Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komiteti
Bäherden etrabynyň Bäherden şäheriniň we Garagan, Akdepe, Döwgala, Ýarajy geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Maksatberdi Yslamberdiýewiç Gurbanow 1981-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabat şäheriniň «Garadaşaýak» ýaşaýyş jaý toplumynda doguldy. Milleti türkmen.
1989 — 1995-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň ozalky Ruhabat etrabyndaky 1-nji orta mekdepde okady. 1995 — 1999-njy ýyllarda Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky aýratyn zehinli çagalaryň döwlet mekdep-internatynda okady.
1999 — 2003-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, ony matematik, matematika mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
2003 — 2010-njy ýyllarda Aşgabat şäherindäki 125-nji orta mekdebiň matematika we informatika mugallymy, 2010-2011-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki 126-njy orta mekdebiň matematika we informatika mugallymy bolup işledi.
2011-2012-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň ozalky Ruhabat etrap geňeşiniň başlygy, 2012-2013-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary, başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji wezipelerinde işledi. 2013 — 2018-nji ýyllarda Ahal welaýat häkimliginiň işgärler, geňeşlikler we häkimligiň edaralarynyň işini utgaşdyryjy bölüminiň müdiri bolup işledi. 2018-nji ýylyň ýanwar – mart aýlarynda Ahal welaýatynyň häkimliginiň iş dolandyryjysy bolup işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VI, VII, çagyrylyşlarynyň deputaty. 2018-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işleýär.
2016-njy ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna», 2020-nji ýylda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» we 2021-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medallary bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, dört çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.