Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komiteti
Mary etrabynyň Peşanaly şäherçesiniň, Peşanaly, M.Lorsy adyndaky, Ak altyn, Abadanlyk, Akybaý geňeşlikleriniň we Diýar geňeşliginiň Keleter obasynyň çäklerini öz içine alýar.
Ýusupguly Aşyrgulyýewiç Eşşäýew 1977-nji ýylyň 12-nji iýulynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Akybaý geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1984 — 1992-nji ýyllarda Mary etrabyndaky 4-nji orta mekdepde okady.
1992 — 1995-nji ýyllarda Türkiýäniň Anadolu mugallymçylyk mekdebinde okap, ony taryh mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
1995 — 2000-nji ýyllarda Türkiýäniň Seljuk uniwersitetinde okap, ony hukukçy hünäri boýunça tamamlady. 2000 — 2003-nji ýyllarda Türkiýäniň Seljuk uniwersitetiniň Sosial bilimler institutynda magistraturada okady.
2004-2005-nji ýyllarda Wekilbazar etrap kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi, 2005 — 2007-nji ýyllarda Mary welaýat döwlet arhiwinde elektrik-kompýuterçi, birinji derejeli arhiwçi, Wekilbazar etrap kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi, 2007 — 2011-nji ýyllarda Mary welaýatynyň ozalky Oguzhan etrap kazyýetiniň edara ediş we ýerine ýetirijilik iş ýörediş kazysy, 2011 — 2014-nji ýyllarda «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň Mary welaýat dolandyryş edarasynyň Baýramaly şahamçasynyň esasy hukukçysy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Mary jaý-ulanyş bölüminiň ýaşaýyş jaý toparynyň başlygy, 2014 — 2017-nji ýyllarda Mary welaýat kazyýetiniň döwlet hasabaty boýunça maslahatçysy wezipelerinde işledi.
2017-nji ýylyň fewralyndan 2018-nji ýylyň martyna çenli Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy bolup işledi.
2018-nji ýylyň mart aýyndan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň V, VI we VII çagyrylyşlarynyň deputaty.
2020-nji ýylda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna», 2021-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medallary bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.