Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komiteti
Köýtendag etrabynyň Köýtendag şäheriniň, Kelif, Garlyk, Gurşun magdan käni şäherçeleriniň, Garnas, Ters, Zarpçy, Megejik, Garrygala, Çärjew geňeşlikleriniň we Köýten geňeşliginiň Gyzylaý obasynyň çäklerini öz içine alýar.
Erkin Çaryýewiç Allakulyýew 1988-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1995 — 2001-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky 1-nji orta mekdepde, 2001 — 2006-njy ýyllarda Kerki etrabyndaky ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdepde okady.
2006 — 2008-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2009-njy ýylyň maý — iýul aýlarynda Lebap welaýatynyň Dostluk galla önümleri kärhanasynyň Köýtendag galla kabul ediş nokadynyň ölçegçisi bolup işledi.
2009 — 2014-nji ýyllarda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde okap, ony dag inženeri hünäri boýunça tamamlady.
2014 — 2016-njy ýyllarda «Türkmengeologiýa» korporasiýasynyň «Türkmengeologiýagözleg» ekspedisiýasynyň «Köýtendaggeologiýagözleg» partiýasynyň burawlaýjylar toparynyň I razrýadly maşinisti, gurluşyk materiallary toparçasynyň buraw desgasynyň maşynçysynyň birinji derejeli kömekçisi bolup işledi.
2017-2018-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň Dostluk galla önümleri kärhanasynyň Köýtendag galla kabul ediş nokadynyň şaly degirmeniniň ussasy, taýýar önümler ammarynyň müdiri wezipelerinde işledi.
2019-njy ýylyň aprel aýyndan bäri Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Lebap» sement zawodynyň enjamlary bejeriş-ulanyş sehi we mehaniki ussahanasynyň inžener-konstruktory wezipesinde işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.