Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komiteti
Tagtabazar etrabynyň S.Nyýazow adyndaky, Pendi, Erden, Daşköpri, Saryýazy, Sandykgaçy geňeşlikleriniň çäklerini we degişli harby bölümleri öz içine alýar.
Arslan Meredowiç Çaryýew 1988-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň S.Nyýazow adyndaky geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1995 — 2004-nji ýyllarda Tagtabazar etrabyndaky 3-nji orta mekdepde okady.
2004-2005-nji ýyllarda Mary şäherindäki 1-nji hünärment mekdebinde okady.
2006 — 2008-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2009 — 2014-nji ýyllarda K.A.Ýasawy adyndaky Halkara gazak-türk uniwersitetinde okap, ony hasaplaýyş tehnikasy we programma üpjünçiligi hünäri boýunça tamamlady.
2015 — 2020-nji ýyllarda Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň Pendi şahamçasynyň buhgalter hasaby we hasabaty bölüminiň bank tehnologiýasy boýunça esasy hünärmeni bolup işledi.
2020-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň Pendi şahamçasynyň sanly bank tehnologiýasy we awtomatizasiýa bölüminiň esasy hünärmeni wezipesinde işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.