Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ykdysady meseleler baradaky komiteti
Baýramaly etrabynyň Mekan, Berkarar, Bagtyýarlyk şäherçeleriniň, Bagt, Guşlyoba geňeşlikleriniň we Ýalkym geňeşliginiň Ýaýlak, Şereket, Ýylgynly, Ýalkym, Rafsanjani, Täzeoba, Uçgun, Tokaýly obalarynyň hem-de Murgap etrabynyň Çöňür geňeşliginiň çäklerini öz içine alýar.
Saparmyrat Gündogdyýewiç Çarşakow 1970-nji ýylyň 26-njy aprelinde Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Magtymguly adyndaky geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1977 — 1987-nji ýyllarda Türkmengala etrabyndaky 5-nji orta mekdepde okady.
1987 — 1993-nji ýyllarda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda okap, ony ykdysadyýetçi hünäri boýunça tamamlady.
1988-1989-njy ýyllarda okuw döwrüniň aralygynda harby gullukda boldy.
1993 — 1995-nji ýyllarda Türkmengala etrabynyň miwe-gök önüm lomaý bölek-söwda kombinatynyň ykdysatçysy, 1995 — 1998-nji ýyllarda Türkmengala etrap taýýarlaýyş önümçilik söwda birleşiginiň hasapçysynyň kömekçisi, baş hasapçysy, 1998 — 2005-nji ýyllarda Ýolöten etrap taýýarlaýyş önümçilik birleşiginiň baş hasapçysy, 2005-2006-njy ýyllarda Mary şäher 1-nji bazarlar birleşiginiň baş hasapçysy, 2006-2007-nji ýyllarda Mary şäheriniň «Ýüpek ýol» bazarynyň hasapçy-kassiri, 2007-2008-nji ýyllarda Mary şäheriniň 1-nji bazarlar birleşiginiň baş hasapçysy, 2008 — 2010-njy ýyllarda Türkmengala etrap taýýarlaýyş önümçilik söwda kärhanasynyň baş hasapçysy, haryt getirijisi, 2010 — 2012-nji ýyllarda Türkmengala etrap alyjylar jemgyýetiniň haryt getirijisi, Mary welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň bazarlar bölüminiň baş hünärmeni, ozalky Oguz han etrap alyjylar jemgyýetiniň wagtlaýyn baş hasapçysy wezipelerinde işledi.
2012-2013-nji ýyllarda Mary welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Garagum derýa önümçilik kärhanasynyň baş hasapçysy, 2013 — 2022-nji ýyllarda Türkmengala etrap alyjylar jemgyýetiniň önümçilik we jemgyýetçilik iýmiti bölüminiň hünärmeni, Türkmengala etrap alyjylar jemgyýetiniň haryt öwrenijisi wezipelerinde işledi.
2022-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Mary welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Türkmengala etrap alyjylar jemgyýetiniň ykdysatçysy wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.