Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komiteti
Mary etrabynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şäherçesiniň we Akmyrat Hümmedow adyndaky, Jemgyýet, Babasary, Türkmen ýoly, Ruhubelent geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Artyk Çaryýewiç Bäşimow 1993-nji ýylyň 12-nji iýulynda Mary etrabynda doguldy. Milleti türkmen.
2000 — 2005-nji ýyllarda Mary şäherindäki 7-nji orta mekdepde, 2005 — 2010-njy ýyllarda Şatlyk şäherindäki ýöriteleşdirilen mekdepde okady.
2010 — 2015-nji ýyllarda Belarus Respublikasynyň Agrar-tehniki uniwersitetinde okap, ony inžener-menejer hünäri boýunça tamamlady.
2015 — 2017-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2018 — 2022-nji ýyllarda Mary etrap häkimliginiň senagat, gurluşyk we beýleki pudaklar boýunça bölüminiň esasy hünärmeni wezipesinde işledi.
2021-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda okady.
2022-2024-nji ýyllarda Mary etrap häkimliginiň Senagat, gurluşyk we beýleki pudaklar boýunça bölüminiň arhitektory wezipesinde işledi.
2024-nji ýylyň fewral aýyndan bäri Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, bir çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.