Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komiteti
Baýramaly etrabynyň Azat geňeşliginiň Azat, Dogryýap, Pagtasaraý, Hazarly obalarynyň we Erkana, Murgap, Agaýusup adyndaky, Gatakar geňeşlikleriniň hem-de Baýramaly şäheriniň 11-nji, 12-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň çäklerini öz içine alýar.
Kerwen Garlyýewiç Zyrryýew 1995-nji ýylyň 19-njy awgustynda Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň Akmeýdan geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
2002 — 2012-nji ýyllarda Garagum etrabyndaky 16-njy orta mekdepde okady.
2014 — 2019-njy ýyllarda Türkmen oba hojalyk institutynda okap, ony programmaçy-inžener hünäri boýunça tamamlady.
2019 — 2021-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2021 —2022-nji ýyllarda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Marypagta» önümçilik birleşiginiň Garagum pagta arassalaýjy kärhanasynyň buhgalter hasabaty we ykdysadyýet bölüminiň çig mal we taýýar önümler boýunça hünärmeni wezipesinde işledi.
2022-nji ýylyň aprelinden häzirki wagta çenli «Türkmen pagta» döwlet konserni, «Marypagta» önümçilik birleşiginiň «Garagum» pagta arassalaýjy kärhanasynyň tehniki howpsuzlyk boýunça hünärmeni wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.