Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komiteti
Ýolöten etrabynyň Ýolöten şäheriniň demirgazyk-gündogar böleginiň araçäginiň Murgap derýasy bilen birikýän ýerinden başlap, Gorkut ata, Saryhan, Gurt Gaýypow köçeleriniň günbatar-günorta böleginiň hem-de Ýolöten etrabynyň Garaköl, Gambarbaba, Hüjüm, Soltanbent, Arkadag, Ýokary Suhty, Rahat geňeşlikleriniň we Akgüzer geňeşliginiň Akgüzer, Bozýatan obalarynyň araçäklerini öz içine alýar .
Ali Muradowiç Rahmedow 1985-nji ýylyň 14-nji aprelinde Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ýolöten şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1992 — 2001-nji ýyllarda Ýolöten etrabyndaky 1-nji orta mekdepde okady.
2001 — 2003-nji ýyllarda Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň Ýolöten şahamçasynyň sakçysy bolup işledi.
2003 — 2005-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2006-2007-nji ýyllarda Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabatýolgurluşyk» trestiniň ýol tehnikasy boýunça ikinji derejeli slesary bolup işledi.
2010 — 2015-nji ýyllarda Türkiýe Respublikasynyň Süleýman Demirel uniwersitetinde okap, ony zootehnik hünäri boýunça tamamlady.
2017-nji ýylda Mary şäherindäki «Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň gurluşyk meýdançasynda hünärmen, 2017-2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Mary welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Ýolöten etrabyndaky «Döwletli» maldarçylyk hojalygynyň mehanigi bolup işledi.
2018 — 2020-nji ýyllarda Ýolöten etrabynyň Ýolöten şäher Geňeşiniň hünärmeni wezipesinde işledi.
2020-nji ýyldan bäri Mary welaýatynyň Ýolöten etrap häkimliginiň işgärler we ýerli häkimiýet edaralarynyň işlerini utgaşdyrýan bölüminiň baş hünärmeni wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.