Türkmenistan SSR Saglygy saklaýyş ministrligine, Gidrometeorologiýa baradaky Türkmenistan uprawleniýesine tabşyrmaly, şunda tebigy sreda ýetirýän zyýanyň öwezini tölemek barada wezipeli adamlara ykdysady sanksiýalaryň (temmileriň) bellenmegini, şeýle hem olaryň ekologik taýdan zyýanly netijelere getiren awariýalary, töwerekdäki tebigy sredanyň hapalanyş derejesini we ilatyň saglyk ýagdaýyny bilgeşleýin ýaşyranlygy hem-de şolar hakda ýoýlan habarlary berenligi üçin, olaryň jogapkärçiligini güýçlendirmegi göz öňünde tutmaly;

- töwerekdäki sredanyň zeýkeş (kollektor-drenaž) suwy bilen hapalanmagy üçin ykdysady jogapkärçilik çäresini işläp taýýaramaly, şol sanda hem suw çeşmesine we suw kabul ediş desgalaryna zeýkeş suwunyň normatiw esasda akdyrylmagy üçin hak tölemegi, normatiwden artyk akdyrylmagy üçin hem-de respublikanyň territoriýasy boýunça zeýkeş suwunyň akdyrylyp geçirilmegi üçin jerime tölemegi girizmeli.

5. Türkmenistan SSR Ylymlar akademiýasyna şu aşakdakylary tabşyrmaly:

- «Aral»  koordinasion  merkez bilen bilelikde Daşhowuz oblastynda  1991-nji ýylda şol merkeziň filialyny açmak hakyndaky meseläni çözmeli;

- 1991-1992-nji ýyllarda Daşhowuz oblastynda we Çärjew oblastynyň Dargatana raýonynda ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak  babatdaky ylmy  taýdan esaslandyrylan  maslahatlary  işläp taýýarlamak baradaky ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmeli;

- ekologiýa  dartgynlygyny peseltmek  we ilatyň  saglygyny  gowulandyrmak   konsepsiýasyny  Türkmenistan SSR  Döwlet  plan  komiteti, Türkmenistan SSR Zähmet we sosial üpjünçilik baradaky döwlet komiteti we Türkmenistan SSR Saglygy saklaýyş ministrligi bilen bilelikde 1991-1992-nji ýyllarda işläp taýýarlamaly, şunda tebigatdan netijeli peýdalanmak, senagat we oba hojalyk önümçiliginiň öndüriji güýçlerini paýhasly ýerleşdirmek meselelerine aýratyn üns bermeli;

- ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işini, ekspertizany ugrukdyrmagy hem-de kompleksleýin programmalary işläp taýýarlamagy üpjün edýän  ekologiýa  merkezini  döretmeli.

6. Aralýakasy etrapynyň zähmetkeşleri üçin respublikan  we merkezi dynç alyş öýlerine hem-de sanatorilerine berilýän putýowkalaryň sanyny artdyrmagy, şeýle hem üpjünçiligi pes maşgalalara goşmaça maddy kömek (posobiýe) berer ýaly, pul serişdeleriniň, goýberilmegini artdyrmagy Türkmenistan SSR-niň profsoýuzlary federasiýasynyň Sowetine maslahat bermeli.

7. «Aral deňziniň sebitindäki ekologiýa we sanitariýa  ýagdaýyny düýpgeter  gowulandyrmak hem-de onuň basseýnindäki suw we ýer resurslarynyň  peýdalanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we olaryň goralyşyny güýçlendirmek baradaky çäreler hakynda» SSKPK-nyň we SSSR Ministrler Sowetiniň 1988-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda çykaran 1110-njy Kararynyň Aral deňziniň ekologiýa taýdan betbagtçylykly zolagyna girýän Daşhowuz oblastyndaky ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak barada Türkmenistan SSR-niň bähbitlerini nazarda tutmaýandygyny bellemeli.

SSSR Ministrler Sowetiniň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet komissiýasy  (ýoldaş W. X. Dogužiýew)  öz praktiki işinde  Türkmenistan  SSR -niň Aralýakasy etrabyndaky ekologiýa we sanitariýa ýagdaýyny gowulandyrmak meselelerini çözmäge üns bermeýär.

Türkmenistan SSR Ýokary soweti soýuz býujetinde Aralýaka etraby üçin goýberilýän maliýe we maddy resurslaryň azyndan 25 prosentiniň Daşhowuz oblastyndaky we Çärjew oblastynyň Darganata raýonyndaky ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak işi üçin goýberilmegi zerurdyr diýip hasap edýär. Bu barada SSSR Ýokary Sowetine we SSSR Ministrler Sowetine degişli teklipleri ibermeli.

8. Türkmenistan  SSR  Ýokary Soweti türkmen halkynyň Özbegistan SSR-niň hem-de Täjigistan SSR-niň doganlyk halklary bilen dostlugy we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga çalyşýandygyny tassyklap, Amyderýa arassalanmadyk hapa suwyň akdyrylmagyny bes etmek barada bileleşikli tagallalar arkaly gaýra goýulmasyz çäreler görmegi degişli ýerine ýetiriji we hojalyk organlaryna tabşyrmaklaryny sorap, doganlyk respublikalaryň ýokary döwlet häkimiýet organlaryna ýüzlenýär. Amyderýanyň kenarynda ýaşaýan halklaryň dostlugynyň we abadançylygynyň alamaty hökmünde bu derýa hakyky manysynda arassa we nurana bolmalydyr.

9. Şu kararyň ýerine ýetirilişine kontrollyk etmegi Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Ekologiýa we halkyň saglygyny goramak baradaky komitetiniň hem-de Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň beýleki komitetleriniň üstüne ýüklemeli.

 

Türkmenistan SSR Ýokary 

Sowetiniň Başlygy                                                               S. Myradow

 

Daşoguz  şäheri

1990-njy ýylyň 17-nji noýabry 

№ 357- XII