Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Durmuş syýasaty baradaky komiteti
Murgap etrabynyň Çäçdepe, Miras, Gökdepe, Şordepe, Gowşutbent, Azatlyk, Gatyýap geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Gurbanmyrat Durdymyradowiç Aşyrow 1974-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Watan geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1982 — 1992-nji ýyllarda Murgap etrabyndaky 17-nji orta mekdepde okady.
1992-1993-nji ýyllarda Murgap etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginde kärendeçi bolup işledi.
1993 — 1998-nji ýyllarda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda okap, ony inžener-ykdysadyýetçi hünäri boýunça tamamlady.
1998 — 2006-njy ýyllarda Murgap etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginde kärendeçi bolup işledi.
2006 — 2012-nji ýyllarda Murgap etrabynyň durmuş taýdan üpjünçilik bölüminiň hünärmeni, zähmet bölümçesiniň başlygy wezipesinde işledi.
2012–2014-nji ýyllar aralygynda Murgap etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji, bölümçe başlygy bolup işledi.
2014-2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işledi. 2018-2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işledi.
2021-nji ýylyň maý aýyndan 2023-nji ýylyň aprel aýyna çenli Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi.
2023-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň V, VI, VII çagyrylyşlarynyň deputaty.
2016-njy ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna», 2020-nji ýylda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna», 2021-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medallary bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.