Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komiteti
Wekilbazar etrabynyň Mollanepes adyndaky şäherçesiniň we Gökje, Goňur, Akgoňur, Mülkamaşa geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Döwran Atajanowiç Hapbaýew 1971-nji ýylyň 28-nji maýynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Gökdepe geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1978 — 1988-nji ýyllarda Murgap etrabyndaky 3-nji orta mekdepde okady.
1988 — 1990-njy ýyllarda Mary welaýatynyň Murgap etrabynda kärendeçi bolup işledi.
1990 — 1995-nji ýyllarda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda okap, ony türkmen dili we edebiýaty mugallymy hem-de terbiýeçilik işleri boýunça usulçy hünäri boýunça tapawutlanan diplom bilen tamamlady.
1995-1996-njy ýyllarda harby gullukda boldy.
1996 — 2012-nji ýyllarda Mary şäherindäki 11-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, müdiriň okuw işleri boýunça orunbasary wezipelerinde işledi.
2012 — 2016-njy ýyllarda Mary şäherindäki 1-nji orta mekdebiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, müdiri wezipelerinde işledi.
2016 — 2021-nji ýyllarda Mary şäherindäki 8-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary wezipesinde işledi.
2021-2023-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup işledi.
2023-nji ýylyň iýun aýyndan bäri Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 23-nji orta mekdebiniň müdiri wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.